Tebligiň analizi
Biziň ýaradylyş maksadymyz tebligdir. „Emri bil magruf, nehýi anil münker” – barlygyň näme üçin ýaradylandygyny öwredýän ýoldur. Allah (j.j) älem atly köşgi şol beýik jogapkärçilik üçin döredipdir we adamy hem bu köşkde diňe şu beýik wezipäni ýöretsin diýip ýaradypdyr. Pygamberlerem şu sebäp bilen iberilipdir. Hezreti Adam (a.s) hem-ä birinji ynsan, hem-de ilkinji pygamberdir. Onuň perzentleriniň heniz gözleri açylyp-açylmanka, ýagşylygy ýaýyp, ýamanlygyň öňüni alýan bir pygambere – kakalaryna gözi düşüpdir. Adamçylyk ilkinji bolup pygamberleriň üsti bilen kemala gelip başlapdyr. Netijede bolsa, pygamberlik agajy, ilkibaşda öz şänigi bolan Nebige (pygambere) hasyla durupdyr. Tutuş älem Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) hormatyna ýaradylypdyr. Ol – biziň Iki Jahan Serwerimizdir. Onuň ýer ýüzüne iberilmeginiň sebäbem – tebligdir. Tebligiň düýp özeni-de - „Emri bil magruf, nehýi anil münkerdir” (ýagşylygy ýaýmak, ýamanlygyň öňüni almak). Diýmek, ähli barlyk şol maksat üçin ýaradylypdyr. Elbetde, barlygyň ýaradylyş maksadyna gulluk etmek – edilmeli işleriň arasynda iň möhümidir.
Hawa, gözüni açyp, şu dünýäni gören hezreti Adam aleýhissalamyň ilkinji perzentleri her wagt baky äleme nazar salypdyrlar. Olar baky dünýäden buýruk alýan hem-de alan buýruklaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge jan edýän, o dünýäniň gaýgy-endişesi bilen zarynlaýan pygamber kakalaryndan, asman gümmezinde demirgazyk ýyldyza seredýän ýaly, gözlerini aýyrmandyrlar. Hezreti Adam (a.s) ynsan hökmünde hem-de pygamber hökmünde ilkinji gezek „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý eden adamdyr. Ine, bu ýol bir gezeklik açylyp, soň ýapylan ýol däldir. Hezreti Adamdan (a.s) soň nijeme pygamberler gelipdir. Sebäbi, adamzat pygambere mätäçdir. Ynsanyň näçe gowy häsiýetleri bolsa, wagt hem hadysalar, göýä diýersiň, şolaryň baryny ýeke-ýekeden tüketjek bolup jan edýän ýaly. Şonuň üçinem, Kurany Kerimde öz-özüni arçap durmaýan adamlaryň ýüregi gurum baglaýar diýip aýdylýar. Käwagtlar hem kä döwürler ýürek gurumdan dolanda, adamyň gözüni gubar baglaýar. Şonda adamyň nazary bulaşýar we ol sürçüp ýykylýar-da, ýoluny ýitirýär. Allatagala her bir zady bilýäni üçin we Allahyň rehmeti gazabyndan öňde gelýäni üçin, Allah yzly-yzyna pygamberler iberipdir. Iberilýän her bir pygamberem döwrüň şertlerine görä „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý edipdir.
Hezreti Adam tutuş ömrüni şu ýola bagş edipdir. Ol öz çagalaryna-da ýagşylygy ýaýmagy, ýamanlygyň öňüni almagy ündäpdir. Dünýeden gaýdansoňam, onuň sözleriniň täsiri belli bir döwre çenli dowam edipdir. Onuň sözleri öz täsirini ýitirip başlanynda bolsa, Allatagala hezreti Adamyň (a.s) ogullarynyň käbirine pygamberlik wezipesini beripdir. Olaryňam hersi öz nobatynda, özlerine buýrulan wezipäni birkemsiz ýerine ýetiripdirler. Şeýlelikde, her pygamberiň Gün mysaly batmagy bilen, beýleki bir pygamber Gün mysaly dogýança, şol iki arada adamzat hemişe tümlük döwrüni görmeli bolupdyr. Aslynda welin, welilige wekilçilik edýänler adamzadyň garaňky gijelerini edil ýyldyzlar ýaly bezäpdirler. Elbetde, Günüň berýän ýagtlygyna ýyldyzlardan garaşyp bolmazdy.
Hezreti Nuha (a.s) çenli çarhy-pelek şeýdip aýlandy durdy. Ahyry bir gün adamzat Onuň „Ulul azm” pygambere mynasyp güýçli demini duýupdyr. Şol beýik pygamber, Kuranyň aýdyşy ýaly: „Size Rebbimiň wahyý edenlerini eşitdirýärin. Size nesihat edýärin. Men siziň bilmeýänleriňizi Allahdan gelen wahyý esasynda bilýärin” (Araf,7/62) diýýärdi. „Meni diňlän, maňa boýun bolan we meniň gämime münen halas bolar. Allaha ynanýan adam hem özüni hem-de ahyretini halas eder. Suwuň üstündäki gämi siziň bedeniňizi halas edýär. Eger maňa çyn ýürekden ynanyp, aýdýanlaryma gulak assaňyz, şu hem-de ol dünýäniň zabun tolkunlarynda gark bolmarsyňyz, halas bolup, salamata gowşarsyňyz. Ýogsam, maddy hem ruhy taýdan ýok bolup gidersiňiz... ”
Ine, hezreti Nuh (a.s) müň ýyla golaý wagtlap irginsiz şeýdip nesihat etdi durdy. Onuň yz ýanyndan hezreti Hud (a.s) gelýär. Olam şol buýrugy gaýtalaýardy, „Men size ynamdar nesihatçydyryn” (Araf, 7/68) diýipdi. Ol adamlary, näme maksat bilen ýaradylan bolsa, şol maksada gulluk etmeklige çagyrýardy.
Adam Allatagalany ýakyndan tanap, wyždanynda ony hakykatdanam tanaýanyny duýmak üçin ýaradylypdyr. Ynha, adamyň şu borjuny ýatlatmak üçin, şunuň bilen birlikde ony şeýle ylma ulaşdyrmak üçin hezreti Huddan (a.s) soňam nijeme pygamberler gelipdir. Olaryň baram şol bir ýoldan ýöräpdirler.
Haçan-da öň gelen pygamberiň sözüniň hem deminiň täsiri adamlaryň aňyndan öçeninde, adamzat öňki ýagdaýyndan hasam pese düşüpdir. Şeýdip, adamyň ruhy ýaşaýşynda uly sarsgynlaryň yzy üzülmändir. Ruhy ýaşaýyş adyrsow topraga öwrülen ýaly bolupdyr. Ylahy älemlerden gaýdýan diriliş şemaly öwüsmegini büs-bütin bes edipdir we adamlar halys sandan çykypdyrlar. Ine, nebileriň atasy hezreti Ybraýym (a.s) iberilende, adamzat dünýäsi şeýle perişan haldady. Ybraýym pygamber (a.s) „Emri bil magruf, nehýi anil münkeriň” jan beriji howasy bilen adamlaryň arasyna girdi. Ol bir ýerde üç-dört adamyň duranyny görse, olaryň ýanyna baryp, hakykaty wagyz edipdir. Oňa gulak asyp, diýenini ýerine ýetirenler täzeden kämillik mertebesine çykmagy başardylar. Oňa ynananlar beýiklige tarap ymtyldylar.
Hezreti Ybraýymdan (a.s) soň adamzat ýene-de öz ýeten derejesinden ýuwaş-ýuwaş pese gaçyp, ýaramazlaşyp başlady. Materializmden bagt gözleýän şol bir mahalky aňyýet ýene-de töre gelip çökdi. Bir ujy ýigriminji asyra baryp direýän şu betbagtçylygyň nähili aýylgançdygyna, ýalňyşmaýan bolsam, häzirki günde biz gowy düşünýändiris.
Ynha, hezreti Musa (a.s) Müsürde, Nil deltasynda şeýle çökgünligiň hökmürowan bolan döwründe dünýä indi. Oňa-da özünden öňki pygamberler ýaly, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesi berlipdi. Ol hötjet taýpalaryň biri bilen göreşmeli bolupdy. Ol şeýle beýik wezipä ýürekden ýapyşyp, adamlaryň ellerinden tutdy, olary beýiklige eltjek bolup jan etdi. Onuň şeýle tutanýerli zähmeti belli bir derejede netijelem boldy. Onuň garşysynda duranlar aňsat-aňsat pygamberiň sözüne gulas asjak millet däldi. Muňa garamazdan, hezreti Musanyň gije-gündiz çeken zähmetiniň netijesinde „Emri bil magruf, nehýi anil münkeriň” hasyly hökmünde, heniz aýatda diri gezip ýörkä-de onuň özi köp gowulyklara şaýat boldy.
Elbetde, adamlaryň elinden tutup, olary belende çykarmak hem-de olary kämillige eltmek ýeňil-ýelpaý iş däldir. Şonuň üçin, pygamberleriň arasynda-da şehit bolanlar bardy. Hezreti Zekeriýa (a.s) kelleden aşaklygyna demir byçgy bilen ikä dogralyp, şu ýolda gurban bolupdyr. Hezreti Ýahýa (a.s) hem şu ýolda şehit bolupdyr. Hezreti Isany bolsa (a.s) haja çüýlemekçi bolupdyrlar.
Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) gören görgüleri bularyň barysyndan-da agdykdyr. Onuň şu ýolda görmedik ezýeti hem jebri galan däldir. Bir gezek Ol hezreti Aýşa (r.a) ýüzlenip: „Ýa Aýşa! Seniň taýpaň maňa görmedigimi görkezendir” diýipdir. Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) şu sözlerinde ynjan ýüregiň zarynlamasy bar. Hyýalyňyzda, Hezreti Adamdan (a.s) başlap ähli pygamberleriň ýanyna baryp, olara Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) şu sözüni aýdyp görüň. Haýsy pygamberiň ýanyna barsaňyzam, şu sözleri her bir pygamberiň ýüregindäki hasratdan parhlandyryp bilmersiňiz. Hezreti Adam (a.s) ogullaryny daşyna jemläp: „Siz maňa görgi baryny görkezdiňiz” diýýär. Hezreti Nuh (a.s), hezreti Hud (a.s) hem beýlekiler, şol bir sözi gaýtalaýarlar we şol bir hasraty dile getirýärler.
Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) soň, şu ýoly ýöreden beýik şahsyýetleriň hem sözlerini syksaňyz, damja-damja bolup şol bir hasratyň damýanyny görersiňiz. „Segsen ýyldan agdyk ömrümde dünýä eşretini gören ýerimi bilemok. Tutuş ömrüm söweş meýdanlarynda, ýesirlikde, ýa bolmasa, döwletiň tussaghanalarynda geçendir. Ezýet baryny çekendirin. Harby tribunallarda meni ganhoryň ýerine goýdular, sergezdan ýaly bolup, obama-oba sürgüne iberildim. Döwletiň tussaghanalarynda ençeme aýlap azatlykdan mahrum boldum. Nijeme gezekler maňa awy berdiler. Meni her hili edip kemsidip gördüler. Käwagtlar, ýaşanymdan ölenimi müň esse ýeg gördüm. Eger dinimizde öz janyňa kast etmek gadagan edilmedik bolsady, onda şu wagt Said topragyň astynda çüýräp gitmelidi” diýip aýdylan sözler, eýsem, hasratdan doly ýüregiň pyşyrdysy dälmi? Belki-de, ol şu sözleri özi ýaly, göwnüne deglen ägirtler üçin aýdyp gidendir. Gepiň gysgasy, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” borjuny berjaý edenleriň ykbaly şeýleräk bolupdyr.
Şu borjy ýerine ýetirmegiň nähili abraýdygy hakda aýdasym gelýär. Esasan, hezreti Adam (a.s) bilen Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) arasynda hyýal mäkiňizi gatnadyp görüň. Şu meseläniň nähili mukaddesligini size ýetirjek bolup tolgunýardym. Hyýal dünýämde, danalaryň „hüw-hak” diýip aýdýan zikirlerini eşidýän ýaly bolýardym.
„Emri bil magruf, nehýi anil münker” ýolunda ädilen her bir ädimde, adama pygamber ýoluny ýörediji diýip sogap ýazylar. Sebäbi, şu wezipe, aslynda, pygamberleriň wezipesidir. Şu ýolda ädim äden her bir adamyň „ýagşylygy ýaýmak, ýamanlygyň öňüni almak“ atly wezipäni öz boýnuna aldygy bolýar. Ýa bolmasa, Allahyň lutfy-keremi bilen oňa şu mukaddes wezipe berildigi bolýar. Diýmek, şu ýolda ýeke ädim ädenem, özüniň niýetine hem ýeten mertebesine görä, sogaba eýe bolýar.
Ýene bir zady belläp geçesim gelýär. Şu mukaddes wezipe pygamberleriň wezipesidir. Pygamberler bolsa, düýrmegi bilen dogrulyga berlen adamlardyr. Diýmek, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý edýänlerem dogry ýoldadyrlar.
Netijede, Allatagala ynanýan her bir adamyň, Allahyň dergähinde çyn mömin hasaplanmagynyň güwäsi, ol adamyň teblig (haky wagyz etmek) borjuny ýerine ýetirip-ýetirmeýänine bagly bolup durýar. Allaha ynanýan adamlar ýa-da halklar, şu wezipäni ýerine ýetirmek bilen, ýitip gitmekden halas bolýarlar. Hakykatyň tarapdary bolmak, nähak işi görüp durkaň, dilsiz şeýtan mysaly ümsüm eliňi gowşuryp durmazlyk, o dünýäni hem ölümi ýatdan çykarmazlyk, sahabanyň aňyýeti bilen ýaşamak – bularyň bary bakylyga öwrülmegiň hem-de hakyky mömin bolmagyň şertleridir. Şulary berjaý etmän gün ötürýän bolsak, onda biz özümizden utanmalydyrys. Aslynda welin, her bir mömin şu mukaddes wezipä ähmiýet bermeýän köpçüligiň arasynda ýaşamakdan Allaha sygynmalydyr.
„Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini ýerine ýetirýän adam özüniň gulluk edýän pikir-garaýşyny durmuşa geçirip bilýär. Şeýlelikde, ol adam imanyň amaly taraplaryny öz gözi bilen görýär. Sebäbi, Yslam diýmek, durmuşda ýaşap bolýan hakykat diýmekdir. Yslamy durmuşa geçirmän, oňa düşünip bolmaýar. Imany hem tebligi herki zadyň merkezinde goýýan adam, özüniň durmuşyndaky ähli işlerini şu merkeze baglylykda alyp barýar. Mömin bäş sany zady goramalydyr. Olaryň biri hem dindir. Mömin öz ahlak päkligini, namysyny, emlägini hem-de janyny goraýmalydyr. Ýöne ilki bilen ol öz dinini gorap saklamalydyr. Bir adamyň Allah bilen gatnaşygynyň näderejededigini görkezýän iň aýdyň mysal, onuň öz dinini goramak üçin çekýän zähmetidir. Şuny berk bellemeli, dinini gorap bilmeýän adam beýleki dört zadam gorap bilmez. Geçmişe ser salanynda, şu aýdylanlaryň hakykatdygyny görse bolýar.
Biz Allatagalany düşündirmek üçin ýaradylypdyrys. Allatagala bizi şunuň üçin ýaradypdyr. Şu ýaradylyş maksadymyzy asla ýatdan çykarmaly däldiris. Şonda, bu dünýämizem, ol dünýämizem gülledip bolýar. Ýogsam, dünýewi hem-de ebedi ýaşaýşymyzyň girewi bolan şu wezipämiziň şarpygyny datmaly bolarys. Allah saklasyn, şeýle ýagdaýda halk, jemgyýet bolup pitnäniň girisine düşüp bileris. Şu wajyp wezipe (haky wagyz etmek wezipesi) ýerine ýetirilmese, köpçüligiň nähili betbagtçylyklara sezewar bolup biljegini Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) şeýle düşündirýär. Bir gün sahabalar Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) daşynda jemlenişip, ony üns bilen diňläp oturan ekenler. Ýöne, o gün şol şirin-şeker dilden, birhili duýduryş beriş äheňde agyr sözler çykypdyr. Ebu Ýala we Ibni Ebid Dünýanyň (r.a) rowaýat etmeklerine görä, Allahyň Resuly: „Siziň halyňyz nähili boljak? Ol gün aýallar topalaň turzup, sallam-sajak bolup köçä döküler, erbetlikler bar ýere ýaýrar we Haky düşündirmek terk ediler.”
Sahabalar Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) şu sözleri eşidip, allaniçigsi boluşdylar. Sebäbi, olar beýle zat bolar öýdenokdylar. Sahabalaryň pikiriçe, ýekeje mömin bar wagty jemgyýetde şeýle wejeralyklar köpelmeli däldi. Şonuň üçinem, olar şu sözleri eşidip, geň galdylar. Şobada, olar Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) soradylar: „Bular bolarmyka, Resulallah!”. Olar bu barada giňişleýin maglumat edinmek üçin sorag berýärdiler. Allah Resuly: „Allahdan ant içýärin. Şondanam hem has erbet bolar” diýeninde, oturanlaryň gözleri garaňkyran ýaly bolup gitdi. Sahabalar tisginip: „Şondanam has erbedi nämedir, Resulallah!” diýişdiler. Şonda älemleriň Serweri: „Ähli erbetlikleri gowy diýip, ähli gowulyklaram erbet diýip göreniňizde, siziň halyňyz niçik bolar, bir bilsediňiz!” diýip jogap berdi.
Häzirki günüň umumy ýagdaýyny açyp görkezmek maksady bilen, biz bu hadysyň bir bölegini alyp göreliň.
Hawa, şu hadys haçanam bolsa bir gün bar zadyň bulaşyp, gymmatlyklaryň basgylanjagyny, gowularyň erbet, erbetleriň gowy hasaplanjagyny, zynanyň köpeljegini, terrorizm-anarhiýanyň ýol aljagyny, imana hem-de Kurana bolan ýigrenjiň möwç aljagyny, Allaha ynanýanlaryň kemsidiljegini, dine degişli hakykatlara yzagalaklyk diýiljegini yşarat edýär. Ine, gymmatlyklaryň basgylanmagy diýmek şu diýmekdir. Häzirki döwrüň adamlary şu aýdylanlaryň on esse beterinem görendir. Ýalňyşmaýan bolsam, şeýle wejeralyklary ýene bir salym görmeli bolarmykak diýýärin. Hawa, teblig borjy ýerine ýetirilmese, hormatyň, abraý-mertebäniň kiçeljegi hem depelenjegi mesaňa mälimdir.
Ýaradylyş kanunlarynyň depelenmeginiň yzy erbetlik bilen gutarýar. Bu hemişe-de şeýle bolupdyr. Akylly adamlar mundan başga zada garaşybam bilmezler. Şol sebäpden, aýdylanlary akyllaryna sygdyryp bilmedik sahabalar Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) ýene bir sorag berýärler:
- Şol diýýäniňizem bolmalymy, ýa, Resulallah! Dogrudanam, ýagşy işler çetleşdirilip, ýamanlyk rowaç alarmy?
- Ondanam erbet boljak!
- Mundanam has erbet bolanda nähili bolar, ýa, Resulallah!
- Şer işleriň gaşynda ümsüm durlup, adamlar bu zeýilli işlere höweslendirilen gününde, siziň halyňyz niçik bolar?
Başgaça aýdanyňda, bala-çagalar şu erbet akyma goşulyp, olar idegsiz goýlanda, hatda öz häsiýetiňiz, bolşuňyz bilen olara erbetligi öwredeniňizde... has erbedi bolsa nesilleriň Allahy ýatdan çykaryp, ýüreklerden pygambere söýgi öçürlende, şonda, siz gözgyny halda bolarsyňyz diýmekdir.
Sahabalaryň bilesigelijiligi ýetjek derejesine ýetipdir. Olaryň dyzlarynda kuwwat galman, gursaklary gysylyp, demleri ýetmän başlapdyr. Olar:
- Şol diýýänizem bolmalymy, ýa Resulallah?- diýip sorapdyrlar.
- Hawa. Hatda ondanam beter bolar.
Ine, şol pursatda Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) Allahdan ant içip, Allahyň adyndan şu sözleri aýtdy: „Jelalym bilen ant içýärin. Şol ýagdaýa baran jemgyýetiň arasyna şarlawuk mysaly pitneleri goýbärin... ” Şeýle uly borjuň jogapkärçiligi duýulmasa, gelejekde musulman ymmatyny şu ýalňyşlyklaryň nä güne saljakdygyny Allah Resuly bize habar berýär. Şu sözler biziň barymyza-da degişli.
- -de döredildi.