Şübhe, guman nämedir we birnäçeleriň alada galyşlary ýaly gorkuly bir zatmydyr?
Şübhe, guman ynsany assyrynlyk bilen gemirýän we ýuwaş-ýuwaşdan ölüme eltýän gorkunç bir keseldir. Ynsan ynanç, düşünje we garaýyşlary babatda özüni bir gezek bu keseliň duzagyna düşürdigi, şondan soň ýaşaýyşa degişli ähli hereketleri, ruha degişli bütin başarnyklary bilen ysmaz bolup galýar.
Şübhäniň we guman etmegiň iki esasa daýandyrylmagy mümkindir.
1. Erk-erada daýanýan, köneleriň reýbilik we hisbanilik diýip atlandyran şübhesi.
2. Içki paýhas we daşky göz ýetirme deňagramsyzlygyndan, niýet we nazar gyşarmalaryndan, bilimde ýerbe-ýer goýmak ukybynyň ýoklugy sebäpli döreýän beýleki görnüşdäki guman we şübheler...
Ikinji görnüşdäki şübheler mahal-mahal her ýerde üstünde durup geçen meselämizdir we meniň pikirimçe ýok edilmesi hem mümkindir. Birinji şübheler bolsa bir dertdir, diwanalykdyr we betbagtçylykdyr. Bu pisint şübhelere Spinoza: «Hakyky reýbiniň (şübhä gideniň) wezipesi sessiz oturmakdyr» diýipdi. Käşkä olar bu nesihata gulak assadylar. Iň bolmanda töweregine zyýanlary ýetmezdi, diňe öz nebislerinde galardylar.
Şeýle hem şübhäniň ylmy maksat bilen şertlendirilip, wagtlaýyn bolýany hem bardyr. Beýle şübhä hiç kimiň diýjek zadam ýokdur. Emma biziň bu ýerde kesel diýip atlandyran şübhämiz Dr. Paul Sollieriň hem aýdyşy ýaly «Ýeňip geçmek we ondan halas bolmak mümkin bolmadyk we çözülmejek ýaly görünýän şübhedir». Şeýle bir şübhe, yzyny üzmän aň-düşünjämizi basgy aşagyna alar we şeýdip dowam eder gider. Soňra bütin ruhy ahwalatymyzy we akyl-paýhasymyzy ysmaz eder. Bu hala gelen ynsan müňbir şübhäniň jemlenen nokady bolşy ýaly, müňbir kararsyzlygyň, iç-içine kesişip gidýän garjaşyk we ugry-utgasyna düşünip bolmaýan ýollara meňzeşdir.
Şübhelerini ýeňip geçip bilmedik we öz kalbyna söz diňledip bilmedik bir ynsan üçin bedeni ysgynsyzlyk, zehin we ahlak bulanyklygy we näsaglyklary öňüni alyp bolmaýan hokmany hadysalardandyr.
Şübhe ynsana özüni alyp barşynda doňýüreklik, ruhunda darykmak we bişowluk emele getirer. Şonuň üçin şübhä giden kimseler beden güýjüne garaşly işlerden gaçmak arzuwynda bolup, ýadawlyk getirjek işlere bolsa ýigrenç bilen gararlar. Hiç bir işi etmänkä ýadawlyk çekýänlere psihýatryň goýjak diagnozy näçe kesgitli bolsa bolsun, olar hakynda içki ruhy ýetmezçiligiň funksiýasyny inkär etmek dogry bolmaz.
Şübhäniň zehine täsiri barada aýtsak bu bela-betere sataşanlar dowamly we çynlakaý zehin işjeňligini görkezmezler. Az-köp beýnisi uzak wagtlap şübhe urgulary bilen sarsan bir ynsanyň sagdyn pikirlenip bilmegi gaty müşgildir.
Bular ýalylaryň iň görnüp duran taraplary ünssüzlik, zehinleriniň işjeňligini ýitirmegi we ýadkeşlikleriniň kütelmegi ýaly ýagdaýdyr. Indi bular ýalylar üçin her zat gitdigiçe bolup bilmejek şekile görner we öňlerinde aşylmagy mümkin däl ýaly görünýän «bolup bilmezlerden» depeler emele geler. Olaryň öňünde ýeke-täk açyk gapy we ýörelip bilinjek ýeke-täk ýol bardyr ol hem başgalary tankyt etmek ýoly. Olar şeýdip ýaşarlar, barlyklaryny dowam etdirerler.
Şeýle hem şübhäniň ahlagy basgy aşagyna almasy söz açylmaly meseledir we meniň pikirimçe iň howplysy hem şoldyr. Meýil-arzuwlaryň, islegleriň, ýetip bolmajak maksatlaryň, doýmany bilmeýän hyrujyň, gysgaça aýtsak, şahsyýetiň iň pynhan we päk esasyny döreden zatlaryň täsire düşmeginiň sarsgyny we garşylykly urgular, şübhäniň girdabina düşen ynsanlaryň zehinlerinde öz döreden netijeleriniň meňzeşini ahlak babatda-da döreder.
Iş durmuşynda başarnyksyzlyk, görgüler we herekete geçiriji agzalarynda (waso moteurs) kemçilik döreýän kimselerde ürkeklik, köpçülükden çete çekilmek ýaly zatlar ýüze çykýar. Bular ýalylar keýp çekmegi, keýpi-sapa höwes edişleri ýaly, her kimden gaçamak we ýeke ýaşamagy islärler. Bu sebäpdenem gam-gussadan, gaýgy aladadan hiç dynyp bilmezler. Bular erkinlik düşünjesinden mahrum, ruhy taýdan garşylyk görkezerdenem örän ejizdirler.
Üstesine aşa ýokary derejedäki şübhä gidenlerde käwagt hiç bir zada gynanmazlyk ýaly bir ýowuzlygyň, sowuklygyň we mähirsizligiň höküm sürüşi ýaly, kä mahallaram doly ýykylan ruhy şahsyýetleri bilen köpüň adamsy bolmak waspyny bütinleý ýitirerler.
Şübhe jemgyýetçilik netijeleri babatda-da örän howply keseldir. Töwereginden we töwereginde bolan-bolýan zatlardan şübhelenýän, guman edýän bir kimse gözi göre-göre özüni müň bir endişe içine atar, hem özüni, hem töweregini birahat eder. Şeýlelik bilenem şübhä we gumana ýoluganlaryň jogapkärçilik endişesi bilen hereket etmegiň gerek bolan ýerinde yza çekilmekleri ýa-da hereketiň hut gerek wagtyndan gijä galmagy ýaly ýagdaýlary şeýle bir howpludyr, kä halatlarda bir jemagatyň, halkyň tutuşlygyna betbagtlyga uçuramagyna sebäp bolup bilerler. Hususanda ähmiýetli, beýik işlerde, syýasy we harby ugurda baştutanlaryň ynamsyzlyklary we şübheleri milletleriň, goşunlaryň bagtyny ýatyrmaga-da ýeter, hatda artaram.
Aslynda, özünden şübhe edeniň başgalara daýanç we arkadag bolmagy mümkin däldir. Çünki özünden şübhe edeniň nähili hereket etjegi belli bolmansoň arkasynda birnäçe gezek ýalňyşmaly bolan ýygynlar onuň iň ýazyksyz we makul hereketlerini-de diňe şübhe bilen garşylarlar.
Şeýlelik bilen şübhä gidenleriň uly bir toparyndaky «bolşy ýaly» galmak meýli, az bir toparyň ileri gitmek, hemle urmak gaýratlary äsgermezlik eder ýaly derejede däldir.
Netijede şübhä gidenleriň ne düşünjesinde ne-de iş we hereketlerinde deňagramlyk ýokdur. Olaryň arasynda wezipelerini, kärlerini, işlerini jogapkärçilik gorkusy bilen terk eden şeýle köp adam bardyr – Allah gorasyn! – olar ýalylar kynçylykly döwürde bir milleti we bir döwleti ysmaz edip biler. Bularyň atylyp hereket edişleri gowgadan doly waka bolşy ýaly, wehimden doly çäreleri hem sönüp gitmek we öçügsileşmekdir. Käbirlerine görä bu hal erksizlikden gözbaşyny alýan ýaly görünse-de, asla beýle däldir. Aslynda bu hal çalt görnüşde karara gelmezlikden, ýaşaýyş bilen baglanyşykly umumy ahwalyň we hadysalaryň bize habar beren çözüm ýollaryndan birini saýlap almazlykdan gözbaşyny alýar.
Şübhe we saýlap bilmezlik ýagdaýynda şübhä gidenler, gujur-gaýratly, dogumly adamdan has zyýanly we has howpludyr. Hereket edeniň bir ugra ugrukdyrylmasy we hereketleriniň tertipleşdirilmegi ýaly çözülmeli meselesi bolsa-da, hiç bolmanda ol hereket edýär. Şübhä gidenlere gezek gelse welin onuň hereketi durmak, durmasy hem hereket etmek ýaly garaşylmadyk zat bolansoň hemle atmasyna-da, yza çekilmesine-de ynanyp bolmaýar.
Üstesine-de, şeýle kişiler gujur-gaýratlaryndaky çenden aşalygy batyrlyk, wehim we gorkaklygy hem seresaplylyk, bir çäre hasap edýän bolsa, indi ol bu kesellän ruh halaty bilen hem özüni, hem töweregindäkileri betbagt etjek arwaha öwrülendir.
Howply ýagdaýda fronty, öň hatary terk eden niçe baştutan ýa-da serkerde bardyr, bütin milleti şol reýbilige, wehime gurban edipdirler. Döreden howp-hatarlary sebäpli diňe özi heläk bolsady «ýatan ýerleri ýagty bolsun» diýmek bilen kanagatlanybam bolardy. Emma, esasy kyn tarapy bir topar şübhä giden, öz garamagyndaky bir giden biçäreleriň heläk bolmagyna sebäp bolýarlar.
Modern şübheçilerden millete wekilçilik edip küfürini ýüze çykaryp biljek mertleriň tapylşy ýaly, asyl durklaryny ýaşyran we birnäçe bela-beterlere sebäp bolan namart şübheçiler-de bardyr.
Bu ýerde reýbiligiň dürli görnüşlerini delilleri bilen ret etmek we ýaralamak islemeýändigimiz üçin olary pelsepe kitaplaryndaky tankytlar bilen özbaşyna goýup, diňe bir hususy açyp görkezmekde peýda bar diýip hasap edýäris. Ol hem her synanşygyň başynda tersine ähtimallyk bermejek şekilde iman we ol imandan gözbaşyny alýan erada we öçmejek azyma, gujur-gaýrata zerurlygyň bolmagy meselesidir. Bularyň birindäki şübhe we ynamsyzlyk beýlekileriň hem täsirini ýok eder we netijesiz goýar.
Sylag-serpaý we jeza beriljek bolan kyýamat-magşar gününe gumansyz ynanç, şahs üçin-de, jemagat üçin-de kämilleşmekde ilkinji şert we iň ähmiýetli esasdyr. Bu ynanç istikametinde görkezilen jogapkärçilikli ömür ýoluny ýaşamak, iň akylly hereket we iň ähmiýetli tutanýerlilikdir. Bir ynsanyň ýaşaýşyndaky, garaýşyndaky we hereketlerindäki öwrüm-çöwrümler, ýalan-ýaşryklar bolsa üstünlige päsgel berýän serişde we bir peläketdir.
Jemläp aýtsak, şübhä düşen bir adam üçin şu hususlaryň üstünde durulmagynyň peýdasy bardyr.
1. Olar ýalylaryň biri hökman magrifet mertebesine ýeten (aryf bolan) biriniň ýanyna gitmeli ýa-da äkidilmelidir. Şeýle çäre görmek bilen onda şübhe keseliniň bardygy ýa-da ýokdugy, çuňlugy we haýsy hususlara degişlidigi orta çykar. Bu bolsa keseliň bejerilmesini ýeňilleşdirer we şübhäni gidirmäge ähmiýetli kömegi deger.
2. Şübhe ynanç meseleleri bilen baglanyşykly bolsa, şol babatda, ybadata degişli meseleler bilen baglanşykda ynanç-ygtykady güýçlendiriji çäreler görülmelidir. Şübhä itekleýän sebäpleri nazara alyp deliller getirmeli we şübheleri ýeke-ýekeden yok edip aýyrmaly.
3. Bulardan başga-da şübhä düşen adam düşünje gözýetimi giň, kalby we ruhy ýaşaýşy aýdyň bolan kişiler bilen ýygy-ýygydan görüşdirilmeli we olaryň ýaşaýşa höweslendirýän söhbetlerinden peýdalandyrmaly.
4. Olar üçin käte imany çuň, ybadaty baý, düşünjede istikamata ýeten ynsanlaryň durmuşyny görmekleri-de örän peýdalydyr. Ýurt içinde we ýurt daşynda yslamyň öňde gelen ýokary mertebeli wekilleri bilen bular ýaly hassalaryň duşuşdyrylmasy birnäçe gezek berlen müň nesihatdan has täsirli bolup biler.
5. Mundan başga şübhä giden geçmişiň baý we reňkdar sahypalarynda ýygy-ýygy gezdirilmeli, taryhyň we siýeriň akyşynyň şaggyldylary bilen ýüzi, men-menligiň garaňky ýerkümelerinden, «Akmaýanyň ýoly» ýyldyzlary ýaly parlak, şanly geçmişimize öwrülmelidir. Bu ýol bilen geçmişiň aýdyň ýüzüni we ýyly demlerini duýan her kesiň ruhuny gaplan bulanyk düşünjelerden derrew halas bolmagy we az-u köp köňülde dirilişe ýönelmegi birnäçe gezek görülen wakalardandyr.
6. Şübhe bir hassalyk halyna gelip, töwerege-de ýaýramaga ýykgyn edýän bolsa hassanyň bir hekimiň gözegçiliginde saklanmagy we samramalarynyň köpçülige ýaýramagyna mümkinçilik berilmezligi gerekdir.
- -de döredildi.