Dinde zorluk görkezmek
Yslamyýet bir tarapdan «Dinde zorluk etmek ýokdur. Çünki dogrulyk, azgynçylyk we egrilikden aýyl-saýyl edilendir» (Bakara, 256) we «Aýt: Hak Rabbiňizdir, beýle bolsa islän iman etsin, islän inkär etsin» (Kehf, 29) ýaly aýatlar bilen geçirimlilik, hoşniýetlilik we ynsanlaryň ynanyp ynanmazlyklaryny olaryň eradalaryna goýmak esas edilýärkä, beýleki tarapdan «Eý pygamber! Käfirler, mynafyklar bilen söweş, olaryň barjak ýeri jähennemdir. Ol gidiljek ne elhenç bir ýerdir» (Tahrim, 9) we «Eger ýüz öwürseler olary tutuň, tutan ýeriňizde öldüriň we hiç birini dost tutunmaň» (Nisa, 89) we «Özlerine kitap berlenlerden Allaha we ahyret gününe ynanmaýan, Allahyň we Resulynyň haram kylanyny haram saýmaýanlar we Hak dini din edinmeýänler bilen aýak astynda, näletlenen ýagdaýa düşüp jizýe – paçlaryny töleýänçäler söweşiň» (Töwbe, 29) ýaly beýanlary bilen yslamyýetde gylyç ulanylyp we zor salynandygy, netijede-de onuň gylyç bilen ýaýradylandygy manysynda düşünilýär. Bu gapma-garşylykly aýatlara nähili düşünmeli we yslamdaky jihat emriniň manysyny düşündirermisiňiz?
Pygamber (s.a.w.) Mekkede takmynan on üç ýyllap halky açyk-gizlin töwhide we yslamyň getiren beýik düşünjelerine çagyrydy. Has soňra çagyrşyny Mekkäniň daşynda Taif we Medine halkyna mährem ýüzlenip dowam etdirdi. Onuň bu dürli ýerlerdäki çagyryş we teblyg wesipesine ilki köňül beren Medine halky boldy hem örän gysga wagtyň içinde yslamyýetiň ilkinji paýtagty we yslam medeniýetiniň sallançagy bolan Medinede töwhit dininiň girmedik bir öýi galmady. Şol güne çenli edilen hyzmatlarda we yslamlaşdyrma hereketinde ne bir zorluk, ne bir güýç he-de ýarag ulanmak meselesi ýüze çykdy. Herkes diňledi, owrendi, düşündi we seçjek nurly ýoluny öz eradasy bilen seçdi.
Şeýlelik bilenem musulmanlar üçin gidip ýerleşjek we yslam dinini ýaýratjak ýerleri, töweregini gurşanlar tapyldy, bu-da olaryň öz düşünje dünýälerini, iman we akyda durmuşlaryny erkin ýaşamaklary diýmekdir.
Bu täze jemgyýet özüne mahsus çyzgylary bilen Arap ýarym adasynda özüni duýduryp, ejir çekýän we garaňkylykda bolan adamzada başyny goýjak bir mährap halyna gelende, şeýle-de ruhlarynda erbet duşmançylyk bolan kureýiş günbe-gün azgynlaşýardy, her pursatda musulmançylyga we musulmanlara garşy çozuş edýärdi we soňy nämä barsa barsyn, bu täze diniň hakyndan çykmak isleýärdi. Olardaky bu güýçli arzuw we duşmançylyk duýgusy, zandynda her dine garşy ýigrenç bilen garaýan ýahudy zehini, öz arabozarlygy bilen birleşende, heniz ömrüniň baharynda, ýaňy gögerip çykan ösere, bir ýaşajyk nahal ýaly ýagdaýdaky bu täze diniň töwereginde käbir howp salyjy ýeller ösmäge başlady. Bu ýeller geljekde sasanileri, rimlileri hem öz içine alyp ýaýrajak, giňejek, yslama we musulmanlara garşy ebedi bir duşman bolup dowam edip gitjekdi.
Şu günki günümize çenli dowam edip gelýän yslama garşy ýahudy we haçly duşmançylygyň bütewileşmeginiň özenleri yslam döwletiniň düýbüniň tutulan ýeri bolan Medinäniň ilkinji günlerine baryp direýär. Yslamyň her dürli ýalňyş we azgyn düşünjelere garşy göreşi, ynsana ýitiren häsiýetlerini gaýtadan gazandyrmagyň ýolundaky göreşi, gan döküşikli söweşleri etmegi butparazlygyň ýanynda kilisäni, kilisäniň ýanynda Hawrany herekete getiripdi. Ol günden bu güne – dürli atlarda – bu pitneçi üçlügiň akdyran gan silleri yslamyň bagryndan akyp dur.
Bu sebäpden pygamberimiz döwründe yslam nuruny söndürmäge azymly bu üç topar bilen söweşler orta çykdy. Bu üç topary şeýle böleklere bölüp, hersiniň üstünde ýeke-ýekeden, aýratyn durup geçmegiň peýdasy bar.
- Mekke müşrikleri.
- Medine we Haýber ýahudylary.
- Rimliler we olaryň gol astyndaky Gassan araplary.
1. Mekke müşrikleri.
Pygamberimiz (s.a.w.) öňem bir aýdyşymyz ýaly on üç ýyl Mekkede haýran ediji bir sabyr we çydamlylyk bilen akyla-hyýala sygmajak kynçylyklara döz geldi, gören görgülerini synasynda çekdi. Kurany Kerimiň «Ol ýagdaýda pygamberlerden azm sahyby bolanlaryň sabyr edişi ýaly sen hem sabyr et. Olar (duşmanlaryň) babatda howlukmaçlyk etme, olar wada edilen azaby gören günleri misli dünýede bir günüň bir sagady ýaly ýaşandyrys öýderler» (Ahkaf, 35) we «Sen häzir sabyr et. Bilgin, Allahyň wadasy hakykydyr. Ýürekden ynanmadyklaryň seni gowşaklyga itermesinden ägä bol» (Rum, 60) we «Häzir sen sabyr et. Çünki Allahyň wadasy hakykydyr we günähiň bagyşlanmagyny isle, ertir-agşam Rabbiňe hamd we tesbih et» (Mümin, 55) ýaly aýatlary bilen özünden öň gelip-geçen pygamberleri mysal getirip ulül-azm derejesinde bir sabyr takat bilen wezipesini dowam etdirdi.
Müňbir kynçylyk içinde geçirilen on üç ýyllyk bu ilkinji döwürden soňra basgy çydatmaz hala geldi. Berilýän azarlar artyp, indi olar üçin Mekke ýaşalmaz ýaly body. Şeýdibem hijrete zerurlyk çykdy we musulmanlar ýuwaş-ýuwaşdan ýurtlaryny-öýlerini, hatda maşgalalaryny-çagalaryny Mekkede goýup, Medinä hijret etmäge başladylar. Olaryň hijretinden soň müşrikleriň has aşa gidip musulmanlaryň mal-mülklerini taladylar. Şeýdip musulmanlaryň ne Mekkede, ne-de Medinede dünýä adyna hiç bir zatlary galmady. Şonda-da bu täze mübärek şäher taryhyň iň hormatly mazlum we ejir çekenlerine gujak açyp «geliň» diýipdi. Diýipdi, emma olaryň ne kellelerini sokjak özlerine degişli ýerleri bardy, ne-de öz mallaryndan iýjek bir lukma azyklary bardy. Gutly şäheriň mübärek ynsanlary özlerine «ensar» lakamynyň berilmegine wesile boljak şekilde muhajirleriň bu üst-üstüne çeken ýitgilerine döş gerip, olara hiç bir zat duýdurmazlyga çalyşsalar-da, bir tarapdan ile ýük bolmak ýaly wyždan azabyny, ýene bir tarapdanam talanan mallarynyň o ýerden-bu ýerden bazara sürülşini görenlerinde mallaryny yzyna almak düşünjesi bilen barha gazaba münýärdiler.
Ine, bir tarapda şeýdilip her dürli ýaşamak hukugyndan mahrum edilmek islenen bu mazlum we ejir çeken ynsanlar, beýleki tarapda-da musulmanlary ýurtlaryny, öý-öwzarlaryny taşlap çykyp gitmäge mejbur edip, soňundanam olaryň malyny talan, mülklerini eýelän zalymlar we ganhorlar... Muňa Medinedäki ýahudylaryň we mynafyklaryň, kureýş müşriklerini musulmanlaryň garşysyna öjükdirip bütin yslam nuruny söndürmek niýetleri-de tirkelende, dogrusy musulmanlaryň sabyr we çydamlylygyna, Allahyň emrlerine boýun egmekdäki wepalylyklaryna haýran galmazlyk mümkin däl.
Ine, şeýle zulmuň we zalymlygyň iň çür başa çykan, müminleriň hem sabyrynyň iň aňry çägine ýeten wagtynda, içinde musulmanlaryň hem maly bolan kureýiş kerweniniň Medinäniň golaýyndan geçjekdigi barada habar musulmanlara ýetdi. Şol güne çenli musulmanlar ähli mal-mülklerini müşriklere aldyrypdylar. Ilkinji aňlaryna gelen düşünjeleri ýitiren mal-mülklerini yzyna gaýtaryp almak we Medine halkyna ýük bolmakdan dynmakdy. Emma, Allah musulmanlara müşriklerden ar almak, ýahudylary we mynafyklary eýmendirmek, ýagny kureýiş bilen hasaplaşmak we her pursatda musulmanlygyň üsütne çökmegi niýet edinen bu döw belasyna hetdini bildirmek pursatyny berdi. «Özleri bilen söweşenlere (müminlere) zulm edilmekleri sebäpli (söweşmek babatda) rugsat berildi. Şübhe ýok Allah olara ýaradam etmäge kadyrdyr. Olar başga däl, diňe «Rabbymyz Allahdyr» diýenleri üçin, nähak ýere ýurtlaryndan çykarylan kimselerdir» (Haj 39, 40) manysyndaky aýatlary bilen jihada rugsat berilşi ýaly «Olary (ýagny size garşy söweşenleri) ele salan ýeriňizde öldüriň. Olar sizi (ýurtlaryňyzdan) çykaryşlary ýaly siz hem çykaryň. (Olar pitne döredýärler) Pitne döretmek adam öldürmekden has erbetdir» (Bakara, 91) ýaly beýanlary hem her pursatda musulmanlara zulum eden, janlarynyň kastynda bolan, öý we mülklerini elinden alan, mallaryny paýlaşan talaňçylara hetlerini bildirmek emri berilýärdi. Hawa, şeýle zulum edilip ýurtlaryndan çykarylan, öz ülkelerinde müňbir dürli jebire duçar edilen, bir döwüm çörege zar edilen bu ejirli, mazlum ynsanlara on üç ýyllyk gadaganlykdan soň duşmanlary bilen hasaplaşmaga we ellerinden alnan zatlary yzyna almaga ýol görkezildi. Indi, olar Allahyň adyny açyk yglan edip, muňa päsgel berjek bolýanlar bilen söweşjekdiler. «Size näme boldy-da, Allah ýolunda we «Rabbimiz! Bizi halky zalym bolan bu şäherden çykar, bize öz tarapyňdan eýe çykjak we bize kömek etjek birini iber» diýen biçäre erkekler, aýallar we çagalar ugrunda söweşmeýärsiňiz?» (Nisa, 75) ylahy beýany bilen, Allah ýolunda, yslamyň yzzaty ugrunda we käfirleriň elinde inim-inim iňleýän garry, çaga-çuga we aýallary halas edip azatlyga çykarmak, olary gorap gollamak ugrunda söweşjekdiler we bu söweş ýaşamak hukuklaryny ellerinden aldyranlara bu haklaryny gaýtaryp bermek, abraýlaryny ýitirenlere abraýlaryny dikeltmek we adamzadyň ýeke-täk dini yslamyň ýaýramagyna päsgel berýänleri-de syndyrmak maksady bilen edilýärdi. Şeýdibem Hakyň takdyry bilen bellenen zatlaryň ählisi amala aşyp, Bedri Kubra (Bedir söweşi) bolup geçdi. Bilmedim, müşrikleriň we butparazlaryň munça etmişlerinden soň oňa «beýle bolup geçmesedi» diýip biljek bir adam tapylarmyka?
2. Uhud söweşi.
Zulum we zalymlyk etmäge öwrenşen, talaňçylygy we galtamançylygy özlerine kär edinen, zalym, jeňbaz, gopbamsy bir halkyň Bedirdäki hasaplaşygy içine sygdyryp bilmezligi we beýle ýagdaý dowam etse özleriniň galtamançylyk ýollarynyň ýapylmagy mümkin endişesi we Mekkäniň meşhur adamlarynyň Medinä göç etmesi kureýiş zalymlaryny gazaba mündirýär we olarda täzeden ar almak we hasaplaşmak duýgusyny oýarýar. Bu öç almak duýgusy bilen hem olar tä Medinäň eteklerine çenli geldiler we zalymlaryň harby düşünjesi bilen musulmanlaryň üstüne çozdular. Bu çaknyşykda musulmanlar güýçli goranyş söweşini görkezdiler. Dinlerini, mertebelerini, namyslaryny goramak üçin olarda başga ýol hem ýokdy. Hiç kimem başga ýoly saýlamazdy, aslynda saýlamaly hem däldi...
3. Hendek wakasy.
Müşrikleriň soňy gelmeýän gan we ýigrençleri Uhuddan soň ýene-de täzeden lowlap ýanmaga başlady, soňraky aýlarda bu ýangyn töweregine ýaýrady, ulaldy, ýahudylaryň duşmançylygy bilen birleşip yslam nuruny büs-bütin öçürmek düşünjesi bilen Medineýi Münewweriýäniň daşyny gabady. Munça ýyllyk müşrükleriň kine we ýigrenji, ýahudylaryň hasap we niýetleri Medinedäki bir owuç musulmany bogmak üçin omuz-omuza beripdi we taryhyň iň utandyryjy bet pygyly işlenýärdi. Munuň garşysyna musulmanlar hem ýene taryhda deňi-taýy görülmedik bir gaýduwsyzlyk we batyrlyk bilen dinini, imanyny, mertebesini we namyslaryny goramak ugrunda ebedilige çenli guwanylyp gelinjek we synalarda bir ýad-y jemil (mähirli ýatlama) bolup galjak iň beýik gahrymançylygy görkezýärdiler.
Hendek hem bir goranyş söweşidi. Düýn bolşy ýaly bu gün hem şol bir şekilde çozuşa uçran her milletiň edip biljek görnüşindäki söweşip, gaýtawul bermesidi.
4. Mekge ýeňişi.
Zulumyň we sütemiň iň eýmendirijisi bilen ýurtlaryndan, öý-öwzarlaryndan kowulan, mallary-mülkleri eýelenen musulmanlar öýlerine dolanmak, bag-bakjalaryna timar bermek isleýärkäler garşylaryna çykan nähak päsgel bermeleri ýolundan aýyryp, günde bäş gezek dönüp namaz okadyklary Käbäni butlardan arassalamaklary, birnäçe ýyldan bäri müşrükleriň elinde ýesir bolan hor, ejir çeken, ejiz aýallary we çagalary ýaşamak, ybadat etmek haklaryna we erkinliklerine ýetirmek maksady bilen gan dökülmezligi babatda seresaplylyk görkezilip amala aşyrylan pygamberlere mynasyp bir çäre we garaşylan ýeňişdi. Şeýle hem ol ýeňiş ýaşaýyşlaryny, duýgy we düşünjelerini Mekge ýolbaşçylarynyň arzuw-isleglerine, düşünişlerine görä ýöredýän tutuş töwerekdäki taýpalaryň we kowumlaryň topar-topar yslama girmeklerine, ähli köňülleriň yslama açylmagyna wesile bolan bereketli ýeňiş.
Mekge ýeňişi başda pikirlenilip düzülişi ýaly amala aşyryldy. Allahyň Resulynyň (s.a.w.) «Ebu Sufýanyň öýüne giren, Hakim bin Izaryň ojagyna giren, Käbä sygynan we öýüne girip gapysyny ýapan herkes goragdadyr» sözleri bilen yglan eden ähliumumy günä geçişliginiň, geçirimliliginiň we beýikliginiň garşysynda ol gaty we geçirimsiz ýürekler ýumşapdyr, gözleri bilen birlikde köňülleri hem açylypdyr we emin şäheriň emin ynsanlary bolmaga mynasyp hala gelipdiler. Indi şol güne çenli edenl erbet işlerinden utanjyndan iki büklüm bolýardylar we günälerine kefaret gözleýärdiler.
Bu mazmun şekilindäki ýatlamalarda-da görşümiz ýaly Allahyň Resuly mydama ähli söweşlerini imany ýaýratmak, Haky tanatmak, mazlum we ejizi goramak, maddy we ruhy şatlyga eltýän ýoluň öňündäki päsgelçilikleri aýyrmak, yslam nurunyň ýaýramagynyň öňüne böwet basýan duşmanlary ýok etmek düşünjesi, niýeti we gaýraty bilen edipdir. Bu örän täsindir, bu 23 ýyl dowam eden ýörişler we hasaplaşmalar netijesinde diňe we diňe 375 ynsan ölüpdir. Bu bolsa häzirki döwrümizde Türkiýedäki bir aýda awto awariýalarda ýogalýanlaryň sanynyna deň geler ýa ondanam azdyr.
5. Serwerimiziň ýahudylara garşy söweşleri.
Ýahudylar hiç wagt pygamberimiziň pygamberligini içlerine sygdyryp bilmediler. Bedir söweşindäki üstünlikden soň bolsa doly içi kitüwlilik, gabanjaňlyk bilen hereket etmäge başladylar we duşmançylyklaryny ýüzlerine çykardylar.
Hawa, Bedirden soň Beni Kaýnuka ýahudylary has-da başlaryna gitdiler. Bir tarapdan gizlin-gizlin duşman ýurtlar bilen dildüwşükler gurap musulmanlaryň we musulmançylygyň garşysyna dürli hokgalar çykarýarka, beýleki tarapdanam «Eý Muhammet (s.a.w.) Bedirde söweşden göreşden başy çykmaýan bir jemagaty ýeňdim diýip buýsanma...» diýip, açykdan açyk pygambere gyjalat berýärdiler we onuň bilen garşylaşmaga bahana gözleýärdiler. Hatda Ibni Esiriň tassyklamagyna görä bu niýet bilen Kaýnukaň töwereklerinde bir musulman aýalyň üstüne topulypdyrlar. (El-Kamil/C.2-5,96). Şeýdip Medineýi Münewwerde ilkinji ähdini bozan, pitne çykaran we musulman aýallaryna azar beren Kaýnuka taýpasy bolupdy.
Beni Nadr başda pygamberimiz bilen şertname baglaşan hem bolsa, soňra aşakdan kureýişler bilen dil düwşüp Serwerimize garşy agyz birikdirdiler. Beni Kureýza hem musulmanlar bilen ilki şertnama baglaşandyklaryna garamazdan, Hendek söweşi ýaly aldym-berdimli, iň kyn günlerde şertnamany bozup, kureýşleriň tarapyna geçdi we ters işläp yslamýeti içinden çökermek isledi.
Hasan Ibrahim Hasanyň hem «Yslam taryhy» diýen kitabynda belleýişi ýaly ýahudylardan üst-üstüne gelen hyýanatçylykly urgulara garşy Pygamberimiz diňe adalatly, istikamat we ýumşaklyk bilen jogap berdi. Olary pygaberimiz munça hyýanaty we yslamy arkasyndan urmak üçin eden işlerine görä, musulmanlaryň we musulmançylygyň hukuklarynyň adyna eden pirimleriniň derejesinde jezalandyrdy. (H.Ibrahim Hasan/Yslam taryhy, j.1, sah.132).
Asyl soňy gelmeýän ýahudy kinesi we ýigrenji Hendek wakasyndan soňra-da ýatmady. Bir tarapdan pygamberimiziň iýjek etine zäher goşýardylar, otyrka depesinden daş oklaýardylar, yzly-yzyna dildüwşükler gurnaýardylar, başga bir tarapdan bolsa musulmançylyga garşy her dürli yslam duşmanlaryny öjükdirýärdiler we gizlin-açyk bir söweş ýagdaýyny döretmän durup bilmeýärdiler. Üstesine-de Medineýi Münewwerde gozgalaň turuzmak arzuw-niýetiniň yzy kesilmeýärdi. Bütin bulary nazara alyp, yslam paýtagtynyň höwupsyzlygy we asudalygy üçin pygamberimiz olary Medineden çykarmagy karar etdi. Bu gezegem Medineden uzaklaşdyrylan ýahudylar we ýene başgalar Haýberi bir merkez we karargäh edip ulanyp şol ýerde jemlenmäge başladylar. Bu ýagdaý has çynlakaý howpa öwrülip barýardy. Çünki Haýber ýahudylary bir ýandan söwdada her dürli ahlaksyzlyklary bilen pukara arap halkyny ezýärdi, başga bir ýandan bolsa käte kureýişliler bilen, käte-de rimliler bilen birleşip hökman musulmanlaryň hakyndan çykmak we yslam nuruny söndürmek isleýärdiler. Bularyň şeýdip dowam edip duran duşmançylyklarynyň garşysyna pygamber Serwerimiz (s.a.w.) Haýberi hem yslam ýörelgeleri bilen dolandyrmak kararyna geldi we Ahzab wakasyndan soňra olary hem ýeňip Allahyň adyl nyzamy bilen ýahudylary astyna aldy. Bu soňky ýeňişi bilen bir tarapdan işi hile, oňşuksyzlyk, ýalan we başgalary aldamakdan ybarat bolan ýahudylar amana getirilýär, başgalara zyýan bermez ýaly edilýär, başga bir tarapdanam musulmanlaryň we musulmançylygyň geljeginiň howpsuzlygy üpjün edilýär.
Ýahudylar pygamberimizden soň Raşit halifleri döwründe-de hyýanat we bet niýetlerini dowam etdirdiler. Dinden çykmak hadysalarynda öç berijiler, şerçiler boldular, musulmanlar içerki işlerine meşgulkalar rimlileri öjükdirdiler, olara we sasanitlere içalyçylyk hyzmatyny edip musulmançylygy çökermekden bir pursadam çetde durmadylar. Iň soňunda emril-müminiň Hezreti Omaryň ogly Abdullahyň janyna kast etdiler. Ahyry Hezreti Omar musulmanlar we musulmançylyk üçin mydam çybyn ýarasy bolan ýahudylary pygamberimiziň hem bir yşaratyna daýanyp, Arap ýarym adasyndan çykarylmasy meselesini sahabalar bilen maslahatlaşdy we olara başga ýerlerden mal-mülk we ekin meýdanlaryny berip, paýtagtdan uzak bir ýerlere ýerleşdirdiler.
Bilmedim, ýahudylaryň ol günki musulmanlara edenleri bu günki döwletleriň islendik birine edilsedi, başgaça hereket edilerdimikä?
6. Gassan hristianlaryna garşy pygamberimiziň hereketi.
Serwerimiz (s.a.w.) hijretiň sekizinji ýylynda Şuja bin Wehbül Esedi Rim imperatorynyň ýakyny, Gassanyň hökümdary Harisiň ýanyna iberdi we ony hoş sözler bilen yslama çagyrdy. Döwletler arasynda bir berk ýörelge hökmünde kabul edilen «Ilçä zowal ýokdur» diýlen düzgüne garamazdan, Haris ilçini öldürýär we Medinäniň üstüne ýöriş etmek isleýändigini aýdyp, Rim imperatoryndan kömek soraýar. Bu maksat bilen ol uly bir ýygyn toplamaga başlaýar. Serwerimize (s.a.w.) bu barada habar wagtynda gelip ýetişýär we ol Zeýd bin Harisiň baştutanlygynda üç müň esgerden ybarat goşuny örän çalt Mutä iberdi. Musulmanlar Mutede özlerinden 20-30 esse köp, Rimden kömek alan Gassaniler bilen garşylaşdylar we Halidiň ussatlarça geçiren söweş tärleriniň netijesinde örän az ýitgiler bilen duşmany ýeňip Medinä dolandylar.
Has soňra hem Rim hatarlarynda, hem Sasani hatarlarynda yslama garşy hereket hasam güýjedi. Uruş oduny tutaşdyrýan sebäpler has-da artdy, emma, Serwerimiziň (s.a.w.) beýik durmuşynda dürli toparlara garşy uly ölçegde harby goranyşynyň mazmuny şundan ybaratdy. Ol nurly ömründe söweş meýdanyndan başga ýerde, hiç wagt gylyç ulanmady. Aslynda Ol pygamber edilip iberilipdi. Allahdan getiren ýer ýüzüni tutmaly habarlary dünýäniň dört künjegine ýetirjekdi we bütin adamzada teblyg etjekdi. Muny etmezlik boljak zat däldi. Çünki Hakyň ilçisidi we adamzat hem Onuň hödürlejek bu habarlarynyň saýasynda Haka, hakykata, sagadata gözüni açjakdy. Jahan pygamberi bu çen-çaksyz haýry ýerine ýetirende ýokarda agzalyp geçilen hatarlarda garşylyk görkezmeler boljakdy, boldy hem. Emma, Allahyň Resuly bulary ýeke-ýeke ýeňip geçdi we akly gözüni gapanlara görä ýadyrganyljak zatlaryň hem bolandygyna garamazdan iň oňatdan oňat netijelere ýetildi, bu-da iň esasy zatdy.
Aslynda, jahan pygamberi Kuranyň almaz delilleri bilen köňülleri eýelemek, adamzady bu dünýä we o dünýä sagadatyna oýarmak, bulaşyp giden köňülleri Allaha baglap towhyda gönükdirmek, ynsan ogluna ynsanlygyny gaýtadan gazandyrmak, adamlaryň arasynda bozulan deň agramlylygy we ýykylan deňligi dikeldip, ýer ýüzünde ylahy adalaty ýene bir gezek berkarar etmek, ar, namys, mal, jan we nesil howpsuzlygyny berk esaslara baglamak üçin iberilipdi. Bu beýik wezipäni berjaý edýärkä-de akyllary, kalplary, ruhlary gürrüňdeşlige, ylalaşyga aljakdy we asla zorluk ulanmajakdy, şeýle-de etdi. Hawa, Ol «Dinde zorluk ýokdur. Çünki indi dogrulyk azgynlykdan we egrilikden aýyl-saýyl edilendir» (Bakara, 256) ylahy ýörelgesine uýup ynandyrmak we tälim usulyny seçip «Sen Rabbyň ýoluna hikmet we oňat öwüt bilen çagyr hem göreşiňi ýollaryň iň gözeli bilen dowam etdir» (Nahl, 125) diýen ýörelgäniň yşygynda aňlara we kalplara seslendi we «Aýt, Allaha tagat ediň, pygambere-de tagat ediň. Eger ýüz öwürseňiz şuny biliň, Pygamberiň jogapkärçiligi özüne, siziň jogapkärçiligiňiz-de size degişlidir. Eger Oňa tagat etseňiz dogry ýoly taparsyňyz. Dogrusy pygamberiň paýyna düşen açykdan-açyk eşitdirmekdir» (Nur, 54) aýatynyň irşady bilen pygamberiň wezipesiniň Rabbyň wezipesi bilen garyşdyrylmazlygynyň gerekdigini bilip «Öwüt ber. Çünki sen diňe öwüt berijisiň. Olaryň üstüne bir zor salyjy sütemkär dälsiň» (Gaşiýe, 21-22) ylahy duýduryşyny özüne dessury-hereket we ýol görkeziji edip kabul edip «Biz olaryň aýdýanlaryny örän oňat bilýäris. Sen olaryň üstünde duran zor salyjy, sütemkär dälsiň. Häzir diňe haýbatymdan gorkanlara Kuran bilen öwüt ber» (Kaf, 45) beýanynyň aýdyňlygynda ýoluny dowam etdirdi. Onda-da, tersine edilen ähli hereketlere we çykyşlara garamazdan ýoluny dowam etdirdi. Hawa, ol gorkmadan, ýadamadan we özüne garşy edilen erbetliklere jogap bermeden tämiz ruh we tämiz wyždanlary gözledi, adamkärçiligini ýitiren kalplara seslendi, küfür we dinsizlik bilen çarpaýa galan paýhaslar bilen gatnaşyga girdi we iň agyr şertleriň aşagynda hem wezipesini ýerine ýetirmekden çekinmedi.
Bir gün gelip Hak nury çar tarapy tutanda garaňkylyga, zulma, haksyzlyga öwrenşen ruhlar beterden beter rahatsyzlanyp başladylar we netijesi näme bolsa bolsun yslam nuruny söndürmek, musulmanlara garşy durmak üçin dürli toparlar döretdiler. Emma, Allahyň emri, pygamberiň hem wezipezi bolan bu nurly işe müminler tarapyndan hem eýe çykyldy we olaryň yşkyna we baş maksadyna öwrüldi. Näçe agyr, näçe gymmat düşse-de, ynsanyň jahyly düşünjelerden halas bolmagyna, zyýanly yrymlaryň ýykylmagyna, ýalançy taňrylaryň mesjitlerden we ýüreklerden zyňylyp taşlanmagyna, ejiz we mazlumlara hemaýat edilmegine, her dürli zulum we hetden aşmalaryň öňüniň alynmagyna, din we ygtkat azatlygynyň ornaşdyrylmagyna, yslam nurunyň howpsuzlyk we gorag astynda ýaýradylmagyna, ynsanlaryň arasynda adalat, deňlik we doganlyk düşünjesiniň ösmegine özüni bagyş eden bu ynsanlar yslamyň bu nurly ýolundan yza dönmegiň pikirinem etmediler, dönmedilerem.
Mundan beýläk Hak nurunyň, jihadyň aýdyňladylmagyna päsgel berenleriň ýok edilmegi, yslama kast edenleriň garşylyk görmegi, onuň nuruny söndürmek isleýänleriň jezalandyrylmagy dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň hatyrasyna zerurlyk halyna gelipdi we bu bolsa yslamyň asla gylyç bilen ýaýradylandygy manysyny bermeýär.
Dogrusy, yslam düýnden bu güne häkim bolan ýerleriniň örän köpüsine esgersiz, söweşsiz giripdi. Pygamber Serwerimiz döwründe araplaryň arasynda şeýle giň ýaýraýyşy ýaly, has soňra Afrika we Günorta Aziýada-da ýaýrapdy. Hatda, ilkinji musulmanlar musulmançylygy o ýana bu ýana ýaýratmakdanam beter, dünýäniň dürli künjeklerindäki ynsanlaryň kalplaryna ornap, olaryň özleiniň gelip musulmançylygy kabul etmeklerini, musulmanlar bilen birikmeklerini gazanypdylar. Hawa, käbir ownuk kadadan çykmalary göz öňünde tutmasak musulmanlar diňe we diňe dünýäde deň hukuklylygy ýola goýmak bilen, mazlumlara we ejizlere hemaýat bermekden ýüz öwürýänlere, şeýle hem yslam nurunyň ýaýramagyna päsgel berýänlere garşy berk gaýtawul berdi. Zalymy, sütemkäri, nur duşmanyny jezalandyrdylar, emma, adalat we dogrulykdan aýrylmadylar.
Hawa, söweş wagtynda-da, jezalandyranda-da, hatda öldürilmegi zerur bolan birini öldürende-de hak we dogrulykdan aýrylmaýan bir toplum bar bolsa o-da yslam toplumydyr. Ine, ilkinji halifden şu günlerimize çenli ýöredilip gelinen ähmiýetli dessurlardan birnäçesi:
- Hyýanat we talaňçylyk etmäň.
- Duşmanyňyzam bolsa zalymlyk etmäň we jebir çekdirmäň.
- Zynhar kiçi çagalara degmäň.
- Garrylara we aýallara azar bermäň.
- Hurma agaçlaryny kesmäň, bag-bakjalary ýakyp harap etmäň.
- Goýunlary, sygyrlary we düýeleri öldürmäň.
- Ybadathanalara çekilip we özüni ybadata berenlere degmäň. (El-Kamil j. III, sah. 227. Taberi j. III, sah. 226).
Diňe käbirini gürrüň bermäge çalşan bu jihat düzgünleri hem ilkinji musulmanlaryň häzirki ösen dünýäni örän yzda goýandygyny görkezýär.
Hawa, yslamyýet duşmanlaryna-da sütem etmegi, ot bilen azap görkezmegi, bag-bakjalary ýakmagy gadagan edipdir. Söweş yglan etmezden owal, duşman hataryna söweş etjegini eşitdirmegi esas hökmünde kabul edipdir we urşa taýýarlanýarka-da dine çagyryş we hakykaty eşitdirmezden hüjüme geçmegi oňlamandyr. Herekete geçende-de, diňe Allahyň adyny çar ýana eşitdirmek üçin hereket edilmeginiň gerekdigine ähmiýet berilýärdi. Olaryň bu tamakinçiliksiz we çyn ýürekdenlikleri, Allah üçin oturyp Allah üçin turmaklary, Allah üçin işläp, Allah üçin başlamalary sebäpli eýelenen ýerlerde tizden-tiz howpsuzlygy we asudalygy ornaşdyrdylar. Munuň yzyndan topar-topar bolup yslama girmeler başlandy. Şeýle bolmasady, çölden gelen bir owuç ynsanyň dünýäniň üç yklymynda häkimýet gurup, ony asyrlar boýy dowam etdirmesini düşündirmek mümkinem däl. Taryhda kuwwatly ýarag we köp sanly esgeriň güýji bilen gurlan imperiýalar bardy, gurujylary bilen bile ýykylyp gidipdirler we olaryň yz-tozy galmandyr. Yslama garşy munça çozuşlaryň we ýykgynçylyklaryň bolandygyna garamazdan, ençeme asyrlar bäri dünýäniň örän köp ýerlerinde öz agramyny duýduryp gelýän bolsa, munuň syry onuň ruhundaky parahatçylyk, asudalyk, howpsuzlyk, ynamdarlyk we çäksiz merhemetdir.
Netijede, yslamda ýarag we güýç esas däldi. Ol araçydyr, Kuran hikmetiniň garawuly we yslam nurunyň goragçysydyr. Ol Haky diňe güýç kuwwatda gören, maddy ýaşaýşy maksat tutunan, zulum we jebir bermekden lezzet alan we özlerini ýarym hudaý hasaplan şertli düşünjelere, ýapyk köňüllere garşy Hakyň täzeden janlandyrmagy, düşünje erkinliginiň oýanmagy, mazlumlaryň we ezilenleriň ahy-nalalarynyň diňdirilmesi, ejiz we güýçsizlere gaçyp atalga we daýanç bolmagy maksat edinipdir. Her kese saýlamaga we ynanmaga mümkinçilik döredipdir, bu-da herkesiň tämiz wyždanlar, sagdyn düşünjeler bilen, akyl, mantyk we ýaradylyş bilen bütewileşen yslamy kabul edip, ony özüniňki saýmagyna ýeterlik bolupdyr.
Hawa, yslam ruhyň gözleýäni, düşünjäniň ýaradylyşa kybap we tebigy diýip kabul edeni, akylyň we paýhasyň boýun egen nyzamydyr. Ýarag bolsa güýç we kuwwaty ähli zat diýip hasap eden beden ynsanyna garşy, gözellikleriň sergisi bolan yslamyň görülmezligi üçin tutulan perdeleri parçalaýardy, onuň gözel yklymyna gidýän ýollardaky hakykata garşy baş galdyran arwahlary berbat edýärdi, bigünä, ejir çeken we hakykaty gözleýän ruhlara ebedi şatlyga gowşuljak köprüleri görkezýärdi.
Aslynda, düýnden bu güne ähli yslam duşmanlary özleriniň görkezen zulum we sütemlerini, öz çapawulçylyklaryny we ganhorluklaryny perdelemek, ünsleri başga ýana sowmak üçin sähelçe pursadam bolsa, musulmanlary we musulmançylygy garalamakdan gaýtmadylar.
Zulmy Faraon etdi, ýaragy we esgeri ol ulandy, milletini zor edip «atona» çokundyrmak üçin beýleki taňrylara garşy harby ýöriş yglan etdi we beýleki ybadathanalary ýapdyrdy. Buddizm «azokanyň» güýç, kuwwat we zorluklary bilen Seýlon we Günorta Aziýa ýetip bildi. Mazdeizm «Kobatyň» akdyran gan akymlary bilen ýüzýän bir gämidi we özi bilen birlikde taryha gömüldi. Hristianlyk milady ýyl hasaby bilen 313-nji ýyldan başlap, Konstantiniň akyla-hyýala gelmejek hileleri, zulmy we diktatorlygy bilen zor edilip herkese kabul etdirildi. Şarlman Saksonlar bilen 33 ýyllap söweşip, olary bitap hala getirip hristianlyga girmäge mejbur etdi. Müsür gana çaýkalyp hristianlaşdyrylypdy. Orsýet Daniýaň garşysynda gana gark bolmakdan halas bolmak üçin Isa Mesihe ynanmaga mejbur boldy.
Şeýle hem haçparazlaryň hiç bir esassyz asyrlarça yslam dünýäsine çekdiren görgülerini sanap aňyrsyna çykmak mümkinem däldir. Bular aslynda, hristianlyk ugrunda geçen ýerlerini ýakyp ýandyrýardylar, aýal, oglan-uşak diýmän ynsanlary parçalaýardylar, mazarlary we mukaddes ýerleri talaýardylar, mesjitleri, hüjreleri mal ýataklaryna öwürýärdiler. Öz kitaplary we şu günki günümizde her ýerde ýaýradylýan gadymy taryhy we yslam eserleri munuň janly şaýadydyr.
Ysraýylyň edenlerini bolsa diýip aýdar ýaly däl. Häzirki günümizde-de onuň eden munça gözden çykgynç erbetliklerini görmeýän ýa-da görmediksireýän günbatarly ýazyjylar we yslam dünýäsinden hem olara nadanlyk bilen öýkünýänler bu meselede nä derejede bitarap bolup bilerler. Olara we olaryň aýdýanlaryna neneň ynanyp bolar.
Beýan eden hususlarymyz esassyz tassyklamalar däl. Aýratyn hem soňky döwürlerde Tomas Arnold we Toýnbee ýaly ynsaply ýazyjylaryň ýüzlerçesiniň ýazanlary bolup geçen delilli hakykatlardyr. Olar Yslamyň giren ýerlerinde kän gan dökülmändigini, güýç we sütemiň ulanylmandygyny tutanýerlilik bilen beýan edýärler.
Gysgaça bolsa-da, birnäçe wakany ýatlatmak peýdaly bolsa gerek.
1. Musulmanlar Şamy alanlarynda halkyň uly bölegi bada-bat musulman boldy. Beýlekileri hem ilki musulmanlaryň golastynda ýaşamagy kabul edip, belli bir wagt geçenden soňra ýuwaş-ýuwaşdan öz eradalary we ygtyýarlary bilen musulmançylygy seçdiler. Hatda, aralykda bir pursat Şamyň täzeden rimlileriň eline geçmek endişesi bildirip ugranda hristian halky kiliselere dolup musulmanlaryň ýeňmegi üçin doga etdiler.
2. Başda Müsür bolmak bilen rimlileriň giren her Afrika ülkesiniň yslamyň häkim boljak gününe çenli hristian dolandyryjylarynyň elinde agalap-eňräp gezendiklerini «Yslama çagyryş» diýen kitabynda Tomas Arnold ýazýar. Musulmançylyk bilen täzeden adamkärçiligi oýanan Müsür halky o başdan bu başa Afrika ýeňşinde ähmiýetli bir merkez, has soňraky döwürlerde-de ylym we medeniýet hereketleriniň sallançagyna öwrüldi.
3. Ispaniýa halkynyň yslama isleg bildirmesi we sekiz asyr Yslamyň möhüm bir ylym we medeniýet merkezi bolup durmagy birnäçe dostlar bilen birlikde birtopar duşmanlaryň hem düşünýän we bir agyzdan ykrar edýän hakykatydyr. Has soňra günbatarlylaryň ynsana, adamzada, ylym we medeniýete garşy eden-etdiliklerini gürrüň bermäge edebimiz ýol bermeýär.
4. Ystambulyň, Balkanlaryň we Gündogar Ýewropanyň Osmanlylar tarapyndan eýelenmegi tutuşlygyna ynsap, istikamat, adalat we merhemet çäklerinde bolup geçipdir, ýeňilen ülkeleriň erada we ygtyýarlary bilen yslamy özünki saýmagyna wesile bolupdyr.
5. Mawerannahr halky we has soňra Seljuklaryň öz razylygy we öz islegleri bilen yslamyýeti seçmekleri, birnäçe asyrlap yslamyň tuguny göterijiler wezipesini öz üstlerine almaklary we muny yslam nurunyň aýdyňlygynda dowam etdirendikleri bada-bat her kesiň ylalaşjak hakykatlaryndandyr.
6. Şeýle hem Uganda, Somali, Sumatra, Jawa we Filipinlere yslam sopylaryň we derwişleriň üsti bilen girdi. Bu söýülen mürşitleriň mährem hereketleri bilen giren her ýerinde yslam gowy kabul edildi, ýaşady we köpçülik tarapyndan özleşdirildi. Munuň beýle bolandygyny T. Çarlaýl, Gustaw Le Bon, Tomas Arnold, Toynbee ýaly adalatly ýazyjylar kabul edipdirler.
Ilkinji günlerden şu güne çenli yslamyň häkim bolan ähli ýerlerinde musulmanlar goraýjy melekler ýaly görlüp kabul edildi we hiç bir wagt musulmanlaryň ýurdunda ýaşaýan gaýry dindäkilerden şikaýat bolmady. Bu uzak wagtlyk asudalyk we eşretli ýaşaýyş günbataryň yslam dünýäsindäki gaýry dindäkileri öjükdirip dünýäniň dört ýanynda yzly-yzyna topalaňlary döredýänçäler dowam etdi. Dogrusy, günbatarlylara özlerini oýnatdyryp gozgalaň tapan bu milletler has soň edenlerine puşman edip agladylar, emma, iş işden geçipdi.
Hawa, yslamyýet gelende älem jahanyň parahatçylyk ýörelgeleri bilen gelipdi, akyla, ruha, wyždana deň seslenipdi we ol duşmanlaryny ynandyrmak bilen ýeňen deňi-taýy bolmadyk ýeke-täk nyzamdyr. Bu nyzamyň wekilleri bolan musulmanlar janu-tenden Allaha berlip Kuran we Sünnetiň aýdyňlyk yklymynda, äleme «mehd-i uhuwwet» (dogry ýoldan barýan doganlyk) nazary bilen bakdy we elmydam her kes bilen gepleşiklere girmegiň ýollaryny gözledi. Kuran olara «Allah din ugrunda siziň garşyňyza söweşmeýän we sizi ýurduňyzdan çykarmaýanlara ýagşylykda bolmagy we adyl hereket etmegi gadagan etmez. Çünki Allah adalatly bolanlary söýer» (Mümtehine, 8) diýip ynsanperwerligiň we adamkärçiligiň esasy zatdygyny ýatladýar we müminlere maksatlaryň iň beýgini görkezýär. Hatda, diýlip bilner, kime garşy bolsa bolsun, ol mydama ýagşylygy we gözelligi öňe tutýardy. «Biz ynsana ene-atasyna ýagşylykda bolmagyny ündedik. Çünki enesi ony niçe görgüler görüp göwresinde göterendir. Süýtden aýrylmasy-da iki ýyl dowam eder. (Şonuň üçin) ilki maňa, soňra eneň-ataňa şükür et diýip sargyt etdik. Ahyrda maňa dolanyp gelersiňiz. Eger olar nämedigi bilinmeýän bir zady maňa şärik etdirjek bolup saňa zorluk etseler olara boýun bolma. (Munuň bilen birlikde olar bilen gowy gatnaşykda bol...)» (Lokman, 14-15) permany bilen musulman çagasyna müşrik ene-atasy bilenem adamkärçilikli gatnaşykda bolmagy ündeýär. «Içlerinde zulm edenlerden başga ähli kitap bilen iň oňat taryzda (çekişme guraň) göreşiň», (Ankebut, 46) aýatynyň päk beýany bilen ähli kitaba hak we hakykatyň düşündirilmesiniň iň ýumşak ýoly salgy berilýärdi.
Bu sebäpden Pygamberimiz (s.a.w.) buýsançly ömründe yslama sygynan her kese mydama ýagşylyk edip gelipdir, olara hormat goýupdyr, gol astynda ýaşamagy kabul edenleri hukukda musulmanlar bilen deň tutupdyr we her pursatda älemlere rahmetdigini olara duýdurypdyr. Olar bir ýere çagyran wagty çakylyklaryny kabul edipdir, jynaza-ýaslaryna hormat goýupdyr we hassa ýatanlarynyň halyndan habar almaga barypdyr. Ähli kitapdan karz alypdyr, olara girewine zat beripdir, olar bilen söwda edipdir we musulmanlaryň golastynda bolanlaryny gül ýaly eziz tutupdyr. «Zimmilere (musulmanlaryň golastynda ýaşaýanlara) ezýet eden meniň ymmatymdan däldir» (Ebu Dawut) buýrup zimmi hukugyny iň ýokary derejede goýupdyr. «Zimmini öldüren jennetiň ysynam almaz» (Buhary, Ahmet bin Hanbel) permanyny berip musulmanlaryň arasynda ýaşaýan zimmilere berlen ezýetiň jennetden mahrum edilmegiňe sebäp bolup biljekdigini duýdurypdyr. Ne owal ne-de soň hiç bir hukuk nyzamynyň, hiç bir gumanist düşünjäniň ýetmedik, ýetibem bilmejek iň beýik ynsanperwerligiň nusgasyny görkezipdir.
Onuň aýdyňlyk döwründe her bir zat şeýle derejelere göterilşi ýaly, örän az şowsuzlyklar döwrüniň ýitgileri bilen biziň günlerimize çenli gelen musulman dolandyryjylar hem ondan miras galan yslam amanadynyň goralmagy hususynda edil şolar ýaly ünsli bolupdyrlar.
Allahyň razylygy we hoşallygy olar bilen bolsun.
- -de döredildi.