Pygambermiziň (s.a.w) köp aýala öýlenmegini dillerine çolaýarlar we aýyplaýarlar. Bu meseläni aýdyňlaşdyrarmysyňyz?
Ilki bilen şuny aýdaýyn, bu meselede öňde-soňda gep edýänler, hiç bir zat okamadyk we pikir etmedik kişilerdir. Eger olar "Megazi" we "Siýer"-e (Pygambermiziň söweşlerinden we durmyşyndan gürrüň berýän kitaplara) sähelçe göz aýlasalardy, onda özlerini pese gaçyrjak beýle bir soragy soramazdylar.
Bu soragy häzire çenli menden bäş-alty ýerde soradylar. Men-de her gezeginde azda-kände käbir zatlar düşündürmäge synanyşdym. Bu gezek-de olardan ýadymda galanlaryny gaýtalamakçy.
Peÿgamberler Soltany Hezreti Muhammet Aleýhisselamyň öýlenmekleriniň aňyrsynda dürli maksatlar bar: Onyñ öz şahsyÿeti bilen baglanyşykly hususlar, aýallaryna öÿlenmekde göz öñünde tutlan maksatlar we zerurlyklar, aÿallaryndan käbiriniñ hususy ÿagdaÿlary... Häzir nobat bilen bu aýratynlyklary yzly-yzyna derñäp geçeliñ.
Ilki bilen Onuň päk şahsyýetiniň üstünde duryp geçeliň. Her zatdan ozal şu bilinmelidir, ýagny Ol uly hormatyñ eÿesi ýigrimi bäş ýaşyna çenli hiç öylenmedi. Ol, yssy ülkäniň hususy ýagdaýlary-da gözöňünde tutuljak bolsa, onda Onuň munça wagytlap päk namysly ýaşamagy, bu hakykatyňda şu güne çenli şeÿdip kabul edilmegi, eýýäm munyň özi-de Onda namysyň esasydygyny, şeýle hem güÿçli bir erke we kanagata eýedigini, öz nebsine buýrup bilýän beýik ynsandygyny görkezýär. Eger bu meselede sähelçe bir kemterlik bar bolsady, onda muny onyň gadymky we häzirki günümüzdäki duşmanlary sähelçe wagtyň içinde jahana ýaýmakda çekinmezdiler. Aslynda, köne-ýu-täzeki rakyplarynyň ählisi hiç ýokmajak garalyklary ýöňkeseler-de, bu meselede welin, Oňa hic bir zat diýmäge het edip bilen däldirler.
Pygamberimiz (s.a.w.) ilkinji gezek ýigrimi bäş ýaşlaryndaka öýlenipdi. Bu öÿlülik Allah we Resuly nazarynda aÿratyn orna eýe bolmak bilen birlikde ozal iki gezek durmuşa çykan kyrk ýaşyndaky bir aýal bilen bolupdy. Bu bagytly ojak ýigrimi üç ýyl dowam edip, pygamberligiň sekizinji ýyly, ÿapylan bir perde mysaly yzynda ajy bir hasrat goýup tamamlanypdy. Efendimiz (s.a.w.) ýene-de öňkisi ýaly ýeke-ýalňyz galypdy. Hawa, ýigrimi üç ýyllyk bu bagtly durmuşdan soňra maşgala, çaga-çuga ähli zady bilen täzeden dört-bäş ýyl sallah bolup ýaşapdy, ol wagt Onuň ýaşlary-da elli üçe ýetipdi. Ynha, Onuň soňraky bütün öýlenme işleri bu ýaşdan soňra, ýagny ýanýoldaşa bolan ünsüň azalýan döwürlerinden başlanýar we dowam edýär. Şeýle hem ýaşy birçene baranlara hossaly täsir edýän yssy ülkede elli bäş ýaşdan soňraky tutulan bu öýlülikleri ynsanyň tebigy hallaryna laýyklap ýa-da şehwet bilen baglanyşykly ahwal ýaly görmek, bu ne-hä ynsap, ne-de akyl ýoly bilen makullanylyp bilinjek zatdyr.
Bu ýerde akylymyza gelip biljek beýleki mesele-de pygamberlik wezipesi bilen köp öýlenmegiň biri-birine utgaşýanlygydyr.
Ýeri gelende, muňa-da bir-iki sözlem bilen degip geçeliň.
Ozalbaşdan şu bilinmelidir, ýagny ýokarky ahwalatlar bilen baglylykda "süÿde siňe seredip, onda gan görjek bolýanlar" hiç bir din we prinsipi kabul etmeýänler bolup, olaryň beýle bir zady dillerine çolamaga we aýyplamaga asla haklary ýokdyr, çünki olar rafiziler ÿaly ähli ÿöregelere garşydyrlar. Olaryň özleri hiç bir kanuna we kada tabyn bolmazdan, gaty köp aýal bilen "gatnaşyk" gurarlar, hatda öz mähremleri (nikalanmasy haram bolanlar) bilen nikalanmagy-da makul görerler. Ýa-da olar Hristiýan we Ýahudiler ýaly "Ähli Kitap bolanlardandyr". Eýsem olaryň hüjümü-de ynsapsyz, bet niýetli we çuňňur oýlanylmazdan edilen hüjümdir, hatda öz at-abraýlaryna gynanyljak bir ýagdaýdyr. Çünki Injil we Injile ynanýanlaryň kabul edýän we boýun egýän, Töwrat we Töwrata ynanýanlaryň öz pygamberleri hasap edip, olara uýýan, nije beýik pygamberleri bar bolup, olar has köp aýala öýlenendir we başlaryndan has köp nika geçirendir. Diňe Süleýman Pygamberi we Hezreti Dawudy (a.s.) mysal getirseň-de, onda ýokarky jedelkeş, dawaçyl toparlaryň ikisi-de adalatsyzlyk edendikleri aç-açan orta çykar. Şonuň üçünde köp aýala öýlenmeklik Pygamberimize (s.a.w.) mahsus, hamala hut Onuň başlan däbi bolmazlyk bilen birlikde, beýleki tarapdan köp aýallylyk, pygamberligiň ruhunada gapma-garşy bir zat däldir. Şunuň bilen birlikde, soňraky ýörite düşündirmäge synanyşjak meselelerimde görüp geçjekligim ýaly, köp aýala öýlenmekligiň pygamberlik wezipesi nukdaý nazarynda sansyz-sajaksyz bähbit we peýdalary bardyr.
Hawa, köp aýala öýlenmeklik, onda höküm we buýruk bilen gelen Nebiler (Pygamberlik) üçin bir tarapdan zerurdyr. Çünki diniň maşgala mähremligi içinde ýüze çykýan gaty köp taraplary bar bolup, ondan diňe ol adamyň nikalysy habarly bolup biler. Şol sebäpli-de, diniň bu taraplaryny düşündirmek üçin haýsydyr bir göçme manyly sözleri ulanmak we satiriki meňzetmeler bilen düşündirmek usuly köplenç düşünjäni bulaşdyrar we özenini aňlatmagy kynlaşdyrar. Her bir zady mümkin boldygyça anyk düşündirjek mürşidlere (dogry ýol görkezijiler) zerurlyk bardyr.
Ynha, her bir zatdan ozal Pygamber ojagyndaky bu tämiz we päkize aýallar, zenanlyk älemine tarap ýol görkezmek, görelde bolmak we teblil (hak ýola çagyrmak) wezipesine bellenenleriň we ony ýaýradyjylaryň biri bolmak bilen, Ol, Pygamber üçinde, pygamberlik üçinde, zenanlyk älemi üçinde gerekdir, hatda zerurdyr.
Beýleki bir ýagdaý-da, umuman aýdanyňda, Srwerimiziň aýallary bilen baglanyşykly bolup, ol hem:
Aýallarynyň arasynda garry, orta ýaşly we ýaşlar bolmak bilen, aýallara mahsus belli ýaşlardaky ahwalata degişli dürli hökümler çykarylýar we ol hökümler, hut Pygamber (s.a.w.) ojagyndaky bu päkize aýallar saýasynda durmuşa geçirilip, dumly-duşa ýaýylýardy.
Aýallarynyň her biri, dürli tire-taýpalardan bolmagy sebäpli, ilki bilen ol tire-taýpalar arasynda, soňra-da ol Eziz Şahsyýet bilen garyndaşlygy ýola goýan bütün kowumlaryň içinde, düýpli bir söýgä, aragatnaşyga, birlige tiz ýol açylýardy. Her bir tire we taýpa, Ony özüniňki hasaplap, din duýgysy bilen birlikde garyndaşlyk baglylygy bilen hem Oňa özünü has ýakyn duýýardy.
Her bir tireden alan aýaly, Pygamberiň özi durmuşdaka hem-de Ol rehmete (bakyýete) gowşanyndan soňraky döwürde hem öz kowmynyň arasynda ýokary derejede dini hyzmata wesile bolup bilýär. Ýakyn-u uzak tutuş garyndaşlaryna Pygamberimiziň pygamberlik wezipesiniň gizlin we aýan taraplaryndan düşündirijilik işini ýerine ýetirýärdi. Onuň saýasynda aýal-u erkegi bilen birlikde tutuş tiresi-de "Kur’any", "Tefsiri", "Hadysy" ondan öwrenýär we diniň ruhundan habardar bolup bilýärdi.
Bu öýlenmeleriň üstü bilen "Hebiýýi Ekmel" (Kämillik nusgasy bolan Pygamberimiz) edil bütün Arabystan ýarymadasy bilen nurana ýakynlyga ýol ýasap, ol täze ojaklaryň-da arzyly myhmany halyna gelipdir. Soňra ol töwereklerdäki herkes bu ýakynlygyň üsti bilen Ol beýik ynsana ýakynlaşyp bilýärdi we dini buýruklary öwrenip bilmäge mümkinçilik tapýardy. Şol bir wagtda bu aýry-aýry taýpalaryň her biri Ony özüne ýakyn saýýardy we bu ýakynlyk bilen buýsanýardy. Mahzum ogullary, Ümmü Selemäniň (r.a.) üstü bilen, Emewiler Ümmü Habibäniñ isti bilen, Haşimiler Zeýnep binti Jahşyň (r.a.) üstü bilen özlerini Oňa ýakyn kabul edip, bagtyýar hasaplaýardy...
Bu ýere çenli aýdylanlaryň hemmesi umumy häsiýetliräk ahwalatlar bolmak bilen, käbir babatlarda beýleki pygamberlere hem degişli bolup biljek zatlardyr. Indi bolsa meseläni hususy çygyrda we birin-birin, her aýalyň hal-ahwalatyny seljereliň. Hawa, wahiý bilen goldanan Pygamberimiziň buýsançly durmuşynyň ýanynda logikanyň hiç hili manysynyň ýokdygyny, başgaça beýan edilişine görä bolsa adamzat düşünjesiniň "Fetaneti Azamyň" öňünde baş egip iki-büklüm halyna gelýändigini bu ýerde hem göreris.
Pygamberimiziň (s.a.w.) ilkinji aýaly Hezreti Hatyja enemizdir. Onuň Özünden on bäş ýaş uly bolan bu päkize aýala öýlenmegi, her bir ojak, maşgala üçin iň uly, iň mukaddes nusgadyr. Tutuş ömür boýy bir-birlerine berk we çuňňur wepadar galyşlary ýaly, ol – Hatyja enemiz aradan çykandan soňra hem Serwerimiz, Ony hiç bir zaman unutmandyr, hatda her bir wesile we pursatda ondan gürrüňler açypdyr.
Hezreti Hatyja rehmete gidenden soňra Pygamberimiz (s.a.w.) dört-bäş ýyllap öýlenmändir. Başynda bir topar ýetimiň barlygna garamazdan, ähli kynçylyklara döz gelip, birnäçe ýyllap şol bir wagtyň özünde hem enelik hem-de atalyk wezipesini ýöredýär. Eger-de, onuň aýallara garşy meÿli bolsady, Onda Ol, heý, şeýle hereket edermidi?..
Öýlenmek nobatyna görä bolmasa-da Pygambermiziň (s.a.w.) ikinji aýaly "Aýşe-i Syddykadyr". Ol Pygamberimiziň iň ýakyn ýoldaşy we dosty Ebubekir Syddykyň gyzydyr. Bu hadysa, ýagny Pygamberimiziň onuň gyzyna öýlenmegi öz bütün ömrüniň ajysyny-süýjüsini deň paýlaşan, bilelikde geçiren bu beýik ynsana Beýik Nebiniň iň ÿokary derejedäki hormatydyr. Bütün adamzat nesli gutaranda– ahyretde, Oňa bolan ýakynlygy, garyndaşlygy-da bu saýada boljakdyr. Hawa, Aýşe-i Syddyka bilen Hezreti Ebubekir, maddy we ruhy taýdan aralykda hiç hili iş galmajak şekilde Pygambere şeýle ýakynlyk mertebesine ýetipdi.
Aýratynam Hezreti Aýşe ýaly örän akylly-başly, özbolyşly ýaradylyşa eýe bolan zenan, Pygamberlik ýolunda Oňa doly mirasdar bolup biljek şekilde ýaradylan ynsandy. Durmuşa çykandan soňraky durmuşy we has soňraky üstünlikleri bilen şeýle netijä gelnipdi. Ýagny ol beýik zenan, bolaýsa diňe Nebi (Pygamber) aýaly bolup biljek ynsandy. Ýöne ol gerek ýerinde iň beýik hadysçy, iň kämil tefsirçi we iň saýlama fykyhçy hökmünde özüni tanadypdyr, Muhammet (s.a.w.) daşky görnüşi we içki duÿgulary bilen doly düşünÿär we Oña kemsiz bir şekilde wekilçilik edýärdi.
Şol sebäpli Serwerimize düýşünde onuň bilen öýlenmegi buýrulÿar we Ol heniz onyň (Aýşanyň) gözlerine başga hyýal girmezden Pygamber ojagyna gadam basÿar...
Bu gurlan durmuş atasy Hezreti Ebubekir (r.a.) üçin-de şeref we abraý wesilesi bolýardy. Zenanlyk äleminde-de bütin ukyp we başarnyklaryny kämilleşdirip, Serwerimiziň iň baş talyplaryndan biri bolmak bilen birlikde, ynsanlary dogry ÿola çagyrmak we olara wagyz etmek babatda beýik mürşide we mubellige bolup taÿynlanjakdy. Ynha, şunlukda, ol, hem bir ýan ýoldaş, hem-de bir talyp hökmünde Pygamber ojagyna aýak basypdyr.
Ýene-de öýlenmek nobatyna görä bolmasa-da Pygamberimiziň üçünji aýaly, Ummu Selemedir (r.a.). Mahsum taýpasyndan we ilki musulman bolanlardan bolan Ummu Seleme, Mekkede jebir çeken, horlyk gören, ilki Hebeşistana, soňra-da Medinä hijret eden we ol günki şertlerde, ilkinji hatardakylar arasynda orun alan ynsandyr.
Özi bilen birlikde bu uzak we külpetli ýollara döz gelen adamsy-da bardy. Ol Ummi Selemäniň nazarynda deňi-taýy bolmadyk bir ynsandy. Ol öz bütün dertli döwrini bilelikde başdan geçiren bu ägirt kişini, ýagny durmyş ýoldaşy Ebu Selemäni Medinede elinden aldyranyndan soň, çagalary bilen baş-başa galdy. Ýurdundan, öý-öwzaryndan uzakda, bir süri ýetim bilen, durmuş külpetlerini omzuna ýüklän bu aýal, ilki bolup hossarlyk, mähir sözüni we goluny Ebubekir (r.a.) we Omar(r.a.) uzadýar, emma ol bu teklipleri kabul etmeýär; eýsem onuň gözüniň öňünde ýoldaşy Ebu Selemäniň ýerini tutjak ynsan ýokdy.
Iň soňynda oňa öýlenmek teklibi bilen Allah Resuly (s.a.w.) gol uzatdy. Bu hem örän tebigydy, çünki Yslam we iman ugrunda hiç hili pidakärlikden çeke durmaýan bu beýik aýal, araplaryň iň asylzada taýpasynyň uzak wagt asylzada bolup ýaşandan soňra horluga, gedaýçylyga rowa görülmezdi. Ýogsa-da, yhlasdyr ýürekdeşligi we Yslam üçin ähli zada taýýar bolmagy pikir edilse, oňa hökmany suratda gol uzadylmalydy...
Ine, älemleriň buýsanjy Pygamberimiz ony nikalap almak bilen, oňa bu saýalyk golyny uzadypdyr. Şeýdip hem Ol öz ýaşlygyndan buýana ýerine ýetirip gelýän, hossarsyzlara göz-gulak bolmak we ýetimlere gol uzatma iş we wezipesini ol günki şertleriň, ýagdaýlaryň talabyna görä, bu şekilde ýerine ýetiripdi.
Ummu Seleme-de Hezreti Aýşe ýaly akylly-başly we aňly düşünjeli bir aýaldy. Mürşide we mubellige bolup biljek ukyplara eýedi. Şonuň üçin, bir tarapdan mähir eli ony goraw astyna alsa, beýleki tarapdan-da, aýratynda zenanlyk äleminiň minnetdarlyk duýjagy bu talyp, şeydip ylym we irşad medresesine kabul edilýärdi. Ýogsa altmyş ýaşyna ýakynlaşan Fahri Kainat Serwerimiziň bir süri çagaly, ýaşyda bir çene baran dul aýala öýlenmesini, öýlenip bir sürü, borç-külpet astyna girmesini, başga hiç bir zat bilen düşündirip bilmeris. Hususanda aýallara bolan jynsy arzuw we islegi bar diýibä asla we hiç bir zamanda düşündirip bilmeris we bilmezlerem.
Iki Jahan Serweriniň beýleki bir aýalyda Remle binti Ebu Sufýandyr. Ummu Habibe (Ummu Habibe – Remle binti Ebu Sufýanyň lakamydyr), Pygamberiň(s.a.w.) we Pygamberligiň garşysyna bir döwür goh baryny turuzyp, küfrüñ wekili bolan Ebu Sufýanyň gyzydyr... emma bu hatynyň özi welin, ilkinji musulman bolanlardan we birinji hatarda orun alanlardandy. Kynçylykly agyr döwürde Hebeşistana hijret edip, ol ýerde öňki adamsynyň öňürtü hristian dinine geçenini, soňra-da aradan çykanyny gören, dertli bir aýaldy...
Ol günki gün sahabalar san taýdan azdy, mal, baýlyk tarapdan bolsa diýseň garypdy. Köpüsiniň kimdir birine seredip biljek, onuň durmuş mydarasyny üpjün edip biljek ýagdaýlary-da ýokdy. Şonuň üçin-de Ummu Habybä nätmeli? Ýa-ha dogry ýoldan çykyp, hristianlaryň täsirine duçar bolmaly ýa-da ol wagtda heniz küfüriň ojagy bolan atasy öýüne dönmeli, ýa-da bolmasa,gapy-gapy aýlanyp gedaýçylyk etmelidi. Bu diýseň dindar, diýseň at-abraýly, asylzada maşgala tarapdan-da iň bir bay aýalyň beýle işlere baş goşmagy-da hiç bir babatda mümkin däldi. Ýekeje bir çykalga galýardy, Ol hem Serwerimiziň ara goşulmagy we oňa öýlenmegidi.
Ynha, Ummu Habyba bilen öÿlenmekde şol maksatlar göz öñünde tutulÿar. Dini üçin her hili kynçylyklara döz gelen bu aýal, ýurdundan ojagyndan uzakda, negirleriň arasynda, üstesine-de adamsynyň dinini üýtgetmegi we aradan çykmagy ýüregini para-para eden günlerinde, Nejaşiniň huzurna çagyrlyp, Pygambermiz bilen nikasy gyýylýardy. Bu bir tebigy zatdy. Muny aýyplamag-a beýle-de dursun, gaýtam, ýagdaýlara çuňňur düşüniljek bolsa, ony, "Rahmäten-lilälemin bolmagyň" talap edýän bir meselesiniň ýerine ýetirlişi hasaplap, alkyşlamak gerekdir.
Galyberse-de, beýlekiler ýaly, bu beýik aýalyňda şeýdilmek netijesinde soňra aýal-erkek gaty kän musulmanlaryň medeni durmuşyna goşjak bir giden goşantlary bardyr. Ol hem ýokardaky şekilde hem-ä bir ýan ýoldaş, hem-de bir talyp bolup sagadathana goşulýärdy.
Şonuň bilen birlikde bolsa, gurlan hut bu ojak saýasynda, küfür we zalymlyk içinde bolan Ebu Sufýanyň, maşgalasy-da Pygamber ojagyna teklipsiz girip çykmak mümkinçiligini gazanýardy we öňki garaýyşlarny üýtgedip, kem-kemden ýumşaýardy... diňe Ebu Sufýanyň maşgalasy üçin däl, eýsem, soňraky bütün Emewiler nesillerinde beýik täsir galdyryp, hadysa bolma häsiýetinde kämilleşýärdi. Şeýdip hem, öň diýseň hyrsyz we şol bir tutan ýerini depip ýören, gözli kör diýilýän bu maşgala hem Ummu Habybeniň nikasy saýasynda soňra diýseň ýumuşady we her dürli haýry kabul etmäge taýýar hala geldi.
Bagtlylyk ojagyna girenleriň ýene biri-de Zeýnep binti Jahşdyr (r.). Diýseň asylzada we näzik, şonça-da içki dünýäsi giň bolan Hezreti Zeýnep, Pygamberler Soltanynyň ýakyn garyndaşy we gapdalynda ösüp-ulalan we ýetişen bir aýaldy. Serwerimiz (s.a.w.) ony ogyllygy Zeýd (r.a.) üçin soranda-da onuň maşgalasy biraz saklanyp, ony Serwerimiziň hut Özine berme meýilleriniň bardygyny aýdypdylar. Ahyry, Pygamberimiziň (s.a.w.) öwran-öwran dilemeginden soňra ony Zeýd bin Harise bermäge razy bolupdylar. Diýmek, Pygamberimiz ony alaýyn diýse, soňraky ýüze çykýan käbir bolar bolmaz gep-gürrüňlere galmazdan, şol wagt, heniz gyzka hem alyp bilýärdi ahyry ...
Zeýd bir zamanlar azatlygyny, erkinligini ýitirip, ýesirleriň arasyna düşen, özi-de hebeşi (negr) we soňra Älemiň Serweri tarapyndan erkinlige, azatlyga çykarylyp göýberlen birisidi. Pygamber Serwerimiz (s.a.w.) ony erkinlige çykarmak bilen hem, oňa şeýle maşgalany alyp bermek bilen hem, aslynda ynsanlaryň arasyndaky deňligi üpjün etmek we ýola goýmak isleýärdi. Bu çetin işe-de ýene ýakynlaryndan başlaýardy. Emma Zeýnep ýaly belent hüý-häsiýetli bir aýalyň, emre boýun bolmagyndan emele gelse-de, ol gurlan ojak uzak dowam etmejege meňzeýärdi. Bu gurlan ojak Zeýd üçin-de diňe bir gaýgy-gam we hasratdan başga hiç bir zat getirmändi.
Iň soňunda-da özbolyşly görnüşde aýrylyşmak hadysasy boldy, bir sebäp bilen Zeýd ona talagyny berdi... Serwerimiz şonda-da Zeýdi bu sözünden dändirmäge we gurlan durmuşyň dowam etdirilmegi üçin jan edýärdi. Edil şol pursatda-da Jebraýyl (a.s) gelýär we asmany perman bilen Zeýnebiň hut Serwerimiziň özi bilen durmyş gurmalydygy hakynda emir getirýär. Serwerimiziň duçar bolan bu synagy diýseň agyrdy, ýagny oňa ol güne çenli, hiç bir kişiniň batyrgaýlyk edip bilmedik bir zady edilýärdi we ýerleşen, kök uran ençeme adatlara garşy söweş yglan edilýärdi. Bu diýseň agyr göreşdi. Bu diňe Allah emir edenligi üçin ýerine ýetirlip bilinjek zatdy. Hut şonuň üçinde Serwerimiz, tämiz şahsyýetine örän agyr degse-de, öz mukaddes wezipesi we çuňňur gulluk düşünjesi bilen bu işi etdi. Hezreti Aýşanyň aýdyşy ýaly, eger-de Pygamberimiziň, wahyÿ üsti iberlen emirlerden bir zatlary gizlemek islesedi, onda Ol Zeýnep bilen öýlenmegi emr edýän aýatlary gizlärdi. Çünki bu iş Pygamberlik bilen penalanan beÿik şahsyÿete şeýle agyr degdi...
Ilähi hikmet bolsa, şeýdip ol tämiz we beýik aýaly - Zeýnebi-de Pygamber ojagyna salmak bilen, ylym we medeniýet taýdan taýynlap, Hak ýola çagyrmak we Hak ýoly wagz etmek bilen wezipeli kylmak isleýärdi. Ahyry şeýlede boldy. Soňraky bütin päk durmyşy bilen, ol hem Pygamber aýaly bolmaklygyň talap edýän aýratynlyklaryny ýerine ýetirdi.
Mundan başga-da, jahylyýet döwründe, ogullyklara ogul diýilýär we olaryň aýallary-da edil öz çagaň aýallary ýaly kabul edilýärdi. Jahylyýet döwrüne degişli bu adatyň aradan aýrylmagy üçin emr berlende, ýene bu işe Serwerimizden başlanyldy. Kimdir birine "Çagam" diýeniň bilen, bolmaýşy ýaly, "Çagam" diýjegiňiziň aýaly-da siziň gelniňiz bolmaz. Çünki ol gelin talak edilende, seniň hut öz ogluň gelni bolmanlygy üçin seniň onuň bilen nikalaşmagyňa päsgelçilik berjek hiç bir zat ýokdur.
Pygamberimiziň Zeýnebe öýlenmegi meselesinde aýdylmaly zat kän bolsa-da, bu söhbetdeşligimiziň çäginden çykyp gitjekligi üçin, bu meseläni öz başyna derňäp, aýratyn üstünde duruljak wagtyna goýup, häzirlikçe bu gürrüňi gysga-da bolsa şu ýerde tamamlamagy dogry hasaplaýarys.
Sagadat ojagy bilen abraý gazananlaryň başga biri-de Jüweýriýe bintul-Harisdir. Onuň gaÿry dinde bolan taÿpasy bilen, olaryň garşysyna uruş yglan edilipdi we taýpasynyň aýal-erkegi ýesirlige duçar bolupdy. Soňra-da duýgylary düýbünden üýtgän, öňki at-abraýy zym-zyýat bolan bu aýal köşkde önüp ösüpdi. Ol ilki Pygamberimiziň huzuryna getirilende, gözleri gahar-gazapdan dolydy.
Ine, şol wagt Fetaneti Azam (Pygamberimiz (s.a.w.)) çylşyrymly ahwaly ÿagdan gyl sogran ýaly aňsatlyk bilen çözdi.
Pygamberimiz (s.a.w.) Hezreti Jüweýriýe (r.a.) bilen nikalaşansoň, Juweýriýe müminleriň enesi mertebesine beýgeldi we sahabalaryň arasynda uly hormata mynasyp boldy. Aýratynda Resulullahyň sahawalary "Pygamberiň garyndaşlary ýesir edilmez" diýip, ellerindäki olardan düşen ýesirleri boşadanda Jeweýriýäniň (r.a.) hem-de taýpasynyň doňan köňli büz erän ÿaly bolup eredi duryberdi.
Şeýdip, altmyş ýaşlary töwereginde guran bu öýliliginiň üstü bilen hem Beýik Pygamberiň gaty köp meseläni sähel salymda çözenligi, gana-jana eýlenen dartgynly wakalaryň içinden parahatlygyň we dynçlygyň sergin şemallaryny öwüsdirenligi äşgär bolýar.
Pygamber ojagyna gonan bagtlylaryň ýene birisi Safiýýe binti Hubeýdir (r.a.). Ol Haýber emirlerinden biriniň gyzy. Meşhur Haýber wakasynda kakasy, dogany we adamsy öldürilip, tire we taýpasy-da esir alnypdy. Safiýýe (r.a.) hem şol wagt möwç urýan gahar-gazap we ar-namys bilen ýanyp bişýärdi. Ýöne ynha, nika gyýlyp, ähli müminler tarapyndan ullakan hormat goýuljak, Efendimize aýal bolmak mertebesine ýetensoň, sahabalaryň (r.): "eje jan-eje jan" diýip, tagzym etmeleri we Efendimiziň kalbyňy erediji özine bendi ediji beýikliginiň öňünde, Safiýýe-de (r.) bolup geçen hasratly wakalaryň hemmesini unutdy we Pygamberimize aýal bolmak bilen buýsanmaga başlady.
Aýratyn hem asly ýahuda bolan Hezreti Safiýýäniň üsti bilen, gaty köp ýewreýe (jöhide) Pygamberimizi ýakyndan görüp tanamak we buz erän ýaly pagyş-para bolup eremek mümkinçiligi döreýärdi. Bir zadyň üsti bilen her bir zady eden we bir hal-hereketinde müňlerçe hikmet bar bolan Hezreti Allah (j.j.) beýleki ähli öýlenmelerde bolşy ýaly, munda hem Beýik Yslamyýetiň we bütin adamzadyň geljegi üçin gaty köp haýyr we bereket ýaradypdy.
Mundan başga-da şu ýerde duşmanlarynyň içki dünýäsinden habarly bolmak meselesinde hem bu nikanyň soňraky ymmatyna sapak bolup biljekdigini aýdyp geçmek has ýerlikli bolar diýip pikir edýärin. Aýratyn hem jöhitler barada...
Hezreti Safiýýe we şonyň ýaly gaýry milletlerden bolan aýallaryň, ol milletleriň içki ýagdaýlaryndan habardar bolmakda uly ähmeti bardyr, ýöne olar aralaryndaky, ýagny öz töweregine aralaşan içalylara öz syrlaryny aldyrmasa bolany.
Pygamberimiziň maşgalasy bolan bagtyýarlaryň ýene biride Hezreti Sewdedir. Ol musulmanlaryň ilkinji hatarynda adamsy bilen Hebeşistana hijret edenlerden we Ummu Habibeniň kysmatyna meňzeş şekilde, adamsynyň aradan çykmagy bilen ortada galanlardandy.
Efendimiz öz huzuryna we garamatyna çekmek bilen bu ýüregi ýaralynyň-da ýarasyny sarady, ony perişan bolmakdan gutardy we oňa beýik ýanýoldaş boldy. Ýogsa-da ol wakalardan soňra, diňe Efendimiziň nikasy astynda bolmagy arzuw eden bu beýik aýalyň, bu ýalançy dünýäden islän başga hiç bir zady-da ýokdy.
Ynha, gurnalan bu ojaklaryň ählisiniň arkasynda-da şunyň ýaly äpet-äpet hikmet we syrlar bolan Pygamber Efendimiz (s.a.w.) bu işleriň içine hiç hili nebsany-nädogry duýgular bilen giren däldir. Ol Raşid Halifeleriň ilki ikisine görä bolşy ýaly, wezipeleri bilen hem ýakyndan gatnaşyk gurupdyr. Ýanýoldaşy boljak aýaldaky ukyp we başarnyk ýa-da beýleki öýlenmelerinde ýekän-ýekän görşümiz ýaly, düýpli hikmet we syrlar bilen öýlenendir we ýene ençeme agyr wezipeleri gerdenine çekendir, beýik wezipelerine, töweregindäkilere, bütün geljege haýyrlydygy üçin şeýle edendir.
Bulardan başga, munça aýalyň öý-işigi, gün-güzerany, iýmiti, geýim-gejimi ýaly zeruretlerini, iň adyl şekilde üpjün etmesi we olara bolan mynasybetinde örän çuňňur adalat we hakkaniýete (Hakdan we dogrulykdan aýrylmazlyk) eýermesi, aralarynda ýüze çykmagy mümkin bolan düşünişmezlikleri öňünden öňüni almasy, bolan oňşuksyzlyklary ýagdan gyl çeken ýaly rahatlyk bilen çözmesi, Bernard Şowuň sözleri bilen aýtsak: "Iň uly problemalary-da kofe içen ýaly aňsatlyk bilen çözen", Ol täsin şahsyýetiň Hak Pygamberligine şaýatlyk edýär...
Hatda bary-ýogy bir aýal we bir-iki çagany dolandyrmagyň nähili kyndygyny görýän we bilýän biz, ozal başga ojak guran, başga maşgala modellerine şaýat bolan hem-de giren ojaklarynda eýýäm ençeme üýtgeşik häsiýetleri alan birtopar aýaly, bir goşgy heňi we ritmi kimin sazlaşykly edara eden ol beýik we eziz Barlygyň garşysynda iki egilmäge mejbur bolýarys.
Bir mesele galdy, ol hem Onuň aýallarynyň sanynyň onun, ymmatyna halal kylnan sanyndan agdyk bolma meselesidir. Bu ahwalat Pygamberimiz üçin berlen hikmetli hem-de hususy bir rugsatdyr. Hawa, bilýän we bilmeýän, düşünýän we düşünmeýän gaty köp syr we hikmetlerimizi öz içine alýan aýratyn bir ýagdaýdyr, kanundyr. Bu meselä bir müddet zerury rugsat berlen, belli bir müddetden soňra bolsa çäk goýlan we beýle edilmek gadagan edilen ahwalatdyr.
Sowalyň ähmiýetine görä, meseläni gaty uzaldanymy bilýärin, meniň şeýle sözi gaty uzaldanyma geçirimlilik ediljekdigine-de bil baglaýaryn.
- -de döredildi.