Mümin nämäniň hyjuwynda ýaşamaly we nämäniň aladasyny etmeli?
Hyjuw duýgusy we aladada bolmak ynsana ýaşamagyny dowäm etdirmegi üçin berlen duýgudyr. Şonuň üçin ynanjy bar ynsan umuman haýyr işler etmegiň arzuwynda, hyjuwynda ýaşamalydyr we hemişe şer işlerden daş bolmalydyr. Din we dine degişli zatlary, dini duýgy we düşünjäni yşk derejesinde arzuw etmeli, olaryň aladasynda ýaşamalydyr. Hatda bu ugurda şeýle bir birahat bolmalydyr, gije-gündiz magşugynyň pikirini eden mysaly mydama onuň pikirini etmelidir, her oturyp-turanda onuň gamyny iýmelidir... diniň jemgyýetçilik durmuşa ornaşyp ýaşamagyna, misli bir wysal arzuwy bilen garaşan ýaly garaşmaly... başda öz milletiniň, žol bir wagtda bütin adamzadyň dini duýga we dini düşünjä uýmagyny iň beýik arzuwy, hatda ömrüniň baş maksady bilmelidir. Muňa derek, küfre, küfrana, ahlaksyzlyga we azgynçylyga garşy ýigrenç duýup, ýigrenjini görkezmelidir we asla ruhdan düşmeli däldir. Eger ruhdan düşüp, gowşaklyk etse dine bähbitli hiç bir zat edip bilmez, hiç bir eden hyzmaty bolmaz. Ýagny, Allahyň razylygyny gazandyrjak zatlary edip bilmek, Onuň isleýän sazlaşygynyň, düzgün we nyzamynyň durmuşda häkim bolmagy ugrunda iş bitirmek diňe gaýrat we çynlakaý isleg bilen mümkindir. Ynsanda her dürli azaşmalara, azgynlyga garşy bir göreş azmy we göreşmekde bir kararlylyk bolmasa, onuň ömri küfür bilen, dürli-dürli azaşmalar bilen eriş-argaç bolar we bu ýagdaýyndan gaýga batmaýan bolsa, onda ol ähli hyjuwyny ýitirer, goly-ganaty gyrylana döner.
Bu meselä degişli Serwerimiziň (s.a.w.) ýörelgesi örän açykdyr: «Hiç biriňiz iman edenden bolmarsyňyz, tä meni özünden, ene-atasyndan, zürýadyndan artyk söýýänçäňiz» buýurýar. Tutuljak ýa-da aýryp zyňyljak hususlaryň ählisinde hyjuwy goramak we niýetiňi orta goýmak meselesinde-de şeýle buýurýar: «Şu üç zat kimde bar bolsa, ol imanyň tagamyny dadandyr». Hawa, wyždanda bu üç zady duýan we tapan iman düşünjesinde diýmekdir. Ilki bilen Allah we Onuň Resuly oňa dünýädäki ähli zatdan has eziz bolmalydyr. Olardan ýokarda saýjak zady bolmaly däldir. Ene-atanyň perzendine, perzendiň hem ene-atasyna bolan tebigy we dogabitdi söýgüleri, baglylyklary näçe çuň bolsa bolsun, bir ynsanyň akyl, paýhas, düşünje we gadyrşynaslyk babatda Allaha we Onuň Resulyna bolan baglylygy her bir zatdan ýokary bolmalydyr. Aslynda Allah we Onuň Resulyna garşy duýlan baglylyk, söýgi, oýlanyp-pikirlenmegiň we duýup-syzmagyň, gözlegde bolup ony tapmagyň netijesidir. Gözlegde bolmak we oýlanyp pikirlenmek bilen ynsan öz wyždanynda şeýle söýgä ýeten bolsa, ony çalşyp biljek başga zady ýokdur we şeýle halda ol kişi imanynyň tagamyny alandyr. Ynsanda bolmagy arzuw edilýän birinji wasp hem şudur, ýagny Allahy we Onuň Resulyny ähli zatdan eziz saýmak. Has giň manyda aýtsak, imanyň esaslaryny ähli zatdan ýokarda tutmak. Synalarda Allah söýgüsi, keşplerde Allah nury bar bolsa ähli zat bar, bar bolmagyň manysy-da bar... Ýok bolsa, barlyk bilen ýoklugyň arasynda tapawut ýok diýmekdir. Ine bu düşünje bilen bütewileşen mümin, ähli müminleri, hatda belli bir derejede ähli barlygy söýgüsiniň içine siňen Gudratly Güýçlüden ötri bähbit araman, tamakinçiliksiz söýer. Elbet, söýen kişisini hem Allah üçin söýer.
Bu birinji mesele, Allahyň isleýän bir jemagatynyň emele gelmegi meselesinde örän möhüm bir esasdyr. Ikinji bir ähmiýetli mesele bolsa küfüre garşy öz niýetiňi we hereketiňi belli etmek. Hawa, «Allah bir ynsany küfür we azgynlykdan halas edenden soňra, ol ynsan gaýtadan oňa dönmegi oda atyljak ýaly görmeýän bolsa imanyň tagamyny datmadygydyr». Müminiň içinde küfüre, küfrana, azgynlyga, ýalňyşa, egrilige, ýigrenji zada garşy tisginmek, haýykmak bolmalydyr. Küfüre, azgynlyga garşy içinde şeýle ýigrenji bolmadyk ynsan ne küfriň gitmesini, ne-de onuň ýerine nesliň kalbyna imanyň gelip häkim bolmagyny arzuw eder. Beýle bir ýagdaý üçin ilki bilen hakyky iman yşky, soňra bolsa küfüre garşy çynlakaý bir ýigrenç bolmalydyr. Hawa, her dürli erbetligiň, ýaramazlygyň, baş-başdaklygyň, agzalalygyň, durnuksyzlygyň we düzgünsizligiň aslynda ýatan küfüre garşydygyny belli etmek hem mü`mini hyjuwlandyrar. Aslynda ülke, millet, hatda tutuş adamzat üçin bu hereket şertdir. Din we ülke duşmanlarynyň bu millete garşy iň uly erbetlikleri onuň ruhy hyjuwyny ýatyrmaklary bolupdyr. Bu melgun düşünjeliler jihada topalaň, ýeňişe basybalyjylyk diýýär we taryhdan gelýän arslan milleti şahyr aýtmyşlaýyn goýuna öwürýärler. Indi ony ne basybalyjylykly ýörişler, ne basylyp alynmak, ne-de mertebe we buýsanjyny oýnamak bilen gozgap boljak. Bular ýalylar ar-namysy gözgyny edilip depelense-de, abraýyna, mertebesine degilse-de, ähli ruhy gymmatlyklar eleme-deşik edilse-de ýene «Wah» diýjek däl. Çünki ol munuň aladasynda däl, onuň hyjuwy ýokdur. Bu hyjuw saýasynda ynsan arzuw eden, göresi gelen zadyna ýetip bilişi ýaly, hut ýene bu hyjuw bilen Allahyň halamajak zatlaryndan daşlaşyp biler.
Gysgaça aýdanymyzda, ruhy hyjuw şahsyň küfüre, azgynlyga, talaňçylyga bolan ýigrenji we çuň imana bolan arzuwydyr. Emma, bu hyjuw köçelere dökülmek, köçelerde galmagal turuzmak däldir. Belki müň galmagalyň her gün wyždanda döretjek tolgunmasyny we güýçli ýürek urgusyny ýaşamak, müň bir ejir bilen her gün birnäçe gezek iki büklüm bolmak, mydama milletiň derdi bilen meşgul bolmak, milletiň imanyny halas etmek ugrunda jähennemiň alawlarynyň içine girmäge taýýar bolmak, ömrüňde ýeke gezek däl, her gün birnäçe gezek ölüp dirilmek, arasynda ýaşaýan toplumyň ejirlerini wyždanyňda ýaşamak, her gün olaryň biri-birine bagly zynjyrlaryň halkalary ýaly togalanyp-togalanyp jähenneme gidişleriniň garşysyna «owf» diýip iňlemek, iki büküdip towlanmak, imandan nesipsizleriň garşysynda misli olaryň sanjy içinde bolan wyždanlaryny öz duýgurlygyň bilen duýup, olar imansyz nähili ýaşaýarkalar, durmuşyň kynçylyklaryna nädip döz gelýärkäler diýip, dertlerini çekip ýaşamak gerek. Nädip bu küfür we azgynlygyň demikdiriji we öldüriji howasynda ömürlerini dowam etdirip bilýärler diýip jähennemleri wyždanyňda ýaşamaly. Ine, hyjuwly ynsan! Onuň aladasy, ine, şular bolmalydyr.
Olar ýalylar bu tämiz, bu ynsany duýgular bilen her gün bir gazylyk, her gün bir şehitlik mertebesini gazanýarlar. Munuň üçindir ne şertleriň agyrlaşmasy, ne ýollaryň daralyp ýörelmez hala gelmesi, ne-de tümlügiň garaňkylyk bilen gezekleşip gelmesi we ortalygyň elmydam tüsse we dumana gaplanyp durmagy olary gorkuzmaz, syndyrmaz, ruhdan düşürmez, gowşaklyga itermez we hiç haçan, asla olar küfüre boýun egmezler. Biziň düşünýän ruhy hyjuwymyz budur. Bir halk bu hyjuwy ýitiren badyna, göräýmäge diri ýaşaýan hem bolsa, ölüdir we diriligine mazara girenlerdendir. Soňra şol diri gezýän ölen ruhlaryň ýanyna jesetlerini eltmek üçin Allah (j.j.) olara zalymlary musallat eder, jesetlerini mynjyradar we ruh-jeset ikisini bile mazara dykar.
Ölüm ilki ruhda we kalpda başlanar, soňra jesedide alar gider. Ruhunda diri ynsanlary Allah hiç wagt aýak astyna aldyran däldir. Tersine, mydama ynsanyň ruhy taýdan pese gaçmagy, maddy heläkçilikler bilen netijelenip, ýeňlişleri getirer.
Şeýle kişileriň dini ýaşaýyşy arzuw etmekleri bihuda we ham-hyýallykdyr. Kim bolsa bolsun, hyjuwlaryny goramadyklaryň, ruhuny belent tutmadyklaryň akybeti şeýle ölümdir. Eger bir dirilişe garaşylýan bolsa, ol hem ruhy hyjuwy bolan ruhybelentleriň omuzlarynda boljakdyr. Her meselede ýeke-täk goldaw diňe we diňe Allahdandyr.
- -de döredildi.