Yslamy hakykatlar we döwre düşünmek
Häzirki döwürde adamzadyň materiýa, hadysalara hem-de dünýämize seredişi başgaçadyr. Şu döwrüň adamlary, esasan, mantyk we rasionalizm akymlarynyň täsirine düşendir. Küfür bilen imansyzlyk, tebigy bilimleriň hem-de pelsepäniň üsti bilen diýjegini diýýär. Muňa garamazdan, musulmanlaram küfüre garşy göreşende, şol usullary ulanmalydyr. Bu bolsa, öz döwrüňe düşünmekden gaýdýar. Onsoňam, ylym-bilim diýmegiň özem şudur. Ylym-bilim mömin häsiýetiniň aýrylmaz bir bölegidir.
Döwrüne düşünmeýän adam garaňky ýerzeminde ýaşaýar diýmekdir. Bular ýaly adamyň beýleki adamlara din, iman babatda bir zatlar düşündirjek bolşy manysyzlykdyr. Sebäbi, wagtdyr hadysalaryň çarhy, bu gün bolmasa-ertir, hökman onuň barça haýyny alar. Şonuň üçinem, musulman adam halka düşündirilmeli hakykatlary, döwrüň bilim we medeniýet derejesi bilen utgaşykly düşündirmelidir. Her bir mesele şu usulda adamlara ýetirilmelidir. Şuny arkaýyn aýdyp biljek, häzirki günde ýokarda agzalan sepgide ýetip bilen adam ahyretde welilerden ýokarda, nebileriň yzýanyndaky derejä ýetip bilýändir. Hawa, bu wezipe şular ýaly mukaddesdir. Döwrüň talabyny ödemek juda kyndyr, kyn bolşy ýalam, zerurdyr.
Hawa, döwrüne düşünmeýän adamyň ýeriň astynda ýaşaýan adamdan tapawudy ýokdur. Eýsem, teblig edýän adam älem giňişliginde uçup gezmelidir. Onuň başy ýyldyzlara degýän bolsa, kalby hem duýgulary jennete ulaşmalydyr. Teblig edýän adamyň akyly ony edil Pastor, Eýnşteýn mysaly, laboratoriýalara, barlygyň çuňluklaryna eltmelidir. Ol özüniň ruhy bilen bolsa Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) yzynda gol gowşuryp durmalydyr we günüň dowamynda birnäçe gezek Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) ahlagyna çümüp çykmalydyr. Ine, meniň hyýalymdaky hakyky mürşit (ýolgörkeziji) şudur.
Pygamberimizi (sallallahu aleýhi wesellem) alyp göreliň! Ol öz döwrüne düşünipdir, şonuň üçinem onuň her bir wagzy adamlaryň ýüregine jüňk bolupdyr. Onsoňam, Allatagaladan inýän buýruklaryň hiç biri tebigy hadysalardyr kanunlara ters gelýän däldir. Esasy zat – adam özüniň näme üçin ýaradylanyna düşünmeli we şoňa görä-de wagyz etmegiň ýoluny tapmalydyr. Sahabalaram Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) ýoluna eýerip, wagyz-nesihat edenlerinde, şol döwrüň şertlerini hem-de adamlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutupdyrlar. Şeýdip, sahabalar gysga wagtyň dowamynda dünýäni dyza çökerip biljek güýje eýe bolupdyrlar. Soňky gelenlerem, Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) yzyny ýörediji ägirtleriň ählisem şeýdipdir. Ymam Gazaly, Ymam Rabbani we Möwlana Jelaleddin Rumy ýaly ägirtler „Teblig“ keşdesini döwre düşünmek hem-de aň ýetirmek arkaly dokapdyrlar. Şonuň üçinem, olaryň täsiri biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Gynansak-da, bize gezek geleninde, harajadyny ýele sowurýan jalataý ýaly, biz ylym-bilimden ýüz öwrüpdiris we nadanlyk sebäpli, hakyky musulmançylygy püçege çykarypdyrys.
- -de döredildi.