Ruhuň, perişdäniň, Şeýtanyň we jynlaryň barlygy

Ruhuň, perişdäniň, Şeýtanyň we jynlaryň barlygy

1. Bu mahluklaryň bardygy Kur’any Kerimiň we Serwerimiziň aýdanlary bilen subut edilendir:

Kur’any Kerimiň Allahyň kelamydygyny subut edýän we Serwerimiziň (s.a.w.) pygamberdigini tassyklaýan ähli deliller şol bir wagtda ruhuň, jynyň, perişdeleriň we şeýtanyň bardygyna-da subutnamadyr. Olary inkär etmeýän bulary hem inkär edip bilmez. Çünki, bular hem Kur’any Kerimde, hem Pygamber Serwerimiziň mübärek sözlerinde dürli sebäpler bilen ele alynyp öwrenilipdir we bardyklary hut şolar tarapyndan tassyk edilipdir. Hawa, ruh, perişde we jyn meselesi şeýle berk we şek-şübhesiz deliller bilen bellenip geçilipdir.

Perişdeleriň, jynlaryň, Şeýtanyň bardygy bilen baglanyşykly başga hiçhili delil bolmaýanda-da Älemleriň Serweri (s.a.w.) we Kur’an delil hökmünde ýeterlikdir. Çünki, ondört asyrdan bäri ne Kur’anyň, ne-de Resulullahyň (s.a.w.) ýekeje sözüniňem ýalana çykarylmaýşy ýaly, garşylygy-da orta atylan däldir. Ylymda anyk we üýtgewsiz diýlip kabul edilen näçe kanun açylan bolsa, ählisiniň diýen ýaly Kur’anda bardygyny, ondört asyr mundan öň habar berilendigini görýäris. Diýmek, jynyň we perişdäniň bardygy, edil biziň bardygymyz ýaly anyk, Kur’anyň hem Serwerimiziň aýdanlarynyň şübhesizligi ýaly şübhesizdir. Muňa ynanman garşy gidýänler diňe ulumsylygy, men-menligi, kesirligi, öňünden ters pikirdedigi we Kur’ana, Yslama duşman bolanlary üçin bu gynandyryjy ýagdaýa düşýärler.

2. Olary görmeýändigimiz ýokduklaryna delil däldir:

Ynsanyň görüp bilýän zady umumy barlyk bilen deňeşdireniňde juda çäklidir. Şonuň üçin, görmeýän zadyňa ýok diýip bolmaýar. Ençeme zatlaryň bardygyny anyk bilsegem olary görüp bilmeýäris. Düýn bize näbelli zatlaryň köpüsi bu gün mälimdir. Ýöne bilýänlerimiz bilmeýän birgiden zatlarymyzy bilmegimize gapy açýandygy üçin, bilmeýänlerimize tarap öňe gitmelidiris. Temamyz bilen baglanşykly barlyklar üçinem edil şeýle pikirde bolmagymyz ýalňyş däldir.

3. Bu barlyklar biziň görüş, biliş we gözegçilik ediş çäklerimiziň daşyndadyr:

Ruh, perişde, jyn we şeýtan biziň çäklerimizde däldir. Biz özümizde bar bolan organlarymyz bilen diňe öz çägimizdäkileri görüp, duýup bilýäris. Ýöne ölçeg birliklerine çenli ýagdaýa görä üýtgäp durýar. Aralyk, agyrlyk we ýogynlygyň ölçeg birliklerine çenli dürli-dürlüdir. Oduň gyzgynlyk derejesini onuň içine eliňi sokman ýa-da ýörite guraly ulanman biljek bolýanyň ýagdaýy bilen fiziki gurluşy bolmadyk, maddy däl barlyklary maddy gurallar arkaly görüp öwrenjek bolýanyň haly birmeňzeşdir. Olaryň ikisem maksadyna ýetmek üçin ýalňyş ýoldan barýandyr.

4. Kiçijik älem bolan ynsandaky ruh giň älemdäki perişde ýalydyr:

Älemde häkim magna we ruhdur, madda däldir. Ilkiniji ýaradylanam madda däl-de antimaddadyr. Owal nur, ruh we madda üçin galyp bolup biljek zatlar bar edilipdir. Bu iň kiçisinden ulusyna çenli ähli barlyklar üçin şeýledir. Barlyk has soň belli bir wagtyň içinde şol galyplara görä şekil alýar.

Barlykda şeýle matematiki ölçeg, plan we programma hökmüni ýöredýär. Kanunlaryň we üýtgemän dowam edýän prinsipleriň aşagynda we şolaryň hökümi bilen ähli zat gözegçilikde we goragdadyr. Bularyň aňyrsynda bir topar görünmeýän güýçlerem duýular.

Meselem, eger diline düşünsedik we dilimize düşünsedi (belki, düşünýändir) bir şänige “Sen näme bolmak isleýärsiň?” diýip sorasak, “Agaç” diýip jogap berer we agajam bolar. Ne döwürleriň üýtgemegi, ne üstünden dürli döwürleriň geçmegi, ne bir ýerden başga ýere göçürilmegi ony sözünde ýalançy etmez. Çünki, onuň agaç bolmagy kanundyr. Emma biz bu şänigiň agaç bolmak kanunyny beýan edip bilýärismi? Ýok. Onda inkär edip bilerismi? Elbetde, ýok.

Göze görünmeýän bir näzik gurluşly ýel we apy-tupan agaçlary köki bilen soguryp, üçekleri uçuryp biljek derejede güýç-kuwwata eýedir. Biz her ýyl şeýle wakalaryň ençemesine şaýat bolsagam, ýeldäki güýji-kuwwaty görmeýändigimiz üçin inkär edip bilerismi?

Elektrik togy bir sistema birikdirilenden soň, düwmäni kim bassa bassyn, ullakan fabrigi, äpet stanoklary işledýär, emma onuň potensial güýjüni diňe bitiren işinden bilip bileris. Hakykatda welin, elektrik togunyň güýjüni häzire çenli gören ýokdur. Emma görmedigini inkär edýän akylsyzlardan başga bu güýji inkär edýänem tapylmaz.

Zerrelerden ýyldyzlara çenli barlykdaky her kim tarapyndan kabul edilen dartyş güýji hem muňa mysaldyr. Bu kanunyň arkasyndan älem-jahanda düzgün-nyzam bozulman dowam edýär. Bu güýjüň netijesi görnüp dursa-da, özüni görüp bilmeýändigimiz üçin inkär edip bilmeris.

Mysallary entegem köpeltmek mümkin. Ýöne barlyk we hadysalar bize şuny diýer:

“Dostum! Sen bize ilişip galdyň. Biz ýukajyk perde we buýrulanyny berjaý edýäris. Biziň üstümizde-de birgiden gözegçiler bar. Olara “Ruh” hem “Perişde” diýilýär. Siz öz älemiňize sallanyp duran şahalar hökmünde bizi görýärsiňiz, emma esasy güýç-kuwwat ruha we perişdä degişlidir. Olaram Haka tabyn. Hawa, unutmaň, kiçijik dünýe bolan adama ruh gözegçilik eder, ägirt bir ynsan bolan äleme-de perişdeler.”

5. Tutuş älem-jahan – dirilik we duýgy eýesi bolan barlyklar üçin taýýarlanandyr:

Dirilik madda däl, madda dirilige hyzmat edýändir. Toprakdan howa, Güne, ýele, älem-jahanda hökmüni ýöredýän ähli kanunlara çenli düzgün-nyzama boýun egdirilen näme bar bolsa, barjasyny ýeke-ýeke, isle-de umumylykda gözden geçireliň. Bularyň ählisi Ýer ýüzündäki janly-jandarlaryň, aýratynam diriligini duýýan barlyklaryň ýaşamagy üçin mümkinçilik döredýändir. Älemde ysryp ýokdur. Eger netijesi dirilik bolmasady, bularyň bary boş we ysryp bolardy. Çünki, ýaşaýyş bolmasa, hiç bir barlykda we olara mahsus aýratynlyklarda many galmaz. Dirilik bolup, duýgy-düşünje bolmasa, ähli zat görküni ýitirip, garaňkylyga bürenerdi. Diýmek, tutuş älem-jahan ýaşaýyş diriligi hem duýgy-düşünjesi bolan barlyklar üçin taýýarlanypdyr. Üstesine, bu dünýe şeýle kiçijikligi bilen birlikde duýguly we janly mahluklardan doludyr. Ýer togalagyndan birnäçe esse uly ýyldyzlaram, elbetde, öz şertlerine görä, duýgy-düşünjeli barlyklardan doly bolmalydyr. Şol barlyklaram perişdeler, jynlar we ruhlardyr.

6. Dirilik madda bilen bagly däldir:

Eger dirilik madda bilen bagly bolsady, bir pil ýa-da kerk peşeden has çalt, has ýyndam, has duýgur bolardy. Göwresine görä baksaň, ýiti duýgurlyk siňekde däl, dagda bolmalydyr. Ewerest ýaly daglar ýerinden gozganman durka, bir guşjagaz dünýäni, hamala, öz bagynda gezen ýaly gezip, seýran edip ýörmezdi. Diýmek, madda berk hem haýal, munuň tersine magna, ruh we dirilik işeňňir we işjeňdir. Dirilik özen we durk, madda bolsa daş, gabykdyr. Başga bir zat däl, madda diriligiň hyzmatkäridir. Diýmek, esasy zat görünýänler däl, tersine, görünmeýänlerdir.

7. Älemde bolup geçýän hadysalary hyýaly kanunlara berip bolmaz:

Bardygy ykrar edilen we ygtybarly hasaplanýan dartylmak kanuny äpet planetalary arkasyna almaz. Müňlerçe zatlarda möhrüni goýan beýniniň ýerine ýetirýän wezipelerini, onuň haýran galdyryjy işlerini ünsden düşürip, daşyndan görünýän himiki reaksiýalara has uly ähmiýet berilmez. Onuň ýaly bolsa, kanunlary elinde saklaýan perişdeleriň we beýnä buýruk berýän ruhuň bardygyny kabul etmäge mejburdyrys. Perişdeleri we ruhy beýlede goýup, bulary hyýaly kanunlara we owranyp, eräp gidýän madda bermek makul däldir.

8. Perişde, jyn we ruh meselesini düşündirýän birgiden hadysa bardyr:

Dünýe janly-jandarlardan doly. Olaryň her biri-de öz ýaşaýyş şertlerine laýyk çäklerde dolandyrylýar. Gury ýerde, suwda ýaşaýanlar – ähli jandarlar öz älemlerine laýyk organlara eýedir. Bu jandarlaryň özlerine berlen şertleriň daşyna çykyp, başga bir hallarda ýaşamagy mümkin däldir. Ynsan hernäçe ýokary derejeli şertlere eýe bolsa-da, iňňe ýaljak balygyň şertlerinde ýaşap bilmez. Emma belli bir şertleri döredip, olaryň durmuş älemine wagtlaýynça syn edip biler.

Daş-töweregimiz müňlerçe janly-jandar bilen gurşalan. Hemişelik buzlarda ýaşaýanlar, çölde ömrüni ötürýänler, kislorody howadan alýanlar, suwdan alýanlar, toprakda gögerýän ösümlikleri iýýänler, topragyň özüni iýip ýaşaýanlar, süýrenip hereket edýänler, asmanda ganat ýaýyp, perwaz edýänler, suwda ýüzýänler we ýene-de telim hilli şertlere uýgunlaşan jandarlar bar.

Hawa, şu kiçijik dünýäde beýleki ýyldyzlar sistemasy bilen deňeşdireniňde nokatça-da bolmajak Ýer şarynda müňlerçe dürli jandar we ýaşaýyş görnüşleri bardyr. Ýer ýüzünde janly-jandar şeýle köpkä, bu dünýäden has uly ýyldyzlaryň, Gün we planetalaryň şertlerine uýgunlaşan jandar-y jemendeleri ýokmudyr? Elbetde, anyk “ýok” diýsek ýalňyşarys. Çünki, entek adamzat olara mahsus şertlere girip öwrenmedi. Ummanlaradaky jandarlary görmeýänligiň sebäpli inkär etmek bilen, başga planetalarda bolup biljek ýaşaýşy inkär etmegiň arasynda tapawut ýokdur. Deňizde gark bolmaýan jandarlaryň bolşy ýaly, otda ýanmaýan jandarlaram bolup biler. Beýle jandarlar üçinem iň ajaýyp mekan dünýe däl, Gün we Güne meňzeş ýyldyzlar bolar. Hatda şu dünýäde-de ruhy güýç we ukyplarynyň arkasyndan otda ýanmaýan nijeme adam bardyr. Şonuň üçin, ýaşaýyş şertlerini diňe şu dünýämize görä deňeşdirip, beýleki ýyldyzlarda ýaşaýyş ýokdur diýip kabul etmek, asla dogry däldir.

Bir himik bilen söhbetdeş bolsaňyz, fizik, astrofizik, biolog, zoolog, geolog we arheolog bilen pikir alyşsaňyz we medisina ylymynda sowadyňyzy çuňlaşdyrsaňyz ynanmasy kyn älemler, ýaşaýyş şertleri we akylyňyzy haýran etjek täzelikleri eşidersiňiz. Bilmeýän, dagy bolmanda “aýne’l-ýakyn” derejesine-de ýetmedik bu meseleleriňizde olaryň size aýdylaryny kabul etmeseňizem, haýdan-haý inkär edip başlamazlyk iň makul ýoldur. Çünki, siziň gürrüňdeş bolanlaryňyz öz ugurlarynda çorba sowadan adamlardyr. Meseläni temamyz bilen baglanyşdyrsak, hut özi gören ýa-da görenlerden eşidip bize perişdeleri düşündiren, jynlaryň ýaşaýşy barada hekaýatlar gürrüň beren we ruhy mysallar üsti bilen beýan eden müňlerçe, ýüzmüňlerçe şol ugurda içgin gyzyklananlar bardyr. Olaryň gürrüň beren ýüzlerçe hadysasyny bilýäris. Şol gürrüňler şeýle bir köpdür welin, muňa subut edilen mesele hökmünde garamak bolar. Şeýle ýagdaýda bu temadan berilen gürrüňlere, düşündirişlere ynanmak ýa-da iň azyndan inkär etmezlik dogry bolmazmy?

9. Ýer ýüzünde ýaşaýyş bar. Beýleki ýyldyzlarda-da başgaça bir ýaşaýyşyň bolmagy hemişe mümkindir:

Meseläni deňeşdirme usuly bilen derňemäge çalyşalyň: Deňi-taýsyz we san-sajaksyz hazynalaryň, akylyňy haýran edýän sungat eserleriniň eýesi bir soltany göz öňüne getireliň. Bu soltan köşk ýaly jaýlardan bir şäher gurup, şol täsin şäheriň bir burçunda-da bir külbejik salypdyr. Şol kiçijik binajykda uly işleriň edilýändigini dürli-dürli ýaşaýyş şertleriniň bardygyny we herhili iýmitlerden doly gaplaryň iýilip boşap ýene-de doldurylyp durandygyny görýäris. Köşklerde welin, gymyldy-hereket görnenok. Indi biziň görmeýşimizi nähili düşündirip bolar? Gözýmiziň kýtekligi bilenmi? Köşkde oturanlaryň bizden gizlenýänindenmi? Ýa-da o ýerde hiç kimiň ýoklugyndanmy?

Şeýle ajaýyp şäherde müňlerçe köşkleriň boş ýatmagy, diňe şujagaz külbejigiň müňlerçe janly-jandarlardan doludygy akyla sygjak zat däldir. Onuň ýaly bolsa, ýa gözümiz şol köşkde ýaşaýanlary görerden ejizdir, ýa-da olar näbelli hikmetler sebäpli bizden gizlenendir.

Mysalymyzda Ýer ýüzi – kiçijik külbe, älem bolsa, köşklerden dörän ajaýyp şäher. Şu dünýe öýjagazymyzda şunça yşyk, reňk, owaz barka, akylyňy haýran edýän ýyldyzlar köşgüni neneň boş we jansyz kabul etjek? Ýok, olarda-da ýaşaýyş we duýgy-düşünjeli ýaşaýjylar bardyr. Biziň olary görmeýändigimiz ýokduklaryny subut etmeýär. Bu ýa gözümiziň kütekliginden ýa-da olaryň başga bir ölçegde ýaşaýandyklaryndandyr.

Esasan biz Ýer şaryna-da janly nazary bilen bakýarys. Hawa, ynsanyň jesedini ruhuň ýaşadyşy ýaly, dünýäni hem belli bir manyda perişdeler dolandyryp, ýaşadýandyr. Bu garaýyş ähli ýer-göge-de tutuşlygyna degişlidir.

10. Dünýä bagynyň bilbilleri ýaly, tutuş älemdäki gözellikleriňem öz saýrak bilbilleri bardyr:

Älemdäki gözellikleriňem waspyny edýän saýrak bilbilleri bardyr. Ol bilbiller dünýä bagynyň bilbilleri ýaly, asman gümmeziniň bagynda, ýyldyzlardan emele gelen güllerde şükür we hamd manysynda saýraýandyr. Olar käte käte maddy bir barlygy özlerine mesgen edinerler we Gudratyň jismlerde jilwelenişini – gözel görküniň görnüşini synlap serden geçerler. Käte-de ümmülmez galaktikanyň zikrlerini Hak Tagala ýetirerler. Olar ebedi gullukdadyrlar we diňe gulluk etmek bilen ýaşarlar. Olar ruhlardyr, perişdelerdir we şekilleri gulluklaryna görädir.

11. Perişdeleriň, jynlaryň we ruhlaryň bardygyny pygamberlerdir weliler habar beripdirler, pelsepeçiler we alymlar ony tassyklapdyrlar:

Ruh, perişde, jyn ýaly barlyklary bir kişiniň tassyklamagy tutuş ynsanyň tassyklamagy diýmekdir. Bu meselede jüz (az, bölek) küllüni (köpi, umumyny) görkezer. Hawa, bir ýa-da birnäçe adamda böwregiň bardygyny görenimizden soň, başgalarda görmesegem, her kimde böwregiň bardygyny bilýäris. Ýa-da bir haýwany görsek, Ýer ýüzünde şoňa meňzeş jandaryň bardygyna ynanýarys.

Perişde, ruh we jyn ýaly barlyklaryň müňlerçesi ýene müňlerçe adam tarapyndan beýan edilendir. Ömürboýy ýalan sözlemedik ýüz ýigrimi dört müň pygamber we millionlarça weli, şol derejelere ýeten kämil adamlar müňlerçe gezek perişdeleri we ruhy görüp, olar bilen gürleşipdirler. Olar özaralarynda bolup geçen gürrüňleri başgalaryna-da aýdyp beripdirler. Şol aýdylanlar ýazga geçirilip, şu günlerimize çenli gelip ýetipdir. Asla ýalan sözlemedik, ýalan sözi diline almaklary mümkinem bolmadyk ýüzmüňlerçe, hatda millionlarça adamyň dürli döwürlerde, dürli ýerlerde hersi aýry-aýrylykda şol bir zady tassykalasa, muňa şübhe edip bolarmy? Muňa şübhe edýäne nädip akyly ýerindäki ynsan diýjek?

Hemişe akyl, pikir bilen ýöremegi şygar edinen ýüzlerçe pelsepeçi we alymlaryň bilip ýa-da duýup bu meseläni kabul etmeklerem munuň hakykatlygyna güwä geçýär.

12. Adamzadyň zandyndaky haýyr we şer güýçlerine wekilçilik edýän iki polýus, iki tarap bardyr: Perişde hem şeýtan:

Älem-jahanda her bir zadyň gapma-garşylygy bilen özüni görkezip, şol gapma-garşylygy arkaly duýulýandygyny aýdyp geçipdik. Diýmek, älem-jahanda haýyr işleriň wekili we alkyşlaýjysy perişdeleriň garşysyna şer işlere serenjam berýän şeýtanlar bardyr. Aslynda olaryň bolmagy zerurlykdyr.

Allah (j.j.) gowyny, gözeli, haýry we salyh amallary söýýän Mutlak Kemalyň we Jemalyň eýesidir. Munuň tersine, Onuň şere, erbetlige söýgüsi, razyçylygy ýokdur. Ýogsa, olary ýaradan hem Allahyň özüdir. Ýamanlygyň gözbaşy, zandy, höweslendirijisi, bezegjisi, was-wasa salýan we öz islegi bilen ynsany azaşdyran, Allahyň (j.j.) şeri ýaratmagyna sebäp bolan, zakkum ruhly şeýtandyr. Şeýtan hiç zady ýaratmaz, ýaradybam bilmez. Haýram, şerem ýaradan Allahdyr (j.j.). Emma Allah (j.j.) şere we erbetlige razy bolmaýşy ýaly, gullaryna zulum edijem däldir. Ýagny, gulunyň elini-aýagyny daňyp, ony günä işe mejbur etmez. Allahyň (j.j.) selim we salim (sagdyn, kemsiz) fytrat bilen ýaradan ynsany şeýtanyň alyna aldanyp, öz erki bilen bu fytratyny bozýar we erbet işleri edýär. Emma ynsanyň eden şer işlerini ýaradanam Allahdyr (j.j.).

Ähli haýyr işler, ahlak gözellikleri we faziletler bilen belende göterlen ynsana “Perişde ýaly” diýilýär. Edil şonuň ýaly, alarman-ýolarmanlykda ýyrtyjy haýwanam utandyrýan, ahlaksyzlyk tapsa gözi açylýan haýyn, bet niýetli, zulum etmekden, ejizi ezmekden lezzet alýan, erbetlikde öňbaşçy adamlara “şeýtan ýaly” diýilýändir. Bu meňzetme nämäni görkezýär? Diňe aýdylaýan deňeşdirmemi? Adamlar özleri bilen haýwanlaryň arasynda birgiden meňzeşlikler görüpdirler we muny atalar sözünde, aýtgylarda giňden ulanypdyrlar. Söz Soltanynyň aýdyşy ýaly, asyrymyzda köp kişini tikinçiniň matany düz-çöwre tarapa öwürip görüşi mysaly öwrüp-çöwrüň, gözümiz nämeleri görer. Kur’anyň dört aýaklylardanam pese düşen, özünden göwnihoş adamlar barada-da söz açmagy derejesine görä her kişiniň maddy älemde ornunyň bardygyny görkezýär. Hawa, ynsanyň zandynda haýwana mahsus häsiýetleriňem asly bardyr. Ýa-da başgaça aýtsak, her bir haýwan görnüşi özüniň zandy we manysy bilen ynsanyň ösen ýa-da ösýän bir duýgusyny, ukybyny özünde göterýär. Arslan ynsanyň batyrgaýlygyny göterýär. Şonuň üçin, kä kişä “arslan ýaly” diýilýändir. Gurt, syrtlan we şolara meňzeş haýwanlar adamyň ýyrtyjylygyny özünde saklaýan mysalydyr. Beýle kişilere “Ýyrtyjy gurt ýaly” diýýäris. Sessiz, kiçigöwünlileri-de goýun-guza deňeýäris. Ýylan diýilse, şobada zäher we eýmendiriji keşp göz öňüne gelýär. Bilbiliň waspyny edeňde galam ejiz geler we adamzat äleminiň bilbili bolsa, Hezreti Muhammet Mustafadyr (s.a.w.).

Aty juda gowy göreris. Atyň ýurdy, mekany, öýi we dynç aljak ýeri ýokdur. Durmany, armany-ýadamany bilmez, tä barjak ýerine barýança, maksadyna ýüregi ýarylyp ölýänçä çapar. Ahyry “durdum” diýer, durar-da, şo taýda-da öler, edil ady näbelli gahrymanlar ýalydyr. Maddy uçara we raketa münmek hiçbir pygambere nesip etmändir, emma bedew atymyz byrag kimin ýel bolup, Ýaradanynyň adyny arkasynda göteren Pygamberi, sahabalary, soltanlary, serkerdeleri we goç ýigitleri arkalaryna mündürip, deňizleriň aňyrsyndaky ýurtlara çenli aşyrypdyrlar. Halidi (r.a.) Sa’dy (r.a.), Eýýuby (r.a.), Tarygy (r.a.), Ukbäni (r.a.) we ençeme Mehmetleri (r.a.) yzyna eýerdip, zemine we zamana sanjak dikip, taryha şöhrat getiripdir. Çapyksuwarynda ol ruh, bedewinde-de ol ruh bolan wagty iki beýiklik birleşip, özara baglanşyk döränden soň deňizler gury ýere, ýurtlar oba, şäherçä öwrülipdir.

At ruhy bilen birlikde gitdi. Indi ol sirklerde we aýlawlarda. Çapyksuwary nirede? Kimbilýär haýsy rowaýata siňdi. Dogrusy, olaryň alamatlary täzeden döreýär, biziň bar umydymyzam şolar.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr