Eradaýy jüz’iýýe barada

Eradaýy jüz’iýýe barada

Allah (j.j.) çäksiz ylymy bilen geçmişi, häzirki zamany we geljegi bir nokat ýaly biler.

A) Eradaýy jüz’iýýäniň (jüz’i erkiň) bardygyna deliller:

a) Wyždan eden erbetliginiň agyrlygyny adama bildirer. Hawa, köplenç adam edenleri sebäpli puşman eder, onuň azabyny çeker, hatda, ugruny-ýoluny ýitirenler bir sebäp bilen janyna kast etmäge çenli baryp ýeter. Adam erk we islegden mahrum bolup, edenlerini takdyryň mejbur etmegi bilen edýän bolsa, näme üçin wyždan azabyny çeksin? Onda ol nä sebäpden günäleriniň agyrlygyndan gözýaş döksün, istigfar etsin? Şeýle hem bir adamy ynjydan wagtyňyz ondan näme üçin ötünç soraýarsyňyz? Bularyň ählisi edenlerimizi öz islegimiz, erk-eradamyz bilen edýändigimizi görkezmeýärmi?

b) Sözümizde we hereketlerimizde, edýän işlerimizde erkinmidiris ýa-da ýok? Islän wagtymyz elimizi galdyryp, aýagymyzy, golumyzy, dilimizi hereket etdirip bilýärismi? Ýogsa, golumyza zynjyr, aýagymyza gandal urulyp, diňe şolar çözülen wagty etjeklerimizi edýärismi? Oturyp-turmak, iýip-içmek ýa-da Allahyň razylygy üçin bir iş etjek bolanymyzda, äşgär-gizlin manyda bize zor edýän barmy? Haky we hakykaty eşitdimek meselesinde öz erkimize hereket edýärismi, ýa-da mejburlyk barmy? Ýok hiç birimiz dolandyrylýan düwmesi başga biriniň elinde bolan robot ýa-da eli-aýagy, göwresi bir ýüp bilen hereket etdirilýän gurjak däldiris.

c) Ikirjinlenmek, deňeşdirmek, aýyplamak, oýlanyp gymmatyny bilmek we saýlap-seçmek ýaly işler hem bizde erkiň bardygyny görkezýär.

Gowy adam ajaýyp bir ýere çagyrylýar, erbet kişem şol bir wagtda ýaramaz ýere. Beýle ýagdaýda nirä gitjekdigimiz barada oýlanarys, deňeşdireris we iň soňunda-da ikisinden birini saýlarys. Edil şonuň ýaly, günde ýüz gezek içimizde perişdäniň we şeýtanyň çakylyklary sebäpli deňeşdireris, oýlanarys we iň soňunda ikisinden birini saýlaýarys. Çünki, biz ýel nirä össe şol tarapa togarlanyp barýan peşmek, ýa-da akar suwa gaçan saman çöpi däldiris.

d) Eden bir jenaýatymyz sebäpli ejir çekeniň ýa-da adalat kazyýetiniň öňünde “Nädeýin, erkim ýok!” diýip bilerismi? Diýäýeniňizde muny kim kabul eder? Eger hakykatdanam şeýle bolsady, onda ne hökümet, ne kazyýet, ne polisiýa bolardy we durmuş sahnasy ölenler we öldürilenleri bilen milliardlarça “takdyr pidalaryndan” dolardy. Adamlaryň eden ýagşylyklary, gözel ahlagy bir tarapda, beýleki tarapda erbet ahlak we hereketleri bilen; bir tarapda bigünäleri, beýleki tarapda günäkärleri; bir tarapda işläp der dökenleri, beýleki tarapda elini sowuk suwa urman ýatanlary we dürli kär, häsiýetdir ýerine ýetirýän wezipeleri bilen synyplara bölünişleri her adamyň öz erki bilen özüne ýer saýlaýandygyny görkezmeýärmi?

e) Diňe akyly üýtgän ýa-da däli diýýänlerimiz eden işleri üçin jogapkär däldir, çünki, olaryň erki biziň düşünşimiz ýaly işlemeýär. Bu sebäpden olaryň sözi we eden işleri kada laýyk hasaplanmaýar. “Bular akyly ýerindäki adamyň etjek işi däl” diýýäris. Onda bizi olardan tapawutlandyrýan zat näme? “Akyly ýerindelik” näme? Akylyň we kalbyň, düşünjäniň we erkiň doly, dogry ulanylmazlygy belli bir ölçegde däliligiň alamaty dälmidir? Malyň, puluň, dünýäniň, wezipäniň dälisi bolmak, köp taraply däliligiň bir görnüşi dälmidir? Bu dawalaryň, jenjelleriň içinde akyllylyga-da, dälilige-de düşüner ýaly bolmady. Bu meselede Hasan Basry hezretlerine degişli hasaplanýan şu şözüň manysyna düşünmäge çalşalyň:

“Eger siz sahabany gören bolsadyňyz, olara “däli” diýerdiňiz; olar sizi gören bolsady: “Bular mü’min däl” diýerdi.”

f) Haýwanlarda düşünje, akyl ýetirmek we erk ýokdur. Olar “sewki ilahi” (Ilahy ugurkdyrylmak) bilen hereket eder. Meselem, ary Allahdan (j.j.) alan ugrukdyrmasy we ylhamy bilen peteklerini hemişe altyburçlyk şekilinde gurýar. Çünki, aryda ne erk bardyr, ne-de özüçe bir model döretmek ukyby bardyr.

Käte özümiz duýman erkiň daşynda hereket edýän ýagdaýlarymyz-da bolýar.

Planlaşdyrman, maksadymyzy anyklaşdyrman, käte müňbir hyýal bilen öýden çykarsyňyz. Kalby parçalanan, imany alawlar içinde ýanan we özüni kebelek kimin oda urmak däliliginde bolan neslimizi we Muhammet ymmatynyň häzirki ýagdaýy barada oýlansaňyz ýagyşyň ýagýanyny duýarsyňyz ne-de eliňizdäki saýawany. Soňra aýaklaryňyz ýagyş suwuna çümer, ýa-da ýanyňyzdaky adamyň gitdigiçe gatalýan sesi sizi gark bolan älemiňizden çykarar. Bu özüňe gelmek ymmatynyň derdi bilen dos-doly, başynda goýlan garyn-içege hapasyny, özüne zyňylan palçyklary, daşlary, ýumruklary diňe gyzy Patmanyň (r.a.) ýa-da dosty Ebu Bekiriň (r.a) aglamary netijesinde duýan, “Näme üçin aglaýarsyň Patma?” “Nä sebäpden aglaýarsyň Eba Bekir?” diýip soran Älemleriň Serweri mysalydyr.

Irşad (dini düşündirmek) we Allaha hyzmat etmek yşky şeýle bir joşurypdyr, şeýle bir şol hyzmatyň aşygy bolupsyňyz welin, agşam öýüme gideýin diýip äden ädimleriňiz sizi bir görseň, öýňüze däl, Allahyň öýüne getiripdir...

Bu hem bizdäki jüz’i iradäni görkezýär.

Erkimiz bilen eden işlerimiziňem ýene Allahyň (j.j.) ylmynyň we gudratynyň içindedigi we hut Allah (j.j.) tarapyndan ýaradylandygyny gaýtalap oturmagyň hajaty ýok. Aýatyň sözleri bilen aýtsak, bizem, eden işlerimizem ýaradan Allahdyr (j.j.) (Saffat, 37/96).

B) Jüz’i eradanyň manysy we asly:

“Jüz’i ygtyýar” diýibem atlandyrylýan jüz’i erada esasan daşky bedeni bolmadyk, itibary (bardygy başga bir zatlaryň üsti bilen bilinýän), ynsany bir meýil we ymtylyş duýgusydyr. Itibary bedeni bar diýmek, bar-ýok diýen ýaly bir zatdyr. Şol sebäpden daşky bedeni bolmany üçin, oňa bar diýen nazar bilenem seretmeýäris. Meselem, başymyz, golumyz we gulagymyz bardyr, çünki bular ýaradylan bolup, daşky bedene eýedirler. Daşky görnüşde ýaradylmadyk zada, köplenç bar diýilmez. Mysal üçin, “Iki gözüm bar” diýýäris, çünki olar ýaradylypdyr we bar. Ýöne üçünji gözüň bardygyny kabul etmeýäris, çünki ýaradylmandyr. Ýöne siz: “Meniň şeýle bir içki gözüm bar welin, onuň bilen iki gözümiň görýäninden has köp zady görýärin” diýip bilersiňiz. Şeýle wezipäni ýerine ýetirýän bir içki gözem bolup biler, emma ýaradylanda daşky bedeni bolmany üçin, oňa ýogam diýip bileris. Şonuň üçinem hakykatda bir görnüşiniň, barlygynyň ýokdugy we ýaradylan bir bedeni bolmany üçin, jüz’i erada-da ýok diýip bilersiňiz. Emma, ýerine ýetirýän funksiýasyny, wezipesini we netijesini hemişe synlaýan, görüp duran meýli, edil bir inçejik sapak ýaly, sähelçe-de bolsa saýlamak nokadynyň bardygyny adama bermek bilen Allaha (j.j.) şirk goşanlardan bolmalyň. Allah (j.j.) hem edýän işlerini bu islegiň we saýlamagyň üstünde gurýar.

Jüz’i erada aslynda hiç bir zat, emma, belki-de, özüne köp zat diýdirjek bir kiçijik şertdir. Göwrümi we agyrlygy, manysy we durky näme bolsa bolsun, Allah (j.j.) jüz’i eradany azym we jesim (beýik we ähmiýetli) işi üçin ýönekeý, kiçijik bir şert we bir sebäp kabul edipdir. Jüz’i erada juda kiçijik, ýönekeý, ejiz we daşky älemde ýok bolmagy bilen birlikde beýik, ajaýyp we özi bilen baglanşykly örän möhüm netijeleriňem sebäbidir.

Gurmak isleýan bir binaňyzyň plany kagyzyň ýüzünde tahylyňyzda ýatsa, hiç bir peýdasy, manysy ýokdur. Emma tahyldan çykaryp şoňa görä bina gurulmaga başlandygy ol uly mana eýe bolar. Ol hamala binanyň esasy sebäbi derejesine göteriler. Edil şonuň ýaly, (meňzetmede hata bolmasyn) ynsanyň erki özüne görä örän ähmiýetli, uly hyzmatlar bitirer, belki-de, köp erbetliklere sahna boljak bir binanayň gurulmagy üçin çyzgylardan ybarat plan ýalydyr. Bu plan esasynda binany dikeltjek Allahdyr (j.j.). Ýöne Ol binany gurýarka siziň jüz’i erkiňiz bolan plana seretjekdir. Netijede, erkiňiziň özi, gymmaty bolmasa-da, Allahyň (j.j.) ýaratmagyna kiçijik sebäpdigi üçin, özünden ençeme esse uly ähmiýete eýe bolýar.

Ýaradylyşda hiç wagt mutlak mejburlyk däl, gaýta, ynsan erki sebäpli dörän “şertli mejburylyk” bardyr. Allah (j.j.) ynsanyň işlerini eradasyna görä ýaradýar we nähili hereket etjekdigini öňünden bilýäni üçin, ýaradanlaryny owal başdan “Takdyr Kitabyna” ýazyp goýýar.

Uly bir köşküň yşyklandyrylmagy üçin ilki kämil elektrik setiniň gurulmagy gerekdir. Emma lampalaryň ýanyp, köşgi ýagtyltmagy üçin ýönekeý we kiçijik bir şert hökmünde barmagyň elektrik düwmesine basmagy zerurdyr. Barmak düwmä basmasa, äpet we kämil çekilen elektrik sete garamazdan, köşküň yşyklary ýanmaz. Set işe ýaramaýan ýaly garaşar durar. Hawa, iman üçin meýli, islegi bolan adam kalp köşgüni ýagtyltmak üçin şol düwmä basmalydyr. Allah hem meşieti bilen ähli lampalary ýakar we ony aýdyňlyk ýurdy Jennete barýan ýola ugrukdyrar. Edil şonuň ýaly, küfüre meýillilerem küfürlerine görä garşylanar.

Gedaý garyplygyny, ejizligini we mätäçligini beýan edýän haýyşy bilen gedaýlygyna gelişýän görnüşde Soltanyň gapysyna barsa, onuň haýyşyna Soltana mahsus soltanlyk bilen jogap beriler. Bu ýönekeý we jüz’i ýüz tutmak gedaýy äleme soltan edişi ýaly, ebedi älemde-de dünýä soltanynyň täjini geýdirer. Bir üflemek bilen ýyldyzlaryň dargap seçir-gaçyr bolmagyny, bir çemçe suw bilen ummanlara eýelik etmegini, bir damja bilen Ýer ýüzüniň gülzarlyga boýanmagyny we bir liftiň düwmesi bilen galaktikalaryň aňyrsyna syýahat edilmeginem edil şol bir ölçegden hasaplap bileris.

Diýmek, külli erada jüz’i erada bagly bolup, jüz’i erada-da örän uly netijeleriň ýaradylmagy üçin kiçijik we ýönekeý şert hökmündedir. Hawa, görüşimiz ýaly, adam takdyryň öňünde eli-goly bagly robot ýaly mejbury hereket etdirilýän, käbir edebi bilmeýänleriň aýdyşlary ýaly “Takdyryň pidasy, ýazgydyň tussagy, zalym pelegiň ýesiri” bolan barlyk däldir. Ýöne hakyny inkär etmezlik bilen birlikde, erkem hiç bir zady öz adyna geçirmeli däldir. Çünki, ynsanyň juda ähmiýeti az, ýönekeý we kiçijik erki bilen aňrybaş derejede beýik netijeleriň arasynda hiçhili deňlik we laýyklyk ýokdur. Hawa, kiçijik bir düwmäniň ägirt uly köşgi ýagtyltmagynda ýa-da ýene bir düwmäniň galaktikalaryň arasynda syýahat edilmeginde nähili roly bolup biler?! Bolup geçýän hereketi ýaradan we kiçijik, ejiz, ýönekeý sebäplere uly, ähmiýetli netijeler emele getiren bir Zat bardyr, Ol ähli zada häkimdir. Erk-ygtyýarymyza, göwrümimize görä, juz’i gudratymyz bolsa-da, älem-jahan çäginde görünýän tejellileriň içinde bize düşen paý millionda birem däldir. Bu garşylyksyz peşgeş berlen lütuflar sanap çykardan kändir (Nahl, 16/18). Allah (j.j.) bizden özümize düşeni bilen Özüne düşeni aýyrmagymyzy islese, özümize iň ýakyn zadymyz “men” diýýänimizem elimizden gider-de, bizde hiç zat galmaz.

Meselem, pikirinem etmän iýýän bir döwüm çöregimizde paýymyz näçeräkdir? Ähli zatdan owal şol çöregiň ösýän topragyny bar eden we ekmäge amatly hala getiren kimdir? Topraga atylan bugdaý dänesini ýaradyp, ony ösdürmek, boý aldyrmak, una öwrülip çörek bolmagy üçin suwy, howany, buludy, ýagyşy, ýeli, ýylyny we ýagtyny ýaradan kimdir? Soňra topragy sürmek, ekmek, ormak, dänäni un etmek üçin ukyby, ylymy, güýç-kuwwaty bize beren kim? Öwrenmek we işleriň ählisini etmek üçin gerek bolan akyly, düşünjäni, beýnini, bedeni bize peşgeş beren kim? Bir lukmany agzymyza salyp çeýnemek, ony bedenimize ýaramly hala getirmek üçin gerek bolan el, gol, dişler, birgiden mäzler, bokurdakdan gyzylödege, aşgazandan içegelere çenli ähli organlarymyz kimiň ýaradanlary we kimiň emri bilen işleýär? Bize peşgeş berlen ajygmak we doýmak duýgusynda erada we gudratymyzyň näme dahyly bar? Soňra ol lokmanyň bedenimize siňip, gana öwrülip ýaýramagy kimiň işi? Hawa, bir agyz çörek üçin zeminden asmana, sowukdan yssa, Günden beýleki älem sistemalaryna, ýagyşdan gara çenli tutuş älem-jahan birleşip işleýär we bu şärikli iş biziň bedenimiz bilen birleşip, bütewlik gazanýar. Bu hadysalaryň içinde bir döwüm çöregiň çykdajysy we bahasy näçekä? Dünýäde gelip-geçen we geljek ähli adamlaryň baýlygy bir ýere jemlense, onuň bahasyna ýetermikä? Bu hadysalaryň içinde biziň paýymyz näçekä, heý, oýlanyp gördüňizmi?

Peşgeş berilen we beriljek munça nygmaty haýsy ybadatymyz bilen ýerine salyp bileris? Allah (j.j.) bize ähli nygmatlary yzyna gaýtarmasyz beripdir. Onuň gaýtargy hökmünde bizden isleýäni nämekä? Meselem, bir çuwal bugdaý üçin müň rekagat namazy emir edip bilerdi. Adamzadam açlykdan ölmezlik üçin, bu emri mejbury ýerine ýetirmeli bolardy. Guraklyk bolan ýyllarda daga-düze çykyp, ýagmyr dogasyny edýäris. Ýa-da her damja suw üçin bir rekagat namaz buýrulsady millionlarça rekagaty berjaý etjek bolmakdan başga elimizden näme gelerdi? Çölde suwsuz galan, teşnelikden haly giden adama bir çüýşe suwy haltalap altyna satyp bilmezmisiňiz?

Serwerimiziň (s.a.w.) aýdyşy ýaly, bedenimizdäki her bogunyň şükürini näme bilen töläp bileris? Keselhanalarda buşugyp bilmeýän, eli-aýagy kesilen, ýa-da gözüni ýitiren, ýa-da gaýnadylan tüwüden başga zat iýdirilmeýän adamlary görensiňiz. Indi saglygyň şükürini nädip ýerine salyp bileris, oýlanyp görüň! Mü’min we musulman bolmagyň, mü’min adamlar bilen bir ýerde oturmagyň ajaýyplygynyň nädip minnetdarlygyny bildirmeli? Soňra gulluk-ybadatymyzy geregiçe berjaý etmezligiň hasaby bilen jenneti görmegiň hasabyny çykaryň! Bu nygmatlaryň ählisini üçin Allahyň (j.j.) çäksiz rahmetinden we bu rahmeti herekete girizen ejiz, pakyr we duýgy mätäçligimizden başga näme bilen hak gazanyp bileris. “Eý, Rabbym! Bizi Saňa gulluk etmekden daşlaşdyrma, Syraty Müstakimden aýyrma we Habibi Edibiň (Pygamberimiziň) yzyndan we Sünnetinden mahrum etme! (Ämin).”

Megerem, özüňizdäki erk bilen peşgeş berlen nygmatlaryň arasynda hiç bir ýakynlygyň, deňligiň ýokdugyna düşünen bolsak gerek. Hakykat şeýlekä, Allah (j.j.) çäksiz merhemeti bilen biziň üçin dürli wesileler ýaradypdyr, kiçijik we inçejik jüz’i eradamyzy jennetini bagyşlamagy üçin ýönekeýje sebäp edipdir. “Allah!” diýip iňläp, “ah” çekip oda goýlan çäýnek kimin gaýnasak, Allahyň (j.j.) bagyşlamagyna mynasyp bolarys. Ebedi iman, berk we sarsmaz niýet bilen bir gezek “La ilahe ill’Allah” diýseňiz, Allah (j.j.) hem “Jennetimi size wajyp kyldym” diýip jogap berer. Ine, dilde aňsat, mizanda agyr sözler we ine, jüz’i eradamyz (kiçijik erkimiz), ine, onuň netijesi!

Sözümizi jemlesek, hernäçe şudur diýip görkezip bilmesek-de, jüz’i erada barlygy äşgär we açyk, ýöne, asyl durky we agramy bize gizlin meýilden ybaratdyr. Eliň bilen tutup, gözüň bilen görüp boljak bir barlygy, bedeni, keşbi ýok, emma özi bar bolan bir syr. Belki, ynsana görä beýni näme bolsa, ruha görä-de erk şoldur.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr