Teblig wezipesini ýerine ýetirýän adamyň ruhy portreti
a) Mähir
Teblig wezipesini ýerine ýetirýän adam bar zatdan öň mähir-muhabbetiň gahrymany bolmalydyr. Ol diýdimzorluk bilen adamlary Haka boýun etjek bolmaly däldir. Şu ýol bilen ýüreklere iman salyp bolýan däldir. Mähir adamyň ýüregini ýumşadýar. Şeýlelikde, aňsatlyk bilen diňleýjiniň kalbyna aralaşyp bolýar.
Teblig wezipesini ýerine ýetirýän adam özüniň düşündirýän hakykatyny diňleýjiniň ýüregine jüňk bolar ýaly edip aýtmaly. Ol özüniň ylmy bilen diňleýjini ýogurmaly. Edep-ekramy bilen ony özüne çekmeli. Teblig wezipesini ýerine ýetirýän adamy gören her kim ony pähim-paýhasdan ýüklenen beýik şahsyýet saýmalydyr. Onuň aýdýanlary inkär edip bolmajak derejede ynandyryjy bolmalydyr. Adamlary üýşendirmeli däldir. Zorluk bilen hiç kime hiç bir hakykaty düşündirip bolmaz. Zorluk ulanylsa, adamlar diňe bir seni däl, eýsem, seniň düşündirýän hakykatlaryňam ýekirer. Düşündirilýän hakykatlar hernäçe özüne çekiji bolsa-da, düşündirýäniň sowuklygy diňleýjä ters täsir edýär. Özüňi şeýle alyp barmagyň hiç hili peýdasy ýokdur, gaýtam, zyýany bardyr. Hiç kimiň öz kemçilikleri zerarly adamlary Yslamdan daşlaşdyrmaga haky ýokdur.
Pygamber Serwerimizde (sallallahu aleýhi wesellem) mähriň çürbaşyny görse bolýar. Ol özüniň beýik göreşini „mähriň“ üstünde binýat edipdir. Iki Jahan Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) hemişe mähriň mylaýym howasynda adamlary haka çagyrypdyr. Bir hadysynda Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) şeýle diýýär: „Men siziň üçin atanyň perzentlerine bolşy ýalydyryn“. Muny diýýän adam, eýsem mähirli dälmidir?!
Hawa, nädip mähirli bolup bilmesin?! Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) entek doglup-dogulmanka, „Ymmatym“ diýipdir. Juda mähirli atanyň „Balam“ diýip, jigerbendini bagryna basyşy şoňa meňzeýär. Ýakubyň ýeke bir Ýusuby bardyr. Emma, ymmatynyň her bir agzasy Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) üçin bir Ýusupdy...
Hawa, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) atanyň ogluna bolan mähri bilen tutuş ymmatynyň her bir agzasyna ýekän-ýekän gujagyny açýardy. Ymmatynyň her bir agzasy hem Ony (sallallahu aleýhi wesellem) öz ene-atasyndan, hatda özüniň barlygyndanam eý görýärdi. Beýle bolsa, mähirden gözbaş alyp gaýdýan muhabbet bilen adamlary Haka çagyrmak din wagyzçysynyň aýrylmaz häsiýetine öwrülmelidir. Sebäbi, mähriň ýok ýerinde, söýgüdenem, sylag-hormatdanam söz açyp bolmaz. Adamy zorluk bilen boýun edip bolmaýar. Käbir hakykatlary adamlara zorluk bilen düşündirip bolmaz. Muňa garamazdan, mähriň açmajak gapysy ýokdur. Mähir bilen eremeýän buz başga hiç zat bilen eremez. Diýmek, adamlaryň bir-birlerine mähir-muhabbet paýlamagyny isleýän bolsaňyz, başdan bu maksadyň amala aşmagy üçin siz olara mähir-muhabbet eçilmelisiňiz.
Hawa, adamlaryň ýalňyşydyr kemçiligini bagyşlaman, olar bilen mähirli bolman, hiç bir şahsy hem jemgyýetçilik meselesine çözgüt tapyp bolmaz. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) ymmatynyň kemçiliklerinini düzetmek ýolunda nähili göreşýänini bize şeýle düşündirýär: „Meniň bilen siziň bolşuňyz, ot ýakýan adama çalym edýär. Perwanalar hem-de çybyn-çirkeýler şol oduň içine gaçyp başlaýar. Ot ýakýan adam olary kowjak bolýar. Menem otdan goramak üçin, siziň ýeňiňizden tutýaryn. Emma, siz elimden gaçýarsyňyz“.
Ine, Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) özüniň şu sözleri bilen bize teblig we irşad wezipesini dogry ýerine ýetirmegiň ýoluny salgy berýär. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) bize şu ýoldan gidilse juda köp adama hakykaty düşündirip boljakdygyna, hak ýoldan azaşmazlyk üçin mähriň ýolundan gidilmelidigine yşarat edýär.
Hawa, eger siz häzirki döwrüň adamlarynyň ýüregine mähir bilen aralaşyp bilseňiz, her bir adamyň derdi bilen dertdeş bolup bilýärsiňiz. Sebäbi, hiç kimem günä derýasynda ýüzüp ýörkä ýa-da azgynlyga tarap barýarka, bagtly bolup bilýän däldir. Hawa, bu zeýilli hapa durmuşda diňe wyždany durky bilen garalan, tutuş kalby gurum baglan adamlar ýaşap bilýändir. Olardan galanlary beýle wejeralykda öz islegi bilen ýaşaýan däldir. Ýöne sürçüp ýykylyp, ýerinden turmagyň alajyny tapmaýanlar bardyr. Siziň mähirli eliňiz, ine, şolara çykalga görkezer.
Mähir bilen Haka çagyrylan adam siziň aýdanlaryňyza şol pursatda doly ynanmasa-da, ol size hem-de siziň wagyz eden hakykatlaryňyza erbet göz bilen seretmez. Garaşylmadyk bir wagtda, garaşylmaýan adamlaryň Hak ýoluna girýändigini ýüzlerçe mysallar bilen delillendirse bolýar. Onsoňam, siz sebäpli Hak ýoluna giren şol adamlar ömürboýy size minnetdar bolýar. Elbetde, ol adamlaryň gazanan sogaplary size-de ýazylýar.
Ýene bir mysal bilen şu meseläni hasam açasym gelýär. Ody göz öňüne getiriň. Şol oduň içinde siziň ýigrenýän adamyňyz tutuş maşgalasy bilen ýanyp duran bolsun. Ýa bolmasa, bir gämi suwa gark bolýar diýeli. Siziň tanamaýan adamlaryňyz deňziň ýüzünde dyr-pytrak bolupdyr. Olar halas bolmak üçin kömek soraýarlar. Şeýle ýagdaýda siz ýigrenýän şol adamyňyzy ýa-da deňizde gark bolýan adamlary halas etmezmisiňiz?! Siz hatda olary halas etjek bolup, öz janyňyzam aýamarsyňyz. Sizi saklajak tapylsa-da, siz ony diňlemersiňiz. Sebäbi, şol pursatda wyždanyňyzyň sesi ähli seslerden çasly çykýandyr. Siz şol ýerde ol adamlary halas etseňizem, olar ýene-de aňry gitse elli-altmyş ýyl ýaşar. Beýle bolsa, siz adamlaryň ebedi durmuşlaryny halas etmeli bolanda, näderdiňiz?! Ine, bar mesele şu hakykata düşünmekdir. Hawa, şeýle ýagdaýa uçran adamlara gahar, teýene etmezlik, meniň pikirimçe, wyždany bar her kişiň borjudyr.
Hawa, tutuş adamzat maddy-ruhy, o dünýe-bu dünýe betbagtçylyklaryna yňdarylyp barýan wagty, döwrüň Hak wagyzçylary meselä şu jähtden çemeleşmelidir. Hadysalara şu tarapdan seredip, şoňa görä çykalga gözlenmelidir. Urmak, sögmek, gaharlanmak Hak wagyzçysyna ýaraşmaz. Ýalana hem-de maddy bähbitlere goşulmak Hak wagyzçysynyň etjek işi däldir. Mürşit – özüni söýgä, mähir-muhabbete bagş eden adamdyr. Haka çagyrylmaga mätäç adamlaryň garaşýanam şeýle gahrymanlardyr. Bu meselede Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) biziň ýolbeledimizdir. Görüň, Ol (sallallahu aleýhi wesellem) nädipdir?! Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) adamlara ýekeje gezek „Lä ilähe illallah“ diýdirjek bolup, gör, nämelere döşüni geripdir. Pygamber Serwerimizi (sallallahu aleýhi wesellem) daşlapdyrlar, Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) endam-janyny gara gan edipdirler, namaz okap otyrka Ony (sallallahu aleýhi wesellem) bokurdagyna ýapyşyp, bogupdyrlar, kellesiniň üstünden malyň iç goşuny döküpdirler, Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) ýöreýän ýoluna tiken ýazypdyrlar. Emma, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) özüne ýamanlyk eden şol adamlaryň Hak ýoluna girmegi üçin dileg edipdir. Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) hatda öz duşmanlarynyň hem jennete girmegini isleýärdi. Ýogsam, Ol (sallallahu aleýhi wesellem) adamlardan hiç zada hantama-da däldi. Hawa, Ol (sallallahu aleýhi wesellem) Taifde daşlanypdyr-da, ýüzünden-gözünden gan akdyryp bir bagyň içine giripdir. Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) ýanynda Zeýd (r.a) bar eken. Perişdeler Onuň dadyna ýetişipdirler. Perişdeler Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) bir dagy göterip şol günäkär kowmuň depesinden inderip biljekdigini aýdypdyr. Emma, Ol (sallallahu aleýhi wesellem) – mähriň gahrymany elini açyp:
„Allahym! Olaryň neslinden (kyýamata çenli) diňe Allaha ybadat edip, Allaha şärik goşmaýan birlerini ibärsiň diýen umydym bar“ diýip dileg edipdir-de, şol kowmuň heläk bolaryny islemändir.
Ýene bir gün, söweş meýdanynda Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) dişi döwlüp, baş gabynyň (şlem) bir bölegi ýüzüne sünjülipdir. Ýüzünden gan akyp, ýere damyp durka, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) elini açyp, şeýle dileg edipdir: „Allahym! Kowmumy Hak ýoluna sal. Sebäbi, olar meni tananoklar“. Ine, şeýle dilegler bilen Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) kapyrlaryň başyna geljek belany sowupdyr. Şu dilegleriň her bir sözünden mähriň çogup çykýandygy ikuçsyzdyr.
Ýeri gelende, bir wakany agzap geçesim gelýär. Hak ýolunyň bosagasyndan ýaňy ätlän bir ýaş ýigit özüniň nurly adamlaryň arasynda duranlygyny görüp, şol nurly adamlar bilen ýakyndan gatnaşyp başlaýar. Ýöne bir gezek, söhbetiň dowamynda, ýolundan azaşanlaryň eden-etdiligi hakda gürrüň berip oturanyň biri: „Olaryň baryny kesip-dogramaly“ diýýär. Şu sözleri eşiden, ýaňy Hak ýoluna gadam basan ýaş ýigidiň ýüzi saralyp, solupdyr. Ol nädip gygyranynam bilmän galypdyr: „Gadyrdan! Beýle diýme! Eger-de birnäçe gün öň şu pikiriňi durmuşa geçiren bolsadyň, onda men bu gün siziň araňyzda bolman, ebedi dowzaha girerdim. Emma, görüp otyrsyňyz, men şu wagt siziň bilen bileje otyryn. Siziň duşmanlaryňyz diýýäniziňem mähir-muhabbete mätäçlerdir. Ýogsam, biz olaryň ahyretini weýran etdigimiz bolýar. Bu bolsa, ne bize, ne-de olara hiç hili haýyr getirmez“.
Jemläp aýtmaga synanyşan şu sözlerim, dinsizligiň gujagynda ejir çekýän ýaşlaryň ählisi üçin aýdylan ýaly bolup dur. Menem, edil şol ýaş ýigit ýaly, sesimiň ýetdiginden batly gygyrasym gelýär. „Küfüriň içinde ýaşaýan ýaşlar siziň mähriňize mätäçdir. Gödek hereketler bilen ýol alyp bolmaz. Bize duýgularymyz däl-de, akylymyz hem zehinimiz ýol görkezmelidir. Esasy zat – bize düşünmeýänleriň kalbyna aralaşyp, olar bilen ýürekdeş dost bolmakdyr“. Meniň pikirimçe, zerurlyk ýüze çykmasa, Hak wagyzçysy hiç kim bilen jedelleşmeli däldir, hiç kim bilen ýolmalaşmalam däldir.
b) Pidagärlik
Pidagärlik (islendik kynçylyga döz gelip, öz göreşiňde ýan bermezlik) Hak wagyzçylarynyň iň möhüm aýratynlyklarynyň biridir. Başda pidagärligi boýnuna almaýan adam asla öz idealynyň ugrunda göreşip bilmez. Öz idealynyň ugrunda göreşip bilmeýänler bolsa asla üstünlige ýetip bilmezler. Hawa, gerek ýerinde mal-mülkden, gerek ýerinde janyndan, hatda çaga-çugadan, wezipeden, şan-şöhratdan... nijeme adamlaryň ymsynýan, arzuw edýän şuňa meňzeş zatlaryndan geçip bilýänlerler hökman üstünlige ýetýändir.
Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) Mekge şäherinde Yslam dinini ýaýyp başlan döwürlerinde, özüne ýakyn adamlardan başlap, ähli musulmanlaryň gursagyna pidagärlik demini salypdyr. Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) pidagär bolmak bilen, olara pidagärligiň nämeligini düşündiripdir. Mysal üçin, hezreti Hatyja (r.anha) Nebiler Serweriniň (sallallahu aleýhi wesellem) ilkinji aýalydyr. Ol şu dünýäniň hem-de ahyretiň soltany bolan Pygamber Serwerimize (sallallahu aleýhi wesellem) aýtdyrman, baryny-ýoguny şu mukaddes göreşiň ýoluna bagş edipdir. Mekge müşriklerine Yslam dinini düşündirmek maksady bilen edilýän mürähediň ähli çykdaýjylaryny hezreti Hatyja (r.anha) çekýär eken. Yslam dini gelmänkä Mekgäniň baýlarynyň biri bolan şu şanly aýalyň, dünýeden gaýdanynda, kepenlik üçin mata satyn alarlyk mümkinçiligem bolan däldir.
Öz idealynyň ugrunda göreşýän her bir adam gaşyny çytman, elindäki baýlygyny öz göreşiniň ýolunda sarp edip bilýär. Edil şonuň ýaly, göbek ganynyň daman ýerini öz idealynyň ugrunda terk etmekligem – hijretem pidagärligiň aýratyn bir ölçegidir. Görüň, ine! Başda hezreti Ebu Bekir, Omar, Osman, Aly (r.anhüm) dagylaryň bolmagy bilen, baýu-garyp, ýaşu-garry, aýaldyr-erkek... bary diýen ýaly, hijret edipdirler. Hijret edip ata Watanlaryny, ene topraklaryny terk edenlerinde, olar ähli mal-mülklerini Mekgäniň zalym adamlaryna goýup gaýdypdylar. Olar diňe ýol harajatyna girip biläýjek zatlary öz ýanlary bilen alypdyrlar. Hawa, muhajirler Yslam dinini ýaýmak üçin, şular ýaly kynçylyga döz gelipdirler. Medinede musulmanlara gujak açan medineli musulmanlar (ensarlar) hem olara pidagärlik bilen jogap beripdirler. Hawa, medineli musulmanlar garybam bolsalar, ekerançylyklyk bilen zordan günlerini aýlaýanam bolsalar, şol bir dine ynanýan mekgeli doganlaryny gujaklaryna basypdyrlar. Medineli musulmanlar şu kynçylygyň öňünde mertlerçe durmagy başarypdyrlar.
Häzirki gün Hak wagyzçylaram, her ugurda diýen ýaly, sahabalaryň tutuş jahana ýaýan pidagärligini durmuşa geçirmek bilen, şol bir netijäni görkezmelidirler. Ýogsam, öňem belleýşimiz ýaly, şol kişiler teblig wezipesinde üstünlige eýe bolup bilmez.
ç) Dileg
Hak wagyzçysy doga-dileg etmegi ýatdan çykarmaýar. Ol ynsanlara haky düşündirende, aýdýan sözleriniň täsirli bolmagyna Allahdan garaşýar. Mülküň eýesi Allahdyr. Ynsanlaryň ýüregi Allahyň elinde. Allatagalanyň „Dilegiňiz bolmasa, näme ähmiýetiňiz bar? “ (Furkan, 25/77) diýen permany Hak wagyzçysynyň ruhuny haka ýalbarmaklyga itermelidir.
Hawa, iň owadan hem-de jadyly sözleriň täsir etmedik juda köp adamsy bardyr. Owadan sözler aýtmak bilen ýola gelmedik adamlar çyn ýürekden edilen dilegler arkaly Hak ýoluny tapandyrlar. Doga-dileg möminiň ýaragydyr. Doga-dileg – Hak wagyzçysynyň ýeke-täk gaçybatalgasydyr. Hak wagyzçysy başdan dilege sygynýar. Soň bolsa, hakykaty düşündirýär. Ol şeýtmek bilen, ters hereket edýän däldir. Gaýtam, ol herki zadyň ýerini bilýäni üçin şeýdýändir. Ine, doga-dilegiň iň ajaýyp aby-haýýat suwudygyny görkezýän birki mysal:
Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) adamlaryň Hak ýoluna girmegi üçin, diniň rugsat berýän çäginde her tarapa ýykgyn edip görüpdir. Emma, Ol (sallallahu aleýhi wesellem) doga-dilegem ýanyndan goýmandyr. Mysal üçin, Ol (sallallahu aleýhi wesellem) hezreti Omaryň (r.a) Hak ýoluna girmegi üçin kän dileg edipdir. Ahyry bir günem, garaşylmadyk wagtda Allah (j.j) hezreti Omary (r.a) Hak ýoluna salypdyr. Muňa Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) dileginiň bereketi diýse-de bolar.
Ýene-de bir gün Ebu Hüreýre (r.a) Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) ýanyna baryp, ejesi üçin dileg etmegi sorapdyr. Sebäbi, şol güne deňiç Ebu Hüreýräniň (r.a) ejesiniň kalbyna iman girip bilmändir. Ebu Hüreýre (r.a) haýyş edensoň, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) elini açyp dileg edipdir: „Allahym! Ebu Hüreýräniň ejesini hak ýoluna sal!“
Ebu Hüreýre (r.a) hoş bolup, mesjitden çykypdyr. Ylgap, öýlerine gelipdir. Ol gapyny açjak bolup durka, içerden ejesiniň sesini eşidipdir. Ejesi: „Duran ýeriňde dur, içerik girme“ diýip seslenipdir. Ebu Hüreýre (r.a) gapynyň agzynda garaşyp durka, içerden suwuň sesi gulagyna ilipdir. Ol ejem ýuwunýan bolaýmasyn diýip pikir edipdir. Birsalym soň, ýaňky gartaşan aýal gapyny açypdyr we daşaryk çykyp, kelemesini öwrüpdir. Hawa, Ebu Hüreýräniň (r.a) eşidýäni çyndy. Ejesi kelemesini öwrüp, oňa musulman bolanyny buşlaýardy. Şol güne deňiç, ol aýaly Hak ýoluna saljak bolup kän urnupdylar. Ahyrynda bolsa, onuň Hak ýoluna girmegi üçin Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) dilegi ýetik bolupdy.
d) Mantyk we reallyk
Hak wagyzçysy akylly we real garaýyşly adamdyr. Hadysalardan netije çykaranda, kimdir birine hakykaty düşündirende, ol hemişe ýüzlenýän adamsynyň zehin derejesini göz öňünde tutmalydyr. Hak wagyzçysy näçe akylly hereket etse, şonça-da halk tarapyndan goldaw tapýandyr. Onuň aýdýanlary şunuň esasynda kabul edilýändir. Meniň bu sözlerimden, Hak wagyzçysy diňe akylly ynsan bolmalydyr diýip düşünmäň. Ýokarda agzap geçilen aýratynlyklar bilen birlikde, Hak wagyzçysy hökman mentalite ulaşmalydyr. Ine, Pygamber Serwerimizden (sallallahu aleýhi wesellem) bir mysal:
Jüleýbib (r.a) aýal maşgalalaryň öňünde özüne erk edip bilmeýän ýigitdi. Onuň bu bolşuna sahabalaram gynanýardy. Emma, olar asla Jüleýbibe gep düşündirip bilmeýärdiler. Ahyry bir gün, Jüleýbibiň aýby Allah Resulyna (sallallahu aleýhi wesellem) habar berilýär. Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) ony öz ýanyna çagyrypdyr. Birsalym soň, olaryň arasynda şeýle gürrüň bolup geçipdir. Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) sorag beripdir. Jüleýbib hem jogap beripdir.
- Jüleýbib! Eşidişime görä, aýallara degýäň diýýärler. Aýt hany, ejeňe şeýdilse, halarmyň?
- Ýok, ýa Resulullah! Halamaryn.
- Ýadyňdan çykarma. Seniň degýäniňem kimdir biriniň ejesidir. Aýal doganyňa şeýdilse, halarmydyň?
- Ýok, ýa Resulullah!
- Ýadyňda sakla! Seniň degýäniňem kimdir biriniň aýal doganydyr.
Şeýdip, Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) Jüleýbibiň birnäça ýakyn garyndaşlaryny sanap çykypdyr. „Daýzaňa, uýaňa şeýdilse, halarmyň?“ diýipdir. Jüleýbib hem soraglaryň ählisine „Ýok“ diýip jogap beripdir. Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) bolsa ýene-de başda aýdan sözüni gaýtalapdyr.
- Seniň degýäniňem kimdir biriniň uýasydyr, daýzasydyr.
Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) aýdýanlary Jüleýbibiň (r.a) akylyna, mantygyna jüňk bolupdyr. Ol Pygamber Serwerimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) näme diýjek bolýanyna doly düşünipdir. Soňam, Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) elini açyp, Jüleýbib üçin dileg edipdir. Sahabalar: „Şol pursatdan soň, Jüleýbib Medinäniň iň utanç-haýaly ýigitleriniň birine öwrüldi“ diýýärler.
Gysga wagtdan soň, Jüleýbib söweşde şehit bolýar. Söweş meýdanynda her kim öz hossaryny idäp ýörkä, Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) hem birini gözleýärdi. Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) egindeşlerine: „Ölen-ýiteniňiz barmy?“ diýip sorapdyr. „Ýok, ýa, Resulullah“ diýip jogap eşidende Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) gözýaşyny saklap bilmän, o taýdakylara şeýle diýipdir: „Men welin, birini ýitirdim“. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) eli bilen Jüleýbibi görkezipdir. Jüleýbib (r.a) ýedi adamyň arasynda ýatyrdy. Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) sahabalara ýüzlenip: „Başda, ol ýedi adamy öldürdi. Soňam, ony öldürdiler“ diýipdir. Şondan soň, Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) kyýamata çenli gelip-geçjek, Jüleýbibiň ýoluna eýerijilere şeýle söýünjiläpdir: „Jüleýbib mendendir. Menem Jüleýbibdendirin“.
Akylly-paýhasly gep bilen çyn ýürekden edilen doga-dileg Jüleýbibi göge göteripdir. Ol şu ganatlar bilen o dünýäde perwaz urýardy...
e) Geçirimlilik
Hak wagyzçysy geçirimli bolmalydyr. Her kim geçirimlilik edip bilmeýär. Gözýetimi giň adamlar geçirimli bolup bilýändir. Geçirimli bolmak – göreşiňden ýüz öwürmek diýmek däldir. Bir mysal bilen şu mowzugy giňişleýin düşündireýin. Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) Mekgäni eýeläninde, öň özüni Mekgeden kowup çykaran hem-de musulmanlaryň ählisine görgi baryny görkezen kişilere Onuň aýdan sözi geçirimliligiň aýdyň mysallarynyň biridir. Şol gün, Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) mekgelileriň özünden nämä garaşýanyny sorapdyr. Olaram: „Sen keremli maşgalaň keremli oglusyň. Biz senden kereme garaşýarys“ diýipdirler. Şeýdip, Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) Mekgäniň halkyna kerem bilen jogap beripdir. „Baryň, bu gün size azar beren bolmaz“ (Ýusuf, 12/92) diýen aýat Kurany Kerimde hezreti Ýusubyň (a.s) öz doganlaryna aýdan sözi hökmünde beýan edilýär. Emma, Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) özüniň ýakyn hossary bolmadyk adamlara-da geçirimlilik edipdir. Hawa, Pygamber Serwerimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) keremi hezreti Ýusubyňkydan (a.s) has agdykdy.
ä) Inçelik
Hak wagyzçysynyň gaýgysy ýetikdir. Adamlaryň hak ýoldan daşlaşyp, Allahyň buýruklaryny berjaý etmeýäni üçin Hak wagyzçysy ýüregini agyrdýandyr. Adamlaryň Yslam dininden çykýanyny göreninde ýa eşidende, ol gussa batýandyr. Haky düşündirmek wezipesinde alaçsyz galyp, eli-goly baglananda, ol dälliräýjek bolýandyr. Şeýle wagtlarda, onuň ýüregine umytsyzlyk aralaşýar. Kurany Kerim Pygamber Serwerimize (sallallahu aleýhi wesellem) ýüzlenip: „Olar iman getirmeýärler diýip özüňe kast etmegiň bäri ýanyna barýarsyň“ diýmek bilen, adamlara Haky wagyz etmek işinde Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) nähili görgüler görýändigi hem-de şol görgüleriň netijesinde onuň nähili ruhy ahwalatlary başda geçirýändigi nygtalýar. Haky düşündirmek işinde adamyň nähili görgüler görýändigine baglylykda, şeýle ruhy ahwalaty Hak wagyzçylarynyň baram başyndan geçirýändir, geçirmelem.
Irtidat – dinden çykmak diýmekdir. Mürted bolsa – öň ynanýan ähli mukaddesliklerini inkär eden kişi diýmekdir. Bir tarapdan, beýle adam musulmanlara dönüklik edýänddir. Bir gezek dönüklik eden adam hemişe-de dönüklik edip bilýär. Muňa garamazdan, fykyh alymlarynyň kesgitlän usullary boýunça mürted haýsy meselede dönüklik eden bolsa, başda oňa şol meseläni jikme-jik düşündirmelidir. Belli bir wagtlap göz astynda saklanyp, onuň ýalňyşy düzedilmelidir. Şu düzediş işleriniň hiç biri netije bermese, diňe şonda ol adama eden etmişine görä çäre görmelidir. Hiç bir mömin, özgäniň dinden çykmagyna parhsyz garap bilmez. Sebäbi, Yslam dininiň ynsanperwerlik düşünjesi muňa garşydyr. Belkem, her mömin aňynyň ýetişiçe, kimdir biriniň dinden çykanyny eşidende gynanýandyr. Emma, Hak wagyzçysynyň gynanjy her kimden has çuň bolmalydyr. Sebäbi, ynsanlary Hak ýoluna salmak onuň iň esasy maksadydyr.
f) Ruhy çuňluk
Hak wagyzçysy ruhy çuňluga eýe, päk ýürekli adamdyr. Hak wagyzçysynyň aýdan sözleri, onuň ruhy çuňlugyna baglylykda adamlara täsir edýändir. Ol Allaha näçe ýakyn dursa, Allatagala-da ony özüni şonça ýakyn saýar. Şeýlelikde, Allatagala onuň tutan eli, gören gözi, eşiden gulagy, garaz, ähli edýän işleriniň gözbaşyna öwrülýär. Ýagny, şondan soň Allatagala Hak wagyzçysyna ýalňyş iş etdirmeýär. Hak wagyzçysy bilenjesi bilen amal etse, Allatagala-da oňa bilmeýän zatlaryny öwreder. Allatagala ony hemişe Hak ýolunda ýöreder. Hatda, şeýle ruhy çuňluga eýe bolan adamlar iň müşgil meselelerem aňsatlyk bilen çözýändirler. Şu ýagdaýyny durnukly saklap bilen adam hökman halkyň arasyndan saýlanýandyr. Ol hökman Hakyň halan adamsyna öwrülýändir. Şeýle mertebä çykyp bilen adamlara Allatagaladan mukaddes nurlar ýagýandyr. Ine, ýagýan şol nurlaryň döredýän dartyş güýji bilen ol adamzady haka çagyrmagyny dowam etdirse, onda onuň töwerek-daşynda ýüz müňlerçe adamlar saýalar. Ynha, beýik ynsanlarda bar bolan şeýle ajaýyp dartyş güýji olaryň ruhy çuňluklaryndan gözbaş alyp gaýdýandyr. Bu derejä ýetip bilen adam Allaha ýakyn durmagyň nämeligine düşünýändir. Ýaki:n – imanda kämillige ýetmek diýmekdir. Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) bir hadysynda: „Ýaki:n durşy bilen imandyr“ diýýär. Ýaki:n – ynsan akylynyň hak deliller bilen gurşalmagy, zehiniň hak pikirler bilen törpülenmegi, düşünjedir-garaýyşlaryň ylham bilen ýagtylmagy, nebsiň ybadat bilen eremegi, kalbyň Allaha bakýan aýna öwrülmegidir.
Ýaki:n (şek-şübhesiz iman etmek) – töwhide ulaşmakdyr. Ýaki:na ulaşan adam ne birinden gorkýandyr, ne-de birinden zada tamakin bolýandyr. Ol Allatagala bil baglaýandyr. Sebäbi, ol haýyr bilen şeriň diňe Allahdan gelýändigine çyn ýürekden ynanýandyr.
Ýaki:na ulaşan adam ýanbermezekdir, garadangaýtmazdyr.. Dünýedekä ahyreti ýaşap bilýäni üçin, ol özüniň ajalyna ýylgyryp seredip bilýändir. Ol „Ajal atyna atlanamsoň, özümiň göresim gelýän ýerlerimi görerin“ diýip pikir edýändir. Şonuň üçinem, ol mydama ruhybelentdir. Hadyslaryň birinde ýaki:ne ýetenler barada şeýle diýilýär: „Meniň ymmatymyň arasynda şeýle bir mert adamlar bar welin, halkyň öňünde olaryň ýüzi mydama ýylgyryp durandyr. (Bu Allahyň nygmatlaryna akyl ýetirmegiň alamatydyr) Gijelerini bolsa, olar ahy-pygan edip geçirýändirler. (Bu hem Allahyň gazabyndan gorkýandyklarynyň alamatydyr). Olaryň galyplary, maddy gurluşlary dünýädedir, ruhy gurluşlary bolsa asmandadyr“.
Dünýä bilen ahyreti bilelikde analizläp, munuň netijesinde wahdet aňyýetine eýe bolmak – her bir Hak wagyzçysynyň arzuwy bolmalydyr. Biziň göz öňüne getirýän Hak wagyzçymyz, ine, şudur. Ol dünýe malyna eýe bolmagy asla arzuwlaýan däldir. Haky wagyz etmän ol şu dünýäde bir günem ýaşap bilmez. Her bir Hak wagyzçysy şu ahlaga eýe bolmalydyr.
Mesnewä düşündiriş ýazan Tahirül Mewlewi şeýle diýýär: Iskilipli Atif molla bilen tussaghanada bile boldum. Ol molla döwrüň medeniýetini bilýän, sowatly adamdy. Ol iň soňky suduň öňüsyrasynda özüni aklamak üçin taýýarlyk görüpdi. Ertesi gün sud bolmalydy. Şonda, suduň näme karara geljegi belli bolmalydy. Ertir namazyndan soň, Iskilipli molla özüni aklamak üçin taýýarlan hatyny bölek-bölek edip ýyrtypdyr-da, zibil gutusyna taşlapdyr. „Näme boldy? Näme üçin beýtdiň?“ diýip soradym. Maňa şeýle jogap berdi: „Şu gije düýşümde Älemleriň Serwerini (sallallahu aleýhi wesellem) gördüm. Men özümi aklamak üçin hat ýazyp otyrdym. Olam (sallallahu aleýhi wesellem) maňa ýüzlenip: „Atif, beýle nämäniň yşgyna düşüp otyrsyň?“ Ýa bolmasa, biziň ýanymyza gelesiň gelenokmy?“ diýdi. Menem: „Elbetde, barasym gelýär, ýa Resulullah!“ diýdim. Indi, meniň oňa gowuşmaly arzyly pursadym gelip ýetdi, men özümi aklajak bolup nädeýin?!“
Şol günki sud Atif mollany ölüm jezasyna höküm etdi. Emma, ol şeýle bir şadyýandy. Suduň kararyna ýylgyryp jogap berdi. Sebäbi, dardan asylmak bilen ol Pygamber Serwerimize (sallallahu aleýhi wesellem) gowuşýardy. Bular ýaly, bagta, eýsem, kim begenmez? Hak ýolunda ýöreýän, her menzilde Hakyň razylygyny gözden salmaýan, her ädimde Allahy hem Resulyny (sallallahu aleýhi wesellem) razy edýändigini bilýän adam näme üçin bagtly bolmasyn?! Bular ýaly gahrymany dardan asyp bilerler, emma ony asla ýeňip bilmezler. Hawa, Hak wagyzçysy özüni bagta eltjek ruhy päkligini hemişe-de eşrepi deýin gorap saklamalydyr.
Özüni Allaha bagş eden hem-de diňe Allahyň razylygyna eýe bolmaga çalyşýan adam, bu gün bolmasa-da, ertir hökman özüniň arzuwyna ýetýändir. Allahy tapan, nämäni ýitirsin?... Tersine, eger-de ynsan Allahy tapmadyk bolsa, onda bütin dünýä onuňky bolanynda, nämä, gymmaty bardyr?!
Esasy zat, tämiz ýürek bilen Allahyň ýanyna barmakdyr. Galan zat, boşdur. Beýle bolsa, boş zatlara näme üçin ähmiýet berjek? Allatagaladan şuny dileýäris: Bize kalbymyzy bakyýa çenli päk saklamagy nesip etdirsin. Allaha gowuşýançak kalbymyzyň päkligini gorap saklamak her birimize nesip etsin. Allah biziň Rebbimizdir. Biz bir zady anyk bilýäris: Onuň rehmeti gazabyndan öňde durýandyr. Biz Allahyň razylygyny, beýik Biribaryň rehmetini isleýäris.
- -de döredildi.