Imana hyzmat yşgy

Imana hyzmat yşgy

Hak wagyzçysy özüniň Haky düşündirmek işini höwes bilen ýerine ýetirmelidir. Haky wagyz etmek – onuň üçin iň uly küýseg bolmalydyr. Ine şu duýgy Hak wagyzçysynda hökman oýarylmalydyr. Emma, şu duýgyny oýarmak ýeňil-ýelpaý iş däldir.

Eger-de Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) öz jemagatynda owaly bilen şu duýgyny oýarmadyk bolsady, ýagny Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) sahabalary Haky düşündirýän aşyklara öwürmedik bolsady, onda sebäpler babatynda Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) ymmaty beýle uly göreşi alyp baryp bilmezdi. Ine, Halid bin Welid (r.a). Ol Wizantiýa imperatorlygynyň serkerdesi bilen duşanda ondan Yslam dinini kabul etmegini isläpdir. Entek gylyçlar syrylmanka şeýle sowalyň berilmegi, Haky düşündirmegiň bar zatdan beýikde durýanyny görkezmeýärmi eýsem?! Sahabalaryň ählisi diýen ýaly Haky düşündirmäge aşyk bolandyklary üçin, dünýäniň çar künjegine hijret edipdirler. Ine, şolaryň biri: Hubeýb (r.a) ele salynyp, Mekgä ugradylypdyr. Ol ençeme günläp zyndanda ýatypdyr. Soň, ony dardan asmaga alyp gidipdirler. Ol gussa batýardy. Sebäbi, Allah Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) oňa Haky düşündirmek wezipesini beripdi. Şol wezipäni ýerine ýetirmäge welin, pursat döremändi. Häzir bolsa, ony dardan asmaga alyp barýardylar. Onuň goly-ganaty gyrlypdy. Ol gözüni birsyhly ýaltakladyp, töwereginden Haky düşündirip boljak adamy gözleýärdi. Emma, ol Haky düşündirip boljak adamy görüp bilenokdy. Dogrusy, olaryň arasynda gelejekde sahaba boljaklaram bardy. Arman, olaryňam şol gün köňül gözleri gapykdy. Hubeýb iki rekagat namaz okap, daşyndakylara şeýle diýdi: „Ölümden gorkusyna namazyny uzadýar diýeriňizden çekinýärin. Bolmasa, men şu soňky namazymy uzak okasym gelýär“. Ony dardan asylmaly ýere çykardylar. Ine, intizar bolup garaşylan soňky pursatlar gelip ýetdi. Hubeýb ýene-de töweregine göz aýlaýardy. Onuň gözleri asla özüni ajaldan halas etjek kişini gözlänokdy. Ol „Soňky pursatda kimdir birine Haky düşündirip bilermikäm?“ diýip oýlanýardy. Daşyna egele bolup duran adamlara şonuň üçin seredýärdi. Eý, hudaý! Haky düşündirmek ýolunda hiç zat edip bilmän dünýeden gitmegi olar, gör, nähili namys edýän ekenler. Ine, birdenkä garaşylmadyk bir waka bolýar. Mekge müşrikleriniň öňde baryjylarynyň biri oňa sorag berýär. Bir sorag berilse, bolýardy. Ol nähili sorag bolanynda-da, şoňa manyly, hikmetli jogap berjekdi. Şeýlelikde, soňky deminde olam haky düşündirip galjakdy. Şol ýerde onuň oklajak düşünje uçguny, kim bilýär, gelejekde, gör, näçe adamyň gursagynda iman oduny tutaşdyrar. Berlen sorag şudy:

- Ýa, Hubeýb! Edil häzir sen halas bolup, ýeriňe Muhammediň dardan asylmagyny islärmiň?

Elbetde, bir musulmana, onda-da Hubeýb (r.a) ýaly birine beýle sowaly berip bolmazdy. Emma, ol şu soragyň üsti bilen dörän iň soňkuja mümkinçiligi peýdalanjak bolýardy. Gursagy ýarylyp barýardy. Gussa hem şatlyk gatyşykly duýgy bilen hökman bir zatlar aýdyp galmak isleýärdi. Onuň şu soraga berjek jogaby, soňky okan namazy ýaly, gysga bolmalydy. Ýeke sözleme bütin bir ömri sygdyrmalydy. Ol şeýle bir uz gürlemelidi welin, taryh lal bolup, ony diňlemelidi. Onuň şu sowala berjek jogabyny wagt öz boýnuna tumar edinip dakynmalydy. Hawa, ol haky düşündirmän bakyýa göçmeli däldi.

- Ýok, Allahdan ant içýärin! Meniň halas bolmagym üçin Ony dardan asmaklyk aňyrda dursun. Edil şu wagt Medinede onuň aýagyna bir tiken batanynam islemen. (Wepalylygyň bilen jennete gir, eý, beýik ruh!).

Birsalym öň Haky düşündirip bilmedim diýip gussa batyp oturan Hubeýbiň kalby hasratdan päklenipdi. Indi, ol özüni ýelgamak ýaly, ýeňil duýýardy. Ol özüniň soňky borjuny berjaý etmek bilen, Allah Resulyna (sallallahu aleýhi wesellem) salam berip, jennete girmelidi. Onuň iberen salamy Mekgeden Medinä bararmyka? Bararmy-barmazmy diýip asla pikir öwürmedem. Sebäbi, onuň salam iberýän adamsy Allahyň beýik Pygamberidi.

Hübeýbiň soňky aýdan sözi şu boldy: „Esselamu aleýke, ýa, Resulullah!“. Pygamber Serwerimiz (sallallahu aleýhi wesellem) Medinede sahabalar bilen bile otyrdy. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) birden ýerinden turup, „We aleýkesselam, ýa, Hubeýb!“ diýdi.

Hawa, Hak wagyzçysy Haky düşündirmäge Hubeýb ýaly aşyk bolmalydyr. Ana, şonda taryhda goýberilen ýalňyşlyklary düzedip bolar.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr