1960 – 1970 Durmuş Hronologiýasy (Ömür beýany)
29/03/1960 Öýlenmekligi belli bir netijä baglady
Edirnede bolup ýören ilkinji wagtlary garyndaşy Hüseýin Top Hojanyň üsti bilen öýlenmeklik barada bir teklip geldi. Ýöne, teklibi gyzyň özüniň etmegi sebäpli razylaşmady. Bu waka 1960-njy ýylyň Remezan Baýramynda bolup geçdi.
“Edirnede bolup ýören ilkinji wagtlarym Hüseýin Top ýanyma gelip, Edirnäniň abraýly, arassa hem-de barlykly maşgalasynyň meniň bilen gyzyklanýandygyny aýtdy. Bir baýram güni iki bolup bu maşgala myhmançylyga gitdik. Baran ýerimde der basmana başlady. Ýüzümi galdyryp töweregime seredip bilmedim. Soňra bolsa, talapdaky bir tehniki ýalňyşlyk sebäpli örän gaharlandym. Şol bada pikirmden dändim-de, gaýdyp şular ýaly meseläniň pikirini hem etmezlik barada niýet etdim. Ondan soň, bir gezeginde-de Ýaşar Hojanyň maslahady boldy. Kalbymyň çuňluklaryndaky asyl niýetimi diňä Alla bilýär. Emma, meniň pikirimçe, dinime hyzmat etmekden başga zadyň arzuwyny etmek islemedim öýdýärin.
Başga wagtlardaky şular ýaly ýagdaýlarda niýetimiň üýtgemändigini duýdum. Megerem, öte duýgurlygym sebäpli başgalarynyň durmuşyny zäher etmezlik düşünjesiniň täsiri hem bardymyka diýýärin.
Aslynda bu maşgalalaryň ählisi päk, terbiýeli adamlardy. Ýöne men ilkinji synanşygymda belli bir netijä gelipdim. Özümi Yslama hyzmat etmäge bagyş edip, öýlenjek däldim.”
10/11/1961 Watan gullugyna gitdi
Ankaranyň Mamak obasynda esgerlik wezipesine başlady. Karantin döwüri şu ýerde geçdi.
“Karajagaçdan otla mündim. Ugratmaga gelenleriň arasynda Ýaşar Hoja, Salim Aryjy, Hüseýin Top, Ismail Gönülalan we beýleki dostlarym bardy. Salim Aryjy Üçşerefeliniň baş ymamydy. Maňa bir azyk bukçasyny taýýarlap beripdi. Içinde ownuk-uşak zatlaram bardy. Şol ýaglygy ep-esli ýyl sakladym.
Baranymda noýabr aýynyň 10-ydymyka diýýän. Mehmet Mutlu şol wagtlar leýtenantdy. Şonsuzam podpolkowniklikden hormatly dynç alyşa çykdy. Biziň bölümçämiziň serkerdesi Ýylmaz Beý, onuň harby akademiýadan dosty eken. Meni bölümçämiň serkerdesi bilen tanyşdyryp, gowşuryp gitdi. Aýratyn-da, polk serkerdesi Reşat Taýlana Edirnedäki ýakynyndan salam getirdim. Hat-da, pisse üwmejini hem ugradypdylar.Hak tagalanyň gudraty bilen şeýdip, gorag astyna alynypdym.”
1962 Esgerlik döwri we rugsatlar
Karantin döwrüni Mamakda tamamlanymdan soň, Iskenderuna ugradyldy. Bu ýerde syrkawlady we rugsat hökmünde, 4 ýyl öň gaýdan Erzurum şäherine gitdi. Rugsat döwründe Erzurumdaky metjitlerde wagyz berdi. Soňra Iskenderuna dolanyp, Fethullah Gülen bu ýerde-de wagyz bermäge başlady. Bir wagzyny bahana edip, kazyýete alyp gitdiler. Ýeni Istiklal gazeti wakany ilkinji sahypalarynda çap edipdi. Kazyýetde aklandy. Ýöne, tertip-düzgün jerimesi hökmünde 10 gün harby tussaghanada boldy. Syrkawlady. Kepilnama bilen ýene-de Erzuruma dynç alyşa ugradyldy. Esgerliginiň gutarmagyna 34 gün galanda harby hasapdan çykaryldy.
“Tomusda iýmit ýetmezçiliginden örän kösendim. Özümi gowşak duýýardym. Aýakda durmaga ýagdaýym galmady. “Gözleriňde sarylyk bar” diýdiler. Lukmana gitdim. “Hiç keseliň ýok” diýip yzyma ugratdy. Birnäçe gün soň, ähli bedeniň sap-sary boldy. Ýene-de lukmana gitdim. Bu gezek bolsa “Örän howply” diýip hassahana ýerleşdirdi. Hassahanada näçe wagt galandygymy bilemok, ýöne ep-esli wagt galdymmykam diýýän. Şondan soň, 3 aýlyk rugsat berdiler.
Esgerlige gidip barýarkam Erzuruma baryp bilmändim. Aradan dört ýyl geçipdi. Hassa ýagdaýda Erzuruma barýan otla mündim. Arif seržant maňa gaýyş sumka alyp beripdi. Goşlarymy şoňa saldym. Şol gaýyş sumkany gymmatly ýadigärlik ýaly şu wagta çenli saklap gelýän...
Bir müddet otlynyň koridorynda ýatmaga mejbur boldum. Şonsuzam otly artygy bilen doludy. Iskenderun yssy, Erzurum taraplary bolsa sowuk bolany üçin üşüdenimi duýmandyryn. Ep-esli wagtlap, myşsa agyrysyndan-da kösendim. Egnimdäki eşiklerimi Iskenderuna görä tikdiripdim. Erzurumyň sowugyna çydajak gümanlary ýokdy.
Üç aý geçenden soň, Erzurumdaky harby wekilligine gitdim. Olar bir aýa ýakyn wagt goşdy üstüne. Şeýdip, Erzurumda dört aýa ýakyn boldum.
Iskenderuna dolanyp bardym. Bir hepdä ýakyn bölümçäme barmadym. Daşaryda wagyz berýärdim. Soňra gidip bölümçäme goşuldym. Şondan soň, yzygiderli her Jumga güni Iskenderunyň Merkezi metjidinde wagyz etmäge başladym. Ol döwürler kän bir wagyz edýänler-de ýokdy. Iskenderun sebitinde labyzly sesi bilen wagyz edýän Hilmi Beý bardy. Bir döwür deputat bolandygy ýadyma düşýär.
Maňa ýöňkelen garalamalar örän agyr jenaýat jogapkärçiligini aňladýardy. Hadysa, agdarylşyga meýil etmek, halky döwlede garşy aýaklandyrmak ýaly ynanyp bolmajak zatlardy. Şonda-da Allanyň kömegi bilen hiç zat bolmady. Açylan işleri dolulygyna ýapdylar. Ýeni Istiklal gazýedi wakany baş sahypada çap etdi. Ýalňyşmaýan bolsam, “Fatihiň agtygy Fethullah” diýip ýazypdylar. Beýleki gazetler-de, öz pikirlerine, düşünjelerine göre çap edipdiler.”
1963 Watan gullugynyň gutarmagy we esgerlikden soňraky günler
1963-nji ýylyň mart aýynda esgerligini tamamlady. Esgerlikden soň Erzuruma gidip, bir müddet maşgalasynyň ýanynda boldy we Möwlana bilen baglanşykly konferensiýa gurnady. Kommunizme Garşy Göreş Gurmasynyň düýbini tutjylardan. Halk Öýüniň agzasy boldy.
“Ikinji bölümçäniň serkerdesi Mahmut Mardin atly bir kapitandy. Örän agras adamdy. Ol hem yzygiderli gelip, wagyzlarymy diňleýän eken. Meniň habarym ýokdy. Men gysga möhletli harby tussaglykdan çykanymdan soň dessine ýanyma gelip “Men seni köp diňledim. Indi seni öýüňe ugratjak. Seniň üçin esgerlik gutardy. Harby bilediňi özüm yzyňdan ugradaryn” diýdi. Elbetde, bular ýaly zada garaşamokdym. Örän begendim. Entek esgerligimiň gutarmagyna 34 gün bardy. 24 aý esgerlik edilýän döwrde saglyk rugsatlaryny, hassahanany we tussaglygy hasaplamasak 17 aý esgerlik borjumy ýerine ýetirdim. Şeýdip, meni wagtymdan 34 gün öň boşadyp goýberdiler, harby biledimi bolsa, yzymdan ugratdylar...
Durmuşymyň iň agyr günleri gutarypdy. Iki ýyllap agdarylyşyk we agdarylyşyga meýiller bilen ýüz-be-ýüz bolup ýaşan hem-de “Gorkunç düýş görýärin, oýananymda geçip gider” diýip, öz-özüme göwünlik berip, sabyr bilen garaşan esgerlik günlerim geçip gitdi.
Erzurumlylar meni “Edirneli Hoja” diýip tanaýardylar. Remezan aýynda Erzurumdadym. Gulluk borjumy dynyp, Erzuruma gelipdim.
Sakyp Efendi müftidi. Bir ýyl öňinçä maňa wagyz etdirmegine garamazdan, şol ýyl hadysa çykarýar diýip, wagyz etdirmek islemedi. Emma, halk müftüligiň öňünde ýygnanyp, “Edirneli Hojany gürletmek islemeýän adamy şu wagta çenli görmändik” diýip galmagal turuzypdyrlar. Bu wakalardan men bihabardym. Men soňradan eşidip galdym. Şeýdip, Sakyp Efendi maňa wagyz etdirmäge mejbur boldy. Şol ýylda-da wagyz berdim.
Syrkawlap gelen günlerimde Halk Öýüne-de gidip gelýärdim. Ajaýyp işler edýärdiler. Halk Partiýasynyň döwründe şol pikire hyzmat eden bu guramalar ajaýyp adamlaryň elindekä peýdaly işler etdi. Erzurum Halk Öýüniň ýolbaşçylary, bir-iki adamdan başgasy, namazly adamlardy. Dogrusy, birnäçe geňlikleri bolsa-da, ynançlary berkdi. Iň erbetlerine çenli ynançly adamlardy.
Möwlananyň Pygamberimiziň sünnedine(ýoluna) bolan baglylygy barada gürrüň etjekdim. Meniň umytlandyryjy sözlerim, parsça rubagylary ilki aslyny okap, soňra terjime etmegim diňleýjileriň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Onsoňam, beýlekilere görä ýaşdym. Saýlama jemagat bardy. Uniwersitetleriň mugallymlary, ýokary derejeli harby adamlar gatnaşýardylar. Nä dereje peýdamyň degendigini bilemok, ýöne, çykyş etmäge çagyrylandygyma çäksiz begendim. Sebäbi menden öňki çykyş edenleriň hemmesi Möwlanany panteist adam hökmünde görkezmäge çalyşypdylar. Meniň aýdanlarym, iň azyndan, Möwlanany hakyky Yslam Ägirtlerinden biri hökmünde görkezmäge ýetipdi. Geçirlen ilkinji saýlawda (ýaşlygym sebäpli) meni Hormat diwanyna bellediler. Şeýdip, Halk Öýüniň agzasy boldum.
Şol döwüre degişli meýlimiziň ýene-de biri Erzurumda Kommunizme Garşy Göreş Guramasyny açmak meýilimiz boldy. Şol wagta çenli diňe Izmirde bardy. Ikinjisi-de Erzurumda biziň yhlasymyz bilen açylmalydy.”
1964 Edirne şäherine dolanmagy
Esgerlikden soň, bir ýyla ýakyn wagt Erzurumda galdy. Soňra Edirnä dolandy. 1964-nji ýylyň iýul aýynyň 4-üne Darül Hadis metjidinde Kuran dersleri mugallymy we gaýybana ymam hökmünde işe başlady. Häzirki wagt professor bolan Suat Ýyldyrym şol wagtlar Edirne müftüsidi. Bir öýde bile galýardylar. Darül Hadis metjidiniň ymam otagynda aýratyn söhbet gurap başladylar.
“Erzurumy örän söýýärdim. Şonda-da, ondan aýrylmaga mejburdym. Sebäbi şol döwürde-de “Mukaddes Göç” barada aýdýanlaryma doly düşünýärdim. Esasan-da, Edirnä ilki gidişimde bu hakykat kalbyma ýerleşipdi. Ejem-kakam näçe garşy çyksalar-da, ýa Edirnä ýa-da başga ýere hökman gitjekdim... Edirnäni islemegimiň sebäplerinden biri-de Üçşerefeli metjidine bolan söýgim. Şol ýeri arzuw edip, şol ýerde-de işime dowam etmek isleýärdim.
Darül Hadis metjidiniň ymamy hassalanandygy sebäpli wagtlaýyn ymamlyk etmäge başladym. Metjidiň içinde bir otag gurdurdym. Bu ýer hem ymam otagy bolmalydy hem-de ol ýerde okuwçy okatjakdym. Bu günler iň bereketli günlerim boldy. Edirnede görülmedik okuwçy hyzmaty, ine, şu kiçijek otagda başlady.Okuwçylar bilen gümra bolmagy halaýardym.”
31/07/1965 Edirneden Kyrklareli şäherine bellendi
Edirnede bir ýyl bolupdy. Kyrklareline wezipä bellenmek isledi. 1965-nji ýylyň iýul aýynyň 31-ine Kyrklareli merkez waizligine bellendi.
“Kyrklarelide her Jumga wagyz berýärdim. Remezan aýynda her gün wagyz berdim. Öz-özünden bir jemagat emele geldi. Ilki başlamda bir-iki adamdan başgasyny tanamokdym. Soňra bolsa, ol ýerde-de ep-esli dost tapynypdym.”
11/03/1966 Kyrklareliden Izmire bellendi
Izmir merkez waizligi wezipesine bellendi. Mundan başga-da, Kestanepazary guramasynyň Kuran derslerinde höwesjeň mugallymçylyk etmäge başlady.
“Rugsat alyp, gysgajyk Türkiýe syýahatyny amala aşyrdym. Syýahatym 40 güne ýakyn boldy. Aslynda rugsadym ýigrimi gündi. Ankara şäherine bardym. Ýaşar Hojaefendi Ankarada Din işleri müdirýetiniň orunbasary wezipesinde işe başlapdy. Oňa ýagdaýymy düşündirdim. Gijä galan günleriň üçin kepilnama alyp bolmaýandygyny aýtdy. Megerem akylynda başga pikiri bar eken. Izmirden aýrylandan ol ýerdäkilere meni iberjekdigini aýdypdyr. Maňa “Bir arza ýazyp, Izmirde waizlik wezipesini sora” diýdi. Men bu duýdansyz teklibe haýran galdym. “Izmir uly ýer, meni ýuwdar. Mümkin bolsa, gündogarda kiçiräk welaýatlaryň birine belläň” diýdim. Ol bolsa, garşy çykdy. Başga birine arza ýazdyryp, maňa zor bilen gol çekdirdi. Soňra bolsa, Din işleri müdirýetiniň başlygy Elmalyýa kararnamany tassyklatdy. Özi hiç zada gol çekmedi. Ýaşar Hojaefendiniň elmydama boluşy ýaly seresaplygy sebäplidi.
Kyrklareline gelenimde ilkinji işim müftini bu işden habardar etmek boldy. Sebäbi günäkärdim. Başga wezipä bellenendigimi eşideninde müfti günämi unutdy we gynanjyny bildirdi. Kyrklerelinden dabara bilen aýryldym. Ulag tutup, Edirnä çenli tekbir aýdyp, salawat aýdyp getirdiler. Edirnedäki dostlarym bilen hem hoşlaşdym.
Ýigrimi alty ýa-da ýigrimi ýedi ýaşym bardy. Şol sebäpli hem okuwçylar hem-de mugallymlar meniň ýolbaşçy bolup gelmegimi geňirgediler. Hat-da mugallymlaryň arasynda maňa eşitdirip “Ýaşar Hoja-da gel-gel şu çagadan başgasyny tapmadymyka” diýişýänleri hem boldy. Şonsuzam menden öňki ýolbaşçy bolup işlän adam, meni şol wagt hem, has soňra-da kabul edip bilmedi.
Bir tarapdan-da Izmiriň içinde iki-üç ýerde wagyz berýärdim. Şol bir wagtyň özünde-de başga ýere gitmäge synanyşýardym. Şonsuzam her jumga Kestanepazary metjidinde wagyz berýärdim. Mundan başga wagyzlary mümkin boldugyça bazar günleri berjek bolýadym . Diýmek, hal-ýagdaýym şular ýaly berk bolan bolmaly. Çydap bilýän ekenim. Mysal üçin, şenbe güni gidip bir ýerde wagyz berýärdim. Gijämi ýolda geçirip, ertesi gün başga ýerde wagyz berip, dynç alman şol agşamymy-da ýolda geçirenimden soň, ertesi irdenki derslerime ýetişýärdim we okuwçylara ders okadýardym. Şular ýaly agyr we ýükli iş depginim bardy.”
18/02/1968 Birinji gezek Haja gitdi
Izmir Kestanepazaryda Kuran mugallymy döwründe Din işleri edarasynyň başlygynyň wekili Lütfi Dogandan jan geldi. Din edarasynyň işgäri hökmünde haja iberilýändigini aýtdy we şol ýyl birinji gezek haja gitdi.
Käbä dogry
Gurban baýramynyň ýakynlaşmagy mynasybetli ähli Yslam äleminden musulmanlar Hijaza tapgyr-tapgyr bolup gelýärler we Haj parzlaryny ýerine ýetirmek üçin Mekke-i Mükerremede ýygnanmaga başlaýarlar. Geçen ýyllara garanyňda bu ýyl Türkiýeden Hijaza gidenleriň sany ep-esli artdy. Şonuň ýaly-da, hajy boljaklary ugradýan on müňlerçe musulman ýollara dökülip, mukaddes şäherlere barýanlaryň awtobuslaryny tekbir sesleri bilen ugradýardylar. Din işleri edarasy bolsa, Türkiýeden giden hajy wekilleriniň dini parzlaryny kemçiliksiz ýerine ýetirmekleri üçin Hijaza işgärlerini iberdi. Suratda, Din edarasyny tarapyndan Hijaza iberilen Izmir Merkez waizi Fethullah Gülen Hoja, özüni ugradýan izmirliler bilen bilelikde. Hojaefendiniň Din edarasy tarapyndan Haja wezipe berip bellemegi Ittihad gazýedinde şu görnüşde ýerleşdirildi. (Ittihad gazeti, 19-njy fewral, 1968)
“Giden ilkinji hajym meniň üçin örän bereketli boldy. Elbetde Alla tagalnyň razylygynyň ölçegini bilemok. Ýöne, içki dünýämde bu hajyň uly peýdalary boldy. Bir-iki bolaýmasa, Beýtulladan çykmadym. Gije-gündiz ol ýerde bolýardym. Diňe täret almaga çykýardym. Açlyk doly ysgynymy alýança garaşyp, hurma ýa-da köke ýaly zatlar bilen açlygymy giderip, ýene-de ybadatyma dowam edýärdim. Günde üç umre edýärdim. Elbetde ol wagtlar ýaşdym. Bu zatlara güýjüm ýetýärdi.” (Kiçijek Dünýäm)
1969 Çaýhana söhbetleri we dürli ýerlerde wagyz berdi
1969-njy ýylda çaýhana söhbetlerine başlap, Ege sebitiniň dürli etrap we etrapçalarynda wagyz berdi.
“Şol wagtlar maňa, ýarym resmi ýagdaýda Egeniň ähli ýerinde wagyz bermäge rugsat berildi. Bir-iki gezek Antalýa gitdim. Ýöne, ady belli adam bolmanym üçin, aslynda-da, ol sebitleriň wagzy-nesihat bilen gyzyklanmaýandygy üçin söhbetlerimiň peýdaly bolandygyny pikir edemok. Şonda-da, Alla (jj) bilýär...
Şol wagtlar Izmir we Aýdyn sebitlerinde Tahyr Hojaefendi tanalýardy. Izmire gelen ýylym Aýdyna-da gidipdim, hat-da 3-4 gün galyp, wagyz beripdim. Ýöne, ol ýerde-de beýle bir gyzyklanyp barmadylar. Olary, biziň gürrüň beriş usulymyza we düşünjelerimize garşy ýapyk gördüm.
Ödemiş we Tire az-owlak tapawutlydy. Tirä birnäçe gezek wagyz bermäge gitdim. Ol ýerdäki dostlar hem yzygiderli gelýärdiler. Ýöne, käbirlerinde özüni ähli zadyň üstünde görmek ýaly ruhy keseli bardy. Mysal üçin, wagyzdan soň oturyp söhbetdeşlik edýärdik. Men iman hem-de Kuran hakykatlary barada gürrüň berjek bolýaryn, ol ýerdäki biri “Sen ol gürrüňleri goýsana, sahabalar barada aýt, biz şolary bilýäris” ýaly zatlar diýdi. Ne şol wagt, ne-de şondan soň, ol adamlara ýüz bermedim.
Salihlä-de giderdim. Ýakyn bolandygy üçin Turgutla has köpräk giderdim. Denizlä-de gitdim. Şol döwürde bolmasa-da, Ysparta-da gitdim. Şol ýyl, ertesi ýyl, gyş paslyna garamazdan Simaw, Gediz we has uzagrak ýerlere gidip söhbetdeşlikler edýärdim.
Kestanepazarynda bäş ýyla ýakyn wagt boldum. Dostlaryma mysal bolsun diýip aýdýaryn, bu bäş ýyllyk wagtyň içinde bäş köpüklik maddy bähbidim barada hiç pikir etmedim. Täret alan suwumyň puluny hem berýärdim. Häzirki wagtda-da pikirim üýtgänok. Okuwçynyň haky bolan bir guramadan başga biriniň, nähili görnüşde bolsa bolsun, öz bähbidine peýdalanmagy dogry däldir.”
- -de döredildi.