Netije

Netije

Yslam dininde Haky düşündirmegiň usullary barada şu ýere çenli aýdanlarymyň maddalar görnüşinde gysgajyk mazmunyny belläp, kitaba nokat goýasym gelýär.

  1. Haky düşündirmek – wezipeleriň iň mukaddesidir. Sebäbi, Allatagalanyň saýlama bendeleri bolan pygamberler şu wezipe bilen iberlipdir.
  2. Adaty döwürde Haky düşündirmek parzy kipaýa bolsa-da, şu döwürde gözden salnan käbir meseleler zerarly, parzlaryň parzydyr. Haky düşündirmek wezipesinden gaça durmak dogry däldir.
  3. Her kim Haky düşündirmek wezipesine ähmiýet bermän ahyrete barmakdan gorkmalydyr. Sebäbi, beýle adam şahsy parzlardan has uly, sogap babatda has ähmiýetli bolan wezipeden ýüz dönderendir.
  4. Eger-de bir halkyň arasynda „Emri bil magruf, nehýi anil münker“ wezipesini ýerine ýetirýänler bar bolsa, onda şol halkyň ähli bela-beterlerden goralmagy kepillendirilendir. Eger-de halkyň arasynda, şu mukaddes wezipäni ýerine ýetirýän adamlaryň üç-dört sanjagy bolsa-da, Allatagala şol halky öz penasynda saklaýandyr. Mysal üçin, tersine bolsa, onda netije-de tersine bolýandyr. Ýagny, haýsy halkyň arasynda şu wezipäni ýerine ýetirýänler ýok bolsa, Allatagala şol halky heläkläp bilýändir. Ýaşap geçen halklaryň başyndan inen umumy betbagtçylyklar muňa aýdyň mysaldyr.
  5. Şu mukaddes wezipe şahs, halk we döwlet babatynda ýöredilmelidir. Musulman – dünýäniň asudalygynyň esasy sütünini düzýändir. Musulmanyň ýok ýerinde düzgün-nyzamyň bolmaýşy ýaly, onuň bar ýerinde-de anarhiýa we terrorizm bolup bilmez. Bu bolsa, musulmanlaryň Haky düşündirmek wezipesini birkemsiz ýerine ýetirip-ýetirmezligine baglydyr.
  6. „Emri bil magruf, nehýi anil münker“ wezipesini ýerine ýetirmek – möminiň şygarydyr. Şu wezipäni imandan üzňe göz öňüne getirip bolýan däldir. Sebäbi, Kurany Kerim möminleriň beýleki möminler bilen dostlugyny (Tewbe, 9/71) nygtamak bilen, şu dostlugy saklaýan esasy sütüne yşarat edýär. Möminleriň arasynda dostluk-doganlygy saklaýan esasy sütünleriň birem – şu mukaddes wezipedir. „Münapyklar bolsa bir-birini goldaýandyr“ (Tewbe, 9/67) diýilýär. Ýöne, münapyklar birek-birege dost däldir. Sebäbi, olar ýagşylyga garşy durup, adamzady ýamanlyga iterýärler.
  7. Yslam dini Allah tarapyn gorag astyndadyr. Allatagala özüniň iberen dinini goraýandyr. Emma, şu gorag dine ynanýanlaryň ählisiniň imana hyzmat etmäge bolan goşantlaryna hem-de käbirleriniň dine eýe çykmagyna baglydyr. Dine eýe çykylýandygynyň iň aýdyň alamaty – musulmanlaryň Haky ýaýmak wezipesini ýerine ýetirmegidir.
  8. Ylym, amal we teblig – bir hakykatyň aýratyn üç ýüzüdir. Olary bir-birinden aýryp bolmaz. Hak wagyz edilende, ylym hökman zerurdyr. Amal bolsa Haky ýaýmak işiniň jany-jigeridir.
  9. Hak wagyzçysy yslamy hakykatlara hem-de öz döwrüne oňat düşünmelidir. Döwrüne düşünmeýän adam ýerzeminde ýaşaýan ýalydyr. Adamlary ýerzemine çagyrmak we olara garaňky ýerzeminde hakykaty düşündirjek bolmak – manysyzlykdyr.
  10. Haky wagyz edýän adamyň kalby Kurany Kerime bakmalydyr. Kalbyny Kurany Kerim bilen sazlamadyk adam yslamy hakykatlary hiç kime düşündirip bilmez.
  11. Hak wagyzçysy Haky wagyz edende, dogry ýollardan peýdalanmalydyr. Sebäbi, dogry maksada barmak üçin dogry ýoldan gidilmelidir. Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) we Onuň sahabalarynyň ýolam şodur. Bize maksada barmakda her ýoly dogry hasaplaýan göreşijiler däl-de, özüniň ýöreýän ýolunyň dogrulygyny bilip, şol ýoldan ýöreýän, sahaba ahlagyna eýe gahrymanlar gerekdir. Yslam dinini galkyndyrjaklaram, şu dini dünýäniň çar künjegine eltjeklerem şolardyr.
  12. Hak wagyzçysy etmeýän zadyny aýtmaýar. Aýdýanyňy öz ahlagyňa siňdirmezlik – münapyk häsiýetidir. Mömin münapyklykdan ägä bolmalydyr. Aýdýanyny durmuşyna siňdirmeýän adamlaryň sözleri gury owazdyr. Olar saman ody ýaly tiz sönýändirler. Olaryň adamzada berjek ýylylygy ýokdur.
  13. Hak wagyzçysy hemişe özüniň pespälligini saklamalydyr. Pespällik – beýik ynsanlaryň ahlagydyr. Iman bolsa – beýikligiň hut özüdir. Diýmek, Hak wagyzçysy beýiklige ýaraşjak ahlaga eýe bolmalydyr. Pygamber Serwerimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) ahlagam şodur. Hak wagyzçysy şu ahlagy özüniň häsiýetine öwürmegi başarmalydyr.
  14. Imana hyzmat edýän kişi tutanýerli bolmalydyr. Tutanýerlilik – adamyň öz idealyna hormat goýýandygynyň alamatydyr. Hak wagyzçysy Allahyň apalan, arşa çykaran zatlaryna biçak hormat goýýandyr. Ýogsam, onuň edýäni bilen diýýäni çapraz gelýändir.
  15. Imana hyzmat edýän kişi ýaradylyş kanunlaryna ters hereket edýän däldir. Ol öňdengörüji bolmalydyr. Ynsanyň ýaradylyşynda käbir erbet ýa-da gowy taraplarynyň barlygyny asla iňkär etmeli däldir. Esasy zat – adamyň ýaradylyşynda bar bolan kemter taraplaryny dogry ýola gönükdirmekdir.
  16. Hak wagyzçysynyň ýoly haýhatlydyr. Hak wagyzçysy entek ýoluň başynda özüniň takdyryna ten bermelidir.
  17. Hak wagyzçysy mähir-muhabbetiň gahrymanydyr. Ol zorluk, sütem bilen hiç kime Haky düşündirmekçi bolýan däldir.
  18. Hak wagyzçysynyň iň möhüm häsiýetleriniň birem – pidagärligidir. Hak wagyzçysy hökman pidagär bolmalydyr. Hak wagyzçysy özüni adamzadyň ýagty ertirine bagş eden adamdyr.
  19. Hak wagyzçysy doga-dileg bilen bitewileşen şahsyýetdir. Dileg bolsa – yhlasyň hem-de akýürekliligiň esasydyr.
  20. Hak wagyzçysy akylly we real garaýyşly adamdyr. Ol akylyny näçe dogry ulanyp bilse, şonça-da halk tarapyndan goldaw tapýandyr.
  21. Hak wagyzçysy adamlaryň imanyna gezek gelende örän seresaplydyr. Adamyň dinden çykanyny görse, onuň ýüregi parçalanýandyr.
  22. Hak wagyzçysy Haky ýaýmak işini höwes bilen ýerine ýetirmelidir. Ol Haky düşündirmegä aşyk bolman üstünlige ýetip bilmez.
  23. Ruhy çuňluga eýe bolmak – Hak wagyzçysynyň ahlagynyň aýratynlygydyr. Ruhy çuňluga, başgaça, ýaki:ne ýetmek diýse-de bolar. Ýaki:ne ulaşan adam bolsa, gözel ahlaga eýe diýmekdir.
  24. Hak wagyzçysynyň kalby päk, ruhy tämiz bolmalydyr. Ol Pygamber Serwerimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) ýolundan gitjek bolsa, päk durmuşda ýaşamalydyr. Päk durmuşa bolsa diňe päk ýürek bilen ýetip bolýandyr.
Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr