Adam özüniň ýaman gylyklary bilen mertebesini peseldip bilýär. Ol päk ahlagy bilen bolsa perişdelerdenem ozduryp bilýär. Adamyň şeýle taraplaryny göz öňünde tutmazdan oňa berlen islendik terbiýe hemişe bärden gaýdýandyr.
Yslam adamy bitewilikde öwrenýär. Yslam dini ýaman gylykly barada „erbetlikden daşlaşdyryjy” metodyny, päk ahlakla bolsa höweslendirmek metodyny ulanýar. Şol sebäpden, Kurany Kerimde we hadysy şeriflerde gorky hem umyt, jennet hem dowzah, rehmet hem gazap, şuňa meňzeş meselelere garalanda, hemişe deň agramlylyk saklanypdyr. Gorkudan ýaňa öz etini özi iýip tükedýän, ysgyn-deramatdan galýan adam ýa-da umyt bilen heşelle kakyp, keýpiçag gezip ýörýän adam – Yslam dininiň gözleýän adam obrazy däldir.