Allah birnäçe ynsanlara maşyn, jaý, mal-mülk, abraý, dost-ýar, şan-şöhrat beripdir

Allah birnäçe ynsanlara maşyn, jaý, mal-mülk, abraý, dost-ýar, şan-şöhrat beripdir. Başga birnäçe ynsanlara bolsa älem ýüzi ýaly pakyrlygy, derdi, betbagtlygy beripdir. Ikinji topar ynsanlar şeýle erbetmi ýa-da Allah birinji topardaky ynsanlary şeýle gowy görýärmi?

Beýle sorag öwrenmek, bilmek maksady bilenem soralyp bilner. Başgaça bolsa günähe galynar. Aslynda, içinde şular ýaly derde goýýan soragy bar bolan ynsanyň muny soramagy gerek.

Allah (j.j.) islänine at, maşyn, baýlyk, taksi, jaý berer, islänine-de pakyrlygy, garyplygy berer. Emma bütin bularda maşgaladan we gaýry zatlardan dörän sebäpler hem inkär edilmeli däldir. Meselem, bir ynsanyň mal gazanmakda başarjaňlygyny we ukybyny inkär edip bolmaýşy ýaly, öz döwrüniň şertleri içinde gazanmagyň ýollaryny bilmeginiň hem gowy gazanja sebäp bolup biljekdigi inkär edilmez. Munuň bilen birlikde Allah (j.j.) käbir ynsanlara başarjaňlyk görkezseler hem mal-mülk bermeýär, gazandyrmaýar. Muňa garamazdan, zaýyf bir Hadys-Şerifde Allahyň maly öz islänlerine, ylmy bolsa kim islese şoňa berýändigi barada söz açylýar, bu bolsa gozgalan mesele bilen örän manydaş...

Şeýle hem mal-mülk şübhesiz haýyr saýylmaly däldir. Hawa, kä halatda Allah (j.j.) mal-baýlygy, dünýewi rahatlygy we sagadaty isleýänlere isledikleriçe berer, käte-de bermez. Emma Allahyň (j.j.) hem bermegi, hem bermezligi haýyrlydyr. Çünki sen bir gowy adam, berleni-de ýerinde ulanjak bolsaň, seniň üçin haýyrlydyr. Gowy adam bolman, istykamatdan hem aýrylan bolsaň Allahyň bermegi-de, bermezligi-de seniň üçin haýyrly däldir.

Hawa istykamatyň ýok bolsa, pakyrlyk seniň üçin küfre wesiledir. Çünki seni Allaha garşy baş galdyrmaga iterer-de, her gün Oňa garşy isýan baýdagyny galdyrarsyň. Ýene, eger sen istykamatda däl bolsaň, kalp we ruh ýaşaýşyň ýok bolsa, seniň baýlygyň seniň üçin bir beladyr we ýele sowrulýandyr.

Şu wagta çenli örän köp adam bu synagdan geçip bilen däldir. Nijeme baýlygyň eýeleri bardyr, baýlygyň içinde ýüzýän hem bolsalar müňkürliklerinden ýaňa kalplarynda tejelliden iň kiçijik bir ýylpyldy we aýdyňlyk ýokdur.

Şonuň üçin bular –Hak Tagalanyň mal we baýlyk bermesi bir istidraçdyr. Netijede baýlyk olaryň azaşmagyna wesile boldy. Emma bular ähli zatdan öň kalp we ruhy ýaşaýyşlaryny öldürendikleri we Allahyň beren tebigy başarnyklaryny çüýredendikleri üçin şu ýagdaýa mynasyp görüldiler.

Bu arada Serwerimiziň (s.a.w.) şu hadyslaryny ýatlamak hem ýerine düşer. Araňyzda şeýle adamlar bardyr, gollaryny göterip Allaha kasam eden wagtlary Allah (j.j.) olaryň kasamlaryny kabul eder we kasamlaryndan dändirmez. Bera ibni Mälik olardan biridir. Enesiň gardaşy Beranyň bolsa ne iýjegi, ne-de ýatjak ýeri bardy, ölmez-ödi güzeranda ýaşaýardy. Ine Bera ýaly saçlary ber-bulaşyk, geýimleri könelip giden, haly perişan saýyljak kimseler bardyr, olara beýik ynsanlar nazary bilen bakylypdyr we kalplarynyň ululygy, içleriniň nurlylygy bilen baha berlipdir. Ine bular hem Resul-y Ekremiň dili bilen aýtsak, kasam etseler Allah eden kasamlaryny ýalana çykarmajak kişiler diýlip wasp edilipdirler.

Şonuň üçin, hersi aýratynlykda ne baýlyk, ne-de garyplyk bir peläket ýa-da nygmat saýylmaly däldir. Belki ýerine görä pakyrlyk Allahyň iň uly nygmatlaryndandyr. Allahyň Resuly (s.a.w.) eradasy bilen pakyrlygy saýlap alypdyr. «Islemezmisiň dünýä olaryňky bolsun, ahyret biziňki» buýrupdyr. Hezreti Omar dünýä baýlyklary döwlet hazynasyna akýarka bir pakyr ynsan ýaly ölmez-ödi bilen oňupdyr we ondan artygyny islemändir.

Emma şeýle pakyrlyk hem bardyr, ondan Allah gorasyn, küfür we zalalatdyr. Meselem, berlen sowal bilmek niýeti bilen bir müminiň agzyndan çykman, bir gadyrbilmeziň agzyndan çykan bolsa, Allahyň nygmatlaryna garşy şikaýat eden ol kişi käfir bolardy.

Diýmek ýerine görä pakyrlyk nygmat, ýerine görä uly döwletlilik. Asyl mesele kalbyň müsaddykyn bolmagydyr. Ýagny,

Ýa Rabbi senden näme gelse gelsin maňa ýaraýanydyr.

«Hoşdur maňa senden gelen ýa hülle don bolsun, ýa hut kepen.

Ýa täze gül, ýa hut tiken, lutfuň-da hoş, gahryň-da hoş».

Anadoluda aýdym edilip aýdylanda «Senden o hem hoş, hem bu hoş» diýýärler.

Ynsan hülle don geýse-de, baýlygyň içinde ýüzse-de Allah bilen bile bolan ýagdaýynda Abdulkadyr Geýlany ýaly ýene aýagy welileriň omzunda we mübärek başy hem Resuly Ekremiň (s.a.w.) etegine degjekdir. Emma Allah bilen baglanşygy ýok bolsa o pakyryň bu dünýesem berbat, o dünýesem berbat boljakdyr. Şonda Allah bilen bile bolmaýan baý, daşyndan bu dünýede bagtly ýaly görünse-de netijede bir agyr derde ýolukjakdyr.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr