Kerim we Rahim isimleri ahyryetin bolmagyny talap edÿar

Kerim we Rahim isimleri ahyryetin bolmagyny talap edÿar

Barlykdaky iň ejiz we iň mätäç barlyklara iň oňat hem iň kämil görnişde bakylýar. Iň biçäre jandarlaryñ, elsiz we aýaksyz barlyklaryň horluk çekmän rahatlyk içinde ryzklandyrylÿandygyny görýäris.

Eradasyny ýaramazlyklara gönükdirmek bilen işiñ keşbini üÿtgeden ynsanlaryñ ÿalñyş hereketlerini hasaba almasak iň güýçsüz, ejiz, hor we biçäre barlyklara iň oňat şekilde bakylýandygyna göz ýetireris.

Bir öýjügiň ýaşaýşyny dowam etdirmegi, ene göwresindäki düwnçegiň iň üýtgeşik usul bilen idedilmegi we dünýä inen bäbegiň enäniň üsti bilen iň ownujak isleglerine çenli kanagatlandyrylyp iň uly alada bilen gurşalyp jogapkärçilige alynmasy, deňziň düýbündäki balyklaryň, miwäniň içindäki gurçuklaryň örän üýtgeşik idedilşi, bir ösen ýerinde ösüp oturan ýerinden gozganmaga mümkinçiligi bolmadyk agaçlaryň we düşeginden galyp bilmeýän hassalaryň ryzkynyň özlerine getirilip berilşi we bular ýaly müňlerçe anyk mysallar ýokarda umumylaşdyryp aýdan pikirimizi tassyklaýar.

Bularyň üsti bilen biz tutuş äleme höküm eden Kerim we Rahym bir gudratyň bardygyna akyl ýetirýäris.

Haktagala älem-jahanda munça yhsanyň we keremiň eýesi bolansoň mydama hödür kerem we yhsan etmek islär. Hödür kerem we yhsan etmek islegi bilen birlikde hödür kerem we yhsan ediljekleriňde ÿaradylmagy zerurdyr. Eger şeýle bolýan bolsa onda bu dünýäde ejiz, hor we şol bir wagtyň özünde pany ynsanlara munça hödür kerem we yhsan edýär, rahmet we keremi bu nygmatlarynyñ dowamyny zerurlyga öwürýär. Emma, ynsan bu ýerde iýen bir üzüm dänesine derek müň görgi görýär. Dadyp görýär, emma doýmaýar. Agzynda süýjüsi, kalbynda dady-peryat we pygan döreýär. Oňa keýp beren zatlar hoşlaşman we soraman-etmän çekilip gidýärler. Ýaşlyk, güýç, kuwwat we başga-da ençeme ÿok bolup giden nygmatlar ýaly... Beýle bolsa bu ýerde ynsana munça yhsan eden Jenaby Hak yhsan we nygmatlaryny kesmek bilen nygmaty görgä , lezzeti azaba we muhabbeti duşmanlyga öwürmez. Ýagny, bularyň hemmesi ebedi bolmasadylar, nygmat-dert, lezzet-azap bolar. Söýgi duşmançylyga öwrüler. Şonyñ üçin bu nygmat we yhsanlaryň dowam etjek ýeri bolan bir ebedi älem bardyr we şübhesiz boljakdyr.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr