Soňsuz gudrat ahyrete delildir

Dodaklarda bir ýylgyryş alamatyny döretjek ýa-da dodaklara jaýryk atdyrjak iki görnüşi hem özünde jemlän magşaryň guruljakdygyny Haktagala Kuranda wada edýär. Bu aýdylanlar bir tarapdan şatlykly habardyr, beýleki bir tarapdanam howuply habary özünde jemleýär.

Ol söz berýär. Beren sözünde durmaga güýji hem ýeterlikdir. Sözünden dänmek bolsa Onuň taryplap bolmajak beýik derejesine asla gelişmez. Çünki Ol hulful-wad – sözünden dänmek ýaly nogsanlykdan daşdadyr.

Bütin älemdäki barlyk we hadysalaryň içinde we ýa-da daşynda Haktagalanyň üýtgeşik gudratyna göz ýetirýäris.

Atomlar äleminden, nebülozlar älemine çenli örän berk görnüşdäki matematik aragatnaşygyň bardygyny bilýäris. Meselem bir atomy gözden geçireliň. Ýadronyň töwereginde aýlanýan elektronlardan başlap, oňa deň içki agyrlygy emele getiren we bu agyrlygyň içinde esas özbaşdaklaşmaga geçen neýtronlara we protonlara çenli derňäliň. Netijede atomda örän berk bir matematiki düzgüniň bardygyny göreris.

Atomlar ýarym özbaşdak barlyklar bolandyklary üçin bir ýere jemlenip toplum döredýärler we olardan molekulalar emele gelýär.

Dartyş meýdany we radiýasion ýagdaýy bilen Gün sistemasyny öwrenenimizde Güneş bilen onuň hemralarynyň arasynda örän berk baglanşygyň bardygyny göreris. Bu baglanşyk şeýle bir özüni ýiti duýdurýar, Güneşdäki özboluşly hadysalaryň ýeriň fizikasyna gaýta-gaýta täsir edýändigine göz ýetirýäris. Bu täsir dartyş meýdany we radiasion ýagdaý bilen proporsional baglanşykdadyr.

Forsed şeýle diýýär: «Bir öýjügiň beýleki öýjükler bilen baglanyşygy ýaly makro älemde-de baglanşyk bardyr».

Bir öýjük ýarym özbaşdak hökümet ýalydyr. Içindäki buýruk berijileriň hemmesi erkindir. Öz gurluşygyny gorap saklaýar. Belli bir merkeze öz zerurlyklaryny bildirýär. Ol merkez hem özünden ýokardaky merkeze bu teklipleri berýär, ýagdaýy bildirýär. Ozalky ýüz tutmalarynda görkezen zerurlyklaryna görä mätäç bolan ryzklary üstlerine eltilip berilýär. Her öýjük harjyny garaşsyz sarp edýär. Bu hüjre diýilýän döwletjikler egin-egne gelip federatiw döwleti emele getirýärler.

Barlyklaryň arasyndaky bu arabaglanşyk üýtgeşik bir aňyň eseri hökmünde görünýär. Esasy meseläni bilmeýänleriň aýdýan zatlary haýranlykdan aňry geçmeýär, bu aňy tebigatdan gözleýändikleri üçin haýranlyklaryny aýtmakdan başga çäre tapmaýarlar. Biz bolsa, haýrana galmalarymyzy şeýle düşündirýäris: Hawa, «döreden eserleriniň öňünde akyllaryň haýran galmakdan ýaňa doňýan O Gudraty Güýçli ejizlikden we kemçiliklerden daşdadyr».

Bedeni emele getiren millionlarça öýjükleriň her biri, misli Eflatunyň beýnisi ýaly dünýäni dolandyryp biljek ukyba eýe. Bedeniň goranmasy, sagdyn dowam etmesi, arassaçylyk ýörelgeleriniň esasynda höküm sürmesi üçin hemmesi başlaryny jemläp düşünişen ýalydyr. Olaryň bu ýagdaýy ählisine hökm eden bir häkim gudratyň bardygyny görkezmeýärmi?

Mikro älem diýilýän ownuk zatlaryň joşup gaýnaýan äleminde-de bu şeýledir. Makro älem diýlen galaktikalaryň we ýyldyzlaryň akýan äleminde-de ýagdaý şeýledir. Elektromagnetik tolkunlar, radiasiýalar, biri-birleri bilen berk aň-düşünjeli görnüşde gatnaşyk saklaýarlar. Eger bu şekilde aň-düşünjeli bir gatnaşyk bolmasa bir ýürek ýaly urup duran we günsaýyn giňäp bir tarapa dogry giden galaktikanyň ýaşamagyny dowam etdirmegi mümkin däldir. Görşümiz ýaly uly bir güýç we gudrat bilen garşylaşýarys. Ähli barlyk arasynda aň-düşünjeli bir sazlaşygyň bardygyny jar edýän berk bir hasap bar.

Indi oýlanyp göreliň, iň kiçi älemden iň uly äleme çenli, bu aň-düşünjeli gatnaşygy, tertip-düzgüni we häkimýeti gurnap bilen biçäre, kör, ker, güýçsüz we aň-düşünjesiz şu zerrelermidir? Ýogsa kemal sypatlary bilen tapawutlanýan, nogsanly sypatlardan uzakda bolan Jenaby Hakmydyr? Elbetde, Oldur we Onuň gudraty soňsuzdyr...

Ine, gudraty şeýle soňsuz bolan Haktagalanyň bir kitap ýaly edip ýaradan bu älemini bir gün ýapyp, başga bir gün ýene açjakdygyny wada edýär. Muny unutmalyň, sözleýän Oldur, bu işiň hakyky ussady bolan nebileriň, syddyklaryň we welileriň hemmesi muňa şaýatlyk edýärler, beýle bolansoň bu şübhesiz bolar. Şonuň üçin haşyryň boljakdygyna mümkinlik görnüşinde däl-de, gutulgusyz bir waka hökmünde garalmalydyr.

«Ol gün Sura üflener, bölek-bölek gelersiňiz. Gök ýüzi gapy-gapy açylar». (Nebe, 78/18, 19).

Eginlerine ýüklenen uly amanat hakynda özlerine beriljek soraglara jogap bermek, sorag-jogaba çekilmek üçin yns we jyns bilen birlikde melekler hem magşary doldurarlar. Kurany Kerimiň ençeme aýatlary bu hakykata ünsi çekýär.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr