Lut kowmy, Nuh kowmy ýaly käbir kowumlar belli günäleri sebäpli heläk edilipdirler. Bu gün ähli ahlaksyzlyklar edilýärkä, näme üçin milletler tutuşlygyna heläk edilmeýär?

Gadymdan bäri ylahy bir kanun hökmünde Hak Tagala isýan eden we azgynlaşan kowumlara – ahyretde jeza bermegi gutulgysyz we kesgitlenilen bolmak bilen birlikde – terbiýe we temmi maksady bilen birnäçe gezek bu dünýede-de jeza berendir. Hakykatdan-da, Hezreti Lut kowmuna berlen jeza endamyňy tikenekledýär we sapak beriji häsiýetdedir. Hezreti Lutuň wezipelendirilen ýeri Sodom we Gomore Lut kölüniň töweregindedir. Bu birnäçe şäher bir gijede bir saýha (aýylganç sesiň güýji) bilen düp-düz, ýer bilen ýegsan edilipdir. Hezreti Lutuň kowmunyň utandyryjy günäleri we erbet akybatlaryny jikme-jik aňladan Kurany Kerim, Hezreti Nuhuň kowmuny hem düýpli beýan edýär: «Tupan hadysasy dörär...» Ol günki dünýä materikleri suwuň astynda galar, deňizler bugarar, gökden ýagmyrlar ýagar, ýerden suwlar atylyp çykar we bütin ol azgyn halk heläk bolar... Emma, Nuhuň (a.s.) gämisine münen az bir topar, käbir zaýyf hadyslara görä 60-70 ynsan Allahyň towfyk ynaýaty bilen halas bolýar. Soňraky adamzat täzeden bulardan önüp köpelýär. Bu ugurda arheologlar birnäçe galan yzlar bilen hadysanyň bolup geçen ýerini we ýagdaýyny öwrenibersinler, biz kudsi jemagatyň üstünde duralyň.

Hawa, ummaty Muhammede (s.a.w.) gelende hakykatdan, isle ummaty dawat (musulman däller) bolsun, isle ummaty ijabet (musulmanlar) bolsun, bu gün hemmesi-de lagnat işleri, uly günäleri örän köp edýärler. Serwerimiziň (s.a.w.) çakylygyny eşiden Ýewropa, Amerika we beýleki ýerlerde bu günäler şeýle bir ýol alypdyr, hakykatdan hem ne Hezreti Lut, ne Hezreti Salyh, ne-de Hezreti Hud döwründe lagnat işleriň hiç birisi şeýle ýaýramandyr.

Emma, Onuň ummatyndan bolmak aýratynlygy, bu ummata misli ýydyrymsowguç bolupdy. Bu aýratynlygy güýçlendiren Kurany Kerimden bir aýatyň yşaratyny we Serwerimiziň (s.a.w.) beýanyny zikr etmek ýerine düşer.

Enfal süresindäki bir aýatda:

«Sen olaryň arasynda boldugyňça Allah olara azap görkezjek däldir we olar toba edýärkäler-de (içlerinde toba edýänleri barka) Allah olara azap görkezjek däldir.» (Enfal, 33).

Hatda bu ýerde Resuly Ekremiň (s.a. w.) hiç bir deňeşdirmä gelmeýän beýikligini deňeşdirmek üçin şu hakykaty belläp geçmek peýdaly bolar hasap edýärin. Hezreti Isa Mesihyň şeýle diýendigini Kurany Kerim beýan edýär:

«... Eger olara azap görkezseň gullaryňdyr (isläniňi edersiň), eger olary bagyşlasaň, şübhesiz sen Aziz we Hakimsiň.» (Maide, 118).

Hawa, Hezreti Mesih azan, ýolundan azaşan jemagatynyň ýagdaýyny Allaha beýan edende: «Eger sen olara azap görkezseň olar seniň gullaryň. Eger bagyşlasaň, şübhesiz Aziz we Hakim sensiň» diýýär. Edil şonuň ýaly Serwerimiz (s.a.w.) üçin Kuranyň beýany şudur:

«Habybym, sen olaryň içindekäň, men olara azap görkezjek däldirin. Şol bir wagtda toba etdikleri (maňa döndükleri) mütdetçe olara azap görkezmerin...»

Aýatdan şeýle many çykýar, ýagny, Muhammet ummatynyň iki möhüm ýyldyrymsowgujy bar we iki möhüm galasy bar. Belalar bu ýyldyrymsowguja urlup täsirsiz hala geler we azaplar bu galalary aşyp bilmezler. Birinjisi, maddy we manewi taýdan, Ahmediň (s.a.w.) ruhy magnawysynyň içimizde bolmagy –kyýamat-magşar gününe çenli Allah dowam etdirsin! – ikinjisi, Muhammet ummatynyň içinde haka, hakykata sahyp çykan we elmydama Allaha ýönelen ähli-hyzmat we ähli istigfar bir jemagatyň bolmagy... Bular sebäpden rahmetine garaşýarys – şonuň üçin Allah bize köpçülikleýin azap görkezmez...

Hadysy Şerife gelsek, sahyh hadys kitaplarynda görşümiz yaly, Serwerimiz (s.a.w.) ummatynyň heläk bolmazlygy üçin Allaha (j.j.) köp ýalbardy. Bu ýalbarmalarynyň iň möhümi-de Weda Hajynda Arafat we Müzdelifede boldy. Bu iki mübärek ýerde ol Allahyň ylham berdigi derejede örän köp zatlary diledi. Hatda, gul haklarynyň bagyşlanmagy üçin hem ýalbardy-ýakardy. Emma bu husus kabul boldumy bolmadymy belli bir zat diýip biljek däl.

Hawa, ol Soltanlar Soltany öz ummatynyň heläk bolmazlygy babatda örän köp ýalbaryp ýakarypdy. Muny Sahaba-i Kirama şeýle gürrüň berýär: «Men Rabbymdan meniň ummatymy heläk etmezligini diledim. Rabbym meniň bu dogamy kabul buýurdy. Diýdi: «Olaryň heläkçiligi öz aralarynda bolar. Günä iş eden wagtlary men olary bir-biriniň emeline düşürjek, urdurjak». Men munuňam bolmazlygyny diledim. Emma Rabbym muny aýyrmady.» Hawa, öz eradamyz bilen çözülip bilinjek bu mesele aradan aýrylmady. Başga kowumlar günä gazandyklaryça göklerden we ýerden gopýan apatlar olary gyryp geçjek. Emma, Muhammet ummaty günä gazandygyça biri-birine ýagy boljak, jebislikleri we agzybirlikleri bozuljak, düşünşip bilmän biri-birlerini kösejekler. Resuly Ekrem (s.a.w.) munuň bolmazlygyny köp diledi, emma, Hak Tagala hikmetini özi biler, muny aýyrmady.

Şeýle hem şu hususy, bir aýatyň yşaratyny, ähli keşif we tahkykyň beýany hökmünde aýdasym gelýär. Kurany Mugjyzail Beýana, dine we diýanete bir ýerde sähelçe-de bolsa çyn ýürekden hyzmat edilse we ol ýerde ähl-i hakyň ýeňilmek gorkusy, howpy bar hem bolsa bu işi eden jemagat ýyldyrymsowguç ýaly belalaryň dep bolmagyna wesile boljakdyr. Hawa, dine bu şekilde hyzmat eden on sany ýürekdeş adam bar bolsa, bular ýyldyrymsowguç ýaly bela-beterleri başymyzdan sowjakdyr. Emma, ähl-i hak ýeňiläýse, Allahu Tagala we Tekaddes Hezretleri olary hem sarsdyrjakdyr.

Işiň dogrusyny Allah biler.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr