Takdyr wyždany meseledir
Allatagalanyň barlygyny, Pygamber Serwerimiziň (s.a.w) pygamberligini dürli ylmy deliller bilen subut edip bolýar. Hatda ölümden soň ýaşaýyşyň barlygyny ylmy deliller bilen subut edip bolar. Ýöne, Takdyr beýle däldir. Takdyryň barlygyna ynanmak wyždan bilen baglanşykly meseledir.
Ynsan özüniň iman derejesine görä Takdyra ynanýandyr. Takdyr meselesine her kim akyl ýetirip bilşiçe düşünip bilýändir. Nijeme adamlar bolupdyr, olar ýedi derýanyň suwuny içenem bolsa, Takdyra degişli iň bir ýönekeý meselä-de akyl ýetirip bilmän, dünýeden ötüp gidipdirler. Wyždanynda Takdyryň syryna düşünere ýer goýmadyklar, dogrudanam, betbagt adamlardyr. Olara isle-isleme, ýüregiň gyýylýar. Ýöne bilip özüne zyýan edýan adama hiç kimiň nebsi agyrmaz. Beýle adamlar öz başarnyklarynyň aňyrsynda Allatagalanyň gudratynyň barlygyna düşünip bilmändirler. Gaflat ukusynda ýatan şol adamlar özleriniň edýän işleriniň Allatagala tarapyn öňünden ýazylandygyna akyl ýetirip bilmändirler. Olaryň ömri manysyz geçýär we olar hemişe-de Hak ýolundan daşlaşýarlar.
- -de döredildi.