Ilahy ylym we kaderiň gatnaşygy
Allah (j.j.) çäksiz ylymy bilen geçmişi, häzirki zamany we geljegi bir nokat ýaly biler.
Erk we takdyryň gatnaşyklaryny has gowy düşünmek maksady bilen her bir zada gözegçilik edýän Allahyň (j.j.) çäksiz ylmyny azajygam bolsa, düşünmek üçin käbir aýatlaryň mealyndan (düşündirişinden) mysal alalyň:
“Allah eden her zadyny bilýändir” (Nur, 24/41). “Siz käbir zatdan närza bolarsyňyz, emma siziň üçin ol haýyrdyr. Käte-de bir zady halarsyňyz, emma ol siziň üçin şerdir. Allah biler, siz bilmersiňiz” (Bakara, 2/216). Ýerde we asmanlarda bolan ähli zady biler” (A.Imran, 3/29). “Ýer ýüzünde ryzky Allaha degişli bolmadyk ýekeje-de jandar ýokdur. (Allah) onuň duran we aman goýlan ýerini biler. Bularyň hemmesi aç-açan kitapdadyr” (Hud, 11/6). “Allah olaryň geçmişinem, geljeginem biler. Olar bolsa, ylmy taýdan ony gurşap bilmez” (Ta-ha, 20/110). “Allah ynsana bilmeýänlerini bildirdi” (Alak, 96/5). “Gaýybyň açarlary Ondadyr. Olary diňe Ol biler. Ol gury ýerde we deňizde bolan ähli zady biler” (Engam, 6/59). “Rabbymyň sözlerini ýazmak üçin deňizler syýa bolsa, ýene-de şonçany goşsak, Rabbymyň sözleri gutarmanka, deňizler gurar” (Kehf, 18/110).
Bular älem-jahan kitabynyňam aýdýan şol bir hakykatlaryndan başga zat däldir. Älem-jahanda iň uly älemlerden iň kiçijik älem bolan atomlara çenli ähli zatda anyk matematiki deňagramlylygyň we ölçegiň häkim bolmagy çäksiz ylymyň nusgasydyr. Ylymyň ähli pudagynda diýen ýaly ýazylan müňlerçe kitap hem şol bir hakykaty tassyklaýar. Düýnki güne çenli medisinada bedeniň anatomiýasy barada ýeke kitap ýazylan bolsa, bu gün göz, bagyr, ýürek... ähli organlar, hatda öýjükler hakynda aýry-aýry kitaplar ýazylyp, uniwersitetlerde aýry-aýry ugurlar, bölümler işleýär. Müňlerçe ýyl deňizler syýa, agaçlar galam bolsa we isle, Kur’an, isle, älem-jahan kitaby barada kitaphanalary doldurjak eserler ýazylsa, galamam gutarar, syýa-da. Emma ýazylanlaryň ählisi bir guşuň çüňkünde ummandan galan suw damjasy ýaly ýa bolar, ýa-da şolam bolmaz.
Aýna seredeniňizde ýüz keşbiňiziň ömrüňiziň dowamynda tanaýan ýüzleriňiziň hiç birine meňzemeýändigi barada oýlanyp gördüňizmi? Ýa-da barmagyňyzyň yzynyň, gözüňiziň gurluşynyň meňzeşine duş geldiňizmi? Kim bilýär, geljekde ýene näçe organlaryňyzyň meňzeşiniň ýokdugynyň üsti açylar. Hawa, üns berip synlasaňyz agaçalarda we ýapraklarda-da uly tapawudy görersiňiz. Gar tozgalaryny ýörite enjamlar arkaly ulaldyp gören alymlar olaryň hiç biriniň beýlekisine suw molekulalarynyň sany bilenem, görnüşi taýndanam meňzemeýändigini anyklapdyrlar.
Bular nämäni aňladýar? Islendik barmak yzyny ýa-da ýüz keşbini öňki, hatda şol wagtda ýaşap ýören we geljekde dünýä injek ähli ynsan ýüzlerinden tapawutly ýaratmak üçin, miliardlarça adam ýüzlerini we barmak yzlaryny garyşdyrmaýan, unutmaýan, gurşap alan ylym eýesiniň bolmagy gerekdir. Biz dostlarymyzyň, dogan-garyndaşlarymyzyň ýüz sypatyny Lewhi Mahfuzyň kiçijik mysaly bolan huşumyzda nähili saklaýan, olary görenimizde sypatyna görä tanaýan bolsak, Allah-da (j.j.) geljek millardlarça adamyň ýüzüni we barmak yzlaryny çäksiz ylymy bilen bilip, juda öňden Takdyr Kitabyna ýazypdyr.
Allah (j.j.) çäksiz, her bir zady gurşap alan ylymy bilen ähli geçmişdir gelejegi bir nokat kimin görýär we bilýär. Aýdalyň, dagda bir agajyň aşagynda kitap okaýarsyňyz. Emma ruh bölümimizde aýdyp geçişimiz ýaly, birden maddy ölçeglerden çykyp ýokaryk göterilmäge başladyňyz we dagyň çür başyna çykdyňyz diýeli. Ine, şol beýik nokatda dagyň öňünem, arkasynam görersiňiz. Şonuň ýaly, Rabbymyz hem (ähli maddy ölçeg we düşündirişiň aňyrsynda) geçmişi, gelejegi ähli sebäp we netijeleri bilen edenimizi, etjegimizi her hereketimizi, erkimizem üstüne goşup, muhit (gurşap alan) we çäksiz ylymy bilen has öňünden görýandigi, bilýändigi üçin ýazýar we takdyr edýär. Bizem wagty gelende ony öz erkimiz bilen ýerine ýetirýäris.
Bilýänsiňiz, her ýyl 365 günlük namaz wagtlary minuduna çenli öňünden bilinip ýazylan kalendarlar neşir edilýär. Kalendarda görkezilen wagt girenden azan okalýar. Bizem öz eradamyz (erkimiz) bilen Hakyň diwanynda gol gowşuryp, namazymyzy okaýarys. Bu hem geljekde etjek ybadatlarymyzyň bir nukdaýnazardan wagtma-wagt öňünden bilinip, ýazylyp, takdyr edilmeginiň netijesi dälmidir?
- -de döredildi.