Perişdeleriň, jynlaryň we şeýtanlaryň aýratynlyklary
1. Perişdeleriň aýratynlygy:
Perişdeler (melekler) nurdan ýaradylandyr. “Melekiýet” sözi: wezipelilik, ilçilik, garamak, edilen işleri gollamak, oňa gözegçi, goraýjy bolmak we ýokardan, beýik ýerden aşak inmek ýaly manylary berýär. Mutlak manyda melek beýik älem bilen kiçi älemiň arasynda gatnaşyk gurýan, ilçilik edýän, habar getirýän, kalbmyzy gujaklap, äkidýän, ondan gelen habarlary alyp, hamala, sazlaşdyrýan mysaly, kabul edilip bilnijek hala getirýän juda mukaddes ilçileriň toparyna diýilýär. Ýüzleri beýleki äleme bakýan, has köp şol älemiň wezipesini berjaý edýän perişdeler Hak tagalanyň iki älemdäki tasarruflaryna gözegçilik edýär we olary gollaýar.
Perişdeler diňe Emrler äleminden bolman, nurdan özlerine mahsus jisimlerem bardyr. Olaryň jisimleri inçe we nuranadyr. Şol sebäpden görünmekleri we sözlerini beýan etmekleri diýseň çalt we kämildir.Ynsanyň görejinde ýerleşer we oňa gözel zatlary görkezer. Pygamberiň we weliniň kalbyna üýtgeşik manylar bilen girerler. Kalbda döreýän ylhamlar köplenç gönüden-göni Hak tagaladandyr... käte perişdeleriň üsti bilenem döräp biler.
Perişdeler “Allahyň buýran zatlaryna garşy gitmezler we nähili emr alsalar şony berjaý ederler (Tahrim, 66/6). Bu meleklere mahsus häsiýetdir. Ynsan welin, perişde ýaly bolmaz, hemişe iner-çykar we egri-bugry ýollar salar. Ynsan melekdenem ýokary derejä göterlip biljekdigi ýaly, akylsyz, aň-düşünjesiz haýwandanam pese gaçyp biler. Melekleriň derejesi, makamy bolsa üýtgemez. Nurdan ýaradylandyklary üçin ynsana we jynlara mahsus garşy gitmek häsiýeti olarda asla ýokdur. Meleklerde erkek-aýal diýilen zadam bolmaýar. Gahar, kine, gabanjaňlyk, bahyllyk ýaly ýaramaz duýgularam, adamlara we jynlara mahsus bolan nogsanlardanam azat we sapdyrlar.
Melekler ajykmaz, suwsamaz we ýadawlyk diýlen zady bilmez. Sogap gazanmak ýaly ýagdaýlary bolmasa-da, Allahyň (j.j.) islän her emrini ýerine ýetirenlerinde hoş bolup, lezzet alarlar. Olarda ýokary mertebelere galmak diýen zat ýokdur. Emma Allaha eden ybadatlaryndan derejelerine görä lezzet alarlar. Nurdan bolanlary üçin iýmit hökmünde nur ýeterlikdir. Adamlaryň suwdan, howadan, yşykdan we dürli azyklardan iýip lezzet alyşlary ýaly, perişdelerem zikir, tesbih, hamd, ybadat we Allahy tagala degişli magrifet we muhabbet nurlary bilen iýmitlenerler we hoşal bolarlar. Hatda müşki yslaram olaryň iýmitidir.
Perişdeler Hak tagala ybadat etmekde ynsandan ileri, at we sypatlaryny bilmekde-de öňdedirler. Ýöne Allahy tagala özüniň adyna we sypatlaryna aýna bolmak jähtinden duýgulary, kalp dünýäsi we oýlanyp ýaşamak häsiýetleri bilen ynsany perişdelerden has ileri ýaradypdyr.
Biz käbir melekleri ady we edýän işlerine görä tanaýarys. Çünki, olar hakynda Kur’any Kerimde hem-de Iki Jahan Serweriniň mübärek sözlerinde dürli sebäpler bilen aýdylyp geçilýär. Käbir perişdeleri bolsa, diňe ýerine ýetirýän işleriniň görnüşi jähtinden we hemmesine birden berlen ada görä bilýäris. Ýöne bu meselede hiç bir aýdylan zat bolmansoň, bizem olaryň anyk atlary we sanlary hakynda maglumatymyz ýokdur.
Dört sany uly perişde – Jebraýyly (a.s.), Mikaýily (a.s.), Israfili (a.s.) we Ezraýyly (a.s.) tanamagymyza garamazdan, Arşy göterýän sekiz melegi, Mele-i Aglany, Nediýý-i Aglany we Refik-i Aglany bilmeýäris we tanamaýarys.
Dört perişdeden başga-da şu perişdeleri bilýaris: Kerubiýýin melekleri, Muheýýemun melekleri, Jennete seredýän Rydwany we jähennemiň garawuly Mälik atly melek we beýlekiler.
Şeýle hem enäniň garnyndaky çaganyň ýagdaýyna gözegçilik edýän perişdeler bilen her ynsanyň sözüni we hereketini belleýän “Kyramen Katibin” perişdeleri hem bilýänlerimiziň arasyndadyr. Başga bir tarapdan, hadyslarda beýan edilişi ýaly, her mü’mini goraýan 360 perişdesi bardyr. Bular aýratynam, çagalary we garrylary gorarlar. Ynsana haýry görkezýän, mü’min üçin doga we istigfar edýän, käfirleriň bolsa, ýüregine gorky salýan we olary endişelendirýän melekleriň bolşy ýaly, ybadat, zikir we ylym mejlislerine seredýän, ikindi we ertir namazlarynda işlerini çalyşýan, juma günleri getirilen salawatlary synlaýan, Kur’an diňleýän we beýle ýerlere asudalyk inderýän perişdelerem bardyr.
Şeýle hem namaz okaýan, saplarda sap baglaýan, teşehhüddäki şahadata şäriklik edýän we musulmanlara dosty-ýaran bolýan meleklerem bar.
Ölüm wagtynda we ölümden soň gelýän we gabyrda sorag soraýan Münkir we Nekir atly meleklerem ýadymyzda.
Pygamber Serwerimiziň (s.a.w.) Miraj eden wagtynda ýaradylan gününden bäri Allahyň azamatynyň öňünde kimi rükuda, kimi sejdede we kimini kyýamda gören melekleri hem bardyr.
Ýene-de zerreleriň hereketinden ýagyş-ýagmyryň katra halynda asmandan inişine, meteoritleriň süýnüşinden dünýänyň, ýyldyzlaryň, sistemalaryň, galaktikalaryň hereketine we agaçlardan güllere çenli ýaradylanlaryň işine gözegçilik edýän we olara ýaradam goluny uzadýan, belki, dünýäniň zerreleriniň sanyça perişdeler bardyr.
Her bir janly her pursat ölümi dadyp durandyr (Ali Imran, 3/185). Her bir zat pany; baky bolan diňe Ol (Rahman, 55/26-27). Bu her bir ýaradylana degişli bolan emrdir we meleklerem bu emriň daşynda däldir. Hatda iň soňunda Ezraýyla (a.s.) “Öz janyňy al” diýiler. Şeýle hem, ömürleri baky bolan meleklerem bolup biler, ýöne biz olary bilmeýäris.
Perişdeler, aýratynam rahmet melekleri heýkel, surat, köpek we jaň bolan öýe girmezler. Haýyz we jünüp (aýbaşyly we ini hapa) bolanlar bilenem ýakyn gatnaşyk açmazlar. Sogan, sarymsak ýaly ýakymsyz ysly zatlary iýip mü’minleri birahat edenleriňem ýanyna barmazlar.Çilim we şoňa meňzeş ýakymsyz ysly we adamlaryň halamaýan zadyny edýänlerem şol topara girýändir. Bularyň erbet ysyndan perişdeler gaçarlar. Melekleriň ene-atasy, garyndaşlary bilen aladalanmaýan, gatnaşygyny kesenleriňem ýanyna gelmejegi gürrüň berilýär. Eger perişdeleriň ýanymyzda bolmagyny isleýän bolsak, ähli zatdan öňürti olaryň halaýan ýagdaýyny döretmelidigimizi unutmalyň.
2. Perişde haçan goraýar we äşgär görünýär?
Alla (j.j.) ynsany gönüden-göni goraýşy ýaly, perişdeleriň üsti bilenem goraýar, ýöne munuň üçin adamyň irade we kalby bilen gatnaşykda bolmagy, päkliginiň muňa laýyk gelip, perişde bilen aragatnaşyga girmegi; Allah bilen baglylygynyň dowam etmegi we magnewi bütewileşmegi hökmandyr. Melekleriň dünýäsine gatnaşyk guran adam bilen melekler hem aragatnaşyk açarlar. Muňa Bedirde, Haýberde äşgär görnüp, şehit bolan sahabalaryň gusulyna, jynaza namazyna gatnaşmaklary anyk mysaldyr. Perişdeleriň goramagyny çagalarda, bäbeklerde we garrylarda görüp bileris. Çünki Allahyň (j.j.) olara aýratyn merhemeti bardyr. Melekleriň ýardam etmek üçin äşgär görünmegi ynsanyň Hakyň gapysyndan aýrylmazlygyna, gözlerinden ýaş döküp, jiger paralap ýalbarmagyna we ruhuň halyny üýtgedip, Onuň bilen baglanmagyna, melekler älemi bilen aragatnaşyk açyp bilmegine baglydyr. Diliňden çykýanyny ýüregiň duýman edilen doga-duleg arkaly muňa ýetip bolmaýar. Dert-azar çekmän, galyba giren sözleri dil ujundan aýdyp, edilen ybadat bilen beýle gatnaşyk açylmaýar. Ahy-pygan çekmeýän kişiniň dadyna perişdäniň eli uzamaz.
3. Perişdelere ynanmagyň peýdalary
Allaha (j.j.), ölmek-dirilmege ynanyşyň ýaly, perişdelere ynanmagyňam adama juda peýdaly täsiri bardyr. Bu ynanç adama köňül rahatlygyny berer we onuň gorkusyny dostluga öwrer. Perişde ynsan bilen ygtybarly, wepadar, berk dost bolar. Ylham ynsanyň kalbynda onuň bilen joşar, magnadan doly nur sütüni dörär. Adamyň içi köňül rahatlygyndan dolar we bu nurly barlyk bilen onuňam durmuşy nurlanar. Şeýle hem hemişe perişdeleriň gözegçiligindedigini duýan ynsan günälerden daş durar we beşer höweslerini jylawlamagy netijesinde, durmuşynyň düzgün-tertipli bolmagyny aňsatlaşdyrar.
Resuly Kerim Serwerimiz (s.a.w.) perişdeleriň iň ýokary derejelisinden, iň faziletlilerindenem faziletlidir. Pygamberlere wahyý getiren melegem adaty meleklerden faziletlidir. Adamlaryň arasynda-da Bedir we Uhud ýaly söweşlere gatnaşanlaryň gatnaşmadyklardan ýokary, faziletli bolşy ýaly, meleklerdenem şol uruşlara goşulanlary goşulmadyklaryndan belent derejededir.
Pygamber Serwerimiz (s.a.w.): “Gökde meniň iki wezirim bardyr – Jebraýyl bilen Mikaýyl. Ýerdäki iki wezirim bolsa Ebu Bekir bilen Omardyr” diýer eken.
4. Jynlar tüssesiz we közsüz ataşdan ýaradylandyr:
Jynlar arassa, ýagny, tüssesiz we közsüz ataşdan ýaradylandyr (Rahman, 55/15). Kur’anyň başga bir ýerinde “(Bedeniniň öýjüklerinde) görünýän gowuryjy ataş” diýilip geçilýär (Hijr, 15/27). Emma bu maglumatlara garamzdan, olaryň asly we durky bize doly äşgär däldir. Teleskopdyr mikroskoplar bize entek beýle älem we bu älemiň asly barada hiç zat habar bermeýär. Jyn – örtülen, perdeli diýmekdir. Asyl durky barasynda “Ataşdan bir şöhle, lowurdap ýanyp duran, töwerege uçgunlar syçradýan bir ot... köz ýa-da kömür mysaly” diýen beýanlar olara düşünmäge ýeterlikmikä, bilmeýärin? Ynsanyň morfologiki durky, proteýin suwuklygy halynda nädip Ýer ýüzünden alynan bolsa, jynlaram ataşdan alynandyklary üçin oduň aýratynlyklaryny özünde saklaýar. Bu ataş bilen howanyň ýa-da howa bilen ataşyň birleşmesinden emele gelen alaw pisint bir maddamy, ýa-da radiasion şöhlemi, parçamy, ýa-da Gün şöhlesimi – bilmeýäris. Belki-de, bularyň ählisiniň garyndysyndan emele gelen, bize nätanyş bir madda bolup biler. Belki-de, atomyň parçalary, tolkunlary ýa-da atomdan daşgary älemden emele gelen ion garyndysy, efirden emele gelen beden ýa-da antimaddadyr. Tolkunyň sekuntda 300.000 km.-den ýokary bolmagy olaryň görünmegine, gurallar arkaly yzarlanmagyna mümkinçilik bermeýändigi üçin, olary hiç kim görüp bilmeýär. Görünýän maddy barlyklary ýüze çykarýan esasy struktura “kwant” diýilýän energiýa zerreleridir. Ýöne olar 5000 santigral derejede çözülýär we özbaşdak atomlara öwrülýär. Älem-jahanda millionlarça santigral derejede asman jisimleri bardyr. Diýmek, o taýlarda-da güýçli gyzgynlyga çydamly barlyklar bolup, olar aň-düşünjäniňem, erkiňem eýesidir.
Hawa, jynlar, belki, efir barlyklardyr. Efir diýlen madda hakynda alymlaryň dürli garaýyşlarynyň bardygyny, hatda olaryň barlygynyň-ýoklugynyň-da jedellidigini bilýäris. Bu meselede aýatlarda anyk bir zat aýdylmaýar. Bir hadysy şerifde “Allahyň arşy ilki başda amanyň (dumanyň) üstündedi”, başga birinde bolsa, “suwuň üstündedi” diýilýär. Mundaky “ama”, ýagny “duman” sözüniň aňyrsynda başga bir many hem bolup biler. Ýagny, atomlaryň, molekulalaryň emele gelmeginden owal ilahy işleriň hökmi ama, duman – efir ýaly bir maddanyň üstünde-de ýöredilen bolup biler. Yman, itigady mesele bolmany üçin çintgelemek, bar-ýok, eýle-beýle diýip jedelleşmegiňem manysy ýokdur. Onuň barlygynyň doly subut edilmeýşi ýaly, ýokdugy hem anyk däldir. Bar bolmagy mümkin. Iň kiçijik maddadan aňyrda, ýagtylygy geçirýän, duýulmajak derejede inçe bir zat bolup biler. Kim bilýär, belki, maddanyň gutarýan ýerinde efir başlaýandyr.
Hawa, jynlar, belki-de, ähli barlyklary bize görkezýän ýagtylyk tolkunlarynyň içinde görünmeýän bir barlykdyr. Söz bilen, ylmy çaklamalar arkaly bir zatlar aýdyljak bolunsa-da, gurluşlarynyň nähilidigi we ýaradylyş maddalarynyň durkunyň nämeden ybaratdygy anyk belli däldir. Çünki, Kur’anda geçýän “marij” (tüssesiz ot) we “nar” bilen “nar-y semumyň” (otly epgek) nähili manylary öz içine alýandygyny bilmeýäris. Bakyň, asly toprak bolan ynsan netijede nähili şekile girýär. Jynlaryň ýaradylan ataşynyňam nähili zatdygyny kim bilýär?
5. Jynlaram edil adamlar ýaly imana we ybadat etmäge borçludyr.
Maddy äleme degişli inçe barlyklar bolan jynlaryň aň-düşünjeli ruhlary bardyr. Maddy gurluşlaryndaky tapawutlylyk sebäpli olar ynsanadyr perişdelerden, aň-düşünjeli bolanlary üçinem ösümlikdir haýwanatdan parhlydyr. Edil ynsan ýaly, ybadat etmäge borçly edilendikleri üçin olar mü’minem, käfirem bolup bilerler. Musulmanlaryň ýeňşi ýa-da ýeňilmegi jynlar älemine-de şonuň ýaly täsir edýär. Ýagny, musulmanlaryň ýeňşi musulman jynlara-da ýeňiş gazandyrýar. Eger musulmanlar ýeňilse, musulman jynlaram ýeňilýär. Aýal-erkek tapawutlary bolany üçin, öýlenýärler, köpelýärler. Ömürleri hakynda müň ýyla çenli ýaş görkezilýär (ser. Ymam Şibli).
6. Melekleriň we jynlaryň hereketleri wagta we mekana bagly däldir:
Biziň ýaşaýan älemimiz şertli baglylyk älemidir. Gudrat, güýç, dürli dillerde gürleşmek, agram, wagt, tizlilik ýaly, birnäçe zatlar şertlidir. Meselem, bir meňzeş ululykdaky ýumurtga, daş ýa-da agaç bölegi agramy taýyndan dürlidir. Edil şonuň ýaly, her jisimiň özüne mahsus aşak gaçmak, hereket etmek tizligi bardyr. Meselem, sesiň öz tizligi bolýar. Ýagtylyk bolsa, “Men çaltlykda maddanyň arasynda iň ýyndamydyryn” diýýär. Madda dartyş güýji bilen ýere düşýäni üçin, aşakladygyça tizligi artýar. Tizlik ýokary galyp belli bir derejä barandan soň wagt haýallamaga başlaýar. Ýagtylygyň tizligine ýeten madda maddylygyny ýitirip, maddadan aňyrdaky bir hala girýär.
Maddanyň ýagdaýy şeýle bolansoň, maddadan has aňyrdaky, hatda ýagtylyk tizligindenem ýokarda bolan ruhy, periişdeleri we jynlary görüp bilmezligimiz adaty tebigy ýagdaýdyr. Eýnşteýn we Lorens maddalaryň tizliginiň çägini fizikanyň kanunyna laýyklykda sekuntda 300 müň km. diýip kesgitläpdirler. Materialistler şu kanuna görä “Älem-jahan çäkli. Şonuň üçin bu älemiň çäginden aňyrda-da madda bar” diýen netijä gelmek islemeseler-de, ylmy barlaglar madda mahsus bu çägi geçip boljakdygyny görkezýär. Alymlar maddalar düşünjesiniň daşynda barlyklaryň bolup biljekdigini matematiki hasaplamalaryň üsti bilen subut etdiler. Şekil çägi geçilenden soň, madda diýlen zat galmaz. Tizlik pese gaçdygyça-da maddalaşmak, toplumlar we görünmek emele geler.
Maddany öwrenmek üçin edilen bu derňewleriň netijesinde perişdeleriň, ruhlaryň we jynlaryň şekildir aralyk diýlen düşünjelere sygmaýandygy has äşgär bolýar.
7. Perişdeler we jynlar ynsan bilen deňeşdireniňde has uly, has agyr işler edip bilýär:
Ähli zatdan owal hiç bir işiň Allahyň gudraty üçin kyn däldigi mälimdir. Almanyň ýekejesinem, müňüsinem, giden bag-bakjanam, tutuş dünýänem, atomam, galaktikanam, balygam, deňzem şol bir aňsatlyk bilen ýaradan Allah (j.j.) ynsana-da, melege-de, jyna-da islän derejesinde güýç-gudrat berip biler. Esasan, ynsanyň bitirýän işi perişdeleriň we jynlaryňkydan pes däldir. Dünýäniň we älemleriň hereketine gözegçilik edýän melek bolsa, dünýäni öwrüp-dolaýan, madda şekil berýän we medeniýetler gurup, tehnologiýalar döredýän ynsandyr. Eger ynsanyň elinde bäş barmagyň ýerine bir barmagy, gollarynyň ýerine guşuň ganaty, aýaklarynyň ýerine piliň aýaklary bolan bolsa, şu edýän işlerini edip bilerdimikä? Onda bu edilen işleri el, aýak, barmaklar etdi dýmek dogry bolarmy? Göze görünmeýän perişdeleriň we jynlaryň edýän haýran galdyryjy işlerine ýa-da beýnidäki görünmeýän elektrik akymlarynyň täsirlerine näme diýjek? Elimiz-golumyz, barmak bogunlarymyz bir zady göterende, agramy näme bilen galdyrýar? Bulary hiç hili güýç-kuwwaty bolmadyk süňkleriň içindäki ýülükler ýa-da beýniden gelýän signallar edýärmi?
Howa akymlary, ýel göze görünmese-de, agaçlary ýykýar, öýüň üçegini göterýär. Ösümlikleriň ýüpek ýaly inçejik damarlary daşlary ýaryp, gaýalaryň ýüzünde ne ajaýyp nagyşlar çekýär. Alymlaryň mydama gözleýän energiýa çeşmeleri bardyr. Atom stansiýalary bentleriň çägindenem aşyp, öndürýän elektrik energiýasy bilen maddany herekete girizýär. Täzelikde üsti açylan lazer şöhleleri we entek açylmagyna garaşylýan köp açyşlar ýylsaýyn maddany öwrüp-çöwürýär. Diýmek, görünmeýän güýçler maddanyň üstünde deňeşdirip bolmajak derejede häkimdir.
Energiýa we şöhleler madda şeýle täsir edýärkä, olaryň aňyrsynda görünmeýän barlyklar hökmünde perişdelerdir jynlaram Allahyň (j.j.) özlerine beren buýrujy gurallary bilen maddany herekete girizip, bizi haýran galdyryjy işleri edip bilerler. Ynsan bilen ruham özara gatnaşyga giren mahaly diýseň haýran galdyryjy işleri başarar. Mediumlaryň hiç bir enjamsyz, guralsyz maddany hereketlendirip, ataş bilen oýunlar guruşlary muňa bir mysaldyr.
8. Perişdeleriň we jynlaryň sany näçe?
Melekleriň we jynlaryň sanyny diňe Allah (j.j.) biler. Bir damja suwda millionlarça janly-jandary bar eden, 1ml3 ganda 4-5 million eritrositleri ýaşadan, birnäçe damja tohumda adam bolup biljek millionlarça spermany jemlän, deňizde balyklara, topragyň astynda ençeme janly-jandarlara dirilik beren Allah (j.j.) islese, ýagyş damjalarynyň ululygynda perişde ýaradyp biler. Çünki, Gudraty Güýçli üçin az-y-köp birdir.
9. Perişdeleriň we jynlaryň şekile we durka girip, göze görünmegi:
Öňem belläp geçişimiz ýaly, suwuň bugarmagy, gaty jisimleriň gaz, suwuklyk we bug halyna geçmegi, atomyň pytrap energiýa tolkunlary we kwant halyna gelmegi, ýyldyzlaryň gara deşikler halynda ýüze çykmagy kimin durmuşymyzda, jümle-jahanda görünýän älemden görünmeýäne tarap hereket, akym bardyr. Bu ilahy işi tersine düşündirsek, görünmeýänden görünýäne we bilinmeýänden madda halynda belli bolýan hala gelmäge tarap akymyň bardygyny duýmak bolýar. Gazlar suwuklyk halyndan, kristallaşýar jisime öwrülýär. Bug halyndaky suw zerreleri “Bize ýokdur öýtmäň, görünmesegem ýitip gitmedik” diýýän ýaly, damjalar halynda ýagyp, başymyzy ezýär. Asmanyň ekin meýdanyndaky pagta üýşmekleri Ýer ýüzüni gar bolup örtýär. Hatda bug halyndan çykan suw hasam gowy görneýin diýýän kimin buza öwrülýär, doly bolyp ýagýar. Beýnimizde etsem diýýän ençeme zatlarymyz daşyndan görünmez, emma daşky älemde bir edilen iş hökmünde görüner.
Görünmeýän barlyk bolan perişdelerem, jynlaram, ruhlaram özlerine mahsus gurluşlary bilen bize görünmeseler-de, bu äleme degişli gurallary ulanyp, egin-eşige girip, görnüp bilerler. Perişdeleriň we jynlaryň şeýle şekilde görünmeklerine “temessül” diýýäris. Kur’an temessüli düşündirende: (Merýem, 19/17) “(Perişde Merýem enemize) “dolulygyna ynsan keşbinde temessül etdi” diýýär. Serwerimize (s.a.w.) wahý getiren perişde käte öz asyl keşbinde, käte söweşjeň esger, käte başga sypatlarda gelýärdi. Beni Kureýzanyň üstüne ýöriş ediljek bolunanda Jebraýyl (a.s.) üsti-başy tozan, bir urşujy suratynda gelip: “Eý, Resulullah, siz sowutlaryňyzy aýyrdyňyz, biz – perişdeler aýyrmadyk” diýipdi. Ýene-de şol perişde kä wagt Dyhýäniň (r.a.) sypatynda gelýär, käte bolsa, dini taglym etmek maksady bilen ýolagça meňzemeýän, ýönekeý myhman görnüşinde gelýär we: “Iman, Ihsan, Islam nämedir?” diýip sowal berýär, alan jogaplaryny “Dogry” diýip, tassyklap gidýär.
Jynlardyr şeýtanlaram perişdeler ýaly temessül edip bilýär. Hüseýn Jisrä görä, olar Allah (j.j.) tarapyn özlerine berlen ýaradylyşa laýyklykda howadan, efirden ýa-da şoňa meňzeş maddadan isledikleriçe alyp, şekile salýarlar we şol keşbem eşik ýaly geýip, adamlara görünýärler. Ymam Şibli Ebu Ýa’lanyň sözlerine esaslanyp, jynlaryň we şeýtanlaryň öz erkine keşplerini üýtgedip bilmeýandiklerini, emma Allahyň (j.j.) öwreden söz we atlarynyň birini aýdanlarynda olary bir sypatdan başga sypata salýandygyny düşündirýär. Bu edil bir älemden başga äleme geçiljek bolunanda serhetde aýdylmaly şertli söz, görkezilmeli wiza, ýa-da esgeriň göýbermek üçin talap edýän paroly ýaly bir zatdygyny aýdýar. Jynlar we şeýtanlar öz ukybyna, erkine daýanyp, bu tedbil-i kyýafeti (transformasiýany) edip bilmezler, etjek bolsalar-da bedenleri dargap gider we ölerler.
Jynlardan bolan şeýtanam adam sypatyna girip biler. Onuň Bedir söweşiniň öň ýany nejidli bir goja sypatynda kureýşlileriň ýanyna gelip, guran duzaklary hakynda maslahatlar berip, ýol öwredendigi gürrüň berilýär. Edil şonuň ýaly, ýene bir gezeginde oljalara garuwul goýlan sahabanyň şeýtany alnan zatlary harap etjek bolanda tutuşy, şeýtanyň ýalbaryp ýakaryşy beýan edilýär. Bu hadysa üçünji gezek gaýtalanandan soň, tutup Allahyň Resulynyň ýanyna äkitjek bolanda şeýtan: “Men saňa bizden goranmagyň ýoluny öwredeýinmi?” diýip, sahaba aýetü’l-Kürsini okamalydygyny aýdýar. Bu bolan işleri eşiden Pygamberimiz (s.a.w.) “Şeýtan ýalançydyr, emma şol gezek dogrusyny aýdypdyr” diýýär.
Kur’anda jynlaryň Serwerimizden (s.a.w.) Kur’an diňländikleri we bu barada gürleşendikleri barada aýdylýar. “Jynlar: “Eý, kowmumyz! Dogrusy, biz Musadan soň indirilen, özünden öňküleri düzedýän Haka we dogry ýola gönükdirýän bir kitap diňledik” diýdiler” (Ahkaf, 46/29). Hadys kitaplarynda-da Serwerimiziň (s.a.w.) olara Kur’an okandygy we dine çagyrandygy anyk maglumatlar bilen gürrüň berilýär. Bu hadysalaryň birinde Ibni Mesud (r.a.), ýene birinde hezreti Zübeýr (r.a.) belli bir ýere barýança Pygamberimize ýoldaş bolýar.
Jynlar ynsan keşbinde bolşy ýaly, haýwan şekilinde-de görnüp bilýär. Ýylan, içýan, sygyr, eşek we guş görnüşine girýändikleri beýan edilipdir. Nahle jülgesinde Serwerimiz (s.a.w.) olardan biat (kasam) kabul edende içýan we köpek ýaly haýwanlaryň sypatynda görünmekleri, ýa-da öz hakyky görnüşlerinde, ýa-da başga sypaýy bir şekilde gelmeklerini teklip edipdir. Pygamberimiz ymmatyna “Siz öýüňizde şeýle haýwanlary göreniňizde, ilki üç gezek “Allahyň haky üçin git!” diýiň. Ol jyn kowmundan biri bolup biler. Eger gitmese, onda jyn däldir – zyýan berer öýtseňiz öldürip bilersiňiz” diýip maslahat beripdir. Bu bir nukdaýnazardan iki sany aýry taýpanyň, jynsyň ýa-da tapawutly synpyň şertnamasy ýalydyr. Onuň bu teklibine jynlaram: “Ymmatyň her hereketinde “bismillah” diýse, her bir zadyň agzyny ýapyp, gorasa, biz olaryň iýip-içýän zatlaryna degmeris” diýip söz beripdirler. Elbetde, jynlaryň biziň azyklarymyzy nähili peýdalanýandyklaryny bilmeýäris. Belki, howasyndan, belki, ysyndan, belki-de çüýräp zaýalanan görnüşinden peýdalanýandyrlar. Bir hadysy şerifde: “Tezek we süňk bilen taharet etmäň, çünki, olar jyn doganlarymyzyň azygydyr” diýilýär.
10. Jynlar bilen gatnaşyga girip bolýarmy? Olar adama nähili ýagdaýlarda zyýan berip biler?
Käbir adamlaryň ruhy jynlar bilen aragatnaşyk edip bilýär. Olar tiz trans halyna geçmegi başarýarlar, biziň ölçeglerimiziň daşyna çykýarlar we jynlaryň dünýäsi, ölçegleri, dilleri we habarlaşmalary bilen gatnaşyga girýärler. Bu adamyň ýaradylyşy, fytraty bilen baglanşykly mesele. Emma bu ol adamyň beýlekilerden ýokary derejededigini görkezmeýär. Görünmeýän bu güýçleriň boýun egýän belli bir prinsiplerem bardyr. Şonuň üçin, adam olara islän zadynyň ählijesini etdirip bilmez. Çünki, olar Allahyň (j.j.) rugsat beren ölçegleriniň daşyna çykyp bilmeýärler. Adam öwrenen, özüne nesip eden birnäçe atlary we sözleri ulanyp, syrly gapylary açýan ýaly açar-da jynlar bilen gatnaşyga girip biler, emma jynlar özlerine berilen çägi geçip bilmezler. Muňa garamazdan, käbir sözleri jynlara degişli kod, telefon nomeri ýaly ulanyp, belli görnüşlerde, belli mukdarda gaýtalap, olar bilen gatnaşyga girýän adamlar az däldir.
Birnäçe ýollary we usullary bolan jynlar bilen gatnaşyga girmek işinde-de halypa, mugallym hökman gerekdir. Usul, prinsip we halypa bolmasa, hata we ýalňyşlyklar goýberip, gaş bejermegiň ýerine göz çykarmagyň mümkindir. Bu işler bilen meşgullanýan adamyň gözi ruhy äleme açyk bolmasa, aýaklarynyň basjak ýerini bilmese, onda pis ruhlaryň penjesine düşer, olaryň hyzmatkärine, oýunjagyna öwrüler. Netijede, jynlar şeýle adamlary gedemlige, ulumsylyga itekläp, daşynda ýallaklanlardan bolup men-menlik etdirerler. Soňra wagty gelende-de ony gorkuzyp, öz täsirlerine salarlar. Ony öz isleýişleri ýaly gürledip, ilsän işlerini etdirerler. Ýigriminji asyrda Hindistanda Gulam Ahmet Kadyýany hem şonuň ýaly pis ruhlaryň gurbany bolupdy. Ol Hindi ýogasyna garşy, fakirizm ýolunda Yslam üçin jedele girmek isleýär, emma hapa ruhlaryň hüjümine duçar bolup, olaryň oýunjagyna öwrülýär. Pis ruhlar ilki bilen ony müjeddid bolandygyna, soňra Mätidigine, has soň bolsa, Isa Mesihdigine ynandyrýarlar. Iň soňunda-da, ol, Allah daş etsin, “Allah maňa girdi, mende göründi” diýmege çenli baryp ýetýär. Pis ruhlar ýaramaz adamlar bilen çalt gatnaşyk gurýarlar we olary dälilik derejesine eltip bilýärler.
Jynlar iman ählinden bolup täretsiz, namazsyz ýaşanlara, ini hapa ýa-da aýbaşy ýagdaýlarynda azar berip bilýärler. Edilen her bir günä iş şeýtana we pis ruhlar üçin açylan penjire, gapy ýalydyr. Elbetde, jynlaryň ýaşaýyş çäklerini we hukuklaryny äsgermezçilik etmek, bismillah diýmän öý-içersinde girip-çykyp ýörenlerem jynlardan zelel görüp biler. Şonuň üçin, Serwerimiz (s.a.w.) hapa ýerlere barlanda doga etmelidigimizi öwredýär. Olaryň ýaşaýan ýerleri hapa taşlanýan zibilhanalarda, hammamda, otluk ýa-da tozap ýatan ýerlerde, taharet kylynýan jaýlarda, hatda gonamçylykda-da namaz okamagymyzy gadagan edýär. Bu ýerler şeýtanyň we pis ruhlaryň ýygnanýan ýerleridir. Hawa, Serwerimiz hajathana gireniňde “Allahümme inni euzü bike mine’l-hubsi we’l-habais” diýmegimizi maslahat berýär. Şeýle hem ömrümiziň her pursatynda dilimiziň dogaly bolmagyny, zyýanly oklara nyşana bolmakdan çekinmegimizi, arassa, kalby päk adamlar bilen oturyp-turmagymyzy, doga-dilegler we ybadat bilen goranmagymyzy ündeýär. Şonuň üçin, jynlaryň her hili erbetliginden arkaýyn bolmak isleýän kişi ilki bilen günälerden eýmenip gaçmalydyr we olaryň gelip biljek yşlaryny ýapmalydyr.
11. Jady hakykatmydyr we edilip bilinermi?
“Jady ýok, oňa ynmaýaryn” diýýänler meseläni din bilen baglanşykly görüp, küfürlerinden ýaňa ret edýän inkär edijilerdir ýa-da asla sowatsyz, dünýäde ýaşap-ýaşamaýandyklary näbelli gapyl adamlardyr. Bir gezek mesjitde elliden geçen biri maňa şeýle diýipdi:
“Men geçen ýyla çenli jady diýlen zada asla ynanmaýardym. Birdenem garyndaşlarymdan biri dälliredi. Däliligi tutanda saňgaty bolup, gözlerini bir nokada dikip oturýar. Barmadyk lukmanymyz, görkezmedik mollamyz galmady. Iň soňky baran ýerimizde bu iş bilen meşgullanýan biri okady we ýene-de bir zatlar etdi. Gaýdyşyn maşynda gelýärdik welin, ýaňky garyndaşym şeýle bir parahat ses bilen: “Men nirede? Maňa näme boldy?” diýip, dälilikden açyldy oturberdi. Şonda jady diýlen zadyň bardygyna ynandym.“
Ilki bilen Kur’anda är-aýalyň arasyny bozýan jadydan söz açylýar (Bakara, 2/102) we Süleýmandyr Musa pygamberiň döwründäki jadylamak hadysalaryny düşündirýär. Soňra bir ýahudi Serwerimize (s.a.w.) jady edýär. Pygamberimiz (s.a.w.) onuň täsiri bilen özüni erbet duýup başlanda edilen jadynyň guraly perişdäniň görkezmegi bilen guýudan çykarylýar. Muawwizeteýin (Kur’anyň soňky iki süresi) okalyp, Allah (j.j.) ol belany Pygamberimizden dep edýär.
Göz degmegiň hakykat bolşy ýaly, jadynyňäm täsiri bardyr. Emma başga birine ýamanlyk edip, är-aýaly biri-birinden aýyrmak, adamlary şeýle ýol bilen duşman etmek, bolsa-bolmasa bu iş bilen meşgullanmak, jady etmek ýa-da etdirmek, edýäne kömekçi bolmak anyk haramdyr we günädir. Halal, gowy niýet bilenem etdirmek ýa-da etmek küfürdir. Eger bir adam hakykatdan-da jynlara uçrap ýa-da jady edilip azar çekýän bolsa, okamak arkaly ony bu dertden halas etmek, megerem sogapdyr. Emma bu kär, çagaňy ekleýan işiň bolmaly däldir. Serwerimiz (s.a.w.) jynlar bilen gürleşipdir, bu onuň Pygamberlik wezipesine degişlidir. Allahyň Resuly (s.a.w.) olaryňam pygamberi bolany üçin, dini teblig edipdir, biatlaryny (kasamlaryny) alypdyr, olara berjaý etmeli borçlaryny düşündiripdir. Mundan başga jynlar bilen nähili gatnaşyga girilýär, olary nädip işledilýär, jady neneňsi edilýär, nädip bozulýar – bu meseleler bilen asla meşgullanmandygy üçin, olar hakynda aýdan zady bolmandyr. Emma jynlaryň erşip biljek ýerleri, zyýanlary, olardan halas bolmagyň ýollaryny taglym edipdir. Umuman, ymmatyň bu meseleler bilen meşgullanmagy halanmasa-da, belli bir güýje, ruh kuwwatyna eýe bolan, magna akyl ýetirýän şahslaryň jynlary haýyr işde peýdalanmagynda hiç bir ters zat ýok bolsa gerek. Çünki, Kur’anda bu ugurda birnäçe pygamberiň göreldesi bardyr.
12. Geljekde jynlar işledilip bilinermi?
Kur’anda Süleýman aleýhisselamyň guşlardan, jynlardan ybarat goşunynyň bolandygy, jynlaryň gala galdyryp, howuz gurup, gazan ýasandyklary, aralarynda jaý salýan ussalaryň, deňiziň düýbüne çümýän dalgyçlaryň (guwwas) bolandygy, şeýle hem birnäçe müň kilometr uzaklykdan Belkysyň tagtynyň göz açyp-ýumasy salymda getirlendigi beýan edilýär (Enbiýa, 21/82; Neml, 27/39; Sebe’, 34/12; Sa’d, 38/37).
Bu aýatlar bizi fiziki älemlerden başga dünýälere alyp gidýär. Adamzat häzir bu işiň başlangyjynda dur. Telepatiýanyň, ruhlar bilen gürleşmegiň, jynlardyr şeýtanlar bilen habarlaşmagyň we olara emr edip, işletmegiň ýollary ýaňy-ýaňy gözlenip başlandy. Madda bilen baglanşykly laboratoriýalarda çözülmeýän meseleler döreýär. Görünmeýän älemler we ýaşaýyşlar bilen gatnaşyk açmaga zerurlyk ýüze çykar. Ýa-da başga älemlerden gelen parollary bilmek, syrly dillere düşünmek üçin päk ýa hapa ruhlaryň, jynlaryň kömegi gerek bolar. Baglanşyk artdygyça olary ulanmak ugurlary hem köpeler.
Ýokardaky aýatlarda beýan edilişi ýaly, jynlar hezreti Süleýmana hyzmat edýärdi. Her bir pygamber Hak Tagalanyň bir adyndan peýdalanýandyr. Edil şonuň ýaly, pygamberler öz atlarynyňam täsirindedir. Süleýman adynyň manysy Şahadet, ýagny şerigatyň hökümi ýöreýän şu dünýä we Gaýb, ýagny göze görünmeýän älemlere-de hökümini ýöredýän diýmekdir. Şeýle adyň eýesi bolan ol pygamberiň bir eli görünýän, beýleki eli bolsa görünmeýän älemlerde iş bitirer eken. Beýleki pygamberleriň arasynda-da kä wagt we mugjyza hökmünde jynlara höküm edenleri bolupdyr, ýöne bu işde hezreti Süleýmanyň derejesi has ýokarydyr. Üstesine, munda imana we Kur’ana hyzmat edýän jemagatlaryň bilmeli ýollaryna we usullaryna yşaratlar bar.
Pygamber hiç bir gural ulanman we maddy sebäpleri ara salman jynlara täsir edip, öz emrine boýun egdiripdir. Olary işledipdir we bu ugurda ahyrky araçägi görkezipdir. Aýatda aýdylşy ýaly, emrindäki jynlar hezreti Süleýmanyň islän ýumuşyny berjaý edipdirler. Aklyňy haýran ediji ajaýyp sungat eserlerini döredip, bu sungatyň ösmegi, dikeldilmegi üçin adamlara uly goldaw beripdir. Geljekde jynlar bu ugurda has giňden ulanylar we olardan peýdalananlar soňky araçäge baryp ýeterler.
Ýene-de Kur’anda (öňem belläp geçişimiz ýaly) hezreti Süleýmanyň (a.s.) jynlary deňziň düýbüne çümdürmekde ulanandygy aýdylýar. Telepatiýanyň bu işe dahyly barmy-ýokmy, emma bir gün zähmet haklary tölenip, jyn taýpalary bilen deňziň düýbünde dört-bäş aý galynyp biliner. Çünki Allahyň pygamberleriniň biri (a.s.) bu işde ugur görkezipdir.
Söweşlerde-de jynlaryň ulanyp bilinjekdigine aýat yşarat edýär. Uly döwletler tehnikada we tehnologiýada özara bäsleşikde jynlary garşy tarapyň kodlaryny, parollaryny, şifrlerini öwrenmekde peýdalanarlar. Geň galmaly, bu işlerde iň ihlasly, magna älemini asla kabul etmek islemeýän döwletler bolan, Orsýet we Hytaýdyr.
Jynlar bilen gatnaşyk açylsa, howpsuzlyk edaralarynyň işine-de peýdasy deger. Bolup geçen ýa-da döräp biljek jenaýatlar, toparlanşyklar merkeze habar edilip, gözegçilige alynyp biliner. Kim bilýär, belki, şol döwürlerde jynlardan howpsuzlyk edarasynyň işgärleri, komissarlaram bolup biler.
Şeýle bir zamana geler, milletleriň, ýurtlaryň gizlin zady galmaz. Jynlardyr şeýtanlar ähli gizlin syrlaryň üstüni açyp, her kimi ol syrlardan habardar eder. Gynansagam, adamzat her bir zady ruhlaryň we jynlaryň edýändigine ynanar. Bu ugurdaky ösüşler netijesinde jnlaryň ulanylmagy bir tarapdan Allahy we Kur’any inkär edýänlere ýol açar. Netijede, adamlar göwünlerini aldamak üçin olary peýdalanyp bilerler.
Enbiýa süresiniň 82-nji aýatynda jynlaryň has başga işleri hem edip bilýändikleri aýdylýar. Belki, bu jynlaryň geljekde biziň bilmeýän, akylymyza-da gelmejek köp işlerde-de ulanyp biljekdigimize yşaratdyr. Siz muny, isleseňiz, bir ýyllyk hadysalary kitap halyna salmak, isleseňiz, ýeriň aşagyndaky magdanlary öwrenmek, isleseňiz, ummanlaryň düýbünde asyrlar bäri batyp ýatan gämileri tapyp çykarmak, hazynlary tapmak, tolkunlary tutýan antennalar mysalynda dürli habarlary almak ýaly görnüşlerde göz öňüne getirip bilersiňiz. Emma hemişe bolşy ýaly, beren maglumatlaryňyzyň soňunda “Her bir zadyň dogrusyny, hakylatyny Allah biler” diýmegi unutmaň.
13. Jynlar kesellere sebäp bolup bilermi?
“Jynlar şudur” diýip, anyk kesgitli aýdyp bilmesek-de, olaryň inçe, görünmeýän, täsir ediji güýji bardyr. Şeýle hem jynlarda adama görnmek ukybynyň bardygy bellidir. Iň ýeňil mysal: rentgen şöhleleri adamyň bedeninden geçip, belli bir maddalary eredip bilýär. Şöhleden has inçe bolan jynlar näme üçin ynsan bedenine täsir edip bilmesin?! Hawa, jynlar adamyň fiziologiki gurluşyna täsir edip, dürli zelelleri ýetirip bilýär. Olar damarlara, beýniniň merkezi nokatlaryna zyýan etmegi başarýarlar.
Lazer şöhlesi 1960-njy ýyllara çenli ylymy-fantastiki eserelerde hyýaly bir zat hökmünde ýazylýardy. Emma T. Warmanyň ilkinji gyrmyzy lazer şöhlesini açmagyndan soň, has-da ösdürilip, bu gün kompýuterlerde, atom senagatynda, polisiýanyň derňew işlerinde, hatda medisinad-da peýdalanylýar. Meselem, 40 ýyl mundan öň edilen jenaýatdaky hiç bir guralyň kesgitläp bilmedik barmak yzlaryny lazer şöhlesiniň üsti bilen görmek bolýar. Bu şöhläniň gan bilen akyp, dykylan damarlary açmak ukyby medisinada giňden ulanylýar. Bu şöhle bilen gözde edilýän operasiýalar indi geň däldir. Başga bir mysal, her dem alanymyzda öýkenimize doldurýan howamyzdaky kislorod ganymyzy arassalap, damarlarymyza ýaýrap gidýär. Geliň, sözi Söz Soltanyna bereliň. Pygamberimiz (s.a.w.): “Şeýtan ynsanyň ganyny bilen birlikde aýlanar” diýýär.
Şeýtan we jynlar gönüden-göni fiziologiki näsaglyklara-da sebäp bolup bilýär. Eritrositlerimiziň üstüne münüp, damarlarymyzyň içinde aýlanyp bilýändikleri üçin, bu hemişe mümkindir. Ne biz bu meselede jedele gireliň, ne-de lukmanlar bu hakykaty ret etsinler. Gepiň gerdişine görä, biri turup: “Ähtimal, rak keselinde öýjükleriň anarhiýasyna sebäp bolýanlaram şol ýaramaz ruhlardyr” diýse, sizem oňa garşy gidip: “Bolup bilmez” diýseňiz, onda ýalňyşarsyňyz. Belki, hakykatdanam ýagdaý şeýledir?! Bolmanda jedelleşere ýer goýmalysyňyz.
Edil rak ýaly, tutgaý keselinde-de jynlaryň täsiriniň bardygyny kabul etmek makul ýol bolsa gerek. Kim bilýär, jynlar beýnidäki damarlaryň bir toparynyň kadaly işlemegine päsgel berýändir.
Pis ruhlar adamy akylyndan azaşdyryp, dälilik derejesine-de ýetirip bilerler. Lukmanlar şizofreniýanyň görnüşlerini maddy älem bilen baglanyşdyrsalar-da, käbirleriniň nesilden-nesle geçýändigini aýdýarlar. Emma jynlaryň damarlara girip, nerw sistemasynnyň işleýşini bozup, mahal-mahal keseli möwjedýän bolmagy mümkindir. Aýdanlaryma dogry düşüniň, men dälilik, şizofreniýa hökman jynlaryň işidir diýmek islemeýärin, emma “bolup biler” diýýärin. Çünki, bu keseller köplenç agzy dogaly adamyň okamagy bilen aýrylýar.
Dostlarymyzdan biri garran bir aýalyň doga islegini getirdi. Lukmanlar bu aýala “Rak keseli tutuş bedeni gurşap alypdyr, bir hepdeden artyk ýaşamaz. Äkidiň öýünde amanadyny tabşyrsyn” diýipdirler. Ol garrynyň menden tamasy uly bolup: “Doga etsin, şypa taparyn” diýip, gaýta-gaýta tabşyrypdyr. Men ol görgülä näme doga edenimi häzir anyk ýadyma salyp bilemok, ýöne alty aýdan soň, aýalyň halyny soradym. Maňa: “Haja gidip geldi, häzir agtyklaryny ulaldýar” diýip jogap berdiler.
Ýene bir mysal getireýin, daýzam dälliredi we gören zadyny ýakyp, ýykyp başlady. Ony zynjyrlap saklaýardylar. Ol özüni keselhananyň dördünji gatyndan aşak oklady, emma hiç zat bolmady. Adamsy bir mollanyň ýanyna gitdi, bir zatlar ýazdyryp getirdi. Daýzam: “Meni näme üçin zynjyrladyňyz?” diýip sorady. Ol hakykatdan-da gowlanyp gitdi.
Medisinanyň hötdesinden gelip bilmeýän ýagdaýlary juda köpdür. Özüňizem olara şaýat bolýansyňyz. Birnäçe ýyl mundan öň Balçowa garwulhanasynda garawul duran biriniň hut öz başyndan geçirenlerini size gürrüň bermek isleýärin. Bu adamyň ýedi çagasy bäbeklikden saýlanman ölüpdir. Ahyr soňy ol adam bir agzy dogaly molladan doga ýazdyryp alýar. Şondan soň, onuň çagalary sekizinjiden başlap,diri galýar.
Belki, jynlaryň kömegi bilen kesel bejermek usuly meşhurlyk gazanyp, uniwersitetlerde ýörite okadylar. Bu gün gastrit keselinde ynandyrmak usulyny ulanýan lukmanlar bar. Saz arkaly bejergi etmek usuly hem tejribe edilýär. Bular ruhuň bardygyny, bejergide ruhuň nä derejede möhümdigini görkezýär. Şeýle ýagdaýda aň-düşünjeli pis ruhlaryň we keselleriň döremegine ýol açýan jynlaryň bardygyny inkär etmegiň manysy ýokdur.
14. Pis ruhlaryň we jynlaryň şerinden goranmak üçin näme etmeli we nämeleri okamaly?
a. Ilki bilen Allah (j.j.) we Onuň Resuly (s.a.w.) bilen gatnaşykda bolup, yslamyň prinsiplerine laýyklykda ýaşamalydyr.
Bu işiň birinjisi we iň ygtybarly ýoly Allaha (j.j.) we Resulullaha berk baglanmak, Dini Mubin Yslamyň ýörelgelerini durmuşymyza ymykly ornaşdyrmak, köňülde çuňlaşmak we musulmanyň arassa howasynda päk ýaşamakdyr. Bir tarapdan bu işleri edýärkäň, beýleki tarapdan pis ruhlaryň syzyp gelip biljek boşlugy, günä penjiresini goýmaly däldir. Ruhda dörän bir gädik olaryň gelmegine ýol açyp biler.
b. Fili (iş bilen) we kawly (dil bilen) Hak Tagala (j.j.) sygynmalydyr.
Jynlaryň we pis ruhlaryň şerinden goranmakda ikinji ýoly doga-dilegi gullugymyzyň bir bölegine öwürmgimizdir we ýaragymyz hökmünde dilimizden düşürmezligimizdir. Hawa, gornmagymyz hal-kal (hal-söz), iç-daş, fili (iş)-dil bütewiliginde we birliginde bolmalydyr.
Doga fili we kawly bolup, iki görnüşdedir. Daýhanyň ekin meýdanyny sürüp agdarmagy, tohum sepmegi, suwarmagy fili dogadyr. Soňra, onuň eliniň aýasyny açyp: “Eý, Rabbym, bereket yhsan eýle, rahmetiňi eçil” diýip ýalbarmagy-da kawly dogadyr. Birinji doga edilmän ikinjisini etmek ynsana hiç zat gazandyrmaz. Diňe fili doga edip oňmagam hasyly, berekedi, gullugy kemter eder. Netijede, ähli eden işi öňünde birlik sany bolmadyk nollaryň ýygyndysy bolar.
Aýdalyň, bir mü’min “Eý, Rabbym, mü’minlere ýeňiş ber!” diýip dileg etse, bu ajaýypdyr, ýöne doly däldir. Çünki, guş ýeke ganat bilen uçmaz. Serwerimiziň (s.a.w.) Bedir söweşiniň öň ýanynda kemsiz taýýarlyk görýär, soňra tutuş durky bilen Allaha ýönelip doga edýär. Diýmek, fili doga etmeli, ýagny, sebäpleriň çäginde edilmegi zerur bolan işleriň ählisi ýerine ýetirilmeli we elden geldigiçe sebäplere boýun bolmaly, soňra el açyp, kawly doga edilmelidir.
Edil şonuň ýaly, bedenimizde bir rahatsyzlyk dörese, hassalyk duýulsa, lukmana gitmegimiz, däri-derman ulanmagymyz fili dogadyr. Soňra şypa berjek Hak Tagaladan el açyp dileg etmegimiz kawly dogadyr. Käte diňe Allaha ýüzlenmek we kawly doga etmek bilen hassalygymyz – baş, diş agyrysy aýrylyp biler. Käte-de Allahyň myrady başgadyr we lukmana ýüz tutmaly bolar. Serwerimiz (s.a.w.): “Allah her derdiň dermanyny ýaradypdyr, saglygyňyza seretdiriň” diýmek bilen, bize fili doga etmegi ündäpdir. Her bir zat Onuň elindedir. Nijeleri bardyr, kawly doganyň nämedigini bilmeseler-de sagat, sapaly ýaşarlar. Munuň tersine, hem däri-derman atyp, hem dilinden doga düşmeýän, Allaha (j.j.) çyn ýürekden bagly adamalaryňam ömürlerini dert çekip ýaşaýandyklaryny görýäris. Beýle ýagdaýda biz dogamyz kabul bolan däldir öýdýäris. Emma kabul etmek aýry, jogap bermek aýrydyr. Her doga eşidiler we kabul ediler, ýöne bu kabul etmek islenen zadyň şobada berilmegi görnüşinde bolup biljekdigi ýaly, gijikdirilip, soň berilmegi ýa-da dünýäde berilmän ahyrete goýulmak şekilinde-de bolup biler. Çünki, bu iş dolulygyna Hak Tagalanyň hikmetine baglydyr. Siz lukmany çagyranyňyzda ol çakylygyňyzy kabul edip geler, emma “Maňa şu dermanlary ber” diýen wagtyňyz şobada bermän biler. Ol haýsy dermany makul görse, şony berer, makullamadygyny bermez, ýa-da has gowsuny, has peýdalysyny berer. Onsoň hem mülküň eýesi Oldur, mülkünde islänini edip biler. Onuň keremi-de ýakymlydyr, gahary-da. Ol boş, hebes işi etmez, her edeninde bir däl, müň hikmet bardyr.
Aýratynam berk bilinmelidir – doga-da namaz ýaly bir gullukdyr. Şonuň üçin, sap, çyn ýürekden, tamakinçiliksiz, gaýtargysyz we öňünden bir netijä garaşman edilmelidir. Adam sap, dup-dury köňül bilen Oňa ýüzlenip, razlygyny gazanmalydyr. Şobada netijesini aljak, derrew maksada ýetjek bolunyp edilen dogalar Ony närazy edip biler. Çyn ýürekden çykmaýan, sap arassa bolmadyk dogalar kabullyk derejesine ýetmän biler.
c. Allaha ýakyn adamlaryň dogasy alynmalydyr.
Allaha ýakyn, dogasy kabul adamlara ýüz tutup, haýyş etmek juda ähmiýetlidir. Çünki, Serwerimizdenem (s.a.w.) şeýle haýyşlar köp ediler eken. Ahmet ibn Hanbeliň, Ebu Dawudyň we Taberaniniň aýtmaklaryna görä, Ümm-ü Hani (r.a.) şeýle gürrüň berýär: “Allahyň Resulynyň ýanyna akyly üýtgän bir çagany getirdiler. Serwerimiz oňa elini degirip: “Çyk, eý, Allahyň duşmany!” diýdi. Soňra çaganyň ýüzüni ýuwup, doga etdi. Çaga doly sagaldy.
Jynlar musallat bolanda, derrew olar bilen meşgullanýan adamlaryň ýanyna gitsek, ýüregimizde gorky, umytsyzlyk, puşaman ýaly duýgulara ýol açyp bileris. Ruhy güýjümiz gaçyp, adamlar bizi öz bähbitlerine ulanyp bilerler. Oňa gidersiň dogaçyr alarsyň, muňa gidersiň ýene alarsyň. Şeýdip, hassa görgüli dogarçyrlara baglanyp biler. Olaryň birini ýitirse gorkusyndan titrär, umydyny ýitirer, ýagny, şypa gözläp, has beter derde uçrar. Onsoňam bu işe gaty göwün bermezlik dogrudyr. Çünki sahyh hadys çeşmelerinde aýdylşyna görä, Serwerimiz (s.a.w.) ýetmiş müň adamyň hiç sorag edilmän jennete girjekdigini buşlanda pazubent (goluňa dogaçyr dakmak) dakynmaýanlar, bir işi erbetlige ýormaýanlar, pal atmaýanlar we diňe dogaçyra ynanman Allaha bil baglaýanlar diýip sanaýar. Şonuň üçin, dogany taşlamazlyk hem-de Allaha tewekkül etmek iň laýygydyr.
d. Imanly psihiatrlara we lukmanlara ýüz tutulmalydyr.
Bu temadan maslahatymyz materialist we inkärçi, ruhdur jynlara, olaryň täsirine ynanmaýana däl-de, imanly lukmanlara ýüz tutulmalydyr. Çünki, Allaha ynanmaýan lukmanlar pis ruhlaryň täsirine uçran hassanyň halyny has-da erbetleşdirip bilerler. Olar: “Git, aýal-gyzlar bilen gez, iý-iç, keýpi-sapa sür, ýaramaz pikirleriňi taşlamaga çalyş” diýip maslahat bererler. Beýle maslahat teşnelikden ýanýan birine deňziň şor suwuny beren ýalydyr. Şeýle-de hassany hassa eden onuň düşünjeli durmuşynyň ölüp, pis ruhlar bilen ýatyp-turmasydyr. Hawa, şeýle pikirlenýän lukmanam, tebibem ýeke gözli hasaplanar. Olam ýitiren gözüni tapan wagty dogry görmäge başlar.
e. Aýetül Kürsi, muawwizeteýn we beýleki dogalar okalmalydyr.
Owal başda Allaha (j.j.) sygynmak, Ondan kömek islemek we Onuň hemaýatyna girmek bu meslede iň möhüm zatdyr. Allahy tagala Kur’anda-da gullaryna şuny buýrýar: “Seni şeýtan dürtgülese, derrew Allaha sygyn” (Fussilet, 41/36), ýagny, “Euzü billahi mineş-şeýtanir-rajym” diý! Mü’min süresiniň 97-98-nji aýatlaryny hem ýat tutup, okamagy maslahat berýärin.
Aýetül-Kürsi hut Serwerimiz (s.a.w.) tarapyndan maslahat berilipdir.
Serwerimize (s.a.w.) ýahudiler tarapyndan jady edilende, muawwezeteýn, ýagny, Felak we Nas süreleri okalyp, doga-jady çözülipdi. Aýşe enemiz (r.a): “Pygamberimiz (s.a.w.) ertir-agşam üç gezek Felak we Nas sürelerini okap, birleşdiren aýalarynyň içine üflärdi, soňra ellarini bedenine eliniň ýeten ýerine sürterdi” diýip gürrüň berýär.
Mundan başga-da Serwerimiz (s.a.w.) ertir-agşam üç gezek “Bizmillahillezi la ýe – durru mea’smihi şeý’ün fi’l-ardy wela fi’s-semai we hüwe’s-Semiu’l-Alim” diýer eken. Kibiznillah – ysmaz keseline garşy okalýan dogadyr. Ýene-de “Euzü bikelimati’llahi’t-tammaati min külli şeýtanin we hammetin we min külli aýnin we lammetin” diýen doga-da maslahat berilýän, tejribe edilen dogalardan biridir.
Ymam Gazalaynyň bu meselede beren maslahaty bir gezek Bismillahirrahmanirrahim, 10 gezek Allahu Ekber, 19 gezek “La-ýuflihu’s-sahiru haýsu eta” hem-de “min şerr’in-neffesati fil-ukad” (Ta-ha, 20/69; Nas 113/4) aýatlary okamakdyr.
Ýene-de bir weliniň maslahtyna görä, her gezeginde ilki bir owurt suw, çaý ýa-da çorba içip, yzyndan ýokarda aýdylan iki aýaty19 gezek gaýtalanmaly.
Bu meselede başga-da okalýan dogalar kändir. Olary hadys kitaplaryndan tapyp bolar ýa-da bilýän adamdan soraň. Aýratynam Ashaby Bedr, Jewşen we Kaside-i Bürde maslahat berilip biliner.
- -de döredildi.