Täzeden dirilişiň bolup geçişi
Magşar ynsanyň ruhunyň hem bedeniniň täzeden diriljek ýeridir. Kurany Kerim meseläni bize beýan edende aýry-aýry sahnalar şeklinde bolsa-da, ony şu görnüşde suratlandyrýar. Ruha ähmiýet berlen ýerde ruh hakynda, jesede ähmiýet berlen ýerde hem jeset barada aýdylýar.
«Eý huzura eren nebis! Razy ediji we razy edilen (eden işleri bilen Allahy begendiren, alan nygmatlary bilenem Allah tarapyndan begendirilen) Rabbiňe dön! Ýagşy gullaryň arasyna gir! Jennetime gir!» (Fejr, 89/27, 30) diýýärkä diňe ruhuň Jenaby Haka dolanyp gelmesi we ýüz tutmasy barada aýdylýar. Emma, umumy kyýamatyň düşündirilýän ýerinde bahar, agaçlar, maddy we görünýän zatlar mysal getirilip, jesetleriň we oňa meňzeş zatlaryň haşr we neşr boljagy dile getirilýär.
Biz bärde bular ýaly meseleleriň jedeline girip, iki sany aýry-aýry taraplaryň delillerini seljermekçi däldiris. Yslam alymlarynyň arasynda bir-iki şahs «haşyr diňe ruhlara degişlidir» diýse hem, ulamalaryň aglabasy ruh bilen jesediň bile haşyr ediljekdiginiň pikrindedir. Diňe «jesetdäki zerreleriň hemmesimi, ýogsa ynsanyň zandy manysynda bolan asyl zerrelermi haşyr boljak?» şeklindäki soragyň uzaga çekjek ýorumyna-da girmekçi däldiris. Bu meselede Ymam Gazaly bilen Ymam Fahreddin er-Razyň arasynda parhly düşünjeler çaknyşypdyr. Biz haşryň hakykatyna Kuranyň we hadyslaryň düşündirişi boýunça ynanýarys we meseläniň bize degişli bolmadyk soragyna Jenaby Hakyň ylmyny delil edinýäris.
Jennet we jähennem iki sany möhüm netijedir. Jenaby Hakyň ismleri we sypatlary bularyň ikisini-de talap edär. Ynanan üçin jennedem, jähennemem, ikisi-de rahmetdir. Sureý-i Rahmandaky:
«Ikiňiziň hem üstüňize alawlap duran ataşyň ýalynyny we dym gyzyl bir duman (ýa-da erän mis) gönderiler, özüňizi gorap bilmersiňiz. Indi Rabbiňiziň haýsy nygmatlaryna ýalan diýýärsiňiz» (Rahman, 55/35, 36) aýatlary bize muny düşündirýär. Olaryň üstüne atom bombasynyň täsiriniň ýa-da Güneşiň merkezindäki howruň oý-pikire batyrýan gorkunç ataşlaryny hüjüm etdirjek. Ine, Kurany Kerim şeýle ataşyň hüjüminiň yzysüre yns-jynsa «Rabbiňiziň haýsy nygmatlaryna ýalan diýýärsiňiz?» diýip ýüzlenýär. Bu ýerde göz öňünde tutylýan nygmat nämedir? Jähennem ähli eýmençligi bilen ynsanyň içinde titreme döredip, müminiň ýaşaýşyny tertibe salmak barada pikire batyrsa, bu onuň üçin nygmatdyr.
Jennet arassa, belent duýguly ynsanlar üçin olary has beýik derejelere ugrukdyrmaga itergi berişi ýaly, jähennem hem derejesi ýeterlik bolmadyk ynsanlaryň ondan gorkularyna ýaşaýyşlaryny çynlakaý göz astynda saklamalaryna sebäp bolýar. Hawa, jähennem howply bir ýoluň ugrunda ýakylan ot ýalydyr. Ol ýola düşmekden ynsany gorar. Jennet bolsa dogry ýoluň ugruna ýazylan saçak ýaly ynsany ol ýola höwes etdirer, çagyrar. Beýle bolsa bularyň ikisi-de netijä düşünip bilen ynsanlar üçin aýry-aýry özbaşyna bir nygmat bolýar.
Kurany Kerim jennet we jähennem hakykatyny ýüz ýigrimiden hem köp ýerde bölümde beýan edýär. Gysgaça ýa-da jikme-jik düşündirýär. Bu düşündirişlerde jenneti hem jähennemi suratlandyrýarka, ruh we jesediň birlikdedigine-de yşarat edýär. Jennete giren ynsanyň ýüzi begençlidir we bu ruhuň rahat bolmagynyň alamatydyr. Şeýle hem ol ýerde göwün islejek ähli iýjek, içjekleri taýýardyr. Dünýädäki aýallary bilen birlikde töwereginde san-sajaksyz hüýrler aýlanýandyr. Bu bolsa jesede degişli nygmatlaryň sanawydyr.
Jähennem ähliniň puşmanlyklary, wyždanlaryny ezen ejirleriň hemmesi ruhydyr, emma alawlap duran ataşyň içine girilmegi, ýanan hamlarynyň ýerine azabyň täzelenmegi üçin gaýtadan ham geýdirilmesi, beden agzalaryň özüňe garşy şaýatlykda bolmagy ýaly hususlar bolsa dolulygyna jesede mahsus dürli azaplardyr.
Biziň bu sözbaşynyň içinde jennet we jähennem meselelerine degip geçmegimiz diňe ruh we jesediň bileligi hakynda Kurany Kerimiň yşaratlaryna ünsi çekmek üçindir. Ýogsa bu mesele özbaşyna giň bir meseledir.
- -de döredildi.