Älemi gurşap alan jebri (mejbury) takdyr
Älemde düzgün-nyzam, deňagramlylyk, Takdyr hökmürowandyr.
„Allah her enäniň ýatgysyndakyny, ýatgynyň gaçyrýanyny hem göterýänini bilýär. Onuň dergähinde her bir zat ölçeglidir. Ol göze görünýänem, görünmeýänem bolup bilýär. Ol beýikdir. Onuň üçin sözüni ýaşyrýan ýa-da paş edýän bilen gije bukulyp gizlenýän, gündizem peýda bolýanyň arasynda hiç hili parh ýokdur “ (Rad, 13/8-10)
„Biziň dergähimizde her bir zadyň hazynasy bardyr. Biz şony diňe belli bir ölçege görä iberýäris“ (Hijr, 15/21)
„Ol gögi ýokaryk galdyrdy we deňagramly ölçegi goýdy“ (Rahman, 55/7)
Ine, şu aýatlar bize älemde her bir zadyň ölçegli we deňagramlylykda ýaradylandygyny aýdýar.
Takdyr älem-jahanda şeýle bir giň gerimde hökmürowan welin, asyl onsuz hiç zady göz öňüne getiribem bolmaýar. Älemi ýaradan Allah (j.j) tohumyň ýarylmagyndan ýaz paslyna, adamyň dünýä inişinden ýyldyz hem galaktikalaryň döreýşine çenli her bir zada maksat beripdir. Allatagala her bir zadyň Takdyryny düzüpdir. Dünýäniň dürli ýerlerindäki alymlar özleriniň ýüzmüňlerçe eserleri bilen şu düzgün-nyzamy – älemiň Takdyryny beýan edipdirler. Marks hem mejbury determinizm barada aýdyp geçipdir. Diýmek, älemdäki her bir zadyň düzgün-nyzamly ýaradylandygyny her kimem boýun alýar. Galyberse-de, Ibni Haldun ýaly käbir yslam alymlary hem nähilidir bir determinizmden söz açypdyrlar. Hatda soňky döwürlerde günbatarlylar şu pikiri jemgyýetçilik durmuşyna ornaşdyrjak bolýarlar. Ýöne biz ähli-sünnet ýolunda ýöräp, şu pikiri belli şertlere baglaýarys. Diňe şol şertler bilen bu pikiri dogry hasaplaýarys. Şunuň bilen birlikde, adamyň öz erkini-de içine alýan külli Takdyryň her bir zada hökmüni ýöredýändigini aýtsa bolar.
Mysal üçin, bir binany salaňda-da, başda şol binanyň taslamasy taýýarlanylýar. Örän inçe hasaplar bilen binanyň çyzgysy çyzylýar. Edil şonuň ýalam, şu ägirt uly sistemalar, atom dünýäsi bilen adamlaryň öz dünýäleriniň arasyndaky deňagramlylyk hiç hili taslamasyz, ölçegsiz nädip öz-özünden döräp bilsin? Biziň görýän şeýle ajaýyp sazlaşygymyz binanyň salynşyndan kemmi näme? Binanyň işläp düzülen taslamasyz salynmaýanyny kabul edýänler ajaýyp sazlaşygyň öz-özünden döremändigini kabul etmeli dälmi eýsem?
Tohum hem-de şänik – bular içine Takdyr goýlan sandyklardyr. Agajyň ösüş prosesi, onuň ýaşamaly bütin ömri programmirlenip şänigiň içine salnypdyr. Gurluşy taýdan biri-birine çalym edýän hem-de şol bir ýönekeý elementlerden emele gelen juda köp şänik ýa-da tohum topraga atylanda, dürli-dürli al-elwan güller, müňlerçe görnüşli ösümlikler, agaçlar döreýär. Her bir şänik, her bir tohum Takdyryň oňa çyzyp beren taslamasy esasynda ylmy hem ruhy gurluşa eýe bolup, özüne mahsus geýimleri bilen topragyň üstünde göreni haýran galdyrýar. Müňlerçe tikinçi ençeme ýyllap zähmet çekse, ýekeje agaja-da şeýle ajaýyp geýim geýdirip bilmez. Muňa garamazdan, dünýä döräninden bäri ähli agaçlar öz geýimlerini özleri biçýärler. Ine, bu döreýşi belli bir Takdyr bilen baglanyşdyrman asla düşündirip bolmaz.
Şu ajaýyp älem köşgüne bir syn et! Teleskopyň başynda oturan adam 5 million ýagtylyk ýylyna barabar uzaklygy görýär. Başgaça aýdanyňda, bir nebulo sönäýse, sen onuň sönenini 5 million ýyl soň aňyp bilýärsiň. Ýa bolmasa, sen şöhle bolup şol ýyldyza barmakçy bolsaň, o taýa 5 million ýyl soň baryp bilýärsiň. Ine, şu ägirt älem, şeýle uçursyz gözellik adamy haýrana goýýan sazlaşyk bilen henizem aýlanyp dur. Galyberse-de, makro älem bilen ýer ýüzüniň adam atly patyşasy „norma“ älemiň arasynda örän inçe baglanyşyk bardyr. Bu baglanyşyk iki älemiň arasyndaky deňagramlylygy iň çylşyrymly ölçegler bilen saklaýan beýik Gudratyň çäksiz ylmyna hem-de onuň goýan Takdyryna yşarat edýär. Adamyň beden agzalarynyň arasyndaky gatnaşygy tutuş älem-jahanyň agzalarynyň arasynda-da görse bolýar. Alym Jean dogry aýdýar: „Atomlar älemini, adamzat älemini we beýleki älemleriň ählisini döreden beýik Gudrat, bularyň baryny geometriki ölçegler esasynda ýaradypdyr“. Älemde göze dürtülip duran geometriki hasap hökmürowandyr. Eýsem, şeýle çylşyrymly geometriki hasap, älemi iňňän inçe hasaplamalaryň esasynda ýaradan Beýik Biribaryň barlygyny subut etmeýärmi?
Geliň, meseläni hasam ýönekeýleşdirip düşündirjek bolalyň.
Siz çaklaňja bir jaý saldyrjak bolsaňyz, başda jaý ussasynyň ýanyna baryp, onuň bilen maslahatlaşmaýarsyňyzmy? Sebäbi, käwagtlar goýberilen ýekeje ýalňyşlyk üçin tutuş binany sökmeli bolýar. Salynmaly binanyň hasabyny şonuň üçin dogry çykarmaly. Horaşaja jaý saljak bolsaňam, hökman ölçegi biçilýär. Şondan soň, binany salmaga girişilýär. Onsoňam, siz salýan jaýyňyzyň şäheriň ahritekturasyna gabat gelýänligi barada döwlet edarasyndan rugsatnama almaly . Ine, ýekeje bir bina diýip şunça alada galmaly. Tutuş älem ýaradylanda bolsa, gör, nähili inçeden-inçe hasap ulanylandyr?! Mysal getireýinmi: Iýýän almaňyz bilen siziň araňyzdaky inçe baglanyşyga bir serediň! Agyz almanyň tagamyny alýar, almanyň düzümindäki witaminler bedene geçýär, hatda alma agajynyň saýasynda dynç alybam bolýar, adamyň bölüp çykarýan kömürturşy gazyny agaç özüne sorup alýar hem-de onuň çykarýan arassa howasyndan adam dem alýar – ine, şular inçe baglanyşyklaryň käbidir. Bular ýaly, ýene-de ýüzlerçe baglanşygy tapmak bolýar.
Meselä, isleseňiz, şeýle kiçi çäkde garap geçiň, isleseňizem ýyldyzlaryň hem galaktikalaryň ölçegine çykyp görüň. Ähli ýerde inçelik bilen hasaplanan deňagramlylyk saklanýandyr.
Astrofizikler älemiň her nokadynda haýsy ölçegleriň barlygyny hem-de şol nokatlarda haýsy magnetiki güýçleriň nähili täsirlidigini bilýärler. Sebäbi, geometriki ýerleriň hem güýçleriň kuwwaty öňdenem bardyr. Kompýuterleriň oýlanyp tapylmagy bilen, älemde ýaradylýan her bir barlygyň ýaradylyşda programmirlenýändigi anyklanylypdyr. Atomlardan ýyldyzlara çenli her bir barlyk programmirlenipdir. Lewhi-mahfuzda her bir zat ýazylypdyr. Ine, bizem muňa Takdyr diýýäris.
Sperma belli bir kanun esasynda hereket edýär. Hromozomlaryň dili bilen, RNK hem DNK-laryň ajaýyp wezipesi bilen we öýjükleriň sözleri bilen aýdanymyzda: „Sperma adam atly barlyga öwrülmäge imrinýändir“.
Ýeri gelende, ýene bir zady belläp geçesim gelýär. Başdan şu ýere çenli aýdanlarymyň bary jebri (mejbury) Takdyra degişlidir. Ýagny, ynsan erkiniň daşynda, tutuş älemi aýlaýan Takdyrdyr. Mejbury Takdyr älem-jahany gurşap alypdyr. Älem-jahany dolandyrýan Takdyryň çäginde ynsanyň erkiniň asla sözi ýöreýän däldir. Allah ýaradýar we ýaratjak zadyny hiç kimden soramaýar. Ol Jepbardyr (Islänini edýän, hökmi bar zada geçýän, gudrat eýesi bolan beýik Allah). Onuň ýaradan her bir zadynda hikmet bardyr. Ýöne hikmetem esasy sebäp däldir. Sebäbi, „Ol islänini edýändir“ (Buruj 85/16). Dünýä ýaradylandan bäri öz okunyň daşyndan hem-de Günüň daşyndan mejbury Takdyryň güýji bilen aýlanyp durandyr. Bu aýlanyşygy hiç kim saklap bilmez. Gün bilen Aý ýaryşa goşulypdyrlar. Hiç kim şol ýaryşyň öňüne böwet bolup bilmez. Çünki, bu ýaryş diňe mejbury Takdyryň gözegçiligindedir. Her bir zat şol Takdyra boýun egäýmelidir.
- -de döredildi.