“Ruhlar özgermeýändiklerine görä soň emele gelen dälmidirler?“- sowalyna nähili jogap berip bileris?
Bu mesele kelam ylmynyň çuň meselelerinden biridir we bu sowalyň aňyrsynda şular bar. Älem üýtgeýändir. Üýtgemäge tabyndyr we yzygider üýtgäp durandyr. Biz bu sebäpden oňa soň emele gelen manysynda hadis diýýäris. Ýagny, soň dörýändigi üçin hemişe özgerip soňlanmaga dogry gidýär. Şonuň üçin özgerip soň gutarýan, ýok bolup gidýän bu zatlary hiç wagt özgermeýän, üýtgemeýän, soňy bolmadyk baky biri tarapyndan döredilip, sazlanandyr» diýýäris. Bu ýörelgä üýtgeýän zadyň üstündäki üýtgemeýän zadyň bardygyny görkezmek ýörelgesi diýlip bilner. Çalşylyp duran we üýtgeýän her zat üýtgemekden, özgermekden, reňklerden, şekillerden arassa, azat bolan bir Zat-y Ejelli Aglanyň (j.j.) bardygyna delildir. Ol bolsa Allahdyr, Wajibul Wüjutdyr. Bütin beşeri we tebigy hadysalardan, kemçiliklerden uzak we mukaddesdir. Zat-y uluhyýet üçin beýan edilen bu girişden soň şeýle bir sorag orta çykýar.
Allah (j.j.) üýtgeýän däldir, Allah (j.j.) üýtgemez. Ol iýmez, içmez, çykdajysy, girdejisi ýokdur. Ezelidir, barlygy, zaty özündendir, şol bir wagtda-da ebedidir.
Beýleki bir tarapdan ruhuň hem ýönekeý aýratynlygy bardyr. Ýagny, ruh maddadan emele gelen däldir. Şol bir wagtda halk äleminden däldir, Kuranyň beýanyna görä ol älem-i emrdendir. Ýagny, ol atomlaryň bir ýere toplanmasy bilen hasyl bolan barlyk däl, melaike-i kiram ýaly Allahyň emri bilen dörän aň-düşünjeli, nurany kanunlardan ybaratdyr. Tohumdaky pyntyklamak kanuny, planetalar we atomlar, hatda ýadro bilen elektronlaryň arasyndaky dartyş kanuny ýaly, ruh hem bir kanundyr. Emma, ruhuň aňy bardyr. Beýleki kanunlaryň bolsa diriligi we aňy ýokdur.
Ruh maddadan emele gelen bolmandygy üçin ýönekeýdir, eremez, gutarmaz we dargamaz. Berk, üýtgewsiz bir barlygy bardyr. Ine bu tarapy bilen hem – Allah saklasyn! – käbirleriniň aklyna Allaha meňzeýär diýmek ýaly bir zatlar gelýär. Ýagny, Allahyň özgerip üýtgemekden uzak bolşy ýaly, ruhda-da özgerip, üýtgemek ýok. Onda bu ikisiniň tapawudy näme?
Allahyň (j.j.) özgermekden we üýtgemekden, reňkden we şekilden arassa we uzak bolmagy zatyndandyr. Ruh bolsa ýönekeý bir barlyk bolup, Allah tarapyndan ýaradylandyr. Allah halykdyr, ruh mahlukdyr. Allah öz-özüne gaýym we barlygy öz özündendir. Ruh bilen birlikde her bir zat Onuň bilen gaýymdyr. Her bir zat medet isläp elini oňa uzadýar. Ol bolsa «iýýake nestain» sözi bilen ähli medet dilänlere medet berer. Ruh hem Allahdan medet diläp elini uzadan mahluklardan biridir. Ruhuň barlygy-da Allah bien gaýymdyr. Hawa, ruham Allaha daýandygyça ýaşar. Allaha daýanmasa, ýiter, ýok bolar. Allah aň-düşünjeli, diri bir kanun hökmünde ruhy öz gudrat we eradasyna daýandyryp, şeýdibem onuň barlygyny dowam etdirýär.
Bir mysal getirmekçi bolsak Güneşde şugla, yşyk we reňkler bardyr. Aýda-da muny synlap bileris. Emma, Güneşi ýok diýip göz öňüne getiren wagtymyz, Aýyň ýagtysyny hem görüp bilmeris. Aýyň ýüzündäki ol görünýän ýagtylyk, Güneşden gaýdýan şöhleleriň jilwesidir. Biz hyýalymyzda Güneşi ýok diýip düşünsek, Aýda-da ýagtylyk galmaz. Siz Aý bilen Güneşi bu ýagdaýda deň tutup bilermisiňiz? Ýok. Kuran Aý üçin «nur» ýa-da «münir» meňzetmesini, Güneş üçin bolsa parlap ýanýan bir çyra meňzetmesini ulanypdyr. Bu meňzetmeler bir seredeňde Hak Tagala üçin uýgun görünmeýär. Emma, meseläniň doly beýan edilmegi üçin bu takyk mysaly ulandyk.
Ahyretde-de Allah ruhlar bilen birlikde jesetleri hem baky etjekdir. Allah baky, olaram baky, emma, bakylygy Allah bilen gaýym. Olar ýok bolup bilerler, emma, Zat-y Ejell-i Agla her dürli nogsanlyklardan uzak we päkdirž.
- -de döredildi.