Tefekküriň ýoly, usuly, ýörelgesi nähilidir? Belli bir wirdi ýa zikri barmydyr?
«Bir sagat tefekkür (Allah we älemdäki hadysalar barada oýlanmak), bir sene edilen nepil ybadaty hökmünde geçer» diýen maynda bir hadys bar. Tefekküriň ýoly, usuly, ýörelgesi nähilidir? Belli bir wirdi ýa zikri barmydyr? Tefekküre iň köp ugrukdyran aýatlar haýsylardyr? Sessiz okalan dogalar tefekküriň ornuny tutarmy?
Meniň pikirimçe sorag soralanda jogabam bile berildi. Bir sagat tefekkür bir sene nepil ybadaty hökmünde geçýändigi hakynda zaýyf hadysy şerifde beýan edilýär, emma, hadysdan has zyýada Kurany Kerimde bu meselä ünsi çekýän birnäçe aýat bar. «Gökleriň we ýeriň ýaradylşynda, gije we gündiziň gezekleşişinde, akly başynda bolan kimseler üçin elbetde, anyk ybratlar bardyr» (Ali Imran, 190). Hawa, Aýyň, Günüň sazlaşyk içinde dogup ýaşmagynda nyzamyň başyňy aýlaýjy özboluşlylyk bilen aýlanyp akyp durmasynda düşünip bilen kimseler üçin ybratlar bardyr. Bu aýaty kerim tefekkür meselesinde anyk bir delildir. Serwerimiz (s.a.w.) «Bir ynsan bu aýaty okap soňundan oýlanmasa oňa ýazyklar bolsun» buýurýar. Ümmi Seleme enemiz bu aýat inen wagty ýa-da Serwerimiz (s.a.w.) ony okanda aglandygy barada aýdýar. Zaman we mekanyň Serweri bir gije tehejüt wagtynda bu aýaty okap, dolugyp aglapdyr. Pikir etmäge açylan bir gapy we tefekkür yklymyna açylan ýollarda ýeke-täk ýol görkeziji saýylan bu we bu mysaldaky aýatlar yslamda düşünje ýaşaýşynyň ugurlaryny görkezmek babatda örän ähmiýetlidir.
Hemmesinden öňürti tefekkür diýmegiň näme diýmekdigini bilmek gerek. Tefekkür etmek üçin ilki bilen şol meselä degişli bilimiň bolmalydyr. Ýogsa, ugursuz-utgasyz, nadan düşünjeler hiç bir ýere eltmez. Bular ýaly netijesiz oýlanmalar dura-bara ýadadar, bizar eder. Soňa-baka ynsan tefekkürden gaçar, oýlanmajak bolar. Bir ynsanyň ilki bilen oýlanjak meselesini örän oňat bilmegi, oýlanmaga esas emele getirjek hususlaryň zehininde taýýar görnüşdäki serişde halyna getirilmesi, ýagny düzgünli pikirlenmegi üçin bu meselä degişli maglumaty bolmalydyr. Aýlaryň, ýyldyzlaryň jöwlan edip aýlanyp durmagy, olaryň adamzat bilen baglanşygyny, ynsany emele getiren zerreleriň akyllary haýrana goýjak hereket we wezipeleri barada sähelçe bilimi hem bar bolsa, bulara degişli oýlanmasy «tefekkür» bolup biler. Ýogsa Aýyň, Günüň hereketine bakyp şahyrana ylhamlar bilen bir zatlar syzyp, birzatlar aýdýanlara mütefekkir däl-de, ylhamlaryny aýdyp duran hyýalbentler diýiler. Edil şonuň ýaly, tebigat batgalyklarynda azaşan käbir naturalistlere hem şahyrlara hem mütefekkir diýmek mümkin däldir. Aýratynam soňky döwürlerde meşhurlyk gazanan şahyrdyr ýazyjylaryň arasynda mütefekkirleri barmak basyp sanaýmaly derejede azadyr. Olar hem dini duýgusy we dini düşünjesi sebäpli materialistler tarapyndan kemsidilipdirler, köpçüligiň olary tanamagyna mümkinçilik berilmändir.
Bu döwürde az sanly şahsyýetler älem we barlyk barada oýlanypdyrlar, emma olar hem barlygyň hakykatyna içgin aralaşyp bilmändirler. Dogrusy, bu döwrüň tebigaty söýen şahyrlarynyň beýanlaryny okan ynsan jenneti diňleýän ýaly bolýar. Suwlaryň şagyr-şagyr akmasyna, ýagmyryň şibir-şibir ýagmasyna, agaçlarayň ygşyldysyna, guşlaryň jürküldisine şeýle bir dessanlar goşdular, olary diňlän ynsan özüni jennetiň ortasyndamykam öýder. Emma bu ynsanlar mydama netijä we o dünýä ýapyk ýaşandyklary üçin könäniň duşmany, täzäniňem nadany bolup galyberipdirler. Ömürleri şahadat (maddy) älemiň keşdeli perdesiniň ýüzünde göwün aldap bir tarapyna küreklenýän gaýykda syýahat eden ýaly duran ýerlerinde aýlanyp durupdyrlar. Bularyň ýaşaýyşa degişli düşünjeleri durnuklaşyp, kütelipdir. Olaryň tefekkür diýip düşünýänleri-de şol kütekligiň içindäki umytsyzja ejirleridir. Elbetde, bular ýaly oýlanmagyň hiç hili peýdasam ýokdur.
Tefekkür üçin ilki bilen başlangyç bir maglumat, häli-häzirki ýagdaýa düşünmek, esasa degişli täze garaýyşlar we bularyň ählisiniň aňyrsynda hakykatyň gözleginde bolan pikir öwürmeler gerekdir. Şeýle düzgünli pikir edip bilýänler pikirlerinde dowamlydyrlar we täze-täze hökümlere ýetip bilerler. Bu hökümleri has başga düşünje ugurlaryna esas edinip, has öňe gidip bilerler. Ondanam täze-täze netijeler çykaryp tefekküri çuňlaşyp, aýratyn ugurlara ýeterler. Soňra bolsa bir ölçegli ýa-da iki ölçegli düşünjesini üç ölçegli, birnäçe ölçegli oýlanmalara ýetirip, wagtyň geçmegi bilen «goşa ganatly» bir mütefekkir we kämil ynsan derejesine çykyp bilerler.
Jemläp aýtsak, pikir öwürmegiň ilkinji esasy hökmünde okamak, älem kitabyny öwrenmäge endik etmek, synasyny Hakdan gelen öwüsgünlere, aňyny ýaradylyş kanunlaryna açyk tutmak, barlyga onuň mukaddes terjimesi hasap edilen Kuran jähdinden bakmak ýaly hususlary sanap bileris. Ýogsa demirgazyk ýyldyzy şu ýerde durýar, Gün şeýle ýaşýar, Zöhre ýyldyzy beýle, Mars eýle... başlangyjy, maksady belli bolmadyk, töweregi gurşan zatlaryň ýüzüne nadanlarça garamagyň asla tefekkür bolmaýşy ýaly, beýle düşünje bilen bir nokada barmak hem mümkin däldir. Munuň sogabynyň bardygy ýa-da ýokdugy hem mydama jedellidir.
Bir sagat tefekküriň senelerçe edilen ybadata deň diýilip ykrar edilmegi hem şundandyr. Ynsan bir sagat sagdyn oýlananda onda imanyň esaslary açylar, içinde magryfet nurlary parlar, şeýlelikde kalbynda ylahy muhabbet oýanar... Soňra ruhy lezzetleri duýmaga başlar we ganatlanan ýaly bolar.
Ine, şeýle tefekkür bilen islendik bir ynsan, bular ýaly tefekkürden mahrum bir işiň müň aýda baryp biljek derejesine barandyr, şonuň üçin hem uly gazançlara ýeten saýylar. Şeýle aňlaýyş we aň-düşünjäniň içinde Rabbine ýönelmedik bir ynsana gezek gelende bolsa, müň ýyllap durman eglip-galsa-da bir ädimligem mertebesi beýgelmez. Muňa görä-de, onuň eden ybadatlary bir sagat tefekküre deň gelmez. Emma, bu onuň bir ýyl eden tagat-ybadaty biderekdir diýildigi däldir – Allah saklasyn! – Allahyň ýanynda onuň ne bir rukuwy, ne bir sejdesi, ne bir kyýamy, ne-de jelsesi biderek däldir.
«Kim zerre ýaly haýyr iş etse ony görer, kim zerre ýaly şer iş etse onam görer» (Zilzal, 7-8). Ýagny herkes gazanjyna görä özüne degişlisini alar. Bu esasa laýyklykda haýsy şekilde bolsa bolsun ol hem öz ybadat wezipesini berjaý edipdir, gullugyny ýerine ýetiripdir we Rabby bilen bir görnüşde baglanşyga giren hasap ediler. Emma tefekkürden geljek peýdalary ol alyp bilmez.
Hawa, bu manydaky tefekkür, öňem aýdyşymyz ýaly bir ýylyň ybadatyna deň gelip biler.
Ýene bir zat soralýar. Tefekküre esas bolup durýan ýa-da wesile bolan belli wird ýa zikir barmydyr? Belli wirdler we zikrler ynsanyň tefekkürini kämilleşdirip bilermi?
Bu-da ýene älem kitabyny okmakda bolşy ýaly aň-düşünjeli bolmaga baglydyr. Aň-düşünjeli doga, aň-düşünjeli mynajat, aň-düşünjeli dileg käte ynsanyň içki dünýäsindäki iň posly görünen gulplary-da açyp biler. Emma, bu wird we zikriň nireden, nähili seçilip alynjagyna degişli hiç zat aýdyp biljek däl. Bu ýagdaý ukyp we başarjaňlyga görä üýtgeýşi ýaly şahslaryň ynanç we kanagatlaryna görä-de üýtgäp biler. Bu sebäpden synasyny islän «jewşen», islän «ewrady kudsiýe» , islän «mesurat» bilen, islän Şazeli, Şahy Geýlany, Ahmet Rufai we Ahmet Bedewi Hezretleriniň dogalary bilen joşduryp biler. Bu ulug pirleriň beýik wirdleri bilen meşgul bolanda ynsan olary edil ýanynda ýaly duýar we ol rahatlygyň içinde okan zatlarynyň lezzetinden doýmaz. Käşkä her kes ol wirdleri okap, olardan peýdalanyp bilsedi, özüni täzeläp, Allaha baglylygyny kuwwatlandyrardy…!
Ýene bir husus bolsa şu, tefekküre ugrukdyrýan aýatlar, sessiz okalan dogalar tefekküriň ornunda bolup bilermi?
Manysyna düşünmeýän bolsa we ynsan onda çuňlaşmaýan bolsa tefekkür bolmaz. Sogap bolar, emma tefekkür bolmaz. Tefekkür pikir etmekden gelip çykýar we ol geçen wakalar bilen täze wakalary bir ýere jemläp, olardan täze netijeleri çykarmak diýmekdir. Bir zadyň sebäp we netijesi arasyndaky baglanyşygy duýmak, Allah bilen bendesiniň baglanyşygyny berçinlemek her zaman tefekkür hasap edilse-de, bu mübärek baglanşyga eltmeýän wirdleriň, zikirleriň, doga-dilegleriň ýa-da iň mübärek zatlary öwrenmegem bolsa sogap bolar, emma tefekkür bolmaz. Tefekkür ruhy we köňli galkyndyrmaga, tefekküre sebäp bolan zadyň üstünde durmaga, gözlemäge, Rabbymyz bilen baglanşygymyzy çuňlaşdyryp, kuwwatlandyrmaga baglydyr. Allahym şowuna etsin. Şu günki günümizde iň selçeň, iň az bolan zat tefekkürdir. Bu sebäpden döwrümiziň ynsanynyň tefekkür babatda pyýadadygy aýdylsa öte geçildigi bolmaz.
- -de döredildi.