Ynsan erkini nazara alýan hedaýat
Allah dürli sebäpler bilen ynsanlara Hak ýoluny görkezýär. Pygamberler adamlaryň Hak ýoluna girmegine sebäp bolýarlar. Edil şonuň ýaly, Allahyň iberýän kitaplaram adamlaryň dogry ýoly tapmagyna sebäp bolýar. Din wagyzçylarynyň alyp barýan wagyzlary hem adamlaryň Hak ýoluna girmegine sebäp bolýar. Ýöne şu ýerde bir zady ýatdan çykarmaly däl. Allatagala dürli wesileleri ýaradýar, emma, Allah hiç kimi şu wesilelere ynanmaga mejbur etmeýär. Şonuň üçinem, pygamberiň ojagynda ýetişen bir adamam Hak ýoluna girmän bilýär. Ýa bolmasa, tersine-de bolup bilýär. Faraonyň köşgünden bir möminem çykyp bilýär. Elbetde, Hak ýoluny tapmakda adamyň öz erki goşulýandyr. Allah Hak ýoluna eltýän ähli wesileleri (sebäpleri) ýaradýar. Emma, adamyň Hak ýoluna girmegini welin, onuň erkine bagly edip goýýar.
Kurany Kerimiň birnäçe aýatynda şuňa meňzeş hedaýatlaryň üstünde durulýar. Biz şolaryň käbirini agzap geçmekçi:
1. „Semut halkyna dogry ýoly görkezipdik. Emma, olar dogry ýolda gitmegiň ýerine, körlügi saýladylar. Eden işleri sebäpli olary zelil goýan gazabyň ýyldyrymy urdy “ (Fussilet, 41/17).
Diýmek, Semut halkyna Hak ýoly görkezlipdir. Hezreti Salyh (a.s) olary Hak ýoluna çagyrypdyr. Ýöne olar öz erkleri bilen körlügi saýlapdyrlar. Olar aýak diräp, temeklerini asmana dikip, jähennemiň çukuryna ýykylypdyrlar.
2. Allah Hak ýoluny görkeziji nijeme pygamberleri iberipdir. Öz erkleri bilen azgynçylyga baş goşanlar, erte o dünýäde bahana aramasynlar diýlip, şeýdilipdir. „Pygamberler iberileninden soň adamlaryň Allaha garşy bahanalary bolmazlygy üçin, rehmetimizi buşlaýan we gazabymyz bilen gorkuzýan pygamberler iberdik. Allah Ezizdir, Hakimdir“ (Nisa, 4/165).
Azgynlyk eden adam hiç hili bahana arap bilmez. Sebäbi, yzly-yzyna gelen pygamberler adamlara hakykaty düşündiripdirler. Olar erbetlikleriň erbetdigini, haýyrlaryň bolsa ynsany nähili mertebelere çykarjakdygyny aýdyp geçipdirler. „Biz seni Haky buşlaýan we duýduryş berýän bir pygamber edip iberdik. Geçen ymmatlaryň içinde hökman bir duýduryş beriji (pygamber) bolandyr “ (Fatyr, 35/24).
Hawa, pygamber iberilmedik hiç bir ymmat ýokdur. Şonuň üçinem, her ymmata hökman pygamber iberiläýmelidir. Pygamber olara hakykaty düşündirýär. Erki bilen pygamberlere gulak asanlary Allah Hak ýoluna salýar. Azgynçylykdan gaýtmaýanlar bolsa, zelalatdan çykyp bilmezler. Ýagny, Allah olaryň Hak ýoluna girmegini islemez. „Biz pygamber ibermän, hiç bir halka jeza bermeris“ (Isra, 17/15).
Her kim bir bahana aramaz ýaly, Allah (j.j) pygamberleri iberipdir. Olaram öz ymmatlaryna Hak ýoluny görkezipdirler. Bize bolsa pygamberleriň soltany iberlipdir. Biz bagtly ymmatdyrys.
Biziňem bahanamyz ýokdur. Sebäbi, Pygamber Serwerimiziň (s.a.w) sözleri biziň bilen ýaşaýar. Edil şonuň ýaly, Kurany Kerimiň jadyly sözlerem hemişe biziň içki dünýämizi öz ýylysy bilen çoýup dur.
Munuň bilen birlikde, Allatagala öz kemaly kereminden her asyryň başynda bir müjeddit iberipdir. Müjedditler çaň basan kalbymyzy arassalapdyrlar. Olaryň saýasynda her asyryň adamsynyň dini ýaşaýyşyna täzeden jan giripdir. Ýöne bu özgerişikler bolýan wagty, ynsanyň erki göz öňünde tutulýandyr. Ýagny, Allatagala Hak ýoluna eltýän wesileleri ýaradyp, Hak ýoluna girmegi adamyň öz islegine goýýar. Şu ýerde mejbury hedaýat ýokdur.
Käwagtam, Allatagala adamyň näme mynasypdygyny bileni üçin, gönüden-göni ony Hak ýoluna salýar ýa-da Hak ýolundan azaşdyrýar.
Allah Pygamber Serwerimizi (s.a.w) iberipdir. Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Ebu Bekire yslam dinini düşündiripdir. Hezreti Ebu Bekir (r.a) hem ikirjiňlenmän, yslam dinini kabul edipdir. Ol hakykatyň öňünde durup bilmän, eräp-akypdyr. Şeýdip, onuň kalby päklenipdir we ol „Syddykyýet“ derejesine çykypdyr.
Edil şonuň ýaly, Pygamber Serwerimiz (s.a.w) Ebu Jehile-de yslam dinini düşündiripdir. Allatagala özüniň ezeli ylmy bilen Ebu Jehiliň musulman bolmajagyny bilýär. Şonuň üçinem, Allah ony azgynlykda goýýar. Olam Allahyň şu netijesini özüniň etmişleri bilen tassyklaýar. Ebu Jehil günsaýyn küpüre gark bolýar. Ahyram, Bedir söweşinde Allah Resulynyň (s.a.w) garşysyna gylyçlaşyp ýörkä, onuň ömür tanapy üzülýär. Şeýdibem, ol ebedi dowzaha girýär.
3. Kurany Kerim hedaýatyň iki görnüşinem bir aýatda jemläpdir we olaryň ikisine-de ünsi çekipdir. „Allah Darüsselama çagyrýar. Isläninem dogry ýola ulaşdyrýar“ (Ýunus, 10/25).
Allatagala dürli wesileleri döredip, adamlary Hak ýoluna çagyrýar. Allah islänini Hak ýoluna salýar, isläninem Hak ýolundan azaşdyrýar.
Allah ynsany Hak ýoluna çagyrýar. Ynsanam muňa: „Bolýar“ diýip, Hak ýoluna eltýän wesilelerden peýdalanmalydyr. Şonda, Allah hem onuň Hak ýoluna girmegini islär.
Kurany Kerim hedaýatyň çeşmesidir. Bu mukaddes kitapdan diňe Allahyň islän adamlary peýdalanyp bilýär. Kuran diňe şolar üçin Hak ýoluny görkeziji kitapdyr. „Takwalar üçin hedaýatyň çeşmesidir“ (Bakara, 2/2) diýmek bilen, şu hakykata yşarat edilýär. Şu aýatdan şeýle netije çykaryp bolýar: Başdan, ynsan takwa bolmak üçin yhlas etmeli, Kurandan peýdalanmak üçin elinde baryny etmeli. Muny etmek ynsanyň borjudyr. Meseläniň Allatagalanyň islegine seredýän tarapy bolsa, birnäçe aýat soňrakda düşündirilýär. „Ine, olar Rebleri tarapyndan hedaýatdadyrlar“ (Bakara, 2/5).
Olar gaýyba ynanýarlar, namaz okaýarlar, oraza tutýarlar, zekat berýärler. Olar özlerine iberilen kitaba-da, özlerinden öňkülere iberilen kitaplara-da ynanýarlar. Olar ahyretiň barlygyna ynanýarlar. Ine, şu ynançlar olary takwalyk derejesine çykarýar. Şeýdibem, Allah olary Hak ýoluna salýar.
4. Allatagala Pygamber Serwerimize (s.a.w) ýüzlenip: „Eý, Habibim! Ine, saňa buýrugymyz boýunça ruhy (Jebraýyly) iberdik. Sen öň kitabyň, imanyň nämedigini bileňokdyň. Ýöne, biz şol ruhy – bendelerimizden islänimizi dogry ýola salýan nury eýledik. Şübhesiz, senem adamlara Ýeriň-gögüň eýesi bolan Allahyň ýoluny, dogry ýoly görkezýärsiň. Berk belläň! Ähli işler Allaha gaýdyp barýandyr“ (Şura, 42/52-53).
Ine, şu aýatda-da aýdylşy ýaly, hedaýatda iki mertebe bardyr. Birinji mertebede diňe Hak ýoluna eltiji wesileler bardyr. Kurany Kerimiň käbir aýatlarynda şol wesileler „Hak ýoluna ulaşdyryjy“ diýlip atlandyrylýar. Hedaýatyň birinji mertebesinde Hak ýoluny görkezmekden öte geçilmeýär. Hedaýatyň ikinji mertebesinde bolsa, Allatagala ynsanyň kalbynda Haky oýarýar. Allatagalanyň ynsanyň kalbynda Haky oýarmagy – Allahyň lutfy-keremedir. Danalar muňa: „Jebri-lütf“ diýipdirler. Allatagaladan bizem şeýle jebri-lutf bilen Hak ýoluna salmagyny dileg edýäris.
Hedaýatam, zelalatam Allahyň ýaratmagy bilen emele gelýär. Bir hadysda şu hakykata yşarat edilýär: „Men Haka çagyryjy hökmünde iberildim. Adamlary Hak ýoluna salmak meselesinde men hiç zada goşylyp bilmeýärin. Şeýtan bolsa ýalňyşy owadan görkezip, sizi azdyrmak üçin iberilendir. Olam ynsanlary hak ýolundan azaşdyrmak meselesinde hiç bir zada goşulyp bilmeýär “.
Ynsan öz erki bilen isleg bildirýär. Şonda, Allah onuň isleýän zadyny ýaradýar. Ynsana ähli haýyrlar Allatagaladan gelýändir. Adam haýyr gapysyndan aýrylmazlyga çalyşmalydyr. Adamyň niýeti päk bolsa, Allaham oňa haýry, sogaby nesip edýändir. Allatagala niýeti päk adama haýyr iş etmegi ýeňilleşdirýändir. Adam Hak ýoluna ulaşanda, hakyky bagty tapýandyr.
1-nji sorag: „Elestu: Kalu-bela“ näme diýmek?
Jogap: Bu sözler beýik Ýaradanyň ýaradanlary bilen, esasanam, ynsan bilen baglaşan ylalaşygyna degişli sözlerdir. Ylalaşykda: „Men siziň Rebbiňiz dälmi?“ diýip soralýar. Sowala şeýdip jogap berilýär: „Hawa, Rebbimizsiň “ (Araf, 7/172).
Şu meseläniň iki tarapy bardyr.
1. Şu sorag kime hem-de nädip soralypdyr?
2. Haçan soralypdyr?
Birinji soraga şeýle jogap berip bolar.
1. Adam entek hiç bir zat däl wagty, oňa „Bar bol“ buýrugynyň berilmegi, onuň hem şu buýruga: „Bolýar“ diýmegi – sorag-jogap ýa-da ylalaşyk hasaplanýar.
2. Ynsan atomlar äleminde, hatda o älemiňem aňyrsynda bölejiklerden ybarat wagty, her bir zady ösüşe iteren Rabbulalemin, şol bölejiklere adam bolmak höwesini berip, şol babatda olar bilen ylalaşyk baglaşypdyr. Şu ylalaşyk her zerräniň öz güýjüniň ýetmeýän, Kap dagy ýaly agyr ýüki galdyryp, Allahyň „Bar bolmak“ islegine „Bolýar“ diýmeginden durýandyr.
Iki görnüşde alnyp barlan sorag-jogap söz bilen geçirlen däl bolmagam ahmal. Muňa garamazdan, birnäçe tefsirçiler şu ylalaşygyň allegoriki mana eýedigini belleýärler. Başgaça aýdanyňda, göýä şeýle diýlipdir, göýä şeýle jogap berlipdr we göýä nähilidir bir ylalaşyk baglaşylypdyr. Bu gol çekilip, hat ýüzünde baglaşylan ylalaşyk däldir.
Aslynda, Allatagalanyň müň dürli sözleýşi, müň dürli jogap berşi bardyr. Allatagalanyň sözleýiş hem-de jogap beriş tärlerini göz öňünde tutman, bir netijä gelmek bolmaz.
3. Bu sorag-jogap adamyň özüni tanamagydyr, özüniň başga zat däl-de, diňe ynsanlygyna düşünmeginden ybaratdyr. Şu sorag-jogap „Özüni tanan Rebbini tanar“ hakykatynyň hut özüdir. Ýaradanyň beýik barlygyna akyl ýetirmek üçin adama ego amanat berlipdir. Adamyň ýaradylyş maksadam Allahy bilmekdir. Şonuň üçinem, adam özüniň barlygy bilen Allahyň barlygyny, özüniň çäkli dünýäsi bilen Allahyň çäksiz mülke eýeligini, özüniň ejizligi hem-de mätäçligi bilen Allahyň yhsanlaryny bilýär. Bular Allahyň ynsana beren peşgeşleridir. Bu zatlara akyl ýetiren adam ýaradylan her bir barlygyň üsti bilen Allahyň gudratyny görýär. Muňa „Elsetü“ we „Bela“ sorag-jogaby diýse bolýar.
4. Şu ylalaşygy we ylalaşygyň içindäki sorag-jogaby maddy taýdan göz öňüne getirmeli däldir. Allatagala ähli barlyklara özleriniň asyl ýaradylyş maksadyna laýyk buýruk berýär. Onsoňam, Allatagala mahluklaryň sesini, ýalbarşyny diňleýär we ýagdaýa görä olara jogap berýär. Allah (j.j) ynsan ýaly, aýry-aýry dil we şiweler bilen öz islegini aňladýan barlyklaryň her sözüne düşünýär. Şol bir wagtyň özünde, Allah dürli diller we şiweler bilen olara buýrugam berýär, olara hakykatlaram düşündirýär. Allatagala dürli diller bilen ynsanyň hem-de älemiň manysynam düşündirýär. Ol özüniň ýaradanlary bilen ylalaşygam baglaşýar. Gepiň gysgasy, Allatagalanyň sözler arkaly beýan etmegine „Kelamy lafzy“ diýilýär. Ýene-de, biziň üçin kelammy ýa-da sözdügi näbelli bolan, haýwanlara berlen ylhamdan başlap, Allahyň perişdeler bilen gürleşýän diline çenli, Allatagalanyň aýry-aýry dilleri bardyr. Olara-da „Kelamy nefsi“ (Allahyň sessiz, sözsüz gürlemegidir) diýilýär.
Allahyň şu dürli dilleri adamyň kalbyna aralaşýan ylahy howadan, perişdeleriň älemine çenli juda giň çäge hökmürowandyr. Her bir älemiň özüne mahsus „dili“ bardyr. Şonuň üçinem, şu älemleriň islendik birine gelen habary ýa-da ondan iberilýän sözi, başga bir älemiň ölçegi bilen eşidibem bolmaz, anyklabam.
Aslynda, adam her bir zady eşidip bilýär diýmegem ýalňyşdyr. Sebäbi, häzirki döwürde biz muňa düşünýäris. Biz eşidip bolýan zatlaryň diňe milliondan birini ýa ikisini eşidip bilýäris. Görüp bolýan zatlaryň diňe şonçaragyny görüp bilýäris. Bu näme diýmek bolýar? Biziň görýän we eşidýän dünýämiz, görmeýän we eşitmeýän dünýälerimize garanyňda, hiç zat bolup galýar.
Şol sebäpden, Allatagalanyň zerreler bilen gürleşmegi, Allahyň galaktikalara buýruk bermegi – bu hadysalaryň uly ölçeglerde bolup geçýänligi üçin, biz olary doly anyklap bilmeýäris.
Allah zerreler bilen, molekulalar bilen, hüjreler bilen sözleşýär. Atomlaryň dünýäsinde ene garnyndakak Allah biziň bilen sözleşýär. Emma, biz bu zatlary öz ölçeglerimiz bilen hiç haçan doly kesgitläp bilmeris.
Ylaýta-da, Allah adamyň ruhy bilen, ruhuň içinde bir mehanizm bolan wyždan bilen sözleşen bolsa...
Her bir adamyň özbaşdak ruhy bardyr. Ruhuň şular ýaly barlykdygyny häzirki günde alymlaram boýun alýarlar. Adamyň ruhuny öwrenýäň parapsihologiýa ylmy ruhuň barlygyny, onuň funksiýalarynyň, arzuw-hyýallarynyň barlygyny aýdýar.
Ruh ynsan bedeni ýaly, wagt bilen çäklendirilmändir. Allatagala entek ynsan bedenini ýaratmanka, onuň ruhy bilen gürleşipdir. Biz şol hadysa şu wagtky ýagdaýymyz bilen düşünip bilmeris. Sebäbi, biziň bedenimiz wagt bilen çäklendirilen barlykdyr. Mysal üçin, düýş görleninde, adamyň ruhunyň dili bir başga, telepatiýada ruhuň dili bir başgadyr. Häzirki gün, alymlar ruhuň özüne mahsus diliniň barlygyny öňe sürýärler. Allah bilen biziň ruhumyz gürleşen bolsa, onda oňa doly düşünmek üçin şol sesleri üýtgeşik „lentalarda“ ýazga geçirmeli, şol sesler üýtgeşik ýerlerde öwrenilmeli.
Şol sebäpden, „Eles bezmi“ hadysasynda ruhlar Allah bilen ylalaşyk baglaşmaga çagyrylýar. Şol ylalaşyk ýerinde materiýa degişli hiç zat bolmany üçin, ruhlar bar zady oraşan gördüler we „Hawa“ diýip bu ylalaşyga gol çekdiler. Esasan, şu döwrüň käbir adamlary ruh atly kitabyň wyždan bölümini öwrenmändirler. Şonuň üçinem, olar ruh atly kitapda Allah bilen baglaşylan hiç hili ylalaşyga duş gelmändirler. Duş gelmezlerem. Sebäbi, olar şeýle älemiň barlygyny asyl pikirem etmändirler. Aslynda, Kantyň ýaradyjyny salgy berýän ähli kitaplary bir gyra aýryp, Bergsonyň umumy älemi iňkär edip diňlemegi arzuw eden sessiz kitaplaram, ine, şudur. Ruhy diňlemeli, ruhuň ylhamlaryna gulak asmaly. Wyždanyň diline düşünýän tejribehanalar gurulmaly. Şeýdip, hakykaty gözlemeli.
Şu kitap – wyždan özbaşyna beýik hakykatyň iň ýalňyşmazak şaýadydyr. Ylalaşyga gol çeken wyždandyr. Ruhuň dilini öwrenmekden mahrum bolanlara muny düşündirmek aňsat bolmasa gerek.
Eger-de zehin şertli pikirlenmekden saplanyp bilse, onda ynsan öz wyždanynda Allah bilen ylalaşykdaky „Hawa“ diýen sesini eşider. Aslynda, daşky dünýä bilen içki dünýäniň öwrenilmeginden düýp maksadam şudur. Zehin özüniň toslamalaryndan saplanmaly, pikir erkinlige çykmaly we erkin pikirlenmek atly äýnek geýlip, wyždandaky şol inçe hatlar okalmalydyr. Bu ýola özüni berip, kalbyň çuňluklaryna aralaşmagy endik edinen nijeme adamlar bardyr. Olar öz duýgulary bilen tapan hazynalaryny, başga hiç bir kitapdan tapyp bilmezler. Ylahy kitaplardaky yşaratlary görmek üçin hem şu äýnek zerurdyr. Özüni tanap bilmedik adam hiç haçan bu derejä ýetip bilmez.
Indi bolsa, meseläniň ikinji tarapyna geçeliň. Şu ylalaşyk haçan baglaşyldyka? Bu meselede anyk zat aýdyp bolmaz. Emma, bu barada tewsirçileriň birnäçe bellikleriniň bardygyny aýdyp bolar:
Allah bilen ruhuň gürrüňdeşligi spermanyň ýatga giren pursaty bolup geçendir. Embriýonyň adam şekiline öwrülip başlan pursatynda bolandyr. Ýa bolmasa, çaganyň özüni bilip başlan wagtynda bolandyr.
Bu aýdylanlaryň hersiniň özüne görä subutnamasy bardyr. Şonuň üçin, bularyň islendik birini saýlamaga zerurlyk ýa-da hiç bir sebäp ýokdur.
Allah bilen ruhuň gürrüňdeşligi ruhlar äleminde-de bolup bilşi ýaly, ruhuň öz atomlary bilen birleşik emele getirýän wagty, başga bir älemde-de bolmagy ahmal. Embriýologiki etaplaryň islendik birinde-de bu hadysa bolup biler.
Düýne şu gün bilen birlikde seslenýän we düýni şu gün bilen bile eşidip bilýän Allah, şu etaplaryň hersinde-de ynsan ruhy bilen ylalaşyk baglaşan bolup biler. Biz wyždanymyzyň çuňluklarynda ýaňlanýan şol sesi eşidýäris. Kalbymyzyň hem şony tassyklaýandygyny duýýarys.
Garyn özüniň açlygyny öz dili bilen düşündirýär. Beden özüniň agyrylaryny öz dili bilen aýdýar. Edil şolar ýaly, wyždan hem öz dilinde, özüniň terminologiýasyndan çykman, Allah bilen ruhuň arasyndaky gürrüňdeşlikden söz açýar. Wyždan eziýet çekip, gan aglaýar. Wyždan özüniň beren sözünde durmak üçin çarp urýar we özüniň joşgunyny üznüksiz dowam etdirýär. Çaga ýaly, agysy bilen ünsümizi çekmegi başaranda, wyždan özüni bagtly saýýar. Wyždan öz derdini düşündirip bilmedik wagty, hasrat bilen düýrügýär.
Ynsanyň kalby iň beýik hakykaty özünde şöhlelendirýän bir aýnadyr. Ynsanyň kalby baý kitaphanadyr, ajaýyp ýazgy depderidir. Emma, oňa düşünmek gerek...
2-nji sorag: „Men siziň Rebbiňiz dälmi?“ diýen soraga „Hawa, Rebbimizsiň“ diýip jogap berlendiginiň subutnamasy barmy?
Jogap: Käbir meseleleri akyl taýdan düşündirip bolmaýar. Düşündirip bolaýanynda-da, meseläniň diňe çäkli bir bölegini açyp bolýar. Aslynda, Allatagala bir zat hakda gürrüň edýän bolsa, şol zady asla iňkär edip bolmaz.
Bu soraga iki taraplaýyn jogap bermäge synanşaýyn.
1. Şeýle zat bolupmy? Bolan bolsa, nädip subut edip bolýar?
2. Mömin kişi bu zatlardan habarly bolupmy?
Başda, Allatagala haýsydyr bir älemde ruhlara: „Men siziň Rebbiňiz dälmi?“ diýendigi, ruhlaryňam: „Hawa, Rebbimizsiň “ diýip jogap berendigi anykmy? diýen sorag ýüze çykýar. Bu barada Kurany Kerimde iki aýatda agzalyp geçilýär. Birinjisinde: „Rebbiň, adam ogullaryndan, olaryň billerinden zürýatlaryny alypdyr we olary özlerine şaýat goýup: „Men siziň Rebbiňiz dälmi?“ diýipdir“ (Araf, 7/172) diýilýär. Bu aýatda ynsanyň beren sözi geçýär. Öňki we häzirki tefsirçiler bu söz berilşik meselesi barada köp zat aýdypdyrlar.
Teswirçileriň bir bölegi: „Zerreler äleminde, entek atom görnüşindekä, gelejekde birleşjek bu zerrelere hem-de ruhlara söz berdirilipdir“ diýýär. Ýene bir bölegi bolsa: „Çaga ene garnyna düşende, şol ruha söz berdirilýär“ diýýär. Bir hadysa salgylanyp, käbir tefsirçiler bolsa şeýle diýýärler: „Jan salnanda adama söz berdirlipdir“.
Aslynda, Allatagala barlyklar bilen dürli dillerde gürleşýär. Bizem belli bir dilde gürleşýäris. Mundan başga-da biziň içki-daşky duýgularymyz, içki-daşky dünýämiz, zehinimiz hem ruhumyz, içki-daşky dilimiz ... bar. Wagtal-wagtal şu dillerimizi ulanyp, şu dillere düşünýänlere bir zatlary düşündirjek bolýarys...
Ýüregiň özüne mahsus dili bardyr. Ýürek gürlär, emma, onuň gürlänini eşidip bolmaýar. Bize: „Içiňi gürledip, näme diýdiň“ diýseler, biz „Şuny-şuny diýdim“ diýip gürrüň berýäris. Şeýdip, biz içki dilimizi ynsan diline terjime edýäris.
Käwagtlar bolsa, düýşümizde gürleşýäris. Düýşümizde kimdir birinden bir zady soraýarys. Emma, ýanymyzda ýatan adam muny eşitmeýär. Soňam, oýanýarys-da, düýşümizde näme gürleşen bolsak, sözme-söz aýdyp berýäris. Bu hem gürleşmegiň bir görnüşidir.
Käbir adamlar oýa wagtam, mysal (düýş) äleminden gözleriniň öňüne asylan hyýaly ekrana seredip, hyýaly şahslar bilen gürleşýärler. Belkem, materiýalistler muňa ynanýan däldir. Materiýalister muňa: „Gallýusinasiýa“ diýibersinler. Pygamber Serwerimize (s.a.w) bolsa şeýle artykmaçlyk berlipdir. Pygamberimiz (s.a.w) mysal älemini, berzah älemini öňündäki ekrandan seredýän ýaly, görüp bilýärdi. Pygamberimiz (s.a.w) şol gören, eşiden zatlaryny sahabalara gürrüň berýärdi. Bu hem dilleriň ýene bir görnüşidir.
Wahyý bolsa, düýbünden üýtgeşik bir dildir. Pygamber Serwerimize (s.a.w) wahyý gelýärdi. Pygamberimizden (s.a.w) başga hiç kim wahyýyny eşitmeýärdi. Eger-de wahyý maddy gulak bilen eşidip bolýan bir zat bolan bolsady, Pygamberimiziň (s.a.w) golaýyndaky adamlar şony eşiderdi. Käwagtlar aýallarynyň biriniň ýanynda otyrka, Pygamberimize (s.a.w) wahyý gelýärdi. Pygamberimiz (s.a.w) eşidýärdi. Ýöne beýlekiler welin, hiç zady eşidenokdam, duýanokdam. Resuly Ekrem (s.a.w) wahyý bilen gelýän habarlary harpma-harp ýadynda saklaýardy we sahabalara düşündirýärdi. Bu hem gürleşmegiň ýene bir usuly.
Weliniň kalbyna ylham gelýär. Onuň gulagyna edil biri pyşyrdaýan ýaly bolýar. Bu-da gürleşmegiň bir görnüşine girýär. Morze elipbiýiniň üsti bilen habarlaşýan ýaly bir zat. Morze habarlaşyk enjamyndan „Di..di.. da.. da.. dit“ diýen sesler çykýar. Operator bolsa, derrew näme diýilýänine düşünýär. Edil şonuň ýaly, weliniň kalbyna ylham gelýär, weli hem ylhamdan özüne bir many çykarýar. Ýene-de, telepatiýa hem bar. Häzirki döwrüň alymlary haçanam bolsa bir gün şu ýoluň üsti bilen ajaýyp habarlaşma ulgamyny döredip boljakdygyny aýdýarlar. Ýüregiň ýürek bilen habarlaşmagy hem diliň bir görnüşidir.
Ýokarda agzalan, diliň görnüşlerinden şeýle netije çykarsa bolýar: Allah sansyz dilleri ýaradypdyr.
Indi bolsa, düýp meselä dolanyp baralyň. Allah bize: „Men siziň Rebbiňiz dälmi?“ (Araf, 7/172) diýipdir. Emma, Allahyň muny haýsy dil bilen aýdany näbelli. Eger-de şu sözler, weliniň kalbyna dolýan ylhamyň harplary ýaly, bir görnüşde aýdylan bolsa, onda biz şol sözi gulak bilen eşidip boljak söz diýip göz öňüne getiribem bilmeris. Şu sözler ylham bolsa, elbetde, wahyý däldir. Şu sözler wahyý bolsa, elbetde, ylham däldir. Ruha aýdylan söze, elbetde, bedeniň dili düşünmez. Eger-de şu sözler bedene aýdylan sözler bolsa, ruh oňa düşünmez.
Şu madda juda ähmiýetlidir. Adam mysal äleminde, berzah äleminde ýa-da ruhlar äleminde gören-eşiden zatlaryny şu dünýäniň ölçeg daşlary bilen ölçese, ýalňyşar. Pygamber Serwerimiz (s.a.w) bize şeýle diýýär: „Gabyrda Münkür, Nekir geler, size sorag sorar“. Geň galaýmaly, perişdeler ynsanyň nämesi bilen sorag-jogap alşarka?
Isle, jesede sorag berilsin, isle – ruha. Netije üýtgemez. Emma, ölen adam şu soraglary eşitse-de, onuň ýanynda ýatan adam muny eşitmez. Hatda bir magnitofon alyp, onuň mikrofonyny gabyrda goýsalaram, şol ses eşidilmez. Sebäbi, şol gürrüňdeşlik başga ölçeglerde bolup geçýär. Biziň ölçeglerimizde däl. Eýnşteýn we başga alymlar dördünji, bäşinji ölçegleriň barlygynyň hem üstüni açypdyrlar. Ine, şolar ýaly, ölçegiň üýtgemegine baglylykda, ýagdaýam üýtgeýändir.
Bu (Araf, 7/172) Allahyň ruh bilen sözleşmegidir. Munuň nämeligini göz öňüne getirip bolmaýar. Belkem, wyždanda şol gürrüňdeşligiň yzlaryny tapsa bolar. Biz wyždanymyz bilen we wyždanymyza gelýän ylhamlar bilen muny duýup bilýäris.
Bir gezek bu mesele barada gürrüň açylanda, tanyşlarymyň biri: „Men-ä şony eşitmedim“ diýdi. Menem: „Men-ä eşitdim. Senem eşitmedik bolsaň, özüňden gör. Sebäbi, men eşidendigimi anyk bilýärin“ diýip jogap berdim. Nädip eşitdiň diýip sorarsyňyz. Içimdäki ebedi ýaşamak duýgusy bilen, çäkli ýaradylan bolsam-da, ebedilige teşne duýgularym bilen eşitdim şol sesi. Hawa, aslynda men Allahy doly tanap bilmerin. Sebäbi, men çäkli ýaradylypdyryn. Men çäksizlige nädip akyl ýetireýin? Ine, çäksizlige bolan içimdäki bu isleg bilen men o sesi eşidendigime düşündim. Şu çäklendirlen älemde meniň ýaly biri özüniň çäklendirlen dünýäsinde, çäkli ömrüni ýaşap ölüp gitmeli wagty we onuň düşünje meýdanyna aralaşýan zatlaram edil şonuň ýaly çäkli zatlardan ybarat bolmaly wagty, men çäksizligiň gujagynda ebedilik hakda oýa batýaryn. Kalbymda ebedi bolmak islegi joş urýar. Ruhum jenneti we Jemalullahy küýseýär. Tutuş dünýäni maňa berseler, meniň hasratym gowzamaz. Meniň içimde şular ýaly tupan turýar, şonuň üçinem men „Ony eşitdim“ diýýärin.
Wyždan diýýän zadymyz näme bolsa-da, ol hemişe Allahy ýatlaýar. Wyždan hiç haçan ýalan sözlemeýär. Wyždanyň islegini kanagatlandyrsaňyz, ol aramlyga gowşar. Şonuň üçin, Latifeýi-rabbaniýe bolan ynsan ýüregi diňe wyždanyň aram tapmagy bilen ynjalýandyr. Kurany Kerimde bu barada şeýle diýilýär: „Üns beriň! Ýürekler diňe Allahy zikr etmek bilen we Allahy duýmak bilen ynjalyk tapýar, düşüşýär hem-de rahatlyga gowuşýar“ (Rad, 13/28).
Bergson ýaly pelsepeçiler beýleki ähli delilleri iňkär edip, Allahyň bardygyny diňe wyždan bilen delillendiripdirler. Hatda Kant bir ýerde: „Men Allahyň beýikligine düşünmek üçin ähli bilýänjelerimi taşladym“ diýýär. Bergson diňe öz duýgulary bilen ýol aljak bolupdyr we onuň ýeke-täk delili wyždandyr. Wyždan hiç haçan Allahy iňkär etmeýär. Wyždan Allaha iman etmek bilen aram tapýar. Ynsan wyždanyň sesini eşidip bilse, ezeli hem ebedi beýik Ýaradanyň islegini wyždany bilen syzyp bilýär. Ine, şu ahwalat – adamyň wyždanyna sessiz sözleri bilen ýazylan, Allatagalanyň: „Men siziň Rebbiňiz dälmi?“ diýen soragyna „Hawa, Rebbimizsiň “ diýlip berlen jogapdyr. Her kim üns berse, ruhuň çuňluklarynda şu sesiň eşidilýänini duýar. Şu sözleri başga hili eşidip bolýan däldir. Şu sözler her kimiň wyždanyna siňendir. Ýöne onuň subutnamasyny her kim özi tapyp bilýär. Ehli tahkik, ehli şuhud, asfiýa, öwlüýä we enbiýa – şu adamlar muny oraşan görmegi başarypdyrlar.
Emma, biz bu aýdylanlary akyl taýdan subut edip bilmeris. Ýagny, bu hakykatlary göz bilen görüp bolmaýar. Wyždanyna gulak goýýan, köňül aýnasyna sereden muny görerem, duýaram, bilerem.
3-nji sorag: Külli eradanyň diňe Allaha degişlidigi Kurany Kerimde aýdylýar. Munuň bilen birlikde, jüzi (şahsy) erkiň adama berlendigem mälimdir. Beýle bolsa, günä iş edýän adam öz erki bilen günä iş edýärmi ýa-da Allatagalanyň Külli eradasy oňa günä iş etdirýärmi?
Jogap: Gysgajyk düşündireýin. Adamyň elinde erk bar. Biz muňa „Jüzi erk“ diýýäris. Allatagalanyň ýaratmagyna-da „Külli erada“ diýýäris. Meseläniň Allatagala degişli tarapyna ýaňlyş düşünýärler. Göýä Allah mejbur edýän ýaly, ähli işler hem şol zorlugyň esasynda döreýän ýaly garalýar. Şeýdibem, ýaradylyşa mejburylyk girýär. Meseläniň ynsana degişli tarapy barada aýtmaly bolsa, ynsan öz işini özi edýär diýip düşünilýär. Şeýdibem, „Her kim öz işiniň ýaradyjysydyr“ diýen düşünjeden ybarat bolan, Hak ýoldan azaşan akym döreýär.
Älemde bolup geçýän her zady Allah ýaradýar. Bu soragda „Külli erada“ diýilýänem, aslynda, şodur. Hatda: „Sizem, işiňizem Allah ýaratdy“ (Saffat, 23/96) diýilýär. Ýagny, siziňem, siz sebäpli ýüze çykan işleriňem ýaradyjysy Allahdyr. Mysal üçin, siz maşyn ýasasaňyz ýa-da bir jaý salsaňyz, bu işleri ýaradan Allahdyr. Siz hem-de siziň işleriňiziň bary Allahyňkydyr. Emma, emele gelen şu işlerde, size degişli bir aýratynlygam bardyr. Olam – beşeri ymtylyşdyr. Siziň şol işe girişmegiňiz, şol işiň döremegine sebäp bolýar. Edil ýagtylyk beriji elektrik sistemasynyň düwmesine basan ýaly... Şeýle ýagdaýda: „Siz hiç zat etmediňiz“ diýip bolmaýşy ýaly, bu işi düýbünden siz gurnadyňyzam diýip bolmaz. Işleri ýaradan Allahdyr. Ýöne Allah size degişli bolan şu işleri ýaradanda, siziň jüzi erkiňize seredýär. Siz erkiňiz bilen näme isleýän bolsaňyz, Allah-da şony ýaradýar. Mysal üçin, Allah şu jaýyň içindäki elektrik mehanizmini işlär ýaly edip ýaradypdyr. Jaýy ýagtyltmak Allahyň işidir. Elektron akymlaryndan ýagtylyk emele getirmek, jaýy ýagtaltmak – bular işiň bir görnüşidir. Bu işleri „Nurun Nur, Münewwirun nur, Musawwirun Nur“ bolan Allah ýaradýar. Emma, şu jaýda çyra ýakmak meselesinde siziňem bir goşandyňyz bardyr. Olam – Allahyň guran şu mehanizminiň düwmesini basmakdyr. Şol elektrik mehanizminiň ýagtylyk bermegi siziň erkiňizde däldir. Şol düwmäni basmak welin siziň erkiňizdedir.
Mysal üçin, taýýarlanyp, işläýmeli edilip goýlan bir motory göz öňüne getiriň. Şol motory işletmek üçin, diňe düwmä basmak ýeterlikdir. Şol motory işletmek bolsa, motory ýaradan Allaha baglydyr. Şonuň üçinem, adamyň düwmä basmak ýaly, ýönekeýje edýän işine biz „kesp“ ýa-da „Jüzi erada“ diýýäris. Ähli işleri ýaradýan Allahdyr. Şu ýerde erada bölünşigi ýüze çykýar:
a. Külli erada
b. Jüzi erk (erada)
Erada – islemek diýmek. Erada diňe Allahda bolýandyr. „Allahyň isläninden başgasyny isläp bilmersiňiz“ (Ynsan, 76/30).
Muňa dogry düşünmek gerek. Biz „Adamyň barmagyny düwmä degrerçe erki bardyr“ diýmek bilen, „Mejbury determinizm“ diýen ýalňyş düşünjeden doly daşlaşýarys. Işi döredýän Allahdyr diýmek bilen, biz Mutezile mezhebindäkiler hem-de rasýonalistler ýaly pikir etmeýänimizi aýan edýäris. Şeýtmek bilen, biz ne uluhiýetinde, ne-de rububiýetinde Allaha şärik goşdugymyz bolýar. Allah birdir. Allah ýaratma işinde-de ýeke-täkdir. Allah öz işini özgä goýmaz. Her bir zady Allahyň özi ýaradýandyr. Emma, bu dünýä synag ýeri bolany üçin, Allah ýaradýan zatlaryny beşeriň erkine baglylykda ýaradýandyr.
Beýik danalaryň biri muny şeýle düşündirýär: „Bir çagajyk saňa: „Meni göteräý“ diýse, senem ony gujagyňa alyp göterseň. Soňam, ol saňa: „Meni pylan ýere äkit“ diýse, senem ony şol aýdan ýerine äkitseň. Olam o taýda üşäp, ýoňlady diýeli. Indi o çaga: „Meni näme üçin o taýa äkitdiň“ diýip, senden närza bolup bilermi? Närza bolup bilmez. Sebäbi, onuň özi isledi ahyry. Gaýtam, sen oňa: „Sen özüň meni şol ýere äkit diýmediňmi“ diýip şarpygam çalarsyň “.
Ine, şu ýerde çaganyň erkini iňkär edip bolarmy? Iňkär edip bolmaz. Sebäbi, ol isledi, haýyş edip sorady. Senem ony aýdan ýerine alyp gitdiň. Kesellemek işini hem çaganyň özi ýaradan däldir. Şonuň üçinem, keseli beren bilen, ony o taýa elten we şol ýere gitmäge höwes bildiren – bular biri-birinden bölünip aýrylýar. Biz Takdyra we ynsanyň erkine şu nazar bilen seredýäris.
Nämäniň dogrulyny, her zada kadyr bolan Allah bilýändir.
4-nji sorag: Kurany Kerimde: „Men kimi islesem, ol zelalatdan aýrylmaz. Kimiň Hak ýoluna girmegini islesem, olam Hak ýolundan aýrylmaz“ diýilýär. Kurany Kerimiň ýene bir ýerinde bolsa: „Ynsan ogluna akyl, pikir berdim. Erkini onuň eline berdim. Üstesine-de, oňa dogry ýolam, egri ýolam görkezdim. Haýsyndan gitse gitsin“ diýilýär. Bulara nädip düşünmeli?
Jogap: Şu soragyň içinde iki sorag bardyr. Birinjisi: „Allatagala näme islese, şol bolýarmy? Ýa-da ynsan öz erkini ulanýarmy?“. Soragdaky aýat şeýledir: „Allah bir kimsäni hedaýata ulaşdyrsa, ony hiç kim azdyryp bilmez. Allah kimi zelalata salsa, ony Hak ýoluna salyp biljek bir kömekçi tapyp bilmersiňiz “(Kehf, 18/17) Hedaýat diýmek – dogry ýol, pygamberleriň giden ýoly diýmekdir. Zelalat bolsa – azgynlaryň ýoludyr, Hak ýolundan azaşmak diýmekdir.
Üns beren bolsaňyz, bularyň ikisem işiň bir görnüşleridir. Hedaýatam, zelalatam ynsanyň ýerine ýetirýän funksiýasydyr. Şonuň üçinem, bularyň ikisinem Allah ýaradandyr. Her zady Allah ýaradandyr. Zelalaty Mudill ady bilen ýaradan, hedaýaty Ha:dy adynyň tejellisine baglaýan diňe Allahdyr. Diýmek, bularyň ikisinem beren Allahdyr.
Emma, bu diýmek – adamyň erki elinden alnyp, Allah tarapyndan zorluk bilen zelalata ýa-da hedaýata iterilmegi diýmek däldir. Allah zorluk bilen adamy erbet ýa-da gowy adama öwürmeýär.
Şu meseläni gysgaça düşündireýin. Adamyň hedaýata ulaşmagy ýa-da zelalata girmegi Allaha baglydyr. Hakyky mülk eýesi Allahdyr. Bularam ýaradan Allahdyr.
Hasam giňişleýin düşündireýin: Allah ynsany hedaýata salýar. Hedaýata eltýän sebäpler bardyr. Mesjide barmak, nesihaty diňlemek, pikiriňi durlamak – hedaýata barýan ýollardyr. Kurany Kerimi diňlemek, aýatlaryň manysyna düşünmäge çalyşmak hedaýata barýan ýollardyr. Resuly Ekremyň (s.a.w) huzurynda bolmak, Onuň (s.a.w) ýoluna özüňi bagş etmek – hedaýata barýan ýollardyr. Ynsanyň şu ýollaryň üsti bilen ümzügi hedaýata sary bolýar. Hawa, mesjide barmak ymtylyşyň bir kiçiräk görnüşidir. Mesjide gatnamak, adamyň hedaýata girmegine sebäp bolýar. Allatagala onuň şu ymtylyşyny görýär we ony hedaýata salýar. Hedaýata salýan Allahdyr. Ýöne hedaýata baryp ýetmek üçin adam öz erkini ulanyp, Allahyň gapysyny kakmalydyr.
Adam haram işleriň öýjügi bolan ýerlere gitmek bilen, Allahyň „Mudill“ adynyň gapysyny kakýar. Adam şu gapyny kakmak bilen Allaha: „Meni azdyr“ diýýär. Allah hem islese, ony zelalata salýar. Emma, Allah islese, onuň öňüne päçgelçilik çykaryp, ony zelalata salmanam bilýär. Üns berýän bolsaňyz, ynsanyň elindäki erki juda ujypsyzdyr. Ynsan şeýle az erki bilen hedaýaty-da, zelalaty-da döredip bilmez.
Mysal getireýinmi? Serediň. Kurany Kerimi we wagyz-nesihatlary diňläniňizde ýa-da ylmy bir kitap okanyňyzda, siziň kalbyňyz nurdan dolýar. Muňa garamazdan, azan, doga-dilegler käbir adamyň jegebesini darykdyrýar. Siziň ýüregiňizi nurdan doldurýan zatlar käbirleriniň ýüregini bulaýar.
Diýmek, adamy Hak ýoluna salýanam, Hak ýoldan azaşdyrýanam Allahdyr. Kimde-kim öz erki bilen zelalatyň ýoluna girse, Allah ony zelalata imrindirýär. Adam öz erki bilen zelalat ýoluna gireni üçinem, jeza çekýär.
5-nji sorag: Allah köp adamlara ulag, jaý, mal-mülk, wezipe, şan-şöhrat beripdir. Käbir adamlara-da garyplyk, görgi, kynçylyk, hasrat beripdir. Bu näme üçin beýle bolýar? Allah özüniň söýýän adamlaryna baýlyk berýärmi? Allah näme üçin käbir adamlara horluk görkezýär?
Jogap: Muňa meňzeş soraglary diňe hakykaty öwrenmek üçin sorap bolar. Eger-de başga bir niýet bilen soralsa, onda günä iş edildigi bolar.
Allah islänine ulag, jaý we wezipe berýär. Allah islänini-de garyplykda ýaşadýar. Emma, şu meselede maşgaladan gaýdýan käbir sebäpleri iňkär etmeli däldir. Mysal üçin, käbir adamlaryň pul gazanmaga bolan ukybynyň barlygyny iňkär edip bolmaz. Edil şolar ýaly, käbirleriniň öz döwrüniň şertlerine görä, pul gazanmagyň ýollaryny tapyşyny-da iňkär edip bolmaz. Munuň bilen birlikde, Allatagala, käbir adamlar şeýle ukyba eýe bolsalar-da, olary baýlykda baýnatmandyr. Bir hadysda „Allahyň mal-mülki söýýänine-söýmeýänine, dini hem-de imany bolsa söýýänine berýändigi“ aýdylýar. Bu hadysam bize köp zady düşündirýär.
Birem, mal-mülk hökman haýyr saýylmaly diýen zat ýokdur. Hawa, kä wagt Allatagala mal-mülk we dünýewi rahatlyk isleýänleri arzuwyna ýetirýär. Käwagtam ýetirenok. Emma, Allahyň berenem, bermänem – biziň üçin haýyrlydyr. Sebäbi, sen gowy adam bolup, berleni ýerinde ulanmagy başarýan bolsaň, mal-mülk seniň üçin haýyrdyr. Gowy adam däl bolup, Hak ýolundan azaşan bolsaň, Allahyň bermesem, bermezligem seniň üçin haýyrly däldir.
Hawa, Haka barýan ýoluň ugruny bilmeýän bolsaň, garyplygam seniň küpüre girmegiňe sebäp bolýar. Sebäbi, garyplyk seni Allahdan närza bolmaga iterýär. Şeýdip, sen her gün Allahyň garşysyna gidýärsiň. Eger-de sen Hak ýolundan ýöremeýän bolsaň, baýlygyň seniň başyňa bela bolar. „Mal-mülk we perzent dünýä ýaşaýşynyň bezegidir hem-de synagydyr “ (Kehf, 18/46). Häzire deňiç, şu synagdan juda köp adamlar geçip bilmän ýykylypdyr. Nijeme baýlar ýaşap geçipdirler. Olar altyndyr tyllalaryň içinde ýüzselerem, nygmatyň gadryny bilmändikleri üçin, olaryň ýüregine nur girip bilmändir.
Allatagalanyň beýle adamlara mal-mülk bermegi, olaryň Hak ýolundan azaşmagyna sebäp bolupdyr. Olar ruhy hem kalby taýdan ýaşamagy bes edipdirler we Allahyň olaryň zandyna guýan ukyplaryny püçege çykarypdyrlar. Şeýlelikde, olar Hak ýolundan azaşypdyrlar.
Ýeri gelende, Pygamber Serwerimiziň (s.a.w) şu hadysynam belläp geçesim gelýär: „Araňyzda şeýle adamlar bar welin, elini galdyryp, Allaha kasam etseler, Allah olaryň beren sözlerini ýerine ýetirer. Allah olaryň beren sözüni ýalana çykarmaz. Bera bin Malik olaryň biridir“. Enesiň dogany bolan Bera garyp durmuşda ýaşaýardy. Onuň başyny sokar ýaly ýerem ýokdy. Ine, Bera ýaly, üsti-başy eleşan, hor-homsy ýaşaýan nijeme adamlar beýik ynsanlaryň hatarynda goýlupdyr. Olaryň beýikligi ýürekleriniň giňligi bilen ölçelipdir. Resuly Ekremiň (s.a.w) dilinde olar „Allahyň ýalana çykarmadyk adamlary“ diýlip häsiýetlendirlipdir.
Şonuň üçin, baýlygam, garyplygam betbagtlyk däldir. Belkem, ýerine görä garyplygam, baýlygam Allahyň iň uly nygmatydyr. Allah Resuly (s.a.w) hemişe-de garyplygy isläpdir. Pygamberimiz (s.a.w) „Dünýäniň olaryňky, ahyretiňem biziňki bolmagyny islemezmiň?!“ diýer eken. Dünýäniň hazynalary döwletiň gaznasyna akýan wagty, hezreti Omar (r.a) ýurduň baştutany bolubam, garyplykda ýaşapdyr. Ol açlykdan ölmejek derejede güzeran aýlapdyr. Mundan artyk islemändir.
Emma, şeýle garyplar bardyr, Allah saklasyn, olar küpüre girýärler. Mysal üçin, ýokarda berlen soragy bir musulman däl-de, Allahyň berenine şükür etmeýän biri soran bolsady, onda ol kapyr bolýandyr. Sebäbi, Allahyň berenine närazy bolan adam kapyrdyr.
Diýmek, ýerine görä, garyplygam nygmatdyr. Ýerine görä, garyplyk giden bir döwletdir. Esasy mesele – kalbyňy päk saklamakdyr. Ýagny:
„Ýa Rebbim! Senden näme geläýse gelsin – halanymdyr“
„Hoşdur maňa Senden gelen,
ýa halatdyr ýa-da kepen,
Ýa terje gül ýa-da tiken,
Lutfuň-da hoş, gahryň-da hoş“
Gündogar Anadoluda: „Senden o-da hoş, hem bu hoş“ diýýärler.
Ynsan halat geýip, baýlygyň içinde gulaçlap ýüzse-ýüzübersin, Allaha ýakyn durmagy başarýan bolsa, Abdulkadir Geýlany mysaly onuň aýagy welileriň egninde, mübärek başy-da Resuly Ekremiň (s.a.w) donunyň syýyna deger. Emma, Allaha ýakynlyk ýok bolsa, adam bu dünýede-de, o dünýede-de muşakgat çeker. Sebäbi, Allaha ýakyn durmaýan baýlar, daşyndan seredäýmäge, bagtly ýaly bolup görünseler-de, olar ahyrda ullakan ýitgä sezewar bolýarlar.
6-nji sorag: Allah näme üçin adamlary deň ýaratmandyr? Näme üçin adamlaryň käbiri kör, käbiri agsak?
Jogap: Allah mülküň eýesidir. Allah öz mülkünde islänini edýär. Allahyň işine hiç kim goşulyp bilmez. Seniň atomlaryňy ýaradan, seni ýasan Allatagaladyr. Seni ynsan edip ýaradanam Allahdyr. Sen näme, başdan Allaha: „Meni şeýle ýarat“ diýip bir zatlar berdiňmi? Bermediň. Beýle bolsa, Allah saňa hiç zat bergidar däl. Eger-de saňa berlenleriň muzdy hökmünde Allaha bir zatlary gaýtaryp beren bolsadyň, onda seniň „Bir göz berme, iki göz ber, bir el berme, iki el ber“ diýmäge, „Näme üçin iki aýak bermän, ýeke aýak berdiň“ diýip närza bolmaga hakyň bardyr. Emma, sen Allaha hiç zat bermänsiň. Allah hiç haçan adalatsyzlyk etmez. Allah saňa hiç zatda borçly däldir. Sen näme ýagşylyk eden bolsaň, Allah hökman bilýändir.
Allatagala ynsany ýoklukdan çykaryp, bar edipdir. Allah seni ynsan edip ýaradypdyr. Üns berseň, senden pesde durýan nijeme mahluklar bardyr. Olara seredip, nämä eýedigiň hakda oýlanyp gör.
Allatagala käbir ýagdaýlarda ynsanyň aýagyny alsa-da, ahyretde oňa juda köp zatlary bagş edýär. Allah ynsanyň aýagyny almak bilen, onuň ejizligini, mätäçligini görkezýär. Şol pursatda, ynsan öz kalbyny Allaha tarap öwrüp, duýgularyny kämilleşdirip bilse, onda ol juda az zat berip, köp zady aldygy bolýar. Diýmek, daşyndan seredäýmäge, üýşendiriji bolup görünýän zatlar, aslynda Allahyň yhsanydyr. Edil şehit bolup, jennete gitmek ýaly... Hawa, adam söweşde şehit bolýar. Şehit bolmak bilen, hasap gününde Allahyň huzurynda syddyklaryň, salyhlaryň gözi gidýän derejesine çykýar. Hasap güni onuň çykan mertebesini görenler: „Käşgä, Allah bizem söweş meýdanlarynda şehit eden bolsady“ diýerler. Şonuň üçinem, bular ýaly adam söweşde parça-parça bolsa-da, onuň üýtgeşik ýitiren zady bolmaz. Belkem, onuň aljak serpaýy muňa garanyňda has uludyr.
Özüniň kemli ýaradylandygyna ýa-da betbagtçylyga uçrap, bir synasyny aldyrandygyna kemsinýän adamlar juda seýrekdir. Şuňa meňzeş ýagdaýlar juda köp adamyň Allaha ýakynlaşmagyna sebäp bolupdyr. Şonuň üçinem, öz Takdyryndan dilgir bolýanlaryň bu meselede ýitirýän zatlaryna asla esaslanmaly däldir. Bu meselede esasy zat – ebedilige teşne bolan ynsan ruhunda o dünýä bolan dogry garaýşy oýarmakdyr. Ynsana bagş edilen şeýle ýetmezler kemlini Allaha ýakynlaşdyrýan bolsa, daşyndakylary hem ybrat-nemaga almaga iterýän bolsa, onda ynsanyň kemterligi onuň üçin bagtdyr.
Ynsan, haýwanlar, ösümlikler we beýleki janly-jandarlar Allahyň gudraty bilen Ýer ýüzünde peýda bolýarlar. Olar Allahyň gudratyny görkezýän aýnalardyr. Ine, olar şu aýna bolmak wezipelerini ýerine ýetirip, bärden göçüp gidýärler. Soň, olaryň ýerine başgalary gelýär.
Şu dünýäde, dogulmagam, ölmegem synag hökmünde amala aşýandyr. Her bir zadyň barlyga ulaşmagy, bar bolan beýik Gudratyň aýdyň delili bolmak bilen birlikde, kazasy dolanda olaryň bu ýerden göçüp gitmegi, başy-soňy bolmadyk syrly bir beýik Barlygyň ebediligini görkezýär. Hawa, biz öň hiç zatdyk. Soň bar bolan biz we ähli zat, özümiziň barlygymyz bilen bir Gudratyň barlygyny gördük, duýduk. Şonuň netijesinde, biz bizi görýän, eşidýän bir Gudratyň barlygyna-da göz ýetirdik. Edil şonuň ýaly, ömrümiziň ahyryna çenli egnimizde amanat hökmünde göteren her bir zadymyzy taşlap gitmek bilen, ýeke-ýekeden gelýänlere, ýeke-ýekeden gidýänlere, gidip bilmeýänleriň ýerine derek beýik Ýaradany görkezýäris. Ol Allahdyr. „Siziň haýsyňyzyň has gowy iş etjekdigiňizi synamak üçin, ýaşaýşy we ölümi ýaradan Allahdyr“. (Mülk, 67/2).
Şu dünýä näme üçin gelendigiňi bilmek, şu dünýäniň synagyndan geçmek we dünýäden göçüp gitmäge taýýarlyk görmek – ine, ynsan üçin iň möhüm iş şudur.
Indi bolsa, gysgajyk girişden soň, „Bir wagtda dünýeden aýrylýanlaryň ählisiniň ajaly birden gelýärmi?“ diýen soragyň üstünde duralyň.
Hawa, ählisiniň ajaly birden gelýär. Munuň şeýle bolmagyna päsgel berýän hiç zat ýokdur. Barlygyň ählisini elinde saklaýan beýik Biribar, zerrelerden galaktikalara çenli bar zady hem-de bar kişini öz Takdyry bilen bile ýaradypdyr. Edil şonuň ýaly, Allah olaryň ählisiniň janyny birlikde-de alyp biler. Ynsanlaryň biri-birinden aýra ýaşamagy, biri-birinden tapawutly ýaradylmagy bu işiň amala aşmagyna päsgel berip bilmez.
Hiç bir zat soňsuz Gudraty bolşy ýaly görkezip bilmez. Emma, beýik Biribar hakda oýlanmaga iterýän, Ony ýatladýan juda köp zatlaryň barlygyny aýtsa bolar.
Jemläp aýdanymyzda, ykbaly Güne örklenen dürli görnüşdäki jandarlar özlerine çyzylyp berlen ýoldan çykman, Güne seredip ýaşaýyşlaryny dowam etdirýärler. Olar Günüň şöhlesine ezilip, al-elwan reňke boýanýarlar. Gün bilen owadanlaşýarlar. Günüň batmagy bilen bolsa, olar süllerýär. Edil şu mysaldaky ýaly, her bir zat birmeňzeş baharyň gujagynda emele gelýär. Her bir zada ýazda jan girýär, güýzde-de bar zady hazan urýar. Emma, olaryň hersiniň Takdyry aýry-aýrydyr. Her bir zat Allahyň beýik ylmy bilen, Allahyň soňsuz islegi bilen ýaradylýar. Hawa, hiç bir zat öz islegi bilen bar bolup bilmeýär. „Ýerde hem deňizde bar bolan her bir zady Ol biler. Şahasyndan gaçan ýapragy, ýeriň garaňky jümmüşindäki dänäni Ol bilýär. Gök ýa gury (diri-öli) näme bar bolsa, ählisi Kitaby Mübindedir“. (Enam, 6/59) Agaçlaryň, otlaryň, tohumlaryň, däneleriň ýaşaýşy hem ölümi, ösüşi hem miwesi göz astynda saklanybam, ynsan ýaly kämil bir barlyk: „Näme etseň şony et“ diýlip başdan sowlarmy? Allahyň bir zady görmegi, beýleki zady görmegine päsgel bermeýär. Allahyň bir zady eşitmegi, beýleki zady-da eşitmegine päsgel bermeýär. Elbetde, Allah özüniň ezizläp ýaradan mahlugyna ähmiýet berjekdir. Allah ynsany älemiň patyşasy edip ýaradypdyr. Şonuň üçinem, Allah ynsandan aýratyn hasap sorap, oňa aýratyn serpaý ýapar. Allah ynsany huzuryna çagyryp, ony aýratyn sylaglar.
Allahyň huzuryna çykmaga çakylyk, käwagt düşekde ýatana, käwagt söweş meýdanynda söweşýänä, käwagtam betbagtçylyga uçrana berlip bilýär. Allahyň huzuryna çykyşlyk hatda köpçülikleýin ýa-da ýekeleýin bolubam bilýär. Beýik Ýaradanyň adama bolan garaýşy babatda bular, asla netijä täsir etmez. Soňsuz Ylym we Gudrat eýesi her ynsanyň erkini öz elinde saklaýar we her barlyga belli bir ömür berýär. Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, öňünden kimiň harby gullukdan boşajagy belli bolup, wagty gelende şol esgerleriň ätiýaja ugradylmagy – ynsanyň şu dünýäden bakyga göçüşine meňzeýär.
Galyberse-de, adamyň janyny alýan sansyz perişdeler bardyr. Olar sähel salymda müňlerçe ýere baryp bilýärler. Takdyrda ýazylan bolsa, ynsanyň janyny almaga birnäçe perişde-de gelip bilýär. Perişdeler ellerindäki kitaba görä, ynsany Allahyň huzuryna çagyrýarlar.
Dünýede bolup geçýän betbagtçylyklary doly öwrenip bolsady, onda hem-ä kime nämäniň Takdyr edilendigini hem-de wepat bolanlaryň ählisiniň ajallarynyň birlikde gelendigini görse bolardy. Muňa meňzeş geň-enaýy wakalary ýygnamak üçin jiltläp kitap ýazmaly. Şu wagta çenli ýazylanlaryň özem köpdür. Kitap ýazmaga sebäp boljak şeýle hadysalary biz günde-günaşa gazet-žurnallarda okamaýarysmy?
Mysal üçin, şäherleri ýer bilen ýegsan eden aýylganç ýer yranmasy... Müňlerçe adam janyny aýaman, kesegiň asdynda galanlary halas etmek üçin göreşýär. Emma, halas edilmediklerem galýar. Gözlegçiler ençeme günden soň, ýumurlan diwarlaryň asdynda ýeke ýerem sypjyrylmadyk ýüzlerçe çaganyň üstünden barýarlar. Ýa bolmasa, kanala tirkeg agdarylýar. Tirkegde oturan işgärleriň bary ölýär. Ýekeje gundagly çaga welin, suwa gark bolman, halas bolýar... Uçar ýere gaçanda, men-men diýen ýigitler ajalyň elinden sypyp bilmeýär. Bir çagajyk bolsa, uçar ýere zarply urlanda, iki ýüz metr uzaga zyňlyp, halas bolýar... Ine, şuňa meňzeş ýüzlerçe hadysa şuny subut edýär. Ýaşamagam, ölmegem öz-özünden döremeýär. Gelmek-gitmek meselesi älemi dolandyrýan beýik Gudratyň gözegçiliginde bolup geçýär.
Ýaşaýşa ýeke-ýekeden ýa-da köpçülik bolup gelýän her barlyk öz tebigatynyň inçe syrlaryny açmaga, beýik Biribary görkezýän aýna bolmaga borçludyr. Ine, olar şu borçlaryny berjaý edip, bu dünýäden ýekeleýin ýa-da köpçülikleýin göçüp gidýärler.
Birlikde ençeme adamyň janyny almak, her zady başdan-aýaga çenli doly bilýän Allah üçin kyn bir iş däldir. Galyberse-de, her adamyň daşynda giden perişdeleriň aýlanýandygyny, mundan başga-da, jan alýan sansyz perişdeleriň barlygyny bize Allatagala habar berýär. Bu ýerde şeýle soragyň ýüze çykmagy mümkin: „Betbagtçylyklarda günäkärlerem, bigünälerem – bary bile jan berýärler. Bu barada näme diýip bolar?“
Şuny belläp geçesim gelýär. Şuňa meňzeş soraglar ynanjyň gowşaklygyndan ýüze çykýar. Eger-de ýaşaýyş diňe dünýewi durmuşdan ybarat bolsady we ynsan başdan-aýak diňe şu dünýäde ýaşamaly bolsady, onda şeýle sowalyň berilmegini ýerlikli hasaplasa-da bolar. Emma, ynsan üçin şu dünýä ekin meýdanydyr, garaşylýan otagdyr. O dünýä bolsa, hasylyň ýygnalýan ýeridir. O dünýä – şu dünýäniň dert-azarlaryndan dynyp, bagta ýetilýän ýerdir. Şonuň üçinem, şu dünýäde gowy erbet bilen, günäkär bigünä bilen bile jan berýär. Munuň şeýle bolmagy, akyla asla ters gelmeýär. Sebäbi, ikinji diriliş bilen her kim özüniň niýetine, eden etmişlerine görä aýratyn bir barlyga gowuşýar. Dünýäde kim nähili ýaşan bolsa, şoňa görä-da, ynsanyň barjak ýeri kesgitlenýär.
Gepiň gysgasy, ajal adamyň bu dünýädäki wezipesinden dynanyny görkezýär. Ynsanyň bu dünýäden göçmegi Allatagalanyň permanydyr. Ynsanyň Takdyrynda onuň ajalynyň haçan geljegem ýazylandyr. Wagty dolanda, Takdyrda ýazylanlar berjaý edilýär. Munuň köpçülik ýa-da ýekelik bilen baglanşykly ýeri ýok.
Şu soragyň döremegine näme sebäp bolýar. Birinjiden, beýik Ýaradanyň çäksiz gudrata, ylma hem-de erada eýeligini bilmezlik sebäp bolýar. Ikinjidenem, adamyň barlyga hem hadysalara ýalňyş garaýşy sebäp bolýar. Zehinimizi „Tebigatda bar zat öz-özünden, tötänlikden döreýär“ diýen düşünjeden arçap bilmesek, onda şeýtanyň was-wasalaryndan asla gutulyp bilmeris. Daşymyzda gopýan hadysalara seretdigimizçe, şeýtanam bize awusyny pürker durar.
Biziň ruh dünýämiziň göýdükliginiň ýany bilen, bize her gün käse-käse şübheler içirilýän bolsa, bu bir aýylganç betbagtçylykdyr. Dünýäniň häzirki ýagdaýyny görüp, ýaş nesilleriň dogry ýoldan çykýanyna däl-de, olaryň dogry ýolda nädip saklanyp bilýänine geň galmaly.
Ähmiýetsiz ýaly bolup görünýän şuňa meňzeş meseleleriň üstünde kän durup geçmegiň näme zerurlygy bardy diýmäň! Sebäbi, imany sarsdyrýan her bir zat biziň üçin ullakan meseledir. Biziň nazarymyzda iman bilen baglanyşykly meseläniň ulusy-kiçisi bolmaz. Şonuň üçinem, üstünde durup, näçe düşündirip geçseňem azdyr.
7-nji sorag: Adamyň haçan we nädip öljegi öňünden kesgitlenen bolsa, ganhoryň näme günäsi bar?
Jogap: Ajalyň wagty hem-de nädip geljegi öňünden kesgitlenipdir. Belli ýollar bilen barlyga gowuşmak, belli bir esaslarda barlygyňy dowam etdirmek we belli bir wagtdan soň sahnadan aýrylmak – her bir barlyk üçin gutulgysyz hakykatdyr. Hawa, her zat juda giň hem umumy Takdyryň töwereginiň çäginde, özi üçin çyzylan araçäkde dünýä inýär, ösýär, soňam dünýeden gaýdýar. Bu ezeli, üýtgemejek bir ýoldur. Bakylyga çenli dowam etjek bir çarhdyr.
Zerrelerden galaktikalara çenli, ajaýyp düzgün-nyzamly aýlanyp duran şu gojaman älemiň gujagynda ýaradylan tebigy bilimlerde, şol bilimlere degişli üýtgemeýän kanunlarda her bir zadyň Takdyrynyň ýazylandygyny aýdyň görse bolýar. Ine, başlangyçda bar zat oýlanyşykly çyzylypdyr diýen düşünjä ten bermän, ne älemdäki ajaýyp sazlaşygy düşündirip bolar, ne-de älemde bar bolan tebigy bilimleri ösdürip. Älemiň ajaýyp, çylşyrymly matematiki, geometriki hasaplar bilen aýlanyp durany üçin, fiziki tejribehanalarda belli bir kanunlara görä barlag geçirip bolýar. Älemiň düzgün-nyzamly ýaradylany üçin, anatomiýany belli bir kanunlar esasynda öwrenip bolýar. Allatagalanyň goýan kanunlarynyň esasynda asman giňişliginiň jümmüşine aralaşyp bolýar.
Tertip-düzgüni bolmadyk bir älemde, belli bir plan esasynda çyzylmadyk bir dünýäde we kada-kanuny bolmadyk bir tebigatda pozitiw bilimleriň hiç birini göz öňüne getirip bolmaz. Aslynda, bilim barlykda hökmürowan bolan kanunlara biziň ünsümizi çekýär. Bilim bize şol kanunlary görkezýär. Bilim şol kanunlaryň kitaba geçirilen görnüşidir.
Biz beýle diýmek bilen, bilimi hem-de ylmy açyşlary kemsitjek bolamzok. Diňe, olaryň ýerini, ähmiýetini we agramyny ýatlatjak bolýarys. Men tebigy bilimlerden has wajyp meselelere siziň ünsüňizi çekesim gelýär. Olam – tebigy bilimden hem-de ylmy açyşlardan öň älem-jahanyň gursagynda ýürek mysaly urýan düzgün-nyzamdyr. Şeýle düzgün-nyzamy, Takdyry meýilnamalaşdyryp, tutuş älem-jahanyň esasyny goýan Gudrat, gör nähili mukaddesdir.
Tebigatda bar bolan kanunlary adam jemgyýetiniň esasynda synagdan geçiren sosiologlaram bolupdyr. Sosiologlaryň bu tutumy birnäçe jedellere sebäp bolsa-da, älemi gurşap alýan düzgün-nyzamyň beýik Gudrat tarapyndan meýilleşdirlendigini boýun alýandyklaryny görkezýär.
Aslynda, ynanç we ygtykat bilen baglanyşdyrylýan hakykat öňden bärem bardyr. Şu hakykat daşardan hiç hili goldawa mätäç däldir. Dünýä bolan garaýşy bulaşan, ýaşlygyň ýelginine aldanan nesillere „Yzyňyza dolanyň!“ diýmek bilen, olary ýoldan çykaranlaryň ýalňyş pikirlerine degesim gelýär. Ine, şonuň üçinem men gürrüňimizi uzaldyp, asyl temadan daşlaşmaly boldum. Bütin älemiň iň inçeden sazlaşykly aýlanmagy, atomlardan galaktikalara çenli her zadyň ajaýyp düzgün-nyzamly hereketi tutuş materiýany bir-biri bilen berk baglanyşdyrýan Takdyra – beýik häkimýete şaýatlyk edýär. Ýaradylaly bäri dünýäleriň ählisi şu beýik häkimýete boýun egýändir. Her bir zat Allahyň eradasyna boýun egýär. Allahyň islegi bilen bar zat bir ýagdaýdan başga bir ýagdaýa geçip, aýlanyp durandyr.
Ýöne ynsan we erkli käbir barlyklar üçin ilkinji ýaradylyş düýp-teýkary bilen mejburlyga daýanýanam bolsa, soň-soňlar erkli barlyklar, erke bagly ýagdaýlarda beýlekilerden düýpgöter bölünip aýrylýar. Şeýle artykmaçlyk sebäpli başdan ýazgydyň ýazylmagy diýen aňlatmanyň manysy ynsan we şoňa meňzeş barlyklar üçin üýtgeýär. Aslynda, soralan soragam adamyň şeýle artykmaçlygyna göz ýetirmäninden hem-de şu artykmaçlygy beýleki närseler ýaly öýtmekden gaýdýar. Şonuň üçinem, ynsan bilen beýleki barlyklaryň arasynda bar bolan şular ýaly tapawut, bu meseläniň agramly bölegine çözgütdir. Galany bolsa, Allahyň ylmynyň ähli barlygy gurşap alandygyna ynanmakdan ybaratdyr.
Hawa, ynsanyň erki bar. Şonuň üçinem, ol beýleki barlykdan tapawutlanýar. Ine, erk ynsany erbede ýa-da gowa, sogaba ýa-da günä imrindirýär. Ynsan öz erki bilen näme isleýän bolsa, Allatagala şonam ýaradýar. Ynsan öz erki bilen haýyry islese, Allah oňa haýry ýaradýar. Emma, ynsan öz erki bilen şeri islese, Allah oňa şeri ýaradýar. Netijede, ynsan özüniň eden işine jogap bermeli bolýar. Şu jogapkärçiligi başdan ynsanyň ýazgydyna ýazan, soňam wagty gelende şony ýaradýan beýik Biribar özüniň eden işi üçin hiç kime hasap berýän däldir.
Mysal üçin, diýeliň, Allatagala pasyllaryň çalyşmasy ýaly, uly hadysany biziň dem alyp-berşimize bagly eden bolsun. Goý, Allah bize „Pylança mukdardan artyk dem alsaňyz, ýaşaýan ýeriňiziň howa ýagdaýy üýtgär“ diýen bolsun. Bizem sebäp-netije ýörelgesi babatda, dem almak bilen pasyllaryň çalyşmasynyň arasynda hiç hili baglanşyk görmän, gadagan edilen çäkden geçýäris. Allah-da sözünde durup, howany üýtgetse, howanyň üýtgemegi uly hadysa bolsa-da, biz muňa sebäp boldugymyz bolýar. Biz öz eden işimize jogap bermeli bolmaýarysmy?
Ine, edil şu mysaldaky ýaly, her kim elindäki erki bilen nämä sebäp bolan bolsa, şonuň netijesinde günäkär hasaplanýar we jeza çekýär. Ýa bolmasa, ol adama sylag-hormat edip, serpaý ýapýarlar.
Indi bolsa, meseläniň ikinji maddasynyň üstünde duralyň. Ýagny, Ýaradyjynyň ähli zady gurşap alan ylmynyň ynsan erkini goldamagydyr.
Allahyň ylmyna görä, tutuş barlyk we barlygyň aňyrsyndaky ähli zat sebäp hem netije bilen içgin baglanşyklydyr. Öň-soň, sebäp-netije, ogul-ata, bahar-tomus bir hakykaty görkezýändir. Allahyň ylmynyň ýanynda soňam birdir, başam. Sebäbem birdir, netijede.
Kimiň haýsy ugra ýykgyn etjegini, kimiň erkini nämede ulanjagyny Allah öňünden bilýär. Şol sebäplere görä-de, Allah adamyň Takdyryny ýazýar. Ynsanyň Takdyry ýazylmak bilen, görşüňiz ýaly, onuň erki elinden alnanok. Gaýtam tersine, ynsanyň näme isleýändigi göz öňünde tutulýar, şoňa görä-de oňa ýazgyt ýazylýar. Adamyň näme isleýänligine ähmiýet berilýär. Mysal üçin, danalaryň biri öz şägirtlerine: „Üsgülegiňizi saklap bilseňiz, size sowgat berjek. Eger-de hiç bir sebäpsiz üsgürseňiz welin, siz sowgadyň ýerine käýinç alarsyňyz“ diýýärmiş. Şeýle diýmek bilen dana öz şägirtleriniň erkiniň barlygyny ykrar edýär. Edil şu mysaldaky ýaly, beýik Ýaradan öz bendelerine: „Seniň şu tarapa gitmäge meýliň bar bolsa, menem seniň meýil edýän zadyňy ýaradaryn. Men häzirden meýliňe görä, seniň ýazgydyňy ýazýaryn“ diýse, ynsanyň erkine ähmiýet berdigi bolýar.
Şol sebäpden, başda ýazgyt ýazylanda, ynsanyň erki elinden alynmaýşy ýaly, oňa bir iş etmegi mejbur hem edilmeýär.
Onsoňam, Takdyr we başky ýazylan ýazgyt Allahyň ylmyndan ybaratdyr. Ýagny, kimiň haýsy tarapa meýliniň boljagyny Allah bilýär. Şoňa görä-de, Allah çyzgy çyzýar. Bir zadyň boljagyny bilmek diýmek, şol zady eýle ýa-da beýle bolmaga mejbur etmek diýmek däldir. Allah ynsanyň nämä meýliniň barlygyna seredip, bolup geçen zatlaryň şeýle ýa-da beýle bolmagyna rugsat berendir. Şol sebäpden, barlyga ulaşyp emele gelen zatlar, Allah şol zatlaryň bar boljagyny bileni üçin emele gelen däldir. Gaýtam, tersine olaryň nädip emele geljegini Allah bilýär. Şoňa görä-de, başky Takdyr ýazylýar. Kelamçylar muny: „Ylym maglumata boýundyr“ diýen söz bilen düşündirýärler. Takdyr – bir zat nähili boljak bolsa, şo zeýilli şony bilmekdir. Tersine, ýazgytda ýazylany üçin, o zat bolanok. Kagyza çyzylan taslama terjibäniň üsti bilen bina öwrülýär. Edil şonuň ýaly, beýik Ýaradyjynyň taslamasy hasaplanýan – Takdyryň islendik bir zady döremäge mejbur etmeýändigi ikuçsyzdyr.
Gepiň gysgasy, Allatagala bolan, boljak her zady gurşap alýan ylymy bilen, sebäpleri netijeler ýaly, netijelerem sebäpler ýaly öňünden bilýär. Kimiň ýagşylyk etmäge niýet etjegini, kimiň erbet ýola baş goşjagyny we ine, şeýle meýilleriniň netijesinde nämeleri ýaratjagyny Allah öňünden kesgitläpdir, ýazgytda ýazypdyr. Wagty gelende-de, jogapkärleriň niýetlerine görä, Takdyrda ýazylanlary öz isleýşi ýaly ýaradýar.
Şonuň üçin, bir adamyň nädip we haçan öljegi, ýene biriniň hem o adamyň ganyna galjagy öňünden ýazgytda ýazylgy bolmagy, jogapkärçiligi aradan aýyrmaz. Sebäbi, ýazgyt ýazylanda, ol adamyň erki göz öňünde tutulandyr. Ol adam öz etmişine jogap bermeli bolar we şoňa görä-de oňa jeza beriler.
Takdyr bilen baglanyşykly şeýle agyr meseläni, esasan-da dogry çeşmeleriň üsti bilen gaýta-gaýta öwrenmeli.
8-nji sorag: Külli erada we jüzi erk näme diýmekdir?
Jogap: Allatagalanyň eradasyna halkyň arasynda „Külli erada“ diýilýär. Ýöne, sahaba, tabiýin we tebeýi tabiýin döwründe şu termin ýok eken. Ýagny, olar Allatagalanyň eradasyny „Külli erada“, adamyň erkini-de „Jüzi erk“ diýip tutmandyrlar. Halkyň şu meselä düýpli düşünmegi üçin şeýle terminleriň girizilmegi ýalňyş däldir.
Aslynda, şular ýaly terminler, wakalaryň netijelerinden getirlip çykarlan manyny aňladýar. Şonuň üçinem, şol manylaram ýalňyş däldir.
Allatagalanyň eradasyna „Külli erada“ diýmek bilen, şu many göz öňünde tutulýar: Ähli erk-erada Allahyňkydyr. Erada – Allahyň eradasyna berlen atdyr. Allah islese, özgäniň erkine seretmän, islänini ýaradýar. Bu ýerde, ýokarda ünsüňizi çeken meselämi ýene-de ýatladasym gelýär. Käbiri ýalňyşyp: „Allah islänini ýaradýar, islemeýäninem ýaratmaýar“ diýýär. Bu söz ýalňyşdyr. Dogry aýdylşy şeýle: „Allah bir zadyň bolmagyny islese, şol zat bolar. Allah bir zadyň bolmazlygyny islese, şol zat bolmaz“.
Älemde mejburylyk hökmürowandyr. Allah hiç kimden soraman, älem-jahany ýaradypdyr. Ol älemi ýaradanda, hiç kimiň erk-eradasyna esaslanmandyr. Allah: „Islänini ýaradýar“ (Büruç, 85/16). Ýöne, adamlara-da erk berlipdir ahyry. Şol erk ynsanyň mertebesiniň peselmegine ýa-da beýgelmegine sebäp bolýar. Ynsana erkiň berilmegi Allatagalanyň Rahman we Rahim atlary bilen baglanşyklydyr. Ýagny, Allahyň şu gözel atlarynyň gönüden-göni ynsana tejelli etmegi – oňa bagş edilen yhsandyr. Ýogsam, Ismi Azymyň we „Allah“ adynyň üsti bilen barlyga seretseňiz, tutuş älem-jahanyň mejburylyk bilen çarp urýanyny görersiňiz. Hawa, „Mülk eýesi öz mülkünde islänini edýär“ diýen kanunyň güýji ähli barlyklar üçin birdir. Diňe adama erk berlipdir. Ynsan erkini haýra gönükdirse, Allah haýry ýaradýar. Erk şer işlere gönükdirilse, Allah islese, şer işleri ýaradýar. Bize şeýle ýagdaýda haýsy hem bolsa bir ýoly saýlamaga güýç berýänem Allahyň Rahmaniýeti we Rahymyýetidir.
Ýagny, biz haýry islänimizde, Allahyň şol haýyr işi ýaratjagyna çyn ýürekden ynanýarys. Emma, käwagt ynsanyň isleýän şer işini Allah geçirimlilik edip, ýaratman bilýär. Mysal üçin, biri başga biriniň pikirini üýtgedip, ony ýoldan çykarjak bolýar. Şeýdip, ol adam erbet ýola girýär. Ýöne Allah ol adamyň ýa geçmişde eden haýyrly bir amaly sebäpli ýa-da gelejekde etjek haýyrly amallary sebäpli, onuň zelalata girmezligini isleýär. Şeýdip, Allah onuň üçin erbetlik ýaratmaýar. Hatda onuň öňüne böwet goýýar we ony erbet iş etmekden halas edýär. Allah onuň erbet ýere gitmeginiň öňüni alýar. Bu Allatagalanyň ata:sydyr. Bir tarapdan seredip görseň, jennete girmegem ynsanyň erkini nämä ulanýanyna bagly bolup durýar. Allatagala haýyrly işleri ýaradýar. Esasy zat – ynsanyň haýyrlary ýok edýän bir günä iş edip, Allatagalanyň ata:syndan hem-de yhsanyndan binesip galmazlygydyr.
9-nji sorag: Allatagalanyň ata: kanuny näme diýmekdir?
Jogap: Ata: sözi lütf, yhsan we peşgeş diýen manylary aňladýar. Ita hem şol kökden gelýär.
Ata:nyň kaza we Takdyr bilen baglanşygy biziň temamyza degişlidir. Ynsan şer işi talap etse, Allah-da onuň şer iş etmegini ýazgydynda ýazýar. Onsoňam, ynsanyň ýazgydy ýazylanda, onuň erki hökman göz öňünde tutulýandyr. Mysal üçin: men elimi ýokaryk galdyrýan bolsam, meniň şu işim entek elimi galdyrmankam Takdyrymda ýazylgydyr. Allatagala meniň öz erkim bilen elimi ýokaryk galdyrjagymy bilýär. Şonuň esasynda-da, meniň ýazgydymy ýazýar. Sebäbi, Allatagalanyň ylmy bar zady gurşap alandyr. Allah meniň näme etjegimi bilýär we şoňa görä-de meniň ýazgydymy ýazýar. Allatagala: „Pylan bendäm elini galdyrmaga meýil edýär, menem onuň şol işi etmegine rugsat bererin. Ýagny, eli galdyrmak işini ýaradaryn“ diýýär. Ýa bolmasa, „Men onuň şeýtjegini öňünden ýazdym“ diýýär. Ine, muňa Takdyr diýilýär. Ýagny, munuň şeýdip ýazylmagy – Takdyrdyr. Takdyrda ýazylanyň wagty gelende ýerine ýetirilmegi, ýagny, meniň elimi galdyrmagym – kazadyr. Kaza – ýazgydyň ýerine ýetirilmegi diýmekdir.
Ata:ny bolsa şeýdip düşündirse bolar: Mysal üçin, bir adam öz erkini ýaman ýolda ulanýar. Ýöne Allatagala ol adamyň bir gowy häsiýeti, kalbynyň päkligi ýa-da bir wagtlar eden bir haýry sebäpli, oňa aýratyn ata:syny görkezýär (oňa geçirimlilik edýär). Allatagala ol adamyň erbet iş etmegine ýol bermeýär. Şeýdip, onuň başky ýazgydy ýerine ýetirilmän galýar. Ata: kaza, kaza-da baryp Takdyra täsir edýär. Ýöne bularyň bary „Lewhi-mahw we isbatda“ bolup geçýän hadysalardyr. Ylmy-ylahyda bolsa üýtgeýän zat ýokdur. Lewhi Mahw we Isbat, bir tarapdan, ynsanyň aýratyn depderi ýalydyr. Şu depdere üýtgetmeler girizip bolýar. Lewh – göz bilen görüp bolýan görnüşdir. Mahw – göz bilen görülýän görnüşiň birden ýitmegidir. Isbat bolsa – ýiten şol görnüşiň gaýtadan yzyna gelmegidir. Emma, Lewhi-mahfuzu-azamda ýazylan hiç bir zady üýtgedip bolmaýar.
Ata: – Allahyň yhsanydyr. Yhsanlar hökman mynasyplara berilmeýär. Peşgeşler her kime-de berlip bilinýär. Meselä, ine, şu jähtden seredenimizde, biziň ähli sogaplarymyzyň Allatagalanyň ata:sydygyny görmek kyn däldir.
- -de döredildi.