Ruh geljegi görüp bilermi? Weliniň geljek bilen baglanyşykly habary. Ruh çagyrmak, hiss-i kable’l-wuku, telepatiya, medýumlyk we ýoga

1. Geljekde boljak zatlar Allahyň (j.j.) bildirmegi bilen aýdylypdyr:

Geljege degişli sapagy ähli zatdan öň ýene geljegiň özi berer. Wagt geljekde görkezjekleri we getirjekleri bilen iň ygtybarly we dürs habarçydyr. Bir adam başyndan geçjegi başyndan geçirmän başdan geçirmez. Şonuň üçin, ol başyndan geçmedik zada dolulygyna eýe bolup bilmez. Belki şondandyr, geçmişiň ygtybarly çeşmesi, materiallary köpdür, geljege degişlisi welin, ýokdur. Geljek hakynda anyklygy näbelli çen atyp, çak edip bileris. Ýöne, ylmy-ilahy nokadynda ýagdaý asla beýle däldir. Ilahy ylymda geçmiş, häzirki zaman we geljek diýen ýaly zatlar ýokdur. Bularyň ählisi iç-içine girip, bir nokat hökmünde galar. Şonuň üçin, çaklama bilen däl-de, anyk we çürt-kesik sözler bilen “Bolar, görersiňiz” diýilýär. Aýdylanlar hem aýdylyşy ýaly bolup geçýän bolsa, onda muny diňe Allahyň bildirmegi bilen düşündirip bileris.

2. Wagty we mekany aşmak kalbyň we ruhuň dirilik derejesine girmgi bilen mümkindir:

Wagty we mekany aşmak diňe wagta we mekana bagly bolmadyk ruh arkaly mümkindir. Çünki, ruh wagt we mekan äleminden däl-de, emrler we kanunlar äleminden bolany üçin, edil özüniň gidişi kimin, daş gabygynam, eşiginem köp ýerlere iberip, temessül etdirip biler. Wagtyň ýesirliginde, mekanyň tussaghanasyna we maddanyň batgasyna baglanman erkin, azat we şol bir wagtda dury we inçe barlyk bolany üçin, geljekde bolup geçjek hadysalaryň onuň ekranynda görnüşi hem başgaçadyr. Adam bedeniniň tussaglygyndan çykyp, kalbynyň we ruhunyň diriligine goşulyp, ruhuny ösdürsin we başga älemler bilen duşuşmaga azajyk gaýrat etsin.

3. Pygamberler we weliler ylmyny Allaha (j.j.) tabşyrmak bilen geljekden habar beripdirler

Weliler ylmyny Allaha (j.j.) tabşyrmak bilen geljekden habar beripdirler. Iň başda Ussatlar Ussady, Älemleriň buýsanjy Serwerimiziň (s.a.w.) şeýle habarlary köpdür. Hawa, ol kyýamata çenli boljak hadysalary hamala telewizoryň ekranynda görüp oturan ýaly ymmatyna ýeke-ýeke aýdypdyr. Hezreti Aly bilen hezreti Zübeýriň wakasy (Jemel söweşi), hezreti Osmanyň şehit edilmegi we hezreti Patmanyň dünýeden ötmegi Onuň habar beren hadysalaryndan diňe birnäçesidir.

Bu habarlaryň käbiri aç-açan we düşündirişe-de mätäç däldir. Bir böleginiň hakykatyna bolsa, diňe Kur’anyň düşünilmesi kyn mesleleri düşündirýän aýatlarynyň üsti bilen düşünip bolýar. Başga bir bölegine bolsa, hakykaty ähli delilleri bilen bilýän alymlar düşünip biler. Soňra welileriň bulardan çykaran netijeleri we şolara esaslanyp beren hökümleri we habarlary geler. Olar gönüden-göni Kur’ana we Aleýhissalatu wesselamyň sünnetine we sözlerine ýa-da pygamberlik nurunyň öwütleriniň täsiri bilen köňüllerine we ruhy dünýälerine gelen ylhamlara daýanýar. Bularyň her biri Serwerimiziň (s.a.w.) ledünni (ilahi syrlary bilmek) ylmyndan köňül gabynyň çägine görä doldurarlar we käbir hakykatlaryň gözegçileri bolarlar.

Weliler geljege degişli hakykatlary görenlerinde käte aralygy doly açyp bilmänsoňlar düşündirişi hem anyk bermezler. Käte bolsa, hadysalary simwollar şekilinde görerler. Allah (j.j.) özlerine beýle hadysalary düşündirmekden daş saklany üçin düşündirişlerinde we tefsirlerinde hata goýbererler. Olar tefsire degişli bir zatlar aýdarlar, emma Allahyň etjegi başgadyr. Düýş ýorulanda-da edil şunuň ýalydyr. Meselem, düýşüňizde bir alma görüp, “Allah (j.j.) bize lütuf etjek, maddy-magnawy ýagşylyk göreris” diýeris-de, oňatlyga ýorarys. Emma almanyň Mysal Äleminde manysy höwes we höwesiň güçlenmegi-de bolup biler. Başga bir düýşde bir öýe Jebraýylyň (a.s.) girmegi görüler. Muny güýç-kuwwata, berekete ýorarys. Emma ol Beýik Ruhuň o dünýä çagyrmagyny hem görkezip biler. Muňa mysallar köpdür.

Welileriňem ýagdaýy şeýledir. Geljege degişli alan simwollaryny düşündirerler, emma düşündirişleri dogry bolman biler. Meseläni bir tohum halynda görerler, düşündirişi agaç halyna görä ederler-de, ýalňyşarlar. Beýle ýalňyşmak pygamberlerden başga her kime mahsusdyr. Pygamberlerde-de şeýle ýalňyşmak boljak bolsa, ony Allah (j.j.) öňünden düzeder. Çünki, pygamberler ummatlary üçin hökman yzyna eýerilmeli öňbaşçylardyr. Eger hatalary şolbada düzeldimese, bu hatalar tutuş ummata ýaýrar.

Gözi yaradyp (görüşi çäklem bolsa) gezip syn etmegi üçin dünýäleri bar eden Allah (j.j.) elbetde, göze buýruk berýän ruha-da öz älemine mahsus syýahat etdirer we oňa maddadan aňyrdaky mysallary, simwollary, görnüşleri we geljege degişli sahypalary görkezer.

Muhiddin Araby Osmanly döwletiniň gurulmagyndan bir asyr öň ýaşandygyna garamazdan, Edirne kitaphanasyndaky Efrany tarapyndan terjime edilen “Şejeretü’n-Nu’maniýýe” atly eserinde Osmanlylar döwründe bolup geçjek köp hadysany bolşy ýaly habar beripdir. Osmanly döwletiniň gurluşyndan we Şamdyr Müsüriň boýun egdirlmdegine, Ýawuz Selimiň Şama girmegi, öz gabrynyň açylyp, orta çykaryljagyna çenli bir hadysanyň üsti bilen yşaratlar arkaly gürrüň berýär. Şeýle hem şol eserinde Hafyz Paşanyň dokuz aý gabawda saklasa-da Bagdady alyp bilmejekdigini we şäheri Dördünji Myradyň 40 günüň içinde boýun egdirjekdigini aýdýar. Soltan Abduleziziň janyna kast edilip öldüriljegini ol dünýä inmeginden bir asyr öň habar berýär. Muhiddin Araby bu eserinde Rus-Ýapon söweşi barada gürrüň edip, musulmanlaryň duşmanlary bilen söweşjekdigini we ýeňiljekdiklerini gürrüň berýär. Türkler hakynda-da: “Türkler üçin ýeňişler we sagadat (bagtyýarlyk) bar” diýýär.

Bitlisli Mustafa Müştak Dede öz diwanynda Ankaranyň paýtagt boljakdygyny ýetmiş ýyl öňünden habar beripdir. Şygyrynyň soňky küpletlerindäki goýan harplary Osmanlyjada (köne Osmanly dili) yzly-yzyna ýazylanda elif, nun, kaf, ry, he – Ankara bolýar. Ol bu hadysanyň söweşleriň netijesinde bolup geçjekdigini we Hajy Baýramdan söz açyp, Ankaranyň paýtagt boljakdygyny aç-açan beýan edýär.

Möwlana ýedi ýüz ýyl owal “Juda köp kiçijik jandarlar görýärin – agyzlary bar we iýýärler” diýip mikroplara, bakteriýalara yşarat edýär.

Welileriň şu we şulara meňzeş geljege degişli habarlaryny haýsy fiziki teorema, atom kanuny, haýsy göz ýa-da beýni bilen düşündirip bileris. Ýok! Beýle hadysalary geljege açylan ruhuň Allahyň (j.j.) inaýeti we rugsady bilen öňünden habar almagyndan başga hiç zat bilen düşündirmek mümkin däldir.

Telepatiýanyň bir ulgamy hökmünde geljekden habar bermek meselesi jadygöýlerde, mediumlarda (ruh bilen iş salyşýanlar) we pal atmak bilen meşgullanýan käbir adamlarda hem bolup biler. Bu temada dünýä metbugatynda ýazylan köp hadysa bardyr. Meselem, Amerikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri madam Gibson atly bir aýalyň dünýä hadysalaryna degişli köp zatlary öňünden habar berendigini aýtdylar. Bu aýal Kennediniň öldüriljegini, 1947-nji ýylda Hindistan bilen Päkistanyň hersiniň aýry döwlet boljagyny bu hadysalar bolup geçmezinden öň habar beripdir. Hatda Amerikada ýer yranjagyna çenli gürrüň edipdir. Ol aýal weli däl, ýöne Hakyň rugsadynyň derejesinde gaýyba bakýar. Käbir ruhlar bu hala girip bilýär. Olar trans halyna girip, özlerine mahsus zatlary edýärler we aýdýarlar. Olar isle jyn, isle şeýtan, isle pis ýa-da tämiz ruh bilen bolsun fiziki we madda aňyrsyndakylar bilen aragatnaşyga girýärler we habar alýarlar. Her bir hakykaty maddada gözleýän we hemişe “tebigat” diýip duranlar bu gün diýenleri bilen birlikde jaýryk atýarlar, maddalary bilen birlikde ýykylýarlar. Ruh bolsa, her bir ýerde barlygyny goraýar.

4. Hiss-i kable’l-wuku: Ýüze çykmazyndan öň bir hadysany duýmak; telepatiýa (telestezi):

Ýakyn ýa-da daş geljekde bolup biljek hadysalary öňünden duýmak häsiýeti az-u-köp her bir adamda bardyr. Birini ýatlap, akylyňyzdan geçirersiňiz. Birdenem siziň ýadyňyza düşen adam gapyňyzy kakyp durandyr. Ýene-de, akylyňyza bir zat geler, başga biri ony derrew etmäge durar. Araňyzda esli aralyk baram bolsa, nädip, haýsy telefon arkaly onuň bilen gatnaşyga girdiňiz? Ýokarda-da aýdyp geçişimiz ýaly, adamyň iç gepletmesini ruh nädip edýän bolsa, bu baglanşygy guranam ruhdan başga biri däldir. Muny madda bilen düşündirip bolmaz.

5. Hak tagala özüne ýakynlaşdyran bendesiniň gören gözi, eşiden gulagy, tutan eli bolar:

Indi Orsýet hem telepatiýa bilen meşgullanýar. Ilkinji bolup: “Magnany madda bilen öldürdim” diýip yglan edendigine garamazdan, bu gün Orsýet, belki, kapitalistik döwletleriňem öňüne geçip, telepatiýa arkaly habarlaşmak mümkinçiliklerini derňemäge başlady. 20-50 töweregi biofizik doktorlar topary bu ugurda birgiden tejribe geçiripdir. Bular 300 km. uzaklykda elektrik togy we yşykdan başga hiç zat bolmadyk bir otagdaky adam bilen habarlaşmak ýollaryny gözläpdirler. Daşary ýurt stansiýalary yzarlap bilmez ýaly, deňiziň aşagynda habarlaşmak we maddadan, bedenden aňrydaky güýçler bilen gatnaşyga girmek mümkinçiliklerini derňäpdirler. Bu tejribeleriň maksady 3000 km uzaklykdaky biri bilen gürleşip, 30-40 sahypalyk habar almak, ol ýerde biriniň ýazanlaryny medium arkaly okamak we tutulmak, yzarlanmak howpy bolmadyk, çykdaýjysyz içalylyk etmekdir.

Hawa, pozitiw esasly bu mesele iň materialist adamlaryň elinde şeýle gowy kabul edilip, ygtybarly hasaplanypdyr. Bir orsuň muňa ygtybarly garady-garamady ullakan tapawudy bolmasa-da, bu – Pygamberiň mugjyzasyny, weliniň keramatyny we ruhuň duýmak, syzmak ukybyny inkär edip bolmajagyny görkezýär. Diýmek, bu haýrangaldyryjy hakykatlardan biri häzirki döwürde gyzyklanma döredip, kabul edilýän bolsa, onda mugjyza arkaňy öwürmek mümkin däldir. Unwersitetde, wezipeli kürsüde, entelektual adamlaryň arasynda orny bolan biriniň weliniň keramatyny we hiss-i kable’l-wukuny gallýusinasiýa diýip ret etmeginiň indi ähmiýeti bolmaz. Asyrymyzda mehaniki fizikanyň diwarlary jaýryk atyp, fizikanyň öňki düşündirişleri ýykylýar.

Kim bilýär, belki, ýakyn geljekde fizikanyň we tebigatyň özlerinden aňyrdaky güýçleriň erkindedigini aç-açan göreris. Tegigat – magna we güýçleriň öňünde ýeňilip, bir oýunjak kimin ulanylar we madda öz galybyna salynyp, oňa özüniň ukybynda bolmadyk zatlar etdiriler. Hawa, madda ruh, perişde we onyň aňyrsyndaky güýçler häkimdir. Ruh asyl, madda bolsa oňa tabyndyr. Bu ýukajyk perde, maddanyň aňyrsy, mekana bagly bolmadyk ruh tarapyndan gözegçilik edilýändir. Ruh her bir zadyň asyl özüni, ýagny içden geçýänleri okaýandyr.

Bu gün tutuş dünýäde öwrenilýän telepatiýa, uzak aralykdan habarlaşmak we geljekden habar bermek ýaly hadysalar gadymdan bäri biziň çäklerimizde bilinýän zatlardy. Emma biz bulara “Weliniň keramaty, beýik ruhlaryň täsiri” diýenimizde ýygrylyp, çekinýärdik. “Bu weliniň adamyň içini okamagy, akylyndan geçenleri sözlemegidir” diýip gürrüň eden wagtymyz gülkünç hala düşäýmäýin diýip gorkýardyk. “Bu bir weliniň başga bir weliniň ruhy bilen baglanşyga girmegi, ruhlaryň özara aragatnaşyk açyp habarlaşmagydyr” diýen wagtymyz ýaňsa alynýardyk. Indi bolsa, ýagdaýlar üýtgedi – ynanmaýan adamlaram bu meseleler barada gürrüň edýärler, kitaplar, broşýuralar neşir etdirýärler. Hawa, tekkelerde we hüjrelerde ýaşap geçen welileriň welilik ýolundaky ilkinji mertebeleri gabyrlary duýup-düşündirmekleridir. Olar gabryň başyna geler, onda ýatan adamyň halyny aýdarlar ýa-da dünýäniň başga bir künjeginde bolup geçen hadysany, mysal üçin, bir gäminiň batýandygyny habar bererler. Welileriň aýdýanlarynyň telepatiýa bilen baglanşygy ýokdur. Mysal hökmünde çagakam şaýat bolan, belki, ýüz wakadan bir-iki sanysyny aýdyp bereýin: Bir gezek Muhammet Lutfi hezretleriniň ýanyna gitdim. Gözlerinde katarakt bolany üçin, görenokdy. Şol wagt ýanymda başga-da adam bardy. Tekgäniň öňüne bardyk we gapylardan biriniň içine seredmizde garpyzlary gördük. Şobada-da garpyz iýesimiz geldi. Ol weli ne biziň gelenimizi gördi, ne eşitdi. Turup gapyny açdy-da: “Geliň, geçiň. Men pylanyny çagyraýyn size garpyz kesip bersin” diýdi.

Maddy taýdan horlanýan günlerimiň birinde 3-4 sany dostum bilen ýene onuň ýanyna gitdik. Elbetde, ýagdaýymy aýdyp bilmedim. Ýanynda baý adamlardan birnäçe kişi bardy. Ol: “Häzir men şu talybymdan okan arapça kitaplaryndan käbir zatlar sorajak. Eger bilse, heriňiz oňa 10 lira berersiňiz” diýdi. Bu waka 1953-nji ýyl bolup geçdi. Şonda ol Molla Jamydan iň gowy bilýän ýerlerimi sorady. Pulsuzlykdan kösenýän wagtym, Jamydan iň özleşdirenlerimi soramagy meni anyk netijä getirdi – biz nädip kagyzyň ýüzündäki ýazgylary okaýan bolsak, welilerem göwnümizdäkini edil şonuň ýaly okap bilýär. Indi bulary madda bilen düşündirip bolarmy?

Käte injir getiriler. Ol ne injirleriň sanyny biýär, ne-de ýanynda oturanlaryň. “Her kime üç-üçden paýlaň” diýer. Paýlarsyň welin, her kime laýjak üçden ýeter. Eger dört edäýseň boljak däl. Ýene-de, “Şu ýerdäki käseleri getir, her kime bir käse çaý ber” diýer. Diýişi ýaly edersiň welin, her kime laýyjak bir käse ýetip durandyr.

Beýle hadysalar bir gezek bolsa, gabat gelendir diýersiň, emma bir mejlisde elli gezek bolup geçse oňa tewafuk – Hak tarapyndan laýyk getirilmek diýiler. Allaha ýakyn baran weliler mukaddes hadysda aýdylşy ýaly Hak tagalanyň gören gözi, eşiden gulagy, tutan eli bolar. Bu bir ilahy peşgeşe mynasyp bolmakdyr.

6. Mediumlyk we ýogaçylyk ruh bilen baglanşykly tejribelerdir:

Aýratynam Allaha ynanjy bolmadyk ýerlerde edilýän madda aňyrsy terjribeler, hasam mediumlyk, ýoga ýa-da ruhy çagyrmak şekilinde bolup geçýär. Ruhuň ýerinden göçmegi, trans halynda başga ruhlar bilen gatnaşyga girmek, geljege degişli habarlar bermek, barlyk we hadysalar bilen oýun etmek we aýtmaklaryna görä, ruh çagyrmak, közüň üstünde ýöremek, bedeninden çiş geçirmek, dili kesip, gaýtadan ýerine ýelmemek we alty aýlap iýmän-içmän ýaşamak ýaly tejribeler bu ugurdan köp eşdilen hadysalardandyr.

Ruh jisimden we madda dünýäsinden baglanşygyny kesen wagty güýç gazanar. Bu ugurda geçirilen tejribeler diňe mediumlara we ýogalara mahsus däl-de, gadymdan bäri hristian, ýahudy ruhanylarynda, hatda buddizm, brahmanizm we konfusianizm dinlerindäkilerde-de, dünýäniň köp ýerlerinde henizem bar bolan dürli mezheb we tarikat wekillerinde-de görülipdir. Şuňa meňzeş habarlary hemmämizem gazet-žurnallarda, okandyrys. Şeýle hadysalaryň yslam tasawwufynda-da bolup geçendigi bellidir. Meselem, Rufay tarikatynda bedene çiş sokulan wagty gan çykmazlygy we hiç hili ýara yzynyň galmazlygy, goşawuja, hatda agyza guýulan goruň ýakmazlygy ýaly tejribeleriň görülendigi faktdyr. Elbetde, oduň ýakýan, çişiň agyrdýan, gan akýan gezeklerem bolup biler.

Bularyň ählisi adamyň belli älemler bilen bütewleşmegine we şol ugurda kämilleşmegine baglydyr. Kişiniň ruh bilen gatnaşygyna, başgaça aýtsak, mukaddes we beýik güýç bilen baglanşyk gurup bilen derejesine görä maddasyna täsir edip biljek ölçeglerden ýokary çykar. Şol ölçeglerde ruh maddany öz täsirine we erkine alar we mundan soň ataş ýakmaz, çiş ganatmaz, agyry duýulmaz, alty aýlap aç gezse-de ajygýanyny bilmez. Çünki, onda mekana-da, wagta-da baglylyk ýokdur.

Ruh bedenden çykyp, trans halynda üç ölçegli mekana bagly bolmaýşy ýaly, dördünji-bäşinji ölçeglerem aşyp biler. Bu ýagdaýda wagt we mekan sili oňa täsirini ýetirmez. Döwrüň fizikaçysy meseläni beýan edende: “Men özümi seniň üç ölçegli mekanyň daşynda-da duýýaryn” diýer.

Köp ýaýran mysallardan käbirini ýatladaýyn:

“Mesaj de La’” ýygyndyda düşündirilişine görä, alty-ýedi adamdan ybarat ylmy toparyň ýanynda bir medium ellerini öňündäki stoluň üstünde goýanda garşydaky stol hereket etmäge başlaýar.

Bornowada çadyrda biri stoluň üstündäki bugdaý dänelerini ýokaryk galdyrmaga başlaýar. Onuň ýanyndakylardan käbiri okamaga başlanda “Bozuldy, araňyzda erbet niýetliler bar” diýýär.

Bir döwürler Ankarada lukmanlaryň ünsüni çeken Dr. Watson gipnoz edip adamlary ukladýar we olara islänini etdirýär.

“Ruh we Älem” atly kitabynda Bedri Ruhselman şeýle ýazýar: “Bir lukman şeýle wakany gürrüň berýär: “Aýalym agyr hassady. Onuň ýagdaýy has erbetleşende iki sany buluda meňzeş bir zat öýe girip, onuň başujuna geldi. Şol wagt aýalymyň ýene bir bedeni göründi. Ol beden aýalymyň göwresine baglydy we ondan gopjak bolup çyrpynýardy. Men bu görnüşi bäş sagatlap synladym. Ahyry bag üzüldi. Bir pursat ol lowuradap durdy, soň ýokary göterildi. Şol wagt aýalym gözlerini baky ýumupdy.”

Medine söweşine gatnaşan orduly Fenni Beý gürrüň berýär: Medinede gabawdadyk. Beşiktaşdaky öýüm bilen habarlaşmak mümkin däldi. Bir gije düýşümde öýümizde ataş hem tüsse gördüm. Ukudan tisginip oýandym. Mahal-mahal gaýyp älemi bilen habarlaşýan bir medium bardy – şony ýanyma çagyrdym. “Trans halyna gir. Beşiktaşdaky pylan öýe bar-da, gören-eşideniňi maňa habar ber” diýdim. Ol diýişim ýaly etdi, gözleri ýumuk “Häzir şu ýere geldim. Öýüň gapysyny kakýaryn. Içerden gujagy çagaly garry aýal çykdy” diýip gürrüň bermäge başlady. Ol garry aýalyň ejemdigine düşündim-de: “Ondan öýde näme üýtgeşiklik bar?” diýip sora diýdim. Medium düýn aýalymyň dünýeden gaýdandygyny aýtdy.

Ejem pahyr başga bir wakany şeýle gürrüň berdi: “Allah (j.j.) diýende, Muhammet (s.a.w.) diýende 24 sagatlap gözýaşyny saklap bilmeýän bir aýal agyr kesellände ol dünýeden ötünçä ýylboýy ýanynda boldum. Onuň ölmegine sähelçe wagt galanda “Suw taýýar ediň” diýdi. Biz aýdanyny etdik welin, taret kyldy. Onuň ärem öýdedi. Onuň jany sagdy. Aýal ýaşlygyndaky ýaly güldi-de: “Bu anna agşamsy ikimiziňem jesedimiz şu öýde galjak” diýdi. Soňra başyny ýassyga goýdy, gözlerini baky ýumdy. Şol wagt beýleki otagdanam agy sesleri eşdildi. Onuň adamsy dünýeden ötüpdi.

Ýogalaryň, ýagny bir bölek Hindi garyplarynyň görkezýän zatlary hakynda siziňem habaryňyz bardyr. Bu telewizorlardan gazet-žurnallara, kitapçalara, ondanam halk arasyndaky gürrüňlere çenli giňden ýaýrady. Hatda olar barada 8-10 ýaşlaryndaky çagalara çenli özara gürrüň edýärler. Men häzir diňe Germaniýanyň tele-kanaly ZDF-2-de görkezilen, soň, kitap görnüşinde satuwa çykarylan “Terra X” atly ylymy-populýar gepleşik barada gürrüň bermek isleýärin. Alypbaryjynyň “Iň ýokary derejede agyra çydamak, agyra döz gelmäge öwrenişmek” diýip başlaýan gepleşigi şeýle dowam edýär: Agyzdan çykyp duran dile uzyn çiş sokulýar. Ýiti gylyç dili kesýär. Şol wagt ne agyzdan ne-de dilden ganyň akmaýandygy görkezilýär. Dil bir müddet şeýle ýagdaýda galandan soň gaýtadan ýerine ýelmeşdirilýär we çiş ondan sogrulyp aýrylýar. Mundan soň, alypbaryjy: “Ylym entek muny düşündirip bilmeýär” diýip yglan edýär.

Musulmanlar bolsa, on dört asyrdan bäri şuňa meňzeş wakalara şaýat bolup, gatnaşyp gelýäris. Hezreti Muawwiziň (r.a.) Bedirde gopan goly, ol goluň Serwerimiz tarapyndan ýerine ýelmeşdirilmegi we onuň kesilen ýerinde yzyňam galmazlygy muňa mysaldyr. Uhud söweşinde Ebu Katadäniň (r.a.) çykan gözi ýene ol Nurly Eliň eýesi (s.a.w.) tarapyndan ýerinde goýulypdy. Elbetde, bular haýran galdyryjy hadysalaryň soňlarynda bolup geçen mugjyzalardy.

7. Ruh çagyrmak seanslary madda aňyrsyndaky bilinmeýän, görülmeýän güýçler bilen aragatnaşyga girmekdir:

Häzirki döwürde ruh çagyrmak seanslary uly çaltlyk bilen köpelmäge başlady. Hatda şeýle bir köpeldi welin, ýönekeý halkam ruh bilen meşgullanyp ugrady. Munuň netijesinde, materializm çökmäge we materialistler fizikanyň aňyrsynda fizika höküm edýän has başga kanunlaryň bardygyna ynanyp ugrady.

Intellektual derejede ruhy açlygyň we ybadatdan mahrumlygyň getiren magna teşneligini gandyrmaga çalyşýan, gurgun ýaşaýan, köpçülikde wagt geçirmek üçin poker oýnamagyň ýerini indi ruh çagyrmak seanslary alýar. Bu gün Ýewropada, Amerikada we hatda Orsýetde-de ýagdaý şeýledir. Bu adamlar näme isleýärler, näme bilen başagaý? Madda bilenmi? Ýok. Olar madda aňyrsy, bilinmeýän, görünmeýän güýçler we ruhy barlyklar bilen gatnaşyk gurmaga çalyşýarlar. Bu ýol bilen bu güne çenli düşünmeýän birgiden hadysalaryna düşüneris diýip umyt edýärler. Dynç almak, tolgundyryjy seanslar bilen wagt geçirmekden başga maddanyň we fizikanyň çözüp bilmeýän tebigatyň aňyrsyndaky birgiden problemanyň çözgüdini ýene-de tebigatdan aňyrdan tapyp bolar düşünjesi bilen, kejirligi goýup, ruh çagyrmak seanslaryny öýden laboratorialara we uniwersitet kürsülerine alyp barýarlar.Orsýetdäki telepatiýanyň üstünde geçirlen tejribeleriň yzy bilen Angliýada lukmanlar onkibarmak içegä ýara düşende dermanlary goýup, gipnoterapiýa usuly bilen ruhy mehanizmi herekete geçirmäge çalyşmaklary ähmiýetlidir .

Bir mü’min gürrüň berýär: “Ankarada bir adwakat dostum bilen Möwlananyň ruhuny çagyrdyk. Ýaşyl donly, mewlewi külahy bilen ýanymyza gelen şahsy ikimizem gördük. Emma ýüzüni açyk görkezmeýärdi. Megerem, gelen şeýtandy, şonuň üçinem ýüzüni gizleýän bolmaly.”

Bir psihiatr bu temada şaýat bolan hadysasyny şeýle beýan edýär: Samsunda bir öýe ruh çagyrmak (jyn ýa-da şeýtan çagyrmak) seansyna bardym.Bu işi edýän öý eýesiniň kiçi gyzydy. Bir stoluň üstünde bulgurlary we harplary goýdy. Gaýta-gaýta çagyrmalardan soň, biriniň gelenini bildik. Gelen öz adyny bulgurlaryň hereketi bilen ýazýardy: Belma! Nirelidigini sorasak Mersinlidigini aýtdy. “Bir musulman ýokmy? Gelsin, görşeli” diýdik. Gitdi-de başga birini çagyrdy. Bu gezek stoluň üstünde “Aýşe” diýlip ýazyldy. Ýaşyny sorasak, 7-8 ýaşlaryndadygyny aýtdy. Nireldigine dünýäniň bir şäheriniň adyny berdi. “Haýsy kitaby okadyň?” diýip soramyzda “Aýallara ýol görkezji” diýip jogap berdi.

Soňra ýanymyzdakylaryň biri atasynyn ruhuny çagyrdy, ýöne gelmedi. Gaýta-gaýta çagyrylandan soň “Geldim” diýdi. Adyny soradyk, aýtmady. Emma biz zol sorap duramyzsoň “Şeýtan” diýip jogap berdi. Hemmämiz doňup galdyk. Dogrusy, hezreti Adam atadan (a.s.) bäri adamzadyň iň uly duşmanynyň öňünde aljyradyk, näme etjegimizi bilmedik. Şonda akylyma gelen şu sorag boldy: “Biz seni çagyrmadyk, näme üçin geldiň?” Soňra aramyzda şeýle sorag-jogap alyşlyk bolup geçdi:

- Geläýdim.
- Allaha ynanýarmyň?
- Ýok.
- Pygambere ynanarmyň?
- Ynanamok.
- Saňa miwäniň altynjy meselesini okap bersem diňlärmiň?
- Hawa.

Okamaga başladym.

“Fabrika şeýle işlär, beýle işlär. Çyralary bardyr... Bu ol ýerde bir inženeriň bardygyny görkezer” diýip okanymda, ol “Hawa” diýip tassyklady. “Onuň ýaly bolsa bu tebigat dermanhanasyndaky ösümlikler, otlar, miweler Allahy (j.j.) görkezer” diýenimde: “Ýok” diýdi. Şeýdip, bir tassyklap, bir garşy bolup bize bir salym iş berdi. Soň “Saňa Jewşen okap bereýinmi?” diýdim. “Oka” diýdi. Men okap başladym welin, gyzyň barmaklarynyň arasyndaky bulgur pyr-pyr pyrlanmaga durdy. Men elimi aşagynda goýdum. Çünki bulgur ýere gaçjakdy. Ahyry şeýle ýazdy: “Goý, şu hümi-sýmiňi”. Men dowam etdirdim welin, ol çydap bilmedi – dymdy-da, ahyram çykyp gitdi.”

Maddanyň ruha boýundygyny yglan etmegimiz üçin bu mysallardan ýekejesem ýeterlikdir. Çünki jüz, bir kiçijik bölek bütiniň bardygyna delildir.

Häzire çenli garap geçenlerimiz ruhy ösdürmek arkaly geljekde ruh bilen gatnaşyk gurmak, keramat, hiss-i kable’l-wuku, telepatiýa, göwnüňe getirenleriňi okamak, mediumlyk we ýoga, ruhdyr jyny çagyrmak ýaly hadysalara her mü’min ruhunyň güýji we kuwwaty bilen Allahyň (j.j.) rugsat beren ölçeginde başaryp biler. Muňa käbiri üçin üç aýlyk zähmet bilenem ýeter. Emma mesele bulary başarmakda, howada uçmak ýa-da jynlar bilen oýun etmek däldir. Biziň üçin esasy zat Allahy (j.j.) we Onuň Resulyny (s.a.w.) tanamak we söýmekdir. Kur’an we ondaky gözellikler bize ýeterlikdir. Dine, imana hyzmat etmek, bu ýolda gitjek nesilleri ýetişdirmek we ruhymyzy ebedilik üçin taýýarlamak biziň öňde durýan maksadymyz bolmalydyr.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr