Giriş

Ynanjyň saýasynda

Iman – Yslamy dil we kalp bilen tassyklamakdyr. Ol çäksiz güýç-kuwwatyň gözbaşydyr. Ýöne islenen netijä ýetmek üçin imanyň amal bilen berkidilmegi hökman.

Amalyň Allah görýän ýaly ýerine ýetirilmegine bolsa “ihsan” diýilýär.

Iman we ihsan gözdäki nur, jesetdäki jan mysalydyr. Bu iki esasa baglylykda parzlaryň we nafileleriň berjaý edilmegi bolsa, seni bakylygyň asmanyna göterjek iki ganatdyr.

Hawa, ynsany Allaha ýakynlaşdyrma ýollarynyň iň ygtybarlysy, iň golaýy we iň makuly – parzlary eda etmek ýoludyr. “Allaha ýakynlygy islemegiň hesreti” we Haka çyn aşyklyk çäklendirilmeýän nafileleriň soňsuz, giň we wepa doly yklymynda äşgär bolar.

Haka barýan ýolagçy her pursat bir nafiläniň ganatlarynyň aşagynda bakylyga tarap uzap gidýän ýoda girer, täze mertebelere gowşandygyny duýar we parzlary berjaý etmekde has yhlasly, nafilelere has höwesli bolar. Bu mertebä we mana oýanan her bir ruh Allah tarapyndan söýülendigini-de duýar. Bir mukaddes hadysda beýan edilşi ýaly, onuň eşitmegi, görmegi, tutmagy, ýöremegi gönüden-göni “Meşiýeti Hassa” (isleg güýji) çäginde bolar. Bir tarapdan “Marifetullah” hem şudur. Ol bilmegiň bilýän bilen bütewleşip, onuň tebigatyna öwrülmek we (bileniň her halynyň bilinene) beýan ediji dili bolmak mertebesidir. Wyždan biliminiň ýüze çykmagy we aýan bolmagy görnüşinde-de marifeti düşündirenler bolupdyr, ýöne bu ýüze çykmak we äşgärlik şol bir wagtda ynsanyň özüne mahsus gymmatlyklary bilen görünmegi-de hasaplanyp biliner. “Nebsini tanan Rabbyny-da tanar” diýilen sözüň bir manysam şu bolsa gerek.

Marifetiň ilkinji mertebesi çartarapymyzda görnüp duran atlaryň tejellilerini görmek we duýmak, hem-de bu tejellileriň üsti bilen gözlenen syr gapysyny açyp, sypatlaryň haýran galdyryjy yklymynda syýahat etmekdir. Bu syýahat wagtynda ýolagçynyň gözünden, gulagyndan diline nur akar. Onuň kalby hereketlerine, bolşuna höküm edip başlar. Hereketleri Haky tassyklaýan we yglan edýän dile öwrüler, bu dil hem edil bir “kelime-i taýýibe” (ajaýyp kelam) halyna geler. Şeýlelikde, onuň wyždan aýnasyna diňe gözel sözler beriler. Ony hem salyh amaly berer. Nurdan doly hakykatyndan dürli-dürli yşyklar şöhlelenmäge başlar. Mundan soň, beýle ruh ähli ýaramaz duýgudyr endikleriň ýoluny ýapar-da, arşdan gelýän öwüşgünleri gujaklar, nurdan dälizler açylar we adam gaýdyp yzyna dolanmak ýadyna-da düşmejek tomaşa etmek lezzetine ýeter.

Haka barýan ýolagçynyň ähli agýardan – duşmanlaryndan ýüz öwürip, tutuş durky blen nebsine garşy durup, özüni huzuryň ummanyna salan bu nokat – marifet nokadydyr. Bu nokadyň daşynda perwana bolana irfan ýolagçysy, başy o nokada ýetene-de – arif diýilýär.

Marifet yklymyndaky ýaşaýyş jennetiň bagyndaky ýaly dupdury we asudadyr. Ruh bakylyga ýetmek duýgusy bilen ganatlanan, köňül bir kararlylyga ýetmegiň begenjinden çaga ýaly şadyýan, emma seresap we agrasdyr. Ol “Allahyň emirlerine garşy gitmezler we emirlerini berjaý ederler” diýlen yklymda ýaşar we hemişe perişdeler bilen gatnaşar. Duýgulary pyntyk-pyntyk marifete oýanan bu ruhlar günde birnäçe gezek jennetiň baýyrlarynda syýahat edýän ýaly, gat-gat açylar we her pursat aýry bir ölçegde dosty bilen duşuşar, onuň bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň lezzetine ýeter. Gözleri Hakyň gapysynda boldugy mütdetçe, her gün, belki, her sagat birnäçe gezek wysal bilen meý-mes, serhoş hala geler we her pursat başga tejellide joşar.

Alymlar ylymlary bilen gümra bolsun, pelsepeçiler söz oýnadyp, pikir heçjiklesinler! Arif nur saçyp, hemişe bagtyýardyr. Hatda howply ýagdaýda, gorkan pursatlarynda-da çäksiz lezzet alar, gözleri aglaýarka, kalby hemişe gülüp durandyr.

Bu şäriklikdäki aýratynlyklar bilen birlikde, arifelriň fytratyna we hüý-häsiýetine görä, birnäçe parhlylyklar hem bardyr. Käbiri ümsüm we çuňluklary bilen girdaby ýatlatsa, käbiri şaglawuklar kimin ses eder. Käsi ömürboýy günä-sogabyna aglar we ne ah çekmekden, ne-de Rabbyna sena etmekden doýar. Doýmanam öter gider bu dünýäden. Käsi bolsa, hemişe haýbat-haýa-hemdemlik howasynda syýahat eder we bu derýadan kenara çykamak hakynda pikirem etmez. Käbiri toprak ýalydyr – gelen-giden başyna basar geçer. Ýene biri bulut ýalydyr her kimiň üstüne saýa salar we olara damja-damja rehmet hödür eder. Käbiri şemala meňzär – hemişe duýgularymyzyň üstünde müňbir müşki-anbar ysy bilen öwser durar.

Marifet ähliniň özüne mahsus alamatlary-da bardyr – arif Ma’rufdan başka hiç kimden hoşallyga we hormata garaşmaz. Ondan başkanyň yşgynda köýmez, başkasyna gabagyny galdyrmaz, kalbynyň gapysyny açmaz. Hakyky arifiň başgasyna söýgüsi, huzuryna gowuşmak arzuwy bolmaz. Başga bir hyýalyň göwnüne girmegem onuň üçin iň agyr azapdyr. Hakyky marifete ýetmedik ýary-agýary tapawutlandyryp bilmez. Ýar bilen hemdem bolmadyk hijrandaky azaby näbilsin?!

“Ýakin”(şübhesiz, anyk, kesgitli Allahy tanamak) diýilen hal marifetden soň geler. Ol ynsanyň her minudy, her pursaty, ondan bir, ýüzden bir sekundy täze bir gözýetime açylmak, täze derýa ýelken germek diýmekdir. Ýakin – bir gözlegdir. Çäkli ynsanyň çäksizligi gözleýşi... Beýle adamyň ömri tutuşlygyna nuranadyr. Bedenine dynman peýda ýagar. Ol ömrüni hemişe aýdyňlykda ýaşar. Onuň hormatyna arşyň saçaklaryndan biri aýrylsa, beýlekisi ýazylar. Edil Serwerimiz dünýeden ötmedik, wahý inmegi galmadyk we Jebraýylyň aýagy Ýerden üzülmedik ýalydyr. Ol arşdan öwsen ýakymly şemaly synasynyň joşguny bilen garşy alar.

Ýakin – ynanylmaly aýratynlyklara, olaryň şöhlelenmesine zerre ýalam şübhe etmän ynanmak diýmekdir. Matematika ylymynda iki-ikiň dört bolar. Emma, sanlaryň az-u-köplüginiň, derejesiniň, gymmatynyň dürli-dürli bolup biljekdigini göz öňünde tutsak, bu düşünje hemişe dogry bolmanam biler. Ine, ýakin şu nukdaýnazardan her hili hasap-hesiplerden ýokardaky kesgin we anyk imandyr. Çünki, barlygyň çarýanda tejelli eden gözelliklerinde Jemaly we Kemaly Mutlak bolan Allahyň jemalyna we kemalyna degişli tejellilerini synlap, “Zewki Ruhany” (ruhy lezzet) nokadyna ýetmek diňe şeýle iman bilen mümkindir. Ýakine ýeten adam hemişe onuň jennet baýyrlarynda seýran eder ýörer. Kalby, köňli we synasy her pursat aýry bir peýda bilen dolar, boşar. Ol her pursat özüni başgaça duýar we Rabbyny başgaça tanar. Arşyň bagyndan desse-desse gül tirmek we miwe ýolmak, ine, şudur.

Ýakin – owal başda haýyr işe häzir bolmak, netijesine görä-de rahatlyga ýetmek we ganmak manysyny berýär. Adam Ondan başga islendik zatdan gansa, Oňa bolan höwesini ýitirer. Ondan gansa-da, başga hiç zady islemez. Açgözlülik bilen dünýäň yşgyna düşenler Ondan binesip adamlardyr. Kalby Allaha bolan inanjyndan rahatlyga ýeten kişi, Ondan gaýry ähli zadyň öňüne perde çeker. Beýle kalb Kyblany görkezýän kompas kimin, elmydam Hakdan hoşnutlygyny görkezer we wyždanynda iňňäň ujy ýalam şek bolmaz. “Ýakin” diýilýän şeýle beýik mertebedir welin, bu mertebede syýahat eden ruh her baran ýerinde “Hakyň dostlarynda ne gorky bardyr, ne-de olar gaýgy-gama batarlar” diýleniniň hakykatdygyny görer. Olaryň ýanyna perişdeler geler we: “Gorkmaň! Gaýgy etmäň, size wada edilen jennete begeniň! Biliň, kalplar diňe Allahy zikir edip bagta ýeter. Köwseriniň lezzetini alar, tebigaty we bedeni bilen ýaşar” diýerler.

Inanç ynsany sebäplerden ýokarda we araçylardan aňyrda saklar. Akyl tebigatdan ýokardaky syýahatyna şu mertebe bilen ýeter. Ruh bu nokada ýetende dünýä gaýgysyndan halas bolar. Duýgy bu jadylaýjy mertebede ähli gözlänlerini tapar we damjaka, derýa öwrüler.

Adamy bu mertebä ýetirýän anyk ýollar bardyr. Bularyň iň öňünde-de ylym bilen oýlanmak durýar.

Ylym – barlygyň we hadysalaryň, ýaradylan emrleriň öňýmizde açyp goýan zatlarynyň duýulmagyndan, akyl ýetirilmeginden ybratdyr. Barlyga höküm etmek ygtyýary berilip, ýaradylan adamzat – görer, okar, duýar we öwrener. Öwrenenden soň bolsa, hadysalara hökümini ýöretmegiň we olara täsir etmegiň ýollaryny gözlär. Ine, bu hal Ýaradan Halygyň emri bilen barlygyň adamzada, adamzadyňam özüni ýokdan bar edene ten bermegi we bendesi bolmagy diýmekdir.

Ylym – fizika, himiýa, astronomiýa, tebigat we başga-da dürli ugurlary bilen adamzadyň hyzmatynda bolup, oňa her gün täze-täze sowgatlar berýär.

Hawa, ylym we tehnika adamzadyň hyzmatyndadyr we ondan gorkar ýaly hiçhili eýmendiriji sebäbem ýokdur. Howp ylymlylykda we ylma görä bir dünýä gurmakda däl, howp jahyllykda, paýhassyzlykda we jogapkärçilikden gaçmakdadyr.

Munuň bilen birlikde diňe ylymyň özi, ýagny düşünje-tejribe we wyždan üçüsinden üzňe bolanda azaşydyrjakdygy asla unudylmaly däldir.

Hawa, zehin bakylyk, ebedilik düşünjesinden mahrum galanda, ruh tehnologiýanyň ýesirine öwrülende, kalba gulak asylyp ýaşamak ýatdan çykarylanda ylymdan we ylymyň peýdasyndanam söz açyp bolmaz. Tersine, beýle şertlerde ylym wagşylyklaryň pajarlap ösmegine, gyrgynçylygyň has möwjemegine, ýalançylygyň we birek-biregi ezmegiň ägirt bir apata öwrülmegine kömek eder we uly güýç, direg bolup hakykata garşy çykar.

Dogrusy, ylym ynsanyň maddy we ruhy şatlygyny maksat edinip, onuň bedendir ruhy problemalaryny çözmäge çalyşsa-da, köňlüni zehini bilen bütewileşdirmekde peýdaly bolsa-da, bulary etmedik ýa-da edip bilmedik ýagdaýynda peýdasyzsyr, hatda käbir ölçegde zyýanlydyr. Beýle ylymdan peýdaly bir zatlara garaşmagam hebesdir.

Häzirki döwrüň ähli tarapdan maddylaşan adamlary ylym we tehnologiýa diňe şahsy islegleri, getirýän maddy rahatlykdyr lezzeti üçin gyzyklanýar. Beýle garaýyş bolsa onuň ruhunda günbe-gün ahlak taýdan çökünti emele getirýär, köňlünde bulanyklyk döredip, düşünjesini ýöntemlige alyp barýar. Şu kybap adamlar hakykaty gözlemez we ol ýolda oýlanşykly bolmaz, hatda ony ýigrener. Munda halkyň arasynda pes medeniýetiň höküm sürmeginiň, alymlaryň arasyndaky mugta düşürmek we diňe Allahyň razyçylygyny gazanmagy maksat edinýänleriň azdygynyň täsiri örän uludyr. Gynansagam, ruhy, ylhamy, köňli tämiz adamlaryň ýetişdirilmändiginiň täsiri mundan hasam agyrdyr. Ähli zady maddy baýlykdan gözleýän gözi gapylan gapyl ynsanlaryň töweregi gurşap alan döwründe hakykata ýetmegi maksat edinen ylymdan, ylymyň çuňlaşyp, ösmeginden söz açylmaz. Tersine, beýle şertlerde derňemek we oýlanmak günsaýyn küteler, adamlar gitdigiçe akmaklaşar we dünýäniň çartarapy tehnikanyň güýji bilen iş edýänlerden dolup-daşar.

Şonuň üçin, gelejegi täzeden gurmagy planlaşdyrýanlar ilki bilen ylymyň nämedigini, ondan nämelere garaşmalydygyny, onuň maksatlaryny gaty gowy anyklamalydyrlar. Ýogsa nogsanlar dowam eder we ylym hem özünden garaşylýany asla bermez.

Oýlanmak – derňew ýoly bilen älem-jahan kitabyny setirme-setir düşünip okamakdyr. Ol gara deşikleriň içinden, edil bir tunelden geçýän ýaly geçip jennete ýetmegiň ýoludyr. Şeýle edilse, ylmyň her basgançagy ýagtyldyjy yşyga öwrüler.

Çünki, barlygyň we hadysalaryň başlangyjynda Allah bardyr we ähli älem-jahan Oňa daýanýandyr.

Ynsan belli bir ýere çenli şeýle delil we netijeler bilen gider. Olar ynsanyň elinden tutup, köşgüň agzyna çenli elter. Emma köşge girmeli bolanda, olary içerik goýbermezler – olar gapyň daş ýüzünde galarlar. Çünki, mundan soň, ihsan syry açylýar. Gözlenen Gaýyb tapylar we wyždan Ondan gelýän sesi aç-açan duýup başlar. Many görnenden soň, deliliň o ýerde näme işi bar?! Balyň balyny tapan, heý, petegiň dargamagyna üns berermi? Allah (jj) jisimden, yşaratdan päkdir we uzakdyr. Bu nokada ýeten adam, edil ýene ýekeje ädim ätlese, özüni Onuň gujagyna ataýjak ýaly görer. Elbetde, Ol bularyň hiç birine mätäç däldir. Şeýle-de, Ol ynsana ýüreginiň şadamaryndanam ýakyn dälmi nüme? Bu syr äşgär bolandan soň, heý, deliliň ýa-da azaşmagyň gürrüňi edilermi?

Asly tapan sebäbi, hazynany tapan oňa eltjek ýoly näme etsin? Esasy zat, bu ýol ynanjyň çürbaşynda we kämilligiň iň soňky derejesinde gutarsa bolýar...

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr