Ylahy meşiýet babatda kaza hem takdyr
A. Aýatlarda ylahy meşiýet
Meşiýet – islemek diýmekdir. Bu söz Kuranda iň köp agzalýan sözleriň biridir. Meşiýet – Allahyň islemegi bolany üçin, Takdyr mowzugyna girýär. Şonuň üçinem, meşiýet Takdyryň aýratyn bir ölçegini emele getirýär.
Materiýanyň hem hadysalaryň döremeginde ylahy meşiýet (Allahyň islemegi) esasy rol oýnaýar. Kuran birnäçe aýatlar bilen bize şol hakykaty düşündirýär. Ýeri gelende, ylahy meşiýete yşarat edýän aýatlaryň käbiriniň üstünde durup geçleliň: „Islendik bir zat üçin: „Men ony ertir etjek“ diýme. „Diňe Allah islese“ diýip aýt. Ýadyňdan çykaran badyňa Rebbiňi ýatla we şeýle diý: Umyt edýärin! Rebbim meni dogra has ýakyn bolana ýetirer “. (Kehf, 18/23-24).
Diýmek, edesiň gelýän her bir işde, başda ylahy meşiýete esaslanmaly we etjek işiňi Allatagalanyň islegi bilen baglanyşdyrmaly. Onsoňam, Allah islemese, sen hiç zat edip bilmersiň. Şu düşünjäni adam öz ahlagyna siňdirmeli. Ynsan islendik işiň başyna baranynda, şu düşünjä ten bermelidir.
Şu aýat barada Allah Resuly (s.a.w) bize şeýle gürrüň berýär: „Hezreti Süleýman (a.s): „Şu gije ýüz gyrnagym bilen bile boljak! Şolaryň her birem Allah ýolunda söweşjek bir erkek çaga dünýä indirer!“ diýip ant içipdir. Ýöne ol: „Enşalla!“ diýmegi ýatdan çykarypdyr. Netijede, diňe bir aýaly çaga dogrupdyr“. Soň, Allah Resuly (s.a.w) şularam üstüne goşup aýtdy: „Eger „Enşalla“ diýen bolsady, aýallaryň hersi Allah ýolunda söweşjek çaga dogrardy“.
Hawa, ynsan bir zada çyn ýürekden ynanmalydyr: Allah islemese, hiç kim hiç zat edip bilmez. Allah islemese, hiç kimiň bir işi etmäge güýji ýetmez. Materiýanyň hem hadysalaryň içki ýüzüni görýän, öz içki dünýäsine gulak goýup bilýän adam bu hakykata doly ynanýar. Ynanmalydyram.
Hawa, hadysalar bilen özümiziň arasyndaky gatnaşyga seredenimizde, şuny aýdyň görse bolýar: Allah islemese, biz ýerden bir çöpem galdyryp bilmeris. Hatda kä ýagdaýlarda biz bir iş üçin ähli gerek zatlary taýýarlaýarys, ýalňyşmajak bolup, şol işiň üstünde kän kelle döwýäris „Ind-ä bolandyr“ diýýärisem welin, görsek, bir ýerde çykan näsazlyk bar zady berbatlapdyr. Kä ýagdaýlarda bar zat düzüwem, ýöne Allah islemäni üçin, şol iş bolanok. Şeýdip, biziň bar etsem-petsemlerimiz püçege çykýar. Aýatda-da şu hakykat aýdylmaýarmy näme? „Allah islemese, siz hiç zat isläp bilmersiňiz“ (Ynsan, 76/30). Siz isleseňizem, Allah islemese hiç zat başa barmaz. Allah islemese, näçe yhlas etseňem manysyzdyr. Ýöne köplenç Allatagala sebäplere we siziň erkiňize dileg nazary bilen garap, şony size yhsan edýär. Ine, Allahyň islemegi – ylahy meşiýet her bir zady şeýle içgin gurşap alýandyr.
Hawa, isleg ynsan durmuşyndan eriş-argaç bolup geçýär. Muny aňladýan ikinji aýat bolsa şeýledir:
1. „Ine, bu pygamberleriň bir bölegini beýlekilerden has beýik derejä çykardyk. Allah olaryň käbirine ýüzlendi. Käbirlerini bolsa, beýik derejelere çykardy. Merýem ogly Isa bolsa, (pygamberligini görkezýän we getiren dinini tassyklaýan) aýdyň deliller berdik. Ony Ruhul-kudüs (Mukaddes ruh) bilen goldadyk. Allah islesedi, aýdyň deliller özlerine geleninden soň, pygamberleriň yzyndan bir-birlerini öldürmezdiler. Ýöne, agyzlary alardy, kim ynandy, kim iňkär etdi. Allah islesedi, bir-birlerini öldürmezdiler. Ýöne Allah islänini edýär“. (Bakara, 2/253).
Allahyň islegi bolmadyk bolsady, siz hiç zat edip bilmezdiňiz. Mysal üçin, eger Allah islesedi, siz bir-biriňiziň ganyna galmazdyňyz. Emma, siz öldürýäňiz. Diýmek, siziň dogru-ýalňyş dawaly durmuşyňyz size bähbitli ýa-da bähbitsiz taraplarynyň bar bolmagy bilen düýbünden Allahyň islegine baglydyr. Allah näme isleýän bolsa, şonam eder. Allah etjek işini hiç kimden soramaz. Onsoňam: „Allah näme islese, şol bolar. Onuň islemeýäni bolsa, asla bolmaz“ diýen hadysam bize şol hakykaty ýatladýar.
Allahyň isleýän zady barlyga eýe bolýandyr. Allah nämäniň bolmagyny islemeýän bolsa, şol zadam bolmaz. Ýeri gelende, ýene bir zady bellemek gerek. Olam – Allatagalanyň isleginiň ýokluk bilen baglanşykly meselesidir. Ýagny, Allah nämäniň bolmagyny isleýän bolsa, şolam bolýar. Nämäniň bolmazlygyny isleýän bolsa, şolam bolmaýar. Hawa, Allahyň islegi ýoga-da, bara-da hökmürowandyr.
Adamyň iman etmeginde hem-de Hak ýoluna girmeginde Allahyň islegi esasy rol oýnaýar. Meselä şu jähtden çemeleşenler „iman“ sözüni şeýle düşündirýärler: „Iman – ynsanyň öz erkini ulanmagy bilen Allahyň onuň kalbynda ýakan nurudyr“. Sen zähmet çekseň, Allaham saňa ýol açýar. Hawa, şol nury seniň özüň ýakyp bilmersiň. Ýa-da kalbyň hemişe ýagty bolmagyny sen ýola goýup bilmersiň. Şol nur diňe Allah islese döreýär. Kalbyň ýagtalmagy hem diňe Allahyň islegi bilen amala aşýandyr.
Ine, subudy:
2. „ Eý, Habibim! Rebbiň islesedi, ýer ýüzündäkileriň bary ynanardy. Beýle bolsa, sen adamlary iman getirmäge mejbur etjekmi?“ (Ýunus, 10/99).
Eger Rebbiň, ýagny, seni terbiýelän, kämillige ýetiren we bar zada hökümini ýöredýän Allah islesedi, adamlaryň ählisi Hak ýoluna girerdi. Bu meselä degişli ýene bir aýat:
3. „Olaryň Hakdan ýüz öwürmegi saňa agyr degende, başga bir mugjyza görkezmek üçin ýeriň assyndan geçelgäniň ýa-da göge çykarýan bir merdiwanyň gözleginde bolsaň, şuny bil, Allah islesedi, olaryň ählisini Hak ýolunda jemlärdi. Beýle bolsa, sen bu aýdylanlary bilmeýänlerden bolup bilmersiň. “ (Enam, 6/35).
Pygamberimize (s.a.w) aýdylan bu sözler Takdyr ýolunda azaşýanlara-da duýduryş berýär. Hawa, eger Allah islesedi, olaryň baryny hak ýoluna salardy. Şeýdip, bar kişi hudaýhon bolardy. Wyždanlary päklenen şol adamlar iman hem yslam bilen bagtly bolardyrlar we Allaha birkemsiz gulluk ederdiler. Emma, Allah munuň beýle bolmagyny islemändir.
4. „Eý, Habibim! Saňa öňki kitaplary tassyklaýjy hem-de olara şaýat hökmünde şu hakykat kitabyny – Kurany indirdik. Allahyň ibereni bilen olara hökümiňi ýöret! Saňa iberlen hakykat bolany üçin, olaryň islegine boýun bolma! Eger Allah islesedi, sizi ýeke-täk ymmata öwrerdi. Emma, Ol synamak üçin sizi aýry şerigatly ymmat eýledi. Beýle bolsa, haýyr ýolunda bäsleşiň! Baryňyz Allaha gaýdyp bararsyňyz. Agzyňyzy alardan ähli zatlary Allah size görkezer. (Allatagala dogry bilen ýalňyşy aýan etjekdir)“ (Maide, 5/48).
Hawa, eger Allatagala islesedi, adamzadyň ählisini bir halka öwrerdi. Ýöne Allah munuň beýle bolaryny däl-de, adamzadyň aýry-aýry halklara bölünmegini isledi. Şonuň üçinem, adamzat aýry-aýry halklar bolup döredi.
Döwletiň dolandyrylmagy, häkimýetiň synmazlygy diňe Allahyň islegine baglydyr. Döwletleri dolandyrýan adamlary çalşylyp durmagam ýene-de Allahyň islegine baglydyr. Bir aýatda bu barada aýdylýar.
5. „Eger siz (Uhutda) ýaralanan bolsaňyz, (size duşman bolan) şol köpçüligem (Bedirde) ýaralanandyr. Şeýdip, Biz, Allahyň hakyky möminleri ýüze çykarmagy hem-de araňyzdan şaýat edinmegi üçin, şu günleri käwagt oňatlyk bilen, käwagtam kynçylyk bilen aýlap durýarys. Allah zulum edýänleri söýmez“. (Ali Imran, 3/140) Aýat bize bu hakykaty oraşan görkezýär.
Bu aýatda Allahyň islegini aňladýan söz ýogam bolsa, bu aýat Allahyň islegini düşündirýär. Sebäbi, „Biz bu günleri aýlap öwürýäris“ diýilýär. Adamlaryň üýtgäp duran dürli hal-ýagdaýlary gönüden-göni Allahyň elindedir. Günler Allahyň gudraty bilen tesbi düwmeleri ýaly, aýlanyp dur. Bu zatlaryň habar berilmegi, elbetde, ynsanyň erkiniň elinden alynýandygyny görkezýän däldir. Ýok. Häzirlikçe, bu meselä degmeris. Sebäbi, biz bu ýerde diňe Takdyr bilen Allahyň isleginiň baglanşykly tarapyny öwrenýäris. Allahyň islegi barada ýene bir aýat:
6. „Eý, adamlar! Allah islese, sizi ýok eder we başgalaryny getirer. Allah muňa kadyrdyr“. (Nisa, 4/133).
Eý, adamlar! Eger Allah islese, sizi aýryp, ýeriňize başga bir jemagaty getirer. Allahyň muňa güýji ýetýändir. Sahabany aýranyndan soň Emewini, ony aýryp Abbasyny, onam aýryp seljuklary, olaram aýranyndan soň Osmanlyny getirşi ýaly... Bu ýerde kimiň näçeräk täsiri barka? Akylyň, zehiniň bu ýerde roly barmyka?
Hawa, ýer ýüzünde diniň goralyp, saklanmagy iň uly göreşdir. Sebäbi, durmuşyň manysyny din kesgitleýändir. Adamlaryň arasyndaky gatnaşyklarda iň adalatly hem-de çyn ölçeglerdir, esaslary din emele getirýändir. Şonuň üçinem, şu ölçegleriň saklanmagy, şahsyň hem jemgyýetiň diňe bar bolmagynyň däl, eýsem, olaryň adalatly hem ajaýyp görnüşde ýaşamagynyň güwäsidir.
Adamlaryň hakyky hem-de tebigy aslyndan, özlerinden daşlaşyp, saýry medeniýetdir sistemalara öýkünmegi, olaryň öz güýç çeşmelerinden ebedi mahrum bolmagyna eltýär. Aslynda welin, ähli gowulyklaryň çeşmesi – dindir. Adamlar dinden näçe daşlaşsa daşlaşybersin, olar hemişe ýürekleriniň boşap galanyny duýarlar. Dinden ýüz öwren kowumlaryň ruhy gurluşlary wes-weýrandyr. Beýle kowumlaryň maddy ýagdaýlaram öwerlik däldir. Dinsiz bir döwletiň güýçli ykdysadyýeti bar bolup biler. Emma, başda dine uýup, soň dinden ýüz öwren kowumlaryňky beýle däldir. Sebäbi, ylahy meşiýetiň (Allahyň isleginiň) kanunlary berjaý edilmeli wagty, olar ýaşaýyşyň ilkinji şerti bolan şol kanunlary berjaý etmändirler. Ine, aşadaky aýatda bu doly düşündirilýär:
7. „Eý, iman edenler! Sizden kim dinden ýüz öwürse, (bilip goýsun) Allah şeýle bir kowum getirer welin, ol kowum Allahy söýer, Allaham olary söýer. Olar möminleriň arasynda özlerini juda pespäl alyp barýarlar. Olar kapyrlaryň ýanynda öz mertebelerini saklaýandyrlar. Allahyň ýolunda jihad edýärler. Olar aýyplaýanlaryň aýyplamasyna üns bermez. Bu bir Allahyň yhsanydyr, ony islänine berýär. Allah Wa:sidir ( her bir zady gurşap alan ) we Alymdyr“ (Maide, 5/54).
Aýatda geçýän „Irtedde-Ýerteddu“ işligi yzyňa gaýtmak, dinden ýüz öwürmek diýen manylary aňladýar. Şonuň netijesinde, Kuran her bir mömine ýüzlenýän kitap bolany üçin, bu işlik ynanjyňdan dänmek, yslamy amaldan ýüz öwürmek, hatda oý-pikiriňi üýtgetmek diýen manylaram aňladyp bilýär.
Dini durmuşynda belli bir derejä ýeten hem-de dini hyzmatlar bilen bitewileşen adam ýa-da jemagat bu aýaty okap, Allahyň oňa eçilen yhsanlarynyň gadyr-gymmatyny bilmelidir. Sebäbi, dini hyzmatda ýetilen sepgitler onuň üçin hemişe ylahy yhsandyr. Eger-de ol adam ýa-da jemagat öz wezipesini gowşadan bolsa we ruhy joşgunlylygyny ýitiren bolsa, Allah olaryň elinden şu hyzmaty alýar. Şeýdip, şol mukaddes wezipäni başga şahslar ýa-da jemagatlar ýöredýär.
Eger-de dini hyzmaty bir döwlet alyp barýan bolsa, onda ýokardaky aýatyň tutuş halka duýduryş berdigi bolýar. Dini durmuşda ýaşamaga goldaw berilmegi bilen halal ýaşap başlan halk özüni päkleýän gymmatlyklardan daşlaşsa, onda ol halk başaşak gaýdýar, pes derejä düşýär. Şeýdip, Allah başga bir halky beýgeldýär we olary ezizleýär. Muňa taryham şaýatdyr.
„Kawm“ sözünde näbelliligi aňladýan goşulma bardyr. Ýagny, şu kowum näbelli diýmekdir. O kowmuň haçan, nähili şertlerde dörejegi näbellidir. Emma, şol kowmuň belli häsiýetleri bardyr. Diýmek, halklar Allatagalanyň magtaýan şol näbelli kowmy bolmak üçin öz aralarynda bäsleşmelidir. Sebäbi, hiç bir kowum gönüden-göni aýatda agzalýan kowmuň özüdigini aýdyp bilmez. Edil şolar ýaly, hiç bir kowmam aýatda agzalýan kowum bolmakda umytdan düşüp bilmez. Şol kowmuň häsiýetleri şular:
Birinji häsiýet: Allah olary söýýär. Ýer ýüzi olary gujak açyp garşy alýar. Allah Jebraýyl perişdä: „Men olary söýýärin. Senem olary söý!“ diýipdir. Jebraýyl hem ähli perişdelere: „Allah şu kowmy söýýär. Sizem olary söýüň!“ diýip seslenipdir. Şeýlelikde, perişdelerem adamlaryň ýüreklerine şony pyşyrdapdyrlar. Hadysda aýdylşy ýaly, Ýer ýüzünde olara söýgi berlipdir. Şondan soň, her kim olaryň gözüne seredip başlaýar. Olaryň diýýänleri adamlara täsir edýär. Olaryň diýenleri şobada berjaý edilýändir. Olaryň maslahaty buýruk saýylýandyr...
Ikinji häsiýet: Olaram Allahy söýýär. Onsoňam, Allah tarapyn söýülmegiň ölçegi hem-de alamaty – Allahy söýmekdir. Kim Allahy näçeräk söýýän bolsa, Allah tarapyn olam şonçarak söýülýändir. Ine, şol kowmuň ikinji häsiýeti – olaryň Allaha aşyk bolmagydyr.
Üçünji häsiýet: Olar möminleriň arasynda pespäldirler. Ýagny, olar ähli möminleri özlerinden ýokarda goýýarlar. Olar möminleriň aýaklarynyň astyna başlaryny goýmakdan gaýtmaýar. Olar şeýle pespäl bolansoňlar, Allah hem olary beýgeldýär.
Dördünji häsiýet: Olar kapyrlaryň ýanynda mertebelerini goraýarlar. Kapyrlaryň öňünde asla baş egmeýärler. Olar kapyrlar bilen üznüksiz göreşýärler. Möminleriň arasynda nähili pespäl bolsalar, kapyrlaryň arasynda-da edil şolar ýaly, öz mertebelerini saklaýandyrlar.
Bäşinji häsiýet: Allahyň ýolunda göreşýärler. Bu ýerde meseläniň habar sözlemi bilen düşündirilmeginiň bir sebäbi bar. Olar özleriniň jihadlaryny hemişe üýtgeşik ölçegde alyp barýarlar. Olar jihadlaryny hemişe täzeläp durýarlar. Hawa, arap dilinde elmydama habar sözlemi „täzelenmegi“ aňladýar. Şonuň üçinem, olaryň jihadlaram elmydama täzelenýär. Döwrüň şertlerine görä, olar özleriniň jihadlaryny täzeläp durýarlar. Ýagny, olar akyl-paýhasdan daşlaşmaýarlar.
Altynjy häsiýet: Olar aýyplaýanlaryň aýyplamasyna üns bermeýärler. Sebäbi, olar diňe Allahdan gorkýarlar. Olar diňe Allahyň razylygyny isleýärler.
Ine, ajaýyp jemagatyň alty häsiýeti şulardyr. Kim şu häsiýetleri öz häsiýetine siňdirse, Allah mukaddes amanady – dini hyzmaty oňa berýär. Bu ylahy kanun hiç haçan üýtgemändir, üýtgemezem.
Arap eýe çyksa, mukaddes amanat onuňkydyr. Türk eýe çyksa, bu mukaddes amanat oňa berilýär. Kürt, bosniýaly, alban milleti – kim eýe çyksa, bu mukaddes amanat şonuňkydyr. Eýe çykmagyň şerti bolsa ýokarda sanalan alty häsiýete eýe bolmakdyr.
Bu meselede juda ähmiýetli ýörelgeleri içinde saklaýan ýene bir aýat:
8. „Eý, Habibim! Aýt: Mülküň eýesi bolan Allahym! Mülki isläniňe berýärsiň, isläniňden hem alýarsyň. Sen isläniňi eziz, isläniňi zelil eýleýärsiň. Bütin haýyrlar seniň eliňdedir. Dogrusy, Sen bar zada kadyrsyň“. (Ali Imran, 3/26).
„Baş bolmasa, göwre läş“ diýilýär. Haýsy halkyň mäligi ýok bolsa, şol halk dagamak bilen bolýandyr. Mälikler öz ýüreklerini hakyky mälik bolan Allaha bagş edip bilmeseler, o halk ýene-de ýitip gidýändir. Erk etmek biziň häkimýetimiziň simwoly bolýar. Şeýdip, her işde Allaha ýalbarmak bilen, döwletimiz mizemez bolýar. Ine, şu deňagramlylygy sazlamak üçin, Takdyr hem-de erk meselesine, esasan-da, Takdyryň üçünji ölçegi bolan ylahy meşiýete dogry düşünmek gerek.
Şu ýere çenli agzalyp geçilen aýatlardan şeýle netijäni çykarsa bolýar: Allahyň islegi tutuş ýaşaýşy gurşap alypdyr. Hawa, Onuň islegi hem-de meşiýeti bar zady gurşap alandyr. „Ýokluk hem Onuň isleginiň şol ugurdaky tejellisine baglydyr“ (Hud, 11/107, Büruj, 85/16). Ýagny, Allah öz islänini edýän ýeke-täk mälikdir. Allahyň islegi bolman, hiç bir zat bolmaz.
Allahyň islegi käwagt merhemet bilen, käwagtam gazap bilen aýan görünýändir. Ine, şu aýat bize bu hakykaty öwredýär:
9. „Rebbiňiz sizi has gowy tanaýar. Ol islese, size merhemet eder, islese, size gazaplanar. (Eý, Habibim) Biz seni adamlara gözegçi, olaryň eden işlerine jogapkär edip ibermedik“. (Isra, 17/54).
„Rebbiňiz sizi her kesden has gowy tanaýar. Sebäbi, ynsany Ol ýaradandyr... Ol ynsana boýun damaryndan hem ýakyndyr“. (Kaf, 50/16).
„Ýürek meýilleriňiz we özgeden gizlemegi başaran pikirleriňiz Allahyň dergähinde äşgärleriň äşgäridir. Siziň arzuw-islegleriňizi bilýäni üçin, Allah daşky görnüşe däl-de, siziň şu ýagdaýyňyza seredýär. Şu ýagdaýda hem, islese, size gazaplanar, islese, size rehmetini eçiler“ (Bakara, 2/284).
Nebiler jan-dil bilen elmydama Allahyň islegini isläpdirler. Kurany Kerim nebileriň şol isleglerine şeýdip delil getirýär:
10. „Aýt: Allah islemese, men özüme bir peýda ýa-da zyýan ýetirip bilmerin. Görüp bolmaýany bilsedim, has köp ýagşylyk ederdim we men hiç hili zyýana galmazdym. Men diňe, ynanýan halka duýduryş berýän, olary söýünjileýän pygamberdirin“ (Araf, 7/188) .
Men özüme ne zyýan, ne peýda ýetirip bilýärin. Kimdir birine zyýan ýa-da peýda ýetirmek aňyrda dursun, men özüme-de zyýan ýa-da peýda ýetirip bilmerin. Emma, Allahyň islese, bu başga. Ýagny, her işde bolşy ýaly, meniň özüme peýda ýa-da zyýan ýetirmegimde-de esasy zat – Allahyň islegidir.
Allah Resuly (s.a.w) Allahyň islegine çensiz berlipdir. Bir gün Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: „Hiç kim öz amaly bilen halas bolup bilmez“. Sahaba sorapdyr. „Ýa, Resulullah! Senemmi?“. Pygamberimiz (s.a.w) jogap beripdir: „Hawa, menem. Rebbim maňa rehmeti bilen gujak açsa we meniň ähli tarapymy rehmeti bilen bürese, diňe şonda halas bolup bilerin “.
Allah Resulynyň (s.a.w) bize goýup giden ýörelgesi şudur. Her kim özüniň ruhy dünýäsini şu ölçeg daşlary bilen ölçemelidir.
Hawa, pygamber hem „ylahy meşiýetiň“ öňünde boýun egýän bolsa, beýleki adamlaryň näme etmelidigi hakda özüňiz oýlanyp göräýiň!... Ine, şu düşünje berilmek bilen ynsan „alaýi-illiýin “ derejesine çykýar... Şeýdip, ynsan beýik mertebelere ulaşyp bilýär. „Ep-esli haýyr iş etdim. Men jennete girerin“ , „Jennete biz girmesek, başga kim girsin?“ diýen ýaly, men-menligiň ysy kükäp duran sözleri kän gaýtalamakdan ýadamaýanlardan ýokardaky hadysy okap görmeklerini haýyş edip soraýaryn. Pygamber Serwerimiz (s.a.w) pygamber bolsa-da, özüni nähili alyp barýandygyny olar bir bilsediler?! Diýmek, Allahyň islegine boýun bolmak – ynsany men-menlikden saplaýar. Möminiň her bir işi „Allahyň islegi“ atly okuň daşyndan aýlanmalydyr.
Sebäbi, Allatagalanyň islegi bar zady, içi-daşy bilen gurşap alandyr. Allahyň isleginden daşgary hiç bir zady göz öňüne getirmek mümkin däldir.
Hawa, ylahy meşiýete doly manyda düşünmek adamyň aň-düşünjesiniň derejesi bilen bagly bir meseledir. Aň-düşünjesi ösmedik adam „Allahyň islemegi“ atly meselä aňsat-aňsat düşünip bilmez. Onsoňam, ähli pygamberleri özleriniň ýaşan döwürleriniň adamlary bilen çaknyşdyran zadam – şol jemgyýetiň şu meselä akyl ýetirip bilmezligidir.
Kurany Kerimde ýüzlerçe aýat „ylahy meşiýeti“ dürli taraplary bilen, pygamberlerden hem-de kowumlardan mysal getirip düşündirýär. Kurany Kerime görä, bu meseläniň ygtykady, hyýaly hem-de amaly diýen ýaly, birnäçe ölçegleri bardyr. Hezreti Nuh (a.s) bu meselede aýratyn mysaldyr. Kurany Kerimde halkyň hezreti Nuha (a.s) garşy çykmagy, adamlaryň onuň aýdýanlaryna gulak asmaýşy şeýle düşündirilýär:
11. „Aýtdylar: Eý, Nuh! Biziň bilen göreşdiň! Onsoňam, sen bu göreşde çäkden aşdyň. Eger sen dogry sözli bolsaň, hany onda, bizi gorkuzýan zadyňy göreli!“ (Hud, 11/32). Hezreti Nuh (a.s) olara şeýle jogap berdi: „Diňe Allah islese, şony siziň başyňyza indirip bilerin. Siz Allahyň (j.j) elinden gaçyp gutulyp bilmersiňiz. Allah sizi azdyrsa, meniň size öwüt berenimiň peýdasy ýokdur. Ol siziň Rebbiňizdir. Oňa gaýdyp barmaly bolarsyňyz“. (Hud, 11/33-34).
Ine, şu sözler bilen hezreti Nuh (a.s) Allahyň isleginiň bar zatdan ýokardadygyna yşarat edýär. Ol öz halkyna şeýle diýýär: „Men siziň başyňyza towky indirip bilmerin. Eger-de men islänime jebir berip bilýän bolsadym, hiç kim garşylyk görkezip bilmezdi. Şeýdip, synagyň manysy bolmazdy. Emma, siz öz erkiňizi ulanyp, ýa maňa boýun bolarsyňyz ýa-da menden ýüz öwrersiňiz. Galyberse-de, eger-de Allah sizi synamak üçin Hak ýolundan azaşdyrsa, meniň dilimden dür dökülse-de, size ýokmaz. Sebäbi, Allahyň islegi ähli Takdyrdyr ýazgytlardan ýokarda durýandyr. Ol Rebbiňizdir. Islänini, isleýşi ýaly ýugrýar. Siz isleseňiz-de islemeseňiz-de, Oňa dolanyp barmaly bolarsyňyz. Men diňe Haky düşündirip bilýärin, Hak ýoluny size görkezip bilýärin. Allahyň isleginiň öňünde menem siz bilen deň.“ Şu we şuňa meňzeş aýatlar pygamberleriň ylahy meşiýete nähili garaýandyklaryny görkezýär.
Hezreti Ybraýym (a.s) hem öz halkyna töwhid sapagyny berende, olara ylahy meşiýetiň nämedigini öwredýärdi:
12. „Kowmy onuň bilen çekeleşikli gürrüňe başlady. Ol aýtdy: „Allah meni dogry ýola ulaşdyrdy. Sizem indi meniň bilen Allah hakda çekeleşjek bolýaňyzmy? Allaha şärik tapýanlaryňyzdan gorkamok. Rebbimiň isläni bolar. Rebbimiň ylmy bar zady gurşap alandyr. Siz entekler gepe düşünjek dälmi?“ (Enam, 6/80).
„Men siziň çokunýan zatlaryňyzdan gorkamok! Men diňe Allahyň isleýän zatlaryndan gorkýaryn! Ýagny, Allahyň men hakda azap hökümini bermeginden gorkýaryn. Bütin älem towky bolup başymdan inse, ýüregime zerre ýaljagam gorky salyp bilmez. Sebäbi, Rebbim islemese, maňa hiç kimiň zerre ýaljak zyýan ýetirip bilmejegini bilýärin.“
Hezreti Ybraýym (s.a.w) şu sözler bilen ylahy meşiýetiň üstünde durup geçýär.
13. Hezreti Ysmaýyl kakasyna: „Kaka jan! Näme buýrulan bolsa, wagt ýitirmän şonam berjaý et“ (Saffat, 37/102) diýeninden soňam, ylahy meşiýete üns çekip şeýle diýýär: „ Enşallah! Men sabyr edenlerden bolaryn!“ (Saffat, 37/102). Ýagny, hezreti Ysmaýyl hem özüniň sabyr etmeginiň Allatagalanyň islegine baglydygyny nygtaýar. „Allah islese, men sabyr edip bilerin“ diýjek bolýar.
14. Hezreti Musa (a.s) Hezreti Hyzyr (a.s) bilen syýahata çykypdyr. Hezreti Hyzyr (a.s) Allahyň islegini göz öňünde tutup, hezreti Musa (a.s): „Meniň bilen syýahat etmäge seniň güýjüň ýetmez“ (Kehf, 18/67) diýipdir. Hezreti Musa (a.s) oňa şeýle jogap beripdir: „Enşallah! Men sabyr edenlerden bolaryn. Saňa hiç bir işde garşy gitmerin“. (Kehf, 18/69).
Görşüňiz ýaly, pygamberleriň sözleri bir-birine juda çalym edýär. Olar şol bir duýgulary başdan geçirip, birmeňzeş sözleri aýdýarlar. Sebäbi, olaryň Allahyň islegine boýun egşi birmeňzeşdir.
15. Hezreti Ýusup (a.s) ençeme ýyllardan soň ene-atasyna gowşupdyr. Ol ene-atasyny şähere çagyranda-da, Allahyň islegini nazara alyp, şeýle diýipdir: „Allahyň islegi boýunça, parahatlyk bilen Müsürde ýaşaň“ (Ýusuf, 12/99).
Pygamberleriň islendigini alyp göräýiň. Olar „Allah ynanjy“ atly erşe „ylahy meşiýet“ atly göli hökman çitipdirler. Elbetde, pygamberlerem bu ahlagy Allatagaladan öwrenipdirler.
Allahyň islegi bar zady gurşap alýandyr. Allahyň islegi ynsan erkine esaslanýandyr. Muny kabul etmezlik Allahyň şärigi bar diýmekdir.
B. Hadyslarda ylahy-meşiýet
1. Ahmet bin Hanbel hezreti Aýşanyň enesibir dogany Tufeýlden şeýle wakany rowaýat edýär: „Düýşümde giden märeke gördüm. Olaryň ýanyna bardym. Olardan: „Siz kim bolarsyňyz?“ diýip soradym. Olaram: „Biz ýahudy jemagaty“ diýdiler. Menem: „Siz, gör, nähili oňat jemagat! Arman, Uzeýr Allahyň ogly diýmedik bolsadyňyz“ diýdim. Şondan soň, olaram: „Sizem, gör, nähili oňat jemagat! Arman, Allah hem-de Muhammet islese diýmesediňiz“ diýip jogap berdiler. Soň ýene bir jemende gördüm. Olaryň ýanyna bardym. „Kim bolarsyňyz?“ diýip soradym. „Biz hristiýanlar“ diýip jogap berdiler. Men ýene-de: „Siz, gör, nähili oňat jemagat! Arman, Isa Allahyň ogly diýmedik bolsadyňyz“ diýdim. Olaram ýaňky jemagatyň jogap berşi ýaly: „Siz gör nähili oňat jemagat! Arman, Allah hem-de Muhammed islese diýmesediňiz“ diýdiler. Birdenem, ukudan oýanypdyryn. Baryp düýşümi hezreti Aýşa gürrüň berdim. Olam meniň düýşümi Pygamber Serwerimize (s.a.w) gürrüň beripdir. Pygamberimiz (s.a.w) meni ýanyna çagyryp: „Düýşüňi başga birine gürrüň berdiňmi?“ diýip sorady. Menem: „Gürrüň berdim“ diýdim. Soň, Pygamber Serwerimiz (s.a.w) ähli kişä mesjitde ýygnanmagy buýurdy. Pygamberimiz (s.a.w) mesjitdäki adamlara şeýle diýdi: „Eý, adamlar! Şu wagta çenli, bir meseläni size aýtmaga çekinip ýördüm. Siziň şol sözüňiz üçin men jogap bermeli bolmaryn. Emma, şol sözi diýeniňiz üçin siz jogap bermeli bolarsyňyz. Mundan beýläk asla: „Allah hem-de Muhammed islese“ diýmäň. Belkem, „Allah islese“ diýersiňiz. Allah ýeke-täkdir we Onuň şärigi ýokdur“.
Şu hadysdan şeýle netije çykarsa bolýar: Allahyň islegi esasy zatdyr. Allahyň islegine hiç kim goşulyp bilmez. Bu meselede Allahyň şärigi ýokdur. Munuň garşysyna gitmek – küpürdir.
2. Ýene bir mysal. Bir adam gelip, Pygamberimize (s.a.w): „Allah hem-de sen isleseň“ diýipdir. Pygamberimiz (s.a.w) şobada oňa: „Beýle diýme! Belkem „Allah islese we Allahyň şärigi ýokdur“ diýersiň“ diýip buýurdy.
Ine, Resuly Ekrem (s.a.w) Allahyň edara ediş çäginiň içinde şeýle töwhid düşünjesine eýedi. Şonuň üçinem, Ol (s.a.w) ýalňyşýanlaryň ýalňyşyny düzedýärdi.
3. Şek-şübhesiz, Allah Resulynyň (s.a.w) köp gaýtalap okaýan dilegleriniň birem şudur: „Eý, ýürekleri öwrüp-çöwürýän Allahym! Ýüregimi seniň diniňde mizemez eýle!“
Ümmü Seleme enemiz Allah Resulyndan (s.a.w) şu dogany näme üçin köp gaýtalaýandygyny sorapdyr. Pygamberimiz (s.a.w) şeýle jogap beripdir: „Ýürek Allahyň iki barmagynyň arasyndadyr. Nähili isleýän bolsa, ony şol tarapa öwürýär“.
Newwas bin Seman şeýle hadysy rowaýat edýär: „Bendeleriniň ýürekleri Allahyň iki barmagynyň arasyndadyr. Islänini dürs saklar, islänini agdarar“.
Kurany Kerimde şeýle diýilýär: „Rebbimiz! Dogry ýola ulaşdyranyňdan soň, biziň ýüreklerimizi egreltme, dergähiňden bize rehmet bagş et! Şübhesiz, Sen soňsuz bagyşlaýjysyň!“ (Ali Imran, 3/8). Allatagala bize nädip dileg etmelidigini öwredýär.
Ähli dilegler Allatagalanyň islegini görkezýär. Ýagny, biz entek işiň başynda dileglerimiz bilen Allatagalanyň biziň isleýän zadymyzy bermäge güýjüniň ýetýändigine ynanýarys. Edil şolar ýaly, Allah islese, biziň dilegimizi kabul etjegine-de ynanýarys. Şeýlelikde, dileg etmek – Allahyň islegine boýun bolmak diýmekdir. Ine, Takdyryň bir ölçegini hem ylahy-meşiýet düzýändir. Biz şu meseläniň töwhid bilen içgin baglanşygynyň barlygy sebäpli, üstünde kän durýarys.
Ç. Takdyry hem-de dini buýruklar
Bu mowzuk bilen baglanşykly ýene bir maddany belläp geçesim gelýär. Bular ýaly, garjaşyk hem-de agyr meseläni mümkingadar ýönekeýleşdirip, ýene bir gezek düşündiresim gelýär. Şu aýat bilen işe girişeliň. Aýatda şeýle diýilýär: „Üns beriň! Ýaratmagam, buýurmagam Allahyňkydyr. Älemleriň Rebbi bolan Allah, gör, nähili beýikdir“. (Araf, 7/54).
Buýruk we ýaratmak Allahyňkydyr. Hawa, höküm berýänem, ýaradýanam Allahdyr. Allatagalanyň buýrugy iki hillidir.
Birinjisi: Kewni buýruk (mejbury ýa-da Takdyry buýruklar diýsegem bolýar)
Ikinjisi: Dini buýruk ( şeri buýrugam diýilýär )
Älemde mejbury ýa-da takdyry buýruk hökmürowandyr. Allatagala ýaradýan zadyny hiç kimden soraman ýaradýar. Hiç kimem Allahyň ýaradyşynyň öňünde aýak diräp durup bilmez. Her kimem Allahyň ýaradyşyna, isle-isleme, boýun bolaýmalydyr.
Allatagala Mälikül-mülkdür. Ol hakyky mülk eýesidir. Allah öz mülküni isleýşi ýaly edara edýär. Allahyň şu islegi biziň elimizi, dilimizi we erkimizi baglaýar.
Dini we şeri buýruklarda-da biziň öňümizden Allatagalanyň buýrugy çykýar. Emma, şol buýruklary berjaý edip-etmezlikde, el bilen tutup, göz bilen görüp bolmajak – erkimize saýlama hukugy berilýär. Ine, şu iki buýruga doly düşünmek gerek. Şonda, Kurany Kerimdäki, daşyndan seredäýmäge, biri-birine ters bolup görünýän buýruklaryň many-mazmunyna düşündigimiz bolýar.
„Tekwini aýatlar“ diýip atlandyrylýan kewni kanunlarda-da (Ýaradylyş kanunlary) hadysalar Allatagalanyň islegi boýunça barlyk sahnasynda peýda bolýar. Şeri buýruklara bolsa, Allahyň edilerini isleýän hem-de edilende halaýan buýruklary girýär. Iki buýrukda-da esasy zat – Allahyň islegidir we Allahyň razylygydyr.
Perişdeleriň ybadatlary, amallary Allatagalanyň buýrugyna hem-de islegine baglydyr. Pygamberleriň eden işlerem, salyh adamlaryň haýyrly amallaram şolar ýalydyr. Ine, Allatagala bularyň barysyndan hoşaldyr, razydyr.
Emma, käbir zatlar bardyr. Allatagala şolary ýaradýar, ýöne şolardan razy bolmaýar. Şol zatlar – küpür, haram-günä işler.
„Allah bendeleriniň küpüre girmeginden razy däldir“ (Zümer, 39/7).
„Allah pitne turuzýanlary halamaz“ (Kasas, 28/77).
„Allah isrip edýänleri söýmez“ (Enam, 6/141).
„Allah çäkden aşýanlary söýmez“ (Araf, 7/55).
„Allah husytlary we ulumsylary söýmez“ (Nisa, 4/36) diýen aýatlarda Allahyň halamaýan zatlary agzalýar.
Allah pitnäni, arabozarlygy ýaradýar. Allatagala isleýäni üçin ýaradýar. Emma, Allah pitnäni halamaýar. Allah günäleriň hiç haýsysynam halamaýar. Käbir aýatlara düşünmek üçin, meselä şu jähtden seretmelidir. Geliň, şu aýata biziň aýdýan tarapymyzdan seredip göreliň.
Allatagala şeýle diýýär: „Biz bir ýeri heläklejek bolsak, olaryň bollukda ýaşaýan kelpeň toparyna ýagşylyklary buýurýarys. Muňa garamazdan, olar gulak asman, erbetlik edip, ýoldan çykýarlar. Şeýdip, şol ýurda „heläkläris“ diýip beren sözümiz ýerine düşýär. Bizem o taýyny ýer bilen ýegsan edýäris“ (Isra, 17/16).
Ýagny, biz bir ýurdy ýa-da bir medeniýeti heläklejek bolanymyzda, olaryň arasyndaky aýşy-eşretiň gullaryny, sowatsyz, zalym adamlary olaryň öz-özlerine musallat edip indirýäris. Şol azgynlar halkyň öňüne düşüp, olaryň agzyndan çöregini alýar. Gözgyny ýaşaýyşa öwrenşen halk, şonda-da ol azgynlaryň ýoluna eýerýärler.
Hawa, ruhy horlukda ýaşaýan, azgyn adamlar başlara täç edilse, ýene-de görgi görler. Azgynlary baştutan saýlan halk aç-hor ýaşar. Şeýlelikde, azgyn baştutanlar halky aldaw bilen ýoldan çykarar. Şu derejä baran halkyň ýa-da medeniýetiň soňy puç bolýandyr.
Görşüňiz ýaly, bu ýerdäki buýruk – tekwini buýrukdyr. Bular şeri buýruklar däldir. Allatagala hiç haçan erbet adamlara günä iş etmegi buýurýan däldir. „Allah erbet işleri etmegi buýurmaz“ (Araf, 7/28) aýaty munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýokarda agzalan (Isra, 17/16) aýat tekwini buýruk bolany üçin, bu aýatam (Araf, 7/28) şeri buýruk bolany üçin, olar öz aralarynda sazlaşyk emele getirýärler.
„Bir kowum öz-özüni üýtgetmese, Allah olary üýtgetmez“ (Rad, 3/11) diýen aýatyň Tekwini buýruk bolşy ýaly, ýokardaky aýatam (Isra, 17/16) tekwini buýrukdyr.
Içki gurluşda näsazlyk döräp, ynsanyň ruh gümmeziniň ýyldyzlary sönende, jemgyýetçilik durmuşynyň hem medeniýetiň bagty ýatýar. Şonda, gözüňi gamaşdyrýan nurlaryň bary sönüp gidýär...
Şonuň üçinem, bu buýruklaryň ikisine-de dogry düşünmek gerek. Jebriýe mezhebi şu buýruklaryň ikisini, ýagny, tekwini buýruk bilen şeri buýrugy biri-birine garjaşdyrany sebäpli, ynsanyň erkini iňkär edýär. Şonuň üçinem, olar Hak ýolundan azaşypdyrlar. Mutezile bolsa, ynsanyň erkine esaslanyp, „Adam öz etjek işini özi ýaradýar“ diýýär. Olaram Hak ýolundan sowlupdyrlar. Biz bolsa, iki tarapyňam dogrularyny birleşdirip, ugrumyzy dogry kesgitleýäris. Tekwini buýruklaryňam, şeri buýruklaryňam esasynda Allahyň islegi bardyr. Emma, Şeri buýruk adamyň erkine saýlamak hukugyny berýär. Allah islemese, ynsan öz erki bilenem hiç zat edip bilmez. Erbet we gowy zatlary hem Allah öz islegi bilen ýaradýandyr. Ýöne Allah erbet zatlary halamaýar, Allah erbet iş edýänlerden razy däldir. Şonuň üçinem, erbetlik eden adam jeza çekýär.
Ynsanyň Hak ýolundan gidip-gitmezligem Allahyň islegine baglydyr. Kurany Kerimde bu barada birnäçe aýatlarda aýdylyp geçilýär: „Allah kimi dogry ýola salmak islese, onuň ýüregini Yslama açýar. Kimem azdyrmak islese, asmana göterilýän ýaly, onuň ýüregini dar hem azarly eýleýär. Allah şeýdip kapyrlary küpür batgalygyna taşlaýar“ (Enam, 6/125).
Iman ynsanyň ýüregine mymyk hem ýakymly şemal bolup dolýandyr. Imanyň saýasynda ynsan hakyky bagtyň nämeligine düşünýär. Imanyň lezzetinden asla ganyp bolmaýar. Şeýdip, adamyň imany kämilleşmek bilen bolýar. Adam özüniň imany bilen kämilligiň çür depesine çykýar. Imanynda kämilleşýän adam özüni durky bilen haýyr işlerine bagş edýändir. Ynsany şeýle beýik mertebelere çykarýan onuň özi däldir. Belkem, bar zada güýji ýetýän Allah onuň elinden tutandyr-da, ony basgançak-basgançak Hak ýolunyň soňky nokadyna eltendir. Sebäbi, bizden has akylly, has zehinli adamlaryň hem Hak ýoluny tapyp bilmän, haýwany arzuw-islegler bilen ýatyp-turýanyny görýäris. Diýmek, ynsanyň Hak ýoluna girmegi ýa-da Hak ýolundan azaşmagy, sebäpler babatynda onuň ukypdyr başarnygyna bagly däldir. Bular gönüden-göni Allahyň isleginiň hikmetli eserleridir.
Indi, kesgin aýtsa bolar: biz hadysalara hiç hili goşulyp bilemizok. Biz diňe ýaradylyşa bir sebäpdiris. Hawa, Allatagalanyň islemedik zadyny biz asla döredip bilmeris. Kä ýagdaýlarda, mümkin ýaly bolup görünýän zatlaram amala aşman bilýär. Kä ýagdaýlarda-da, mümkin däl ýaly bolup görünýän zatlaram, amala aşyp bilýär. Bar zat Allahyň islegine baglydyr. Ol ýeke-täk gudraty güýçli Allahdyr. Allatagala bize bir işi etmäge güýç berýär. Edil şolar ýaly, bize erkimizi ulanyp bilmek ukybyny beren Allahdyr. Hawa, bize erk berlipdir. Emma, Allah islemese, hiç zat edip bolmaz. Hak ýoluna girmek ýa-da Hak ýolundan çykmak meselesem edil şonuň ýalydyr. Hadi we Mudill bolan diňe Allahdyr.
Bir döwür Hezreti Omar (r.a) Allah Resulyny (s.a.w) öldürmekçi bolupdy. Beýle ýaman islegi hezreti Omara (r.a) beren gudarty güýçli Allahdyr. Daşyndan seredeniňde, hezreti Omar (r.a) Allah Resulyny (s.a.w) öldürmäge barýarka Hak ýolundanam barha daşlaşýan ýaly bolup görünýändir. Gaýtam tersine boldy. Dergazap bolup, Allah Resulynyň (s.a.w) ýanyna gitmegi hezreti Omaryň (r.a) Hak ýoluna girmegine sebäp bolupdyr.
Mekgä çenli gelip, Hak ýoluny agtaran A'şa ýaly, beýik şahyry şerabyň gysajyna salyp, ony zelalatda goýanam Allahdyr. Aslynda, bular ýaly, ýüzlerçe, müňlerçe wakalar biziň öz daşymyzda-da bolup dur. Şu wakalary görüp, adamyň Hak ýoluna girip-girmezligi Allahyň elindedigini boýun alaýmak galýar. Hawa, hedaýatam, zelalatam Allahyň elindedir.
Hawa, bu aýdylanlaram dogry. Edil şunuň ýaly, Allahyň bize erk berenligem dogry. Sebäbi, Allah hebes iş etmez. Allatagala biziň geçmişimize hem-de gelejegimize degişli, etjek her bir işimizi erkimiziň üstünde bina edipdir. Galyberse-de, şu binanyň çyzgysy entek ynsan ýaradylmanka çyzylypdyr we bu çyzgy Lewhi-Mahfuzda saklanypdyr. Diýmek, biz Allatagaladan hedaýat dilemelidiris. Ýokardaky aýatda agzalşy ýaly, Allah kimi hedaýata saljak bolsa, onuň kalbyna diriliş eçilýär. Allah Hak ýoluny görkezen adamsynyň kalbyny Yslama imrindirýär we oňa hakykaty bolşy ýaly görkezýär. Şondan soň, ol adam hakykata aşyk bolýar. Allah kimi zelalata saljak bolsa, onuň kalbyny daraldar. Şondan soň, ol Yslamyň hiç bir buýrugyna „Bolýar“ diýmez. Kuranda aýdylşy ýaly „Nesihatdan ýolbarsdan gaçýan ýabany eşekler ýaly bolup gaçýar“ (Müddessir, 74/48-51). Her ädimi ony Yslamdan daşlaşdyrýandyr.
Ýöne bularyň baram bir ýönekeýje şerte baglydyr. Olam – ynsanyň erkidir. Erk – bir zady edip-etmezlik barada karara gelmekdir. Aslynda, adamyň wyždan taýdan özüni erkin saýmagam onuň erkiniň barlygyny görkezýär. Şonuň üçinem, ol wyždan taýdan özüni jogapkär saýýar. Erk – edilýän işleriň esasyny düzýär. Allatagala ýaratjak her bir zadyny şol esasyň üstünde ýaradýar.
Mysal üçin, diýeli, siz dünýeden ýamanlygy aýyrjak bolýarsyňyz. Ýamanlygy ýok etjek bolup, wyždanyňyzda oturan erkiňizi belli bir ýere çenli ulanýarsyňyz. Bar dünýe malyňyzy şu göreşiň ýoluna bagş edýärsiňiz. Siz öz maksadyňyza ýetmek üçin ähli ýollary barlap görüpsiňiz. Eliňizden baryny edip, şu ugurda göreşipsiňiz. Ahyram, ysgyndan gaçýaňyz we mundan artyk siz ýamanlyk bilen göreşip bilmejekdigiňize göz ýetirýäňiz. Ýagny, siz erkiňiz bilen edip boljak her bir zady edipsiňiz. Ana, şonda Allatagalanyň islegi siziň dadyňyza ýetişýär. Allatagala size gerek bolan mümkinçilikleri döredýär. Hawa, Allatagala siziň erkiňize seredip, gör, ýene-de nähili lutfy-keremleri yhsan eder. Bu ylahy kanun asla üýtgemez.
Şonda, siz öz güýjüňiziň nämä ýetýändigine göz ýetirýärsiňiz. Allahdan bir zada garaşanyňyzda-da şu düşünje bilen garaşarsyňyz. Eger-de siz Allahyň eçilen keremine mynasyp däl bolsaňyz, onda bu Onuň yhsanydyr. Hiç kim Allahdan hasap sorap bilmez. Hawa, siz öz erkiňize düşýän jogapkärçiligi birkemsiz ýerine ýetirmelisiňiz, soňam eliňizi açyp, näme isleýän bolsaňyz, Allahdan dilemelisiňiz. Siz öz borjuňyzy berjaý etseňiz, Allaham siziň keç ykbalyňyzy üýtgeder. Şeýdip, dünýä ýamanlyklardan saplanar.
Şeýle dälmi eýsem? Kişi Allahyň ýolunda wepat bolýar, Allatagala-da oňa şehitlik berýär. Allatagala ol adamy şeýle mertebä çykaranyndan soňam, nygmatlaryň yzy üzülmeýär. Ol ony jennete salýar. Oňa Jemalullaha seretmegi nesip etdirýär. Oňa ýene-de nijeme nygmatlaryny yhsan edýär. Ýagny, adam öz çeken zähmetiniň miwesini artygy bilen görýär.
Erkiňizi ulanman, durmuşyňyzda hiç hili özgerişlige garaşmaň! Allatagala pygamberler üçin üýtgetmedik kanunyny siziň üçin üýtgetmez. Hawa, öňden bäri dowam edip gelýän ýol şudur.
Pygamberimiz (s.a.w) açlygy, suwsuzlygy görüpdir. Söweşde Onuň (s.a.w) dişi döwlüp, ýaňagy ýaralanypdyr, aýagy gara gan bolupdyr. Onuň (s.a.w) görmedik ezýeti galmandyr. Onuň (s.a.w) egindeşlerem görgi baryny görüpdirler. Soňabaka duşmanlaryň ezýetini çekip-çydar ýaly bolmandyr. Musulmanlaryň bary: „Allahym, biziň dadymyza ýetiş!“ diýip zarynlapdyrlar. Ana, şol pursatda Allah olaryň dadyna ýetişipdir. „Allahyň ýardamy juda golaýdyr “ diýlipdir. Aşakdaky aýat bize bu hakykaty düşündirýär. „Sizden öňküleriň başyna gelenler siziň hem başyňyza gelmän, näme, jennete girerin öýdýäňizmi? Pygamber we Onuň bilen bilelikde möminler: „Allah haçan biziň dadymyza ýetişerkä?“ diýer ýaly kynçylyga uçrap, alaçsyz galypdylar. Berk belläň! Allahyň ýardamy golaýdyr“ (Bakara, 2/214).
Bir döwüm çörek tapylman, bir owurt suwa zar bolnan, üstünde gyşarar ýaly bir düşege mätäç bolnan bir döwürde... Hawa, işiň oňuna gitmän, soňuň görnüp duran pursatynda, gaýypdan gelen ses saňa şeýle diýýär: „Ünsli bol! Allahyň ýardamy golaýdyr!“. Ana, şol sesi eşidýänçäň sen diňe öz erkiňi ulanyp, yhlas etmeli bolýarsyň. Şem öz borjuny berjaý edip, ýanmalydyr. Şem eräp, aşagyndaky gaba ýeteninden soň, Allatagala kömege ýetişýär we size ýardam berýär. Siz öz erkiňizi iň soňky nokada çenli ulanyň. Külli erada hem öz etmeli işini bilýändir. Şeýlelikde, seniň bagtyň getirýändir.
Siz erkiňizden doly peýdalanyp bilýäňizmi? Eger-de „Hawa“ diýip bilýän bolsaňyz, menem sizi söýünjiläp biljek: „Arkaýyn bolaýyň! Ýeri-gögi tesbiniň düwmeleri ýaly, elinde öwrüp-çöwürýan Allah siziň dadyňyza ýetişer. Ol soňsuz Gudrat özüniň soňsuz eradasy bilen, öňüňize böwet bolýanlaryň ähli hile-pirimlerini, duzaklaryny wes-weýran eder. Sizi bela-beterden gorap saklar“. Borjuňyzy doly berjaý edeniňize ynamyňyz bar bolsa, onda meniň söýünjimiň haklygyndanam arkaýyn bolaýyň! Sebäbi, Allahyň kanuny şeýledir.
Takdyry ylahy meşiýet babatda seljerip geçdik. Geliň, indi şu analizleri bir sözlemde jemläliň.
Allatagala bar zady gurşap alýan ylmy bilen, gelejekde biziň öz erkimizi ulanyp näme etjegimizi bilýär. Allah özüniň bilýänlerini Lewhi-mahfuzda ýazyp, bellige alýar. Soň bolsa, perişdeler biziň üçin ýörite bir depder tutup, biziň bar eden amallarymyzy şoňa ýazýarlar. Şeýdip, depderleriň ikisem deň çykýar. Elbetde, bularyň ählisine Allahyň islegi esas bolýandyr. Sebäbi, biz – Ehli-sünnet wel jemagat bolup „Allah bir zadyň bolmagyny islese, şol zat bolýar. Allah bir zadyň bolmazlygyny islese, şol zat bolmaýar“ diýen ynanja uýýarys.
- -de döredildi.