Hantamalyk we teblig
Teblig edýän adam mukaddes wezipäni ýerine ýetirmek bilen, hiç zada hantama bolmaly däldir. Isle maddy, isle ruhy bolsun, tapawudy ýok, hantamaçylygyň bar ýerinde yhlas hem-de akýüreklilik bolmaýar. Yhlasyň hem-de akýürekliligiň ýok ýerinde bolsa, edilýän işiň täsiri gaçýar. Maddy bähbitleri arap teblig etmek aňyrda dursun, tebligi ruhy taýdan lezzet almak üçinem etmeli däldir. Tebligiň ak ýürekden berjaý edilmegi üçin bu zatlara üns berilmelidir. Şu mukaddes borja maddy bähbitler goşuldygy, akýüreklilik asla galmaz we şondan soň edilýän işe-de asla „Teblig“ diýip bolmaz. Kurany Kerimde, pygamberleriň barynyň şu sözleri kän gaýtalandyklary bellenilýär: „Men sizden hiç zada hantama däl. Meniň muzdum älemleriň rebbi Allaha degişlidir“ (Şuara, 26/109). Ine, şu aýat ýokarda agzan meselämize iň aýdyň delildir. Aslynda, nebileriň şu sözleriniň aňyrsynda şeýle zarynlama bardyr: „Men siziň ýoluňyzda nijeme görgüleri görýärin. Siz bolsa maňa „Mežnun“ diýýärsiňiz, meni äsgermezlik edýärsiňiz. Meni daşlaýarsyňyz hem-de araňyzdan daşlaşdyrjak bolýaňyz. Men gapy-gapy syryp, Haky düşündirjek bolýaryn. Siz bolsa her gapyny meniň ýüzüme urjak bolýarsyňyz. Siz şular ýaly görgi görkezýärsiňiz. Men sizden ne dünýälik, ne-de ol dünýälik hiç zat soramok. Meniň muzdumy diňe, meni şu wezipe bilen iberen beýik Gudrat berip biler.“ Ine, hezreti Adamdan (a.s) Muhammet Pygambere (sallallahu aleýhi wesellem) çenli gelip-geçen ähli pygamberleriň dert-aladasy şu bolupdyr.
Hezreti Mesihiň (a.s) apostollary Antakiýa baranlarynda, (eger hakykatdanam şeýle bolsa) şol döwrüň ýokary wezipeli döwlet gullukçylary olaryň tussag astyna alynmagyny talap edipdirler. Buýruk ýerine ýetirilýär we apostollar tussag edilýär. Şol jelegaýlarda sylanýan, maslahaty diňlenýän Habibi Nejjar diýen bir adam bu habary eşidipdir. Ol wagt ýitirmän, degişli adamlaryň ýanyna barypdyr-da: „Özleri Hak ýolundan ýöräp, sizdenem hiç zada hantama bolmaýan bu adamlara boýun egiň...“ (Ýasin, 36/21) diýipdir. Kurany Kerimde şu waka gürrüň berlende ýokarda agzalan aýatyň üsti bilen din wagyzçysynyň berjaý etmeli iki borjy sanalyp geçilýär. Şu borçlaryň birinjisi, başda wagyzçynyň özi Hak ýolunda bolmalydyr. Ikinjisi bolsa, wagyzçy wagyz edýän diýip, hiç kimden hiç zada hantama bolmaly däldir.
Hawa, namaz okamaýan adam mürşit we mübellig (teblig, wagyz edýän) bolup bilmez. Sebäbi, ybadatlaryny kemçiliksiz ýerine ýetirmeýän adamyň diýenine gulak asan bolmaz we onuň diýeni adama täsirem etmez. Parahorlyk, süýthorlyk ýaly ýollar bilen haram lukmany bokurdagyndan geçirýän adam hem asla mürşit bolup bilmez. Dünýewi ýaşaýşyň yşkyna düşen adamyň özüni ýola salynmaly wagty, ol nädip mürşit hem-de mübellig bolup bilsin?!
Hawa, durmuş standartlaryny köpçüligiň ýaşaýyş şertlerine gabat getirmeýän adamlara Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) we onuň nurly sahabalarynyň ýoly bilen barýar diýip bolmaz. Beýle adamlaryň özlerini alyp baryşlarynda hem-de aýdýan sözlerinde ýalan bardyr. Ýalan bilenem hiç kim dogry ýoly tapyp bilmez. Hakyň nämeligine düşünmeýän adam özgäni asla Hak ýoluna salyp bilmez.
Teblig edýän adam (din wagyzçysy) hakykaty görkezýän ölçeg daşy ýalydyr. Onuň durmuşy düýrmegi bilen dogrulyga ýugrulandyr. Has dogrusy, ýugrulan bolmalydyr.
Kuran muttakiler üçin Hak ýolunyň çeşmesidir. Kuranyň görkezýän çäginde ýaşamaýan adam şu çeşmeden nädip peýdalansyn?! Hakyň ýoly – Kuranda aýdylýan „Syraty mustakymdyr“. Halal durmuşda ýaşamaýan adam Hak ýoluna girip bilmedik adamdyr. Şonuň üçinem, ol adamlara Hak ýoluny nädip görkezsin?! Diýmek, mürşit we mübellig pygamberiň ýoluny ýöretmek bilen, pygamberlere degişli wezipäni ýerine ýetirýändir. Şonuň üçinem, ol pygamberlere boýun bolmalydyr. Şu günüň wagyzçysy, esasanam, köňli aňy ýaly, aňy hem köňli ýaly ýagty bolan kämil mürşidiň sözlerine has üns bermelidir. Ol şeýle diýýär: „Hak ýolundan çykanlar: „Adamlary özüňize çekmek üçin ylmy gural hökmünde ulanýarsyňyz“ diýip, Hak ýolundaky ylymdarlara töhmet atýarlar. „Ylym bilen, din bilen eklenç edýärler“ diýip nähak ýere olara hüjüm edýärler. Bularyň ýalňyşdygyny olara amal üstünde görkezmek gerek...“ Hawa, Hak ýolundan çykanlaryň aýdýanlarynyň ýalňyşdygyny amal üsti bilen olara görkezmek gerek. Galan zat boş gürrüňdir we boş gürrüňleriň hiç bir peýdasy ýokdur.
Ýer ýüzünde hemişe Yslamy hyzmaty gerdenine alyp biljek meýletinler topary bolmalydyr. Adamzadyň ýagty ertiri üçin göreşýän şol gahrymanlar adamzada hakyky wagyzçynyň nähili bolýandygyny görkezmelidirler. Bu topar şeýle bir jepakeş bolmaly, olar dünýeden gaýdanda, bar dünýe maly ýekeje kepene ýetmelidir, hatda käwagt şol kepene-de ýetmeli däldir. Ine, meniň hyýalymda ýaşaýan gahrymanlar. Ine, beýik göreşiň beýik ynsanlary.
Yslamy durmuşa dialektiki nazar bilen seredýänlere häzire çenli kän ýerde gulak asyp gördük. Halkymyz olaryň alyna düşüp, görmedigini görendir. Ýalňyşmaýan bolsam, bize indi olary tanarça wagt bolandyr. Indi biziň halkymyz gepe däl-de, amala seredýär. Eger-de edýän hereketi aýdýan gürrüňini tassyklaýan bolsa, onda biz ony bagrymyza basýarys.
Meselä hasam çuňlaşasym gelýär. Siz, başdan-aýak siziň bilen deň gopmaýan adamy özüňize ýakyn hasaplap bilmersiňiz, oňa ynanybam bilmersiňiz. Galyberse-de, erbetler bilen bolmak, olara bil baglamak mömin adamyň etjek işi däldir. Eger-de kimdir birine bil baglasyňyz gelýän bolsa, başdan onuň durmuşyna seredersiňiz. Eger-de ol sada durmuşda ýaşaýan bolsa we diýýän zatlary bilen edýän zatlary ters gelmeýän bolsa, onda oňa synyňyz oturýandyr. Adaty bolmalysy şeýledir. Aslynda, islendik adam bolanda-da, şeýle synagdan geçirmän, onuň yzyna düşüp gidibermek bolmaz. Munuň dogry däldigine taryh özüniň müňlerçe mysallary bilen güwä geçýär. Şonuň üçinem, agyzda aş gatyklaýana däl-de, özüni alyp barşy Iki Jahan Serwerimiziňkä (sallallahu aleýhi wesellem) çalym edýän adamlara boýun bolmalydyr. Meselä diňe daşyndan çemeleşýän ýa-da owadan gürlemegi gowy görýän adamlaryň yslamy hyzmatda zyýandan başga eden işleri bolmaz. Beýle adamlar ahlak taýdan bizden daşdadyr, bizem olardan daşda durmalydyrys.
Onsoňam, bir ýere bagly bolan hem-de bir ýerden minnet çekýän adam özüniň bergidar adamlaryna artykmaç söz diýip bilmez. Şonuň üçin, Ebu Hanife, Leýs bin Sad, Ymam Sewri, Fudaýl bin Iýaz, Ybraýym bin Ethem we ýene nijeme beýik şahsyýetler bu inçe meselä juda ähmiýet beripdirler. Şonuň üçinem, ol beýik danalaryň aýdan sözleri asyrlardan aşyp, bize çenli gelip ýetipdir. Olaryň wagyzlary şu derejede täsirli bolupdyr. (Şol döwür, gör, nähili ajaýyp döwür bolupdyr. Ol döwür Ýer togalagyna ýagty saçjak şeýle köp adamyň barysyny bile öz gujagynda kemala getiripdir.)
Mysal üçin, Süfýan Sewri gussa batyp oturan eken. Ondan näme üçin gussa batýanyny soranlarynda, ol şeýle jogap beripdir: „Men şunça adamy yzyma düşürip, olara hadys, fykyh we tewsir okatdym. Emma, bu adamlaryň köpüsi kazy bolup ýa bolmasa, başga bir döwlet wezipesine geçip, hökümete goşulýarlar. Men şuňa gaty gynanýaryn. Ertir magşar gününde olaryň eden etmişleriniň hasaby mendenem soralar diýip gorkýaryn.“
Süfýan Sewriniň halyf Harun Reşide ýazan haty bolsa, hemmämize belli bolşy ýaly, onuň gözel ahlagyna yşarat edýär. Harun Reşit halyf bolýar. Ol özüniň ýakyn dosty Süfýanyň gelip, oňa boýun bolaryna garaşýar. Elbetde, dostlugyň hatyrasyna, ol Süfýandan muňa garaşyp bilerdi. Emma, Süfýan asla beýle pikir etmändir. Ahyry Harun Reşidiň sabyr käsesi dolup, Süfýana hat iberipdir. Ol öz hatynda Süfýana teýene bilen şeýle ýazypdyr: „Her kim gelip boýun boldy. Aljagyny alyp gitdi. Ýöne meniň gözlerim welin saňa garaşdy durdy.“ Süfýan bu haty özi okaman, şägirtleriniň birine okadypdyr. Ol: „Zalymyň ýazan hatyna men elimi degrip bilmerin“ diýip şägirdine okadypdyr. Soňam, şol hatyň arkasyna jogap ýazdyrypdyr. Şägirdi oňa hapa kagyz bilen halyfa hat ýazmagyň gelişksizdigini aýdanda, ol beýik ynsan şeýle diýipdir: „Eger-de bu kagyz halkyň puluna satyn alnan bolsa, onda ony yzyna iberdigimiz bolar. Eger-de öz puluna satyn alnan bolsa, onda meniň kagyz satyn alar ýaly pulum ýok...“
Süfýan Harun Reşidiň iberen hatynyň arkasyna şu sözleri aýdyp ýazdyrypdyr: „Harun! Halyf bolduň. Halkyň puluny ýele sowurdyň. Menem, şu edýänlerime şaýat bol diýýän ýaly, öz ýanyňa çagyrýarsyň. Berk bellegin! Bir gün Allatagalanyň huzuryna bararsyň we näme eden bolsaň, senden hasap soralar...“ Ol ýene kän nesihatlary ýazdyrypdyr. Bu wakanyň dowamyny, Harun Reşidiň köşgünden bir adam bize şeýle gürrüň berýär:
Harun Reşit haty alyp okady. Ol horkuldap aglap başlady. Ol her namazdan soň, şol haty getirdip okadýardy we yzyndanam: „Seniň ýaly dost, esasan, şeýle kyn günümde meniň ýanymda bolmaly eken. Ana, şonda men aýagymy dürs basardym...“ diýýärdi.
Süfýan halyfa nädip beýle batyrgaýlyk bilen jogap gaýtaryp bildikä? Ol beýle güýji nireden aldyka? Dünýäniň öňünde baş egmezlik, dünýäden hem-de Allahdan galan ähli barlykdan el üzmek – onuň üçin ullakan güýç çeşmesi bolupdyr. Eger-de olam beýlekiler ýaly, dünýä özüni aldyran bolsady, onda ol halyfa beýle ýüzlenip bilmezdi. Harun Reşit diýilýän adam bäş wagt namazyny okaýan, haja, umra gidip gelen, nepil orazalaryny tutýan dindar hem juda rehimdar adam bolupdyr. Ýöne onuň käbir kemçilikler goýberýänini görüp, köne dosty oňa şeýle duýduryş berýärdi.
Şu ýerde bir salym säginip, adamzadyň ýagty ertirini gurujylara – nesillerimize ýüzlenip bir zady aýdasym gelýär: „Eziz boluň! Abraýyňyzy goraň! Mertebäňizi saklaň! Dünýe maly üçin kiçelmäň! Dine hyzmat edeniňiz üçin, gözüňiz dünýe malyndan dok bolsun! Haky hem-de hakykaty ýaýmak meselesinde özgä minnetli bolmaň! Allahyň goýan kanunlary örän ähmiýetlidir. Siz diňe Allahyň guly boluň! Şeýtseňiz, aýdan sözüňiz täsirli bolar we aýdýanlaryňyzy her kim kabul eder.“
Onsoňam, aýdylýan sözüň täsirli bolmagyny Allahyň özi ýola goýýar. Eger-de siz hiç kimden hiç zada hantama bolmasaňyz, Allatagala size biçak uly serpaý ýapar. Nädip ýapar diýýäňizmi? Dünýäde aýdan sözleriňiz adamlara täsir eder, ahyretde bolsa jenneti hem-de Jemalullahy görmek size nesip eder. Eger-de şeýtmän, halkdan bir zada hantama bolsaňyz, onda başdan siziň aýdýan sözleriňiziň täsiri gaçar, soňam iň uly nygmatdan binesip bolarsyňyz.
Dünýewi at-abraý hem-de wezipe wagtlaýyndyr. Şan-şöhrata kowalaşmaly däl, şan-şöhratym bar diýip eselmelem däl. Biz bu gün diňe bir dünýewi şan-şöhrata, abraýa kowalaşmakdan däl, eýsem teblig ýolunda ruhy mertebelere kowalaşmakdanam daşda durmalydyrys. Hawa, bize on adama Haky düşündirjekmi ýa-da uly wezipä geçjekmi diýseler, biz „On adama Haky düşündirjek“ diýip bilmelidiris. Gerek bolsa, gawslykdan, kutuplykdan, ähli ruhy mertebelerden gaçyp, Haky düşündirmelidiris. Sebäbi, biziň asyl borjumyz adamlara Haky düşündirmekdir. Hiç bir wezipe – dünýewi bolsun, ruhy bolsun, şu borçdan ýokarda durýan däldir.
Şol sebäpden, dini ýaýmaklygy, dünýewi bähbit üçin gural hökmünde ulanmak, ýa bolmasa Haky hem-de hakykaty düşündirmek bilen gazanylan üstünligi dünýewi şan-şöhratyň ýerine goýmak, altyny hem-de almazy çüýşe gyýçaklaryna çalyşmak ýaly, akmaklykdyr.
Hadyslaryň birinde hezreti Musanyň (a.s) döwründe bir adamyň doňza öwrülendigi aýdylýar. Ol baran ýerinde hezreti Musa (a.s) hakda, Onuň beýikligi barada gürrüň edýär eken. Emma, ol şu gürrüňleri öz bähbidine peýdalanypdyr, Allatagala-da ony mahluklaryň iň edrenjine öwrüpdir.
Mesh musulman ymmatynda ýokdur. Allah Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) onuň ymmatyndan meshiň aýrylandygyny aýdypdyr. Ýöne käbir adamlaryň içki dünýäsi ýaňky adamyny ýatladýar. Allaha ýalbarýarys! Bizi hem-de ähli tebgil ärlerini şeýle ýagdaýa uçramakdan Allahyň özi gorasyn! Ol dilegleri kabul edýändir. Dileglere jogap bermäge Allahyň güýji ýetýändir.
- -de döredildi.