Haşyr akydasynyň peýdalary
Allaha imandan soňra, ýaşaýşyňy tertipleşdirip düzgüne salmak, adamzadyň parahat we asuda durmuşda ýaşamagy haşyra, ýagny ölümden soňky ýaşaýyşa ynanmagyna baglydyr.
Eden işleriniň hasabyny berjekdigine ynanmaýan bir ynsanyň ömrüni dogrulykda geçirjekdigini göz öňüne getirmek kyn. Munuň tersine, äden her ädimi üçin o dünýede Allaha hasap bermeli boljakdygyny unutmaýan, her bir hereketi üçin hasaba çekiljekdigini, her sözi, her bir gulak asan zady, kalbyndaky meýil-arzuwlaryny o dünýede Allaha hasap bermek howasyna görä düzgüne salan adamyň ýaşaýyşynyň düzgünli-tertipli boljakdygy düşnükli.
«Haýsy işe meşgul bolsaň, Kurandan näme okasaň we bitiren bir işiň bar bolsa, biz hem şol işiň başynda size şaýatdyrys (näme edeniňizi göreris). Ýerdede, gökde-de zerre ýaly zatdanam Rabbyň habardardyr. Uly-kiçi hemme zat Allahyň aç-açan kitaby bolan Lewh-i Mahfuzda ýazylandyr... (Allahyň ylmy ähli zady öz içine alýandyr. Ol hemme zatdan habardardyr. Her bir hadysa diňe Onuň rugsady we bellän çäklerinde bolup geçer». (Ýunus, 10/61).
Ýagny edilýän ähli hal-hereketler kerim melekler tarapyndan hasaba alynýandyr. Uly-kiçi, gizlin-u-äşgär edýän zatlarymyz hasaba alynýar, (biziň üçin ähmiýetsiz, Allahyň ýanynda ähmiýetli ýa-da biziň üçin ähmiýetli, Allahyň ýanynda ähmiýetsiz görlen her bir zat) eden her bir hereketimiz hasaba alynman galmaz, her hereketimiz tertip-düzgüne gözegçilik edýän we ýazýan perişdeler we her hereketimiziň hasabyny aljak «DEÝÝAN» bolan Allah hazyr we nazyrdyr.
Bu ruh we düşünje içinde ýaşalan ömür päk hem günäsizdir. Bu ruh we düşünje içinde ýaşaýan şahslaryň wekilçilik edýän toplumy parahatçylykda, asuda ýaşar we ýene bu ruh we düşünje içinde bolan maşgala ojagy hem ýaşaýan ýerlerini jennet bagyndan bir bag halyna getirendirler.
Elbet, beşeriň biakyl hereketlerini taşlap bilmegi üçin ýeke-täk ýol bardyr ol hem ölenden soňky diriljekdigine ynanmagydyr. Ýaşlygyň gelişmejek, şowsuz hereketleriniň öňüni aljak, ýuwaş-ýuwaş ölümine tarap barýarka her ädiminde bir göwnüçökgünlige uçrap tamasyny ýitiren garrylara umyt ojagy boljak, çagalaryň ejiz kalplarynda her pursatda sagadatyň çyralaryny ýakyp aýdyňlatjak hem diňe haşyra iman we ynançdyr.
Ýigitden goja, hatyndan erkege, adyldan zalyma çenli her kes suw we howa ýaly haşyra ynanmaga mätäçdir.
Haşyra iman diýilýän bu şerbeti içmek şol bir wagtyň özünde rahatlygy ýuwdum-ýuwdum ýuwutmak diýmekdir. Bu sebäpden ynsanyň parahatçylykly we eşretli durmuşy ugrunda aladalanýan we oňa rahatlygy bagyş etmegi maksat tutunan ähli düşünjeli adamlaryň meseläni bu jähtden durmuşa geçirmekleri gerekdir.
Her bir ynsanyň, maşgalanyň, jemgyýetiň we tutuş adamzadyň hakyky eşrete, sagadata we rahatlyga ýetmegi diňe we diňe uly-kiçi ähli amallaryň, hereketleriň hasabynyň görlüp bilinjek ahyret ýurduna ynanmagyna baglydyr.
Kurany Kerim:
«Indi kim zerre mysgal haýyr iş etse-de, ony görer we kim zerre mysgal şer iş etse ony görer. (Ynsana edenleri görkeziler, ynsan edenlerini görer)» (Zilzal, 99/7-8) diýip, zerreçe haýyr iş eden haýrynyň sylag-serpaýyny we eden şer işi zerre ýaly bolsa-da onuňam jezasyny aljagyny yglan edýär we ynsanlarda jogapkärçilik duýgusyny oýarýar. Ynsanlar şeýle imanyň we ynanjyň sahyby bolanlaryndan soňra oňa «indi isläniňi ediber» diýlip bilner. Şeýlelikde, edilen her bir hereketiň garşylygyny gürrüňsiz görjekdigi görnüp duran hakykatdyr. Muňa düşünen bir ynsan alnyny ak, ýüzüni päk eder we ötede ony utandyryp ýere bakdyrmajak işleri etmegiň zerurdygyny biler.
Çaga ejiz we näzik ruhy bilen haşyra iman edip rahat ýaşaýyşa ýetip biler. Her kim çagalygyny bu babatda yzarlasa we hyýalynda çagalygyna dolansa bu aýdylanlaryň dogrudygyny tassyklar.
Elbetde, çaga näzik bir kalba eýedir, şol bir wagtda-da hadysalaryň düýp-teýkaryna düşünip netije çykaryp biljek derejede akyly hem goýalşan däldir. Şeýle hem onuň ulular ýaly dynjyny almak üçin ünsüni dürli zatlara sowup, biparh hala-da gelmesi kyndyr. Şonuň üçin ölüm endişesini ululardan has çuň çeker. Her wagt bir töwereginden ýogalyp gidýän ýakynlary, tanyş-bilişleri onuň çaga kalbynyň bir bölegini goparyp giderler. Ejesi, kakasy ýogalan bir çaganyň dünýäsi tutuşlygyna lerzana geler. Ruh älemini ýagtyldan ýyldyzlaryň ählisi söner we çagalyk dünýäsi garaňkylyga gaplanar. Wyždany bar adam muňa derrew düşünendir.
Çagakam bir doganym ýogalypdy. Onuň guburynyň başyna her baramda ellerimi açyp: «Allahym, ýalbarýan, dirilt doganymy, onuň mährem ýüzüni ýene bir gezek göreýin!» diýip özelenerdim. Bu hala düşen meniň we meniň ýalylaryň kalbyndaky ölümden soňky dirilişe bolan ynanmyny sylyp-süpürseňiz, bu ynamyny ýüreklerden goparyp alsaňyz, soň ýanan kalba, ahy-pygan içindäki ýürege haýsy derman bilen şipa edip, ol ataşy näme bilen söndürersiňiz? Ýok, ýok hiç bir derman ol ýürege em bolmaz, ol ýangyn hiç zada söndürtmez. Gaýgy hasratyň we şol oduň içine düşüp gowrulýan çaga salkynlyk we rahatlyk getirjek diňe haşyra bolan ynamydyr.
Hawa, ýakynlarynyň hatar-hatar ýogalyp gidişiniň garşysynda diňe olaryň jennete gidendigine ynam we iman bu çaga teselli berer we ony çydap bolmajak dertden halas eder.
Kiçijik akyl bolsa öwrenişen, ülpet edinen, öz ýanyndan onsuz ýaşap bilmerin diýip kabul edip, söýen ýakynynyň ýanyndan indi hemişelik ýok bolup gidendigine düşüner we näzijek kalbyna bitmejek ýara salar. Bu şeýle bir azarly, bitmejek ýaradyr, oňa diňe haşyr düşünjesi melhem bolup biler.
«Bu ýerden gitdi ýa-da äkitdiler, emma ol ýerde Hudaý oňa jennet gapylaryny açdy. Indi ol jennetiň baglarynda guşlar ýaly ganat kakyp uçup ýör. Eger menem ölsem edil şonuň ýaly uçjak».
Eger ýogalan uly adam bolsa, onda çaga hyýalynda şeýle pikir öwrer. «Ol ýogaldy. Emma o ýerde meni gujagyna alyp söýer, başymdan sypar, bagryna basar». Ine bu düşünjeler hem ölümiň hasrat we aýralyk derdine şipa, bitmeýän ýara melhem bolýar.
Size rahatlyk gerekmi? Elbetde, gerek, ýöne oňa ne-hä dünýäniň çar töweregini gurşan zawodlaryň belent turbalary bilen, ne-de kosmosa uçmak bilen ýetip bilersiňiz. Hakyky rahatlyk iman we ynanja daýanýan rahatlykdyr. Hawa, bu, ölmümden soň dirilmegiň esaslaryna düşünip ýetilen rahatlyk hakyky rahatlykdyr.
Garrylar... Ädim-ädim ölüm pursadyna, ahyrky deme ýakynlaşýan garrylar... Jan algyjy ajal, gabyr garaşýarka we olar hem oňa tarap bialaç ylgamaly bolýarkalar näme bilen özlerini köşeşdirip bilerler?.. Her gün aýnada saçynyň agynyň, ýüzüniň ýygyrtlarynyň köpelşini görüp, bu sebäpden günme-gün artýan ünjüsini ynsan nämäniň güýji bilen aňyndan çykaryp zyňyp biler. Bu ýagdaýdan dörän, ruhuna aralaşan sussupesligi ol nämäniň kömegi bilen ýeňip biler? Bu ýaşa ýetýänçä oguldan, agtykdan, garyndaşdan, dost-ýardan o dünýä gidenleri görmekden ýaňa kalbynda dörän yzlaryny ol näme bilen sylyp biler?
Ýaşlygyň, sagdynlygyň, käriň we wezipäň elden gidişi hem bu elden gidirlenleriň onuň kalbynda goýup giden gorkunç yzlary barka siz onuň bu halyna näme bilen teselli edip bilersiňiz? Oňa berjek her dürli maddy goltgularyňyz soňunyň gelmegi bilen onda ýene gorkunç yzlary goýjak we bu mydam şeýdip dowam etjek ahyryn. Beýle bolsa, ähli ynsanlar bilen birlikde garrylary hem köňül rahatlygyna ýetirjek ýeke-täk ýoll bar, ol hem ölümden soňky dirilişe ynanmak!
Birnäçe günden seni ýwutmaga garaşýan aždarhanyň agzyna meňzeýän gabryň, o dünýä geçilýän geçelgäniň,bagt gapysydygyna özüňi ynandyrmak! Ol ýerini jennetiň baglaryna geçmek üçin garaşylýan ýer ýaly görkezmek! Rahmet we gufranyň (Allahyň bagyşlamagy) möwç urýan ýeri hökmünde tanyşdyrmak! Ine bulardyr oňa tesseli berjek çeşmäniň gözbaşy.
Kurany Kerim Zekeriýanyň (a.s.) dili bilen:
«Rabbim, diýipdi. Meniň süňklerim gowşady. Ýüregimde garrylygyň ody tutaşdy. Rabbim, Saňa doga edip hiç haçan bagtsyz bolmadym. (Her okan dogam kabul boldy, men göwün arzuwlaryma ýetip bilmän, olardan mahrum galmadym» (Merýem 19/4) diýip, soňra bolsa Onuň haýyrly bir zürýat dileýişini beýan edip dünýesini başgalamaga taýýar bir bendäniň perýadyny owadan şygyra salyp teswir edipdir. Ruhunda dörän bu perýady deňsiz-taýsyz bir şekilde aňlatmak we dile getirmek hem ýene Kuranyň mugjyzaly taraplaryndan biridir. Her bir aňly-düşünjeli ynsan wyždanyna gulak asan mahaly, kalbynda döräp dodaklarynda ajy ýylgyryşa öwrülen alamatlary görüp ruhunda gopan bu dady-perýady ähli eýmençlikleri bilen duýjakdyr. Emma oňa bu halynda teselli bolup biljek we ruhunda dörän bu apy-tupany ýatyryp biljek ýeke-täk çäre, ol hem ahyrete iman bolar. Bu ynanç we iman onuň gulagyna ömür beriji demi bilen misli şuny pyşyrdajakdyr: «Ömür ýoluň soňa sandy. Wezipäňi bitirdiň. Seni bu dünýä indiren Rahmeti Soňsuz, mundan artyk seni bu çöllerde görgüler çekdirjek däl we seni huzuryna aljak, seniň üçin taýynlan nygmatlaryny saňa bagş etjek...»
Hawa, bu we bu manyda gelen şatlykly habarlar ol garra hakyky rahatlygy we sagadaty dadyrar. Çünki ol asyl Watany, soňky öýi bolan ahyret älemine gitmäge taýýarlanýar.
Jemgyýetçilik durmuşynyň uly bölegine ýaşlar wekilçilik edýär. Günleri aşa geçmelerden doly we akyly başyndan gidegen ýaşlar ýaşaýyşlaryny jähenneme öwrerler. Beýle ýanynda sahabalar ýaly ömürlerinden nurlar dökülen, ýüzlerinde sagadatyň alamaty, ähli hereketlerinde Allahy ýatladýan, nazarlaryndan jennet parlaýan ýaşlar bolsa ýaşaýyşlaryny jenete öwürendirler. Hawa, ýaşlar haşyra ynanmak bilen özlerini tanajaklar, emma haşyra, ölümden soňky ýaşaýyşa ynanmak duýgusy köňüllerinden we aňlarynadan çykarylyp zyňylan wagty olar adamzadyň birahatlyk çeşmesine öwrülerler. Bu günki gün adamzadyň birahatlygy ömürleriniň her müçesi azgynlyk we aklyňy aldyrmalardan doly bolan ýaşlardan birahatdyr. Magaryfçylar we terbiýeçiler munuň bir alajyny gözläp, geçirýän bejeriş çäreleri bilen ýarany has-da beterledip, ony bejermez ýaly ýagdaýa getirýärler. Hakykatda bu ýaranyň dermany ölümden soňky ýaşaýyşa ynanmakdyr.
Bu meseläniň hakyky çözgüdi ýaşlaryň äden her bir ädimini Allaha hasap bermelidigine bolan ynanç bilen ätmelidigine ynanmaklaryny gazanmak we olary bu düşünjede ýetişdirmek bilen mümkin bolar.
Hezreti Omar mesjide barýardy. Mesjide tarap ylgap barýan bir çagaň deňinden geçenini gördi. Ädimini çaltlandyryp ol çaganyň yzyndan ýetdi we saklap:
- Eý, balam! Saňa namaz parz däl. Näme üçin beýle gyssanyp mesjide tarap barýarsyň? – diýip, ondan sorady.
Çaga oňa şeýle jogap berdi:
- Eý müminleriň emiri! Ýaşaýan mähellämizde düýn bir çaga ýogaldy...
Çünki istikamatyň esasy paýasy we daýanç nokady, diňe we diňe her zadyň görlüp-bilinjek, eltilip beriljek we hasabynyň çykaryljak güne görä ýaşaýşyňy tertibe salmakdyr.
Jümle-jahanda ähli hereketler we hadysalar külli erada bilen tertibe getirilýän bolsa, ynsan öz ýaşaýşyny öz eradasy bilen ýöretmäge mejburdyr we borçludyr. Ine bu eradanyň doly we ýerinde ulanylmagy netijesinde-de Allah Rahmaniýet we Rahymyýet bilen ynsanyň beden arzuwlaryna jogap berjek, hüýry-gulmandan doly jennetden orun berjekdir.
Çünki, erada, Rahmaniýet we Rahymyýetiň jilwesidir. Jennet hem Rahmaniýet we Rahymyýetiň şöhlenenen ýeridir. Bu ýerde ynsan Rahmaniýet we Rahymyýetiň talaby bolan eradany dogry ulanan wagtynda ol eradanyň netijesini ýene Rahmaniýet we Rahymyýetiň ýüze çykmasy görnüşinde görer.
Hawa, ýaşaýşyň ahyrete görä tertibe getirilmegi we syrlaryň aýan ediljek gününiň unudylmazlygy bilen ynsan, maşgala, jemgyýet rahatlyga ýeter we aýratyn hem ýaşlar istikamata ýeterler, dogry ýola gönügerler, nyzam we intizamly ýaşarlar we başgalara azar berip rahatlyklaryny bozmazlar.
Sehi b. Sad (r.a.) gürrüň berýär: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna gelip, indi birnäçe gün bäri öýünden çykman aglaýan bir ýaş ýigit barada habar berdiler. Iki Jahan Serweri haýal etmän ol ýigidiň bolýan öýüne gitdi. Içeri girende ýigit begenjinden ör turdu-da, Allahyň Resulynyň gollarynyň arasyna özüni goýberdi. Biraz soňra-da, aýaklarynyň öňünde süýnüp gitdi. Ýaş ýigit dünýeden ötüpdi. Rahmet Nebisiniň (s.a.w.) gözleri ýaşdan doldy we dodaklaryndan şu lagly-göwher sözler döküldi: «Arkadaşyňyzy soňky ýoluna taýýarlaň. Jähennem gorkusyndan onuň ödi ýaryldy. Nebsim-janym gudratly elinde bolan Allahdan kasam edýärin, Allah ony jähennemden gorar».
«Emma kim Rabbiniň huzurynda boljak pursadyndan gorksa we nebsi ýaramaz höweslerinden ýüz öwürse, onuň barjak ýeri jennetdir» (Naziat, 79/40-41).
Rabbiniň huzuryna çykyp hasap bermegiň endişesini çekýän we bu endişä görä ýaşaýşyny tertibe salýan ynsan Rabbiniň huzurynda ynamlydyr. Şeýle hem rahmeti Soňsuz Kudsi bir hadysynda şuny buşlaýar:
«Iki ynamy we iki gorkyny bir ýerde bermerin».
Bu dünýede gorkan o dünýede ynamdadyr. Bu dessurdan, bu düzgünden başga ýaşlygyň azaşmasynyň öňüni alyp biljek heý bir ýol bilýärmisiňiz? Ynsany gorajak bir galkan bilýärmisiňiz? Eger berjek jogabyňyz «ýok» bolsa onda dogry ýola düşdügiňiz hasap. Ähli terbiýeçiler we magaryfçylar bu hakykata gulak asmaly we bu dessury durmuşda ulanmalydyrlar.
Ýaşlar diýmek ähli baýlygymyz diýmekdir. Meselä nähaklygyň garşysyna kükreýän bir ýaş ýigide bakyp «Ýaşlary bolmadyk milletiň geljegi ýokdur» diýen Hezreti Omaryň (r.a.) sözleri nukdaý nazardan seretjek bolsak, belent duýgular bilen ruhubelent kemala gelen ýaşlaryň jemgyýet durmuşynyň janydygyna düşüneris. Şeýle ruhybelent ýaşlary bolan millet täze-täze medeniýetler döretmäge ukyplydyr. Munuň tersine bolan ýagdaýda höküm bidereklikdir. Beýle bolsa bir milletiň beýgelmeginde iň möhüm esas ýaşlardyr. Emma şol ýaşlar ahyrete şeksiz ynanan ýaşlar bolmalydyr. Jemläp netijelendirsek, ynanan ynsanlar rahat, asuda dünýäni emele getirip bileler we diňe ynanan ynsanlar rahat ýaşaýyşda ýaşap bilerler... Ýaşlar bir milleti ýa ýere sokar ýa-da arşa göterer. Millet ýaşlar bilen ýa bagtyýar bolar ýa-da bagtyýatan.
Ynsanlaryň ýene bir bölegi hassalar, mazlumlar we dert içinde galanlardyr. Haşyra ynanmak bularyň ruhunda-da uly täsire eýedir.
Hassanyň indi has ýakynyna gelen ölüminiň we görnüp duran gabrynyň garşysyna bar umydy diňe ol gabry öte dünýä açylan gapy ýaly görmekdedir. Eger-de, gabry sagadata alyp barýan bir ýol, ebedilige ýetirjek bir araçy ýaly görmese hassa hiç wagt özüni mesud – bagtyýar duýmaz. Ol sanjylaryna, baş we bil agyrylaryna, düwnük we beden çüýremesine garşy diňe munda teselli tapar we ara-syra gelenini duýýan Hezreti Ezraýylyň penjesiniň ruhunda döreden ejirine diňe bu ynanjy bilen çydam edip biler.
«Hawa men gidýärin, hiç kim meni bu ýerde alyp galyp bilmez... Emma başymyň asyl esenligine, sagdynlygyma, ebedi ýaşlygyma gowşaryn we her kesiň gutulgusyz barjak ýeri bolan Allahyň ýurduna gidýärin» diýip, kesellerini unudyp, jany aram tapar. Şonuň üçin Allahyň dostlary – weliler ölüm ýassygynda mahaly ýüzleri ýagtylyp, Dostuna gowuşmagyň begenjinden dodaklarynda ýylgyryş alamatlary gunça ýaly açylyp, amanat ruhuny Allaha tabşyrar.
Nebiler Nebisi (s.a.w.) soňky pursatlarda elini Aişäniň elinden çekip alýar we «Allahym indi öteleri isleýärin» diýýärdi.
Bir gün öň ýany şeýle buýrupdy: «Allah guluny diledigi möçberde dünýä nygmatlary bilen, öz ýanynda bolmagyň arasynda erkin goýdy. Gul Allahyň ýanynda bolmagy seçdi».
Pany bilen baky älem arasynda öz erkine goýlan gul Onuň özüdi. Ýagdaýa düşünen sahaba muny eşidip gözýaşlaryny saklap bilmedi. Ol elini Hezreti Aişäniň elinden çekdi we Refik-i Aglany isledi.
Edil bu şekilde uzyn boýly Hezreti Omar hem bir tenha ýerde başyny ýere goýýar hem «Allahym bu jogapkärçilik ýükümi omzumdan al, mundan artyk götertmeýär” diýip ötelere bolan möwjäp duran islegini dile getirýär.
Bu ahyret ynanjy, müňlerçe gözelligiň tejelli etjek ahyret ýurdy we bularyň çür başynda-da Jemaly Bakyny görmek arzuwy olara bu sözleri diýdirýär we içlerinde bu arzuwyň hasyl bolmagyna umydy oýarýar.
Mertebesini, ar-namysyny ýowuz zalymyň elinden halas edip bilmedik ar almak duýgusyna özüni aldyran mazlum biçärelere gezek gelende ... Ol şonda zalymyň ýakasyny Allahyň eline berjek gününi we bu dünýede çeken jepalarynyň gaýtargysy hökmünde ahyret ýurdunda özüne bagyş ediljek sylag serpaýlary göz öňüne getirip ynjalar.
Şeýlelikde, mazlum biçäre bu dünýede çeken jebirleriniň, gören görgüleriniň jogapsyz, ýerde galmajakdygyny anyk biler. Bir mahkemeýi – kubra, adyl kazyýet açyljak we her edilen iş inçeden-inçe hasaba çekiljek, zalymdan jezasyny, mazlum bolsa sylag-serpaýyny aljakdyr.
«Rabbiň zulum sebäpli şäherleri şeýdip ele salar. Onuň ele salmasy örän agyryly, ejirlidir we örän çetindir». (Hyt, 11/102).
Ýagny Allah zalym ýurdy gazabyna duçar etse, gaty ýowuz daraşar. Ony soň eşrete ýetirmez. Hawa, başyny gutaryp bilmedik zalym we sütemkärden şeýdip aryny alar we ynjalar.
Tebigy betbagtçylyklar... Semawi weýa-arz bela-apatlarynyň aşagynda galan, bagyny-bakjasyny doly uran, sil alyp giden, ýer yranyp jaýy başyna ýumrulan, abadan ýurtlary haraba dönen, maşgalasy-ojagy weýran bolan we ýene-de şuňa meňzeş tebigy belalara uçuranlar hem diňe ölümden soňky dirilişe ynam bilen teselli taparlar.
Şeýle hem bu ynanja görä betbagtçylyk sebäpli elden giden mal sadaka bolar, wepat bolanlar bolsa şehitlik mertebesine eýe bolarlar. Ine bu düşünje bilenem ol ýerde rahatlyga we arkaýynlyga gowşarlar.
Şeýlelik bilen maşgala ojagy ahyrete iman bilen jennet burçlaryndan bir burça öwrüler. Bu iman goparylyp zyňylan wagty bolsa ol öý, ol ojak içinde jähennem ody ýanýan ojaga döner. Çagasy dini duýgy we düşünjeden uzak galan, ýaşlary arzuw we höwesleriniň yzynda kaňkap ýörendir, ölümine garaşýan hassasy çekýän derdi-azarlaryna çydaman urunýandyr, dünýewi maksady bilen ýaşaýan bu içeriniň ýaşaýjylary heniz içindekä baýguşlaryň mekan tutan harabasyndan tapawutly däldir. Ýüzler hyrsyz, sypatlar türme diwary ýaly we iň ýamanam, bu zatlardan gaçyp, uzaklaşmagyň dereksiz pişelere baş goşmak ýaly ejizlige eltmegi... Ine, bular ýaly içerä sagadatyň girmegi diňe haşyra, ölümden soňky ýaşaýyşa ynanmak bilen mümkindir.
Eger ýediden ýetmişe, hemmeleri rahatlandyrmak, bagta ýetirmek isleýän bolsaňyz köňüllere haşyra bolan ynanjy salmaga çalyşyň. Ine şonda ýaşlar nyzam we intizama girerler, çagalar ýaramaz ýakymsyzlyklaryny taşlarlar, garrylar jennete ýola düşüp sagadat içinde günlerini geçirerler we içerde sagadat gülleri açylyp, heniz ahyrete gidilmänkä ahyrete degişli manylardan döreýän owazlar eşdilmäge durar we netijede heniz bu dünýedekä ol maşgala jennetde ýaly ýaşamaga başlar.
Şäher we memleket hem ynsanyň uly bir içerisi, öýi-ojagydyr. Içindäki ýaşlary gara nebisleriniň guly, garrylary göwnüçökgün, sussypes, zalymlary bolsa mazlumyň iňňildisini saz diňlän ýaly diňleýän dünýäsinde rahatlyk bolmaz. Bular ýaly dünýäde şäherler, memleketler, milletler rahatsyzdyrlar. Çünki rahatlygy getirjek rükünler – sütünler, talaplar ýerinde ýokdur.
Bir namazyň namaz bolmagy üçin belli bir rükünler bardyr we bu rükünlere görä berjaý edilmegi bilen namaz kemal tapar we şol namaz bilen ynsanyň ýüzünde magrajyň süýji ýylgyryşlary görüner. Käteler ol şeýle bir pursatlary ýaşar ol pursatlar müňlerçe ýyllyk ömürden gymmatlydyr. Edil şonuň ýaly memleket we milletiň doly rahatlykda bolup bilmegi üçin ony emele getirjek zatlaryň rahatlygyň rükünlerine ähli tarapdan, gutarnykly manyda gabat gelmegi gerek. Kemsiz-kössüz bir şäher, ýurt diňe kemçiliksiz bir gurluş esasynda döredilip bilner. Goý, Eflatun «Jumhuryýetinde» munuň ham-hyýalynda ýaşasyn. Hyýalbent Farabi «El Medinetül-Fazylasynda» munuň çyzgysyny çyzmaga çalyşsyn. Olar hiç haçan bu kemsiz şäheri gurup bilmezler. Çünki olar ony emele getirýän rükünlerden mahrumdyrlar. Hawa, durmuşda bu rahatlygy döredip biljek iň beýik rükün haşyra ynanmak, bu pany dünýä aşa ähmiýet bermän, ahyrete intizar etjek düşünjä eýermekdir.
Deňagramlylygyň ynsany Serwerimiziň (s.a.w.) iň möhüm çärelerinden biri hem guran dünýä nyzamyny «ahyretde hasap bermek» ynanjynyň üstünde gurdy. Bu ömür bir nukdaý nazardan ahyretiň ilkinji menzili, ahyrete taýýarlaýjy ekin meýdany we ynsan köňlünde ahyret çyralarynyň ýakylmagy üçin berlen bir pursatdyr. Şonuň üçin bu ýere «ýewmiddünýa» o tarapa bolsa «ýewmülahyr» diýlendir. Bu dünýede edilen işler, geljekdäki o dünýä üçin edilýändir.
Ine, Allahyň Resuly (s.a.w.) köňülleri kabul etjek we düşünje yşyklaryny ýakjak şekilde her kese bu dersi beripdir.
Köňüller ahyret ynanjy bilen şeýle bir dolupdyr, sahaba bu dünýä bil baglaman, misli gözleri dünýä dahylly hiç bir zady görmez hala gelerdi. Ine bir mysal:
«Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna aralarynda paýlaşyp bilmedik maly sebäpli iki sahaba geldi. Ikisi-de özüniňkini dogry hasaplap has köprägini almakçydy. Iki Jahan Serweri olary diňländen soňra:
«Indi ikiňizden biriňiz derdini has ynandyryjy düşündirip meni ynandyryp hökümi öz peýdasyna çykardyp biler. Menem edil siziň ýaly bir beşer. Kimiň delilini has ynandyryjy hasap etsem, şonuň peýdasyna-da meseläni çözerin. Emma ahyretde işiň hakykatyna görä höküm beriljekdir. Zalym jezasyny, mazlum bolsa sylag-serpaýyny o ýerde görer» diýenden, olaryň ikisem:
«Ýa Resulyllah! Meniň hakymam onuňky bolsun, maňa hiç zat gerek däl» diýiberdiler.
Biraz soňra bolsa Allahyň Resuly olara şu maslahaty buýurdy:
«Gidip malyňyzy adyl şekilde ikä paýlaň. Soňra bolsa bije atyň. Kimiň bijesine näme düşse, bijesine kaýyl bolsun. Ikiňizem biri-biriňiz bilen razylaşyň».
Görşümiz ýaly ahyrete iman saýasynda ýaşaýyş bu şekilde tertibe getirilýärdi. Şeýle bir tertip, biri bir günä iş edäýse, özüni özi bir direge daňýar we günäsiniň geçilendigi barada perman gelýänçä özüni jezalandyrýar. Meselä şeýle derejede çynlakaý ýapyşylýardy welin, edilen günäden diňe şahadat gany bilen tämizlenjekdigine ynanan sahyby ýaýdanman janyny Allahyň ýoluna pida edýär we şahadat şerbetini içmek üçin akdyran gany bilen ötelere ter-tämiz gitmäge çalyşýardy. Sad b. Rebi (r.a.) Uhudyň eteginde ruhuny Allaha tabşyrýan mahaly Allahyň Resulyndan salam getirenini aýdýan Muhammet b. Meslemäniň pyşyrdylaryny eşidip ýatyrdy. Muňa jogap edip Sad b. Rebi-de:
«Allahyň Resulyna mendenem salam aýt. Uhuduň arakasyndan jennetiň hoşboý ysysny alýaryn» diýýärdi.
Hawa, ynsana ölüm pursady ýakynlanda-da bu sagadaty dadyryp biljek ahyrete imandan başga näme bolup biler? Beşeri mümkinçilikleriň haýsy biri bir adama, maşgala, jemgyýete bu sagadaty getirip biler?
Indi älem-jahanyň buýsanjy beýik Nebiniň (s.a.w.) ymmatyny haşyr ynanjy taýydan nähili kämilleşdirendiginiň bir parçasyna düşünmek üçin mübärek dodaklaryndan çykan merjen dänelerinden birnäçe mysal getireliň.
Allahyň Resuly (s.a.w.) buýurýar:
«Eý, ynsanlar! Siz aýakýalaňaç, çyplak we sünnetsiz haşyr boljaksyňyz». Asly zerreleriňiz, ruhuňyz we keşbiňiz bilen täzeden diriljeksiňiz. Hem beden hem ruhy taýdan haşyr edilersiňiz. Wyždanyňyzda duýup, özüni görmedigiňiz jenneti görmek, mundanam ötesi jilwelerini yzarlap hakykatyna ýetip bilmedigiňiz Möwla bilen görüşmek üçin haşyr boljaksyňyz». Allahyň Resuly soňra sözüni şeýle dowam etdirdi. «Üns beriň! Ahyretde ilkinji egin-eşigi geýdiriljek Hezreti Ybraýymdyr. Üns beriň! Ol gün ummatymdan bir topar adamlar sol taraplaryndan tutulyp getiriler. Men: «Ýa Rabbi! Bular meniň ashabym» diýerin. Haktagala maňa ýüzlenip: «Ýa Muhammet! Habaryň ýok, olar senden soň nämeler etdiler» diýer. Menem ahyr soňy sadyk gul Hezreti Isa ýaly: «Aralarynda bolan döwürlerime şaýatdyryn. Meni aralaryndan alanyňdan soň olara Sen seredýärdiň. Sen ähli zada şaýatsyň. Olara azap görkezeýin diýseň, dogrusy olar gullaryňdyr. Olary bagyşlasaň güýçli bolanam, Hakim bolanam şübhesiz diňe Sensiň» diýerin.
Ahmet b. Hanbeliň Hezreti Enesden (r.a.) rowaýat eden bir hadysynda bolsa Allahyň Resuly (s.a.w.) şeýle buýurýar:
«Adam ogly. Allah ony ýaradandan bu ýana ölümden gorkunç hiç bir hadysa bilen garşylaşmaz. Soň bolsa ölüm ondan soňraky görjekleri bilen deňeşdireniňde hiç zat bolup galar. Ölümden soň olary şeýle bir der basar welin, akan derlerinden ýygnanan suw eňeklerine çenli ýeter. Ol suw misli eňeklerine atylan syrtmak ýaly bogar. Şeýle bir der ýygnanar onuň ýüzünde gämi ýüzübermeli bolar».
Buhari we Müslimiň Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat eden bu hadysy ýokardaky hadysy biraz has giňişleýin düşündirýär.
«Ynsanlar (kyýamat gününde) üç ýagdaýda dirildiler. Bulardan birinji topar, dünýäde gorky we umyt deňagramlylygyny saklan ynsanlardyr». Köňülleri mydam Allah bilen dolup daşan we işlerini ahyretde hasap bermek aň-düşünjesi bilen alyp baranlardyr. Iň umytsyz hadysalaryň garşysynda Haktagaladan umydny üzmediklerdir. Gorkup bildikleriçe Allahdan gorkýandyklaryna garamazdan küfrüň bir alamty bolan sussupeslige we umytsyzlyga düşmeýänlerdir. Şeýdibem ömürlerini umyt we gorky aralygynda geçirenlerdir.
Beýleki, ikinji topar jennete girmek üçin bir janawaryň üstüne iki, üç, dört... on adam bolup münenlerdir. Bir haýwanyň üstüne munça adam bolup münüp, ýykylyp-sürşüp Haktagalanyň huzuryna ýetjek bolup jan edýändirler. Bu dünýede ýykylyp-sürşüp gidişleri, gargyşdyr günäleriň üstüne ýüzün-ýüzün ýazylyp gidişleri ýaly o ýerde-de bir ýykylyp, bir galyp giderler.
Üçünji topara gezek gelende olary jähennem özüne çekjekdir. (Jähennemiň içinden çykýan uçgunlar özüne çekip, mejbur bolup dogry oduň içine girjekdirler). Guşluk ukusyny almak isleseler jähennem olary hüwdülär, haçan gije ukusyny isleseler, jähennem gije ukusyny berer, haçan daňlaryny atyrsalar, jähennemem olar bilen biledir. Ýene haçan agşamlaryny düşürseler jähennemem olar bilen agşama girer...
Çünki olar bu dünýedekäler ruh we wyždanlarynda jähennemiň tohumyny şeýdip özlerinde göteripdiler. Jähennemiň tohumy bilen ýatyp, jähennemiň tohumy bilenem turdular. Şonuň üçin hem nähili ýaşan bolsalar şonuň ýaly jeza hökmüni alarlar. Ol tohum ösüp agaç halyna geler, uzap, gol ýaýradyp hiç wagt ýakalaryny sypdyrmaz».
Ine şular we şulara meňzeş dersler bilen Allahyň Resuly ummatyny berk, çynlakaý ahyret düşünjesi içinde ýetişdirýär we aýratyn hem öz döwründe sahaba perdäniň aňyrsynda dowzahyň ähli elhençliklerini we jennetiň bütin täsinliklerini gözi bilen görüpdi we bu ruhda hereket edýärdi.
Hawa, ýaşaýşy istikamat we fazyletlerde geçirmegiň ýeke-täk çäresi bu edep bilen terbiýelenmek we ahyret ýaşaýşyny bu dünýede ahlak halyna getirmekdir. Ýogsa ahyrete imany bolmaýan ynsanlarda we bu ynsanlaryň emele getiren jemgyýetlerinde istikamat we fazylet hakynda pikirem edilmez. Eger olarda bu fazyletden bir yz görülýän bolsa, bu-da diňe ynsanlyk tebigatynyň jöwherine we çigidine Jenaby Hak tarapyndan ýerleşdirilen fazyletdir. Tebigatyna ýerleşdirilendigi üçin onuň tersine hereket etmegi mümkin hem däldir. Bu ýagdaý hem olary fazyletli işleri etmäge mejbur edýär. Bu bolsa hiç wagt amalyň bilen gazanylan fazyletiň derejesinde däldir.
- -de döredildi.