Päklik we akýüreklilik
Teblig wezipesini ýerine ýetirýän kişi hökman ruhy joşgunlylygyny durnukly ýagdaýda saklamalydyr. Nähili beýik mertebelere çyksa çykybersin, ol başdaky – dine hyzmat ýoluna ýaňa gadam basan döwürlerindäki akýürekliligini, pespälligini hemişe saklamalydyr. Onsoňam, Yslam dininiň özeninde hem esasynda pespällik bardyr. Muňa garamazdan, beýleki akymlarda adamlaryň birek-birek bilen gatnaşygy „Egonyň“ daşynda çugdamlanýar. Olar ýaly adamlaryň „Egosy“ mydama „men-menlige“ beslenýändir. Şonuň üçinem, olarda pespälligiň ýerini men-menlik hem-de ulumsylyk, ýumşaklygyň ýerini bolsa özüňe aşa göwnü ýetijilik hem-de özüňden özgäni hasap etmezlik doldurýar.
Her bir adamyň tebigatynyň „men-menlik“ okunyň daşyndan aýlanýan, şuňa meňzeş kemter taraplary bardyr. Bulary dogry terbiýelemek gerek. Şu kemçilikler bir-birden öz orunlaryny gowy häsiýetler bilen çalyşmasa, onda adamyň ruhy gurluşy ýama-ýama sulba öwrülýär. Şonuň üçinem, şuny anyk aýdasym gelýär. Kalbynda men-menlik besleýän adamy nähili wezipä eltselerem, ol adamdan Hak wagyzçysy çykmaz. Beýle adam tebligden, tebligem olar ýalylardan juda daşdyr.
Hawa, teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirýän adam, her wagt hem-de her ýerde, islendik şertde özüniň ruhy ýagdaýyny saklaýandyr. Üstünliklerden-üstünliklere gadam basanda-da onuň başy aýlanmaýar, gözüniň öňi dumanlamaýar. Ol özüne berlen wezipä nähili ruhy joşgunlyk bilen başlan bolsa, şeýdibem ony tamamlaýar. Başgaça aýdanyňda, ol başdaky sadalygyny ömrüniň ahyryna çenli ýitirmän saklaýar. Dabarasy tutuş älemi baglasa-da, asmandaky ýyldyzlar onuň aýagynyň astyna ýazylsa-da, ol asla üýtgemez. Onuň şol bir sadalygydyr.
Ine, häzirki gün biz şu hili adamlara mätäçdiris. Halky yzyna düşürip biljek, adamlara öz sesini eşitdirip biljek, kalbynyň päk howasyny daşyna çykaryp biljek güýçli Hak wagyzçylaryna...
Akýürekli möminiň aýratynlygy – onuň pespäl bolmagydyr. Onuň durmuşy sadalyga ýugrulandyr. Onuň kalby-da, gözi-de diňe sadalyk bilen gurşalandyr. Öý-ojagy, töwerek-daşy sada görnüşde gurnalgydyr. Ol şu ahlagy Kurandan we Resulullahyň (sallallahu aleýhi wesellem) deňi-taýsyz durmuşyndan alandyr. Sebäbi, Pygamberimizem (sallallahu aleýhi wesellem) hemişe şeýdipdir, şeýle durmuşda ýaşapdyr. Ol Mekgede ýaňy dini ýaýyp başlan wagtlaram pespäldi. Medinede ýygnan goşuny bilen, sekiz ýyl öň özüniň çykyp gaýdan şäheri bolan Mekgäniň derwezesinden serkerde bolup girende, onuň atynyň ýalyna degäýjek bolýan başy, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) günsaýyn çuňlaşýan pespälliginiň aýdyň mysalydyr. Ol (sallallahu aleýhi wesellem) suwsapdy. Bir käse suw sorady. Zemzem guýusynyň daşynda suw içer ýaly käse goýulýardy. Adamlaryň bary şol käseden suw içýärdi. Bir sahaba golaýdaky öýleriň birinden arassa käse getirjek bolup, basga düşýär. Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) ol sahabany saklapdyr. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) her kimiň içýän käsesinden suw içjekdigini aýdypdyr. Hawa, ol (sallallahu aleýhi wesellem) hiç haçan adamlardan saýlanjak bolmandyr. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) şeýle diýipdir: „Menem hemmeler ýaly adam. Her kimiň içýän gabyndan içerin“. Ol (sallallahu aleýhi wesellem) hurmanyň çybyklaryndan dokalýan düşekde (hasyrda) ýatyp-turýardy. Ahyrete göç edeninde-de, şol düşegiň üstünde ýatypdy. Pygamberimizi (sallallahu aleýhi wesellem) şol düşeginiň ýazylan ýerinde jaýlapdyrlar. Biziň üçin jennetden has mukaddes bolan Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) Rawzasy (gubury), ine, şol hasyryň ýazylan ýeridir. Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) durmuşynda çarkandakly ýol ýokdy. Ine, teblig we irşad wezipesinde-de şu kada saklanmalydyr.
Hezreti Omar (r.a) halyf bolanynda, geografiki taýdan häzirki Türkiýe döwletiniň alty-ýedi essesindenem uly bolan döwleti dolandyrýardy. Muňa garamazdan, ol Yslam dinine gireninden soňky ýaşap başlan durmuş ritmini asla üýtgetmedi. Hezreti Omar (r.a) halyf bolanda, Medinäniň iň garyp adamsydy. Bakyga göçende-de, ol Medinäniň iň garybydy. Egnindäki eşiginde, rowaýatlarda aýdylyşy ýaly, otuzdan gowrak ýama bardy. Onuň köplenç, Medinedäki „Baky Garkat“ öwlüýasynda başyny bir mazar daşyna söýäp, oýlanyp oturanyny kän görüpdirler. Patyşalara täç geýdiren hem-de patyşalary täçsiz goýan beýik halyfyň asla üýtgemeýän durmuş terzi, ine, şeýledi. Ine, şo-da onuň iň täsirli tarapydy. Muňa başgaça, ahlak diliniň güýji hem täsiri diýse bolar.
Hadys ylmynyň beýik alymlarynyň biri bolan Hatemül Esam, edil özi ýaly hadys hem tefsir ylmynyň ägirtleriniň biri Muhammed bin Mukatiliň ýoňlanyny eşidipdir. Egindeşleriniň biri gideli diýensoň, Hatemül Esam ony sorap gelmegi ýüregine düwüpdir. Ol egindeşi bilen bile Muhammed bin Mukatiliň öýüne barypdyr. Emma, olaryň baran ýeri öý däl-de, kiçiräk köşgi ýadyňa salýar eken. Hatem birbada öýe girsemmikäm-girmesemmikäm diýip iňkisä gidipdir. Soň welin, dosty haýyş edip duransoň, içerik girmeli bolupdyr. Girmesine giripdir, girenine-de puşman edipdir. Sebäbi, öýüň içi daşyndan hem bäşbeter bezelgidi. Muhammed bin Mukatil gözüň ýagyny iýip barýan bir otagda düşegiň üstünde ýatyrdy. Muhammed bin Mukatiliň başujunda duran hyzmatkär bolsa, dynuwsyz ýelpewajyny galgadýardy. Hatem munam görüp, geň galypdyr. Muhammed bin Mukatil adaty adamlardan däl-de, alym adamdy. Onuň tehejjütsiz gijesi ýokdy we onuň namazlygy gözýaşyndan öl-myžžyk bolýardy. Ýöne, onuň kaşaň durmuşda ýaşamak atly ejiz damary bar eken. Şonuň üçin, Hatemül Esam oňa käbir zatlary düşündirjek bolupdyr. Hatem şeýle diýipdir: „Halka ýetirýän hadyslaryňyz haýsy ýol bilen size gelýär?“. Muhammed bin Mukatil: „Men hadyslary ynamdar adamlardan rowaýat edýärin“ diýip jogap beripdir. „Mysal üçin, men pylanydan rowaýat edýärin. Ol ynamdar kişidir.“ Ol ýene-de sözüniň üstüni ýetiripdir: „Meniň şyhymam pylanydyr“.
- Onda, onuň şyhy kimkä? Ol kimden eşitdikä?
- Olam pylanydan.
- Onda, ol kimden?
- Olam hezreti Alydan.
- Ol kimden?
- Olam Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem).
- Beýle bolsa, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) kimden eşidipdir?
- Elbetde, Jebraýyldan.
- Onda, ol kimden?
- Şek-şübhesiz, Allahdan.
Ine, şu ýerde Hatemül Esam nokat goýmak üçin şeýle diýipdir: „Diýmek, hadyslar size şeýle ygtybarly ellerden gelýär eken. Siz, hany, maňa aýdyň. Size gelip ýeten şu hadyslaryň islendik birinde bular ýaly köşkde, beýle hyzmatkärleriň arasynda hem-de şeýle ýyljajyk düşekde ýaşamak ündelýärmi? “
Ol şeýle diýeninden soň, Muhammed bin Mukatiliň ýüzüniň reňki agyp-dönüpdir. Birdenkä, onuň keseli agyrlaşypdyr. Ýanynda duran adamlar Hatemül Esama: „Boldy indi! Bes et! Onuň ölümine sebäp bolýarsyň“ diýipdirler. Emma, ol hasam pert gürläp: „Aslynda, hülli-hülli etmek bilen siz ony öldürýärsiňiz“ diýip jogap beripdir.
Hawa, irşad we teblig wezipesi diýip ýola düşen adamyň, soň-soňlar halkyň alkyşyny almak bilen öz ugruny üýtgedýänini görüp, ümsüm dymyp oturmak – ol adama ýamanlyk islemek diýmekdir. Şol wagt, Hatemül Esam onuň hakyndan çykypdyr.
Bir günem Hatem Ymam Tenafisiniň ýanyna barypdyr. Olam döwrüň beýik alymydy. Döwlet adamlary bilen ýakyndan gatnaşygy bar bolany üçin, Ymam Tenafisi lýüks durmuşda ýaşaýardy. Hatemül Esam oňa: „Halypa! Men siziň öňüňizde täret alaýyn. Sizem bir serediň. Eger ýalňyşýan ýerim bar bolsa, maňa ýalňyşymy aýdyň“ diýipdir. Bir kündük suw bilen legen getiripdirler. Hatemül Esam täret almaga durupdyr. Ol ýüzüni dört gezek ýuwupdyr. Tenafisi bolsa oňa: „Üç gezek ýuwmaly. Dördünjisi isripdir“ diýip, şobada onuň ýalňyşyny düzedipdir.
Hatemem şu söze garaşyp duran adam. Ol täret almasyny bes edipdir-de: „Meniň ýüzümi bir gezek artyk ýuwmagym, ýagny, bir goşawuç suwy kän ulanmagym isrip bolýan bolsa, seniň bu köşkde, şeýle elpe-şelpeligiň gujagynda, şu owadan halylaryň üstünde birömür boýy ýaşamagyň isrip bolmaýarmy? Ýa-da Yslam dininde isrip diňe täret alnanda harammy?“ diýipdir. Tenafisi beýik alymda, şol bir wagtyň özünde ýagşyzada adamdy. Ýöne, döwlet adamlary bilen ýakyn gatnaşykda bolany üçin, onuň durmuşa garaýşy üýtgäpdir. Onuň durmuşy teblig we irşad wezipesini ýerine ýetirýän adamyň durmuşyna ters gelýäni üçin, Hatemül Esam onam dogry ýola salmaga çalşypdyr.
Häzirki gün bolsa şeýle baý durmuşda ýaşaýanlaryň köpüsi, ýalňyşlyk bilen sürçek ýola girýärler. Olaryň özleri bilmese – bilýänem däldir. Ýöne, olar ruhy göýdükliklerini şeýle durmuş bilen ýaşyrjak bolýarlar. Bu bolsa, adamyň öz-özüni kiçeltmegidir. Şahsyýetini aýap saklaýan adam beýle kiçelip bilmez. Irşad we teblig wezipesini ýerine ýetirýän adam bar zatdan öň, öz şahsyýeti bilen bitewileşen adamdyr. Şonuň üçinem, ol asla kaşaň durmuşa ymtylýan däldir.
Päspällik – adamyň beýikliginiň alamatydyr. Kişi adaty adamlaryň hataryna goşulmagy başaranda, ynsan bolmagam öwrenýändir. Daşky sebäpleriň netijesinde ösýän adamlar, şol sebäpleriň güýçden gaçmagy bilen ýitip gidýärler. Bir adamy beýgeldýän onuň mal-mülki, baýlygy, wezipesi bolsa, şu zatlar elden gitdigi, onuň işi pyrryk diýmekdir. Haçan-da adamyň gymmaty onuň içki dünýäsinde, ýüreginde bolanda, ana, şonda daşky sebäpler onuň şahsyýetine zeper ýetirip bilmez. Adam hemişe özüniň adamlygyny ýatdan çykarmaly däldir. Şonda, daşky sebäpler oňa hiç zat edip bilmez. Hatda ajaly ýetip, ol adam dünýeden gidäýeninde-de, ol ýitip gitmeýär. Ol ýüz müňlerçe adamyň hakydasynda ebedi ýaşaýar. Goý, onuň dünýäde jaýy bolmasa bolmasyn. Goý, keçäniň üstünde ýatyp-tursun. Ol bu dünýä myhmandyr. Onuň mazarynyň üstünde daş bolanda näme, bolmanda näme?...
Gepiň kelte ýeri, Hak wagyzçysy sada hem päk durmuşda ýaşamalydyr. Nähili sepgitlere ýetse-de, sosial durmuşda nähili derejelere barsa-da, her näme bolanda-da, ol özüniň şu sadalygyny eşrepi deýin aýap saklamalydyr
- -de döredildi.