Allahyň bardygyna birnäçe gysgajyk delil
Bary subut etmek, ýogy subut edenden hemişe has aňsatdyr. Alma agajynyň Ýer ýüzünde bar zatdygyny ýekeje almany görkezip subut edip bolar. Emma başga bir zadyň ýokdugyny aýdan kişi welin, tutuş jahany hatda älemem aýlanyp çykandan soň, aýdanynyň dogrudygyny subut edip biler. Bu bolsa, mümkin däl derejede kyn iş. Şonuň üçin, “Ýoklugy hiç wagt subut edip bolmaz” diýip bileris.
Iki sany tassyklaýjy subutnama müňlerçe inkär edýänden ygtybarly görüler. Iki adam birmeňzeş hakykaty tassyklasa, müňlerçe kişiniň dar penjirelerinden şahsy garaýyşlaryna görä ony inkär etmekleriniň hiçhili gymmaty ýokdur.
Bir köşgüň gapylarynyň 99-sy açyk, birjigem ýapyk bolsa, kim şol köşge girip bolanok diýip biler? Inkär ediji hemişe şol ýeke-täk ýapyk gapyny görkezip, şol ýalňyş pikirini öňe sürer. Aslynda, şol gapam, onuň ýalylaryň gözüne tutulan perde sebäpli ruhy dünýäleri üçin ýapykdyr. Mü’min üçin ýapyk gapy ýokdur, esasy zat gözleriň açyklygy. Şeýle-de, gapylaryň 999-sy islendik adam üçin açykyr. Onda-da dolu açyk. Ine, şol gapy we delillerden birnäçesi:
1-Mümkinlik delili.
Älem mümkinat görnüşdendir. Ýagny barlygam, ýoklugam deň derejededir. Islendik zat bar bolşy ýaly ýok bolubam biler. Barka-da bar bolmagyň çäksiz görnüşlerinden islendiginiň bolmagy mümkündir. Ýagny, barlygy sähelçe bolana çenli ýok bolanam bar bolmak mümkinçiligine eýedir. Her mümkin bolsa, özünden daşgary bir sebäbe baglydyr. Onuň ýaly bolsa, ilki bar bolmagy, soňra bar bolmagyň şekilini we hilini bolmazlyga we bolmagy mümkine öwürýän, başga şekil we hillerden saýlaýan biri bardyr. Olam Allahdyr (j.j.).
2-Hudus (ýokdan bar etmek) delili.
Älem mütegaýýidyr, ýagny elmydam üýtgäp durýar. Üýtgeýän her bir zat soň dörändir. Bir tarapdan madda ezeli bolup bilmez. Hawa, maddadan termodinamik kanuna görä, hemişe ýokluga tarap gitmegi, älemiň durman giňelmegi, Günüň yzygiderlli gutarmaga tarap barýandygy ýaly wakalar barlygyň bir başlangyjynyň bardygyny görkezýär. Soňra dörän her barlygyň ýaradyjysy bardyr. Çünki, baglanşyksyz, özbaşyna, sebäpsiz netije, senetkärsiz senet mümkin däldir. Sebäpler bolsa zynjyr ýaly düzülip, tükeniksiz dowam edip bilmez. Onuň ýaly bolsa, durman üýtgeýän, ezeli bolman soňra dörän we bir ilkinji sebäbe mätäç bolan şu madda äleminiňem ýaradyjysy bardyr. Ol hem Allahdyr (j.j.).
3-Dirilik delili
Dirilik – dup-dury bir gizlinlik. Hawa, ol görnüp duran sebäpler bilen beýan edip bolmajak derejede syrly we Ýaradyjy Güýje delil bolmak taýyndanam şeýle äşgär. Hawa, ol gönüden-göni Ýaradany görkezýär we yglan edýär. Ol syr bolmagy bilenem alym adamlaryny, äşgärligi tarapdanam ýönekeý halky jadylaýan hadysadyr. Dirilik hamala, hal dili bilen: “Meni bar edip ýaradan diňe Allahdyr (j.j.)” diýýär...
4-Düzgün-tertip delili
Her barlyk öz bölekleri, edil şonuň ýaly, tutuş älem-jahanam özüni emele getirýän barlyklary bilen bir äheňde we bütewilikdedir. Bu bolsa, bir nyzamyň, düzgün-tertibiň bardygyny habar berýän, ýalňyşdyrmajak delildir. Bu hem bir tertip-düzgüne salyjynyň bardygyny görkezýär – Ol-da diňe Allahdyr (j.j.).
5-Sungat delili
Atomdan ynsana, öýjükden galaktikalara çenli tutuş älem-jahanda inçe we haýran galdyryjy sungat äşgär görünýär. Hawa, o başyndan bu başyna älem-jahandaky her bir eser:
- Juda beýik sungat derejesine eýedir;
- Juda gymmatlydyr;
- Juda gysga wagtyň içinde we diýseň aňsat döredilendir;
- Juda köp sanlydyr;
- Garym-gatym we dürli-dürlidir;
- Dowalydyr.
Ýöne, daşyndan göräýmäge gysga wagtyň içinde, köp sanda, aňsat we garym-gatym işlerde sungat we gadyr-gymmat bolmaly däl. Emma, senetkär Ýaradan Allah (j.j.) bolanda ähli zatlar üýtgär we gapma-garşylyklar ýiter gider.
6-Hikmet we maksat delili
Her barlykda özüne mahsus maksat, bir peýda we netije göz öňünde tutulandygy görünýär. Bir zerrede-de boş, maksatsyzlyk, manysyzlyk we ysryp hasaplanylyp biljek ýagdaýy görmersiňiz. Emma muny berjaý etmek üçin ne madda äleminde, ne ösümliklerdir haýwanat dünýäsinde, ne-de barlykdyr hadysalarda aň-düşünje ýokdur. Onuň ýaly bolsa, älemdäki bu düşünjeli işleýş, hikmetdir maksatlar diňe Allahyň (j.j.) bermegi bilen makul ýola düşüp biler.
7-Söýgi, merhemet we ryzk delili
Ähli ýaradylanlaryň we aýratynam adamzadyň mätäçligi tükeniksiz, elindäki ygtyýary bolsa, ýok diýerlikdir. Şonuň ýalyka, ähli mätäçleriň mätäçlikleri hiç umyt edilmeýän ýerden we garaşylmaýan görnüşde, kim nämä mätäç bolsa, şol hilde we mukdarda berilýär. Ýardam iberilmegi, o ýardamyňam tüýs mätäje geregidigi her zada özündenem has ýakyn mähir-muhabbet eliniň edýändigini aç-açan görkezýär. Älem-jahan derejesinde edilýän we dowam etjek söýgi, merhemet we ryzklandyrmak - bularyň ählisini edip bilmek sypatyna eýe we nogsan sypatlardan sap bolan Zaty Akdesi (Iň mukaddesi) ýagny, Allahy düşündirýär hem subut edýär.
8-Ýardamlaşmak delili
Iň ýakynyndan, iň uzakdaka çenli ähli mahlukat birek-birege ýardam eder. Aralynda hiçhili gatnaşyk bolmaýan iki aýry barlyk, tapawutly jynsly, dürli görnüşli janly-jandarlar ýardam etmekde edil bütewiligiň bölekleri ýaly, bir-beriniň üstüni ýetirýär. Göz öňüne getiriň, bakteriýalar, gurçuklar we toprak bir maksadyň daşynda jemlenip, ömsükleriň dadyna ýetişýär. Akyldan, düşünjeden mahrum bu barlyklaryň akyly-düşünjäni haýran galdyrjak bu işleri perdäniň aňyrsynda Wajybül Wüjud bolan Allahyň (j.j.) hikmet doly işini görer göze görüner ýaly edýär. Ähli älem-jahan bu ýardamlaşmak dili bilen “Allah” diýýär.
9-Tämizlik delili
Ynsandan zemine, zeminden asmanyň çuňluklaryna çenli tutuş älem-jahandaky näziklik we tämizlik özbaşyna delil hökmünde bize Kuddus (kemçilik we nogsandan arassa, iň mukaddes, päk, tämiz) ady bilenem tanalýan Allahy düşündirýär.
Hawa, topragy arassalaýan bakteriýalar, mör-möjekler, garynjalardyr ençeme guşlar... ýel, ýagyşdyr gar, ummandyr deňizlerdäki aýsbergler, balyklar, asmanymyzdaky howa gatlagy, gara deşikler, bedenimizdäki ganymyzy arassalaýan kislorod we ruhumyzy göwniçökgünlikden halas edýän magnawy öwüsginler – ählisi Ýaradanyň Kuddus adyndan habar berýär, hem-de şol adyň aňyrsyndaky Zaty Mukaddesi görkezýär.
10-Ýüzüň geörnüşleriniň delili
Ähli mahlukaty gurşap alandan soň, meseläni anyklaşdyrmak taýyndan diňe adamzady, iň äşgär tapawutlanýan tarapy bolan, ony dürli-dürli ýaradan, ýüzüň görnüşleri barada durup geçeliň.
Her bir adamyň ýüz keşbi özünden öň gelip-geçen milliardlarça ynsanyň hiçbirine asla meňzeýän däldir. Bu kada tä ahyrete çenli dünýä injeklere-de degişlidir. Bir tarapdan biri-birine meňzeş, başga bir jähtden tapawutly miliardlarça suraty kiçiçjik bir ýerde çyzyp, soňra özlerine meňzäýmegi mümkin ýene miliardlarça suratdan parhly etmek we her bir zady çäksiz ähtimal ýollaryň içinde bir ýola, bir görnüşe salmak, elbetde, ýaradan her barlygyny, hemme tarapdan eliniň aýasynda ýaly bilýän, hem-de şol barlyga islän keşbini bermäge güýji, ylmy ýetýän Hak Tagalanyň iň ker gulaklara çenli eşitdirip özüni yglan etmegidir. Hawa, ýüz keşpde ýerleşýän agzalary başga ýüzlerdäkilerden tapawutly ýaratmak we her göze beýleki gözlere meňzemeýän aýratynlygy bermek, gözünde yşyk bolmasa-da, synasynda ýüregi bolan her wyždan eýesine bularyň ählisini ýaradyp, çäksiz hikmetler bilen gurşan Allahy (j.j.) görkezer.
11-Sewki Ilahy (Ilahy ylham) delili
Ördek jüýjesi ýumurtgadan çykan badyna ýüzmegi bilýär. Pileden çykan garynjalar derrew hin gazmaga başlaýar. Ary gysga wagtyň içinde haýran galdyryjy sungat eseri bolan petegini gurmagy, möý bolsa, şeýle inçelik bilen kerebini örmegi başarýar. Bular we bulara meňzeşler başga bir älemde özlerine bildirilen maglumata görä, ýaradylyşdan berlen bir ukyba laýyklykda bu işleri edýändiklerine düşünýäris. Emma ynsan janly-jandarlaryň arasynda iň kämil ukyply ýaradylandygyna garamazdan, her bir zady şu dünýäde öwrenmäge mejburdyr. Diýmek, beýleki janly-jandarlara bu aýratynlygy beren özleri däldir. Tersine, her edenini hikmet bilen edýän Hak Tagala olara şeýle ihsan edipdir.
Mysal üçin, ýylan balyklar ençeme kilometr uzaklykda ýumurtga taşlap gaýdýarlar. Olaryň çagalary ýumurtgadan çykanlary bilen haýdan-haý ýola düşýärler we enelerini, hamala goýup giden ýaly tapýarlar. Muny ilahy ylhamdan başga näme bilen düşündirip bolar? Haýwanlardaky bu täsinlik diňe Allahyň (j.j.) peşgeşi hökmünde düşündirilse, onda oňa akylly-mantykly düşündiriş diýip bolar. Ýogsa, başga islendik düşündiriş diňe ýalan, howaýy, boş gürrüň bolar.
12-Ruh we wyždan delili
Ruhuň aslynyň, esasynyň nämeden ybratdygyny bilmesegem, onuň bardygyna hiçimiz şübhe edýän däldiris. Oňa degişli funksiýalaryň bedenimize höküm edýändigi-de, ýene Hak Tagalany bize bildirýän delillerden biridir. Dünýäde Emr Älemine wekilçilik edýän ruhdur we ruh bu äleme diňe mertebesini beýgeltmek, kämilleşmek üçin gelendir. Hikmetiň netijä edýän täsiri temamyzyň daşynda bolany üçin, biz bu ýerde diňe onuň yşarat edýän nokadyna degip geçmek bilen çäklenýäris. Hawa, maddy älem bilen asly nokadynda galtaşmaýan ruhuň özüne mahsus bir älemden bärik iberilmegi, kämilleşdirilmegi we munuň hem belli programma arkaly ýerine ýetirilmegi, şübhesiz Allahy Tagalany yglan edýän iň möhüm delillerden biridir.
Başga bir tarapdan içki duýgular we daşyndan görnüp duran sebäp ýokka Allaha dönmek, Oňa ýönelmek we bu hadysanyň millionlarça adamda bolup geçmegi, ynsanda ýaradylanda bar bolan we Haky tapmagyň iň möhüm sebäplerinden biri wyždandyr. Wyždanyň özüni Ýaradana ybadat etmek derejesinde aşykdygy we tutuşlygyna Onuň bilen gatnaşykdadygy Allahy Tagalanyň barlygyna äşgär delildir. Aslynda “Elest Bezminiň” (“Hawa Rabbymyzsyň) diýlen jogabyň ýalňyşdyrmajak şaýatlaryndan birem wyždan dälmidir!? Görüşimiz ýaly, wyždan bu şaýatlygyň haky üçin we mejburlygyň ylhamy bilen “Allah” diýýär.
13-Fytrat we wagt delili
Her adamda ýagşy işe, gözellige bolan söýgi bardyr. Munuň tersine erbetlige, pislige ýigrenç duýgymyzyň bardygy hiç birimiziň ýadyna-da düşmeýän hakykatdyr. Diýmek, bu duýgular gowy ahlakly bolmaga, ýagşy işleri etmäge meýil döredýär, edil şonuň ýaly-da, ahlaksyzlykdan, ýaman işlerden ýigrenç bilen gaçmaga itekleýär. Bu bolsa, ynsana ýagşyny, gözelligi buýrup, erbetlikleri gadagan eden kim bolsa, şol duýgulary berenem Oldur. Ol bolsa, şübhesiz Allahdyr (j.j.).
14-Duýgular delili
Ynsan müňlerçe duýga eýe edilendir. Her duýgy hem maddylygyň daşyndaky älemden bir habar berýär. Ýöne ynsandaky bir duýgy gönüden-göni Allahy Tagalany tanadýar. Bu duýgy ebedilik we bakylyk duýgusydyr. Bu duýgynyň täsiri bilen adamzat hemişe ebedilik islär we bakylyga ýetmek üçin çalşar. Soňy bolan hiçbir zat ony doly manyda kanagatlandyrmaz. Soňy gelýän, ir-u-giç tamamlanýan hiç zat bakylyk badasyny uzatmaz. Munuň şeýledigi hakykatdyr, inkär etmegem mümkin däldir. Onda bu duýgy bize, bizi bu duýgy bilen Ýaradan tarapyndan berilendir we ebedi ýaşaýşy hem ýene Ol berjekdir.
15-Pikirdeşlik delili
On sany ýalançy yz-yza gelip, bize öýümiziň ýanandygyny aýtsa, ol adamlaryň agzyndan ömürboýy bir gezegem dogry sözüň çykmandygyny bilip dursagam, “ähtimal” diýeris, olara ynanarys. Çünki, o ýerde ähtimallik pikirdeşligi bar. Biziňem gürrüňini edýän pikirdeşligimiz müňlerçe pygamber, ýüzmüňlerçe weliler we milionlarça-da ynanyp, iman getiren adamlaryň arasynda dörän pikirdeşlikdir. Dürli döwürlerde we dürli ýerlerde ýaşap geçen bu adamlaryň ählisiniň pikirleriniň jemlenen nokady “Allah bar” diýen hakykatdyr. On ýalançynyň bir ýalan pikirdeşligine ähmiýet berlen ýagdaýda, milionlarça, asla ömürboýy bir gezegem ýalan sözläni görülmedik nebileriň we welileriň bu meseledäki pikirdeşligine ynanmaýan nähili adam bolup biler? Oňa nädip akylly diýip bolar?
16-Kur’an delili
Kur’any Kerimiň Kelamullahdygyny (Allahyň kelamy) subut edýän ähli deliller şol bir wagtda Hak Tagalanyň bardygynyň subutnamasydyr. Kur’anyň Allahyň kelamydygyna degişli ýüzlerçe delil bardyr we olar yslam kitap çeşmelerinde iň inçe taraplaryna çenli beýan edilendir. Biz meseläniň subutnamasyny şol eserlere goýmak bilen çäklenýäris. Hawa, bu delilleriň ählisi özlerine mahsus dil bilen “Allah bar” diýýärler.
17-Pygamberler delili
Pygamberleriň, aýratynam nebiler nebisi Iki Jahan Serweriniň (saw) pygamberdigini subut edýän ähli deliller ýene-de Allahy Tagalany tanadýan jedelsiz subutnamalardyr. Çünki, pygamberleriň iberilmeginiň maksady – Towhyd, ýagny, Allahyň bardygyny we ýeke-täkdigini yglan etmekdir. Şonuň üçin, her pygamberiň özüniň pygamberdigini subut edýän ähli delilleri, şol bir wagtda tutuşlygyna Hak Tagalanyň bardygyna-da delildir. Ýöne olaryň pygamberdigini subut edýän delilleriň zynjyry biziň temamyzyň daşynda galýany üçin, ýeke-ýeke üstünde durup geçip bilmeýäris. Emma gysgaça şuny aýdyp bileris: pygamberiň hakyky nebidigini beýan edýän ähli deliller, şol bir güýç, hatda ondanam güýçli kuwwat bilen “Allah bardyr we ýeke-täkdir” diýýär.
- -de döredildi.