Tutanýerli bolmak
Tutanýerlilik – Allahyň razylygyna eltýär. Şol bir wagtyň özünde, bu häsiýet teblig wezipesini ýerine ýetirýän adamyň akýürekliliginiň alamatydyr. Halka düşündirýän hakykatlaryňy öz wyždan aýnaňda şöhlelendirmegiň syry tutanýerlilikden gaýdýar. Tutanýerlilik – gürrüň berilýän meseleleriň nähili ähmiýetlidigini görkezýär. Bu diýmek – Allatagala adamlaryň „Lä ilähe ilallah Muhammedur resulallah“ diýerini hem-de şu sözleriň ýüreklerde ornaşaryny isleýär diýmekdir. Ine, teblig wezipesini ýerine ýeriýän adam öz ömrüni Allatagalanyň ähmiýet beren zadyna bagş edip, töwhid kelemesiniň ýüreklerde orun tapmagy üçin yhlas etmelidir. Şuny edeninde, ol Rebbiniň beýik saýýan zadyny özüniňem mukaddes hasapladygy bolýar. Hawa, teblig wezipesini ýerine ýetirýän adamyň tutanýerliligi, ine, şeýle manylary aňladýar.
Galyberse-de, Allatagalanyň hormatlan, beýik hasaplan zadyny hormatlamak, beýik hasaplamak – takwalygyň alamatydyr. Kurany Kerim bu hakykat barada şeýle diýýär: „Bu şeýledir. Kişiniň Allahyň şygarlaryna (Yslamy hem-de yslam jemgyýetini ähli ugurlary bilen görkezýän alamatlaryna) hormat goýmagy ýüregiň takwasyndan gaýdýar“ (Haj, 22/32).
Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) „Çyn ýürekden „Lä ilähe illallah“ diýen hökman jennete girer“ diýip aýdan sözleri bilen Allatagalanyň beýik hasaplan töwhid kelemesini arşa çykarypdyr we sahabalaryna-da şeýtmegi ündäpdir. Mysal üçin, Iki jahan Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) Halyd bin Welide (r.a): „Allahyň gylyjy“ diýer eken. Şeýle diýmek bilen, Ol (sallallahu aleýhi wesellem) hezreti Halydyň (r.a) gelejekdäki ýeňişlerini, göýä öňünden gutlaýardy.
Ine, bir gün ýaňky Halid söweşde, näme sebäpdenem bolsa, „Lä ilähe illallah“ diýen adamyny öldüripdir. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) Halidiň şeýdenine gaty gynanypdyr. Ol (sallallahu aleýhi wesellem) elini ýokaryk galdyryp: „Allahym! Halidiň edeninden Saňa sygynýaryn“ diýip, Allatagala ýalbaryp, dileg edipdir.
Hak wagyzçysy Allahyň buýran zatlaryny berjaý etmekde tutanýerliligi elden bermeli däldir. Şonda, onuň öz wezipesini nähili akýürekden berjaý edýänini bilse bolýar. Hawa, öz idealynyň ugrunda bütin ömrüni berip bilmeýän adam – mürşit (Hak wagyzçysy) bolup bilmez. Beýle adamlara „Mürşit“ diýmegem dogry däldir. Mürşit özüniň ýüz gezek düşündiren zadyny, ýüz birinji gezegem düşündirmekden ýadamaly däldir. Ol amatly şertiň gözleginde bolup, adamyň „Bolýar“ diýjek pursadyny peýläp ýörmelidir. Arman, irmän, kine saklaman, ömrüniň ahyryna çenli Haky düşündirmelidir. Edil nebiler ýaly bolup... Sebäbi, nebileriň durmuşy düýp-teýkary bilen tutanýerlilikden ybaratdyr. Hawa, olar tutanýerlilik bilen Haky düşündirmeli. Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) pygamberlik wezipesini berjaý eden soňky 23 ýyly hem diňe teblig bilen geçipdir. Ol (sallallahu aleýhi wesellem) arman-irmän, diňe hakykaty düşündiripdir. Ebu Jehiliň ýanyna, kim bilýär, näçe gezekler baryp, Yslam dinini düşündirendir. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) Mekgäniň at-abraýly adamlaryna nijeme gezekler hezzet-hormat edipdir. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) saçagyň başynda amatly pursat geldigi, olara dinimizi wagyz edipdir.
Sahabalaram edil şeýle ruhy joşgunlyk bilen ýaşaýardylar. Hawa, tutanýerlilik olaryňam häsiýetleriniň aýrylmaz bir bölegine öwrülipdir. Sahabalaryň ýoluny dowam eden ähli beýik adamlaram tutanýerliligi özüne şygar edinipdirler.
Tutanýerlilik – teblig wezipesini ýerine ýetirmelidigine düşüneninden soň, adamda öz-özünden ýüze çykýan häsiýetdir. Sebäbi, teblig wezipesini ýerine ýetirýän her bir adam özüniň borjuny doly bilmelidir. Ol borjam – dini düşündirmekdir. Öz borjuny ýerine ýetiren adam Allahy sylaýar diýmekdir. Şeýdeninde, ol halkyň öňüde-de nähak iş edip bilmez. Hawa, adamlary Hak ýoluna eltmäge onuň güýji ýetmez. Bu asyl onuň borjam däldir. Teblig wezipesini ýerine ýetirýän adam birine Hakyň ýoly görkezeninden soň, ol adam Hakyň ýoly bilen gitse-de, gitmese-de, tebligçi öz sogabyny alýandyr. Beýleki tarapdanam, teblig wezipesini ýerine ýetirýän adamyň şeýle düşünjede bolmagy, wagyz edilýän hakykatlara onuň özüniň çyn ýürekden ynanýandygyny aňladýan syrly açarjykdyr. Yhlas etmek diýmek – netijä Allahdan garaşmak diýmekdir. Yhlas – ähli ybadatlaryň özenidir, gözbaşydyr.
- -de döredildi.