Giriş
Takdyr – ölçemek-biçmek, kesmek-goýmak we şekillendirme diýmekdir. Arapçada işlik görnüşinde “Ka de ra” “takdyr etmek, aýry böleklere bölmek we her kime bir paý çykarmak” manylaryny berýär. Tefilde (arap grammatikasynda bir galyp): “Kad de ra” “hikmetli, kaza etdi, hökümini ýöretdi” manysyndadyr. Diýmek, takdyr (kader) “Ma ýükaddirullahü mine’l-kada we ýahkümü bih” ýagny, “Allahyň kazadan tadyr we höküm eden zady” diýmekdir.
Temany çuňlaşmazdan owal, takdyr bilen baglanşykly käbir aýatlaryň düşündirişini getirsek peýdaly bolar diýip hasaplaýarys:
“Gaýybyň açary Onuň ýanyndadyr, olary diňe Ol biler. (Ol) gury ýerde we deňizde bolan ähli zatlary biler. Tänen ýapragam hökman Ony biler, ýeriň aşagynda gömülen däne, öl-gury – hiç bir zat ýokdur, aç-açan bir Kitapda bolmadyk.” (Engam, 6/59).
“Asmanda we ýerde hiç bir gizlin zat ýokdur ki, aç-açan bir Kitapda bolmadyk.” (Neml, 27/75).
“Şübhesiz, Biz ölüleri direlderis we öňlerinden iberenlerini we yzynda goýanlaryny ýazarys. Şeýle-de, Biz her bir zady aç-açan bir Kitaba belläpdik.” (Ýasin, 36/12).
“(Eý, şany beýik Nebi!) Dogrusy, saňa wahý edilen bu Kitap Lewh-i Mahfuzda bar bolan şanly bir Kur’andyr.” (Büruj, 85/21-22).
“Dogry sözli bolsaňyz bildiriň, bu azap sözi haçandyr?” diýerler. Aýt ki: “Ony bilmek diňe Allaha mahsusdyr. Men diňe aç-açan oýarýandyryn.” (Mülk, 67/25-26).
Kaza bilen takdyr bir manyda bir meňzeş, başga manyda bolsa, takdyr Allahyň takdyry, kaza bolsa takdyry ýerine ýetirmek we ediljek zadyň eda we hökümiň berjaý edilmegi diýmekdir.
Takdyr çäksiz ylyma eýe, geçmişi, häzirki zamany we gelejegi bir nokat mysaly görýän, özi üçin ne geçmiş, ne geljek, ne häzirki zaman diýlen zat bolmadyk Hak Tagalanyň mikro älemden makro äleme, zerrelerden sistemalara we geljekki tutuş ömri bilen adamzatdan başlap, iň kiçiden iň ägirdine çenli bütin älemi planlap programirlemegi, plandyr proýektleri bilen ölçäp biçmegi taýýar etmegi, kemsiz ýerleşdirmegi, synplara bölmegi, bahalandyrmagy we bularyň ählisini alyp, erk, isleg, gudrat planyna geçirmegi we maddy älem sergisinde, ýaradan äleminde görkezmegi üçin ähli zady diýen ýaly bolmazyndan owal mübin (hak bilen batylyň arasyny açan) Kitapda ýerleşdirmegi we takdyr etmegidir.
Hawa, “Kitaby mübin” heniz äşgär görünmek zynjyrynda ýerini almaga başlaýan barlygy Lewh-i Mahw we Isbatda (delilde) we Lewh-i Mahfuzuň göçürmeleri görnüşinde Allahyň perişdeleriniň ýazmagy diýmekdir.
Mundan başga-da takdyr adamyň zähmeti bilen Allahyň (j.j.) ýaratmagynyň birleşmegi we bütewiligidir. Ýagny, adam bir işe girişip, tutuş erki bilen şol işe berilse, Allah islese, şol işi ýaradar. Takdyr bu iki sany esasy aýratynlygy, ezeli we çäksiz ylymy bilen bolmadan owal bilýän Allahyň (j.j.) ýene bolmadan owal ýerleşdirmegidir.
Adamyň zähmetini we erkini hasaba alman takdyr hakynda gürrüň edip bolmaz.
Dünýäde takdyr, plan, programma, ölçeg we deňagramlyk häkimdir. “Allah her enäniň näme alandygyny we ýatgylaryň nämäni kemeldip-artdyrýandygyny biler. Onuň ýanynda her bir zat bir mukdar bilendir.” (Ra’d, 13/8). “Ýer ýüzüni-de ýaýdyk. Oňa berk, sarsmaz daglar atdyk we onda ölçegli, laýyk zatlar bitirdik” (Hijr, 15/19). “Asmany beýgeltdi we mizany goýdy.”(Rahman, 55/7).
Älem-jahanda ähli zady gurşap alan we giň çäklerde takdyr häkimdir. Ondan başga zat göz öňüne-de getirilmez. Dünýäni ýaradan Allah (j.j.) şänigiň ýarylmagyndan bahara, ynsanyň doguşyndan ýyldyzlaryň we galaktikalaryň doguşyna çenli her zady çäksiz ylymy bilen şeýle bir programirläpdir. Dünýäniň çar künjegindäki alymlar müňlerçe eserleri bilen Onuň taýýarlan takdyryny, düzen nyzamyny, sazlaşygyny we tertibini düşündirmäge çalyşýarlar. Bir topar marksistleriňem “determinizm” ýaly, dürli at we terminleriň üsti bilen kabul eden umumy ýörelgeleriňem, dost-duşman, ynanýan-ynanmaýan her kimiňem dünýäde bir planyň we takdyryň bardygyny kabul etmegi örän ähmiýetlidir. Marksistleriň düşünýän determinizmi biziň üçin gürrüňini edeniňe degýän mesele däldir. Biz diňe tapawutly manyda bolsa-da, meselä takdyr taýyndan bakmak isledik. Dogrusy, Ibn Haldun birnäçe yslam alymlary determinizmiň belli bir görnüşine tarapdar görünýärler we soňky döwür günbatar düşünjesinde, meselem, Historizmde bolşy ýaly, determinizmi jemgyýetçilik durmuşa-da ornaşdyrýarlar. Emma biz Ähli Sünnet wel-Jemagat düşünjesinde muny belli bir şertler bilen baglarnyşdyrýarys we “belki” diýip, beýan edýäris. Ine, şol ölçegleriň içinde, ynsanyň erk-eradasynyňam degişli bolan her bir zatda külli takdyryň höküm sürýändigine ynanaýarys. Bir bina salmaga başlamazdan owal onuň çyzgysyny, proýektini çyzýarys, çykdajylaryny hasaplaýarys we geljekde emele geljek şekili düzýäris. Şonuň ýaly, şu akylyňy haýran galdyrýan sistemalaryň we atomlar älemi bilen adamlaryň öz aralaryndaky gatnaşyklarynyň belli bir programma esasynda däldigi, heý, bolup biljek zatmy? Edil bir sagat kimin bozulman aýlanyp duran şu maddy älemdäki düzgün-nyzamdyr deňagramlylygyň müňden biri ýaly sistemany ýa-da sistemalary-da hatda ägirt uly kopýuterler arkaly hem ýöredip bolamaýar. Onda haýran galdyryjy beýiklikde we sazlaşykda bolan şu älemleri plansyz, programmasyz göz öňüne getirmek mümkinmidir?
Şänikler we tohumlar takdyr ýükli sandyjaklardyr. Geljekde geçirjek her pursaty, her möwsümi bilen agajyň tutuş ömri şäniginde ýazylyp goýlandyr. Gurluşyna görä, biri-birine meňzeş görünýän, şol bir maddalardan emele gelen köp tohum dänejikleri topraga düşen wagty dürli-dürli gülleri, müňbir görnüşli ösümlikleri we agaçlary emele getirýär. Her bir tohum dänejigi takdyryň özüne biçen ýa-da özüne ýazgyt edilen ölçegde ylymy, magnawy bir şekile, görnüşe girip, özüne mahsus egin-eşik, sypat bilen topragyň ýüzüne çykar, synlaýan gözlere ajaýyp görküni görkezer. Müňlerçe tikinçi ýyllar boýy işlese, munça güle, ösümlige däl, ýekeje agaja beýle eşigi tikip bilmez. Emma ýüzmüňlerçe agaç, belki, ýüzmüňlerçe ýyldan bäri ölçegde, biçüwde, kesim-tikimde hiç bir hata göýbermän tikilen sowgatlyk eşikler kimin biri-biriniň yzyndan çalşyrynýar. Hakykatda muny eden özlerimi ýa-da olara şol galyby, şeýle keşbi, ol takdyry beren beýik takdyr edijimidir?
Belli bir takdyra we programma tabyn bolany üçin bir tohum (sperma) asla ýalan sözlemez. Hromosomlaryň dili, RNK we DNK-nyň garyşmajak wezipesi we öýjükleriň beýany bilen agyz, dil, dodak, göz, gaş, gulak, ýüz, duýgy we ukyplar ýaly köp pursatlary geçip “Ynsan boljak” diýer we bolar.
Astrofizikçilere görä, älemiň her nokadynda haýsy ölçegleriň bardygy we bu nokatlarda haýsy magnit täsiriniň nähili derejededigi doly bolmasa-da bellidir. Çünki, geometrik ýerler we kuwwatlaryň täsiri öňden bardyr. Kompýuterleriň kömegi bilen atomlardan galaktikalara çenli ýaradylan her bir barlygyň programirlenip ýaradylandygy anyklandy. Hawa, her bir zat ilki Lewhi Mahfuzda ýazylypdyr.
Düýşler we takdyr
Oraşan düýşler hem takdyryň bardygyna bir delildir. Ruh barada gürrüň edenimizde belläp geçişimiz ýaly, her bir hadysanyň öňünden düýşde görülmegi we wagty gelende bolup geçmegi onuň ilki takdyr edilendigini görkezýär. Hawa, düýşem biziň ömür kitabymyzyň bir sahypasyny öňürti okaýar. Soňra biz onuň okanlarynyň durmuşa geçişine şaýat bolýarys.
Kur’anyň, Pygamberimiziň we öwlüýalaryň geljekde bolup geçjek hadysalary öňünden habar bermegi-de, her bir zatda takdyryň häkimdigini görkezýär. Ýogsa, öňünden ýazylmadyk, bellenmedik we karar edilmedik bolsa, ony nädip bilsinler?
Sowal: Takdyr we erk näme üçin imanyň alty esasynyň arasynda goýlupdyr?
Jogap: Ynsan köplenç öwrenişmek we ülpetdeşlik sebäpli Allahyň (j.j.) özüne eden lütuflaryna: “men etdim, men gazandym, bildim, öwrendim, oýlanyp tapdym...” diýen ýaly sözleri aýdyp, her bir zady öz güýji, erki we ukyby bilen edendirin öýdýär. Ine, şeýle ýagdaýlarda takdyr öňünden çykyp, “Sizi we edenleriňizi ýaradan Allahdyr” (Saffat, 37/96) şonuň üçin, hetdiňi tana! Eliňdäki kiçijik düwme bilen bu işleriň ählisini etmegiň mümkinmidir?” diýer we ony men-menlikden halas edip, durmuşynda deňagramlylygy we ölçegi üpjün eder.
Ynsanyň ruhunda gözellikleri, ýagşylyklary we netijeleri özünki saýyp, öwümek, hatda hasam men-menlik edip, serden geçmek häsiýeti bardyr. Şeýle duýga garşy ähli gözellikleriň we haýyrlaryň hakyky eýesiniň nebsimiz däl-de, diňe Allahdygyny (j.j.), tersine, ähli erbetlikdir günäleriň nebisden gözbaş alýandygy Kur’anda beýan edilýär. “Seni eden her ýagşylygyň Allahdandyr, erbetligiň bolsa özüňdendir. Seni adamlara ilçi iberdik (muňa) şaýat hökmünde Allah ýeterlikdir” (Nisa, 4/79).
Meseläniň ikinji bir tarapy hem bar. Adam mahal-mahal “Meni we meniň edenlerimi ýaradan Allah bolýan bolsa, Ol islemese menem islemerin. Onda men takdyryň programirlän robotydyryn. Beýle bolsa, jogapkär we günäkär bolar ýaly eden işlerime meniň näme dahylym bar?” diýip, jibrilik çukuryna-da düşüp biler. Beýle howply ýagdaýda derrew erk-erada garşy çykar we tereziniň beýleki jamynyň üstüne münüp: “Ýok, sen borçlusyň hem jogapkärsiň! Imana we gulluk etmäge borçly boluşyň ýaly, eden ähli ýaramazlyklaryň we günäleriň üçin jogapkärsiň, çünki, menem bardyryn” diýer we deňagramlyk döreder. Takdyr imanyň, küfüriň, borjuň, tobanyň we günäleriň daýanjy we nebsiň erbetliklerini örtýän perde bolup bilmez. Edil şonuň ýaly, erk hem Allahyň ýaradan ýagşylyklaryna, gözelliklerine eýemsiremegiňe, faraon kimin “Men!” diýmegiňe we garşylyksyz ýagýan nygmatlaryň hakyky eýesidirin öýtmegiňe sebäp bolup bilmez. Biz erkiň ähli gözelliklere we haýyrlara iki eli bilen ýapyşyp, egninde amanat geýlen köýnege meňzeýän faziletlerden göwnihoşlanyp ulumsylyk etmekden diňe takdyr düşünjesi bilen halas bolup bileris. Edil şonuň ýaly, nebsiniň borçdyr jogapkärçiliginden sypjak bolmak howpundan-da özüne berlen erk düşünjämiz arkaly gutulyp bileris.
Ynsanyň ýagşylyk we gözelliklere gezek gelende juda gysga, günädir ýykyp ýumurmaga welin aşa uzyn iki eli bardyr. Bu eliň birine toba we istigfar berilip, nebsiň şere we günälere bolan meýli, aşa islegi kesilmeli we jähenneme eltýän ýollary doly ýapylmaly. Beýleki eline bolsa, doga-dileg, Haka tewejjüh (ýüzlenmek) we tewekkül (bil baglamak) berilip, haýyr dürslüginde yhlaslandyrrmaly, gözelliklere güýç-kuwwatyny we höwesini artdyryp, jennete barýan ýolunda joşdurmalydyr.
Möhüm ýatlatma:
“Geçmişe we kynçylyklara takdyr, geljege we günälere bolsa erk nazary bilen bakylmalydyr”. Şeýle nazar bilen adam geçmişinde başyna gelen bela we kynçylyklara “takdyrym şeýle eken” diýip, razy bolar, göwnüçökgünlige we umytsyzlyga düşmez hem-de gelejegine gezek gelende borjunyň we jogapkärliginiň pikirini eder.
Geçmişe we kynçylyklara takdyr nazary bilen bakmaýan adamyň umydyňy gaçyryjy we jebir çekdiriji hadysalaryň garşysynda ezilip galmagy, hemişe halyndan närzalygy, başyny oňa-muňa urmagy, hatda, netijede günä we keýpi-sapa batgasyna batmagy bir tarapdan gutulgysyzdyr. Gelejege erk-erada nazary bilen seretmeýän kişi hem ýaramazlyklary we günälerini takdyryň başyna atyp, keýpi-sapa batgalygyna hasam batyp gitmegi-de çykgynsyzdyr. Adamyň “Zalym pelek, takdyrymyň oýny...” diýen ýaly, sözler bilen takdyryndan närazy bolmagy onuň kynçylygyny iki esse artdyrar, kalp dünýäsini we ruhy durmuşyny solduryp guradar. Ynsanyň öz erkini aradan aýyrmagy-da, edil şonuň ýaly, uly hata we özüni keýpi-sapadyr şeýtana boýun bolmakdan başga zat däldir. Tereziniň bir ganatyna erki, beýlekisine takdyry goýan wagtymyz ýaşaýşymyzy deňagramlylykda saklap bileris.
Sowal: Ynsanyň takdyryny elindäki ýa-da ýüzündäki çyzyklardan okap bolarmy?
Jogap: Ruh meselesi bilen çynlakaý meşgullanýan adamlar ruhuň ynsanyň mysaly bedeni bolmak bilen birlikde, onuň ykbalyna degişli kitabydygyny-da aýdýarlar. Ruhuň belli bir derejede asyl durkundan we funksiýalaryndan habarly bolunan wagtynda, adamyň başyndan geçjek hadysalary-da belli bir çäklerde bilip boljakdygy öňe sürülýär, elbetde, Allah islese, görkezer, bildirer.
Şeýle hem maddy gurluşyň beýan edýän manylary bilen gyzyklanýanlar, eliň aýasyndaky çyzgylardan adamyň başyndan geçirjek zatlaryny, bölekleýin bolsa-da, aýdyp bilýärler. Emma ýalňyş düşünmäň, bu gaýyby bilmek däldir. Diňe Alllahyň (j.j.) bedenimize ýerleşdiren yşaratlaryndan we alamatlaryndan peýdalanyp, kişiniň ömrüne degişli käbir taraplary bilmegi başarmakdyr. Gaýyby dolulygyna diňe Allah (j.j.) bilip biler. Üstesine, gaýyp diňe bu bärdäkije habarlardan ybarat däldir.
Allahyň (j.j.) maddy bedenimize ýerleşdiren yşaratlaryna we alamatlaryna seredip, takdyry okamaga çalyşmak Sagadat Döwründe-de (Pygamberimiziň döwri) bolan meseledir. O döwürler muny edýänlere “kaif”diýilýär eken. Aleýhissalatü wesselam Serwerimiziň gulçulykdan azat eden ogullygy Zeýd ibn Harisäniň ogly Üsame baradaky gybatlara garşy bir kaifi getirýär. Ataly-ogul üstleri ýapyk ýatyrdylar. Olaryň diňe aýaklary açykdy. Kaif olaryň aýaklaryndaky çyzyklara seredip, ataly-oguldyklaryny kesgitleýär. Serwerimiz hem özüne aýan bolan bu hakykaty kaifiň üsti bilen tassyklaýar we hezreti Aýşä: “Eý, Aýşa, Üsäme Zeýiddendir” diýip, ýylgyryp buşlaýar. Allahyň (j.j.) bildirmegi bilen has aňyrdaky zatlary bilýän Serwerimiziň (s.a.w.) Üsamäniň ýagdaýyny bilmezligi mümkin däldir. Emma kaif getirmek bilen bu dile düşen meseläni halkyň garaýşyna laýyk delil arkaly çözmek isleýär. Onuň bilýäni kaifiň aýdanlary bilen deň gelýärdi. Çünki, Kur’anyň dili bilen aýtsak, Pygamberimiz näme aýdan, näme eden bolsa, hiç biri boş, ýerliksiz däldir: “Ol, boş ýere gürlemez” (Nejm, 53/3).
Gürrüňini eden hadysamyzda öz işiniň ussatlaryna ýüz tutmaga iteklemek hem bolup biler. Agaçlaryň sapylmagy hadysasynda-da: “Siz dünýä işlerini bilersiňiz” diýýär. Bu sözde: “Men bilmerin” diýen many ýokdur. Pygamber bilmese, kim biler? Düşündirişi uzaga çekip biljek bu söz bilen şular göz öňünde tutulan bolmagy mümkin:
a. Belki, sahabalaryna edilen hormatdyr.
b. Ähtimal o döwürler bir topar sahabanyň arasynda sebäplere te’siri hakyky (hakyky täsir ediji) hökmünde seretmek ýaly, towhyda ters gelýän ynançdyr düşünjeler ýitip gitmändi. Hüdeýbiýe şertnamasy gijesinde-de şuňa meňzeş bir hadysa bolup geçipdir. Ýagyş ýagypdyr, Serwerimiz (s.a.w.): “Bu gün käbiri mü’min bolup oýandy, käbiri käfir” diýdi. “O nähili beýle?” diýenlerinde: “Kim ýagyşy Şira ýyldyzy ýagdyrdy diýen bolsa, ol käfir, kim Allah ýagdyrdy diýen bolsa musulman bolup ertire çykdy” diýip düşündiripdir. Edil şonuň ýaly, o döwürler hurma sapmak arkaly hökman gowy hasyl alynjagyna ynanylýardy. Serwerimiz (s.a.w.) her bir zadyň Allahyň elindedigini we sebäpleriň netijä uly täsiriniň ýokdugyny şeýle durmuşy hadysanyň üsti bilen öwretmek islän bolmagy mümkin. “Siz dünýä işlerini bilersiňiz” diýmek bilenem ähtimal sebäpleriňem asla ähmiýetsiz däldigini görkezmek isländir.
c. Serwerimiz (s.a.w.) kyýamata çenli geljek ynsalara nebi we ymamdygy sebäpli onuň bu sözüni şerigata laýyk maksada ugrukdyrjy hökmünde kabul edip bolar. Adamyň durmuşynda şerigata degişli bolmadyk ýa-da sesiňi çykarman geçilmegi bilen mübah (günäsi-sogaby bolmadyk iş) bolup, tejribä we wagta çözgüdi goýlan birgiden mesele bardyr. Häzirki döwürde ylym şeýle bir ösdi welin, indi jüýjäniň çykmagy üçin ýumurtgalar towugyň aşagynda 21 gün basyrylmaýar. Jüýje çykarýan inkubatorlar bu işi has arzan, has aňsat ýol bilen ýerine ýetirýär. Ösümlikleriň we agaçlaryň hasylyny artdyrmak we iň gysga wagtda hasyl almak üçin teplisalar gurulýar. Kim bilýär, belki, geljekde üýtgeşik energiýa çeşmeleriniň açylmagy bilen, meselem, ägirt aýnalardan peýdalanyp, Günüň gyzgyny we energiýasy gyş aýlarynda-da dünýäniň belli bir ýerlerine ýetiriler. Kur’anyň beýan edişi ýaly, hemişe miweleýän agaçlar mysaly, dört pasylda-da hasyl alynar. Netijede, zekat berere adam galmajak derejede bolluk bolar.
d. Serwerimiz “dünýä işleriňizi siz bilersiňiz” diýmek bilen gelejege gapy açýar. Başga bir tarapdan agajy “sapyň” diýip, ýa-da “sapmaň” diýmezlik bilen ynsanyň erkine zynjyr urman, işlemäge we derňemäge höweslendiripdir.
Gepiň gysgasy, takdyra iman etmek hakyky mü’miniň sypatydyr. Allaha, Onuň Resulyna, pygamberlere, perişdelere, kitaplara, haşra nähili ynanýan bolsak, takdyra-da şonuň ýaly ynanmalydyrys. Bu iman esaslary, ebedi ýaşaýşy gazanmak üçin bu ýerde ýaşaýan ömrümiziň binýady we sütünleri ýalydyr. Bu sütünlerden biri sarsylsa, gurmak isleýän zadymyz sarsylyp gowşar, belki, tutuş ýykylar. Kur’anda we hadyslarda takdyr meselesiniň üstünde köp durulýar. Haşyrdan soň, belki, iň köp gürrüňi edilýän Allahyň (j.j.) islegi, ylmy we takdyrdyr. Takdyr köp hadyslarda adaty iman esaslarynyň arasynda däl-de, magna we ähmiýetine görä, Zat-i Uluhiýetiň (Allahy tagalanyň) we Onuň sypatlarynyň düşündirilýän ýerinde beýan edilýär. Bu Allaha we Allahyň isleýşi ýaly iman etmek isleýän mü’miniň takdyra-da iman etmegi gerek diýmekdir. Başgaça aýtsak, takdyra iman etmek Hak tagala iman etmegiň kemalynyň zerurlygydyr, ýagny, Hakyň takdyryna iman etmeýän Allaha-da, Onuň azamatyna-da (beýikligine) bolmalysy ýaly iman edýän däldir.
Takdyra her kim derejesine görä ynanar. Çünki, Allah (j.j.) hakyndaky magrifet (bilim) we Allah (j.j.) bilen bolan gatnaşyklar dürli-dürlidir. Entek ýaňy işiň başyna baran ýa-da başlan ýerinde galan biri, takdyra dini formula hökmünde, eýermek manysynda özüni mejbur duýýany sebäpli we hökmany şert derejesinde iman etmeli bolany üçin ynanýar. Köp kynçylyklary geçip, çuňluklara inen, menziller aşan soňky derejä baran mü’min bolsa, her bir zatda Allahyň (j.j.) emrini görýändigi üçin, kudsi hadysda aýdylşy ýaly: “Gören gözi, eşiden gulagy, tutan eli...” bolýar. Ol hiç ikirjinlenmän “Hamala, barmagymy-da Allahyň gymyldadýandygyny görýärin” diýýär. Bu hem akyl ýetirmek, mertebe we dereje meselesidir.
Takdyr meselesi ylmy we amaly däl, wyždan we hal meselesidir. Baly asla dadyp görmedik adama tagamy, düzümi, peýdalary barada näçe düşündirseňizem, barmagyň ujy bilen sähelçe dadyp görençe täsiri bolmaz. Allahyň (j.j.) barlygy, pygamberlik we Kura’an baradaky meseleleri ylmy düşündirişler bilen düşündirip bolar. Emma takdyry ihsan (Allahy görýän ýaly ybadat etmek) düşünjesi bilen, Allahyň (j.j.) eden işlerinden Ony görýän ýaly tanamak üçin wyždan duýgusy gerekdir.
Takdyr aýagyňy taýdyryp bilýän, seresap bolunmaly meseledir. Adamyň taýgançak ýerde ýykylmagynyň aňsat bolşy ýaly, takdyram taýgançakdyr. Hatda käbir alymlar talyplaryna takdyr temasynda gürrüň etmegi gadagan eder eken. “Özüň gürrüňini edýäň-ä?” diýenlere-de, “Gürlemesine gürleýän, ýöne başymda bir guş bar ýaly, ony uçuraryn öýdüp saňňyldaýaryn” diýip jogap beripdirler.
Takdyr meselesinde bir pikir aýdyp bilmek ýa-da pikir almak üçin şu dört esasy aýratynlygy gaty gowy bilmelidiris. Takdyr bilen baglanşykly her mesele şu dört esas bilen beýan edilip biliner:
- Takdyryň mertebeleri: ylmy plan, kitabet (ýazmak), meşýet (isleg, arzuw), ýaradylyş.
- Allahyň (j.j.) çäksiz ylymy – geçmişi, häzirki zamany we geljegi bir nokat ýaly bilmegi.
- Jüz’i erada (kiçijik erk): magnasy, gymmaty we barlygynyň delilleri.
- Takdyr bilen jüz’i eradanyň birleşmegi we ýakynlygy.
- -de döredildi.