Sözbaşy

„Siziň araňyzda haýra çagyrýan, ýagşylygy ýaýýan, ýamanlyga garşy göreşýän (ýamanlygyň öňüni alýan) topar bolsun. Ine, halas bolan şolardyr” (Ali Imran, 3/104) diýen aýatda, dine ynanýan adamlaryň boýnuna jogapkärçilik hem wezipe ýüklenýär. Bu jogapkärçilik – gönüden-göni Allatagalanyň ýa-da wahyý iberilen pygamberleriň ýa bolmasa, aýratyn ukyply ýaradylan adamlaryň şu iki çeşmeden peýdalanyp kesgitlän gymmatlyklarynyň hökmany ýagdaýda adamlara düşündirilmegidir. Ýer ýüzündäki iň abraýly we iň uly wezipe şudur. Eger-de şundan has abraýly, has beýik wezipe bar bolsady, onda Allah saýlap-seçip ýaradan pygamberlerine bu wezipäni bermezdi.

Kurany Kerimi tefsir edýän alymlar, esasan, şu aýatyň manysynyň üstünde duranlarynda, ýaňky wezipäniň şerigatda „parzy kifaýe” hasaplanýandygyny köp ýerde belläp geçipdirler. Aýatyň arapça tekstinde geçýän „minküm” diýen sözüniň „min” baglaýjy kömekçisiniň manysyndan çykarylan şeýle netije, dine ynanýan her bir adamy çuňňur oýlandyrmalydyr. Sebäbi, häzirki günde şu wezipä akyl ýetirýän, düşünýän adamlaryň az-azdygyny her kimem boýun alýar. Käbir tefsirçiler muňa goşmaça hökmünde, aýatda agzalyp geçilýän wezipäni ýerine ýetirýän haýsy hem bolsa bir topar ýok bolan ýagdaýynda, ýagşylygy ýaýmagyň, ýamanlyga garşy göreşmegiň (öňüni almagyň) farzy aýndygyny nygtapdyrlar. Bu bolsa ady agzalan jogapkärçiligiň namaz, oraza, zekat we ş.m. ýaly, dinimizdäki şahsy gulluk borçlarynyň hataryna girýändigini görkezýär.

Hawa, aýatda agzalyp geçilişi ýaly, din – nämäniň erbetdigini ýa-da gowudygyny aýdyň görkezýän gymmatlyklar ýygyndysydyr. Başgaça aýdanyňda, ýagşylygy ýaýmak, ýamanlyga garşy göreşmek – dini düşündirmek diýmekdir. Terminologiki manyda alanyňda, muňa farzy kifaýe ýa-da farzy aýn derejesinde hasaplanýan „Teblig we irşad” diýse bolar. Hakykykatyna seredeniňde welin, „Teblig” Allaha ynanmaýan adamlara, „Irşad” bolsa dine ynanybam, dini öz durmuşyna bolmalysy ýaly ornaşdyrmaýan ýa-da ornaşdyryp bilmeýän adamlara ýol salgy bermek maksady bilen edilýän işler diýilip düşündirilýär. Şeýle dürli düşündirişler sözüň manysyna esaslanyp berilýän terminologiki manylardyr we bu dogrudyr. Emma, biz „Teblig we irşad” düşünjesini jikme-jik derňäp oturman, ony umumy manyda „diniň düşündirilmegi” diýip aljakdyrys. Hawa, „Teblig we irşad” umumy manyda dini düşündirmek diýmekdir. Ýöne şu jogapkärçiligiň durmuşa geçirilmeginde, her bir zatda bolşy ýaly, aýratyn üns bermeli esasy we ikinji derejeli elementleri bardyr. Esasy elementler dört sanydyr: teblig edilmeli hakykatlar, teblig edýän, teblig edilýän hem-de teblig etmegiň ýollary. Ikinji derejeli elementler bolsa, şu dört esasa degişli maddalardyr. Tebligiň üstünlikli hem täsirli amala aşmagynda birinji nobatda şularyň uly roly bardyr: Tebligiň biziň ýaradylyş maksadymyz bolmagy, teblig bilen şahs-jemgyýet gatnaşygy, pygamber hem teblig, ejirdir görgi, sogapdyr doga-dileg ýaly meseleleriň teblig bilen baglanyşygy, hil bilen sanyň deňagramlylygynyň saklanmagy.

Aslynda, teblig meselesine dürli tarapdan seretse bolar. Teblig – adamyň Allaha kemçiliksiz gulluk etmegini ýola goýýar. Teblig – adamyň beýik Biribar bilen hemişe durnukly gatnaşygy saklamagyna, adamyň imanda hem Yslamda kämil mertebä ýetmegine iteriji güýçleriň biridir. Şu jähtden seredeniňde, bularyň baryny teblig öz içine alýar.

Şu ýerde tebligiň sosial taraplaram gözden salynmaly däldir. Adamyň ömri adamlaryň arasynda geçýär. Adamlaryň bilelikde ýaşaýan durmuşy bolsa, bir tarapdan, adamyň çäklendirip bolmaýan duýgysy, aň-düşünjesi, arzuw-islegi, etsem-goýsamy bar bolany üçin, beýleki tarapdanam, şu dünýäniň synag ýeri bolany üçin, dürli kada-kanunlaryň girizilmegine mätäçdir. Syýasy, ykdysady, ahlak, hukuk we ýene-de birnäçe ugurda girizilen „Jemgyýetçilik hukuk”, „Ösen jemgyýet”, „Hukugyň üstün bolmagy”, „Sosial adalat” ýaly ýüzlerçe düşünje ýa-da doktrinalar – bularyň bary şol zerurlygyň önümi hökmünde ýüze çykandyr.

Soňky birki asyrda, teblig babatda musulmanlaryň ýagdaýyna ser salnanda, iki sany aýratynlygy belläp geçmelidiris. Birinjisi, Osmanly imperiýasy durgunlyk döwrüne gadam basanyndan soň, musulmanlaryň dünýä ýurtlarynyň arasynda eýeleýän orunlaryny ýitirmegi we olaryň aň-düşünje, ykdysady, syýasy hem-de medeniýet ugurlarynda güýçli hem kuwwatly döwletleriň täsirine düşmegidir. Ine, şeýle bir gün gelipdir welin, şol täsiriň netijesinde musulmanlar öz ellerindäki altyna barabar gymmatlyklara şübhe bilen seredip başlapdyrlar we olar şol gymmatlyklardan daşlaşypdyrlar. Şunuň bilen birlikde, elbetde, şu umumy akymyň täsirine düşmedik adamlaram bolupdyr. Ýöne olaryň yslam dinini düşündirmek üçin çeken zähmetleri, Yslam dinine bolan hoşniýetli garaýşy ýüze çykaryp bilmändir. Munuň hem dürli-dürli sebäpleri bardyr. Şol sebäpleriň käbiri: Dine doly düşünýän adamlaryň juda azlygy, teblig üçin amatly şertleriň ýoklugy, barysyndanam beter, döwrüň talaplaryna düşünilmän, köne ýörelgeleriň köre-kör berjaý edilmegidir. Edil meniň özüm-ä şu ýagdaýa sezewar bolmagymyza döwrüň talabyna düşünmezlik faktoryny, beýlekilere garanyňda, has täsir ediji hasaplaýaryn. Mysal üçin, teblig we irşad wezipesi degişli ýörelgeleriň çäginde şahs, ýer hem wagt elementleri göz öňünde tutulyp, guramaçylykly alnyp barylsady, dini düşündirmegi maksat edinen din wagyzçylary ýaşaýşyň dürli gatlaklarynda ululy-kiçili guramalar döredip bilsedi, häzirki güne çenli gelip ýeten taryhy yslam garaýyşlaryndan peýdalanyp, düýp özendäki çeşmelere baryp, täze garaýyşlar orta atylan bolsady... Hawa, bularyň bary amala aşan bolsady, onda ýagdaýyň bu günküden has başgaça boljagy ikuçsuzdyr.

Belläp geçilmeli ikinji aýratynlyk bolsa, din wagyzçylarynyň wagyz edýän hakykatlaryny öz durmuşlaryna siňdirmegidir. Kuran bu barada aýdyň düşündiriş beripdir: „Etmejek zadyňyzy näme üçin aýdýarsyňyz? Allahyň dergähinde iň uly günä – etmejek zadyňy aýtmakdyr.” (Saf, 61/2-3). Teblig edýän adamlaryň şeýle säwlige ýol bermegi, M. F. Güleniň aýdyşy ýaly, „Wahyýdaky berekediň tükenmegine sebäp bolýar. Wahyýdaky bereket tükenende bolsa, pikirler ýerliksiz, garaýyşlar kemter, sözler gury hem manysyz bolýar.” Din wagyzçysynda (teblig edýände) şular ýaly ýaman gylyklar bar bolsa, onda şol jemgyýetde dini ýaýmak ýolunda hiç hili ösüşlik bolmaz. Sebäbi, Allahyň goýan kanuny şeýledir.

Biziň aýdýan şu zatlarymyzy diňe iki adamyň arasyndaky gatnaşyk bilen çäklendirip bolmaz. Bu aýdylanlar tutuş jemgyýetiň meselesine öwrülýändir. Hakykatdanam, ençe asyrdan bäri edil Sagadat asyryndaky ýaly bolmasa-da, şonuň bäri ýanynda-da, yslamy bolmalysy ýaly ýaşan ne bir halkdan, ne-de bir döwletden söz açyp bolar. Bu bolsa, dini wagyzçylykda ýüzlenilýän adamy ýa-da onuň degişli bolan halkyny alanyňda, musulmanlardan has ýokary durmuş şertlerinde ýaşaýan adamlaryň Yslamdan daşlaşmagyna eltýär. Hatda bu babatda şeýle diýse-de bolar: bar mesele yslamyň nusgalyk derejede durmuşa ornaşdyrylmazlygy bilen gutaran bolsa, gowy boljakdy. Sebäbi, ýalňyş garaýyşlaryň hem tejribeleriň esasynda, yslam dini tutuş dünýä erbet edilip görkezilipdir. Şu hem yslam dininiň abraýyny erbet sarsdyrypdyr. Ine, şu aýdylanlar tebligde uly sepgitlere ýetmäge päsgel berýän faktor bolup durýar.

Ynha, eliňizdäki kitapda birnäçe paragrafa sygdyryp aýtjak bolan zadymyz – teblig hem irşad meselesi üç bölüme bölünýär. Ýazyjynyň yslam dininiň esasyna salgylanyp, täze, özboluşly beýan edişi bar. Yslam dininiň esasyna salgylanmagy „Ýagşylygy ýaýmak, ýamanlygyň öňüni almak” kitabynyň gadyr-gymmatyna has başgaça öwüşgin berýär. Dinimiziň esaslaryna aýat, hadys we musulmanlaryň ykrar eden ulamalarynyň şu çeşmelere (aýata hem hadysa) beren düşündirişleri girýär.

„Ýagşylygy ýaýmak, ýamanlygyň öňüni almak ” kitaby aslynda, M. Fethullah Gülen hojaefendiniň 1980-nji ýyllaryň öňüsyralary „Yslamda teblig usullary” atly beren wagyzlarynyň ýazga geçirilmegidir. Lenta ýazgylary, öňki kitaplarda edişimiz ýaly, başda hata geçirildi. Soň bolsa, bu ýazgylar mümkingadar edebi dile geçirilmäge synanşyldy. Halypamyzam wagt tapdygyndan kitaby birlaý gözden geçirdi. Ahyrynda bolsa formaty, mazmuny we indeksi taýýar bolansoň, kitap çapa hödürlendi.

Şu kitap „Tebligiň analizi” „Teblig etmegiň usuly hem ýol-ýörelgesi” we „Teblig adamynyň (din wagyzçysynyň) ruhy keşbi” diýen bölümlerden durýar. Her bir bölümem mazmun taýdan maddalara bölünýär. Aýdyljak bolunýan pikiri bolşy ýaly berip bilmez diýen gorky bilen, awtoryň düşündiriş äheňine kän degilmedi. Bu-da kitabyň käbir ýerlerinde wagyz äheňiniň duýulmagyna sebäp bolandyr. „Ýagşylygy ýaýmak, ýamanlygyň öňüni almak ” kitabynyň wagyzlardan jemlenip çykarylan kitapdygy belli bolansoň, wagyz äheňi kän bir göze dürtülip durasy ýok.

Men şu kitabyň ähmiýetini nygtaýan pikir-garaýyşlarymy siziň bilen paýlaşasym geldi. Şu maksat bilen özümçe maddama-madda ýigrimiden gowrak bellik etdim. Ýöne soň öz bellän zatlarymyň, hormatly halypamyzyň netije bölüminde kitabyň mazmuny barada, gysga hem aýdyň ýazan zatlaryndan kän tapawudyny görmedim. Şeýdibem, öz belliklerimi goýgoýsun etdim. Sebäbi, şolaram ýazan bolsam, gepi uzaltdygym hem-de siziň gymmatly wagtyňyzy harladygym bolardy.

Hawa, „Ýagşylygy ýaýmak, ýamanlygyň öňüni almak ” kitaby ýagşylygy ýaýmak hem-de ýamanlyga garşy göreşmek diýen hakykatyň Yslamy ýol-ýörelgeleriniň çäginde öwrenilmelidigini aýdýan, ajaýyp pikir-garaýyşlar hem-de Sagadat asyryndaky durmuş mysallary bilen bezelen kitapdyr. Teblig edýän adamyň eline berlen, altyna barabar ýol görkeziji maglumatlardan doly, tebligiň giň gerimde alnyp barylmagy ýaly, şu asyrda edilmeli derwaýys işlere üns çekýän we esasan, häzirki günde irşad parzy kifaýeden hem-de parzy aýndan has ýokarda, parzlaryň parzy diýip netije çykarýan kitapdyr. Hormatly M.F. Güleniň aýdyşy ýaly, „Ýagşylygy ýaýmak, ýamanlygyň öňüni almak ” irşadçylaryň (din wagyzçylarynyň) hemişe ýanynda götermeli kitabydyr ýa-da şoňa öwrülmelidir.

Sizi kitap bilen ikiçäk goýmazdan ozal, ýokarda-da belläp geçişim ýaly, işi kän bolsa-da, „Ýagşylygy ýaýmak, ýamanlygyň öňüni almak ” kitabyna düzediş girizmäge gatnaşan hormatly halypamyza sagbolsun aýdasym gelýär. Halypamyzdan, şuňa meňzeş kitaplar bilen biziň pikirlerimizi durlap durmagyny hem-de bizi hemişe dogry ýola gönükdirmegini haýyş edýäris. Allatagaladan oňa jan saglyk, uzak ömür dileýäris.

Şu kitabyň çapdan çykmagy, ile ýetirilmegi üçin we her etapda zähmet siňdiren adamlara-da köp sagbolsun aýdýaryn.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr