Hereketiň esasy güýji

Hereketiň esasy güýji

Islendik hereketiň içki dinamikasyny analiz etmegiň iki sany peýdasy bardyr. Birinjisi, şol güýçlere salgylanyp, hereketiň içki gurluşyny göz öňüne getirip bolýar. Ikinjiden bolsa, bölek-bölek analizler amala aşyrylanda, bitewilik saklanýar. Dinamika – hereketiň kömekçi termini bolup hyzmat edýär. Hereketiň zehine hem-de jemgyýete ýetirýän täsirleri hemişe şu dinamikalaryň daşynda jemlenýändir. Sosial bilim hem-de hereket analizlerinde säwlik goýbermezlik üçin şu zatlar bilinmelidir. Mundan başga-da, hereket hakynda berilýän ýalňyş düşündirişleri kesgitlemek üçin hem bu zatlar gerekdir. Mysal üçin, yslamyň sufizm tejribesinde hem terbiýesinde adam özüni juda pespäl alyp barýar. Ýa bolmasa, pespällik hem kiçigöwünlilik dinamikalaryny ulanýan adam, şulary durmuşynda ornaşdyryp, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda özüni hökman pespäl alyp barar. Ine, daşyndan seredýän – sufizm hem takwaçylyk häsiýetli dinamikalardan habarsyz adamyň şeýle pespällige, hemişe adamlardan bir zady gizleýän, assyrynlyk bilen gizlin işleri ýöredýän häsiýet hökmünde düşündiriş bermegi ahmal. Yslamyň sufizm dinamikalaryna hem-de olaryň ulanylyşyna şu derejede ýöntem çemeleşmek hakykata ters gelýär.

Yslamdaky sopuçylyk, ahlaky hem ruhy çuňluklar dine ynanýan her bir adamdan pespäl bolmagy talap edýär. Şeýtmek bilen, adamyň şahsy kämillige ýetmegi hem-de jemgyýetde sagdyn gatnaşyklaryň döremegi göz öňünde tutulýar. Yslam ýaly ruhy çuňluga hem-de ruhy tejribä eýe bolan diniň musulmanlara, ahlak hem-de sosial taýdan özlerini alyp barmakda itergi berýänine düşünmek üçin, şol diniň esasy ruhy dinamikalaryny hem-de şol dinamikalaryň musulmanlara näderejede täsirini ýetirýändigini öwrenmeli. Yslamyň içki durmuşyna düşünmezden, hatda ýönekeý musulman adamyňam aň we sosial gurluşyna doly manyda analiz berip bolmaz. Yslam medeniýeti, bu islendik bir musulman adamyň yslam bilen –iman, ruhy, ahlak we sosial taýdan – açan gatnaşygynyň umumy keşbini döredýär. Şol sebäpden, esasy dinamikalaryň penjiresinden seredenimizde, musulmanlaryň ruhy, ahlagy hem sosial taýdan özüni nähili alyp barýandygy barada umumy düşünjä eýe bolup bileris. Ine, şu tarapdan seredip, Gülen hereketiniň dini, ruhy, sosial we medeniýet dinamikalarynyň üstünde durup geçsek, biz ol adamyň açan çygrynyň dini hem sosial-medeniýet taýdan ýetirjek täsirlerine dogry baha berip bileris.

M. F. Güleniň bitiren möhüm işi – şol dinamikalary sosial-medeniýet durmuşynda üstünlikli herekete girizmegidir. Ýogsam, şu medeniýet we dini dinamikalar çak bilen müň bäş ýüz ýyldan bäri kitaplarda hem esasy çeşmelerde agzalyp gelinýän meselelerdir. Görşüňiz ýaly, şolaryň käbiri türkleriň Yslam dinine girmeginiň netijesinde dörän esasy dinamikalardyr. „Hoşniýetlilik, düşünişmek we adamzadyň hyzmatyna berilmek” ýaly birnäçe esasy dinamika – musulmanlaryň adamzada peşgeş beren gymmatlyklarydyr. Ýasawynyň we Möwlananyň ýoly diýip atlandyrylýan hem-de bütin adamzat üçin galdyrylan esasy ynsany gymmatlyklara şol dinamikalaryň güýji bilen jan giripdir.

Beýleki tarapdan, islendik bir hereketiň içki güýjüni ýüze çykarmak diýmek, şol hereketiň sosial özboluşlylygynyň aňyrsynda hökmany ýagdaýda şol dinamikalaryň täsirleriniň bardygyna üns çekmek diýmekdir. Hereketiň alyp barýan islendik işi, hereketiň dürli medeniýetler bilen açan gatnaşygy, hereketiň medeniýetleriň arasynda hoşniýetli gatnaşyklar babatda ädlen her bir ädimi nähili görnüşde bolanynda-da, hökmany suratda ýokarda agzalyp geçilen dinamikalara baglydyr. Üns bilen seredýän her bir adam munuň şeýledigine aňsatlyk bilen düşünip biler. Şu esasy dinamikalara gabat gelmeýän islendik pikiriň galatdygyny aýdasym gelýär. Esasan, Gülen hereketi hakynda Türkiýede käbir ikinji derejeli žurnalistleriň ýazýan pikir-garaýyşlaryna şu nazar bilen seredilmelidir. Şol sebäpden, „Radikal yslamçy”, „Syýasy jemgyýet ýa-da döwlet döretmegiň kül-külünde...” diýen ýaly sözler hem-de ýaňsylaýjy aňlatmalar ýalňyş hasaplanmalydyr. Haýsy tarapdan seredeniňde-de, olar galat pikirlerdir. Hereketiň içki güýji öwrenilende, nämeden nähili netije çykaryp bolýanyna düşünse bolýar. Şeýlelikde, sosial analizlerde juda köp gabat gelýän çäkden çykmalar ýaly intellektual çökgünliklerden hem halas bolunýar.

Gülen hereketiniň esasy dinamikalary babatda aýdylmaly ýene bir zat şudur: hereketiň dinamikalaryna umumy garaýyş bilen çemeleşsek, şol hereketiň beýik ideallarynyň bardygyny görse bolýar. Başgaça aýdanyňda, şu esasy dinamikalaryň iň göze ilýän tarapy – Yslamyň ylahy wahyý we din hökmünde ýykgyn edýän ebediýet idealy bilen bitewi göwrä öwrülipdir. Yslam adamy maddy hem wagtlaýyn barlyk dünýäsiniň aňyrsynda ebedi hem çyn bolan hakykata ulaşdyrmagy maksat edinýär. Ebediýete ýöremek idealy Gülen hereketiniň ähli içki hem-de daşky dinamikalarynda jemlenendir. Elbetde, bular hemmäniň bilýän zatlary ýaly bolup görünmegi ahmal. Sebäbi, ähli dinleriň özeninde-de bar bolan ideal şudur. Emma, şu ideal we dinamika Gülen hereketinde diňe bir hyýaly ideal bolup galanok. Şol ideal hereketiň ähli içki hem sosial gatnaşyklaryny gurşap alýan häsiýetli, galjaň meýilnama öwrülipdir. Şonuň üçin, Güleniň göz öňüne getirýän ynsan modelinde ebedilige teşnelik, tükeniksiz pidakärlik hem-de adamlar üçin ýaşamak ýerleşendir. Ebedilige teşne bolmak – onuň idealynyň ähli dinamikalarynyň gadyr-gymmatyny ýene bir gezek arşa göterýär. Bu garaýyş bolsa Gülen hereketinde ullakan bir metafiziki güýji ýüze çykarýar. Galyberse-de, Güleniň özem ýygy-ýygydan şol metafiziki güýç barada agzap geçýär. Şu ýörelge esasy dinamika hökmünde kabul edilipdir we edilýän her bir işde şol dinamika gözden salynmaýar. Bu bolsa, her bir sosial gatnaşykda hem hyzmatdaşlykda imanyňy täzelemek bilen barabardyr. Hereketiň alnyp barlyşynda, dünýäniň çar künjeginde müň dürli kynçylyga hem horluga döş gerip durup bilen adamlara şol dinamikalar ullakan güýç beripdir. Şeýle metafiziki güýçsüz ol ýerlerde ençe ýyllap ýaşamak beýlede dursun, ol ýerlere wagtlaýyn, syýahat maksady bilenem gidip bolmazdy. Şol metafiziki güýjüň esasy „Ilaýy kelimetullah”(Allahyň ýeke-täkligini, Yslam dinini beýgeltmek) borjunyň egninde oturýar.

Gülen hereketiniň maddy hem ruhy dinamikalarynyň sanawyny düzmek üçin aýratyn bir kitap ýazylmaly bolar. Ol hereketiň ruhy dinamikalarynyň, agzybirlik düşünjesiniň, yslamyň esasy ýörelgelerine bolan ýakynlygynyň we şu zatlaryň baryny sosial bir hereket akymyny döredip biljek ýagdaýa getirmeginiň doly many-mazmunyny beýan etmek üçin giden kitap ýazylmaly. Hasam ýakyndan seredilende, ol hereketde onlarça ruhy, ahlak hem sosial dinamikalaryň jemlenendigini görse bolýar. Şu hereketde M. F. Güleniň diňe dini hem milli aňyýet bilen çäklenmedik giň zehininiň yzlarynyň bardygyny ýaşyryp bolmaz. Şonuň üçinem, biziň üns çekýän temalarymyz, Gülen hereketiniň umumy öwüşginini ýüze çykarýan dinamikalardan ybaratdyr. Belki-de, şu temalaryň arasynda 30 ýylyň dowamynda maddy, sosial hem-de şert taýdan täsirlenip, hereketiň esasy häsiýetnamasyny görkezip bilmeýänlerem bardyr. Temalaryň barysynda-da şu ähtimallyk bar bolup biler. Emma, M.F. Güleniň öňe sürýän garaýşyny hem-de onuň öz makalalarynda ýa-da söhbetlerinde yzygiderli derňän birnäçe meselelerini we şol meselelere nähili aňlatmalar bilen düşündiriş berýänini görkezjek bolduk. Ol köp ýerlerde şol aňlatmalaryň üsti bilen gürleýär, aýtjak zadyny hem-de halka ýetirjek bolýan pikirini şol aňlatmalar arkaly aýdýar. Sähel üns berilse, bu zatlara akyl ýetirip bolar. 30 ýylyň dowamynda jemgyýetde syýasy babatda ýa-da sosial-medeniýet ugurlarda onlarça üýtgeşmeler bolanam bolsa, onuň diýýän sözleriniň esasy hemişe şol bir dinamikalaryň üstünde durandyr. 30 ýylyň dowamynda çapdan çykan metbugata, aňyýet hereketlerine ser salanymyzda, biz Türkiýäniň we bütin adamzadyň üns merkezindäki meseleleriň nähili uly ýygylyk bilen üýtgänini görýäris. Ine, şeýle üýtgewli dünýäniň öňünde M.F. Gülen özüniň sadalygy, akýürekliligi, agraslygy, özüne bolan ynamy bilen durmagy başardy. Ol ýan bermän, dik aýak üstünde dur. Sosial analiz üçin bu wakanyň ähmiýeti juda uludyr. Şol sebäpden, bu meseläni aýratyn öwrenilmeli ylmy iş hasaplaýaryn.

M.F.Güleniň dinamikalara çemelenişi we olary düşündiriş usuly hem aýratyn üns çekijidir. Yslam dininiň umumy nazaryýetinde bolşy ýaly, Gülenem hereketlendiriji dinamikalar meselesinde-de konserwatiw garaýşa eýedir. Emma, ol her bir pikirdir garaýşy özüçe kabul edýär. Onuň şeýle kabul edişem hemişe terligine galýar. Onuň konserwatiwliginde hiç hili ýagdaýda ýowuzlyk ýokdur. Aň-düşünjesi hem-de hereketiniň terzi onuň zehininden habar berýär. Esasy dinamikalaryň hem-de ähmiýet berilýän zatlaryň umumy çägi saklanýar. Şol bir wagtyň özünde, ol giň gözýetimi, hyjuwy bilen adamlary geň galdyrýar. Şol bir dinamikalara dürli wagtlardyr ýerlerde dürli düşündiriş bermek bilen, göýä olaryň many-mazmunyny giňeldip, üznüksiz öz-özüni täzeleýän hem ösýän bir ulgamy emele getirýär. Ol sungatyň, edebi inçeligiň hem-de tankydyň, gepiň gysgasy pikir, pelsepe hem-de edebi beýan edişiň ähli aýratynlyklaryna dahylly çuň zehine we dil baýlygyna eýedir. Şeýle uly gerim onuň beýan edýän zatlarynyň esasy häsiýetine täsir etmän, öz-özüni täzeläp, ösdürýär. Biz şu ýerde hereketiň esasy dinamikalarynyň käbirleri hakda gysgaça aýdyp geçmekçi. Ýöne şol dinamikalaryň dürli wagtlarda hem-de dürli ýerlerde eýe bolan mazmunyna, goruna düşünmek üçin, onuň hut özüniň ýazan kitaplaryny we alyp baran sosial çärelerini öwrenmelidigini aýdasymyz gelýär.

A. Wyždan giňligi

Şu termin, belki-de, Gülen hereketinde gönüden-göni içki dinamikalaryň biri bolup hyzmat edýän däldir. Ýöne beýleki dinamikalara düşünmek üçin, ilki bilen şu aňlatma düşünmeli. Özüm-ä yslam taryhynda şu aňlatma şu derejede many çaýan başga bir beýana duşmadym. Ýalňyşmaýan bolsam, Gülen 70-nji ýyllarda aýlawlyrak ýazan makalalarynda, beren konferensiýalarynda hem wagyzlarynda şu termine ullakan many salypdyr. Şeýle-de, şu terminiň onuň düşünje hem ynanç dünýäsinde aýratyn orna eýediginem aýdasym gelýär. Gülen ahlak, şahs we jemgyýetçilik durmuşynyň elementleriniň baryna şu terminiň penjiresinden seredýär. Hatda onuň nähili adamy, nähili köpçüligi we nähili bilim sistemasyny göz öňünde tutýanyna düşünmek üçin, başdan Güleniň şu termine berýän giň hem çuň düşündirişine akyl ýetirmeli diýsem, öte geçdigim bolmaz. Ol şu terminiň kömegi bilen, bir tarapdan, kämil, päk dindar hem şahsyýete öwrülmäge, beýleki tarapdanam, ylym-bilimde belli bir derejede çuňluga eýe, tutanýerli adamlaryň köpçüligini düzmäge çagyrýar. Başgaça aýdanyňda, şu termin onuň dilinde adamyň ruhy çuňluklaryndan başlap, tä jemgyýetçilik durmuşynyň iň çetki nokatlaryna çenli baryp ýetýän giň gerime eýedir.

Beýleki tarapdan, ol şu termini kä ýerlerde gowulygyň, gözelligiň we hakykatyň ýeke-täk ölçeg daşy hasaplaýar. Islendik bir sözüň, düşünjäniň, işiň, ýa bolmasa tutuş adamzadyň bähbidi üçin orta atylan pikirleriň, taslamalaryň, hakykatdanam, şeýledigini ýa-da däldigini, olaryň adamzadyň peýdasynadygyny ýa-da dälligini ölçeýän daşa meňzedýär. Şol sebäpden, Gülen 70-nji ýyllardan şu güne çenli her çykyşynda adamyň we jemgyýetiň wyždan giňliginiň oýarylmalydygyny ýygy-ýygydan nygtap durýar. Ol, halk şu hakykata düşünmese, hiç haçan galkynyp bilmez diýjek bolýar.

B. Ilaýy Kelimetullah (Irşad, Teblig we Çakylyk)

Şu termine „Allahyň adyny tutuş adamzada eşitdirmek hem ýetirmek” diýip gysgaça düşündiriş berip bolar. Şu termin Yslam taryhynda şahs, jemgyýet we syýasy meseleleriň biri bolup gelipdir. Umumy ýagdaýdan çykarylyp getirilýän netijeleri hasap etmesek, şu terminiň aňladýan giň manysyny ýokarda belleýşimiz ýaly berip bolar. Şu jähtden seredeniňde, terminiň üç ölçegi hakda aýdyp bolar. Çakylyk, teblig we irşad ölçegleri. Güleniň dilinde „Ilaýy kelimetullah” termini şu üç ölçegi-de öz içine alýar. Ol hasam umumylaşdyryp, şu termini adamzadyň ýaradylyş maksady bilen bitewileşdirýär. „Adam Allatagalanyň adyny beýgeltmek üçin ýaradylypdyr. Adam şu maksat bilen ýaşamalydyr ýa-da ýaşaýandyr”. Ilaýy kelimetullahyň „Maddy jihad” manysyndaky düşündirişi ýagdaýa baglylykda üýtgeýär.

Söweş Yslamda hiç mahal esasy hem ýeke-täk ýagdaý hökmünde ýüze çykmandyr. Esasy zat „Parahatçylyk we arkalaşykdyr”. Yslamda haçan söweş yglan edilipdir? Haçan-da, duşman hiç bir sebäpsiz üstüňe çozanda. Söweşi diňe döwlet häkimiýeti yglan edipdir. Duşman yslam topraklaryna çozan bolsa, onda musulmanlaryň öz topraklaryny goramaga haky bardyr. Şeýle ýagdaý hem maddy jihad bolup, ilaýy kelimetullah diýlip atlandyrylypdyr. Ilaýy kelimetullahyň şu manysy, gynansak-da, soňky döwürler günbatar çeşmeli analizlerde aç-açan „urşy, çozuşy we terrorizmi” yslam bilen manydaş goýar ýaly edilip üýtgedilipdir. Güleniň şu termini çuňňur analiz edýän bir eserem bar. (M.F. Gülen, Ilaýy Kelimetullah ýa-da jihad). Şu terminiň näme üçin hereketiň esasy dinamikalarynyň biridigini, şu terminiň dürli manylaryny has içgin öwrenmek üçin onuň eserini hökman okap görmeli. Ýeri gelende, ýene bir zady belläp geçmeli. Gülen şu termini, adamyň ýaradylyş maksadynyň esasy hasaplaýar.

Ç. Ýaşatmak idealy

Gülen şu ideala aýratyn ähmiýet berýär. Ol şuňa halky gaflat ukusyndan oýaryp biljek esasy dinamika diýip düşünýär. Elbetde, her bir jemgyýetiň döreýşinde şuňa meňzeş pidagärlikler bolandyr. Emma, Yslam medeniýetinde bu diňe bir adaty pidagärlik diýmek däl-de, gaýtam, özüňden büs-bütin geçmek diýmekdir. Şu ideal islendik dünýewi baýlykdan ýokarda durýar. Şeýle pidagärligi bolsa diňe Allahyň hoşallygy üçin zähmet çekýän, hiç hili dünýewi hem şahsy bähbit aramaýan, özgäni ýaşatmak üçin ýaşaýan adamlar amala aşyryp biler. Gülen şeýle ahlagy bar adamlary „Ruh binagärr we aňyýet lukmanlary” diýip atlandyrýar. Halka jogapkärçilik barada oýlanmaga diňe şeýle adamlar itergi berip biler. Ýaşatmak üçin ýaşaýan şol „Ruh hem aňyýet lukmanlary” bolmasa, täze dirilişi durmuşa geçirmek beýlede dursun, öz medeniýetimize we taryhymyza degişli gymmatlyklarymyza-da eýe çykyp bilmeris. Ine, Gülen üçin bu şeýle wajyp dinamikadyr.

„Şu gün biz oňa-muňa däl-de, (halkymyň maddy-ruhy bagtyýarlygy üçin dowzah odunda ýanmaga kaýyldyryn) diýip bilýänlere... Şahsy bähbidi hem gysgançlygy bir gapdala itip, Hak hem halk ýolunda özünden geçýänlere... Halkyň agysyna goşulyp aglap bilýän, aglaýanlara goldaw berýäne... Elindäki ylym çyragy bilen bar ýerde çyralar ýakyp, nadanlyga hem emelsizlige garşy göreşýänlere... Çyn ýürekden ynanyp, tutanýerlilik bilen, ýoldan azaşanlaryň dadyna ýetişýänlere... Kynçylyga duçar bolsa-da, ruhubelentlik bilen sabyr edýänlere... Umytsyzlyga özüni aldyrman, bedew ýaly öňe barýanlara... Ýaşamagy ýatdan çykaryp, ýaşatmagyň yşgy bilen ýanyp-köýýän merdi-merdanalara mätäçdiris.”( M. F. Gülen, Yitirilmiş Cennete Doğru, s. 128)

„Öz bagtyny özgäniň bagtynda görýän, özgäniň bagty üçin öz geljegini toprak mysaly aýak astyna düşäp bilýän, edil howa ýaly her kimiň demine, ganyna goşulyşyp, her bir bedende gan mysaly aýlanyp duran, suw mysaly hijran hem hasrat oduny söndürip, her ýana ýaşaýyş eçilýän, soň bolsa her bir hereketinde öz ruhunyň çuňluklarynda arşa çykaran borjuna salgylanýan, şahsy jogapkärçilik çäginden aşýan rehimdarlyga ýugrulan erki bilen we bütin adamzady özüne sygdyryp biljek mähirli giň gujagy bilen ýiten ruhumyzy bize täzeden gaýtaryp bermäge jan edýän, biziň adamdygymyzy bize ýatladyp durýan şeýle beýik ideally adamlaryň saýasynda, çakym-çak bolsa, bütin adamzat bagtly durmuşa ýeter, birki asyrdan bäri ynjaýanlaryň ahy-perýatlary diňer we belki-de, dünýä ýene bir gezek öz okuna oturdylar. Elbetde, olar şol bir wagtyň özünde, şunça wagtlap idealsyz ýaşan sergezdan ruhlara görelde bolarlar.„ (M. F. Gülen, Işığın Göründüğü Ufuk, s. 138)

„Meniň pikirimçe, biziň halkymyz häzirki günde oňa-muňa däl-de, şu zeýilli ideal gahrymanlara mätäçdir. Başda öz halkymyza, soňam bütin adamzada mähir bilen elini uzadyp bilýän we her gezek gol göterip Allahdan beýleki adamlar üçin dileg edýän gahrymanlara. Şeýle uly mätäçlige biziň özümizden başga hiç kim çäre tapyp bilmez. Şonuň üçinem, öz borjumyzy berjaý edip, öz aramyzda şol maksady oýaryp başlamalydyrys” (M. F. Gülen, Işığın Göründüğü Ufuk, s. 142)

„Öz bähbidimiz üçin ýaşamagy egoizm hasapladyk we şu düşünjeden gaça durduk. Biz - özgäni ýaşatmaga we olara ebedi bagtyýarlygyň ýoluny görkezmäge teşnediris. Aýdaly, eger-de şu dünýäden göçüp, soň ýene bir gezek şu dünýä gelmeli bolaýsa, täze ýaşaýşymyzy özümize saýlatsadylar, onda biz ýene-de „Özgäni ýaşatmagy” saýlap alardyk. Täzeden şeýle beýik nokada gözümizi dikip, adamzady nädip „Basy badel mewte”(Ölümden soňky diriliş) eltip bolarka diýip kelle döwerdik. Kemsidilse-de, ruhdan düşmezlige... Töhmet, myjabat atsalaram, dürli-dürli etmişleri ýöňkeýän bolsalaram, olardan gaty görmezlige... Iň bir zabun hem imansyz sütemleri-de gursagymyzda ýumşadyp, içimiz gan aglasa-da, ýylgyrmagy başarmaga... Hiç kim ynjamasyn, adamlar birahat bolmasyn diýip, duýgy dünýäsiniň joşguny bilen gezmäge, her wagt diýen ýaly, adam bolup ýaradylandygymyzy ýadymyzda saklap, şol mertebä mynasyp hereket etmäge jan ederis...“ (M. F. Gülen, Örnekleri Kendinden Bir Hareket, s. 218-219)

„Ideal adam, şem mysaly ýanyp, töweregindäkilere ýagty berer...“ (M. F. Gülen, Ölçü veya Yoldaki Işıklar, s. 108)

„Kämil adam we hakyky dost dowzahdan çykylanda-da, jennete girilende-de, „Baş üstüne, geçiň!” diýmegi başarýandyr.“ (M. F. Gülen, Ölçü veya Yoldaki Işıklar, s. 121)

„Ýaşatmak üçin özünden geçip, ömrüni özgäniň bagtyna bagş eden nesiller ruhy gymmatlyklarymyza eýe çykyp bilerler.. Olar asla, köpçülige görünjek bolmaz. Emma, olaryň baran ýeri edil dartyş güýjüň merkezine öwrüläýýär. Şeýdip, her kim olara tarap ylgar... Adamlar olaryň yzyna düşüp, janlarynam gurban edip bilerler.“ (M.F.Gülen, Işığın Göründüğü Ufuk, s. 261).

„Ýene bir gezek ýatladasym gelýär. Tutuş jemgyýeti dogry ýola gönükdirmek maksady bilen düzülmedik taslamalaryň netijesi haýyrly bolmaz. Şahslaryň erkinden, aňyndan, köňlünden goparylyp zyňylan gymmatlyklary bolsa, jemgyýetde ornaşdyrmak mümkin däldir. Hawa, halas etmän, halas bolup bolmaz.

Ýaşatmak teşneligi biziň gahrymanymyzyň häsiýetini kesgitleýän juda ähmiýetli faktordyr. Şeýle wezipä jany-teni bilen berilmek – onuň iň uly aladasydyr. Allatagalany razy etjek bolup urunmak, çapalanmak – ol adamyň iň gözilgiç aýratynlygydyr. Ol birnäçe gezek ölüp-dirilse-de, ýaşatmak teşneliginiň lezzeti bilen ne agyry duýar, ne-de ejir. Ol özüniň gazanan üstünligini Allatagalanyň daldasynyň öwüşgini hasaplar. Has dogrusy, özüniň sebäp bolan ýagşy işlerine öz arzuwy, duýgusy garjaşan bolaýmasyn diýip uly basga düşer we hemişe „Maňa Sen gerek Sen” diýip hiňlener.“ (M. F. Gülen, Işığın Göründüğü Ufuk, s. 261)

„Akgöwünlilik, özgäniň aladasy bilen ýaşamak – biziň diýaryň gülüdir. Özgäniň derdini çekişmek – biziň bagymyzyň lotos gülüdir. Gowşubam datmazlyk bizde bardyr. Ýaşatmak teşneligi bilen ýanyp-tutaşmak hem-de ýaşamagy huşdan çykarmak bizde bardyr. Adamzada hyzmatda öňde, muzduny alaňda yzda durmagy biziň adamymyz başarýandyr. Söýgä garaşman söýmegiň nämedigini dünýä bizden öwrendi...“( M. F. Gülen, Çağ ve Nesil, s. 143)

„Kämil musulman adam, diňe öz-özüni üpjün etmek bilen we ýeten derejesi bilen çäklenmez. Ol pygamber tutanýerliligi bilen bar kişä ýetjek bolar. Bar kişä gujak açar we özüni ýatdan çykarjak derejede özgäniň dünýewi hem ruhy bagty üçin ylgar. Ol adam hemişe sahaba durmuşynda ýaşar. Kämil musulman adam sahaba ýaly ýaşap, edil şem ýaly, gursagyndaky ýagty saçýan özeni bilen daş-töweregini nurdan doldurar. Ol hemişe öňe bakan ymtylar. Hawa, ol gije ýaly garaňky diýarlaryň gözlegindedir. Kämil musulman adam zorluk-sütem bilen garpyşar... Ol hemişe-de güwläp ýanar durar. Ýandygysaýynam, içi syzlar-da, boýnuny aşak eger. Emma, näçe ýansa-da, näçe gezek ýanyp tükense-de, ony adamzada ýagtylyk bermekden hiç kim saklap bilmez.“ (M. F. Gülen, Işığın Göründüğü Ufuk, s. 261)

Biz içerden ýa daşardan geljek peşgeşlere, düşünje ulgamlaryna däl-de, biziň tutuş halkymyzda jogapkärçilik hem-de Watan üçin azap çekme aňyýetini oýaryp biljek, ruh hem aňyýet lukmanlaryna mätäçdiris. Geldi-geçer bagty wada bermegiň ýerine, ruhumyzda çuňluk emele getirjek we bizi sähel salymda başlangyç hem soňky nokatlary görüp biljek derejä çykarjak ruh hem aňyýet lukmanlaryna...

Hawa, edil häzir biz, gerek bolanda, jennete girmekden hem ýüz öwrüp, eger jennete giren bolaýanynda-da, daşyna çykmagyň ýoluny agtarmakdan gaýtmajak – jogapkärçiligiň hem göreşiň aşygy bolan adamlara garaşýarys. „Güni bir egnime, Aýam beýleki egnime goýsalar, men bu işden ýüz öwürmerin” diýip bilýän adamlara... bular pygamberiň ýeten mertebesidir. Ana, şol beýik mertebeden akyp gaýdýan çyrazlardan püre-pür zehin, ýeri gelende: „Gözümde ne jennet yşgy, ne-de dowzah gorkusy bardyr. Halkymyň sagdyn imana ulaşanyny görsem, dowzahyň odunda ýanmaga kaýyldyryn” diýer. Şu hildäki adam gol göterip: „Göwrämi şeýle bir ulalt welin, meniň bir özüm dowzahy dolduraýyn. Özgelere ýer galmasyn” diýen pygan bilen asmany lerzana getirer.

Hawa, häzirki gün biz, bar zatdan beter, adamlar günä iş edýär diýip aglaýan, adamzadyň günäsiniň geçilmegini, bagyşlanmagyny özüniň bagyşlanmagyndan ýokarda goýýan we Arafda durup, jennetileriň küýsegi bilen ýaşaýan, jennete girse-de, öz arzuw-islegini ýatlamaga wagt tapmaýan çuň adamlara mätäçdiris...“ (M. F. Gülen, Ruhumuzun Heykelini Dikerken, s. 87)

D. Haka hem halka özüňi bagş etmek

Bu esas, ýokarda agzalyp geçilen ruhy dinamikanyň başgaça atlandyrylyşydyr ýa-da şonuň dowamydyr. Sebäbi, kimdir biri üçin ýaşajak bolsaň, onda sen ilki bilen özüňi haka hem halka bagş etmegi başarmaly. Has giňişleýin aýdanymda, mälim bolşy ýaly, yslam dininde islendik söýginiň aňyrsynda beýik Ýaradana bolan yşk bardyr. Söýgi-muhabbetleriň, gözellikleriň bary Allatagalanyň adynyň şöhlelenmesidir. Günbatarda Yslam gumanizmi hökmünde adygan hem-de biziň öz aramyzda-da Möwlananyň hem Ýunusyň ýolunda ýüze çykan „Beýik Ýaradany söýýänimiz üçin, ýaradylan her bir barlygy söýmek” diýen düşünjäniň düýbünde-de ýene şol bir şöhleleriň yzy bardyr. Bu şöhläniň gerimi şeýle bir giňdir welin, adamyň bar ýerini tutuş gurşap alyp bilýär. Şu aýdylanlar, şahs we jemgyýet babatda Yslam dininiň iň aýdyň, ynsanperwer garaýyşlarynyň biridir. Şeýle diýse bolar, Gülen şol ýörelgäni, özüňi haka hem halka bagş etmek diýen düşünjäniň kömegi bilen saklapdyr we hasam ösdüripdir. Şu ýerde agzalan „Beýik Ýaradan we ýaradylan” diýen sözlere dogry düşünsek, Yslam dinindäki söýgi çeşmesiniň Günbataryň gumanizminden tapawutlanýan esasy häsiýetdigine göz ýetireris. Günbatarda söýgi düýp-teýkary bilen beşeri hem pelsepewi bolany üçin, onuň hiç hili gymmaty ýokdur. Emma, Yslamda ähli söýgüleriň aňyrsynda beýik Ýaradan bardyr. (Bkz.: M. F. Gülen, Örnekleri Kendinden Bir Hareket, s. 185, 187, 189; Beyan, s. 48, 55, 113, 142.)

Eger söýgüde we gözellikde Allatagalanyň gözel atlarynyň hem sypatlarynyň öwüşgini ýok bolsady, onda adamzat söýgüden, mähir-muhabbetden mahrum bolardy. Şonuň üçinem, Yslam dinine uýýan adamlar islendik söýgini, yşgy we mähir-muhabbeti turuwbaşdan beýik Ýaradana bagş etmelidir. Eger-de şeýle amal ýerine ýetirilmese, onda hiç kim özüni kimdir biri üçin bagş edip bilmez. Haka özüňi bagş edeniňde, adamda üýtgeşik bir duýgy bolup geçýär. Ana, şol duýgy halka hem-de adamzada hyzmat edilende, iň esasy badalga bolup durýar. Özüňi haka hem halka bagş edip bilseň, sen şeýle bir güýçli ruhy dinamikany esaslandyrýaň welin, ol her bir söýgini, her bir gatnaşygy, her bir hyzmaty janlandyryp bilýär.

„Allahyň razylygyny gazanmak üçin, Allahy söýüp, Allah tarapyndan söýülmegi maksat edinen, tutuş ömrüni şu ýola bagş eden beýik şahsyýetleriň iň aýratyn taraplary, iň ähmiýetli güýç çeşmeleri –islendik maddy-ruhy bähbide hantama bolmazlykdyr. Olaryň hasap-hesiplerinde dünýewi adamlaryň ähmiýet berýän – gazanç etmek, peýda görmek, eşretde ýaşamak ýaly bähbitleriniň hiç biriniň gymmaty ýokdur. Bu zatlar olar üçin hiç zady aňlatmaýar we şu zatlar olaryň ölçegi hasaplanmaýar.

Özüni haka hem halka bagş eden adamyň idealy dünýewi gymmatlyklardan şeýle bir beýikde durýar welin, şeýle maksada özüni beren adamy ýoldan çykarmak asla mümkin däldir. Allahy hoşal etmek seniň idealyň bolsa, onda seni hiç kim hiç bir baha satyn alyp bilmez. Aslynda, beýle adam çyn ýürekden pany zatlardan ýüz öwrüp, durky bilen bakylyga berilýär. Ol Allahy söýdürmek we Allah tarapyn söýgä mynasyp bolmak üçin şu ýola özüni bagş edýär. Ol geldi-geçer bähbitlerden gaça durup, öz maksadyna berk ýapyşýar we diňe Allaha bil baglaýar. Şonuň üçinem, ol „Olar”, „Biz”, „Beýlekiler”, „Biziňkiler”... ýaly, bölüji, dagydyjy we dawa-jenjele iteriji düşünjeleriň golaýyna-da ýanaşmaýar we onuň hiç kim bilen gizlin-açyk hiç hili meselesi ýokdur. Ol adamlara peýdaly boljak bolup jan edýär. Özüniň ýaşap ýören jemgyýetinde agzybirligi saklamaga aýratyn üns berýär. Eger-de jemgyýetde näsaz ýöredilýän işlere gabat geläýse-de, ol ýumrujy ýaly bolup däl-de, ýol görkeziji bolup, adamlary dogry ýola, beýik ahlaga ugrukdyrmak üçin çäreler geçirýär. Ol syýasy täsirlerden, başa geçip döwleti dolandyrmakdan, şular ýaly düşünjelerden daş durýandyr.

Bilimden peýdalanmak, ahlak kadalaryny berjaý etmek we şu ahlagy durmuşyň her bölegine siňdirmek, imanly-paýhasly bolmak, imandan asla jyda düşmezlik – özüni haka hem halka bagş eden adamyň ruhy çuňlugyny emele getirýär. Olar ýagty gelejek üçin, esasan-da ahyret üçin peýda getirmeýän şan-şöhratdan, şahsy bähbitlerden, ýasamalykdan we şuňa meňzeş zatlardan daşda durýarlar. Olaryň dünýägaraýşy has başgaça. Olar görelde bolmak bilen özleriniň ylym-bilimine, düşünje-pikirlerine many çaýýarlar. Olar adamzat gymmatlyklaryny jemgyýetde ornaşdyrmak üçin çyn ýürekden zähmet çekýärler. Şu işleri amala aşyranlarynda-da, olar hiç hili şahsy bähbit aramaýarlar.

Jemleme

Islendik bir hereketi sosial-medeniýet öwrülşigi bilen utgaşyklykda öwrenýän analizleriň öňünden çykyp biljek esasy kynçylyklaryň biri-de – hereketiň üýtgeýän hem-de üýtgemeýän ululyklaryny anyklamakdyr. Muny amala aşyrmak kynam bolsa, bu dogry garaýşyň ilkinji şertidir. Şonuň üçinem, hereketiň esasy dinamikalary analitikleri özüne bendi edýändir. Hereketiň üýtgeýän hem-de üýtgemeýän ululyklary şeýle ähmiýetli bolany sebäpli, islendik bir hereketiň doly öwrenilmegi üçin, başdan şol dinamikalardan başlaman bolmaýar.

Hereketi iki esas düzýär. Üýtgemeýän hem-de üýtgeýän ululyklar. Üýtgemeýän ululyklar şol hereketiň esasy dinamikalaryny görkezýär, üýtgeýän ululyklar bolsa ýagdaýa görä üýtgeýär. Hereketler analiz edilende, köplenç şeýle aýratynlyklaryň bary gözden salynýar ýa-da biri-birine garjaşdyryp öwrenilýär. Bu bolsa, hereketiň ösüş prosesini dogry anyklamaga päsgel berýär. Ösüş prosesi diýdigim, wagtyň talabyna görä hereketiň reňkini hem görnüşini yzygiderli üýtgedip, öz maksadyna ters ýol almagy diýmek däldir. Sosiologiki manyda aýdanymda, bu – hereketiň çyzýan ýoly diýmekdir. Şol sebäpden, şu makalada esasy dinamikalaryň üstünde kän durmaga çalyşdym. Netijede, herekete degişli tankytlar-da, magtamalar-da, ýokardaky iki esasyň haýsy hem bolsa biriniň has içgin öwrenilmegi bilen ýüze çykýar. Hereketiň diňe üýtgemeýän ululyklaryna seredýän garaýyş, hereketiň sosial öwrülişigiň öňünde özüni nähili alyp barýanyna düşünip bilmez. Herekete diňe wagtyň talaby esasynda seredýän garaýyş-da, ol hereketi esasy dinamikalardan üzňe hasaplaýar. Emma, sagdyn garaýşyň emele gelmegi üçin, iki esasa-da birlikde seretmelidir. Men öz makalamda „Üýtgeýän-üýtgemeýän ululyklar” diýip bölüp oturmadym. Ýöne hereketiň alyp barýan işleri barada ösdüren pikirimde, şol iki esasy gözden salmazlyga çalyşdym.

Gülen hereketi barada anyk bir zat aýdylmaly bolsa, onda men, hakykatdanam, onuň üstünde kän analizleriň geçirilmäge mynasypdygyny belläsim gelýär. Analizleriň netijesinde ummasyz maglumat ýygnap bolar. Ana, şol maglumatlary sistematiki garaýşyň bosagasyna eltmek üçin, şu wagta çenli gelip-geçen ähli ynsany pikir-hereketlere göz aýlamaly ýerem bolýar. Sähel ahmal bolsaň, zehiniň ýadawlygy ýa başga sebäpler bilen bar zady bulaşdyryp, pikir üçegini weýran edip bilýärsiň. Şol sebäpden, sosial hereket analizleri aňsat ýol almak üçin erkin pikir ösdürmek usulyna golaý durýarlar. Men heniz şeýle usulyň barlygynam bilemok. Günbatarda dörän taýýar terminleriň hem-de düşünjeleriň açan ýodalaryndan ýöräp, çekilen zähmetleri hasap etmesek, Yslam dünýäsindäki hereketlere degişli analiz bermek däbiniň heniz döremändigini aýdasym gelýär. Muny men makalamda birnäçe ýerde agzap geçdim. Elbetde, Yslam dünýäsinde dörän Gülen we şoňa meňzeş hereketlere analiz berip bilmek üçin, wakanyň içini görüp bilmelidir. Öňden bar bolan günbatar terminleri hem-de metodlary bilen çemeleşmek, bizi hiç haçan aýdyň netijä ulaşdyrmaz. Häzire deňiç, orientalist garaýyşlaram, olaryň ýerli nusgalaram hiç hili sagdyn pikiri orta atyp bilmediler. Orientalist garaýyş – kinniwanja çyzgylar bilen çäklenen ideologiki garaýyşdyr. Şu garaýşyň öndürýän metodiki hem-de termin çägi hem, şol ideologiýa laýyk pikir dünýäsini bina edipdir. Günbatar terminleriniň ideologiki kemterligi, käbir günbatarly sosiologlaryň hem jegebesini darykdyrýar. Şonuň üçinem, Yslam dünýäsine degişli her bir garaýşy ýüze çykarmak üçin, hereketiň içki gurluşyny doly öwrenmelidir diýip gaýta-gaýta nygtaýaryn.

Gülen hereketini öwrenmek babatda çeken zähmetime, bir tarapdan, bu herekete özümçe düşünjek bolşum diýesim gelýär. Beýleki tarapdan, men şu makalama ulgamlaýyn garaýşy ösdürmek synanşygy ýaly garaýaryn. Elbetde, şu hereket barada aýdylmaly zat kän. Biz diňe şu hereketiň dini, sosial, pikir we medeniýet ugurlaryny düzýän esasy parametrlerini ýüze çykarmaga synanyşdyk. Şübhesiz, ýene-de edilmeli işler kändir. Biziň çaklaňja makalamyz, geljekdäki şuňa meňzeş işlere başlangyç ýa-da ilkinji ädim bolar diýip umyt edýärin.

Gülen hereketi:

  • Syýasy hem ideologiki hereket däldir.
  • Jemgyýetçilik pikiri esasynda dörän hereketdir.
  • Yslam dininiň baý jemgyýetçilik hem medeni gatnaşygyny ösdürmäge ukybynyň barlygyny görkezýän ähmiýetli bir prosesdir.
  • Şahsy hem-de köpçülik pidakärligini ösdürdi.
  • Jemgyýetiň ähli gatlaklaryny öz içine alýan arkalaşykly gurluşa eýedir.
  • Dini gymmatlyklar bilen jemgyýetiň ideallaryny bitewileşdirýän hem-de ylalaşdyrýan hereketdir.
  • Şahsy ukyplary onçakly öňe çykarmasa-da, öz agzalaryna giň sosial häsiýet hem şahsyýet gazandyrýar.
  • Adaty tarykat gurluşly bolmasa-da, dünýewi bir hereketem däldir.
  • Dini hem medeniýet babatda hoşniýetlilige we söýgä, sosial babatda arkalaşyga hem dialoga, özüni alyp barşy boýunça hem pozitiw hereketlere esaslanýandyr.
  • Maddy hem dünýewi bähbit aramaýan, syýasy pirimleri bolmadyk bir hereketdir.
  • Halkdan alman, tersine, oňa bermegi maksat edinip, adamzadyň aladasy bilen ýaşaýan hereketdir.
Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr