Allahym ylmynda kaza hem-de takdyr

Allahym ylmynda kaza hem-de takdyr

Bu mowzuga bir hadys bilen başlasym gelýär. Ýokarda-da agzalan hadysda Pygamberimiz (s.a.w): „ Araňyzda jennete ýa-da dowzaha girjegi ýazgydynda ýazylmadyk adam ýokdur“ diýýär.

Diýmek, adam entek ýaradylmazdan öň Allatagala onuň jennete ýa dowzaha girjegini bilýär. Indi bolsa, ylym babatda kaza hem-de kader meselesine aýratyn düşündiriş bereýin.

Allatagala (j.j) bar zady bilýar. Allatagala bilýänini ýazgytda ýazýar. Käbir ýagdaýlarda welin, Allatagala (j.j) ata:syny berjaý edýär (keremini eçilýär). Allatagalanyň biziň boýnumyza ýüklän borçlary Kuran Kerimde geçýär. Allatagalanyň borçly edýän zatlary bolsa, biziň nebsimize hoş ýakman bilýär. Biziň berjaý etmeli borçlarymyzy nebsimiz halamaýar. Emma, Allatagala bar zady bilýändir. Ol bize şeýle borç ýükleýän bolsa, diýmek, bu biziň üçin haýyrlydyr. Ine, Allatagalanyň ýazan ýazgydynda adam üçin haýyrly taraplar nazara alnandyr. Emma, ýazgydymyzyň biz üçin haýyrly taraplarynyň ählisini bilip bilmeýäris. Biz bilemzok, ýöne Allah bilýär. Allatagalanyň bilmegi we şol bir wagtyň özünde Allahyň bilýänleriniň hikmetiniň bar bolmagy – bular biri-birinden aýrylmaýan hakykatlardyr. Her wagt Allatagalanyň ylmynda hikmet we haýyrlar bardyr. Allatagala hikmeti ýa-da haýry bar bolany üçin, bir işi etmäge mejbur däldir. Emma, Allahyň ylmynyň her bir zady gurşap alşy ýaly, hikmeti hem bar zady içine alýandyr. Allah Alymdyr, Häkimdir. Bulary biri-birinden üzňe asla göz öňüne getirip bolmaýar.

Her işde hikmeti bardyr,
Hebes işi etmez Allah

Hikmet Allahyň ylmyna boýun egýändir. Allahyň ylmy nirede şöhlelenýän bolsa, Allahyň gudraty hem eradasy nirede gül bolup açylýan bolsa, şol taýda hikmet ýylpyldap başlaýar. Emma, biz sebäbini ýa-da hikmetini bilmänimiz üçin, köplenç öz jogapkärçiligimizden eýmenýäris. Bagşaça aýdanyňda, biz jogapkärçiliklerimiziň netije babatda haýyrlydygyna akyl ýetirip bilemzok. Meselä şu jähtden seredeniňde, ýaradylyşyň netije babatda haýyrlydygy hem-de hikmetlidigi ýüze çykýandyr. Şer işlere bolsa, diňe biziň özümiz günäkärdiris.

Şu aýat muny giňişleýin düşündirýär: „Hoş ýakmasa-da, söweş size parz boldy. Belkem, halamaýan zadyňyz size bähbitlidir. Belkem, halaýan zadyňyz size bähbitli däldir. Siz bilmersiňiz. Allah bilýär“. (Bakara, 2/216).

Allahyň ýolunda jan alyp-jan berişmek, Yslamyň ar-namysyny goramak üçin jihad etmek size parz bolandyr. Kurany Kerimi akylyňa siňdirip, ýaragyňy biliňe guşanyp, öz serhediňi esger mysaly goramak, döwletiň hem halkyň at-abraýyna sakçylyk etmek – siziň üçin mukaddes borçdur. Bular size hoş ýakman biler. Emma, men size kada-kanun öwredýärin. Size hoş ýakmaýan nijeme zatlar bardyr, olar siziň üçin haýyrlydyr. Nijeme halaýan zatlaryňyzam, siziň üçin şerdir.

Diýmek, daşyndan seredeniňde erbet ýaly bolup görünýän nijeme zatlar biziň üçin haýyrly bolup bilýär. Mysal üçin, sowuk howada täret almak. Ýa bolmasa, ýol söküp mesjide gatnamak. Bir namazy okap bolanyňdan soň, beýlekä sabyrsyzlyk bilen garaşmak. Bular daşyndan seredäýmäge kyn ýalydyr. Emma, şu kynçylyklaryň aňyrsynda jennete barmak hem-de Allatagalanyň rehmetine golaýlaşmak bardyr. Nebsiň hoşuna gelýän, aýyş-eşrete itýän nijeme böwrüňi gyjyklaýan zatlar bardyr welin, olaram netijede, ynsany assa-ýuwaş dowzaha alyp gidýär. Nebsiň imrinýän zatlary ynsany Allahyň rehmetinden daşlaşdyrýar.

Hezreti Omar (r.a) şeýle diýýär: „Haýyr ýa-da şer bilen ertire çykanyma hiç hili pisint etjek däl. Sebäbi, meniň haýyr diýip göz öňüne getirýän zadym, aslynda meniň üçin şer bolup biler. Şer diýýänimem maňa haýyrly bolmagy ahmal “.

Esasy zat, Takdyryň gizlin hasaplanýan ugurlary boýunça anyk bir zady aýtmakdan gaça durmalydyr. Biz Allahyň hökümine boýun bolmalydyrys. Hawa, biziň borjumyz haýra tarap gitmekdir we haýry niýet etmekdir. Biz Allahyň buýurýan hem-de gadagan edýän zatlaryny birkemsiz ýerine ýetirmelidiris. Allahyň buýruklaryna daşyndan seredip, aldanmaly däldiris.

Hudeýbiýe ylalaşygyny mysal getiresim gelýär. Bu ylalaşyga keseden seredeniňde, onuň musulmanlara bähbidiniň bolanlygyny birbada görmek kyndyr. Emma, Hudeýbiýe ylalaşygynyň içki tarapyny öwrensek, ol Kuranyň aýdyşy ýaly, „Fethi-Karib“ (Golaýlaşan ýeňiş) bolup biziň öňümizden çykýar.

Hakykatdanam, Hudeýbiýede baglanşylan ylalaşygyň şertleri agyr bolup görünýärdi. Göýä diýersiň, ähli şowsuzlyklar musulmanlaryň garşysyna birleşen ýalydy.

Hak ýolunda janlaryny gaýgyrmaýan sahabalar Käbäni zyýarat etmek üçin ýola çykybam, öňlerine böwet bolan duşmanlar zerarly yzlaryna gaýtmaly bolýar. Ylaýta-da, eli-aýagy zynjyrly halda Allah Resulyna (s.a.w) sygnan Ebu Jendeliň yzyna – duşmanlara gaýtarylyp berilmegi musulmanlar üçin jebirleriň iň elhenjidi. Ine, bularyň bary meseläniň diňe göze ilýän tarapydy. Bu jähtden seredeniňde, olar hiç hili ýol alyp bilenokdylar. Şol pursatda, sahabalar heýjana gelipdi. Allah Resulynyň (s.a.w) ýüregi ynjapdy. Şonda-da, Ol (s.a.w) özüni parahat alyp barýardy. Ol (s.a.w) bu kynçylyklaryň soňunyň hökman haýyr bilen gutarjagyna ynanýardy. Onuň (s.a.w) manyly seredişiniň aňyrsynda şu hakykat ýatyrdy. Bu müşgil meselä Hezreti Omar (r.a) hem akyl ýetirip bilmändir. Haçan-da hezreti Omar (r.a) şu meselä akyl ýetirende, ömrüniň ahyryna çenli sadaka hem istigfar bilen öz günäsini ýuwupdyr. Bular ýaly müşgil meselä, dogrudanam, düşünmek kyndy... Soň, inen aýat bu meseläni aňsatlyk bilen çözüpdir. Aýat sahabalara meseläniň içki taraplaryna seretmegi ündeýärdi. Hawa, Hudeýbiýe – ýeňişdi.

Sebäbi, kureýşliler musulmanlaryň öňünde oturyp, ylalaşyga gol çekişmek bilen, olaryň barlygyny resmi taýdan ykrar edýärdiler.

Musulmanlara indiki ýyl Umre ybadatyny berjaý etjekdikleri barada güwä geçilipdi. Bu bolsa, Käbäniň resmi taýdan diňe mekgelilere degişli däldigini ykrar etmek diýmekdi. Bu pikir, beýleki taýpalaryňam gujur-gaýratyny artdyrdy.

Hudeýbiýede gol çekilen ylalaşyga görä, iki tarap on ýyllap biri-birine söweş yglan etmeli däldi. Musulmanlar üçin şeýle uzak wagtlap dini ýaýmaga mümkinçilik döräpdi. Hakykatdanam, on ýylyň dowamynda alnyp barlan tebligleriň netijesinde, beýleki taýpalar topar-topar bolup Yslam dinine geçdiler. Şu tarapdan seredeňde-de, Hudeýbiýa ýeňişdi.

Hadysalaryň içki tarapyny, meseleleriň iç ýüzüni görkezýän ýene bir mysaly bolsa hezreti Ýusupdan (a.s) getireliň. Müsürde ezizlenmek üçin, başda guýa taşlanmak, soň gul bolup satylmak, yzyndanam zyndana atylmak gerek eken. Hezreri Ýusubam (a.s) şu jebirleriň barysyny çekipdir. Ol şu synaglaryň baryndan üstünlikli geçipdir. Daşyndan seredäýmäge üýşendiriji bolup görünýän hadysalaryň aňyrsynda tutuş halkyň ykbalyna eýe çykmak ýatýardy. Hezreti Ýusubam (a.s) muňa ýetdi.

Allah Resuly (s.a.w) hem magraja çykanda, şeýle kynçylyklary başdan geçirýärdi. Musulmanlar gabaw astyndady. Oňa (s.a.w) goldaw beren iki adamam dünýeden gaýdypdy. Hezreti Hatyja bilen Ebu Talyp indi onuň ýanynda däldiler. Ol Taifa-da gidipdi, emma, olaram ony gujak açyp garşylamadylar. Ine, şol pursatda Allah Resulyna (s.a.w) gökden çakylyk geldi. Şeýdip, ol hiç kimiň ýetip bilmejek derejesine çykdy. Ol şeýle bir beýik derejä çykdy welin, o ýerde Jebraýyl perişde oňa diňe seredip oňmaly boldy. Sebäbi, Jebraýyl şol ýerden aňryk bir barmak ýaljagam gidip biljek däldi.

Hezreti Musanyň (a.s) jebri, ol entek dünýä inen badyna başlapdy. Ony sebede salyp, derýa goýberipdiler. Soň, Allah (j.j) ony hem özüne, hem-de hezreti Musa (a.s) iň uly duşman bolan Faraonyň köşgüne eltdi. „Bir müsürlä uran jan alyjy şarpygy sebäpli, ençeme ýyllap sürgünde ýaly durmuşda ýaşady“ (Kasas, 28/1-35). Sebäbi, ol ýoldan azaşan Ysraýylogullaryny hak ýoluna salmak üçin köp taýýarlyklar geçmelidi. Netijesi haýyrly bolan şeýle hadysalaryň zynjyrynyň birinji halkasy, daşyndan göräýmäge, erbet ýaly bolup görünmegi mümkin. Allatagala ähli hadysalarda hökman haýyr ýaradýandyr.

Hezreti Isa (a.s) nädip göge çykdy?! Ony haja çüýlemekçi boldular. Ol iki daşyň arasynda galan ýaly, bolupdy. „Ana, şol wagt gökden bir el uzady“ (Nisa, 4/158). Mugjyza bilen dünýä inen hezreti Isanyň ömri mugjyza bilen hem tamam boldy.

Muhammet ymmaty hem edil şolar ýalydyr. Olam ýaşap geçen ymmatlar ýaly synagdan geçer. Allatagala daşyndan seredäýmäge erbet ýaly bolup görünýän şu hadysalardan juda köp haýyr işlerini ýaradýar. Şeýdip, Allah musulmanlara ýagty ertiri yhsan edýär.

Ine, ylahy ylymda her hadysa, başy hem ahyry taýdan, syrdan doly ýumakdyr. Ýagny, Allah Zahyrdyr, Batyndyr. Şonuň üçinem, Allah hadysalaryň içki hem daşky ýanlaryny bilýändir. Takdyr hem Allahyň ylymynyň syrly atlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan Takdyr Lewhi Mahfuz hakykatynyň başgaça atlandyrylyşydyr.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr