Medeniýetler arasyndaky dialog we koležler
Türk koležleriniň dünýä bilim ulgamyna ýetiren täsirini wagtyň geçmegi bilen has-da ýiti duýjagymyza ynanýaryn. Çünki, bilim uzagy nazarlaýan, marafon ýaryşyna meňzeş we ýaryş häzirem dowam edýär. Emma, geçilen ýola, nazar salsak henize çenli az wagtyň içinde şeýle giň ýaýran, durmuşymyza şeýle çalt öz täsirini ýetiren hiç bir okuw sistemasy ýok bolsa gerek. Ol syýasy, sosial, medeni we halkara gatnaşyklary babatda birnäçe hereketlere ýol açdy we bu ugurlarda hereketleriň güýçlenmegine sebäp boldy. Ýönekeý, sada we pidakärlige ýugrulan hyzmatyň çägi gitdigiçe giňäp, medeni gatnaşyklary güýçlendirýän gurama öwrülen koležler bu işi uly başarjaňlyk bilen amala aşyrjak adamlary ýetişdirýän ojagy hem emele getirdi. Bu koležler mugallymlaryň, edara işgärleriniň we terbiýeçileriň jemlenen iş ýerleri bolmak bilen birlikde, ylym, din we medeniýet ulgamlarynda dürli garaýyşlary bolan adamlary hem özüne çekýän, olary bir ýere jemlän gurama öwrüldi. Olar ylym, din we medeniýetler arasyndaky köprüniň ilkinji daşlaryny goýdular we onuň berk esaslaryny döretdiler. Koležler geljek üçin şeýle möhüm işi amala aşyrýarlar we onuň şeýle uly işdigini özleri hem doly göz ýetirip bilmeýän bolsalar gerek. Ahlak, adamkärçilik we sosial meselelerinde giň düşünjeli, dürli medeniýetleri biri-birine ýakynlaşdyrjak adamlary ýetişdirmek bilen, geljekde medeniýetler arasyndaky dialoga uly ýol açýarlar we onuň berk fundamentini guýýarlar. Biri-birlerinden tapawutly bolan medeniýetleri deň kabul edip bilýän adam, bu medeniýetleriň biri-birlerine ýakynlaşmagy üçin iň zerur baglaýyjy we onuň düýbüni tutujydyr diýip aýtmak bolar. Bu ýerde dürli medeniýetleri deň kabul edýän, olara deň derejede açyk adam diýip aýdýanlarymyza öz asyl medeniýetlerinden daşlaşan, ondan ýolunyp aýrylyp, iki arada galan adamlar diýlip düşünilmeli däldir. „Dialog, bir-birege düşünmek diýmek, bir-birege hormaty saklap, öz asyl köküň hem gymmatyny gaçyrman, iki tarapada kabul ederlik sosial we düşünje giňişligini döredip bilmek diýmekdir. Käbirleriniň edişi ýaly bilkastlaýyn, garşy tarapy özüňe öwürjek bolmak däldir. Beýle adamlaryň niýetinde syýasy we ykdysady taýdan özüňkini gögertmek, sosial we medeni taýdan hem garşydaş tarapy özüňe öwürmek bar. Bu bolsa dialoga we iki taraplaýyn düşünşişmek işine ters gelýär”.
Başga bir tarapdan bolsa, bu gün edilýän ähli aladalara garamazdan, „globallaşmak” diýiliýän örän giň manyny öz içine alýan gatnaşyklar ýumagy garşymyza çykdy. Globallaşmak ähli ugurlarda prýuralizmi we başga bir tarapdan dinimizi, milliligimizi ýitirmek gorkusyny döredýän „kesekiligi” işigimize çenli getirip goýdy. Bu ýagdaý tutuş adamzada we milletleriň gatnaşygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Şonuň üçin häzir biz dürli medeni gurluşlary özümize duşman edinmän, islendik şahsyýetiň buýsanjyna zeper ýetirmejek ýagdaýda, hiç hili düşünje çaknyşygyna girmezden, bir-biregi tanamaga mejburdyrys. Bir-birekdäki tapawutlara çydamsyzlygyň kökünde her kimiň öz ejizligi ýatýar. Biz bu topraklarda ýaşap geçen ata-babalarymyzdan galan iň azyndan müň ýyllyk taryhy bolan medeni däp-dessurlara eýediris. Bu uzak geçmişiň dowamynda milletimiz örän köp medeni, dini we etnik däpleri we tapawutly ýörelgeleri özüne siňdirip bilipdir. Diňe bir syýasy we etnik manyda däl, medeni we sosial gatlaklar manysynda-da Anadoly medeniýetler mozaikasyny emele getiripdir. Bu mozaika syýasy we idiologik babatda bolup biläýjek kynçylyklary ýada salsa-da, Anadoly dürli medeniýetleriň sazlaşygynyň, dialogyň ýola goýlan ýurduna öwrülipdir. Ýasawy, Möwlana we Ýunus ýaly akyldarlar ähli durmuş tejribelerini, bütindünýä ahlak we ynsanperwerlik ýörelgelerini bu ýerde gazandylar. Koležleriň ähli medeniýetlere açyk häsiýetde bolmagy, öz köküni şol döwürleriň ruhundan alyp gaýdýar. Olar bu ruhy baran ýurtlaryna özleriniň mugallymlar topary bilen eltýärler. Kimseler bu hereketi häzirki zaman türk gumanizminiň ýüze çykmasy diýip atlandyrdylar. Günbatarda oňa türk sufizminiň çäklerinde orun berdiler. Emma koležleiň alyp barýan işine içgin garalanda gumanizm diýmegem, sufizm diýmegem bärden gaýdýar. Çünki, koležler diňe ne sufizm, ne-de gumanizm hereketidir. Olaryň tutan pidagärlik, çyn ýürekdenlik we ýokary derejedäki ynsanperwerlik ýoly hakykatdanam bir tarapdan sufistleriň we gumanistleriň ýoluna gabat gelýär. Emma, koležleriň bilim sistemasy, has giň möçberde köpçüligiň dürli gatlaklaryna we bilimiň esaslaryna gönükdirilendir. Emma, sufistik ideallaram, gumanistik ýörelgeler hem tutumy babatda has dar we has durgunlaşan esaslary öz içine alýar. „Sufizm umuman dünýewi we tehnologik ösüşi kabul etmeýär. Maddy we ruhy deňlige bir taraplaýyn garaýar. Gumanizmiň bolsa, köpçüliklikdäki bolup geçýän özgerişlere garşy durmakdan ejiz gelýän ýagdaýlary bar. Halk jemgyýet we wakalaryň öňünde sabyrly we kanagatlybolmak manysynda passiwligi oňlaýar. Koležlerde bolsa dogumly, aktiw we köpçüligiň halaýan adamsy terbiýelenip ýetişdirilýär. Olarda dünýäni we tehnologiýany mukaddesleşdirmän, ruhy we maddy deňligi saklap, birini beýlekisine garşy goýmak niýetinde bolmadyk adamy terbiýeläp ýetişdirmek maksat edinilýär”. Başga bir tarapdan bolsa, olarda jemgyýetçilik we medeni dialogy öňe ilerletjek aktiw şahsyýet emele getirilmäge çalşylýar.
Şübhesiz, meseläniň filosofiki we düşünje esaslary barada aýdylyp bilinjek zat kändir. Dürli modelleri döredip biljek ýörelgeler hem orta çykyp bilner. Emma, koležleri döreden we ony ýola goýan adamlaryň medeni we jemgyýetçilik durmuşynda bitiren hyzmatlaryna olaryň hiç biri mynasyp derejede baha berip bilmez. Şeýle hem niýetindäkini durmuşa geçirip bilýän, hereketliligi pikirden we intellektual gözýetiminden öňe düşüren bir sistema bilen garşylaşýandygymyzy unutmalyň. Adam pikirindäkini we zehinindäkini belli bir çäklere jemläp biler, ýöne olary durmuşa geçiren mahaly niýetindäkidenem güýçli täsiri orta çykaryp biler. Bu sebäpli M.F. Güleniň esas edinen „temsil teblygyň öündedir” ýörelgesi, ýagny, niýetiňdäkini amala aşyrmak üçin ilki özüň şol ugurda görelde bolmak ýörelgesi koležler sistemasynda-da ulanylypdyr.
Koležleriň bilim sistemasy hakynda-da, jemgyýetler arasyndaky dialog hereketi hakynda-da birnäçe akademiki we žurnalistik teswirlemeler ýazyldy. Olaryň käbirleri hakykatdanam ussatlarça we intellektual derejesi ýokary bolan teswirnamalardyr. Emma, bu pikir öwürmeler akademiki gözleglere mahsus bolan, öňden ýoň bolup giden galyplardan çykylyp bilinmän ýazylan teswirlerdi. Olarda söz açylýan hereket doly öwrenilmän, okyjyny öz galyplaryna salmaga çalşylýar. Şol galyba salnan pikir öwürmeleriň derejesinden garasaň, bu hereket babatda okyja hiç hili düşnüksiz ýer galmaýar. Emma, hakykatda we geljekde bu teswirlemeleriň şol hereketiň sosial we jemgyýetçilik prosesslerine ýetiren täsirini doly açyp görkezmändigi belli bolar. Bu sebäpli berlen bahalar iň soňky netije we karar diýlip kabul edilmän, herekete işjeňlik görkezmäge mükinçiligi berilmelidir. Çäklendiriji, üstüne sürünip, mejbur ediji şekilde onuň öňüne böwet basjak bolmak ýalňyşdyr. Bu hereketiň pikir we sosial işjeňligine garşy durmaga çalşylmaly däl. Çünki, esasy zat oňa berlen bahalar däl, hereketiň öz alyp barýan ýoludyr.
Bu şekildäki, ýatlatmalary öz içine jemleýän didaktiki düşündirişlerden soňra, koležleriň geljekde medeniýetler we milletler arasyndaky dialoga görnükli goşantlar goşjakdygy bardada-da aýdyp geçeliň. Munuň çäklerini, giňligini ýa-da pikir we intellektual taraplaryny häzirden kesgitlemek kyn. Ol ýaýran, özüni tanadan ýurtlarynda nähili kabul ediljekdigine, şol ýurtlardaky adamlaryň özlerini, medeniýetlerini bu dialoga nähili derejede açjakdyklaryna bagly. Dogrusy, koležleriň dünýäniň dört künjeginde döreden we işjeň girişen gatnaşyklarynyň netijesi, ýerýüzüniň dürli medeniýetleriniň, syýasy we idologik päsgelçilikler döredilmese, özara dialoga taýýardyklaryny görkezdi. Bu meselede diňe hemmelere görelde bolup biljek, batyrgaý herket edýän, dialogyň öňüni başlaýyja mätäçlik bar. Türk koležleriniň işine ýürekden ýapyşan bilim adamlarynyň tutanýerli hereketleri bu mätäçligi hem aradan aýyrýar.
- -de döredildi.