«Yslam imperialistik nyzamlar ýaly fetih (bir ýurdy eýelemek, açmak) ady bilen dürli ýerlere çozupdyr, basyp alypdyr we soňra-da öz koloniýasyna öwrüpdir» diýýärler. Bu dogrumy, muny düşündirip bilermisiňiz?
Bu düşünjäniň hem, muňa meňzeş ysnatlar ýaly, yslam duşmanlary tarapyndan belli bir maksat bilen orta atylan ysnatlardan tapawudy ýokdur. Şuňa meňzeş her bir meselede bolşy ýaly munda-da, yslamy bilmeýän musulmanlary ýalňyşdyrmak we düşünjeleri bulaşdyrmak islenilýär.
Bir oýlanyp görüň, Arap ýarym adasynda, Mekke we Medinedäki ynsan kimi ekspluatirlejek we niräni basyp aljak? Bir ynsanyň öz kowmuna we taýpalaryna çozmagy we basyp almagy, soňra-da ekspluatirlemegi nirede görlen zat? Şeýle hem ekspluatirlenendigi barada aýdylýan, ol günlerki Hijaz ynsany we Hijaz topraklary ýaly garyp halk we hasylsyz topraklar barmyka beri?
Galyberse-de, yslamyň habaryny dünýäniň dört ýanyna ýetirmek üçin bir giden howpuň öňünde duran we ynanjy ugrunda şehit bolmagy iň beýik dereje saýan, ömürlerini dört bir künjekde, özlerinden on bäş, ýigrimi esse güýçler bilen söweşip geçiren ol beýik ruhly nusgalyk ynsanlara kolonizatorlygy, imperialistligi, ekspluatirleýjiligi ýöňkemek gülkünçdir we mümkinem däldir. Bu ynsanlar munça jebre, munça ýitgilere we munça pidakärlige derek näme gazandylarka, nämelere eýe bolup, näme peýdalar gördülerkä? Aslynda ýyllarça ýurdundan, öýünden, maşgalasyndan-çagasyndan uzak ýerlerde Rabbini düşündirmekden başga hiç zadyň pikirinem etmeýän, ölümi we şehitligi iň süýji maksadyna öwren we her söweşde ölüp dostlaryna gowuşmanlygynyň derdini çekýän bu ynsanlara ekspluatator diýlip atylan ysnada hatda bu düşünjäni orta çykaranlaram ynanmaz.
Ýer ýüzünde başga bir döwlete çozmak we ony basyp almak iň elhenç taraplary bilen imperializmi, Isgenderden Napaliona, rimlilerden nemeslere, mongollardan häzirki döwrüň Ýewropa döwletlerine, rus diktatorlaryndan Amerika imperatorlygyna çenli ekspluatirleýiji nyzamlary döretdiler. Giren ýerlerini harap etdiler. Ahlagy bozup, milletleri biri-birine öjükdirdiler, soňundanam yzlarynda «harap iller, hanu-manlar, çaňap galan çöller, çekilen zähmediň rehnetsiz günleri, ertiriň umydy kesilen agşamlar» we gan bilen iriň akdyryp gitdiler.
Bu gün bolsa, ýowuz talaňçylar, garakçylar öz ýigrenji işlerini, utandyrjy hereketlerini örtmek üçin yslamy we onuň şanly Pygamberini (s.a.w.), pygamberiň görnükli halyflaryny, şöhratly Osman döwletini, döwlet dolandyryjylaryny kolonizatorçylyk we ekspluatatorçylyk bilen garalamak isleýärler.
Musulmanlar taryhyň hiç bir döwründe we dünýäniň hiç bir ýerinde ne döwlet, ne millet, ne-de bir şahsyýet bolup hiç kimi ekspluatirlemeýişleri, hiç kime zulum etmeýişleri ýaly häkim bolan ýerlerinde ekspluatasiýa we zuluma ýolam bermediler.
Hawa, jahanyň dört künjeginde ýeňiş yzyna ýeňişe ýetilen döwürde yslam döwletiniň başyndaky halyfy: «Maňa musulman bir bendäň iň pukarasynyň ýaşaýyş derejesinde ýaşamak gelişer» diýip, bir günlük azygy birnäçe hurma bolup ömrüni ýaşap geçirensoň niräni ekspluatirläp, kime zulum edipdir diýip biljeksiňiz?..
Bir söweşde öldüren garşydaşynyň eşiklerini özüne berjek bolanlarynda elini boýnuna ýetirip «Men bokurdagymdan bir okuň çümüp şehit bolmak üçin bu jeňe giripdim, zat almak üçin däl» diýip gözi o dünýä bakýan biri kimi ekspluatirlär?
Başga bir söweşde musulmanlara kän zyýan ýetiren käfirleriň öňbaşçysyny öldürip ýoluny dowam eden bir musulman goşunyň serkerdesi öldürleniň mal-mülki başynda durup, Allahyň adyny ant edip çagyrmagy sebäpli serkerdäniň ýanyna gelmäge mejbur bolýar we ýüzi sowut perdeli urşujy bilen goşun ýolbaşçysynyň arasynda şu gepleşik bolup geçýär.
- Allahyň hatyrasyna aýt, muny sen öldürdiňmi?
- Hawa.
- Beýle bolsa al şu müň dinary.
- Men bu işi Allah üçin etdim.
- Seniň adyň näme?
- Adymy näme etjekdiňiz? Ýa adymy äleme äşgär edip sogabymy zaýa etmek isleýärsiňizmi?..
Indi görüň, bu ynsanlaryň ynsany ekspluatirlemegi we basybalyjylyk etmegi, heý, bolup biljek zatmy? Dogrusy kine we duşmançylyk belli bir derejä baransoň ynsanyň ne gözi görýär, ne gulagy eşidýär, ne-de makuly, nämakuly saýgarýar...
Esasy meselä geleliň. Ekspluatatorçylyk we imperializm näme we ony kimler edipdir?
Imperializm ýa-da başgaça bir adyny aýtsak kolonizatorçylyk bir halk başga bir halkyň, bir döwlet başga bir döwletiň üstünden agalyk sürmegi, häkimligini ýöretmegi, ony ekspluatirlemegi we ondan peýdalanmagy şekilinde suratlandyrylyp bilner. Emma, basyp alyjylyk, häkimiýet we ekspluatatorçylyk elmydam şol bir görnüşde bolman biler. Muny şu günki günümizdäki şekiller bilen şeýle tertipde ýerleşdirip bileris.
1. Doly basyp almak we hökmürowanlyk: Bir ülkäniň asyl eýeleri bolan ýerli ilaty ýok edip, gelip bu ülkede ýerleşmekdir. Amerkanlar gyzyl derililere, Awstraliýany basyp alanlar ýerli awstraliýalylara we Palestinany basyp alanlar hem Palestin halkyna şeýle çemeleşdiler.
2. Harby basyp alyjylyk: Bir ülkede harby häkimiýet gurup, ol ülkäniň ynsanynyň her meselesine garyşmagyna aýdylýar. Hindistany öz koloniýasyna öwren Britan esgerleri ýyllar boýy ýerli halk bilen şeýle gatnaşykda boldular.
3. Döwlet dolanşygyna daşyndan goşulmak: Bir ülkäniň içeri işlerine, howpsuzlygyna, goranmak we ykdysady işlerine açyk ýa gizlin garyşmak şekilinde bolýar. Bziň günlerimizde Gündogaryň we Günbataryň imperialist döwletleriniň, garyp, güýçsüz we yza galak ülkelere garşy hereketi mydama şular ýaly daşyndan goşulmak şekilinde bolup gelýär.
4. Intelektuallary (ülkäniň ösen, zehinli ynsanlaryny) özüňe çekmek ýörelgesi: Bu ýörelge döwrümizde imperializmiň iň giň ýaýran we iň howply ýörelgesidir. Bu ýörelgä görä ekspluatirlenmegi göz öňünde tutulýan ülkäniň başarjaň, joşgunly, täzelikçi, gaýduwsyz, edermen ýaşlary seçilip, ýurduň içinde we daşynda ýörite bilim berlip, hususy birleşiklere agza edilip ülkäniň geljegine häkim bolar ýaly derejä getirýärler. Has soňra bolsa bu ýerli, emma halkyna keseki bu intellektualllar, wagtyň dowamynda ülkäniň dolandyrylyşynda iň möhüm nokatlara ýerleşdirilip, gala içinden basylyp alynýar.
Soňky asyrlarda günbatarly kolonizatorlaryň ulanýan bu ýörelgesi örän netijeli boldy we bu ýol bilen garşy tarapa maksadyňy bildirmezden, olarda ýigrenç oýarmazdan, ýumşaklyk bilen maksada ýetilýär. Şu günki günümiziň yslam dünýäsini uly ölçegde bu gabyl ele geçirmäň we ekspluatirlemäň gysajynyň içinde hasaplap bilersiňiz.
Haýsy şekilinde bolsa bolsun imperializimiň toruna düşýän ülkelerde:
1. Iki halkyň dilini we medeniýetini biri-birine uýgunlaşdyryp birikdirme (assimilirleşdirme) arkaly ýerli halk özünden uzaklaşdyrylypdyr, geçmişini we taryhyny unutdyrmaga çalşylypdyr we kimligi kemsidilipdir.
2. Milli buýsanç öldürilipdir, oba hojalygy ters maksatlara gönükdirilipdir, senagat imperialist ýurda bagly ýagdaýa getirilipdir, ylym önümçilikden, derňew we tejribe işlerinden daşlaşdyrylypdyr we gözlegleriň ýerine göçürme, bir galypda işlemek düzgüne giripdir.
3. Ölmez-gülmez etmek syýasaty bilen ýerli halk jepakeş edilip mydama başgalaryna mätäç hala getirilipdir we ömür boýy ösüş, günbatara öýkünmek döwrebaplyk ýaly haýsy maksada eýerýändig belli bolmaýan sözler bilen ünsleri öçürlip, ukladylypdyrlar.
4. Daşarky goldaw we kreditler bilen ülke gysaja alnypdyr, import we eksport açyk ýa gizlin göz astynda saklanypdyr, galkynmak we ösmek çäklendirilip, tutuşlygyna kyn ýagdaýa salnypdyr.
5. Bir tarapdan ülkäniň ilatynyň garyp düşmegi üçin zerur bolan çäreler görlüpdir, başga bir tarapdan bolsa köpçülik elpe-şelpelige, zaýaçylyga, ysryba çekilipdir we milletiň içinde dowamly kanagatsyzlyk duýgusy oýarlyp, gozgalaňa eltýän närazyçylyklar döredilipdir.
6. Ylym, tehnika we tehnologiýa babatda gözlegde bolmagyň ruhy öldürilipdir. Bilim ojaklary öýkünme, fabrikalar montaž senagaty, harby bölümler imperialist güýçleriň ulanyşdan galdyrylan köne ýaraglarynyň harmanyna öwrülipdir.
Indi bolsa oýlanyp görüň, yslamy we yslamyň ýeňişlerini, şunça erbetligi özi bilen getiren imperialist gurluşlara we ekspluatirleýji düzgünlere deňemek nä derejede göwnüňize makul?..
Şu bir hakykatdyr: yslam hiç kimi ilinden-ýurdundan aýyrmaýyşy ýaly hiç kimiň eline, aýagyna zynjyr urup, onuň işlemegine päsgel bermändir. Ol eýeleýän ülkeleriniň ynsanlaryna doly din we wyždan azatlygyny berip, her kimi duýgulary bilen, düşünjeleri bilen öz erkine goýupdyr we olara her bir zatda edil dindeşleri, watandaşlary ýaly hemaýat edipdir. Musulman serkerdeleri giren ýurtlaryna şol bada asudalyk we howpsuzlyk getiripdirler we ýerli halk arasynda kabul edilen, söýülen, hormat goýulan ynsanlara öwrülipdirler. Beýle bolmasady Siriýa hristianlary ülkeleriniň Rim imperatory tarapyndan basylyp alynmagynyň endişesinden kiliselere dolup musulmanlaryň ýeňmegi üçin doga edermidiler? Beýle bolmasady bir ujundan beýleki ujuna baryp bolmaýan şeýle giň bir ülkede asyrlar boýy howpsuzlygy, asudalygy we parahatçylygy dowam etdirmek nähili mümkin bolup bilerdi? Bu günki komunikasion mümkinçiliklere, soňky görnüşlerdäki harby tehnikalara garamazdan, bir gysym ýerde munça mehanizmleşdirilen güýçler barka-da, howpsuzlygyň we tertip düzgüniň ýola goýlup bilinmeýşini görüp, olaryň bu meselede şeýle başarjaň bolandyklaryna haýran galmazlyk mümkinmi? Meniň pikirimçe, şu günki günümiziň örän köp intelgensiýasy hem bu hakykata göz ýetirjek, jahan häkimýeti döwrümize degişli barlyk we berkararlygymyza esasy düzgün beren güýçleriň gaýtadan gözden geçirmegiň zerurlygyny aýtmaga başladylar.
Musulman serkerdeleri eýelän ülkeleriniň gapylary bilen birlikde köňül gapylarynyň hem özlerine açylmasyny başaryp bildiler we ol ülkeleriň ynsanlarynyň hormatyna, ynam bildirmegine we bil baglamaklaryna mynasyp boldular.
Giren ülkelerinde ylym we sungat babatda gazanylan tejribelere aýratyn baha berip, ylym we sungat adamlaryna işlemekleri üçin mümkinçilikler döretdiler. Dini ynanjyna we milletine garamazdan, alymlara we pikir adamlaryna aýratyn üns berip, olary yslamy topar içinde ezizläp we hormatlap sakladylar.
Musulman serkerdeleri hiç wagt amerikaly sygyr çopanlarynyň Täze Dünýäniň ýerli halkyna, fransuzlaryň Alžir ynsanyna, iňlisleriň Awstraliýanyň ýerli milletlerine, gollandiýalylaryň indoneziýalylara, ýigriminji asyryň amerikalylarynyň Wetnam, (Owgan we Yrak) halkyna edenlerini etmediler. Etmek beýlede dursun, ýeňen ülkeleriniň halkyna öz dindeşleri, öz soýdaşlary ýaly garadylar we olara watandaşlaryna ýüzlenen ýaly ýüzlendiler.
Halyf Hezreti Omar mekkeli birinden şarpyk iýen bir berberä: «Dön, sen hem oňa bir şarpyk çal» diýýär. Amr bin Asyň Müsüriň ýerli ilatyndan biriniň ynjydylanyny eşidende: «Ynsanlar azat bolup enelerinden dogulýarlar. Haçandan bäri olary gul-gyrnak edip ulanýarsyňyz?» diýip nägilelik bildirdi. Hezreti Omar Mesjidi Aksanyň açarlaryny almak üçin Palestinada bolan mahaly, kiliseleriň birindekä namaz wagty girýär. Pop Hezreti Omaryň şol ýerde namaz okamagyny ýürekden islemegine garamazdan ol: «Ýok. Halyf Omar bu ýerde namaz okady diýip ertir size azar berilmegi mümkin» diýip, daşynda açyk meýdanda maňlaýyny guma bulap namaz okamagy saýlaýar we yslamyň ýeňilenler babatda ynsanperwerligini, mylaýymlygyny häzirki günümizde-de ýetilmedik derejede görkezýärdi.
Haýyş edip soraýaryn, bu ynsanlaryň başga adamlary zulma duçar etmekleri mümkinmi? Bularyň kimdir birini ezmeginiň pikirini etmek dogry bolarmy? Bu beýik ruhlaryň wekillik eden Kuran nyzamyna imperialistik nyzam diýip bolarmy?
- -de döredildi.