Allahy taryplamak, suratlandyrmak, bilmek mümkinmi?

Allahy taryplamak, suratlandyrmak, bilmek mümkinmi?

Allah hakynda biz özümize öwredileninden başgasyny bilmeýäris. Akyl bu meýdanda hiç zady aýdyp bilmez. Bu meselede akylyň edip biljegi wahyýyň ýolgörkezjiligini kabul etmekden ybaratdyr. Muny şeýle bir mysal bilen düşüniler ýaly edeliň.

Meselem, biz bir öýde otyrys. Birdenem gapyň kakylýanyny eşidýäris. Hawa hakykatdanam gapy kakylýardy. Aramyzdan birnäçeleri gapyň kakylýandygyny bilen batlaryna, her dürli oýlanmalaryny aýtmaga başladylar: «Gapyny kakýan pylany kesdir, belki başga biridir, beýle bir zatdyr...» Biz muňa hyýalyňa getirmek diýýäris. Başga bir topar bolsa, beýle meselede akyl hyýal etse-de ony suratlandyrmakdan ejizdir. Aklyň paýyna düşýän zat, gapyň kakylmasy bilen onuň aňyrsynda biriniň bardygyny tassyk etmek, emma onuň kimdigini bilmegi gapyny kakmak bilen özüni tanatmak isleýän zada goýmakdyr. Biz muňa pikir öwýrmek, akyl etirmek, düşünmek diýýäris.

Bu mysaly meselämize şeýle gelişdirip bileris. Biz Allahy (j.j.) ýaradan eserlerinden ismlerine, ismlerinden sypatlaryna, sypatlaryndan hem eserleri bilen tejelli edip özüni tanadan Gudraty Güýçlä (Tejelli Zat) geçip tanamaga çalyşýarys. Ýagny eserlerindäki tejellisinden ismleri bilen bolan tejellisine geçip älemde aýlanarys, sypatlarynyň tejelli gözýetimine ýeteris, gaýypdan aýana göterleris we göz ýetirme joşgunymyz artdygyça, Tejelli-i Zat üçin serden geçip, beýhuş halda çyrpynar durarys. Käte jemal we şöwket şemaly ösüp giňäris hem göwün açarys. Käte-de jelaly, ýagny, Oňa bolan söýgümiz, Ondan bolan gorkymyz sebäpli titräp tolgunarys.

Görüşiňiz ýaly, Zat-y Bary hakynda biziň «magrufymyz» we «maglumymyz» çäginde hiç bir zat diýip bilmeýäris. Onuň bilinmegini, özüne mahsus dili we şiwesi bolan şahadat we gaýyp äleminiň birleşme nokady bolan wyždana goýýarys. Allah isimleri bilen mälim, sypatlary bilen muhat – gurşalan, zaty bilen hem bardyr. Hezreti Ebu Bekir Syddyhyň sözleri bilen aýtsak: «Oňa göz ýetirerden göz ýetirmek ejiz». Ýa-da iň beýik Tarypçysy Hezret Muhammede (s.a.w.) degişli edilen sözdäki ykrar bilen aýtsak «Seni hakyňa laýyklykda doly bilmedik, eý Magruf» ölçeginde bir magruf we mälimdir.

Kurany Kerimiň Onuň hereketlerine we işlerine degişli berýän taryplarynda bolsa, Ony hereket we sypatlary bilen bir Mabud-u Mutlak görnüşde tanalar, kemal sypatlary bilen tanalyp kalby hem beýgeler, jemalynda kemalyny göreris.

Beýle bolsa äht we peýmanymyzy ýene bir gezek täzeläp şeýle diýýäris: «Eý, Mabud-u Mutlak! Seni hakyňa laýyk doly tanap bilmedigimiz anyk belli, emma bize boýun damarlarymyzdan has ýakyn bolan we normo älemdäki bu ýakynlygyň içinde bütün älemleri kitap sahypalary ýaly açyp ýapmakdaky azamatyňy, siňegiň gözi bilen Gün sistemasynyň arasynda emele getiren şygyr ýaly sazlaşygy ruhumyza nurly ýol ýaly kabul edip, müňlerçe, ýüz müňlerçe menzilde saňa degişli eserler bilen zatyňy tanaýarys, tejellileriň bilen bütewileşýäris we kanagata ýetýäris».

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr