Takdyra ynanmagyň miweleri
Takdyr meselesine doly düşünýän hem-de wyždanynda basgançak-basgançak galyp, Takdyra degişli syrlaryň üstüni açmaga synanyşýan adam, netijede, ähli zadyň Allahdan gelýänini bilýär. Şeýdip, ol şu aýatyň aýdýan hakykatyna ulaşýar: „Sizi we edýän işleriňizi Allah ýaratdy“ (Saffat, 37/96).
Biziň islendik hereketimizi ýaradýan Allatagaladyr. Iýmek, içmek, ýatmak, turmak, oýlanmak we gürlemek – bu işleriň ählisi Allah tarapyn ýaradylýar. Aslynda, ýaradylan zatlaryň ählisi Allahyň mahlugydyr. Ine, Hak ýolunda barýan adam şu hakykaty ýoýman görüp bilýär. Gündiziň günortany güni nähili äşgär görüp bolýan bolsa, edil şonuň ýaly, Hak ýolundaky adamam wyždany beýiklige çykyp, dury görşe eýe bolýar. Şonuň üçinem, hakykaty görüp bilýän adam ýaňlyşlykdan doly arany açýandyr.
Her bir eden işiňi Allatagalanyň ýaradýanyna ynanyp, jogapkärçiligi üstüňden aýyrmazlyk üçin „Erk“ diýen zat ara goşulýar. Erk adama: „Sen jogapkärsiň“ diýýär. Erk adama özüniň jogapkärligini ýatladýar. Ýagşy işler edip hondanbärisi bolmazlyk üçinem, Takdyr ara goşulýar. Takdyr adama: „Hondanbärisi bolma! Sen etmediň“ diýip, ony men-menlikden halas edýär. Şeýlelikde, adam deňagramlylygy saklaýar. Ol şeýdip ýaşasa, hemişe-de deňagramlylygy saklap bilýändir.
Adam özüniň döreden gözelliklerine eýe çykyp bilmez. Sebäbi, şol gözellikleriň ählisi Allatagalanyň oňa ýazgyt eden Takdyrynda bardyr. Beýle pikir edilmese, şirke (Allaha şärik goşmak) girildigi bolar. Gözellikleri beren gönüden-göni Allahdyr. Adamyň nebsi hiç haçan gowy zatlary isleýän däldir. Elbetde, şu ýerde gowy diýýän zadymyz, Allahyň gowy hasaplaýan zatlarydyr. Biz nebsimiziň halaýan zatlaryny gowy zatlar hasaplamzok. Hawa, nebis hakyky gözelligiň hem gowulygyň ganym duşmanydyr. Ol hemişe şolaryň duşmanam bolar. Sebäbi, nebsiň tebigaty şeýledir.
Nebis diňe erbetligi isleýändir. Diýmek, edilen erbet işe-de diňe nebis jogapkärdir. Ine, aýatda şu iki esas birleşdirilýär we şeýle diýilýär: „Saňa gelen her bir ýagşylyk Allahdandyr. Her ýamanlygam nebsiňdendir“. (Nisa, 4/79).
Özüňde bar bolan gözellikler bilen öwünmäge seniň hakyň ýokdur. Sebäbi, şol gözellik aslyýetinde seniňki däldir. Sendäki gözellikleriň baryny Allatagala saňa yhsan edipdir. Yhsan bolsa, şüküri hem-de pespälligi talap edýär. Günäler barada aýdylmaly bolsa, adam özüniň jüzi-erkini ulanyp, günä iş edýändir. Diýmek, seniň nebsiň jogapkärdir. Sen nämä meýil eden bolsaň, näme iş etmäge hyýallanan bolsaň, ýa bolmasa nähili işleri göz öňüne getiren bolsaň, Allatagala-da şony ýaradypdyr. Emma, biziň bu aýdýanlarymyzam ýene-de wyždanda syzyp bolýan hakykatlardyr. Ýagny, seniň içki hyýallaryňy diňe wyždanyň bilýändir. Allatagala özüniň ylmyna hem bilýänlerine seniň wyždanyňy şaýat goýupdyr.
Takdyra iman getiren adam geçmişe hem-de başa gelen kynçylyklara Takdyryň üsti bilen seredýär. Müňlerçe bela-beter daşyny gallap durka, ol: „Allahyň maňa Takdyr edeni şudur“ diýýär we umytsyzlykdan halas bolýar. Ol gelejege seredende-de: „Maňlaýyma ýazylany görübermeli bolar-da!“ diýip, ýaltalyk etmeýär. Ol özüniň eden ýalňyşyny Takdyra ýöňkemez. Allatagala: „Dogrusy, adam üçin zähmetinden başga zat ýokdur“ (Nejm, 53/39) diýýär. Hawa, erbedem, gowynam Allah ýaradýar. Sebäbi, ýaratmak diňe Allaha mahsusdyr. Ýöne, erbetligi isläni üçin adam jeza çekýär. Ine, şu zeýilli ynanja eýe bolmak ýaňy iman ýoluna düşenler üçin hökmanydyr. Mundan aňryk geçmek, Takdyra degişli meseleleri dörjelemek, inçe meseleleriň gürrüňini etmek maslahat berlenok. Çünki, Takdyr örän ynjyk meseledir. Ymam Agzam öz şägirtlerine şular ýaly meseleler bilen jedelleşmegi gadagan edipdir. Oňa: „Sen özüň näme üçin bu mesele hakda gürrüň edýäň?“ diýenlerinde, „Başyna gonan guşy uçurmajak bolup, seresaplylyk bilen hereket edýän adam ýaly, menem şu meselä örän dykgatly çemeleşýärin“diýipdir. Ol şeýle diýjek bolupdyr: „Siz gürrüň edeniňizde, garşyňyzdakydan asgyn gelmejek bolup gürleýäňiz. Garşyňyzdakyny sözde tutup bilseňiz, begenýärsiňiz. Şonuň üçinem, size beýle meseleler barada jedelleşmegi gadagan edýärin“.
Meseläniň inçeligi gozgalýan meseläniň logiki tarapyna kölege salmaýar. Käbir meseleleri hemmäniň ýanynda gozgamak dogry däldir. Esasan, Takdyr meselesi öwrenilende, ezber zergäriň aşa seresaplylygy zerurdyr.
- -de döredildi.