Asyrlar boýy toplanan ynamsyzlyk we şübheler, beýinlerde bir törpi, bir buraw ýaly, iç-içe geçip ýeke-ýekeden, ýa-da köpçülikleýin adamlaryň ynançlaryny gowşadyp, eleme-deşik etdi. Aýratyn hem biziň döwrümizde bu şübheler tutuşlygyna inkär etmek ýagdaýyny döretdi. Hristiýan älemi bu şübheleriň garşysynda durup bilmändi. Bizde-de ilkibaşda sarsmalar boldy. Hatda, ýigriminji asyryň başynda ynançlaryny ýitiren käbir ýaşlar, iň soňky gezek ýazyp goýup giden hatlarynda imansyz ýaşamagyň manysyzlygyna ünsi çekip, özlerini öldürýärdiler. Bir müň ýyl bäri tapylan we toplanan azdyryjy gurallar bilen, ýüreklerdäki niýetler we halkyň umumy düşünjeleri erbet ýaralanypdy, aýratyn hem aşaky gatlakdaky halkyň daýanjy bolan yslamyň esaslary, yslamyň akymlary, yslamyň alamatlary ýykyldy, bularyň netijesinde wyždanlar bozylmaga başlady. Bu uly ýaralar Kur`anyň we imanyň dermanlary bilen bejerilmelidi...