Teblig – dine eýe çykmagyň ölçeg daşydyr
Yslam dini Allah (j.j) tarapyndan goralýar. Bu din özüniň päkligini kyýamata çenli gorap saklar. Hawa, bu meselede-de Allah wada beripdir. Şonuň üçinem, Allah öz dinini gorar. Emma, bu gorag dine ynanýan adamlaryň yhlasy bilen, musulmanlaryň dinlerine eýe çykmagy bilen amala aşar. Ýagny, Allatagalanyň goldawy – musulmanlaryň Yslam dinine eýe çykmagyna baglydyr. Ine, şu şert berjaý edilse, Allahyň islemegi bilen, Yslam dini gorag astyna alnar. Allahyň beren sözüne şu hili düşünmelidir.
Hawa, dine ynanýan adamlar dine sakçylyk etmelidir. Eger-de dindar adamlar öz dinleriniň sakçysy ýa-da wagyzçysy bolmasalar, onda olar öz dinleriniň hözirini görüp bilmän, onuň bereketinden mahrum bolarlar. Bu, diniň Allatagala tarapyndan gorag astynda däldigini görkezmeýär. Belki-de, adamlar Allatagala ýüz tutup, oňa ýalbaran däldirler. Allahyň erk-yradasy bilen aragatnaşykda bolmak üçin, adam öz erki bilen käbir zatlara sebäp bolmalydyr. Şu edilmänsoň, Allah hem olary ýer bilen ýegsan edýär. Ýa-da olary bereketden binesip goýýar. Häzirki döwürde, dini ýaşaýyşdaky çökgünlige, meniň pikirimçe, şu jähtden seretmelidir. Din musulmanlaryň eýe çykmagy bilen, Allah (j.j) tarapyn gorag astyna alynýar. Galyberse-de, diniň gülläp ösmegi onuň wagyzçylarynyň yhlasyna bagly bolup durýar.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) dine eýe çykdy. Allah (j.j) hem dinini gorady. Soň, Yslam dinine ençeme asyrlap eýe çykyldy. Allah (j.j) ýene-de şu dini gorady. Dinden ellerini gowşadan ýerlerinde bolsa, Allah (j.j) olaryň halyny perişan etdi. Allahyň Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) esasy meselesi şu işdi. Ol (sallallahu aleýhi wesellem) gije-gündiz ymmatyna hakykaty düşündirýärdi. Sebäbi, o dünýäde bagtly ýaşamak üçin, bu dünýäde diniň buýruklary doly berjaý edilmelidi. Magşar gününde, syrat köprüsinde, jennetde we ylahy jemala syn edilende, ýekeje zadyň güýji bardyr. Olam – dine hyzmat etmek, ýagşy amallar we tämiz ýürek.
Ine, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) öz ymmatyna Hak ýoluny görkezjek bolup urunýardy. Dini ýaýmak – Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) iň birinji aladasydy. Ynha, Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) şol jepakeşliginiň netijesinde, musulman ymmatynda şeýle aňyýet ornaşypdyr. Olar çyn ýürekden öz dinlerine eýe çykdylar... Olaryň bu zähmetleri asla puç bolmady. Sebäbi, Allatagala olaryň zähmetine jogap hökmünde – Yslam dinini gorady. Allatagala olary şeýdip sylaglady. Sahabalar Allah Resulyndan (sallallahu aleýhi wesellem) öwrenen zatlaryny dünýäniň çar künjegine ulaşdyrmak üçin, göýä diýersiň, bir-birleri bilen bäsleşýän ýalydylar. Belki-de, olar Yslam dini babatda bäş-on sany aýat, bäş-on sany hadys bilýändirler. Emma, olar bilenjelerini öz durmuşlaryna siňdirýärdiler we şol hakykatlary tutuş dünýä ýaýratjak bolup jan edýärdiler.
Ine, Musab bin Ümeýriň (r.a) Mekgeden gaýdyp Medinä gidişi, diňe şu maksadyň amala aşmagy üçindi. Ol uzak diýara bir özi gidipdi. Ýanynda adam ýokdy. Medineden adam gelip, Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) din öwreder ýaly halypa isläpdirler. Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) bolsa Musab bin Ümeýri (r.a) iberipdir. Musab Medinede bir maşgalada myhman bolýardy. Her gün onuň ýanyna Medinäniň atly-abraýly adamlary gelip-gidýär eken. Olam olara Yslam dinini düşündirýärdi. Bir gün onuň ýanyna Üseýd bin Hudaýr (r.a) gelse, beýleki gün Sad bin Ubade (r.a) gelýär eken. Ýene bir gün bolsa Sad bin Muaz (r.a) barypdyr. Olaryň bary Musabyň aýdýanlaryny diňläpdirler.
Musabyň ýanyna baranlarynda olaryň elleri gylyçly bolsa-da, gaýdanlarynda, ýürekleri imanly gaýdypdyrlar. Musabyň (r.a) gahar-gazap bilen üstüne gelýänlere mylakat edişine iň gyzma adamam saklanyp bilmän, ýumşap, mum-helim bolýardy. Musab (r.a) „Gadyrdan! Başda maňa gulak as! Soň, isleseň, meniň boýnuma sal gylyjy. Menden saňa zowal bolmaz!...“ diýýärdi. Hawa, ol öz janyndanam geçýärdi. Bar aladasy, bar gaýgysy adamlara hakykaty düşündirmek bolan şahsyýetiň öňündäki buzlar assa-ýuwaş ereýärdi. Gün geçdigi saýyn Musab bin Ümeýriň (r.a) daşyndaky halka-da ulalýardy. Bedir söweşine çenli Musabyň (r.a) her güni dini düşündirmek bilen geçýärdi. Şol döwür dini ýaýmagyň döwrüdi we şol döwürde sahabalaryň borjy dini ýaýmakdy.
Dini ýaýmak – aýratyn bir borçdur. Dini goramak – olam bir borç. Ine, Uhud söweşinde bolsa, sahabalar dini goramak borçlaryny berjaý etmek üçin gylyçlaryny syryp, söweş meýdanyna çykdylar. Dini goramak üçin söweşýän gahrymanlaryň arasynda Musabam (r.a) bardy. Şol gün ol agşama çenli eli gylyçly, gaýduwsyz söweşipdir. Oňa perişdeleriňem gözi gidýärdi. Birdenkä, Musab (r.a) gylyçlanyp, ýüzin gaýdýar. Şol ýerde bir perişde Musabyň keşbine girýär-de, gylyçlaşyp başlaýar. Gijara Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) oňa ýüzlenip: „Musab!“ diýeninde, ýaňky perişde: „Men Musab däl, ýa Resulallah!“ diýýär. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) şonda Musabyň (r.a) bireýýäm şehit bolanyny bilip galypdyr.
Bir salym soň, Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) birnäçe sahabalar bilen Musabyň (r.a) jesediniň ýanyna barypdyr. Baryp görseler, onuň iki elem, eginlerinden gopupdyr. Boýny gylyç bilen erbet çapylypdyr, onuň kellesi göwresinden doly aýrylman eken. Musabyň ýatyşyny göreniňde, göýä diýersiň, ol ýüzüni nämedir bir zatdan gizleýän ýalydy. Wakanyň şundan soňky bölegi, bir rowaýatda şeýle gürrüň berilýär: Musabyň (r.a) näme üçin ýüzüni gizleýänine diňe Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) düşünipdi. Ol (sallallahu aleýhi wesellem) gözýaş döküp, sahabalara şuny gürrüň berdi: „Bilýäňizmi, Musab näme üçin ýüzüni gizläpdir? Birinji sebäbi şudur: Goly-ganaty gyrlypdy, indi ol Resulallahy (sallallahu aleýhi wesellem) gorap biljek däldi. „Şu mahal Allahyň Resulyna topulaýsalar, menem ony penalap bilmesem, näme bolar?“ diýip oýlandy. Ikinji sebäbi bolsa: „Men şu wagt Rebbimiň huzuryna barýaryn. Emma, men Resulallahy goramalydym ahyry. Birdenkä, Allah Resulyna bir zat edäýseler, men Rebbimiň huzuryna nä ýüz bilen baraýyn“ diýip pikir öwürýärdi we ýüzüni gizlejek bolýardy“. Ynha, Resuly Ekrem (sallallahu aleýhi wesellem) şulary gürrüň bermek bilen, özüni hakykatyň ýoluna bagş eden beýik ynsanyň oý-hyýallaryny dile getirýärdi. O gün şeýle ruhubelentlik diňe Musabda (r.a) ýokdy. Sahabalaryň bary şu aňyýete berlipdiler. Olar gaýduwsyz, mert bolany üçinem, Allah dinini goraýardy.
Bu goraýyş belli bir döwre çenli dowam etdi. Soň bolsa, weýrançylyklar az bolmady. Şeýle weýrançylyk döwürlerinde dine eýe çykylmany üçin, Allatagala diniň bereketini gowşatdy. Sebäbi, Yslam dini – oňa eýe çykýan bolsak, biziň dinimizdir. Biz dinimize eýe çykmasak, Allatagala hökman bizi dinimizden binesip goýar.
Iýerusalym Haçlylaryň gabawy astynda wagty, Selaheddin Eýýubyň ençe ýyllap ýüzi açylmady. Ol diňe gözýaş dökýärdi. Bir gün ymam münbere çykyp, ýylgyrmagyň, şatlanmagyň peýdasy hakynda gürrüň berdi. Namazdan soň, Salaheddin ýanyndan geçip barýan ymamyň elinden tutup, oňa taryhyň hakydasynda öçmän galjak şu sözleri aýtdy: „Mollam! Ýalňyşmaýan bolsam, maňa kakdyryp gürlediňiz. Ýöne, Allahyň haky üçin aýtsana, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) magraja çykan mesjidi duşmanyň elinde wagty, men nädip şatlanaýyn?!“
Ol beýik şahsyýet Mejsidi Aksany duşmanlaryň elinden gaýtaryp alýança çadyrda ýatyp-turupdyr. Çadyrda bolýan wagtam: „Allahyň öýi ýesir wagty, meniň nädip öýüm bolsun!“ diýýärdi.
Ine, olar öz dinlerini şeýdip goradylar. Şeýdibem, Yslam dini olaryň dini boldy. Indi bolsa, nobat biziňki. Biz öz dinimize olar ýaly eýe çykmagy başarmaly! Häzirki günde, Yslam dinini durmuşyňa siňdirip, ony ýaýmaklyk her bir musulman üçin parzlaryň parzydyr. Hiç bir musulman adam mundan gapyl galyp bilmez. Hawa, her bir mömin başda öz dinini öwrenmeli, soň bolsa şu dini durmuşyna siňdirmeli, şondan soňam ömrüniň manysyna öwrülen dinini beýleki adamlara düşündirmeli. Beýleki adamlaryň hem durmuşyny Yslam dini bilen ýagtyltmaly. Yslam dini boýunça, biz her bir musulman adamyň şeýle borjy bar diýip hasaplaýarys.
Ýeri gelende, ýene-de käbir meseleleri aýdyp geçesim gelýär. Şu döwrüň musulmanlarynyň şeýle gözgyny ýagdaýda bolmagynyň käbir sebäpleri bardyr.
Birinjisi, diniň ýuwaş-ýuwaşdan gözden salynmagy. Ikinjisi, dini hyzmatlaryň resmileşdirilip, belli bir guramanyň eýeçiligine berilmegi we onuň diňe şol guramalaryň boýnuna ýüklenmegidir. Ikinji sebäbem, edil birinji sebäp ýaly, biziň üçin howpludyr. Birinjiden, din monopoliýanyň eýeçiliginde bolup bilmez. Din hiç haçan belli bir topara degişli bolup bilmez. Sebäbi, din – şol dine uýýanlaryň ählisiniň dinidir. Her bir adamyň Allatagala bilen ýakynlygy bardyr. Her bir adamyň Allatagala bilen arasyndaky baglanyşygy ýok edip bolmaýşy deýin, edil şonuň ýaly, adamlaryň özbaşyna dine eýe çykmaklaryna böwet bolup bolmaz. Dini hyzmatlary monopoliýalaşdyrmak, soňuny düzedip bolmaýan ullakan ýalňyşlykdyr. Ine, şu gaflat ukusyndan oýanýançak, biz şeýle wejeralykdan asla halas bolup bilmeris. Her bir adam öz dinine eýe çykmalydyr.
Aslynda, dini hyzmatlary belli bir guramanyň jogapkärçiligine tabşyrmak Yslama gulluk etmek we teblig düşünjesine gabat gelmeýär. Hawa, Yslam dini diňe mesjit bilen çäklenýän din däldir. Yslam dini biziň dünýämizdir we ol biziň ahyretimizi dikeltmek üçin iberilendir. Bu din bitewi dindir, ony asla parçalap bolmaz. Dini bitewilikde öwrenip, ruhumyza siňdirip bilsek, anha şol gün gözgynylykdan halas bolarys. Sebäbi, o gün jemgyýete hem-de adama degişli ähli meseleler wahyýnyň nury bilen çözüler we adamzat tümlükde ogar-ogar ygyp ýörmekden halas bolar. Şu derejä ýetmek üçin, başda biz ylahy wahyýa arka daýanýan hem-de Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) nurly sözlerinden gözbaş alyp gaýdýan dine çyn ýürekden ymtylmalydyrys we içki dünýämizi şol nur bilen arçamalydyrys. Şuny ýene bir gezek ýatladasym gelýär. Eger-de biz içki dünýämiziň ýagdaýyny öz-özümiz düzetmesek, Allah bizi düzetmez. Bu haýsy tarapdan seretseňem şeýledir. Netije ýene-de adamlaryň saýlan ýoluna bagly bolup durýar. Adamlar ýoldan çyksa, dini ýaşaýyş ýitme bilen bolýar. Emma, adamlar dogry ýola girseler, dini ýaşaýyş gaýtadan dikeldilip bilner. Diýmek, esasy mesele – adamlara ýekeme-ýeke terbiýe berilmegindedir we olaryň öz dinlerine eýe çykmagyndadyr.
Bir zady ýatdan çykarmaly däl: Sagdyn adamlardan, sagdyn maşgala, sagdyn maşgaladan bolsa sagdyn jemgyýet döreýär. Jemgyýetiň esasyny başda adam, soň bolsa maşgala düzýär. Şolary ýola getirmän, sagdyn jemgyýeti emele getirmek asla mümkin däldir. Sagdyn jemgyýet – Allahyň hem-de Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) çyzan ýolunda ömür sürýän jemgyýetdir. Allahyň hem-de Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) çyzyp beren ýolunda jemgyýet öz ýaşaýşyny dowam etdirjek bolsa, her bir ynsan kalby gowulyklar bilen bezelip, erbetliklerden päklenmelidir. Muny amala aşyrjagam ýene-de adamlaryň özleridir. Bu meselede nähili usul ulanylmalydygy Allatagala tarapyn, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) üsti bilen bize ýetirilendir.
Ine, „Teblig we irşad“ şu usullar hem-de ýollar bilen ýerine ýetirilmese, hiç haçan netije gazanyp bolmaz. Sebäbi, Allatagala gönüden-göni özüniň çyzyp beren ýolundan gidilmän, başga ýollara ýüz urulmagyna razy bolmaz. Allatagala razy bolmasa, soň bütin dünýä şol meseläni makullanyndan ne peýda. Biz Allaha her näçe golaý durup bilsek, Onuň rehmeti bizi şonça goldar.
Biziň keç ykbalymyzy diňe, dine eýe çykýan hem-de rehmet bilen üznüksiz arabaglanşygyny saklaýan, bagtyçüwenler üýtgeder. Ýene bir gezek nygtasym gelýär. Bu din – eýe çykyp bilsek, biziň dinimizdir.
- -de döredildi.