Şeýtan jähenneme atyljagyny bilip durka-da näme üçin küfürinden dänmeýär?
Şeýtan sözi, manysyna görä, Hakyň dergahyndan kowulan, rahmetden uzaklaşdyrylan, gazanan derejeleri öz garşysyna öwrülen, nygmata ýetjek mahaly mahrum galan diýmekdir. Ol düşen bu ýagdaýy sebäpli hak-hakykata düşünmez ýaly daşlyga gaýyp giden, bozuk halkanyň gurbanydyr. Bir hususa ünsüňizi çekmek isleýärin. Bozuk halka jümlesini asyl ulanyşyndakydan biraz tapawutly şekilde ulanýaryn. Asyl manysynda bozuk halka, meselem, nerw öýjükleriniň işleýişni bozýan zäherli gaz ynsanyň öýkenine düşende bozulýar. Şeýlelik bilen hem gazyň düzümi bozulýar hem nerw öýjükleri zaýalanýar. Netijede biri-birine zyýan ýetiriji bozuk halka emele gelýär. Şeýtan ilki başda men-menligi we tekepbirligi bilen öňe çykdy. Meselem: «Men ondan has haýyrlydyryn» diýdi we ilkinji şeýtany düşünjesi döräp, ilkinji dialektiki nukdaý nazardan bozuk halkanyň birinji aýlawy döredi, öldüriji girdaba ilkinji ädimini ätledi, ähli istygfar ýollaryny özüňi aklajak bolmak palçygyna basdyrdy we «men ondan has haýyrlydyryn» diýdi. Munda ilki bilen özüňe göwni ýetmeklik we soňra daşyna çogan tekepbirlik, men-menlik bardyr. Netijede bu hereket bilen bozuk halkanyň birinji aýlawy orta çykýar.
Şeýtan günä iş eden mahaly, Hezreti Adamam hata edipdir we ol gadagan edilen miwä elini uzadypdyr. Emma Hezreti Adam ýagdaýyna düşünen badyna dyza çökmüş. «Rabbim nebsimize zulm etdik. Eger bagyşlamasaň, bütünleý, ähli zadyny ýitirenlerden bolarys» (Araf, 23) diýipdir. Bagyşlamak ara düşen soň Adam atanyň daşynda bozuk halka döremändir we Adam ata halas bolupdyr. Şeýtan bolsa, şeýtanlarça özüni aklap nebsini gorajak boldy. Özüne berlen duýduryşyň garşysyna günäsini boýun almakdan gaçdy we «Men ondan haýyrlydyryn» diýip heläk boldy. Az soňra-da ynsanyň baş duşmanyna öwrüldi. Bakyň, ol nähili niýete münýär. «Seniň uluhyýetiňden ant edýärin, olaryň ählisiniň başyny aýlaryn» (Sad, 82). Başga bir aýatda: «Saglaryndan, sollaryndan, öňlerinden, arkalaryndan gelerin we olaryň köpüsini şükürsiz görersiň. Hemmesi gadyr bilmez mugthor bolup ýaşar. Seniň nygmatyňy iýerler başga birine-de gulluk ederler. Seniň nygmatlaryň içinde ýüzerler emma seni tanamazlar...» (Araf, 17) diýýär. Kurany Kerim has köp ýerlerde şeýtanyň bu babatda samahyllamalaryny, ynsan ogluna duşmandygyny we Rabbine garşy isýan edişini düşündirýär. Şeýlelikde bu isýany sebäpli Allah tarapyndan kowuldy. Ol «Men ondan haýyrlydyryn» diýende Hak Tagala: «Düşüň aşak, hemmäňiz» diýmek bilen olary zyýanda goýdy. Bir tarapdan bahanasy gabahatyndanam uly, beýleki tarapdan-da kasam edip ynsanogluna duşman bolmagy ony Rabbyň geçirimli, ýalkaýjy, beýgeldiji rahmetinden büs-bütin uzaklaşdyrdy. Has soňra dolulygyna şeýtany mantyga özüni aldyrdy we «Yzzatyňa ant bolsun, olaryň hemmesiniň başyny aýlaryn» diýip hümürdedi. Şeýlelikde ýol edinip aldadyjylygy saýlady. Aldatdygyça uzaklaşdy. Uzaklaşdygyça öji artdy. Netijede bozuklyk, pyssy-pujurlyk bilen bütewileşip ikinji bir häsiýete eýe boldy. Uzaklaşdygyça azýardy, kowuldygyça kinesini, ýigrenjini, bet pälinden dönmejekligini, men-menligini, lagnetkerdeligini aýdyp durýardy. Allaha garşy jedele girýär, dialektikadan söz açýar we şeýdibem Allahyň rahmetinden uzaklaşmasy ony isýana, isýan hem uzaklaşmaga iterýärdi we şeýtan özüniň bozuk halkanyň gurbany bolup pälinden tapdy, ýagny kalby möhürlendi. Munuň manysy şu diýmekdir, içinde ýaramazlykdan başga hiç zat galmady we gowulyga degişli ähli düşünjeler, yşyk çeşmeleriniň ählisi sönüp gitdi.
Muny göz öňüne getirip bilmegimiz ücin bir mysal getireýin. Ynsan örän mükerrem (kerem edilen) bir barlykdyr. Özüne bagş edilen mümkinçilikleri ulanyp bilen ýagdaýynda melekleşer. Indi örän mähriban, namazynda, nyýazynda, orazasynda, hajynda, zekatynda we ynsanlar bilen gatnaşygynda göwni açyk üýtgeşik bir ynsany göz öňüne getiriň. Emma bu üýtgeşik ynsanyň bir ýerde mertebesine degilipdir, namysa galypdyr, duýgulary depelenipdir we ynsan hökmünde asla hasaba-da alynmandyr. Şeýle haldaka beýnisine beýik daglardanam agyr agram düşüpdir. Hatda bir döwür şeýle bir hala düşüpdir çydam edip bilmän beýnisi ýarylara gelipdir. O pursatda onuň kellesinde ne dözümsizlik, ne paýhas, ne geçirimlilik, ne-de giňlik galar. Dünýesi tutuşlygyna kine we ýigrençden dolan bu adamy aňyňyzda janlandyrsaňyz jähennemden syçyran uçgunlar ýaly diňe öýke we kine görersiňiz. Şol wagt hernäçe nesihat berseňizem oňa hiç zat düşündirip bilmersiňiz...
Herkes özüniň şahsy durmuşynda muňa meňzeş zatlary görendirem, ýaşandyram. Ine, şeýtan durmuşynyň her dem salymynda, ondanam az pursatda şeýle kineleriň, ýigrençleriň, bet pälden el çekmezligiň içinde goluny gerip duran bir barlykdyr. Tutuş durmuşynda näçe ýaşasa erbetlikden başga zadyň pikirini etmedikdir. Şeýle bir dartgynlylyk içindedir, elbetde peýdaly, haýyr işiň hatyrasyna ýaşalýan dartgynlylyk däl-de şeýtany dartgynlylykdyr... Bu haly bilenem ol diňe şeýtanlyk etmegiň pikirindedir. Içi dyp-dykyz erbetliklerden doly bolansoň, gowulyk etmäge wagt tapmaýandyr. Bu sebäpden hem bir seretseň Allahy bilýän ýaly bolsa-da, öýkeli müminiň Allahy bilibem öýkede mahaly paýhas-parasady unudyşy ýaly, ol hem Allahy bilýänem bolsa Allahy ýadyna salmaýar we iman etmeýär. Çünki içindäki zatlar muňa böwet bolýandyr. Beýle bozuklyklaryň yzygiderliliginiň gurbany şeýtan ýaly, edil şonuň kimin zaýalanan örän köp ynsan-da bardyr. Olar hem şeýle erbet duýgy we düşünjäniň gurbany bolan men-menligine we nebis butuna çokunýandyrlar. Bu meselede hiç kimse hemişelik goragda däldir. Hatda biz – mümin musulmanlaryň ýeke-täk hemaýatkäri Allaha (j.j.) ynamymyz we Oňa bil baglaýanlygymyzdyr. Oňa bil baglaýarys we Oňa daýanýarys. Rabbim şeýtany ýollary arçap o ýollardan ýöremekden bizi Özi gorasyn.
- -de döredildi.