Allahyň ýaratmagy, kaza we takdyr
Bar zady ýaradan Allahdyr. „Zat“ diýilýän näme bar bolsa, barysy Allahyň mahlugydyr. Bizem, amallarymyzam şoňa girýär. Şonuň üçinem, Kurany Kerimde: „Sizi we amallaryňyzy ýaradan Allahdyr“ (Saffat, 37/96) diýilýär.
Pygamberimizem (s.a.w) bir hadysynda: „Her sungat adamsyny we onuň sungatyny ýaradan Allahdyr“ diýýär.
Diýeli, bir daşy ýa-da mermeri ýonýaňyz. Sizi hem, siziň edýän işiňizi hem ýaradan Allahdyr. Size zehin beren, sizi oýlandyrýan we belli bir basgançaklary geçeniňizden soň, siziň pikiriňizi daşyňyza çykarýan Allahdyr. Beýle bolsa, biziň erkimiziň paýyna näme düşýär? Bu ýerde erkiň näme täsiri bar?
Erk diýilýän zat şeýle bir kiçi zat welin, siz näçe ýiti seredip, näçe çuňdan görüp bilýän bolsaňyzam, ony görüp bilmersiňiz. Sebäbi, ony görer göz bilen görüp bolmaýar. Ol şeýle bir kinniwanja welin, onuň edýän işleri „sebäp-netije“ kanunyna gabat gelenok. Hawa, biziň erkimiz nähili kiçi bolsa, bize berilýän ylahy lutflaram şol derejede uludyr.
Ýaradýan Allahdyr. Kuran, sünnet we kämillige ýeten wyždanlar munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Şonuň üçinem, Allah Resuly (s.a.w) we Onuň (s.a.w) ymmaty – biz Allatagalanyň ýaradýan gowulyklarynyň, biziň erkimizden däl-de, öz rehmetinden gözbaş alyp gaýtmagyny isleýäris. Ýeri gelende, birki sany doga-dilegi agzap geçesim gelýär. Buhary şeýle hadysy rowaýat edýär: Pygamberimiz (s.a.w) istihare dogasy hökmünde bize şeýle dileg etmegi öwredipdir: „Allahym! Seniň ylmyňdan maslahat soraýaryn. Seniň gudratyňdan kömege garaşýaryn. Soramda-da, Seniň beýik yhsanyňdan soraýaryn. Seniň bar zada güýjüň ýetýändir. Meniň bolsa, hiç bir zada güýjüm ýetenok. Sen bar zady bilýärsiň. Men bolsa hiç zadam bilemok. Sen Allamül Guýubsyň. (ähli syrlary bilýänsiň). Allahym! Eger-de şu iş meniň dünýäm hem ahyretim üçin bähbitli bolup, başy hem-de netijesi babatda meniň üçin haýyrly bolsa we Senem şeýle diýýän bolsaň, şol işi meniň Takdyryma ýaz. Şol işi etmäge maňa ýeňillik döret we şony maňa bereketli eýle. Sen bilýänsiň. Bir iş meniň dinim, bu dünýäm hem-de ahyretim üçin, başynda ýa-da soňunda haýyrsyz boljak bolsa, ony menden daşlaşdyr. Menem ondan daşlaşdyr. Meniň üçin näme haýyrly bolsa, şonam meniň Takdyryma ýaz. Soňam, meni öz Takdyryna ten berýänlerden eýle... “
Pygamberimiz (s.a.w) şu doga-dilegler bilen, bize Takdyryň syrlaryny öwredýär. Şunuň bilen birlikde, şu doga-dilegler bize ynsany haýra ulaşdyrjak, şerdenem daşlaşdyrjak ýeke-täk Gudrat eýesiniň Allatagaladygyny görkezýär. Şer işleriň nähili erbetdigini wyždanymyzda duýdurýanam – Allahdyr. Ol bizi erbetlikden daşlaşdyrýar. Haýyr iş edenimizde, Allatagala gursagymyzy ylahy howadan doldurýar. Şeýdip, biz haýyr işlere doly berilýäris. Onsoňam: „Haýyr Allahyň elindedir“ diýleni-dä, bize Allahdan başga hiç kim haýyr berip bilmez. Ýa bolmasa, Allahyň bize beren haýryna hiç kim päsgel beribem bilmez.
Hezreti Ýusubyň (a.s) başyna gelen belany Allah sowupdyr. Yhlasa berlen pygamberi Allatagala bir aýalyň şerinden gorapdyr. Kurany Kerimde bu barada: „Ine, ondan erbetligi we ýamanlygy şeýdip sowduk. Dogrusy, ol biziň muhlisin (yhlasly) bendelerimizdendi“ (Ýusuf, 12/24) diýilýär.
Ine, şu ýerde-de erbetlik bilen ynsan erkiniň arasyna Allatagalanyň yhsany giripdir. Şeýdip, kişi erbet işe baş goşmakdan halas bolupdyr. Hezreti Ýusup (a.s) hakda „Ol biziň yhlasly bendelerimizdendi“ diýlip aýdylan söz şuny görkezýär: Allatagalanyň lutfy-yhsanyny oýaran zat – hezreti Ýusubyň (a.s) yhlasydyr. Pygamberimiziň (s.a.w) hem şu manydaky bir hadysy bar: „Ägä boluň! Bedende bir et bölegi bardyr. O gowy bolsa, tutuş beden gowudyr. O zaýalansa, tutuş beden zaýalanar. Ägä boluň! O zat – ýürekdir.“
Hawa, ýüregiň Allatagalanyň söýgüsi bilen dolup, daşmagy, üst-üstüne gelýän belalaryň sowulmagyna sebäpdir.
Buhary Pygamberimiziň (s.a.w) bir dogasyny rowaýat edýär. Şol doga bize Allahyň ähli zady, ähli işleri ýaradýandygyny ýatladýar. Esasan, ertir namazyndan soň okalýan şu doganyň bir bölegi şudur: „Allahym! Seniň bereniňi yzyna gaýtarjak ýokdur. Seniň gadagan edeniňi berip biljek ýokdur. Seniň ýanyňda nähak iş edeniň arkasyny tutjak bolmaz. Şan-şöhrat Seniňkdir we Sendendir“
Görşüňiz ýaly, Allahyň beren hökümini we Allahyň kazasyny hiç kim yzyna gaýtaryp bilmejekdigi şu hadysda aýdylýar. Diýmek, biziň borjumyz – ýürekden imrinmekdir, ýönelmekdir.
Esasan, edýän işlerimiziň hem Allah tarapyn ýaradylmagy bize üýtgeşik duýgy berýär we biz özümizi arkaly ýaly duýýarys. Şu düşünjäniň aňyrsynda uly şatlyk habary ýatyr. Ýagny, Rebbimiz bizi öz işlerimiz bilen ikiçäk goýanok. Allah özüniň ylym hem gudraty bilen hemişe bize bizden ýakyn durýar. Eýsem, bu ynsan üçin begençli habar dälmi? Biz şeýle duýgular bilen rehmetiň gujagyna özümizi oklaýarys-da, ähli işlerimizi Allatagala tabşyrýarys. Ine, Beýik Biribara boýun bolanymyzdan soň, Allahyň islegi rehmet tolkuny bolup bizi öňüne salýar-da, marifet ummanynyň jümmüşine alyp gelýär. Şu niýet bilen Allahyň islegine garaşýarys. Allatagala, enşalla, bizi haýyrly netijä elter.
Sözüň başynda-da aýdyşym ýaly, hedaýatam, zelalatam Allahyň elindedir. Şolaryň döremegi Allahyň islegine hem-de ýaratmagyna baglydyr.
Kurany Kerimde bu barada jikme-jik gürrüň berilýär. Mysal getirmek üçin, birki aýaty agzap geçesim gelýär:
„Kimi Allah hedaýata ulaşdyrsa, o hedaýaty tapar. Kimi hem zelalatda goýsa, soň oňa Hak ýoluny görkezjek bir mürşidem asla tapylmaz“. (Kehf, 18/17).
„Allah kimi hedaýata ulaşdyrsa, diňe şol hedaýatdadyr“ (Isra, 17/97).
„Allah kimi hedaýata ulaşdyrsa, ony azdyrjak bolmaz. Allah eziz we ar alyjy dälmidir!“ (Zümer, 39/37).
Allah kimi Hak ýoluna saljak bolsa, onuň kalbyna hedaýat nuruny guýýar. Hedaýat nury o adamyň kalbynda ornaşýar. Allah kimi azdyrjak bolsa, ony hiç kimem halas edip bilmez. Din wagyzçylary oňa bar zady düşündirselerem, ony azgynlykdan gutaryp bilmez. Sebäbi, ol adam üçin Haka barýan ýol ýapykdyr. Häzirki günüň umumy ýagdaýy bu aýdylanlara mysal bolsa gerek.
Bu ýerde ýene bir zady hem ýatdan çykarmaly däl. Hedaýaty we zelalaty Allah ýaradýar. Ýöne Allatagala netijäni adamyň erkine baglylykda kesgitleýär. Hadi hem-de Mudill bolan Allah (j.j) hedaýaty we zelalaty ýaradýar. Ynsany azdyrýan onuň özüdir. Şonuň üçinem, biz her namazda „Alham“ süresini okanymyzda, Allatagaladan dileg edip ýalbarýarys: „Allahym! Bizi azgynlaryň ýoluna iterme!“ (Fatyha, 1/7) diýýäris. Pygamberimizem (s.a.w) bir hadysynda: „Allahyň gazaby ýahudylaryň depesindedir, azgynlaram hristiýanlardyr“ diýipdir. Ýeri geleninde, hedaýatyň mertebeleri hakda-da aýdyp geçesim gelýär.
- -de döredildi.