Parahatçylygyň köprüleri
Hepdäniň duşenbe güni uly tiražly gazetlerimizde çap edilen habarlary okanymda, dünýäniň çar künjegindäki ýüzlerçe türk mekdepleriň açylandygyna buýsanman bilmedim. Ol habar täze çykan bir kitap baradady. Kitabyň redaktory üç adam: Ilber Ortaýly, Toktamyş Ateş we Eser Karakaş. Kitabyň ady bolsa, «Parahatçylyk köprüleri ýa-da dünýäde açylan türk mekdepleri». Ýurdumyzda giňden tanalýan intellektuallaryň türk mekdepler baradaky pikirleri şu kitapda giňişleýin ýerleşdirilipdir.
Türk mekdepleriniň ähmiýeti şeýle ulumy? ABŞ we beỳleki dünýä ýurtlarynyň ählisi bilim bermegiň täzeçe usullaryny gözleỳän wagty, bu mekdepleriň aỳratynlygy we üstünlikleri nämeden ybarat bolup durỳar?
Türk işewürlerini dünýäniň köp ýurtlarynda türk mekdeplerini açmaga gönükdiren hormatly Fethullah Gülen: «Görübilmezçilik edýänler we naýynsaplyk edýänler bar hem bolsa, şu mekdepleriň açylmagy asyrymyzyň taryhy wakasydyr» diýýär.
Hormatly Ejewit şeýle diýipdi: «Milli gymmatlyklarymyzyň dünýäde tanalmagy, türk diliniň ýaýramagy ýaly taraplardan seredeniňde, Osmanlynyň pajarlan döwründe-de bular ýaly ädimleriň ädilmändigini görse bolýar. Aziýaly, ýewropaly, afrikaly, awstraliýaly, amerikaly çagalar biziň aýdymlarymyzy, gimnimizi aýdýarlar. Biziň görýänimiz düýşem däl, hyýalam»
Syýasy hem ykdysady meselelerden saplanyp bilmeýän ýurdumyz şu mekdepleriň barlygy bilen gelejege umytly garaýar. Türk işewürleriniň şu mekdeplere hemaýat etmegi şu hereketiň netijeliligini görkezýär. Diýmek, globallaşan dünýämizde bir ýere gabaljak bolnan türk halkynyň serhetden aşmagy, bu eýýäm taryhyň täze sahypasy diýmekdir.
Hormatly Gülen türk halkynyň şu meselä çynlakaý ýapyşjakdygyny subut etdi. «Türk halkynyň täze, parlak döwri başlaýar. Halkymyzy söýýän, ýurdumyzyň dünýäniň abraýly ýurtlaryň hataryna goşulmalydygyna ynanýan her kim şu işe goltgy berýär»
Aýratyn bellemeli zat bolsa, ỳaş we pidagär mugallymlaryň her hili kynçylyklara döz gelmegidir. Türk halky beýle gaýduwsyzlyklary öň diňe söweş meýdanlarynda görendirler. Olara her kim düşünip bilmez. Adamzadyň ýagty ertiri üçin zähmet çekýän, «hijret» niýeti bilen daşary ýurtlarda mugallym bolup işleýän, diniň esasy ýörelgeleriniň biri «Emri bil magruf, nehýi anil mükner» (Ýagşylygy ýaýmak, ýamanlygyň öňüni almak) berjaý etmek üçin her hili kynçylyga döz gelýän adamlara nadanlar nädip düşünsin?! «Haky wagyz etmek üçin öz ýurtlaryndan jyda düşen şol adamlar türk halkynyň abraýyny belende galdyrdylar. Olar Türkiýe döwletiniň wekilleri hökmünde gitdiler» Gülen sözüniň üstüni ýetirýär:
«Olar tohum sepilen ỳaly dünỳä ỳaỳradylar. Dünýäniň çar künçeginde Türkiýäniň bähbitlerini ileri tutjak hereketleri we garaỳyşlary döretmek üçin gitdiler. Öz ahlak gymmatlyklarymyz bilen ýaş nesile terbiýe bermäge gitdiler». Olar barada näçe kitap ýazylsa-da azdyr. Olary her kim tanamaly. Hekaýalarymyzda, romanlarymyzda, sahna eserlerimizde olaryň taryby ýetirilmeli. Olar hakda goşgy goşulmaly. Elbetde, olar bizden hiç zada hantama däldirler. Ýöne olar baharyň ilkinji buşlukçylarydyr. Mähir-muhabbeti baýdak edip göterýän şol mugallymlaryň nähili pespäldiklerini, nähili haýyrly işler edýändiklerini biz bütin dünýä duýurmalydyrys.
- -de döredildi.