Imana we Yslama degişli meseleler düşündirilende „Nähiliden?“ öňürti „Näme üçinleriň?“ beýan edilmeli döwründe ýaşaýandygymyz her kime bellidir. Bolup geçýän hadysalary diňe bir synplara bölmek däl, olary derňemek islänler hem wyždanyna ikilik etmän, bu hakykaty inkär edip bilmez. Çünki, köki aňymyzda, şahalary we miwesi köňlümizde bolmaly Tuba agajyna meňzeýän iman, häzirki döwürde takyk ylymyň, pelsepäniň we ösen tehnologiýanyň güýjüni ulanyp, jähennem höwesli bir hüjüm bilen ýok edilmek islenilýär.
Köki guran agaçdan miwe alyp bolmaýşy ýaly, “näme üçinleriň” guradan “imanyndan” “nähili” diýlen gymmatly miwäni almak mümkin däldir. Weýran edilen ýer ilki bilen bejerilmeli, dikeldilmeli, soňra, abadanlaşdyrylmalydyr. Bejerilmekden, dikeldilmekden öň abadanlaşdyrmak peýdasyz, bejerilmänkä dikeltmek hem netijesiz, soňra dikeldilip, abadanlaşdyrylmajak bolsa, bejermek hem manysyzdyr. Şonuň üçin, her meselede bolşy ýaly, munda-da ifrat (aşa geçmek) we tefritden (kemter gaýtmak) gaça durup, orta ýoly tapyp, dogry netijä ýetmegiň gutulgusyz dessuryna eýermelidir.