«Ummatymyň fesady (pyssy-pujurlyga uçran) döwründe sünnetimi berk tutana ýüz şehidiň sogaby bardyr» diýilýär. Sünnet-i seniýýeýi öwrenip, döwrümiziň şertlerinde ony amala aşyrmagyň ýollaryny düşündirip bilermisiňiz?
Bu meseläni hem dürli wesileler bilen ençeme gezek düşündirip, sünnet ýolunyň Haka gowuşmagyň merdiwanydygyny, mertebeleridigini görkezipdik. Hawa, sünnet ýoly aýdyn görkezilşi ýaly, o ýola haýran ediji berk çakylyk hem edilipdir. Bu ýol şeýle bir ýoldur, müňlerçe weli we müňlerçe zehiniň bir ýere jemlenip tapjak ähli ýollary we o ýollaryň mukaddes dessur we ýörelgeleri sünnet-i seniýýeniň iň kiçi meselesiniň ýanynda örän kiçi we sönük görünjeginiň hakykatyny asyrymyza çenli ýüzlerçe hakykat ärleri, ýüzlerçe mürşit gaýta-gaýta düşündirdi we olar sünnet ýolunyň din ýoludygyna nesihatda boldular.
Farzlardan müstehaplara çenli dini ýaşaýyşy bize tälim eden, hal-hereketleri dogrudan-dogry Allahyň göz astynda bolan, her iş we hereketinde haýra ugrukdyrylan Serwerimiz (s.a.w.) bize durmuşy öwretmek üçin iberilen ynsandy. Farzy, wajyby, sünneti, müstehaby we menduby bilen...
Bendesi parzlary bilen Allaha ýakynlaşar. Nepili bilen şeýle hala geler, kutsi hadysda beýan edilip buýrulşy ýaly, «Allah onuň gören gözi, eşiden gulagy, sözlän agzy we tutan eli bolar». Ýagny, oňa gören zatlaryny dogry görkezer. Gören zatlaryna dogry bahalandyrmaga artykmaçlyk berer we her zatdan hakykata elten bir ýol açar. Hidaýeti görse ganatlanar, zalalaty, dinsizligi görse gaçar. Hakykata çagyran gowy bir sesi eşiden badyna Hak adyna hyjuw-gaýrata geler we ruhunda galkynma başlanar. Şol bir wagtda gürlände Allah Oňa dogrusyny gürleder, iş edende hemişe haýyrly işlere ugrukdyrar we elmydama ýagşylygyň we gözelligiň ystykamatynda bolar. Netijede, ony mydama jennet ýolunda ýöreder we bir pursatlygam ony nebsi bilen iki-çäk galdyrmaz. Ol her bir bolşunda Hakyň hoşnutlygyny gözlänsoň, Hak hem ony elmydama kemçiliklerden halas eder, arzuw edilen hereketleri etdirer. Şeýlelikde Serwerimizi (s.a.w.) we Ondan soňraky ulug kişileriň ýaşaýyşlaryny Hak Tagala mydama şeýdip göz astynda saklapdyr we razylygyny gazandyrjak ýoldan başga ýollaryň ählisini olar üçin ýapyk edip, mejbury ystykamat bilen diňe sünnet ýoluny açyk goýupdyr hem bu ýoly işlede-işlede ýollaryň şasy halyna getiripdir. Indi bu gün maksada eltip bilen, gorag astynda bolan bir ýol bar bolsa olam bu ýoldur.
Elbetde, ummatyň pyssy-pujurlyga ýykgyn eden zamanynda şeýle derejede ähmiýetli bolan sünnet-i seniýýäniň dikeldilişi, farzy, wajyby, sünneti bilen ol ýoluň täzeden işlär ýaly hala getirilmesi we şol bir wagtda ol uly şaýoluň kyýamata çenli gorag astyna alynmagy ugrundaky hyzmatlar şeýle bir mübärek we şeýle bir mukaddesdir, bu hyzmatda omuz-omza berenleriň şehitler bilen bir hatardadyklaryna şübhe etmek ýerliksizdir. Hatda bularyň arasynda ömrüniň her gününde birnäçe şehit sogabyny gazananlaryň sany sanardan kändir. Bu arada hususanda imanyň esaslaryny täzeden dikeltmäge yhlas edenler ýüz şehidiň sogabyndan has köp sogap gazanandyrlar.
Hawa o sünnet-i seniýýe içinde şeýle meseleler bardyr, olaryň bilini dikelden ýüzlerçe şehit sogabyny gazanyp biler. Mysal üçin, gybat edilende käte şeýle bir gybat ediler, ol adam öldürmekden, zyna etmekden has beter howpludyr. Hawa, elbetde halky biri-birine garpyşdyran gybat, islendik bir şahsyň çeken jebri ýaly bolmaz. Bu ýagdaýda ol kişiniň günäsi edýän uly günälerindenem has uludyr. Edil şonuň ýaly biziň döwrümizde ummaty pyssy-pujurlyga elten meselelerde, tutuş yslam çarhynyň bozulan wagty dine degişli islendik bir meseläni diriltmek üçin gaýrat edenler, elbetde, ýüz şehit, belki müň şehit sogabyny gazanjakdyr. Aýratynda mübärek gün, mübärek wagt, mübärek pursatlarda bu işi edip bilenler, belki has köp sogap gazanjakdyr. Hak Tagala Kurany Kerimiň beýany bilen islänine fazly kereminden isledigiçe eçilip yhsanda boljakdygyny aýdýar. Allah ilki bilen bu ýolda bizi gaýym we daýym (mydamalyk) eýlesin. Soňra yhlas bilen, çyn ýürekden hyzmat etmäge höwesli kylsyn!..
Örän bagtyýardyrys, bagtlydyrys. Häzirki günümizde dine hyzmat etmek düşündirlende: «Ylahy yhsan hökmünde omzumyza bir wezipe ýüklenendir» diýilýär. Hawa, tutuş, ähli zatlaryň kadasyndan çykan bu döwrde örän gymmatly bir wezipe bilen borçlandyrylýarys. Muny edaradyr guramalary bilen, işgärleri bilen, oňa goldaw berýän jemagaty bilen janlandyrmak dünýäde deňi-taýy bolmadyk bir işdir. Bir tarapdan bu belli bir derejede Serwerimiziň (s.a.w.) wezipesini üstüňe almak diýmekdir. Şahy Geýlanyň ruhy taýdan bizi goldamasy, Hezreti Alynyň (r.a.) asyrlary aşyp bize arka çykmagy, bu asyrda görülen hyzmatlaryň deňsiz-taýsyz ähmiýete eýe bolmagyna esasdyr. Bu zatlaryň bir giden yşaratlarynyň we duýduryşlarynyň ýanynda örän sadyk düýş we murakabelerde dünýä ýüzünde iň hormatly, iň kämil bolan Fahri Kainat Serwerimiziň (aleyhi ekmelittahayanyň) kiçigöwünlilik edip asyryň garyplarynyň arasynda gezmegi, olaryň edaradyr guramalaryna zyýarat etmegi, käbir şahslar bilen aýratynlykda görüşmegi sünnet we sünnete hyzmatyň keramatyndan başga zat däldir. Şahsy abraý we şahsy kämillik ugrunda görkezilen gaýratlar bilen bu mertebelere ýetilip bilinmez, ony maksat edinmek hem dogry däldir... Aslyýetinde ähmiýetli hyzmatlara wesile bolan şahs toparlaryň we guramalaryň «essebebu kel fail» (sebäp bolan, ony eden ýalydyr) düşünjesine görä, bu meselede uly paýy gazanjakdyklary hem Allahyň başga bir lutfunuň ýüze çykmasydyr we Onuň rahmetiniň baýlygyna hemişe garaşylyp bilner. Indi bu iman we Kuran hyzmatyny belli bir derejä ýetirenler, soňra yhlaslylyk, çyn ýürekdenlik we edil şonuň ýaly joşgun, tolgunyş içinde ýagdaýy gorap bilmeseler we bar bolany şol durşuna saklap bilmeseler, ýagny şol bir äheňde hereket edilmese ol amanat ellerinden alnyp başgalara berlip bilner. Boşadylmalar bolup biler, ýagny käbirleri daşyna iteklenip bilner, zyňlyp bilner. Biziň Allahyň inaýetine düşünip we oňa şükür edip, takatymyzyň çäginde gaýrat görkezip bilmegimiz, takdyr, teklip we yhsan buýrulan lutuflaryň gymmatyny bilmegimiziň derejesinde synagdan geçip, has uly lutuflara mynasypdygymyzy görkezdigimiz bolar.
Köňül arzuw edýär goý, her wagt başga bir şehit sogabyny gazandyran bu iman we Kuran hyzmatynda gezip ýören arkadaşlar işiň başyndaky yşk we tolgunyş bilen ýakin (imandaky iň ýokary mertebe, ölüm) gelýänçä ýüwrüp ýörsünler!..
- -de döredildi.