Pygamberimiziň pygamberliginiň öz döwrüne degişlidigini we araplar üçindigini aýdýarlar. Bu hususy düşündirermisiňiz?

Pygamberimiziň pygamberliginiň öz döwrüne degişlidigini görkezýän iň kiçi bir maglumatyň, hatda bir yşaratyň bolmaýyşy ýaly, diňe araplara iberilendigini görkezýän hiç hili delil ýokdur. Tersine, bar bolan ähli deliller Onuň (s.a.w.) ömür boýy, ähli güýç-kuwwatyny ulanyp yslam dinini dört ýana ýaýmak isländigine şaýatlyk edýärler.

Aleksandr Makedonskiý tutuş dünýä hökümdar bolmagyň hatyrasyna, Sezar Rimiň we rimlileriň şöhraty üçin, Napolion bir soltanlyk gurmak maksady bilen dünýäni basyp alyp, jahanda bir döwlet gurmaga synanşypdylar. Barlygyň özi, zaman we mekanyň Serweri Beýik Pygamberimiz (s.a.w.) bolsa, özüne ynananlara tutuş jahany eýeläp ýeňiş gazanmalydyklary baradaky tabşyryklary bermek bilen dünýä-ahyret bagtyna eltýän ýollary arçamak, mahluklaryň iň şereplisi edilip ýaradylyp, başaşaklygyna, iň pesdenem pes tarapa togalanýan ynsany ýaradylyşyndaky baş maksada ýetirmegi we ynsanogluna ýitiren häsiýetlerini gaýtaryp bermek isleýärdi. Ol bu arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin Allahyň ilçisi hökmünde we Onuň emr we görkezmeleri bilen heniz dirikä yşyk saçan mübärek elini dünýäniň çar tarapyna uzatdy we Hakdan alan habarlaryny sesini eşitdirip bildiginden hemmelere we her ýere eşitdirdi.

Indi Onuň tutuş ýer ýüzüne iberilendigini we pygamberliginiň umumydygyny görkezýän käbir hususlary bilelikde gözden geçireliň:

1. Pygamberimiz (s.a.w.) heniz Mekgedekä musulmanlaryň bir toparyny Hebeşistana iberipdi. Bu ilkinji mürşidleriň saýasynda örän köp hebeşli musulmançylyk bilen tanyşmak mümkinçiligine ýetipdi we tanyşýardy. Dogrusy, Hebeşistana bu ilkinji habar äkidenleriň syýahatlary bir hijretdi, emma musulmanlaryň ol ýerdäki görkezen gaýratlary bilen Nejaşynyň we töweregindäkileriň musulman bolmagy, yslam Pygamberiniň jahan pygamberidigine ilkinji yşaratdy we munuň ilkinji ykrar edilşi diýmekdi.

2. Sagadat asyrynda ilkinji musulmanlaryň arasynda hebeşli Hezreti Bilalyň, Rum ilinden Hezreti Suheýbiň we Pars ülkesinden hem Hezreti Selmanyň dürli milletlerden bolup ilkinji hatary düzýänleriň arasynda ýerlerini almaklary, dürli-dürli milletlerden bir wekiliň bolmagy hem-de arap milletinden bolmadyk bu ynsanlara araplaryň aglabasyndan ýokary derejede orun berilmegi yslamyň halkara jemgyýetçigini gurşaýan düşünje bilen orta çykandygyny görkezmegi taýdan uly bir manysy bardyr.

3. Pygamberimiziň Medineýi Münewwere hijret eden wagty kowga giden Süraka Bin Mälige Yrak ýeňişinden birnäçe ýyl öň, Eýran hökümdary Kisra Bin Hürmüziň bileziklerini gollaryna dakjagy baradaky buşlygy (El-Kamil, 2/74) pygamberligi bilen baglanşykly habaryň Eýrana ýetiriljekdigine bir yşarat we ýetirilmeginiň gerekdigine-de bir delildi. Hakykatdanam pygamberimiziň dünýeden ötmeginden soň gysga döwürde Yrak başdan aýaga musulmanlaryň eline geçipdir we Süraka-da Kisranyň bileziklerini alyp goluna dakypdyr.

4. Pygamberimiz (s.a.w.) Ubade bin Samytyň aýaly Ümmü Haram binti Milhanyň maşgalalarynda dynç alýarka uka gidipdir we oýananda gülüp şeýle buýurdy: «Düýşümde maňa ummatym görkezildi. Olar hökümdarlar kimin tagt üstünde oturyp, deňizlere sapara çykýarlar.» (El-Bidaýe wen-Nihaýe J.7/152). Öňem bir wakada bolşy ýaly bu ýerde-de habarlaryň deňizleriň aňyrsyndaky ülkelere ýetirilmesi ugrunda bir yşarat edilýärdi we mübärek buşluk hem sahabalar döwründe amala aşypdy.

5. Bir gezek sahabalaryna: «Menden soňra Müsüri eýelejeksiňiz. Müsüriň adamlaryny hemra tutunyň olara mylaýym hem-de mylakatly boluň, çünki olar bilen siziň araňyzda hem bir garyndaşlyk, hem-de borç bar» (Taberi j. 4/228) diýip, baryp sahabalar döwründe yslam nurunyň Müsüre ýetjegini habar berýär we Mariýa enemiziň üsti bilen dörän garyndaşlygyň hem goralmagyny isleýärdi.

6. Hendek urşunyň öň ýanynda, Medinäniň töwereginde hendek gazylýarka özi hem hut sahabalaryň arasyna girip külüň bilen ýer gazyşypdyr, Hiräniň boýun egdiriljegini, Kisranyň sütünleriniň ýykyljagyny we Şamyň musulmanlaryň eline geçjegini buşlapdyr.

Indi munça delillerden soňra Onuň pygamberliginiň diňe araplar üçin we öz döwrüne degişlidigini tassyklap bilerismi? Ýa Hiräni, Kisrany, Şamy arap ýarym adasyna goşup, hirelilere, eýranlylara, şamlylara arap diýjekmisiňiz?..

Galyberse-de, Onuň wezipesiniň umumy we tutan ýolunyň tutuş adamzada degişlidigi baradaky birnäçe aýatlary we hadyslary sanamak hem mümkindir.

Indi bolsa mysal hökmünde olardan birnäçesini sanap geçeýin.

1. Bir hadysy şerifinde «Her pygamber öz halkyna pygamber edilip iberlendir. Men tutuş adamzada iberildim» buýurýar. Başga bir rowaýatda bolsa, bu mesele «ak bilen gara» ýaly aýyl-saýyl aýdylandyr. Taberiniň muny güýçlendirip habar beren hadysynda bolsa «Men her kese hem bir rahmet, hem-de pygamber edilip iberildim. Meniň wezipämi ýerine ýetirip tamamlaň. Allahyň rahmeti size bolsun» (Taberi, j. 2/625) buýurýar.

2. Pygamberimiz (s.a.w.) Kisranyň ilçisi gelende oňa «Geljekde dinim we dinimiň häkimýeti Kisranyň tagtyny eýelejekdir» (El-Kamil, j.2/146) diýip, wezipesiniň Eýrany-Turany öz içine alyp tutuş dünýäni ýagtyltmakdygyny aýdýar.

3. Anadolyň (Rumystanyň) we Ystambulyň musulmanlaryň eline geçmezinden birnäçe asyr öň bir gün söweşjeň goşunlarynyň Ýewropanyň gapysyna çenli barjakdygyny habar beripdir, beýik ýeňişi gutlapdyr, batyr esger we batyr serkerdäni mübärekläp «Şübhesiz Konstantinopol ele geçiriljekdir. Ony ýeňen serkerde, nähili serkerde! Onuň esgerleri nähili esgerler!» diýip sahabalaryna dünýäniň dört künjegini görkezipdir.

Kuranyň bu baradaky beýanlary bolsa, hiç hili düşündiriş, tefsir gerek bolmajak şekilde aç-açandyr. Meselem:

1. «Sad» süresinde «Ol, Kuran ähli älemlere öwütdir» (Sat, 87) diýip, pygamberimiziň tutuş adamzady oýarmak wezipesi bilen iberilendigini duýdurýar.

2. «Ýasyn» süresinde has açyk beýan etmek bilen: «Bu Kuran Hezreti Muhammede berildi, ýaşap ýören her kesi oýarsyn we inkär edenlere-de azap hökmi hak bolsun» (Ýasyn, 76) perman edip, Onuň pygamberliginiň, yns-jyns, ýaşaýan her kese degişlidigini we haýsy görnüşde bolsa bolsun Oňa görkezilen garşylyk küfür we müňkürlik saýyljakdygyny aç-açan aňladýar.

3. «Sebe» süresiniň «Biz seni diňe tutuş adamzada bir buşlukçy we oýaryjy edip iberdik. Emma, näme üçindir ynsanlaryň köpüsi muny bilmeýär» (Sebe, 28) manydaky aýaty bilenem...

4. «Araf» süresiniň «Aýt: «Eý ynsanlar! Men siziň hemmäňize gökleriň we ýeriň sahyby bolan Allahyň ilçisidirin»» (Araf, 158) manydaky aýaty bilenem Onuň tutuş jahanyň pygamberidigini, Hak tarapyndan ähli adamzada iberlendigini açyk beýan edýär. Ýagdaý şeýlekä çynlakaý bir zada daýanmazdan, Onuň pygamberligini zaman we mekan babatda dar bir burça dykyp, Ony hem diňe öz döwrüne degişli görkezmek ýaly tassyklamalaryň manysyna düşünmek örän kyn.

Mundanam başga Kurany Kerimde diňe içinde ýaşan jemagatlaryna ilçi hökmünde iberilen pygamberleriň bu hususy, ilçilikleri açyk aňladylyp, jahan pygamberi bilen beýlekileriň tapawutlaryna dykat çekilendir. Meselem, Hezreti Nuh (a.s.) üçin «Ant bolsun, Nuhy hem kowmuna iberdik. Eý kowmum, diýdi. Allaha gulluk ediň, siziň Ondan başga ybadat etjek Taňryňyz ýokdur.» (Araf, 59). Edil şonuň ýaly-da Hezreti Hud (a.s.) üçin Ab kowmuna-da öz doganlary Hudy iberdik. Eý kowmum, Allaha gulluk ediň, siziň Ondan başga ybadat etjek Taňryňyz ýokdur.» (Araf, 65). Edil şunuň ýaly Hezreti Salyh bilen baglanşykly hem: «Samud kowmuna-da öz doganlary Salyhy iberdik. Eý kowmum, diýdi. Allaha gulluk ediň, siziň Ondan başga ybadat etjek Taňryňyz ýokdur.» (Araf, 73). 80-nji aýatda Hezreti Lut üçin, 85-nji aýatda Hezreti Şuaýb üçin şol beýanlar aýdylýar. Hatda Kurany Kerimde bu pygamberleriň aňladylan ýerinde, olaryň öz milletine we öz jemagatyna pygamber edilip iberlendigine dykgat çekilýär. Bu-da Kurany Kerimiň meseläni düşnüksiz edip goýman «kim jahan pygamberi, kim däl, kim kowmuny we taýpasyny irşady üçin iberildi, kim tutuş adamzady aýdyňlyga çykarmak wezipesi bilen iberildi» bu hususlary anyk edip görkezýär.

Aslynda Onuň pygamberdigi pygamber edilip iberlen gününden dünýäniň çar ýanynda eşidilipdir we kabul edilipdir. Getiren habarlary Merakişden (Marokko) Mawrennahra çenli dünýä giňişliginde täsirini görkezipdir, ýaşaýyşa jan bolup giripdir. Allahdan getirip goýan kanunlary asyrlar boýy örän köp yslam döwletleri tarapyndan özleşdirilip ornaşdyrylypdyr we ynasanlara getiren esaslary elmydam öňli-soňly düşünjäň öňünde, ylymlara ýol görkeziji, düşünje we derňewleriň höweslendirijisi bolupdyr hem köp asyrlardan bäri Yslam duşmanlarynyň zor salmalaryna, düzgün bozmalaryna we ýykan-ýumrançylyklaryna garamazdan, Onuň getiren esaslarynyň hata edilen ýerlerde täzeden we gaýtadan gözlenilmegi, şu günki günümizde müňlerçe ylym adamlarynyň Oňa düşünip, ynsaplarynyň, wyždanlarynyň gaýtadan Oňa boýun bolmaklary diňe Onuň tutuş adamzadyň jahan pygamberidigine bir däl, müňlerçe delildir.

Netijelendirip aýtsak, dünýäniň çar ýanyna eşitdirmek maksady bilen ähli ygtybarlygy hadys we siýer kitaplaryň belleýişi ýaly Rim imperatory Geraklisden, Müsür koroly Mukawkisa, Eýranyň Kisrasyndan Hebeşisine çenli namalar ýollap Hak dine çagyran ilkinji gününden biziň döwrümüze çenli Ol diňe jahan pygamberi bolup özüni tanadypdyr, getiren dini esaslarynyň adamzadyň uly bir topary tarapyndan kabul edilmesi hem Onuň şeýledigini subut edýär. Tersinedir diýlip şu çaka çenli şübhelenilmeýän bu meselede indi täzeden şübhe döretjek bolmak kine, duşmançylyk we görübilmezçilik etmek bolsa gerek.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr