Allah şu älemi ýaratmagy ne sebäpden zerur gördi we näme üçin has öň ýaratmady-da, soň ýaratdy?
Bu soragyň iki tarapy bar: birinjisi älemiň näme üçin ýaradylandygy, ikinjisi bolsa, näme üçin has öň ýaradylmandygy.
Birinjisi barada aýtsak, biz ynsanlar ähli zady öz ölçeglerimiz esasynda ele alýarys we oňa görä pikir ýöredýäris. Meselem, biz bir iş edenimizde zerurlygyny duýýarys we şoňa esaslanybam edýäris we köp gezek gürrüňsiz zerurlykdygyna gözümizi ýetirip onsoň herekete başlarys. Ine şeýle ýöntem düşünje bilenem Jenaby Haka-da özümiz ýalydyr öýdüp şeýle hereket eder diýip çaklaýarys. Emma, şeýle soragy berenimizde Allahyň ähli kemçiliklerden, nogsanlyklardan daşdadygyna düşünmelidiris.
Allah älemi näme üçin ýaratdy soragyna jedel bilen jogap berip bolar. Näme, älemiň ýaradylmagy bilen rahatsyz bolan barmy? Tohum atmagy, nesil köpeltmegi, hasyl almagy islemejek we ähli mümkinçiliklerden iň ýokary derejede peýdalanyp bagtly bolmagyň ýollaryny gözlemejek bir ynsan görkezip bilermisiňiz? Elbet, käbir ejir beriji hadysalaryň garşysynda howsala düşüp çykaran netijeleri bilen, bu dünýä gelenine puşman edýänler, hatda öz janlaryna kast edýänlerem bardyr. Emma bular barmak basyp sanardanam azdyr. Ýogsa her kim «bardygyna», ýaşaýyşa mynasyp görlenine, ynsan bolup dogulandygyna puşman etmek beýle-de dursun, şükür bilen dolup daşýandyr. Bagyşlaň welin, çaga bolup gujaklara dolmakdan, ýaşlykda ýülüklerine çenli barlygyň lezzetini duýmakdan, ýetişip maşgala, aýal, oglan-uşak bilen hem-hal bolmakdan şikaýat etmek mümkinmidir? Onda-da ötelere ynanýan ynsanlar üçin... Şeýle hem bu ynsan bütin sagadatyň güwäsi bolan ebedi bagtyýarlygyň tohumlaryny şinelendirip bilýän bolsa, şikaýat etmek beýle-de dursun, şübhesiz sagadat gapylarynyň syrly gulplaryny açany üçin örän, örän şat bolar.
Hawa, biz bularyň hemmesini wyždanlarymyzda duýýarys we älemi ýaradan, bizi bu ýere getiren Perwerdigäre kalbymyz doly şükürlerimizi aýdýarys.
Indi bolsa bu meselä real taýdan çemeleşeliň. Bu älemiň uly-kiçi, janly-jansyz, reňbe-reňk sungat eseri bilen bezelen, aňyrsy-bärsi görünmeýän sungat eserleriniň dabarasy we bir sergi görnüşinde herkesi tomaşa we seýl etmäge özüne çekijilik bilen taýýarlanandygy görünýär.
Bu owadan görnüşler, bu haýran ediji bezeg we zynatlar sil ýaly akyp giden hadysalaryň içinde bir iş we amaly, ol iş we amala häkim gudratly mähirli eli görkezýär. Biz bu amallar arkaly tolkun atan isimlere şaýat bolýarys we magşugyna gowuşmak yşgyndaky aşyklar ýaly, bu çakyp-çakyp göz gyrpmalaryň, parlap-parlap yşarat etmeleriň yzyna düşýäris we özümizi biziň üçin görülmedik sypatlaryň öňünde duýýarys. Nähili ýagdaýda? Haýrana galyp, ýadaw we juda arzyly... Kalba açylan yşlar bilen Gudraty güýçlüniň hal-hereketlerini yzarlaýarys we serden geçýäris. Hemişe galkynyş içinde akan bu ýolagçylyk barlyk we hadysalardan başlap ynsan-älem baglanşygyna, ondanam ynsanyň Allahyň isimleri, sypatlary halkasy bilen baglanşygyna çenli örän giň bir meýdanda seýran etmekdir.
Indi, bolsa biraz Ýaradyjynyň maksady babatda kelam agyz aýdalyň. Bu aň-düşünjäni, ösüp kemala gelşini ýönekeý adamlaryň dilinde beýan edeliň.
Meselem, ençeme işe örän ussat bir senetkäri göz öňüne getireliň. Bu senetkäriň ussat taraplarynyň biri-de owadan ýazgy ýazmakdyr. Bu ussatlygy bilen ol harplary eriş-argaç edip şeýle bir owadan ýazýar welin, haýran galaýmaly. Ýene göz öňüne getireliň bu senetkär şol bir wagtyň özünde juda ökde heýkeltaraşdyr. Birnäçe gezek çekiji bilen urýar-da iň berk mermer daşyna misli jan berýär – dodagyna ýylgyryş, ýaňaklaryna näzli görkezýän çukanajyk goýup ol ussatlygyny has-da açyp görkezýär. Owadan hatdatlygyna çapak çarpylan senetkärimiz heýkeltaraşlygy hakynda ýazylan ýazgylara we öwgülere diňşirgenip dursun, biz onuň üçünji bir ukybyny hem aýdalyň.
Meselem, sungat ussadymyz şol bir wagtda elinden dür dökülýän agaç ussasy hem bolsun... hoz agajyna senet ruhuny çaýan, dub agajyna ölümsizlik gazandyran, abonozy sungat ruhy bilen dirilden başarjaň agaç ussasy... Senet we senetkärlikden başy çykýan eller bu ugurda-da onuň üstünliklerine çapak çarpmaga dursun, biz onuň ussatlygynyň başga bir tarapyna-da bakalyň.
Meselem, onuň ussat suratkeş hem boldugyny aýdalyň. Onuň çotgasynyň geçen ýerinde gözel motiwler, iň owadan kompozissiýalar yz-yza döresin dursun we bir-iki el hereketi bilen ynsany serden geçirýän suratlary çeksin... Ýene bir giden senet mysal getirip bileriz we goşulan her täze senet, zehinli senetkärimiziň aýry bir tarapyna aýdyňlyk getirer we ony bu tarapdan hem tanamagymyza kömek eder.
Indi, beýle bir senetkär ukyplary bilen özüni görkezmänsoň, ony bilmegimiziň mümkin bolmajakdygy ýaly, käbir başarjaňlyklaryny görkezmese ony doly we kemsiz tanamak mümkin däldir. Şonuň üçin her talant, özünde bar bolan ukyplary ýüze çykarmaga we ylmy meýilnamasy düzülen barlyklara haryjy beden geýdirip olary görkezmek islär. Tohumdaky dirilik düwnçeginiň açylmagy, spermaň bar bolmak ugrunda görkezen yşky, yzgaryň ýagmyr bolmak üçin müňbir kynçylyklary ýeňip geçmegi, bularyň ählisi görünme we görkezmek hyjywy bilen edilen işler dälmi eýsem?
Bular hem bizde, hem-de bütin barlyklarda bir meýliň, bir arzuwyň we öňüne geçilmez bir möwjäp duran hyjuwyň beýanydyr, hakykatda bolsa aslyndan ýaňzan kölgelere mundan başgaça düşünilmez. Emma asyl Senetkäre gezek gelende, Ol öz senetlerinde keçilik diýlip hasap edilýän kemçiliklerden päkdir. Şuny asla unutmaly däldiris aslyň ne jilwelenip özüni görkezmesi, ne-de jilwelenen ýagdaýdaky tertibi asla kölgedäki ýaly bolmaz.
Hawa, bütin kewn-ü mekanlary dolduran reňkme-reňk we dürli-dürli tolkunlar bize müň bir isimden habar berýär we her isim bir senet arkaly ýaldyrap duran nur ýaly hünärmen bir Barlygyň sypatlaryny tanadýar we ol gaýyp Gudratyň habarlary bilen kalbymyzy oyarýar.
Beýik Senetkär dürli gözellikler arkaly öz gözelligini goşgy ýaly düzülen nyzam we intizamy bilen erk eradasyny we güýç kuwwatyny kalbyň iň pynhan arzuwlaryna çenli ähli zady berip durmagy bilen rahmetini we mährini, ýene bular ýaly müňlerçe at we sypatlary bilen özüni bize tanatdyrmak isleýär, onda-da kemini goýman tanatdyrmak isleýär.
Başgaça aýtsak, Ol giňişleýin ylmyndaky ylmy esaslary, haryjy bedenler bilen meýdana çykaryp gudrat we eradasynyň jilwesini görkezmek, iň täsin sungat eserlerini aň-düşünjeli barlyklaryň düşünje prizmasyndan geçirip, zeminden göklere çenli bir geň galmak we haýranlyk, bir düşünje we alkyş şowhunyny oýarmak isleýär.
Diýmek, ussat, hem müňlerçe ylymlarda ussat Senetkär senetleri bilen haýran ediji başarjaňlygyny we ukybyny görkezişi ýaly iň beýik manysy bilen bu älemiň sahyby-da öz sungat şüweleňini görkezmek üçin bu deňsiz-taýsyz älem köşgüni ýaradypdyr.
Indi bolsa «Has öň näme üçin ýaratmady?» meselesine geleliň. Birinjiden «Has öň» diýmek näme diýmek? «Şunça zaman, şunça sene, näme üçin has öň däl» diýmek isleýän bolsak, zamandan saýylan soňsuz «owallar» hakynda hem şol sowaly gaýtalap bermeli boljak. Meselem, näme üçin bir trillion sene öň ýaratdy-da ýüz trillion ýyl öň ýaratmady? Bilmedim beýle sowala we garşy çykmaga makul bir sebäp görkezmek mümkinmidir?
Eger, «Näme üçin has öň ýaratmady?» diýmek bilen ezeliýeti, ýagny zamanyň çäginden çykmagy göz öňünde tutýan bolsak, ol aýratynlyk barlygy özünden bolan Zat-y Ejell-i Aglanyň özüne mahsus Selbi sypaty we zerurlygydyr. Ýagny, Ol Ondan başgasyna degişli bolmaz, başgasy ezeli bolup bilmez.
Emma mahlukatyň Allahyň ylmy içinde bir ylmy bedenleri bardyr, islesek oňa tasawwufy bir söz bilen «sabity aýn, zilali enwar» diýeliň, islesek ony meýil we meýilleşdirme ýaly çäkli we çäklendirilen zatlarda ele alalyň, olaryň özlerini ezeli kabul etmek hata, biziň beýle meseläni gorjamamyz iň pesinden Allaha garşy edepsizlik bolar.
Biz darajyk ölçeglerimiz bilen haryjy beden geýen şu jesetler we ruhlar hakynda bir zatlar aýtsagam, biziň üçin gaýyp saýylýan zatlar hakynda bir zat diýmek, iň bärkisi özüňi, çeniňi bilmezlikdir.
Bütin kewn-ü mekanlar Kürsüsine deňeşdirilende çöle atylan halka mysaly we Arşyna deňeşdireniňde Kürsüsi şolar ýaly bolan Arş-y Azymyň sahybyny ynsan nädip bilsin, Onuň Uluhiýetiniň çäginiň syrlaryna nädip aralaşyp bilsin!
Hawa, Jenaby Hakyň özüne mahsus işlerine we öz Zatyna aýna boljak örän köp zatlar bardyr. Ilki bilen mahlukat ýokka-da Ol özüni biler, hiç zada mätäç bolman özüne mahsus işleri biler, isimlerinde Zaty derejelerini görer, biler, isimler äleminde, efirde, partikuller dünýäsinde we iň soň atom iň çylşyrymly birleşmelerde isimleriniň jilweleri bilen özüni biler, bildirer we aň-düşünjeli barlyklara-da görkezer...
Ezeli ylmynda Onuň bilişi aýratyndyr, isimler äleminde aýratyndyr, barlyklarda bilişi aýratyn dowam edip gider, emma Onda bir üýtgeşme bolmaz. Çünki Ol, Ybraýym Hakkynyň aýdyşy ýaly:
«Iýmez-içmez, zaman geçmez,päkdir jümleden Allah,
Üýtgemekden, özgermekden hem dürli reňk we şekillerden
Elbetde Ol päkdir, budur Selbi Syfatullah.»
Biz bu gün Onuň nämeleri tertipleşdirip sahna çykarandygyny görýäris, emma düýn näme bolandygymyzy we ertir ne hala geljegimizi bilmeýäýris we çakam edip bilmeýäris. Ylmy barlyk näme? Aýan-y sabite näme, ruhlar älemi nämeler habar berýär, ýyldyzlar dumanynyň helezonik ýagdaýy näme, barlygyň haýsy garaňky nokadyny şahyrana görnüşde sazlaşdyrýar we aýdyňlyga ýetirýär? Bütin bulary bilmeýişimiz ýaly ertirki o dünýädäki ýaşaýşymyz bilen ýene öňüne we soňuna bakjak, bu beýik näbellilikleriň garşysynda: «Seni-de, şunatyňy-da (özüniň döreden hal-hereketleri, hadysalary närseleri) doly tanap bilmedik eý Maruf!» diýjekdiris.
Eger, sözi uzaldan bolsam bular ýaly meselelerde seresaply bolmalydygy üçin uzatdym, hata eden bolsam Ondan bagyşlamagyny dileýärin.
Her zadyň dogrusyny Ol biler.
- -de döredildi.